Ï Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmegiň jemleýji tapgyryna badalga berildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmegiň jemleýji tapgyryna badalga berildi

view-icon 4451
Aziada 2017-niň Guramaçylyk komitetiniň 25-nji fewralda bolup geçen mejlisinde 2017-nji ýylyň sentýabr aýynda Aşgabatda geçiriljek V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmegiň jemleýji tapgyryna badalga berildi

Öz hatarynda 45 döwleti birleşdirýän Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň Aziýada 2017-ni Aşgabat şäherinde geçirmek baradaky çözgüdi diňe bir biziň ýurdumyzda uly seslenme tapman, eýsem bütin dünýäde hem uly seslenme tapdy. Ol Türkmen döwletiniň baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda we gönüden-göni gatnaşmagynda sporty we bedenterbiýäni giň gerimde ösdürilmegine, onuň halkara sport ýaryşlaryna integrirlenilmegine gönükdirilen iri göwrümli aladalarynyň kanunalaýyklygyna we aýdyň netijesine şaýatlyk edýär. AOG prezidenti şeýh Ahmad Al fahad Al-Sahabyň ady agzalyp geçilen şertnama gol çekişlik dabarasynda biziň ýurdumyzyň we milletiň baştutany – Türkmenistanda Aziýa oýunlaryny geçirmäge döwlet talap hatynyň berilmegi barada başlangyç bilen çykyş eden döwlet baştutanynyň maksada gönükdirlen işine ýokary baha bermegi ýöne ýerden däldir.

Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet baştutanlygyna saýlanan ilkinji günlerinden başlap, bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, adamynyň ruhy we beden taýdan mümkinçilikleriniň sazlaşmagy baradaky wezipäni döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryň biri hökmünde kesgitledi. Milli olimpiýa geňeşiniň başlygy we sagdyn durmuş ýörelgesini düýpli wagyz edijisi hökmünde milletiň baştutany şu ýyllaryň dowamynda köpçülikleýin bedenterbiýäniň we sportyň ýokary derejelerde ösdürilmegine, Türkmenistanyň halkara olimpiýa hereketine işjeň gatnaşmagyna örän uly üns berdi.

Ýurduň sportunyň ösüşine Türkmenistanyň alyp barýan “açyk gapylar” syýasaty, giň halkara hyzmatdaşlygy, ýurtda iri halkara ýaryşlarynyň geçirilmegi we türkmen türgenleriniň olimpiýa hereketlerine has işjeň gatnaşmaklary kuwwatly itergi berendigini belläp geçmelidiris. Şunlukda, 2008 we 2012-nji ýyllarda tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmaklary biziň türgenlerimiz üçin möhüm ähmiýete eýe boldy. Milletň baştutanynyň birnäçe gezek nygtaýşy ýaly, döwlet mundan beýläk hem raýatlaryň saglyklarynyň berkidilmegi, berk bedenli, bedenterbiýe-sport we olimpiýa hereketlerini köpçülikleýin ösdürilmegi, türkmen türgenleri üçin olaryň halkara ýaryşlarynda watanymyzyň adyndan mynasyp çykyş etmekleri we öz ýeňişleri bilen onuň abraýyny artdyrmaklary üçin aňrybaş şertleriň ählisi döreder.

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek boýunça Guramaçylyk komitetiniň soňky mejlisinde türkmen türgenleriniň halkara ýaryşlarynda üstünlikli çykyş edýändikleri barada sanlar mysal getirildi. Meselem, 2015-nji ýylda Türkmenistanyň türgenleri halkara ýaryşlarynyň 162-ne gatnaşmak bilen, altyn medallaryň 143-ni, 170 sany hem kümüş we bürünç medallary gazanmagy başardylar. Olaryň 74-si dünýäniň birinjiligini almak ugrunda geçirilen ýaryşlarda, 58-i aziýa oýunlarynda gazanylan baýraklardyr.

Aziada-2017 barada aýdylanda bolsa, ol Aşgabat şäheriniň iň häzirki zaman we owadan ýerleriniň birnde ýerleşýän Olimpiýa şäherjiginde geçiriler. Onda ajaýyp desgalaryň 30-sy, şol sanda Paralimpiýa toplumy we dikeldiş lukmançylyk merkezi bolar. Toplumyň örän uly çäkleri boýunçz geçmegiň oňaýly bolmagy üçin monorels ýoly işlär. Ol 12 müň “ýaşaýja” niýetlenen sport şäherjigini onuň beýleki desgalary bilen baglanyşdyrar.

