Şu ýylyň 5-nji aprelinde Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň (EKOSOS-yň) mejlisinde Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň: 2017–2020-nji ýyllar üçin Ösüşiň bähbidine ylym we tehnika boýunça komissiýasyna 2016 — 2020-nji ýyllar üçin Ilat we ösüş boýunça komissiýasyna hem-de 2017 — 2021-nji ýyllar üçin Durmuş ösüşi boýunça komissiýasyna biragyzdan saýlanyldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 8-nji aprelde geçirilen giňişleýin mejlisiniň barşynda tutuş türkmen halkyny BMG bilen netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin täze mümkinçilikleri açýan şanly waka bilen gutlady.
Türkmenistanyň täze taryhynda bu şatlykly waka mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 25 ýyllyk şanly baýramynyň bellenýän ýylynda has-da ähmiýetlidir. Munuň özi türkmen döwletiniň halkara abraýynyň okgunly ýokary göterilýändiginiň we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tutuş dünýäde parahatçylygyň, durnukly ösüşiň üpjün edilmegine gönükdirilen parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasat ýörelgesiniň giňden ykrar edilýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr.
„Açyk gapylar” syýasatyna we hemişelik oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine laýyk gelýän giň halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna ygrarly bolan Türkmenistan saýlap alan ýoly bilen ynamly gadam urup, ählumumy howpsuzlyk ulgamynyň berkidilmeginde möhüm orun eýeleýän BMG bilen netijeli, özara gyzyklanma bildirilýän gatnaşyklary yzygiderli ösdürýär. Özara gatnaşyklaryň oňyn tejribesiniň ýokary derejesi köpýyllyk hyzmatdaşlygyň soňky on ýylyň dowamynda netijeli ösüşe eýe bolmagyny üpjün etdi. Şunda Birleşen Milletler Guramasynyň öňdebaryjy agentlikleri we ýöriteleşdirilen düzümleri bilen işjeň gatnaşyklar pugtalandyryldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oňyn daşary syýasat strategiýasy netijesinde dünýäniň syýasy, ykdysady we hukuk ulgamyna goşulmak bilen, Türkmenistan bu iri halkara guramasynyň abraýly düzümlerine we ykdysady edaralaryna gatnaşyjy hökmünde wekilçilik etmek ýaly möhüm ugurlardaky syýasatyny has-da işjeňleşdirdi.
2010-njy ýylyň güýzünde Türkmenistan BMG-niň durnukly energetika baradaky Komitetiniň býurosynyň wise-başlyklygyna, soňra iki ýyl bassyr BMG-niň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýewropa ykdysady komissiýasy tarapyndan işlenip taýýarlanylan Ýörite
maksatnamasynyň başlyklygyna, 2011-nji ýylyň aprel aýynda BMG-niň abraýly guramalarynyň üçüsiniň, ýagny 2012 — 2015-nji ýyllarda ilat we ösüş boýunça BMG-niň komissiýasynyň, şol döwür üçin BMG-niň neşe serişdeleri boýunça komissiýasynyň, hemişelik esasda BMG-niň bosgunlaryň işi boýunça Ýokary komissarynyň maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň düzümine, 2013-nji ýylyň aprel aýynda BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň wise-başlyklygyna, şol ýylyň noýabrynda bolsa 2013 — 2017-nji ýyllarda ÝUNESKO-nyň Ýerine ýetiriji Geňeşiniň agzalygyna saýlanyldy.
Geçen ýylyň aprel aýynda ýurdumyz BMG-niň 2016 — 2018-nji ýyllarda gender deňeçerligi we aýallaryň hukuklaryny, mümkinçiliklerini giňeltmek meseleleri boýunça düzüminiň Ýerine ýetiriji Geňeşine saýlanyldy. Şol günlerde Aşgabatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň degişli Karary esasynda tassyklanan hem-de BMG-niň Ilat gaznasynyň goldaw bermeginde işlenip taýýarlanylan „2015 —2020-nji ýyllarda Türkmenistanda gender deňeçerligini üpjün etmek boýunça hereketleriň Milli meýilnamasynyň” tanyşdyrylyşy boldy.
