Türkmenistanyň ägirt uly ykdysady kuwwatyny üstünlikli amala aşyrmagyň ýolunda ýene bir ädimi alamatlandyran nobatdaky iş hepdesi tamamlandy. Şol kuwwatyň ösüş ugry hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ýurdumyzy senagatlaşdyrmaga, täze - innowasion ösüş üçin şertleri döretmäge gönükdirilendir. Milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar, olar milli ykdysadyýetimizi diňe mukdar taýdan däl-de, eýsem, hil taýdan hem ösmegini üpjün etmäge, şol sanda içerki bazary ýurdumyzda öndürilýän köp dürli harytlar bilen doldurmaga, olaryň daşary ýurtlara iberilişini artdyrmaga gönükdirilendir.
Häzir degişli ugurda uly üstünlikler gazanyldy, munuň şeýledigini 4-nji martda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde beýan edilen makroykdysady görkezijiler hem tassyklady. Şunda jemi içerki önümiň ösüş depgini 106,2 göterime deň boldy. Şol sanda senagat pudagynda 102,4 göterim, gurluşykda 105,5 göterim, ulag we aragatnaşyk pudagynda 109,9 göterim, söwdada 116 göterim, oba hojalygynda 105,6 göterim, hyzmatlar ulgamynda 110 göterim ösüş depgini gazanyldy.
Umuman, jemi öndürilen önümiň ösüş depgini geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 3,1 göterim derejesinde üpjün edildi.Hususan-da, elektrik energiýasynyň, tebigy gazyň, nebitiň, suwuklandyrylan gazyň, çalgy ýaglarynyň, polipropileniň, nebit koksunyň, nebit bitumynyň, plastmas we aýna süýümli turbalaryň, mineral dökünleriň, ýoduň, sementiň, magdan däl gurluşyk serişdeleriniň, demir önümleriniň, pagta süýüminiň, nah matalaryň,tikin we taýýar örme önümleriniň, lukmançylyk önümleriniň, unuň, etiň, süýdüň, ýumurtganyň we gök hem-de balyk önümleriniň öndürilişi ýokarlandy.
Daşary söwda dolanyşygynyň mukdary ABŞ-nyň 1,6 milliard dollaryna deň boldy. Bölek söwdanyň ösüşi 17,4 göterim artdy. Ilata edilýän hyzmatlaryň, sarp edilýän harytlaryň nyrhlarynyň jemleýji görkezijisi bellenilen çäklerde saklanyldy. Aýlyk iş haklary yzygiderli ýokarlanyp, geçen döwürde ortaça 9,5 göterime deň boldy.
Türkmenistanyň Döwlet býujeti üstünlikli ýerine ýetirilýär. Şunda býujet serişdeleriniň 77,8 göterimi durmuş ulgamynyň maliýeleşdirilmegine gönükdirildi. Özleşdirilen maýa goýumlarynyň möçberi 5,7 göterim ýokarlandy.Welaýatlary senagat taýdan ösdürmegiň esasy ugurlaryna laýyklykda, häzirki döwre çenli 185 desganyň gurluşygy tamamlandy, 134-sinde gurluşyk işleri dowam edýär.
“Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasynyň” çäklerindeýerine ýetirilen işleriň möçberi 5,7 göterimartdy. Medeni-durmuş maksatly binalaryň 109-synda, suw-lagym arassalaýjy desgalaryň 23-sinde, ýaşaýyş jaýlarynyň, inženerçilik düzüminiň desgalarynyň gurluşygy alnyp baryldy.
Hususy telekeçileriň ýurdumyzyň ykdysadyýetine goşýan goşandy barhaartýar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça senagat önümleriniň möçberleri 27,4 göterim, oba hojalyk hem-de azyk önümleriniň öndürilişi 9,6 göterim ýokarlandy.
Mejlisde“Türkmenistana daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça döwlet maksatnamasynyň” we “Türkmenistanda öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmak boýunça döwlet maksatnamasynyň” ýerine ýetirilişine aýratyn üns berildi. Şol maksatnamalaryň çäklerinde 22 desganyň gurluşyk işlerine başlandy, 78 desganyň taslama-çenlik resminamalaryny taýýarlamak işleri alnyp baryldy.
Dürli görnüşli oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmäge niýetlenen ýyladyşhanalaryň gurluşygyşol maksatnamalaryň möhüm ugry bolup durýar. Döwlet Baştutanymyz oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylarynyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň hasabatlatryny diňläp, degişli ugurda geçirilýän işleridüýpli seljermegi talap etdi.
