Ï Türkmenistan – parahatçylygyň, dostlugyň we abadançylygyň gülläp ösýän ülkesi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan – parahatçylygyň, dostlugyň we abadançylygyň gülläp ösýän ülkesi

view-icon 4313
Batly gadamlar bilen geljege barýan Türkmenistan özüniň döredijilikli ýolunda bir pursat hem saklanmaýar. Ony diňe bir geçen hepdäniň wakalary däl-de, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda yzygiderli öňe barýan ýurdumyzyň ösüşini täze subutnamalar bilen baýlaşdyrýan, taryha girýän her bir gün subut edýär.

Hormatly Prezidentimiziň 28-nji martda geçiren göni aragtanşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatynda, şeýle hem 1-nji aprelde geçiren ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde halkyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga, Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga gönükdirilen döwlet syýasatynyň ileri tutulýan wezipelerine garaldy.

Hususan-da, esasy meseleleriň hatarynda maliýe-ykdysady we bank ulgamyny mundan beýläk –de ösdürmegiň, ýangyç-energetika toplumynyň, ýurdumyzda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilişini artdyrmagyň, şu ýylyň aprel aýynda medeni çäreleri, şol sanda milli baýramçylyklara we şanly senelere bagyşlanan halkara derejeli medeni çäreleri geçirmegiň meseleleri bar.

Beýleki meseleleriň hatarynda ýazky oba hojalyk işleriniň gidişine garaldy. 30-njy martda döwlet Baştutanymyzyň tassyklan tertipnamasyna laýyklykda, Daşoguz welaýatynyň pagtaçylary gowaçа ekişine girişdiler. Bu ýerde howa şertleri nazarda tutulyp, ekiş möwsümine ýurdumyzyň beýleki welaýatlaryndaka garanyňda biraz gijiräk badalga berilýär.

Ýurdumyzyň bilim ulgamyny toplumlaýyn özgertmek boýunça durmuşa geçirilýän çärelere aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda hünäri ýokarlandyryş fakultetini açmak bilen baglanyşykly mesele barada habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen, 2016-2020-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasynyň” taslamasyny makullady. Bu maksatnama Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň 2011-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynyň, şeýle hem BMG tarapyndan kabul edilen 2016-2030-njy ýyllar üçin Durnukly ösüş maksatlarynyň ýörelgelerine doly laýyk gelýär we hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň bäşisini öz içine alýar. Olaryň hatarynda ýokary hilli maglumatlar ulgamyny we ösüşiň monitoringini döretmek, milli statistika ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmegi göz öňünde tutýan durmuş ulgamy, ekologiýa durnuklylygyny we energiýa serişdelerini tygşytly ulanmak, iş bilen üpjünçiligi, ykdysadyýetiň, söwdanyň köpugurly esasda ösdürilmegi, dolandyryş hem-de hukuk pudagy bar.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistan bilen daşary ýurtlaryň arasynda dürli ugurlardaky hyzmatdaşlyk bilen baglanyşykly birnäçe halkara resminamalaryny tassyklaýan Karara, şeýle hem “Ýükleri awtoulagda daşamagyň düzgünlerini” tassyklamak hakyndaky Karara gol çekdi

Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugyna laýyklykda, Aşgabatda 2016-njy ýylyň 23-nji aprelinde Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşigini hem-de olaryň gözelligini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek ugrunda suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, halyçylaryň, zergärleriň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň, dizaýnerleriň, teleoperatorlaryň arasynda bäsleşikleri geçirmek bellenildi.

Türkmenistanyň Prezidenti,Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň görkezme söweşjeň-taktiki tälim beriş hereketlerini geçirmek barada beren Buýrugyna laýyklykda, söweşjeň taktiki tälim beriş çäreleri geçen hepdäniň esasy wakalarynyň biri boldy.

