Maslahat Türkmenistanda her ýylyň aprel aýynyň ilkinji ýekşenbe gününde bellenip geçilýän “Suw damjasy – altyn dänesi” baýramçylygyna bagyşalnyp geçirildi. Maslahata TYA ylmy-gözleg institutlarynyň işgärleri, Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň we Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymlary, Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministrliginiň hünärmenleri, Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komitetiniň bilermenleri, şeýle hem jemgyýetçilik guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
“Suw we ýer serişdelerini netijeli peýdalanmak, şorlaşan ýerleriň melioratiw we ekologiki ýagdaýyny gowulandyrmak” ady bilen geçirilen maslahatda suwy peýdalanmak, ýerleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak üçin dökünleri peýdalanmak we ekin dolanşygynyň we öri dolanşygynyň shemalaryny ornaşdyrmak, şeýle hem şorlaşan ýerleri dikeltmek we suwlandyrylýan ekin meýdanlarynyň birinji we ikinji şorlaşmagyna garşy göreşmek meseleleri boýunça pikir alyşmalar boldy. Olaryň bol hasyl berijilik mümkinçiligini saklamak we daşky gurşawy goramak üçin ýer serişdelerini durnukly dolandyrmagyň usullary teklip edildi.
Umumy mejlis tamamlanandan soňra maslahatyň işi suwarymly ýer serişdelerini netijeli we ylmy taýdan esasda peýdalanmak ugurlary boýunça bölümçe mejlisler görnüşinde dowam etdirildi. Alym-agrotehnikler bölümçe mejlislerde ýuwuş we yzgar beriji suwlaryny bermegiň kadalarynyň we möhletleriniň, suwarymly ýerleriň ýerasty suwlaryny azaltmakda bag öňüni alyş usullaryny geçirmegiň ähmiýetini, damjalaýyn usulda suwarmagy giňden ulanmagyň gelejegini, Amyderýanyň ekologiki ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşdylar.
Topragy öwrenijiler topragyň düzümini kesgitlemegiň metodikasyny teklip etdiler, ýerden aýawly peýdalanmak nukdaýnazaryndan ekin dolanşygyny ara alyp maslahatlaşdylar. Çykyş edenler öz çykyşlarynda “Altyn asyr” türkmen kölüniň ähmiýetine, aýratyn hem bu örän uly gidrotehniki taslamanyň ekologiýa ýagdaýyna degip geçdiler. Bu emeli howdanyň döredilmegi suw üpjünçiligini, ol diňe bir kölüň zolagynda ýa-da Aralýaka çäklerde däl, eýsem bütin sebitde ekologiki ýagdaýyň durnuklylygyny saklamagy we daşky gurşawyň ýagdaýynyň gowulandyrylmagyny üpjün edýär. Mälim bolşy ýaly, bu desganyň ulanmaga berilmezinden öň Amyderýa ýa-da çölüň çöketliklerine akdyrylýan sebitlerde minerallaşan kollektor –drenaž suwlaryny sowmak guraldy. Türkmen kölüniň drenaž ulgamy suwarymly ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmaga, şorlaşmagy azaltmaga we ýerasty suwlarynyň derejesini sazlaşdyrmaga gönükdirilendir. Kölüň gidrodesgalarynyň ählisiniň sazlaşykly işlemegi arid şertlerde gurakçylygyň ýaramaz täsirlerini azaldylmagyny, bu ýerde ekerançylygy we maldarçylygy ösdürmek üçin oňaýly şertleriň döredilmegini üpjün edýär.
Seksiýalaryň işleri Daşoguz welaýatynyň dolandyryş merkezinde Türkmen oba hojalyk institutynyň binýadynda gurap barýan Aral deňziniň täsiri ýetýän Türkmenistanyň demirgazyk sebiti üçin topragyň şorlaşmak we rekultiwasiýasynyň meseleleriniň wajypdygy sebäpli şorlaşan ýerleriň ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça geçirildi. Maslahatyň işine bu ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary we agromeliorasiýa, çölleşmäge we ýerleriň zaýalanmagyna garşy göreşýän ýerli hünärmenler gatnaşdylar. Daşoguz seksiýasyna gatnaşyjylar ýurduň alym-çöl öwrenijileriniň sebitiň şertleri üçin ulanyp bolýan we şorlaşma garşy göreşmekde hem-de topragyň hasyllygyny dikeltmek boýunça alyp baran gözleg işleriniň netijeleri barada pikir alyşdylar. Öri meýdanlarynyň önümliligini fitemelioratiw usullary – ösümlikleriň şora garşy durnukly görnüşlerini – galofitleri – ekmegiň kömegi bilen dikeltmek barada Türkmen oba hojalyk institutynyň ylym boýunça prorektory, biologiki ylymlarynyň doktory Aşyr Ýollybaýew gürrüň berdi.
Alymlaryň maglumatlaryna görä ýurduň çäklerinde ösýän galafitleriň üçden iki böleginiň senagat ähmiýeti bolup biler. Olaryň görnüşleri ekotipleri iýimlik, azyklyk, ýag, dermanlyk ösümlikleri we biomeliorantlara baý genetiki serişde bolup, ekologiki tagça ýaly hiç zat gögermeýän gury takyr topraklary özleşdirmäge mümkinçiligi bardyr. Köp ýyllyk galofitler topraga uzak wagtlap täsirini ýetirip bilýär, onuň çuň we gowy kök damarlar ulgamyny durnuklaşdyrýar. Otjumak şora durumly ösümlikler güýz-gyş ulanylýan uzak wagtlap öri meýdanlarynyň ekoulgamyny döretmek bilen, çalt ösüp ýetişmäge ukyplydyr. Batgaly we taşlanan ýerlerde şora durnukly ösümlikleri ösdürip ýetişdirmek ýerasty suwlaryň derejesini azaltmaga mümkinçilik berýär, ýokary iýmleriň önümçiligini üpjün etmäge, şeýle hem bir wagtyň özünde Garagumyň ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmaga, taşlanan ýerleri oba hojalyk dolanşygyna goşmaga mümkinçilik berýär.
Şora durnukly galofitleri ekmegi işe ornaşdyrmak bilen, gelejekde ekin dolanşygyna gaýtaryp, ýerleriň ýagdaýlaryny ýuwaş-ýuwaşdan gowulandyrmak bilen, oba hojalyk mallaryny az çykdajyly ýokary ýokumly ätiýaçlyk iýmleri bilen üpjün edip bolar. Gelejekde çölüň toýunly we ýarym toýunly ýerlerini, düzlükleri we takyrlyklary, “Altyn asyr” türkmen kölüniň kollektorlar zolagyny hem goşmak bilen, öz içine alýan şor ýerleri özleşdirmekde şunuň ýaly işler dowam etdiriler.
Şeýle hem daşoguz seksiýasyna gatnaşyjylar ekinleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, Aral deňziniň sebitiň topragyna edýän täsirini, mikrodökünleriň täze görnüşlerini we olaryň ýurtda ulanylmagyny gelejegini, şeýle hem tarp ýerleri özleşdirmegiň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.