Ï Türkmen talyplary halkara matematika olimpiadasynda üstünlikli çykyş etdiler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen talyplary halkara matematika olimpiadasynda üstünlikli çykyş etdiler

view-icon 1513
Olar Kipr Respublikasynyň Protaras şäherinde tamamlanan talyplar olimpiadasynda medallaryň dördisini eýelemegi başardylar.

«Takyk ylymlaryň täji» intellektual bäsleşigine Makedoniýadan, Rumyniýadan, Bolgariýadan, Angliýadan, Eýrandan, Özbegistandan we dünýäniň beýleki döwletlerinden milli toparlaryň 24-si gatnaşdy. Biziň ýurdumyzyň adyndan Halkara Ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Halkara Nebir we gaz uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň, Türkmen oba hojalyk institutynyň talyplaryndan düzülen ýokary okuw mekdepleriň ýygyndy topary çykyş etdi.

Türkmen talyplary iň gowy toparlaýyn netijeleriň birini görkezmegi başardylar. Kümüş medallaryň ikisine energetika we oba hojalyk institutlarynyň wekilleri mynasyp boldy. Olar degişlilikde üçünji ýyl talyplary Töremyrat Gurbanow we Nury Atajanow dagylardyr. Intellektual bäsleşiginde biziň toparymyz iki sany üçünji orny eýeledi. Olimpiadanyň bürünç medallary birinji ýyl talyplary Halkara Ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby Eziz Eminowa, şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyby Mekan Hojaýewe gowşuryldy. Türkmen toparynyň ýolbaşçylarynyň biri, Halkara Ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň kompýuter tehnologiýalary kafedrasynyň hünärmeni Pirmyrat Gurbanow halkara eminler düzümine girdi.

Türkmen talyplary Kiprde bolmaklarynyň çäklerinde kiprlileriň taryhy we medeniýeti bilen tanyş boldular, muzeýlere baryp gördüler, şäheriň iň owadan ýerleri bilen tanyşdylar.