Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Ahalteke bedewi- biziň buýsanjymyz we şöhratymyz” atly kitabynyň sözbaşyndaky sözler, 2017-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda Aşgabatda başlaýan Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V-nji Aziýa oýunlarynyň nyşany hökmünde näme üçin ahalteke bedewiniň saýlanandygy düşündirýär. “Biziň milli guwanjymyz we şöhratymyz, Türkmenistanyň Döwlet tugrasynyň bezegi, ahalteke bedewi- biziň Garaşsyz, Baky Bitarap Watanymyzyň hakyky nyşanydyr, onuň ähli halklar bilen parahatçylyga we dostluga bolan gönükdirilenliginiň janly beýanydyr”. Aziadanyň öňisyrasynda 500 günlik atly ýöriş geçirmek boýunça döwlet baştutanymyzyň pikiri hem öz gözbaşyny şu ýerden alýar, ýagny her welaýat boýunça 100 günläp syýahat edip onuň taryhy-medeni ýadygärliklerine we iň gözel ýerlerine baryp görmek bilen.
Arheologik barlaglaryň kömegi bilen Türkmenistanyň baý mirasy bütin dünýä açyldy, Marguşdaky, ýa-da bu gadymy siwilizasiýanyň (medeniýetiň) Ýewropadaky atlandyrylyşyna görä Margianadaky tapyndylaryň özi hem nämä degenok, bular gadymy dünýä taryhyna gaýtadan seretmeklige itergi berdi. Gadymy Merwiň, Köneürgenjiň taryhy-medeni ýadygärlikleri we Nusaýyň parfiýa galalary ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi.
Atly ýörişiň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden beýan edilmeginiň kömegi bilen, her bir türkmenistanly hem-de milli telewizion ýaýlymlaryň telegörüjileri bu ýöriş bilen bilelikde biziň ýurdumyzyň dürli künjeklerinde “bolarlar”.
Deňi-taýy bolmadyk atly ýörişiniň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen wajyp taryhy-medeni obýektleriň biri bolan Nusaýda, - meşhur ahalteke bedewleriniň Watanynda başlanmagy tötänden däldir.
... Köpetdagyň etegindäki ajaýyp jülgede, gadymy şäherleriň - Köne we Täze Nusaýyň harabalary bar. Bu harabalar Beýik parfiýa döwletiniň galyndylarydyr.
Gadymy we orta asyr syýahatçylary, Nusaýyň uly we owadan, suwa we beýleki durmuş eşretlerine bol bolandygy barada buýsanyp aýdypdyrlar. Bir wagtlar bu ýerde köşk we ybadathana gurluşlary, parfiýa şalarynyň tükeniksiz hazynalary bolupdyr, bereketli ýaşyl meýdanlarynda bolsa adamlar gudratly atlary ýetişdiripdirler.
Arheologik ekspedisiýalar bu ýerde gadymy medeniýetiň gyzykly subutnamalary bolan we häzirki wagtda Türkmenistanyň muzeýlerinde saklanýan teňňeleri, humlary, pil süňkünden ýasalan bahasyna ýetip bolmajak ritonlary, gap-çanaklary, altyn, kümüş önümleri, mermer heýkeljikleri, parfiýa diwar nakgaşçylygynyň iň seýrek nusgalaryny, daş arhitektura bezeglerini tapmagy başardy.
Ýeri gelende aýtsak, welaýatlarymyzdaky we paýtagtymyzdaky häzirki zaman muzeý toplumlary milli ruhy we maddy mirasyň hakyky hazynasyna öwrüldi. Biziň ýurdumyzyň özboluşly muzeýleriniň arasynda Ahal welaýatyndaky “Ak bugdaý” milli muzeýini we Aşgabatdaky Türkmen halysynyň muzeýini bellemek bolar. Welaýatyň beýleki taryhy-arhitektura ýadygärlikleriniň arasynda – XV-nji asyryň ortalarynda gurulan, Gözellik Öýi diýip atlandyrylan şeýh Seýit Jemaleddiniň metjididir.
