Ï Aziada-2017-niň başlanmagyna badalga berýän Atly ýöriş – öz ähmiýeti, oňa gatnaşyjylaryň düzümi we medeni-maglumatlar taýdan goldamakda bu sport baýramçylygyň taryhynda öň hiç bolmadyk wakasy bolar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aziada-2017-niň başlanmagyna badalga berýän Atly ýöriş – öz ähmiýeti, oňa gatnaşyjylaryň düzümi we medeni-maglumatlar taýdan goldamakda bu sport baýramçylygyň taryhynda öň hiç bolmadyk wakasy bolar

view-icon 4865
Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça 2017-nji ýylda geçiriljek V Aziýa oýunlarynyň Guramaçylyk komitetiniň soňky ýarym ýylyň dowamynda bolup geçen mejlislerinde , Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň Baş Assambleýasynyň 34-nji mejlisinde we türkmen paýtagtyny ösdürmek boýunça iş maslahatynda öňde duran oýunlaryň geçiriljek ýeriniň eýesi hökmünde bu iri halkara çäresine görülýän taýýarlyk we onuň jemleýji tapgyrynyň wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Häzirki zaman sport infrastrukturasyny döretmek, dürli sport we hyzmat edilýän işgärleri taýýarlamak, dürli meseleleri – Aziada-2017-ni geçirmek bilen bagly kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kabul etmekden başlap, sport ýaryşlaryny guramagyň dünýäde iň gowy tejribelerini öwrenmek, aziýa oýunlaryny maglumat taýdan goldamak we wagyz etmek, daşary ýurt sport wekillerini garşylamak, olary boljak ýerlerine äkitmek we ýerleşdirmek, naharlamak we medeni maksatnamalar, ýol görkeziji kitapçasyny, sözlükleri, kartalary we beýleki maglumatlar edebiýatyny neşir etmek, sport baýramçylygy nyşanly dürli sowgatlyk önümleriniň önümçiligine çenli taýýarlamak ýaly örän uly işler edildi.


Geçirilen we öňde duran işleriň göwrümi barada, wakanyň örän ulydygyna bu duşuşykda mysal getirilen maglumatlar we sanlar şaýatlyk edýär. Meselem, bahasy ABŞ-nyň 5 milliard töweregi dollary bolan we 157 gektary eýeleýän, iň häzirki zaman ulgamly sport, durmuş we medeni ähmiýetli desgalarynyň 30-ny öz içine alýan Olimpiýa şäherjiginiň gurluşygynda halkara standartlary we talaplary doly göz öňünde tutuldy. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça geçiriljek V Aziýa oýunlarynda Aşgabatda dünýä döwletleriniň 61-sinden türgenleriň 5 müňden gowragy sportuň 21 görnüşi boýunça bäsleşerler. Bu iň ýokary görkezijidir. Sebäbi, Aziýanyň Milli olimpiýa komitetleriniň 45-inden başga hem Okeaniýa ýurtlarynyň olimpiýa komitetleriniň 17-sinden gatnaşmagy bu sport taryhynda ilkinji sapardyr. Biziň ýurdumyza ýokary derejeli, ýörite wekillerden ybarat bolan köp sanly myhmanlaryň, şeýle hem bir müňden gowrak tehniki işgärleri, takmynan şonça hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň, 15 müň töweregi daşary ýurtly janköýerleriň gelmeklerine garaşylýar. Häzirki wagtda biziň ýurdumyzda 10 müň töweregi meýletinçiler taýýarlandy.

Örän uly we ajaýyp, aýdyň milli öwüşgine eýe bolan bu sport we parahatçylyk baýramynyň özboluşly uwertýurasy hem bolar. Ol “Sagdynlyk, Ruhubelentlik, Dostluk” şygary astynda geçiriler. V Aziýa oýunlaryna 500 ýüz gün galanda atly ýörişe badalga berler we ol ýurduň bäş welaýatynyň her birinde 100 günläp dowam eder. Bu atly ýörişiň dowamynda türkmen atlylary özleriniň meşhur atlarynda ýurduň taryhy-medeni ýadygärliklerine we gözel künjeklerine baryp görerler. Olaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen ýörişleri bolsa türkmen tebigatynyň owadanlygyny, biziň ruhy we maddy miras baýlyklarymyzy, ajaýyp däp-dessurlarymyzy dünýä ýaýmaga, Türkmenistanyň döredijilikli durmuşynyň ösýän depginini duýmaga şertleri döreder.