Türkmenistanyň goranyş häsiýetli Harby doktrina ygrarlydygy mälimdir. Ol Ýaragly Güýçleriň ýokary taýýarlygyny üpjün edip, diňe goranyş häsiýetini göz öňünde tutmak bilen ýüze çykýan dürli jedelli meseleleri parahatçylykly ýol bilen çözmegi ykrar edýär. Milli goşuna ýeke-täk, jogapkärli hem-de hormatly wezipe: Watanymyzyň howpsuzlygyny we türkmen halkynyň döredijilikli zähmetini ygtybarly goramak, häzirki döwrüň ähli wehimleriniň garşysyna hereket etmäge taýýar bolmak ynanyldy.

Muny geçirilen duýdansyz tälim beriş türgenleşigi hem aýdyň görkezdi. Oňa goşunyň ähli kysymlary – Guryýer, Harby-howa we Harby-deňiz güýçleri, Howa hüjüminden goranmak goşunlary, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugy we beýlekiler, şeýle hem tanklar, raketa toplumlary, Su-25, MiG-29 uçarlary, Mi-17 dikuçarlary we beýleki häzirki zaman tehnikalary gatnaşdy.

30-njy martda hormatly Prezidentimiz tälim öwreniş meýdanlarynyň birine baryp gördi. Bu ýerde döwlet Baştutanymyz döwrebap harby we ýörite tehnikalaryň nusgalary bilen tanyşdy hem-de goşunyň dürli kysymlarynyň hereketlerini synlady, şol sanda göni wideo aragatnaşyk arkaly beýleki tälim öwreniş meýdanlarynyň çäklerinde hereketleri synlady. 31-nji martda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň Sarahs serhet birikmesiniň “Çilkeman” serhet galasynda täze binalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Umuman, goşunyň ähli kysymlarynyň söweş taýýarlygynyň we Watanymyzyň muaddes serhedini, ildeşlerimiziň parahatçylygyny we asudalygyny eserdeňlik bilen goraýan harby gullukçylarymyzyň hünär ussatlygynyň ýokary derejesini görkezmek bilen, Milli goşun Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňde goýan wezipelerini abraý bilen ýerine ýetirdi. Bu bolsa milli Liderimiz tarapyndan öňe sürülýän Milli goşunymyzyň goranyş kuwwatyny ýokarlandyrmaga, şeýle hem golaýda kabul edilen, gönüden-göni Bitarap Türkmenistan tarapyndan durmuşa geçirilýän parahatçylyk söýüjilikli we işjeň daşary syýasata kybap gelýän goranyş häsiýetli Harby doktrinanyň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň göwrümli harby özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Synymyzy dowam etmek bilen, geçen hepdede hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň Başlygy – Ýerine ýetiriji sekretary Sergeý Lebedewi kabul edendigini belleýäris. Duşuşygyň dowamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we myhman GDA-nyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alyşdylar. Bu hyzmatdaşlygyň binýadynda Arkalaşygyň ýurtlarynyň halklaryny birleşdirýän dostlugyň hem-de hoşniýetli goňşuçylygyň öňden gelýän gatnaşyklary goýlandyr. Şunuň bilen baglylykda, ulag ulgamynda, şol sanda şu ýylyň aýagynda Türkmenistanda geçiriljek durnukly ulag ulgamy baradaky dünýä derejesindäki maslahata taýýarlyk görlüşi babatda özara hereket etmegiň mümkinçilikleri hem gyzyklanma bildirilip ara alnyp maslahatlaşyldy.

Milli Liderimiziň Russiýanyň “ARETI” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Igor Makarow bilen bolan duşuşygynda işjeň hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary barada pikir alşyldy.

Aşgabatda geçirilen türkmen-rus işewürler forumynyň esasy mowzugy hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegiň mümkinçilikleri barada boldy. Türkmen tarapyndan bu foruma ýurdumyzyň birnäçe ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Russiýa Federasiýasynyň wekiliýetiniň hatarynda döwlet düzümleriniň, Nižgorod we Astrahan oblastlarynyň dolandyryş ulgamlarynyň, iri kärhanalarynyň, ykdysadyýetiň dürli pudaklary boýunça işleýän kompaniýalaryň 60-dan gowragynyň ýolbaşçylary bar. Duşuşyga gatnaşyjylar söwda-ykdysady ulgamynda, ýangyç-energetika toplumynda, ulag, maşyngurluşyk we gämigurluşyk pudaklarynda, himiýa senagatynda, dokma pudagynda, obasenagat toplumynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak barada aýtdylar.

