Ï Aziada—2017: taýýarlygyň ýokary derejesi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aziada—2017: taýýarlygyň ýokary derejesi

view-icon 5057
Aziýanyň Olimpiýa geňeşi tarapyndan 2017-nji ýylda Türkmenistanyň paýtagtynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny geçirmek baradaky çözgüdiň kabul edilmegi ýurdumyzyň sport dünýäsindäki barha belende göterilýän halkara abraýyna şaýatlyk edýär. Aziada-2017-ni ýokary dünýä derejesinde geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 2013-nji ýylyň ýanwar aýynda 2017-nji ýylda Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny geçirmek boýunça Guramaçylyk komitetini döretmek baradaky Karara gol çekdi.

2013-nji ýylyň dekabr aýynda bolsa Aziada-2017-ä taýýarlyk görmek boýunça Ýerine ýetiriji komitet döredildi, onuň esasy borçlary Guramaçylyk komitetiniň tabşyryklaryny ýerine ýetirmek, Oýunlara taýýarlyk görmek we ýokary dünýä derejesinde geçirmek, şu maksat bilen Aziýanyň Olimpiýa geňeşi bilen hyzmatdaşlyk etmek, şeýle hem bu işlere çekilen ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, halkara sport guramalarynyň we kompaniýalaryň işlerini utgaşdyrmakdan ybaratdyr.

Şol pursatdan başlap, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmegiň barşy Aziada-2017-niň Guramaçylyk komitetiniň mejlislerinde yzygiderli ara alyp maslahatlaşylýar, mundan beýläk komitetiň mejlisleri her aýyň soňky ýekşenbesinde geçiriler, bu bolsa taýýarlyk görmek işlerine gatnaşýan ministrlikleriň we pudak edaralarynyň Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň Baş meýilnamasynyň ähli ugurlary boýunça taýýarlygy üpjün etmek meselelerini dessine çözmekde işleri göwnejaý utgaşdyrmaga mümkinçilik berýär.

Aziada-2017-i ýaly iri taslamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi Türkmenistanyň halkara abraýyny has-da belende göterer, sebäbi şunuň ýaly iri möçberli waka dürli ugurly halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmäge, dostluk we işewürlik gatnaşyklaryny ösdürmäge, sebitde we dünýäde ynam hem-de özara düşünişmek ýagdaýyny kemala getirmäge oňyn täsirini ýetirýär, şeýle hem Türkmenistanyň milli ykdysadyýetini, medeni durmuşyny we syýahatçylyk pudagyny ösdürmegi höweslendirýär.

Aziýa oýunlary ýaly iri çäreleri göwnejaý derejede geçirmäge hyzmat etmegiň üpjünçiligini guramak maksady bilen, öňünden taýýarlyk işlerini görmek, oýunlar başlanmazyndan ozal birnäçe ýylyň dowamynda düýpli meýilnamalaşdyryş we guramaçylyk işlerini geçirmek zerur bolup durýar. Soňky onýyllygyň dowamynda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýratyn ünsi we aladasy netijesinde Türkmenistanda bedenterbiýe hereketi giňden ýaýbaňlandy, köpçülikleýin sport ýokary depginler bilen ösýär, ýurdumyzda iri halkara ýaryşlary geçirilýär.

Türkmen sportuny ýokary dünýä derejesine ýetirmek maksady bilen, ýurdumyzda iri döwlet serişdeleriniň bölünip berilmeginiň hasabyna iri sport desgalary yzygiderli gurulýar we ulanmaga tabşyrylýar. Olaryň hatarynda Milli sport we syýahatçylyk institutynyň täze binalar toplumyny, gyşky görnüşler sport toplumyny, paýtagtymyzda we welaýatlarda bina edilen häzirki zaman stadionlaryny we atçylyk sport toplumlaryny, sport mekdeplerini we beýlekileri görkezmek bolar. Aşgabatda Olimpiýa şäherjiginiň gurluşygy güýçli depginde dowam edýär, Merkezi Aziýada ol iň iri sport desgasydyr. Şonuň bilen birlikde ýurdumyzda öň bar bolan sport desgalarynyň durky täzelenýär, olaryň maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrylýar.

Mundan başga-da, biziň Watanymyzyň halkara sport derejesinde abraýyny artdyrmak maksady bilen, türkmen türgenleri halkara ýaryşlaryna yzygiderli ýagdaýda gatnaşyp ýeňiş gazanýarlar. Diňe 2015-nji ýylda biziň türgenlerimiz 162 halkara sport bäsleşigine gatnaşyp, umumy 411 medala eýe boldular, olaryň 143-si altyn, 98-si kümüş we 170-si bürünç medallardyr. Halkara sport ýaryşlarynda has uly ähmiýetli ýeňişlere eýe bolan türgenler "Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň döwlet kadalaşdyrylyşy" Türkmenistanyň Prezidentiniň pul baýraklary bilen hem sylaglanýar.