Atly ýöriş Ahal welaýatyndan başlanar. Bu ýerde 5-nji maýda sagat 17-de köne Nusaý ýadygrliginiň ýanynda dabaraly ýagdaýda bu adaty däl ýörüşe badalga beriler. Atly ýörişiniň Ahal welaýatynyň çäkleri boýunça tamamlanandan soňra ol Balkan welaýatynyň çäkleri boýunça, soňra Daşoguz we Lebap welaýatlarynyň çäkleri boýunça dowam etdiriler. Atly ýörişiň jemleýji tapgyry Mary welaýatynyň çäkleri boýunça geçer. Bu ýerde ululygy boýunça dünýäde ikinji orunda durýan “Galkynyş” gaz käninde V Aziýa oýunlarynyň alawynyň ýakylyş dabarasy geçiriler. Soňra atly topar Aşgabada tarap ugur alar. Aşgabatda alawy paýtagtyň atlylar topary kabul eder hem-de ony Olimpiýa şäherjigine elter. 2017-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary dabaraly ýagdaýda açylar. Biziň gadymy däp-dessurlarymyza eýermek bilen, atly ýörişi guramak barada başlangyç bilen çykyş eden Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow düzüminde 17 çapyksuwar bolan ýörite atly topary seçip almagy teklip etdi. Toparyň öňünde eli alawly çapyksuwarlar ýörär, onuň sag we çep gapdaly bilen ellerinde Türkmenistanyň Döwlet baýdagy we V Aziýa oýunlarynyň baýdagy bolan çapyksuwarlar, şeýle hem halkara ýaryşlarynda ýeňiş gazanyp, uly üstünlige eýe bolan türgenleriň ýöremegi göz öňünde tutulýar.

Bu çäräniň giň gerimliligi türkmen atlylarynyň mundan öň amala aşyran atly ýörüşlerinden ep esli möçberde uly gelýär. Olaryň has meşhury 1935-nji ýyldaky ýerine ýetirilen taryhy atly ýörişidir. Şonda Türkmenistanly atlylaryň 30-sy Aşgabat-Moskwa aralygyndaky 4300 kilometr ýoly 84 günde geçip, rekord netije görkezdiler. Ýoluň dörtden bir bölegine ýakyny çägelik we beýikli-pesli ýerlerden geçdi, 350 kilometri bolsa Garagumyň suwsuz ýerlerinden geçdi. Bu atly ýöriş arassa ganly türkmen bedewleriniň çylşyrymly howa şertlerinde çydamlylygyny we olaryň çalt özlerini tutýandygyny görkezdi. Bu urşuň öň ýanynda - haçan-da atly goşunyň şol döwrüň goşunynyň möhüm strategiki bölegi bolup durýan wagtynda örän möhümdi. 1935-nji ýylyň awgust aýynyň ahyrlarynda russiýanyň gazetleriniň ählisi türkmen atlylarynyň otuzsynyň atly ýörüşini “dünýä taryhynda deňi-taýy bolmadyk” diýip, geň galyjylyk bilen beýan etdiler. Olar atly ýörişiň kynçylyklaryny – aýaklary dyza çenli çägä çümen atlaryň çydamlylygynyň tebigatyň synagyndan geçendigini, uzak wagtlap suwsuz oňan, günüň ýakyp barýan şöhlesiniň aşagynda ýörüş eden atly adamlaryň çydamlylygyny ýazdy. “Ýöne atlylar durman öňe tarap hereket etdiler. Ýoluň köp kilometrini çölden ýygnan sazaklary bilen örtdiler. Eginlerindäki geýimleri bilen atlaryny ýapdylar. Ýanlaryna alan suwlarynyň soňky damjalaryna çenli öz bedewlerine berdiler. Üstýurtda üsti tekiz belentlik ýüze çykan çeşme suwyndan doldurylan agramy bäş put bolan gaby göterdiler. Haçan-da ýanlaryna göteren suw gaplary boşanda guýy gazdylar, atlarynyň dok bolmagy üçin her gün gerek bolan iým üçin ýabany ösýän ýorunjany el bilen ýygdylar”. Aşgabat-Moskwa atly ýörişine diňe gaýduwsyz adamlaryň başaryp bilen gahrymançylykly edermenlik hökmünde baha berdiler. Özi hem olar Türkmenistanyň dürli sebitlerinde ýaşaýan ýönekeý zähmetkeş adamlar bolupdyr. Meselem, baýdak göteriji Ýanar Annaoraz Gökdepe raýonynyň “Udarnik” kolhozyndan bolupdyr.