Ýyladyşhana hojalygynyň ösdürilmegi ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň innowasion pudaklarynyň biri bolmalydyr, çünki işiň şu görnüşiniň amala aşyrylmagy netijesinde, pudakda importuň ornuny tutýan önümleri öndürmegiň maksatnamasyny durmuşa geçirmek, ýetişdirilýän gök önümleriň hilini ýokarlandyrmak we görnüşlerini giňeltmek bolar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz ykdysadyýetiň dürli pudaklary üçin wezipeleri kesgitläp, senagat önümçiligini doly döwrebaplaşdyrmak işlerini çaltlandyrmagyň zerurdygyny belledi. Olar täze tehnologiýalaryň binýadynda ýurdumyzyň maddy çig-mal seişdelerini netijeli peýdalanmak, dünýäniň senagat pudagyndaky makroykdysady görkezijilerini öwrenmek arkaly ösdürilmelidir.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny mundan beýläk-de özgertmegiň, täze “Saglyk” döwlet maksatnamasynda göz öňünde tutulan çäreleriň yzygiderli durmuşa geçirilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi. Degişli ýolbaşçylara oba hojalygy, energetika, seýsmologiýa, energiýanyň dikeldilýän çeşmelerini peýdalanmak boýunça işjeň ylmy-barlag işleri geçirmek, daşary ýurt ylmy merkezleri bilen hyzmatdaşlygy işjeň ösdürmek babatda birnäçe tabşyryklary berdi.
Mejlisiň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň medeniýet meseleleri boýunça orunbasarynyň gözegçilik edýän ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň sanawy; Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport, ýaşlar we jemgyýetçilik meseleleri boýunça orunbasarynyň gözegçilik edýän ministrlikleriniň, pudak edaralarynyň, ylym-barlag edaralarynyň we guramalarynyň sanawy tassyklanyldy.
Bulardan başga-da, Türkmenistana getirilýänawtoulag serişdeleri hem-de izogam üçingümrük paçlarynyň degişli möçberleri bellenildi.
Geçen hepdäniň wakalary baradaky gürrüňi dowam etmek bilen, 29-njy fewralda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirendigini bellemek gerek. Onda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça ýaýbaňlandyrylan çärelere, oba hojalyk pudagyndaky möwsümleýin işleriň barşyna, ählihalk ýowaryny guramaçylykly geçirmek hem-de möhüm ähmiýeti bolan şanly wakalar mynasybetli göz öňünde tutulýan köpçülikleýin çäreler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Mälim bolşy ýaly, 19-njy martda milli Liderimiziň başlangyjy bilen ýaýbaňlandyrylan, eziz Watanymyzy gülläp ösýän mekana öwürmäge, daşky gurşawy goramak, türkmenistanlylar üçin amatly durmuş şertlerini döretmek babatda wezipeleri çözmäge ýardam edýän bag ekmek maksatnamasynyň täze tapgyryna badalga berler. Häzir Türkmenistanyň ähli ýerlerinde ençeme ýyl bäri geçirilip gelinýän şol işiň miweleri aýdyň görünýär—ýurdymyzyň dürli künjeklerinde el bilen döredilen tokaýlyklar ýaýylyp ýatyr. Her bir şäheriň, ilatly nokadyň daş – töwereginde iri tokaý seýilgäh zolaklary peýda bolýar. Köpetdagyň etekleri, akabalaryň we derýalaryň, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň kemala gelýän ýeri--Hazar deňziniň kenary gök begrese bürenýär. Öňde boljak ýowaryň çäklerinde paýtagtymyzyň hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynyň daş-töwereginde pürli, saýaly we miweli agaçlaryň, üzüm nahallarynyň müňlerçe düýbi oturdylar.
1-nji martda Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň ilkinji iki aýynda alyp baran işleriniň netijelerine garaldy hem-de ýurdumyzda parahatçylygyň we durnuklylygyň esaslaryny pugtalandyrmak, Türkmenistanyň täze Harby doktrinasy bilen baglylykda, kanunçylygy hem-de düzgün-tertibi üpjün etmek boýunça gaýragoýulmasyz wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Mejlisiň çäklerinde döwlet Baştutanymyz Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň – harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylarynyň hasabatlaryny diňledi. Olar harby ulgamy özgertmegiň barşy, özlerine ynanylan düzümlerdäki işleriň ýagdaýy hem-de ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdiler.
"Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň we Gruziýanyň demir ýol we deňiz ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň wekilleriniň gatnaşmagynda bäştaraplaýyn duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň gün tertibine “Gündogar-Günbatar” multimodal ulag geçelgesini ösdürmek, üstaşyr ýükleriň möçberini artdyrmak, gümrük kadalaryny ýönekeýleşdirmek meseleleri girizildi.
Mundan başga-da, Aşgabatda Türkmenistanyň demir ýol ulaglaryministrliginiň, “NK “Kazakstan temir žoly” paýdarlar jemgyýetiniň we Eýran Yslam Respublikasynyň demir ýollarynyň ýolbaşçylarynyň üçtaraplaýyn duşuşygy geçirildi. Onuň çäklerinde Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýoly boýunça goşmaça ýük daşamak boýunça çäreler ylalaşyldy, şeýle hem Gazagystanyň we Türkmenistanyň çäklerinden Hytaýdan Eýrana ýük gatnawlaryny ýola goýmak meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu meseläniň wajypdygyny bu ýol boýunça fewral aýynda amala aşyrylan synag gatnawy tassyklady.
Şeýlelikde, geçen hepdäniň wakalary işleriň sazlaşykly depginini dowam etdi. Şol işlerden bolsa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda öňe--abadançylygyň we rowaçlygyň täze belentliklerine tarap ynamly gadam urýan Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň ykdysady kuwwaty kemala gelýär.