Ï Bahar pasly täze eýýamyň döredijilik gujuryna ylham berýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Bahar pasly täze eýýamyň döredijilik gujuryna ylham berýär

view-icon 6769
Milli bahar baýramynyň we Halkara Nowruz gününiň ýurdumyzda giňden bellenilmegi bilen dabaralanan geçen hepde hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirilýän parahatçylyk, açyklyk, hoşniýetlilik hem-de döredijilikli syýasatynyň özenini düzýän mizemez we baky gymmatlyklarymyzy şöhlelendirýän ajaýyp wakalara baý boldy. Türkmen halkyna mahsus bolan dostlukly gatnaşyklara, onuň işjeň ylalaşdyryjylyk ornuna, ruhy taýdan baý milli häsiýetine esaslanýan, galyberse-de, berkararlyk we bagtyýarlyk döwrüniň ägirt uly üstünlukleri bilen pugtalandyrylan bu syýasatyň dünýä jemgyýetçiligindäki abraýy barha ösýär.

Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça gurmasynyň (ÝUNESKO) Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen Halkara Nowruz güni dünýä halklarynyň, şol sanda türkmen halkynyň özboluşly hem-de köpugurly belent ruhy we ahlak gymmatlyklaryny, taryhy-medeni däplerini beýan edýär. Asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýan Nowruz baýramy täzelenişe hem-de döredijilige, parahatçylykly durmuşa ruhlandyrýar, hoşniýetli goňşuçylyk we birek-biregi hormat goýmak däplerini pugtalandyrýar. Şoňa görä-de, bu baýram halkara medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryny pugtalandyrmak üçin ägirt uly mümkinçilikleri döredýär diýip, hormatly Prezidentimiz ildeşlerimize baýramçylyk Gutlagynda nygtaýar.

“Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda” Nowruz ajaýyp däp-dessurlaryň, milli medeniýetiň nesillerden-nesillere geçýändigini şöhlelendirip, ene topraga kök uran, adamlara miwelerini sahylyk bilen eçilýän, gül-gunçaly gözel hem kuwwatly daragt ýaly, ýalkymly şöhlesini saçdy.

Açyk asmanyň astynda, türkmen oba durmuşynyň dessurlaryny görkezýän ägirt uly ekspozisiýalar goýlan, gözel tebigatly dag etek düzlükde ýerleşen "Nowruz ýaýlasy" Milli bahar baýramynyň şanyna geçirilýän dabaralaryň esasy merkezine öwrüldi. Ähli welaýatlar hem-de Aşgabat şäheri tarapyndan dikilen ak öýleriň ýanynda gadymy däp-dessurlar, milli oýunlar we ýaryşlar, gadymdan gelýän hünärler görkezilip, folklor äheňli sahnalar ýerine ýetirildi. Bu ýerde halk senetçiliginiň önümleri, şol sanda türkmeniň deňsiz-taýsyz halyçylyk we zergärçilik sungatlarynyň, milli tikin önümleri giňden görkezildi. Bagşy-sazandalaryň ýerine ýetirmegindäki halk aýdymlarydyr sazlary bu gymmatlyklara ajaýyp öwüşgin çaýdy.

Ajaýyp ahal-teke atlaryndaky ussat çapyksuwarlar türkmen toýlarynyň hemişelik hemrasydyr. Köpçülikleýin dabaradyr toýlary bedewsiz göz öňüne getirmek mümkin däl. Türkmen jigitleri hem-de gözel çapyksuwar gyzlary ajaýyp bedewlere atlanyp, gaýtalap bolmajak, kämil ussatlyklaryny görkezip, owadanlygy we çakganlygy bilen haýran galdyrýan, özboluşly öwüşginli hem-de sirk sungatyna mahsus täsirliligi bolan hakyky milli çykyşlary dabara gatnaşanlar hödürlediler. Görkezme sport çykyşlary hem-de milli oýunlar tomaşaçylarda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy.

Asyrlaryň dowamynda halklary ýakynlaşdyrýan we birleşdirýän, dost-doganlyga çagyryp, ynsanperwerligiň belent ýörelgelerini şöhlelendirýän, zähmetsöýerligi wasp edýän Milli bahar baýramy —Halkara Nowruz güni mynasybetli "Dostluk" ýadygärliginiň açylmagy hem şanly we çuňňur mazmunly waka boldy.