Onuň golaýynda Änewiň meşhur depeleri hem bardyr, olaryň ýaşy ýedi müň ýyla ýetmek bilen, olar iň gadymy ekerançylyk obalarynyň biriniň galyndylarydyr. Hut şol ýerde, ýüz ýyl mundan ozal Rafael Pampelliniň ýolbaşçylygyndaky amerikan ylmy ekspedisiýasy tarapyndan biziň ýurdumyzyň çäginde çuňňur gadymyýetde bugdaýyň ösdürilip ýetişdirilendigi barada subutnamalary tapyldy. Bu şanly wakanyň ýüz ýyllygy mynasybetli bu ýerde “Ak bugdaý” muzeýi döredilen, ol özünde türkmen ekerançylaryň ussatlygy barada ençeme taryhy subutnamalary saklaýar.
Kaka etrabynda, häzirki duşak obasynyň golaýynda, Abu Seýit Abul Haýryň kümmeti bar, ol il arasynda Mäne-baba ady bilen bellidir. Ahalda saklanylyp galan medeni ýadygärlikleriň arasynda il arasynda Sarahs-baba diýilip atlandyrylýan Abul-Fazlyň kümmeti hem wajyp orun eýeleýär. Ol Sarahsyň golaýynda belli musulman alymy Abul Fazlyň mazarynyň üstünden bina edilen.
Tebigatyň deňi-taýy bolmadyk eseri hasaplanýan Köw-ata gowagynda 60 metr çuňlukda köl ýatyr, onuň suwy kükürt wodorody bilen baýlaşdyrylan, onda mikro- we makroelementleriň onlarçasy bar, onuň melhemli häsiýetleriniň bardygy hem şübhesizdir. Ol dünýäniň iň uly ýerasty kölleriniň birdir.
Ahal topragy boýunça syýahat edip, Köpetdag döwlet goraghanasyna hem barmak bolar. Onuň çäginde ençeme guşlar höwürtgeleýär. Bu ýerde gulanyň türkmen görnüşiniň köpelmegi üçin tebigat has amatly şertleri döredipdir. Emma bu ýerde ýaşaýan iň özboluşly haýwan hökmünde goşatoýnaklylaryň esasy awçysy bolan gaplaň ýa-da bars çykyş edýär. Goraghananyň ösümlik dünýäsi hem öz gözelligi bilen ünsi çekýär. Daglarda - Türkmenistanda arça diýip atlandyrylýan elmydama ýaşyl bolan agaçlaryň biri bardyr.
Ahal welaýatynyň gözel ýerleri bilen tanyşlykdan soňra at ýörişi Balkan welaýatynda dowam eder. Bu sebit mineral-çyg mal gorlaryna baýdyr we ýurdumyzyň ykdysadyýetinde wajyp orun eýeleýär. Bu ýerde uglewodorod gorlarynyň uly gorlary jemlenendir, olaryň gazylyp alynmagy we gaýtadan işlenilmegi bolsa welaýatyň ykdysadyýetiniň ýangyç-energetika toplumynyň pudaklarynyň ösdürilmeginde ýöriteleşmegini şertlendirdi. Balkan welaýatynyň üsti bilen, Türkmenistan daşary ýurtlara nebitiň we nebit önümleriniň, şol sanda tehniki uglerodyň, tehniki ýodyň, şeýle hem grawiýiň, sementiň, duzuň ugradylmagyny amala aşyrýar.
Mundan başgada, baý rekrasion gorlaryň bolmagy welaýatyň çäginde halkalara syýahatçylygy we onuň bilen baglanşykly infrastrukturanyň ösdürilmegine ýardam edýär. Bilermenleriň şaýatlyk etmegine görä ekologiki taýdan iň arassa bolan Hazaryň türkmen kenarynda-“Awaza” Milli syýahatçylyk zolagynyň sagaldyş merkezleri we kottej obalary ýerleşýär.
Balkan welaýatynyň çäginden Demirgazyk-Günorta halkara ulag ýoly geçýär, ol Russiýanyň, Gazagystanyň, Türkmenistanyň, Eýranyň demir ýollaryny baglaşdyryp, soňra Pars aýlagyna we Hindi ummanyna çykýar.
Ýurduň deňiz derwezeleri bolan Türkmenbaşy şäheri Türkmenistanyň daşary ykdysady gatnaşyklarynda iri geçirip ýüklenýän nokat bolup durýar we Ýewropa bilen Aziýanyň arasyndaky ulag gatnawlarynyň netijeli ösdürilmeginiň ugrundaky wajyp tranzit (üstaşyr) düwün bolup durýar.