Ýaş zehinli türgenleri goldamak we höweslendirmek, sport ulgamyny ýokar derejeli mugallym-tälimçiler bilen hem-de beýleki mümkinçilikler bilen üpjün etmek türkmen sportunyň dünýä derejeli abraýyny ýokarlandyrmak boýunça geçirilýän işleriň esasy ugurlarynyň biridir. Şu maksatlar bilen, daşary ýurt hünärmenleri bilen ýygjam işewürlik gatnaşyklary ýola goýuldy, ol döwlet Baştutanymyzyň 2016-njy ýylyň 8-nji ýanwarynda gol çeken “Daşary ýurt sport hünärmenlerini işe çagyrmagyň meseleleri hakyndaky” Karary bilen düzgünleşdirilýär. Şol bir wagtda sportuň 21 görnüşi boýunça milli federasiýalaryň we merkezleriň işi işjeňleşýär, sportuň bu görnüşleri Aziada-2017-niň maksatnamasyna girizilendir.

Sport işgärlerini taýýarlamak boýunça çäreler hem ep-esli işjeňleşdi, munuň üçin Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň, Geljekki olimpiýaçylaryň mekdebiniň, “Olimp” sport mekdebiniň, Ýokary sport ussatlygy mekdebiniň, beýleki sport edaralarynyň we guramalarynyň mümkinçilikleri netijeli peýdalanylýar. Şu maksatlar bilen, "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynyň, Gökderäniň we Köýtendagyň, şeýle hem daşary ýurtlaryň sport merkezlerinde okuw-türgenleşik taýýarlyklary geçirilýär.

Aziýanyň Olimpiýa geňeşi bilen gazanylan ylalaşyga laýyklykda, ýakyn wagtda Aşgabatda Aziada-2017-niň maksatnamasyna girýän 21 görnüş boýunça: küşt, futzal, tennis, taýboks, sambo, kuraş, jiu-jitsu, bouling, welosport (trek), suwda ýüzmek, basketbol, agyr atletika, ýeňil atletika, taekwando, sport tanslary, kikboksing, guşakly göreş, sport göreşi, bilýard, konkur, türkmen milli göreşi boýunça synag ýaryşlary guralar.

Aziada-2017-niň Guramaçylyk komiteti Oýunlara doly derejeli we öz wagtynda taýýarlyk görmek meselelerini çözmekde esasy orny eýeleýär, bu meseleler onuň mejlislerinde yzygiderli ýagdaýda ara alnyp maslahatlaşylýar. Ýurdumyzyň degişli ministrlikleri we pudak edaralary bilen bilelikdäki işler yzygiderli ýagdaýda dowam etdirilýär. Aziýanyň Olimpiýa geňeşi bilen bilelikde Aziýa sebitinde, şeýle hem Awstraliýanyň we Okeaniýa ýurtlarynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny giňden mahabatlandyrmak hem-de wagyz etmek boýunça maglumat işleri geçirilýär. Oýunlary ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek maksady bilen, türkmen hünärmenleri sportda gadagan edilen derman serişdeleriniň ulanylyşyny barlagdan geçirmegiň häzirki zaman tehnologiýalaryny öwrenýärler, Aşgabatda Merkezi Aziýa sebitleýin dopinge garşy guramanyň mejlisleri, şeýle hem doping gözegçiliginiň milli gözegçilerini taýýarlamak boýunça okuw maslahaty geçirildi.

Häzirki wagtda Aziada-2017-niň Ýerine ýetiriji komiteti 2017-nji ýylyň V Aziýa oýunlarynyň Baş meýilnamasynyň aýry-aýry bölümleri boýunça çäreleri içgin taýýarlamak boýunça guramaçylyk işini dowam edýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň berk gözegçiligi astynda tassyklanan iş meýilnamasyna laýyklykda, Aşgabatdaky Olimpiýa şäherjiginiň gurluşygy tamamlanyp barýar. Häzirki wagtda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň desgalarynyň üçünji tapgyrynyň gurluşygy ýokary depginlerde alnyp barylýar we şu güne çenli umumy işleriň 70 göterimi ýerine ýetirildi. Şeýlelikde, biziň ýurdumyzda 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny geçirmek hukugy berlen pursatyndan bäri tutuşlygyna ägirt uly iş ýerine ýetirildi.

Ýurdumyzda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny ýokary derejede üstünlikli geçirmek Türkmenistan üçin hakykatdan-da örän uly halkara ähmiýetine eýedir. Bu Oýunlar ilatyň bedenterbiýe we sport bilen köpçülikleýin meşgullanmagy üçin zerur şertleri üpjün eder, beden taýdan kämil ýaş nesli terbiýelemek, ýokary derejeli türgenleri taýýarlamak üçin amatly şertleri döreder. Aziada milli sporty dünýä derejesine çykarmakda ähmiýetli orny eýelär. Şunuň bilen baglylykda, bu ugur boýunça ähli işleri biziň häzirki günlerimize çenli gelip ýeten hakyky milli däpleriň hem-de türkmen myhmansöýerliginiň asyrlardan alyp gaýdýan ýörelgelerine laýyklykda guramalydyrys.