Bu baýramçylyk, ählihalk toýunyň we milli ruhy baýlyklarymyzyň şatlygyny biz bilen bile paýlaşmaga gelen dünýäniň dürli ýurtlaryndan myhmanlaryň ençemesini özünde jemledi. Olaryň arasynda Azerbaýjanyň, Owganystanyň, Eýranyň, Pakistanyň, Täjigistanyň, Türkiýäniň, Moldowa Respublikasynyň Gagauziýa awtonom çäkli düzümiň dolandyryş düzümleriniň, işewür toparlarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri we döredijilik işgärleri hem-de Türkmenistana uly habar beriş- tanyşdyryş tapgyryna ýörite çagyrylan ABŞ-dan, Kanadadan, Awstraliýadan, Ispaniýadan, Şweýsariýadan, Beýik Britaniýadan, Gollandiýadan, Russiýadan, Awstriýadan, Fransiýadan, Çehiýadan,Bolgariýadan, Latwiýadan we beýleki döwletlerden bolan daşary ýurt syýahatçylyk kompaniýalarynyň 160-dan gowragynyň wekilleri bar...

Öňden gelýän däbe laýyklykda, Nowruz baýramy birnäçe gün dowam etdi. Tutuş ýurdumyzda, hatda onuň iň çetki künjeklerinde hem, hemmeler tarapyndan söýülýän baky juwan baýramyň umumy gidişine gaýtalanmajak öwüşgin beren dürli konsertler, sahnalaşdyrylan sazly çykyşlar, çeperçilik sergileri guraldy.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň "Çaý-- melhem hem ylham" atly täze kitabynyň tanyşdyryş dabarasy boldy. Halkara Nowruz gününiň öňüsyrasynda neşir edilen, dermanlyk hem-de türkmen halkynda iň meşhur içgi baradaky bu ajaýyp kitap milli liderimiziň ähli ildeşlerimize baýramçylyk sowgady boldy. Baýramçylyga gabatlanyp, paýtagtymyzyň Köpetdag etrabynyň Ankara köçesinde gurlan, Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň "Nebitgazhyzmat" ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň Medeni-işewürlik merkeziniň täze binasy açyldy. Balkanabatda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň toplumy ulanylmaga berildi. Oňa dolandyryş edara binasy we "Hazar" söwda-dynç alyş merkezi girýär.

Hepdelik syny dowam edip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň, ýurdumyza resmi sapar bilen gelen Gagauziýa awtonom çäkli düzümiň baştutany hanym Irina Wlahy kabul edendigini belläp geçýäris.

Myhman dünýäniň ýokary depginler bilen ösýän döwletleriniň sanawyna girýän Türkmenistanyň uly täsir döredýän üstünliklerine çyn ýürekden ýokary baha berýändigini ysnyşykly söwda-ykdysady gatnaşyklary ýola goýmaga hemmetarapdan taýýardyklaryny nygtady. Muňa onuň ýolbaşçylygynda ýurdumyza gelen, sebitiň esasy kärhanalarynyň ýolbaşçylaryndan ybarat bolan wekiliýetiň düzümi hem güwä geçýär. Ozal habar berlişi ýaly, bu saparyň çäklerinde wekiliýetiň wekilleri ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesini, şol sanda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinde, ýurdumyzyň käbir ministrliklerinde we pudak edaralarynda geçirdiler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň duşuşykda ynanç hatyny gowşuran Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Toýohis Kodzuki hem-de Saud Arabystany Patyşalygynyň söwda we senagat ministri doktor Tawfik ben Fewzan Al-Rabiýa bilen bolan duşuşyklarynda döwletara hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlarynyň ýagdaýy we geljegi barada netijeli pikir alyşmalar boldy.