Bu mekanyň arassa ekologiýasy, gündogar ekzotikasy, Sumbar, Çendir, Aýdere jülgeleriniň jenneti künjekleri, şarlawuklar, derýajyklar, Sünt-Hasardag döwlet goraghanasynda ösýän nar bakjalary, üzümlikler, ýabany miweli baglaryň tokaýlyklary, Balhan daglaryndaky medeni ýadygärlikler, bularyň ählisi magnit kimin syýahatçylary özüne çekýär.
Türkmen taryhynyň biri dürleriniň - Dehistan (Missrian). Bu şäher b.e.öň III-nji asyryň başlarynda esaslandyrylypdyr, horezmşahlaryň dinasitiýasynda gülläp ösýär, soňra mongollardan ejir çekýär, gaýtadan dikeldilýär we ýaşaýjylary tarapyndan takmynan alty asyr mundan ozal terk edilýär. Dehistan – Türkmenistanyň günorta-günbatar bölegindäki iň wajyp orta asyr oazisi hökmünde hasaplanylýar.
Şäheriň doly meýdany 200 gektara golaýdy, onuň goragyny bolsa iki gatly halka görnüşindäki diwar üpjün edýärdi. Dehistanyň geçmiş beýikligi barada haýran galdyryjy gurluşlaryň harabalary şaýatlyk edýär, olar häzirki wagtda uly çeperçilik gymmatyna eýedir.
Dehistandan alty kilometrde gadymy Maşad mazarçylygy – merkezinde Maşad-ata belli arhitektura ýadygärligi bolan musulman nekropoly (gadymy şäherlerde uly gonamçylyk) bar. Ol Türkmenistanyň çäginde saklanyp galan metjitleriň iň gadymysydyr. Bu mukaddes ýere baryp gören zyýaratçylaryň köpüsi, onuň ruhy taýdan täsir ediş güýjüni Mekke bilen deňäpdirler.
Welaýatyň beýleki taryhy-medeni gözelliginiň biri Köpetdagyň eteginde, häzirki zaman Serdar şäherinden 25 kilometr uzaklykda Parau(-w) obasynyň çäginde ýerleşýär. Bu arhitektura gurluşlarynyň hatarydyr, has uly gyzyklanmany bolsa Paraw-bibiniň kümmeti döredýär, ol agyr aýak (hamyla, göwreli) aýallaryň we çagalaryň arkasy (ýarany) bolupdyr.
Meşhur zyýarat edilýän ýerleriň biri Gözli-Ata öwlýasydyr, ol Türkmenbaşy şäherinden 150 km uzaklykdaky ajaýyp kanýonda (derýa suwunyň emele getiren hanasynda) ýerleşýär. Gözli-Ata, XIV –nji asyryň birinji ýarymynda ýaşan abraýly sopy. Aýdylanlara görä, ol Hoja Ahmet Ýasawynyň okuwçysy bolupdyr.
XV-nji asyryň başlaryna degişli bolan ýadygärlikleriň hatarynda gyzyklanma bildirilýänleriň hatarynda Sumbar jülgesindäki Ýuwan-gala obasyndan (Balkan welaýatynyň Magtymguly etraby) 3 kilometrde ýerleşýän Şih-Öwezberdiniň kümmetini we Şibli-babany, aýtmak bolar, şeýle hem oňa Şywlan diýýärler, - Sünt-Hasar dagynyň eteginde kemala gelen däp-dessurlygyň giden bir toplumydyr, ol Magtymguly etrabyndan 10 km demirgazyk-gündogarda ýerleşýär.
Meşhur Dehistanyň düzlükleriniň golaýynda, günbatar Köpetdagyň ýaşyl örtülen eňňidinde Beýik türkmen şahyry we akyldary bolan Magtymgulynyň adyny göterýän etrap ýerleşen. Sumbaryň gözel jülgesinde ýerleşýän Magtymguly Pyragynyň dogduk obasy Gerkez iline Türkmenistanyň özünden, şeýle hem Ýewropadan, Russiýadan, Eýrandan, Owganystandan Magtymgulynyň döredijiliginiň gadyr-gymmatyny bilýänler gelýär.