AOG ýokary ýolbaşçy guramasy bolan Aziýanyň Olimpýa geňeşiniň Baş Assambleýasynyň geçen ýylyň sentýabr aýynda Aşgabatda bolup geçen 34-nji mejlisine gatnaşyjylar Aziada-2017-ä görülýän raýýatlygyň barşy, Olimpiýa şäherjiginiň desgalary bilen tanyş bolmaga ähli mümkinçilikleri aldylar.

Şu geçen ýyllaryň içinde uly guramaçylyk-ýerine ýetirijilik işleri geçirildi: Guramaçylyk we Ýerine ýetiriji komitetler işleýär, Aziadanyň Baş meýilnamasy düzüldi we amala aşyrylýar, sport media-forumnyň iki tapgyry, “Aşgabat – Aziada-2017-ň paýtagty” atly halkara sport sergisi, “Awaza” Milli syýahatçylyk zolagynda “Aziada-2017-ň naharlary” ady bilen okuw maslahaty, Aziýa-Ýuwaş umman teleradiogepleşikler birleşiginiň sport komissiýasynyň 54-nji halkara maslahaty we beýleki iri göwrümli çäreler geçirildi.

Aziada 2017-de oýnaljak sport görnüşleri barada aýdylanda bolsa, onuň maksatnamasynyň çäklerinde sportuň 21 görnüşi: küşt, futzal, tennis, muaý taýu (taý boksy), sambo, kuraş, jiu-jitsu, bowling, welosport (trek), suwda ýüzmek (50 m), ýeňil atletika, agyr atletika (pauerjifting), basketbol, taekwando (WTF), tans sporty, kikboksing, guşakly göreş, sport göreşi (grek-rin göreşi we erkin göreş), bilýard, konkur we türkmen milli göreşi boýunça ýaryşlar geçiriler. Olara ýurtlaryň (Milli olimpia komitetleri bar bolan) 62-si, şol sanda Aziýa ýurtlaryndan 45-sinden we Okeniýa ýurtlaryndan 17-si gatnaşar diýlip garaşylýar. Bu bolsa Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň iň wekilýilkli boljakdygyna şaýatlyk edýär.

Aziada-2017-niň ssenariýasy işlenilip düzülende dünýäniňiň meşhur ssenariýaçylarynyň, köpçülikleýin dabaralary guraýjylaryň, ýörite bezeg berijileriň çekiljekdigine şek-şübhe ýok. Köp sanly meşhur aýdymçylar, aktýorlar, şeýle hem beýleki örän tanymal adamlar bu tomaşa gatnaşmaga çalyşarlar. Türkmenistan Aziadany geçirýän ýurt hökmünde bu abraýly sport çäresinde degişli we gyzgalaňly dabaralary giňden ýaýbaňlandyrar.

Ýurduň Prezidenti Guramaçylyk komitetiniň mejlisinde Aziada 2017-niň Olimpiýa alawynyň estafetasyny geçirmek barada giňişleýin durup geçdi we onuň alawyny ýakmak 17 çapyksuwar bilen bilelikde indiki ýylyň 17-nji sentýabrynda sagat 17-de merkezi stadionda oýunlaryň dabaraly açyljak pursatynda geçiriler. Olimpiýa alawy üçin biziň iň göreldeli çapyksuwarlarymyzyň 17-si türkmen halkynyň baý taryhy-medeni mirasynyň şaýady bolan Gadymy Köne Nusaý galasy ýadygärliklerinden ýola düşmekleri simwoliki häsiýete eýedir. Çapyksuwarlar Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap welaýatlarynyň iň gözle ýerlerinden geçip, Mary welaýatynda ýerleşýän Merkezi Aziýada iň iri ýataklaryň biri bolan, XXI asyrda biziň ýurdumyzyň senagat-innowasion we ykdysady kuwwatyny görkezýän “Galkynyş” gaz känine baryp ýeterler. Hut şu ýerde hem ýene-de Ahal welaýatynyň çäklerinden geçip, Aşgabada eltiljek Aziada-2017-niň Olimpiýa alawynyň ýakylyş dabarasy bolup geçer.