Şol günlerde Aşgabatda söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-saud toparynyň dördünji mejlisi we türkmen-saud işewürler maslahaty geçirildi. Olaryň barşynda ikitaraplaýyn işewür gatnaşyklary çuňlaşdyrmagyň meselelerine garaldy. Dokma we azyk senagatynda, gurluşykda ulag hem-de aragatnaşyk pudagynda, bank ulgamynda, ýangyç-energetika toplumynda, oba hojalygynda we beýleki ugurlarynda, medeni-ynsanperwer gatnaşyklarda özara peýdaly hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça anyk teklipler aýdyldy.

Ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Hökümeti bilen BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümleriniň arasynda möhüm ugurlarda netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegine gönükdirilen birnäçe resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. Olaryň hatarynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen ÝUNFPA-nyň (Ilat gaznasynyň) arasynda 2016-2020-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Ýurt boýunça maksatnamasynyň Hereketler meýilnamasyny hem-de Türkmenistanyň Hökümeti bilen ÝUNISEF-niň (Çagalar gaznasynyň) arasynda 2016-2020-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Ýurt boýunça maksatnamasynyň Hereketler meýilnamasy bar. Olar Türkmenistanda 2016-2020-nji ýyllar üçin adam hukuklary babatynda hereketleriň Milli meýilnamasyndan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen BMG-niň bu düzümleri bilen bilelikde işlenip taýýarlanyldy.

Mundan başga-da, Daşary işler ministrliginde Palestina Döwletiniň daşary işler ministriniň orunbasary jenap Mazen Şami bilen geçirilen duşuşygyň barşynda türkmen-palestina gatnaşyklaryny özara gyzyklanma bildirilýän dürli ugurlar boýunça ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Paýtagtymyzyň “Ýyldyz” myhmanhanasynyň maslahatlar zalynda “Hereketleriň milli meýilnamasy-- adam söwdasyna garşy göreşmäge toplumlaýyn çemeleşme” atly “tegelek stoluň” başynda ýokary derejeli duşuşyk geçirildi. Maslahat Türkmenistanyň Hökümeti we Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň ýurdumyzdaky wekilhanasy bilen bilelikde ABŞ-yň Döwlet departamentiniň ýanyndaky neşelere garşy göreşmek we hukuk goraýyş işi boýunça halkara býurosynyň ýardam bermeginde guraldy.

Russiýa Federasiýasynyň Swerdlowsk oblastynyň merkezinde bäşinji türkmen-rus ykdysady maslahaty geçirildi. Iki ýurduň Söwda-senagat edaralary tarapyndan guralan nobatdaky işewürler duşuşygyna gatnaşmak üçin Ýekaterinburga Türkmenistanyň wekiliýeti ugradyldy, onuň düzümine esasy ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary girdi. Russiýa tarapyndan döwlet düzümleriniň hem-de maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary ulgamynda, derman senagatynda we saglygy goraýyşda, taslamalary işläp taýýarlamakda hem-de gurluşykda, himiýa senagatynda, wagon gurluşygynda, metallurgiýada, hyzmatlaryň dürli ulgamlarynda işleýän iri kärhanalaryň we kompaniýalaryň 100-e golaýynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 25-nji martda geçirilen mejlisinde ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm wezipelerine we döwlet durmuşyna degişli beýleki meselelere garaldy. Ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň senagat we eksport kuwwatyny artdyrmak, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, balyk hojalygynyň we elektrik energetika ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek mejlisde garalan meseleleriň özenini düzdi. Bellenilişi ýaly, häzirki döwürde Ýolöten-Tagtabazar elektrik geçirijisiniň howa ulgamynyň gurluşygy tamamlandy. Onuň ulanmaga berilmegi ýerli sarp edijileriň energiýa üpjünçiliginiň ýokary derejesini üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, goňşy Owganystana ugradylýan elektrik energiýasynyň güýjenmesiniň artdyrylmagyny-da üpjün eder.

Mundan başga-da, Daşogzuň 2016-ny ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi mynasybetli, 29-30-njy martda geçiriljek çäreleriň maksatnamasyna garaldy. Bu ýerde guralýan dabaralara we GDA gatnaşyjy döwletleriň sungat ussatlarynyň konsertine gatnaşmak üçin Türkmenistana we daşary ýurtlaryň wekiliýetleri geler.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Türkmenistan GDA döwletleri bilen ýola goýulýan hyzmatdaşlygy öz daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde görýär. Şunda, netijeli we döwrüň talabyna laýyk gelýän halkara gatnaşyklary ösdürilýär. Daşary ýurtlar bilen ynanyşmak hem-de dostluk gatnaşyklarynyň berkidilmeginde möhüm orun eýeleýän medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyna bu ugurda aýratyn ähmiýet berilýär.