Gerkeze gelen her bir adamyň ünsüni çekiji iň esasy pursat hökmünde Magtymgulynyň muzeýi çykyş edýär, onuň ekspozisiýasy birnäçe onýyllygynyň dowamynda jemlenen. Şahyryň şahsy durmuşy bilen baglanşykly eksponatlar has hem uly gyzyklanma bildirýär. Mysal üçin, kümüş ýüzük, – rowaýata görä, ol Magtymgulynyň öz söwer ýary Meňli üçin ýasan ýüzügidir, şahyr oňa ençeme goşgularyny bagyş eden.
Balkan welaýatynda tebigy ýadygärlikler we goraghana ýerleri köpdür. Olaryň içinde Hazar we Sünt-Hasardag goraghanalary, Sumbar jülgesi, Uly we Kiçi Balhan, palçykly patlawuklar, äpet sferoidlar, Ýan-gala kanýonlary, gadymy Uzboý derýasynyň jary.
Balkan welaýatynyň ähli taryhy-medeni we beýleki gözel ýerlerini 100 günüň dowamynda aýlanyp görüp, atly ýörüşiniň 17 sany çapyksuwary, iň wajyp taryhy-arheologik ýadygärlikleriniň biri hökmünde hasaplanylýan Köneürgenjiň ýerleşýän Daşoguz welaýatyna gadam basarlar.
Köneürgenjiň taryhy-medeni goraghanasynyň çäklerinde XII-XV asyryň görnükli arheologiki ýadygärlikleri bardyr. Ol, antiki döwürden bäri bar bolan we iň uly gülläp ösüşini müň ýyl mundan ozal başdan geçiren, patyşalaryň müdimi galýan ägirt uly şäheriniň galyndysydyr. Onuň buýsanjy hökmünde beýik ensiklopedist abu Reýhan Muhammed Ibn-Ahmet al-Biruni (973-1050 ýý.) we Günbatarda Awisenna ady bilen meşhur, genial tebigat hadysalaryny derňeýji, lukman we pelsepeçi Abu Ali ibn Sina (980-1037 ýý.) hasaplanýar.
Törebeg hanymyň (XIV a.), Soltan Tekeşiň (XII a.), Il –Arslanyň (XII a.) kümmetleri, Gutlyk-Timuryň (XI-XIV aa.) minarasy we beýlekiler ýaly ýadygärlikler orta asyr arhitekturasynyň gaýtalanmajak nusgalary bolup durýar. Nejmeddin Kubranyň kümmeti bolsa bütin dünýäniň musulmanlarynyň zyýarat edýän merkezleriniň biridir.
Welaýatyň tebigat dünýäsi hem baýdyr. Gaplaňňyr döwlet goraghanasy hem bu barada şaýatlyk edýär. Onuň esasy wezipesi – Sarygamyş kölüniň akwatoriýasynyň baý ornitofaunasyny gorap saklamak, şeýle hem jerenleriň, dag goçylarynyň we saýgaklaryň sanyny köpeltmek. Ýyrtyjy haýwanlardan bolsa goraghanada möjek, gum (çöl, sähra) pişigi, torsuk, tilki, şagal, garagulak bardyr. Şeýle hem bu ýerde hindi oklukirpisini görmek bolýar.
Çöli öwrenýän “alymlaryň Mekgesi” diýip, Lebap welaýatynyň beýleki goraghanasy bolan Repetek goraghanasy hasaplanýar. Ol Türkmenabat şäherinden 70 km uzaklykda ýerleşýär. Bu ýerde has çuňňur barlaglar we çöli özleşdirmek üçin entek 1912-nji ýylda dünýädäki ilkinji çäge-çöl stansiýasy esaslandyrylýar. Gündogar Garagumyň we oňa ýanaşyk meýdanlardaky çölleriň gara sazakly tokaýlaryny goramak maksady bilen Repetek stansiýasynda 1927-nji ýylda çöl goraghanasy döredilýär.
Bu ýerde möjek, şagal, çöl geçigaplaňy, tilki we keýikler, bürgüt we gajar, togdary we gyzgylt gotan, ütelgi we hüwi we sazak soýkasy bardyr.
Tomzaklaryň 300-den gowrak görnüşi, kebelekleriň 160-dan gowragy hem aýratyn gyzyklanma döredýär. Repetek – süýrenijileriň hem şalygydyr. Hažžyklaryň, ýylanlaryň, pyşdyllaryň ençeme görnüşi – şeýle bolçulyk haýsy hem bolsa başga goraghanada kän duş gelmeýändir. Bu ýerde, uzynlygy bir ýarym metre ýetýän dünýädäki iň iri hažžyklar - «çöl krokodilleri» duş gelýär.
