Mirasa hormat goýmak, Watanyň özgertmek ýylynyň çäklerinde ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň okuw sapaklarynyň üsti ýaş nesliň ruhy we dünýägaraýyşlaryny ösdürmäge, talyp durmuşynyň köp ugurly bolmagyna şert döredýän dürli görnüşli medeni-aň-bilim çäreleri bilen ýetirildi.
* * *
Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde şeýle çäreleriň ikisi guraldy.
Meşhur türkmen hudožnigi-karikaturaçy Atajan Aşyrowyň şahsy eserlerinden ybarat bolan sergi bu lukmançylyk ýokary okuw mekdebinde görkezildi. Eserlerde hudožnigiň özboluşly dünýä garaýşy, käwagt-kinaýaly-täsirli, käwagt şatlykly-degişme äheňindäki ýagdaýlar beýan edilýär.
Döwlet şekillendiriş sungaty muzeýiniň ýardam bermeginde guralan ekspozisiýa gatnaşyjylar – talyplar we mugallymlar döredijilik duşuşygyň barşynda diňe bir hudožnigiň işleri bilen tanyş bolmaga we olar barada pikir etmäge mümkinçilik alman, eýsem olaryň awtory bilen ýakyndan söhbetdeşlik etmäge hem mümkinçilik aldylar. Olaryň köpüsi üçin zehinli türkmen hudožnigi-karikaturaçy – abraýly hünär bäsleşiginiň, şol sanda halkara derejesinde hem, birnäçesiniň baýraklaryny eýesi bilen tanyşlyk ýatdan çykmajak waka öwrüldi.
Bu ýokary okuw mekdebinde görkezilen esasy eksponatlar – bu meşhur hudožnige mahsus bolan güldürýän suratlar we zarisowkalardyr, degişme äheňindäki kädä çekilen suratlardyr.
Aýdym-sazly döredijilik agşamy milli mediýetiň görnükli halypalaryna – meşhur türkmen edebiýatçysy Gurbannazar Ezizowa we meşhur kompozitor Nury Halmämmedowa bagyşlandy. Şahyryň gyzy Ýazgül Ezizowa we sazandaryň ýanýoldaşy – Gülsoltan Halmämmedowa bu agşamyň hormatly myhmanlary boldular. Olaryň ýatlamalarynda türkmen medeniýetiniň genji-hazynasyna bahasyna ýetip bolmajak goşant goşan beýik ussatlaryň keşbi janlandyryldy. Ýurdumyzyň halk artisti, professor Atageldi Garýagdiýewiň olaryň ýazan aýdymlaryny ýerine ýetirmegi bolsa bu duşuşygyň ähmiýetini has-da artdyrdy.
* * *
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda mugallymlaryň we talyplaryň güýji bilen muzeý döredildi, onuň kolleksiýasy yzygiderli täzelenip durulýar.
Onuň kolleksiýasynda gymmatly saz gurallary, ajaýyp ýerine ýetirilen halk-amaly sungatynyň keşpleri, durmuş esbaplary, zergärçilik bezegleri, şeýle hem haly we zergärçilik sungatynyň eserleri görkezilýär.
Muzeýiň kolleksiýasynda toplanan ajaýyp we özboluşly predmetler Mirasa hormat goýmak, Watanyň özgertmek ýylynyň çäklerinde geçirilýän tematiki çäreleriň ählisiniň üstüni ýetirer.