Mejlisiň barşynda saglygy goraýyş, ylym-bilim ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek maksady bilen durmuşa geçirilýän çärelere aýratyn üns berildi. Hususan-da, türkmen wekiliýetiniň Tokio sapary barada giňişleýin maglumat berildi. Bellenilişi ýaly, onuň barşynda Ýaponiýanyň ylmy toparlarynyň wekilleri bilen duşuşyklar geçirildi we Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen Sukuba uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekildi.

Aşgabadyň Tehnologiýalar uniwersitetinde sapaklary ýapon okuw maksatnamasynyň binýadynda guramak meýilleşdirilýär. Oňa ýapon mugallymlary çagyrylar. Bu ýokary okuw mekdebinde bäş ugur-- “Himiki we nanotehnologiýa”, “Biotehnologiýa we ekologiýa”, “Kompýuter ylmy we maglumat tehnologiýasy”, “Awtomatika we elektronika”, “Ykdysady innowasiýalar” ugurlary boýunça fakultetleri açmak göz öňünde tutulýar. Şeýle hem ýokary okuw mekdebiniň ýanynda türkmen-ýapon orta mekdebini açmak meýilleşdirilýär. Dördünji ýyl talyplaryna Ýaponiýanyň ýokary okuw mekdeplerinde, hususan-da, Sukuba uniwersitetinde okamak teklip ediler. Şunuň bilen birlikde, Ýaponiýanyň Bilim ministrligi türkmen-ýapon orta mekdebinde 7-10-njy synp aralygynda ýapon dilini öwretmek we ýene-de iki ýylyň dowamynda saýlap alan hünärini çuňlaşdyryp öwrenmek maksady bilen okuw geçmek teklip edilýär. Ýaponiýanyň halkara hyzmatdaşlyk agentligi bilen özara gatnaşyklaryň çäklerinde Aşgabatda seýsmiki stansiýalar ulgamyny ösdürmegiň mümkinçiliklerine garaldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, Aşgabatda 2016-njy ýylyň ahyrynda Durnukly ulag ulgamy boýunça Ählumumy maslahaty geçirmäge taýýarlyk boýunça Guramaçylyk komiteti döredildi. Türkmenistanyň çäklerine wagtlaýyn getirilip, gümrük pajyndan şertli doly boşadylmaga degişli harytlaryň sanawy tassyklanyldy. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolan edara görnüşli taraplara we hususy telekeçilere Türkmenistanda öndürilýän ýüňi (saryja goýnunyň ýazky ýüňünden başga daşary ýurtlara ýuwlan we ýuwulmadyk görnüşde ýerlemäge) ygtyýar berildi.

Geçen hepdäniň dowamynda bolan wakalaryň hatarynda 23-nji martda Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda gowaça ekişine badalga bermek çäresiniň bardygyny bellemeli. Asylly däbe görä, bu möhüm oba hojalyk möwsümine il sylagly ýaşulular ak pata berdiler. Olar Beýik Biribardan Watanymyza abadançylyk we rowaçlyk eçilmegini dileg etdiler. Ýaşulular topraga ilkinji gowaça çigitlerini taşlap, ýokary öndürijilikli döwrebap tehnikalara erk edýän mehanizatorlara orun berdiler.

Türkmenistanyň Mejlisiniň V çagyrylyşynyyň 13-nji maslahatynda täze kabalaşdyryjy-hukuknamalarynyň toplumy kabul edildi. Olaryň hatarynda “Döwlet gullugy hakynda”, “Döwlet gullukçysynyň etikasy we gulluk özüni alyp barşy hakynda”, “Dine uýmak erkinligi we dini guramalar hakynda”, “Atmosfera howasyny goramak hakynda”, “Türkmenistanyň paýtagtynyň hukuk ýagdaýy hakynda”, “Söwda işi hakynda”, “Ene süýdi bilen iýmitlendirmegi wagyz etmek we goldamak hakynda”, “Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny goramak, äkitmek we getirmek hakynda”, “Aşgabat şäherinde 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny guramak we geçirmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunlary bar.