Lebap welaýatynyň tebigaty barada aýdanyňda Koýtendagyň üstünden geçmän bolmaz. Onuň meşhur “dinozawrlaryň platosynda” 150 mln ýyla golaý mundan ozal öz yzlaryny taryhdan ozalky agsyllar galdyrypdyr. 2500-den gowrak yzlar ýüze çykaryldy. Bu tapyndy dünýäni haýran galdyrdy, çünki gyrlyp gutaran agsyllaryň yzlarynyň şeýle uly sany biziň planetamyzda ilkinji gezek ýüze çykaryldy.
Stalaktitleriň we stalagmitleriň sansyz-sajaksyz sütünli Garlyk gowaklarynyň ýerasty geçelgeleri haýrana goýýar. Gowaklaryň ýollarynyň, zallarynyň we ýerasty darajyk ýollarynyň ulgamy uzynlygy boýunça 50-den gowrak km uzaýar we olara dünýäniň iň iri gowaklarynyň onlugyna girmäge ýardam edýär. Öz reňk öwüşgini kesilen ýeriniň owadanlygy boýunça deňi-taýy bolmadyk mermer oniksiniň garlyk käni hem az gyzyklanma döredenok.
Umbar dere jülgesindäki şarlawuklar hem syýahatçylary özüne çekýär. Bu ýerde Türkmenistanyň iň ýokary depesi Aýry baba (3137,7 m) piki we Türkmenistandaky iň çuň köl Kettekköl (59 m) ýerleşýär. Aksakgallaryň aýtmagyna görä, bu ýerde Hojagarawul jülgesinde gadymy tut agajy ösýär. Onuň ýaşy 100 ýyla ýetip, rowaýatlara görä onuň aşagynda Çingiz hanyň esgerleri dynç alypdyr. Köýtendagyň jülgesinde ösýän 800 ýyllyk çynaryň köweginde bolsa arkaýyn 12-15 adam ýerleşip bilýär. Köýtendagyň ýerasty kölünde başga hiç bir ýerde duş gelmeýän täsin gowak balygy - köýtendagyň kör ýalaňaç balagy ýaşaýar.
Topragyň taryhyna dolanyp, Amulyň ýerindäki ilkinji oba takmynan 2100-2000 ýyl mundan ozal köne we täze eranyň çäginde dörändigini ýatlap geçmeli. Onuň saklanyp galan galyndylary Türkmenabat şäheriniň günorta çetlerinde häzire çenli hem ýerleşýär. Irki orta asyrlarda (III-VII asyrlar) oba şähere öwrüldi. IX-X asyrlarda Amul Merkezi Aziýanyň möhüm üstaşyr nokady boldy. Amuldan kerwen ýollary 3 ugra: demirgazyk tarapa – Horezme, günörta tarapa – Zemme (häzirki Atamyrat şäheri) we günbatar tarapa – Merwe tarap gidýärdi.
Amyderýanyň ugry bilen Amuldan Horezme baran söwda ýolunda orta asyr binagärliginiň ajaýyp ýadygärligi – gowy saklanyp galan Daýahatyn kerwensaraýydyr. Orta asyr Zemmde samanidleriň iň soňky hökümdarynyň guburynyň üstünde bina edilen Muntasiriň kümmeti hem ondan az gyzyklanmany döredenok. Halkyň arasynda ol rowaýat boýunça Ali halifiň elinde serkerde bolan Alamberdaryň kümmeti diýip atlandyrylýar. Bu bina XI asyr merkezi Aziýa jaý salmak sungatynyň iň gowy nusgalarynyň biri hasaplanylýar. Atamyrat etrabynda ýerleşen Astana-baba kümmeti öz gurluşy boýunça özboluşlylygy bilen aýratyn tapawutlanýar.
Atly ýörüşiň ahyrky 100 güni Mary welaýatynyň çäginden geçer. Gadymy Merw bu topragyň taryhy-binagärlik merjeni bolup durýar. Meşhur Marguş ýurduny Ýerde ilkinji dünýä dini bolan zorostrizmiň dörän ýeri diýip, alymlar ýöne ýerden hasaplanok. Öz ylmy derňewleriniň dowamynda öňdebaryjy daşary ýurt alymlary gadymy Marguş medeniýetini Mesopotamiýanyň, Müsüriň, Hindistanyň we Hytaýyň beýik siwilizasiýalary bilen bir hatarda goýdular.