Öz atlary bilen köp bölegini ýolsuz, suwsuz ýerlerden geçen Türkmenistanyň zarpçy daýhanlary tarapyndan amala aşyrylan deňi-taýy bolmadyk bu Aşgabat-Moskwa atly ýörişine gatnaşan atlylaryň 30-sy hem döwlet sylaglary bilen sylaglandy. Bu gahrymançylykly atly ýörüşiniň üstünlikli bolmagy üçin hyzmat eden 17 adam hem sylaglandy. Olar lukmanlardan, üpjünçilerden, şofýordan, radistden, ot-iým berijilerden we beýlekilerden ybaratdyr. Bu şöhratly atly ýörişi guran türkmen kolhozlarynyň otuz ikisine medeni edaralaryň gurluşygy çin serişdeler bölünip berildi. Hökümetiň atly ýörişe gatnaşyjylary sylaglamak baradaky kararynda “Jöwzaly Türkmenistanyň gaýduwsyz jigitlerine şöhrat!” diýilip aýdylýar. Atly ýörişe gatnaşyjylar yzyna demir demir ýol ulagy bilen gelipdirler. Olaryň ata Watanynda garşylanyşy barada gazetler “Gahryman atlylar – Aşgabat-Moskwa atly ýörişine gatnaşyjylar - düýn otly bilen Türkmenistanyň serhedine geldiler. Olary türkmen atlylarynyň ýüzlerçesi garşylady. Olary howadan “Dinamo” uçarlar eskadriliýasy garşylady. Daýhanlaryň köp sanly toparlary olaryň ýoluna gül düşediler. Atlylar 13-nji sentýabrda Aşgabada geldiler. Şol gün ählihalk türkmen baýramçylygy diýlip yglan edildi” diýip ýazdylar.

Bu atly ýörişi uly jemgyýetçilik häsiýetine eýe boldy. Ol hatda türkmen halyçylaryny Moskwada we Nýu-Ýorkda görkezilen “Atly ýöriş” atly halyny dokamaga ruhlandyrdy. Bu taryhy atly ýörişine gatnaşyjylar hakyky milli gahrymanlar boldy. Ýaşlaryň köpüsi olardan görelde almaga çalyşdylar. Eýýäm onuň yz ýanyndaky ýylda gadymy lebap topragynyň on iki any gyzy atly ýörişi amala aşyrdylar. Olar atda Türkmenabatdan Aşgabada çenli 587 kilometr bolan ýoly geçdiler, onuň 200 kilometri bolsa Garagumyň akyp duran çägeliginden geçýärdi. Ýol, aýratyn hem ot-iýmiň bolmazlygy, örän kyndy. Ýöne gyzlar boýun egmän ýörişi erjellik bilen dowam etdirdiler. 1936-njy ýylyň 12-nji fewralynda olar Kaka geldiler. Bu ýerde olara Garrygalaly atly gyzlaryň 25-si goşulyşdy. Birnäçe wagtdan soňra türkmen atly gyzlaryny demir ýol menziliniň ýanyndaky meýdançada paýtagtyň ýaşaýjylarynyň ählisi garşy aldylar.

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça geçiriljek V Aziýa oýunlary başlanmagyna badalga berýän Atly ýöriş – özüniň göwrümi köp maksatly ähmiýeti boýunça ähmiýeti, oňa gatnaşyjylaryň düzümi we medeni-maglumatlar taýdan goldamakda bu sport baýramçylygyň taryhynda öň hiç bolmadyk wakasy bolar. Ahalteke bedewi milli mirasyň iň meşhur we kämil nusgasy bolup durýar. Ahalteke bedewiniň çapyşynyň tizligi häzirki zaman özgertmelerinde abadançylyk we bagtyýarlyk döwrüniň uly depginler bilen ösýändigini alamatlandyrýan nyşan bolyp durýar. Şonuň üçin hem öňde duran atly ýöriş bize miras galdyran baý maddy we ruhy medeniýeti miras galdyran geçmiş bilen häzirki ata Watanyň ählitaraplaýyn ösüşlerini, ajaýyp gelejegimiz bilen baglanyşdyrýan nyşan bolar.