Ýurdumyzyň we onuň ozaldan gelýän hyzmatdaşlary bolan BMG-niň iri agentlikleriniň, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň, BMG-niň Çagalar gaznasynyň we BMG-niň Ilat gaznasynyň bilelikdäki işleri netijesinde 2016 — 2020-nji ýyllarda döwri üçin Türkmenistanda adam hukuklary baradaky Hereketleriň milli meýilnamasy, Türkmenistanyň hökümeti bilen ÝUNISEF-iň arasynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça Hereketleriň ýurt meýilnamasynyň maksatnamasy we Türkmenistanyň hökümeti bilen BMG-niň Ilat gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça Hereketleriň ýurt meýilnamasynyň maksatnamasy işlenip taýýarlanyldy. Bu resminamalar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýörite Kararlary bilen tassyklanyldy.
Soňky on ýylyň dowamynda Türkmenistan BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen bilelikde ozalky iki sany bäşýyllyk Çarçuwaly maksatnamalara laýyklykda dürli ulgamlarda 264 taslamany durmuşa geçirdi.
Şunuň bilen baglylykda, şu aýyň başynda Aşgabatda 2016 — 2020-nji ýyllarda Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen Çarçuwaly maksatnama gol çekilendigini bellemeli. Ol 2011 — 2030-njy ýyllarda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň wezipelerine, geçen ýylyň sentýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 70-nji mejlisiniň çäklerinde kabul edilen 2016 — 2030-njy ýyllarda Durnukly ösüş maksatlaryna doly laýyk gelýär.
Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň 2007, 2009 we 2013-nji ýyllarda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň degişlilikde 62, 64 we 68-nji mejlislerine wise-başlyklyga saýlanylmagy ýurdumyzyň BMG bilen özara gatnaşyklarynyň köpýyllyk taryhynyň möhüm görkezijisidir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň belent münberinden soňlugy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýörite kararnamalary bilen tassyklanan birnäçe möhüm başlangyçlary öňe sürdi. „Energiýa göterijileriň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de onuň durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekdäki orny” we „Durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriň orny” ýaly başlangyçlar bu möhüm ugurlarda netijeli halkara gatnaşyklarynyň berkidilmegine we giňeldilmegine ýurdumyzyň ägirt uly goşandyny alamatlandyrdy.
Ýurdumyzyň ähli gyzyklanma bildirýän taraplar bilen köpugurly hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn giňeltmäge we pugtalandyrmaga bolan tagallasy häzirki döwrüň möhüm ykdysady we durmuş wezipeleriniň çözülmegine önjeýli goşandyny aňladýar. Şeýlelikde, bar bolan döredijilik kuwwatlyklaryň tutuş adamzadyň bähbidine gönükdirilmegi ýaly ýörelgeler dünýä bileleşigi tarapyndan ýokary we mynasyp baha eýe bolýar. Türkmenistanyň BMG-niň esasy guramalarynyň altysyndan biri bolan 2013 — 2015-nji ýyllarda Ykdysady we Durmuş geňeşiniň agzalygyna saýlanmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Bu çözgüt Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda 2012-nji ýylyň noýabrynda kabul edildi.
Ýurdumyzyň BMG-niň möhüm ykdysady düzümine agza bolmagy adamlaryň abadançylygynyň berkemegine, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşi babatda toplan tejribelerini, ýurdumyzyň dünýäniň sazlaşykly ösýän döwletleriniň hatarynda öz ornuny pugtalandyrmagyny üpjün eden toplumlaýyn özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi häzirki dünýäniň ilkinji nobatdaky meseleleriniň oňyn çözülmegine gönükdirilen teklipleri işläp taýýarlamaga ýardam berdi.