Şol gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň çäklerinde döredilen Söwda we maýa goýum işine goldaw bermek boýunça ýokary derejedäki toparyň ilkinji mejlisi geçirildi. Mejlisiň jemleri boýunça Teswirnama gol çekildi. Onda Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda ykdysadyýetiň we maliýe-maýa goýum işiniň dürli ugurlaryndaky bilelikdäki gatnaşyklaryň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine gönükdirilen anyk çäreler kesgitlendi.

Mundan başga-da, paýtagtymyzda BMG-niň Çagalar gaznasynyň goldaw bermeginde ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen bilelikde guralan “tegelek stoluň” başyndaky maslahat beriş duşuşygy geçirildi. Ol çagalaryň irki ösüşi hem-de irki goşulyşmak hyzmatlary boýunça maksatnamasynyň durmuşa geçirilişine bagyşlandy.

«Miсrosoft» korporasiýasy tarapyndan guralan täzeçil tehnologiýalary peýdalanmak meseleleri boýunça iki günlük okuw maslahaty geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, bank düzümleriniň wekilleri hem-de daşary ýurtly bilermenler gatnaşdylar.

Ynsanperwer ulgamda soňky ýyllarda ýola goýlan giň halkara gatnaşyklary Türkmenistan tarapyndan ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde üstünlikli ösdürilýän medeni taýdan özara baýlaşmaga, dünýäniň dürli ýurtlarynyň medeniýet we sungat işgärleriniň döredijilik gatnaşyklarynyň giňelmegine, dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli deňhukukly gatnaşyklaryň pugtalanmagyna ýardam edýär.

Geçen hepde hem Daşoguz welaýatynyň merkezinde “Daşoguz şäheriniň 2016-njy ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek çärelere badalga berildi. Bu dabara GDA-nyň Ýerine Ýetiriji komitetiniň, GDA agza döwletleriň ynsanperwerlik hyzmatdaşlygynyň halkara gaznasynyň wekileri, medeniýet işgärleri, Arkalaşygyň ýurtlarynyň sungat ussatlary we döredijilik toparlary gatnaşdylar.

Bu çäreleriň Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda geçirilmeginde çuňňur many bar. Hormatly Prezidentimiz milli medeniýetimiziň iň gowy däpleriniň ösdürilmegi we olaryň geljek nesillere geçirilmegi bilen baglanyşykly meselelere aýratyn ähmiýet berýär. Milli ruhy-medeni gymmatlyklaryň we däp-dessurlaryň aýawly saklanmagy, olaryň hemmetaraplaýyn öwrenilmegi we ösdürilmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuş ulgamyny nazarlaýan we türkmen jemgyýetiniň gülläp ösmegine, onuň ruhy, aň-bilim mümkinçilikleniň ýokarlanmagyna gönükdirlen döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar.

Türkmenistanyň Daşoguz şäheriniň 2016-njy ýylda Arkalaşygyň medeni paýtagty hökmünde seçilip alynmagy tötänden däldir. Bu şäher döwrebap düzümi taryhy mirasa aýawly garamak bilen sazlaşykly utgaşdyrýar. Şol miras bolsa dünýäniň alymlarynyň üns merkezinde durýar. Ýurdumyzyň demirgazyk sebitinde saklanyp galan, ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen täsin binagärlik ýadygärlikleri ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň alymlary bilen bilelikde öwrenilýär we dikeldilýär.