Merw – gadymy şäherleriň we çägi boýunça Merkezi Aziýanyň arheologik obýektleriniň arasynda birnäçe şäherleriň (Erk-gala, Gäwür gala, Soltan gala, Abdullahan gala, Baýramaly gala) saklanyp galan iň uly ýerleriniň biridir. Has uly gyzyklanma döredýän binagärlik ýadygärlikleriniň arasynda Uly we Kiçi gyz galany, Muhammet-ibn-Zeýda we ashablaryň kümmetini, Hoja Ýusup Hemedanynyň metjidini we derňewçileriň biragyzdan ykrar etmegi boýunça Gündogaryň orta asyr binagärliginiň ajaýyp nusgasy hasaplnylýan Soltan Sanjaryň ägirt uly kümmetini bellemek bolar.
Merwde dürli wagtlarda Al Horezmi, Omar Haýam, al-Merwezi, as-Samani, Enweri, ensiklopediki bilimli alym we şahyr Muhammet Enweri Abywerdi, şeýle-de Hasan Gaznewi, Emir Muizzi ýaly tanymal şahyrlar we orta asyryň beýleki beýik akyldarlary ýaşapdyr we döredipdir.
Marguş ýurdunyň köp sanly gadymy ýadygärlikleri gumlaryň içinde ýitip gidipdir we ozaly bilen olara arheologlar tarapyndan açylan beýik Marguş ýurdunyň paýtagty – köşk-ybadathana toplumy bolan Goňur depe degişlidir.
Welaýatyň tebigy ýadygärlikleriniň hatarynda Badhyz döwlet goraghanasy hem görnükli orun eýeleýär. Ol 1941-nji ýylda gulanlary, beýleki seýrek haýwanlary goramak, öwrenmek we olaryň sanyny köpeltmek, Merkezi Aziýada iň uly pisse tokaýlygyny gorap saklamak maksady bilen döredildi. Botanikler bu çäge “pisse sawannalary” diýen at berdiler. Goraghana seýrek geologik landşaftlary bilen hem tanalýar.
Bathyzyň haýwanat dünýäsini toýnaklylaryň ägirt uly sürüleri, ýagny gulanlar, dag goçylary, jerenler, ganatlylardan – garaguş, ak başly dazzarkel, ütelgi, hakyky ýyrtyjylar – gaplaňlar, syrtlanlar, garagallar, süýrenijileriň dürli görnüşleri düzýär. Demirgazyk Ýewraziýada ýabany görnüşde saklanyp galan, bir wagtlar bu yklymyň açyk giňişliklerinde mesgen tutan ýabany eşekleriň we atlaryň ýitmän galan garyndaşy, goşa toýnaksyzlaryň ýeketäk wekili - gulan goraghananyň buýsanjydyr. Häzirki wagtda tebigy gurşawda gulanyň ýeke-täk köpelmegi diňe Badhyzda saklanyp galypdyr. Goraghanada görkezilýän tebigy toplumlaryň Ýewraziýanyň çäginde deňi-taýy ýokdur we şonuň üçin ol dünýäniň täsin goraghanalarynyň sanyna girizilendir.
Aziadanyň odunyň ýakyljak ägirt uly “Galkynyş” käni Mary welaýaty boýunça atly ýörişiň ahyrky nokady bolar. Garaşsyz halkara auditiň netijeleri boýunça gazyň 26,2 trillion kub metrine eýe bolan bu kän dünýäde ikinji bolup ykrar edilen. Bu ýerden Hytaýa barýan gaz geçirijisi, gelejekde bolsa – ulanylmaga berilmegi döwletleriň durmuş-ykdysady ösüşine, köp sanly halklaryň durmuşynyň derejesine we hiline gös-göni öz täsirini ýetirjek, häzirki wagtda gurulýan Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan transmilli gaz geçirijisi öz başyny alýar. Bu taslamanyň maksady parahatçylygy we dostlugy ösdürmek, adamlary jebisleşdirmek ýaly olimpiýa ýörelgelerine hem laýyk gelýär.