Şeýle hem Türkmenistanyň adam hukuklary babatynda we ynsanperwer hukugy boýunça halkara borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça Pudagara toparynyň hobatdaky mejlisi geçirildi, oňa Mejlisiň, ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň birnäçesiniň wekilleri gatnaşdylar. Mejlisiň gün tertibine bu toparyň işiniň esasy ugurlary bilen baglanyşykly meseleler girizildi.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergi zalynda Mebel we öý hojalyk harytlarynyň halkara sergisi geçirildi. Ýöriteleşdirilen gözden geçiriliş mebel pudagynda ýetilen sepgitleri, ýurdumyzyň telekeçileriniň bu ugurdaky mümkinçiliklerini we geljekki ösüşlerini äşgär etdi. Giň möçberli sergide ýaşaýyş jaýlary, myhman otaglary, ýatylýan çaga otaglary, aşhanalar üçin mebelleriň hem-de oňa degişli serişdeleriň köp görnüşleri, edara binalary we bagçylykda zerur bolan serişdeler, ýorgan-düşek daşlyklary, dokma, durmuş tehnikalary, elektrik enjamlary, gap-gaçlar, gurluşyk serişdeleri , bezeg harytlary hem-de beýlekiler görkezildi.

Serginiň barşynda önümler bilen tanyşdyryş çäreleri, alyjylar bilen gepleşikler geçirildi. Onuň çäklerinde sergä gatnaşyjylar bu ulgamda häzirki döwürde gazanylan netijeler, täze işläp taýýarlamalar, harytlaryň täze görnüşleri we mümkinçilikler bilen tanyşdylar, şeýle hem telekeçileriň daşary ýurtly kärdeşleri bilen tejribe alyşmak boýunça gepleşikler geçirildi, hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklar ýola goýuldy.

Aşgabatda geçirilen ýaşlar maslahaty sagdyn durmuş ýörelgelerine bagyşlandy. Oňa gatnaşyjylaryň belleýişleri ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän döwlet syýasaty netijesinde, ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýe we sport hereketi ýyl-ýyldan ýokarlanýar. Häzikri zaman düzümleriniň we dünýä lukmançylyk ylmynyň hem-de tejribeleriniň iň gowy gazananlarynyň binýadynda milli saglygy goraýşyň netijeli usulyny döretmek boýunça zerur çäreler durmuşa geçirilýär. “Milletiň saglygy-ýurduň baýlygy!” şygardan ruhlanan Türkmenistanyň her bir raýaty jemgyýetimiziň we döwletiniň ýokary gymmatlygydyr. Ilata edilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak bilen bir hatarda, zyýanly endiklere, ilkinji nobatda bolsa, çilimkeşlige garşy göreş işjeň alnyp barylýar.

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň Buýrugyna laýyklykda, 26-njy martda milli goşunymyzyň söweşjeň taýýarlygyny duýdansyz barlamak maksady bilen, harby-taktiki türgenleşik çäresine badalga berildi. Oňa Guryýer goşunlary, Harby Howa güýçleri, howa hüjüminden goranyş goşunlary, Harby-deňiz güýçleri we beýleki düzümler gatnaşdy. Onuň maksady şahsy düzümiň hünär derejesini, tehniki taýýarlygy, söweşjeň birikmeleriň bitewüligini barlamakdan ybaratdyr. Şeýle hem okuw-türgenleşiginiň esasy wezipesi goşunlaryň ähli kysymlarynyň bilelikdäki hereketlerini işläp taýýarlamakdan ybaratdyr. Häzirki döwürde milli Liderimiz tarapyndan işlenilip taýýarlanylan esasy düzgünlere laýyklykda, goşun bölümlerinde döwrebaplaşdyrmak işleri alnyp barylýar. Türkmenistanyň goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasy ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilik daşary syýasat ugruna doly laýyk gelýär.