Ï Milletiň baştutanynyň sporty ösdürmek boýunça yzygiderli amala aşyrýan ýokary gazananlary Türkmenistanyň sport ýurdy hökmünde halkara derejesini berkitdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Milletiň baştutanynyň sporty ösdürmek boýunça yzygiderli amala aşyrýan ýokary gazananlary Türkmenistanyň sport ýurdy hökmünde halkara derejesini berkitdi

view-icon 5144
Türkmenistan sport dünýäsinde ykrar edilmegine hem häzirki zaman sport infrastrukturasyny we hukuk binýadyny döredilmegi, hem bedenterbiýäniň we sportyň ösdürilmegine gönükdirilen häzirki zaman sport infrastrukturasynyň amala aşyrylmagyny öz içine alýan iri toplumlaýyn işleriň geçirilmegi netijesinde geldi. Işiň başlanmagy üçin 2010-njy ýylyň dekabr aýynda Kuweýtde Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň we Türkmenistanyň Olimpiýa komitetiniň arasynda 2017-nji ýylda Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny geçirmek barada gol çekilen şertnama kesgitleýji ähmiýete eýe boldy. Şeýlelik bilen, Türkmenistan iri sport çärelerini guramak we geçirmek boýunça ýagdaýy bardygyny subut edýän kontinental döwletleriň hataryna goşuldy.

Ahalteke bedewiniň bady bilen ösýän wakalaryň gysgaça hronologiýasy Türkmenistanyň Aziada-2017-ä nähili yzygiderlilikde we ähli jogapkärçiligi bilen taýýarlyk görülýändigini görkezýär.

Eýýäm 2010-njy ýylyň ahyrynda, has takygy 5-nji noýabrda, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Olimpiýa şäherjiginiň düýbüni tutulyş dabarasyna gatnaşdy. Bu Merkezi Aziýa sebitinde deňi-taýy bolmadyk ajaýyp desga ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny geçiriljek ýeri bolar. Toplum dürli desgalaryň 30-ny öz içine alýar we onuň gurluşygy ähli halkara standartlaryny we talaplaryny nazara almak bilen berk bellenen möhletlerde alnyp barylýar. 2013-nji ýylyň ýanwar aýynda Koreýa Respublikasynda IV Aziýa oýunlarynyň ýapylyşynda Aziýa Olimpiýa Geňeşiniň baýdagyny dabaraly ýagdaýda Inçhon şäherinden Aşgabat şäherine bermek dabarasy geçirildi. Şol ýylyň dekabr aýynda V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek boýunça Guramaçylyk komiteti döredildi.

Wakalaryň hronologiýasynda 2014-nji ýylyň 28-nji noýabry aýratyn orun eýeleýär. Şol gün Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynynyň Guramaçylyk komiteti bilen Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň we Okeaniýanyň Milli Olimpiýa komitetiniň arasynda Okeaniýa ýurtlarynyň 17-siniň Aziýada-2017-ä gatnaşmagy barada Memoranduma gol çekişlik dabarasy geçirildi. Mundan hem başga, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi biziň milletimiziň baştutanynyň V Aziýa oýunlarynyň 19 görünişiniň üstüne türkmen milli göreşini we konkury goşmak baradaky ýene-de bir teklibini makullady we goldady.

2015-nji ýyl aprel aýynda Halkara sport mediaforumynyň, sentýabr aýynda bolsa - Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň Baş Assambleýasynyň 34-nji mejlisiniň geçirilmegi bilen bellendi. Onuň dowamynda Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň we Milli Olimpiýa Komitetleriniň Assosiasiýasynyň Prezidenti şeýh Ahmad-Al-Fahad Al-Sahab Türkmen döwletiniň baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowyň sport hereketiniň ösdürilmegine we bu ulgamda hyzmatdaşlyga örän uly goşan goşandy üçin ýörite sylag bilen sylaglanýandygy baradaky Milli Olimpiýa Komitetleriniň Assosiasiýasynyň çözgüdini yglan etdi.

Ahyryn hem 2016-njy ýyl. V Aziýa oýunlarynynyň Guramaçylyk komitetiniň 25-nji fewralda bolup geçen nobatdaky mejlisinde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Oýunlara taýýarlyk görmegiň ahyrky tapgyryna badalga berdi. Olar 2017-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda açylar we “Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk” şygary astynda geçiriler. Bu waka taýýarlyk görmegiň barşy Türkmenistanyň paýtagtynda 10-njy martda Olimpiýa Geňeşiniň Prezidenti şeýh Ahmad-Al-Fahad Al-Sahabyň Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bilen bolan duşuşygynyň üns merkezinde boldy.

Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary bütin ýurduň sport infrastrukturasynyň öňünde uly wezipeleri goýdy. Welaýatlarda häzirki zaman stadionlary, atçylyk sport toplumlary we sport toplumlary guruldy. Sportuň gyşky görnüşleriniň Sport toplumy we Milli syýahatçylyk we sport instituty, şeýle hem beýleki köp sanly desgalar guruldy.

Bularyň ählisi bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga, sport çärelerini geçirmäge oňaýly şertleri döretdi. Muňa sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanýan ýaş adamlaryň we çagalaryň sanynyň köp esse artmagy şaýatlyk edýär.

Sport döwleti hökmünde biziň ýurdumyzda sporty ösdürmegiň beýleki ugry hem bedenterbiýäni we sporty ösdürmegiň, türgenleri we meýletinçileri taýýarlamagyň, sport ulgamynyň daşary ýyrtly hünärmenlerini işe çagyrylmagy bolup durýar. Hususan-da, “Bedenterbiýe we sport” hakyndaky Kanun raýatlaryň bedenterbiýe we sport bilen deň derejede meşgullanmaklary üçin hukugyny üpjün edýär, bu ulgamy ösdürmek we sport ätiýaçlygyny taýýarlamak üçin kepilligi döredýär. Kanun bedenterbiýe we sport ulgamynda döwlet syýasatynyň we döwlet tarapyndan ýardam bermegiň esasy ugurlaryny anyk kesgitleýär. Kanunyň aýratyn baby Türkmenistanda Olimpiýa hereketini we sportuň görnüşleri boýunça milli federasiýalaryň işini guramaga bagyşlanadyr.

“Professional sport hakynda” Kanun Türkmenistanda professional sportuň işlemegini we ösdürilişini kepil geçýär, professional türgenleriň, sport eminleriniň we bu ulgamdaky beýleki hünärmenleriň hukuk ýagdaýyny kesgitleýär. Şunuň ýaly kanun biziň ýurdumyzda ilkinji sapar işlenip düzülýär we kabul edilýär. Şu ýylyň ýanwar aýynda milli parlamentariýeler “Meýletinçiler hakynda” Kanun kabul etdiler. Ol halkara ýaryşlarynyň biri hem olarsyz geçirilmeýän meýletinçiler hereketiniň ösdürilmegi üçin gowy ýardam boldy. Bedenterbiýäni we sporty ösdürilmegi döwlet maksatnamalarynda, şeýle hem milletiň baştutanynyň başlangyjy bilen işlenilip taýýarlanan döwlet maksatnamalarynda öz täzeçe beýanyny tapandyr. Olar “Türkmenistanda 2011-2020-nji ýyllarda Bedenterbiýäni we sporty goldamagyň Milli maksatnamasy”, “Türkmenistanda 2012-2016-njy ýyllarda sporty ösdürmegiň we ýokary hünärli türgenleri taýýarlamagyň umumymilli maksatnamasy” ýaly maksatnamalardyr.

Sport döwleti diýen hukugy türkmenistanlylaryň abraýly halkara ýaryşlarynda gazanýan üstünlikleri hem berkidýär. Diňe 2015-nji ýylda biziň türgenlerimiz halkara sport ýaryşlarynyň 162-ne gatnaşdylar we medallaryň 411 gazanmagy başardylar. Olaryň 143-si altyn medallardyr. Umumy gazanylan baýraklaryň 74-si – dünýä derejeli, aziýa ýaryşlarynyňky bolsa 58 sanydyr.

2016-njy ýyl V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmegiň barşynda aýgytlaýjy ýyl bolar. Bu babatda Olimpiýa şäherjiginiň sport desgalarynda halkara ýaryşlarynyň geçirilmegine uly ähmiýet berilýär. Bu baradaky Karar Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan 18-nji martda bolup geçen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisinde kabul edildi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň bedenterbiýäniň we sportyň ýokary derejelerde ösdürilmegi, täze häzirki zaman sport infrastrukturasyny döredilmegi boýunça kabul edýän yzygiderli çäreleri ýurda sport döwleti diýen derejäni berýän Türkmenistany täze ýokary hilli derejä çykardy.