Çäräniň maksatnamasy Türkmenistanyň we Arkalaşygyň birnäçe ýurtlarynyň sungat ussatlarynyň çykyş etmeginde uly baýramçylyk konsertini öz içine aldy. Daşoguz welaýatynyň Taryhy-ülkäni öwreniş muzeýinde şekillendiriş, amaly-haşam we fotosurat eserlerinden düzülen sergi guraldy. Myhmanlar “Köneürgenç” döwlet taryhy-medeni goraghanasyna, welaýat kitaphanasyna we gündogar bazarynyň asylky milli öwüşgini saklanan köpugurly söwda merkezine baryp gördüler

Daşoguzda geçirilen baýramçylyk çäreleri uly medeni-bilim maksatnamasynyň başlangyjyna öwrüldi. Şeýle çäreleriň bu şähere medeni paýtagt derejesi berlen ýylyň dowamynda yzygiderli guralmagy meýilleşdirilýär. Bu ýerde Arkalaşygyň döwletleriniň medeniýet işgärleriniň, ýazyjylaryň gatnaşmagynda maslahatlary, duşuşyklary geçirmek, sungat ussatlarynyň konsertlerini guramak we beýleki halkara çärelerini ýaýbaňlandyrmak meýilleşdirilýär. Şeýle hem ýylyň dowamynda sahna oýunlary, kinolar, sungat ussatlarynyň konsertleri, arheologik tapyndylaryň we çeper eserleriň sergileriniň geçirilmegi göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanda täze taryhy eýýamda amala aşyrylýan demokratik, durmuş-ykdysady we medeni özgertmeleri giňişleýin beýan edýän «Beýik özgertmeleriň ýyl ýazgysy» atly kitabyň 8-nji goýberilişi çap edildi.

Ýakynda Latwiýanyň paýtagty Riga şäherinde geçirilen kikboksing boýunça däp bolan halkara ýaryşlarynda türkmen türgenleri üstünlikli çykyş etdiler: olar alty altyn we bir kümüş medala mynasyp boldular. Bu bolsa Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň umumy toparlaýyn hasapda birinji orny almagyny üpjün etdi. Ýaryşlara 12 ýurtdan – Russiýadan, Şweýsiýadan, Finlýandiýadan, Wengriýadan, Polşadan, Rumyniýadan, Belarusdan we beýleki döwletlerden türgenleriň 150-ä golaýy gatnaşdy. Bäsleşikler birnäçe ugurlar boýunça guraldy. Türkmenistanlylar üç ugur—lou-kik, ful-kontakt we K-1 boýunça tapawutlandylar.

Mälim bolşy ýaly, kikboksing Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça 2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna giriziler. Şu gezekki Rigada gazanylan üstünlik biziň türgenlerimiziň ýurdumyzda geçiriljek yklym derejeli toplumlaýyn bäsleşiklerde hem ýokary ussatlyk görkezip, Watanymyzyň sport abraýyny has-da belende göterjekdiklerine ynam döredýär.

Halkara derejeli sport ussady Gülbadam Babamuratowa Gran-Pri tapgyrynda dzýudo boýunça halkara ýaryşlarynda nobatdaky altyn medaly gazandy. Bu gezek ol Samsun (Türkiýe) şäherinde geçirilýän ýaryşlarda ýeňiş gazandy. 2016-njy ýylda Braziliýada geçiriljek Olimpiada gatnaşmagyň saýlama tapgyry bolan wekilçilikli ýaryşa dünýäniň 67 ýurdundan dzýudoçylaryň 400-e golaýy gatnaşdy. Ildeşimiz 52 kilograma çenli agram derejesinde hormat münberiniň iň ýokary basgançagyna çykdy.

Umuman, geçen hepde dürli wakalara örän baý boldy. Ony Ýer ýüzünde ýaşaýşyň çeşmesi bolan suwa aýawly garamak däbiniň beýany bolan “Suw damjasy - altyn dänesi” baýramy jemledi. Täze taryhy eýýamda şöhratly ata-babalarymyzyň paýhasly wesýetleri, dünýä jemgyýetçiligini haýran galdyrýan Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň ägirt uly üstünlikleriniň we ýeňişleriniň kepili bolan milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň syýasatynda öz dowamyny tapdy.

Goý, ajaýyp gadymy topragy täzeden galkyndyryp, ony parahatçylygyň, dostlugyň we abadançylygyň gülläp ösýän ülkesine öwren dirilik çeşmesi bolan bu gözbaş hiç haçan egsilmesin!