Ï Türkmen mugallymlary diňe bir iň gowy dünýä tejribesini öwrenmek bilen çäklenmän, öz täzeçillik usulyýetlerini hem üstünlikli ornaşdyrýarlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen mugallymlary diňe bir iň gowy dünýä tejribesini öwrenmek bilen çäklenmän, öz täzeçillik usulyýetlerini hem üstünlikli ornaşdyrýarlar

view-icon 3611
Paýtagtymyzda we welaýatlarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan we innowasiýalary, taryhy-ruhy hem-de durmuş-medeni ýörelgeleri hasaba almak bilen okatmagyň milli ulgamyny döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen bilim ulgamyny özgertmek işlerini doly açyp görkezýän çäreler dowam etdirilýär.

Aşgabadyň Aman Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebinde “Bilim edaralarynda okuw-terbiýeçilik işleriniň hilini ýokarlandyrmagyň innowasiýa usullary” atly maslahat geçirildi, ony Türkmenistanyň Bilim ministrligi gurady. Duşuşyga paýtagtymyzyň we welaýatlaryň mekdebe çenli çagalar edaralarynyň terbiýeçileri, umumybilim berýän mekdepleriň başlangyç synp mugallymlary, welaýat bilim müdiriýetleriniň we bölümleriniň hünärmenleri, Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň ylmy işgärleri gatnaşdylar.


Mekdebe çenli bilim we terbiýeçilik işlerinde innowasiýa usullarynyň ornaşdyrylmagy ýygnananlaryň üns merkezinde boldy. Mekdebe çenli çagalar edaralarynda mekdebe çenli bilimiň döwlet ülňülerini ornaşdyrmagyň nusgalary bilen tanyşdyryldy. Çagalary terbiýelemekde milli oýunlaryň ähmiýeti we okuw-terbiýeçilik işlerini mundan beýläk-de kämilleşdirmek we netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça gyzyklanma bildirilip, pikir alyşmalar geçirildi.

Başlangyç bilim boýunça bölümde başlangyç synp mugallymlary tarapyndan geçirilen tebigaty öwreniş, matematika, ene dili boýunça okatmagyň interaktiw usullary peýdalanylyp guralan görkezme sapaklary uly gyzyklanma döretdi.


Mugallymçylyk mekdebinde – mekdebe çenli çagalar edaralary we başlangyç synplar üçin işgärleriň taýýarlanylýan bu okuw mekdebinde maslahatyň geçirilmegi uly ähmiýete eýedir. Aman Kekilow adyndaky mugallymçylyk instituty döwlet usulyýet merkezi hökmünde hem bellidir. Bu bilim edarasy ýokary derejeli işgärleri taýýarlamak üçin zerur bolan serişdelere eýedir. Okuw synplary dünýäniň belli kompaniýalarynyň enjamlary bilen üpjün edilendir.

Bu ýöriteleşdirilen synp otaglarynda maslahata gatnaşyjylar üçin tejribe sapaklary guraldy, olar häzirki zaman görkezme esbaplaryny peýdalanmak arkaly geçirildi.


Innowasiýa we usulyýet serişdelerini ulanmak arkaly açyk sapaklar paýtagtymyzyň 55-nji umumybilim berýän mekdebinde hem guraldy. Açyk sapaklary geçirmek öňdebaryjy mugallymçylyk tejribesini ýaýratmagyň däp bolan görnüşidir. Açyk sapaklaryň kyrkdan gowragyna gatnaşmak üçin paýtagtymyzyň mekdepleriniň ählisinden mugallymlar çagyryldy. Okatmagyň täze usullary bilen tanyşdyrmak çäreleri häzirki zaman interaktiw tehnologiýalarynyň işjeň peýdalanylmagy bilen geçirildi. Mekdebiň eýwanynda okatmagyň iň gowy gazananlary barada guralan sergi açyk sapaklar üçin goşmaça serişde bolup hyzmat etdi. Öwretmegiň dürli ugurlary, köp sanly görkezme okuw esbaplary, şeýle hem okuwçylaryň çeken suratlary, elýeter serişdelerden taýýarlanylan esbaplar, el işleriniň, tikinçiligiň nusgalary, kiçeňräk haly önümleri – çagalaryň hemmetaraplaýyn ösüşiniň subutnamalary serginiň esasy serişdeleri boldy. Muňa synpdan daşary geçirilýän sapaklar, döredijilik gurnaklary ýardam berýär, olarda mekdep okuwçylarynyň döredijilik başarnyklaryny höweslendirmek üçin ähli şertler döredilendir.


Mekdebiň ýokary synp okuwçylary sergi bilen ýygnananlary tanyşdyrdylar, mekdep muzeýindäki gymmatlyklar barada türkmen, rus we iňlis dillerinde gürrüň berdiler. Ýaşajyk skripkaçy gyz Zaura Assadullaýewanyň çykyşy bu çärä aýratyn öwüşgin çaýdy.