Abraýly halkara maliýe institutlarynyň, şol sanda Halkara pul gaznasynyň, Bütindünýä bankynyň, BMG-niň agentlikleriniň we öňdebaryjy düzüm bölümleriniň ýokary bahalary we oňyn çaklamalary milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşini alamatlandyrýar.
Ykdysadyýeti senagatlaşdyrmak we döwrebaplaşdyrmak ýoluna düşen ýurdumyz birnäçe ýyllaryň dowamynda ykdysady ösüşiň ýokary depginlerini saklaýar. Munuň özi täze iş orunlarynyň döremegini, ýurdumyzda bäsdeşlige ukyply önümleriň we onuň eksport möçberleriniň artmagyny, telekeçiligiň ösdürilmegini, ilatyň ýaşaýyş derejesiniň gowulanmagyny we halkymyzyň durmuşynyň ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegini şertlendirýär.
Mälim bolşy ýaly, EKOSOS-yň düzümine ähmiýetli guramalar we dürli toparlar girmek bilen, olar özüne degişli meseleler toplumyna gözegçilik edýär. Olaryň hatarynda BMG-niň Ösüş maksady bilen ylym we tehnika baradaky komissiýa, ilat we ösüş baradaky komissiýa we Durmuş ösüşi boýunça komissiýa bar. Türkmenistan ýakynda şol komissiýalaryň doly hukukly agzalygyna saýlanyldy. Ozal ýurdumyzyň ýokarda sanalan düzümleriň hataryna girendigini bellemeli we onuň gaýtadan saýlanmagy Türkmenistanyň alyp barýan köpugurly işe goşýan goşandynyň nobatdaky ykrarnamasydyr.
Şeýlelikde, BMG-niň Ilat gaznasy we ösüş baradaky komissiýasynyň düzümine biziň ýurdumyz 2012 — 2015-nji ýyllarda girdi. Ol EKOSOS-yň kömekçi guramasy bolup durýar we öz hatarynda BMG-ä agza döwletleriň 47-sini birleşdirýär. 1946-njy ýylda döredilen bu gurama ilat gaznasy we migrasiýa babatda umumy syýasat meseleleri boýunça geňeşleri, demografiýa syýasatyny işläp taýýarlamakda ýurtlara ýörite kömegi berýär we demografik, ykdysady we durmuş şertleriniň özara baglanyşygy hakyndaky maglumatlary barlaýar hem-de ýaýradýar.
2014-nji ýylyň aprel aýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň BMG-niň Nýu-Ýork şäherindäki ştab-kwartirasynda geçirilen nobatdaky mejlisinde Türkmenistan 2014-nji ýyldan 2016-njy ýyla çenli döwür üçin ösüş maksady bilen BMG-niň ylym we tehnika baradaky komissiýasynyň, şeýle hem 2014 — 2017-nji ýyllarda BMG-niň durmuş ösüşi komissiýasynyň agzalygyna saýlandy. Ýurdumyzyň agzalyga hödürlenmegi abraýly guramanyň ähli agzalary tarapyndan biragyzdan goldanyldy.
Birleşen Milletler Guramasynyň ösüş maksady bilen 1992-nji ýylda döredilen ylym we tehnika baradaky komissiýasy BMG-niň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň hereket ediji komissiýasy bolup durýar. Ol utgaşdyryjy merkez hökmünde EKOSOS-a netijeli ýardam bermäge niýetlenendir. Merkeziň maksady ylma, tehnika, täzeçil ýörelgelere, olaryň ösüş meselelerine, şeýle hem ählumumy ösüşiň bähbidine milli we umumy derejedäki möhüm ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmäge hem-de pugtalandyrmaga ünsüň güýçlendirilmegini üpjün edýär. 1946-njy ýylda esaslandyrylan Durmuş ösüşi komissiýasy öz gezeginde durmuş syýasatynyň umumy ulgamyny onuň ileri tutulýan ugurlaryny işläp taýýarlamak, şeýle hem bu ugurdaky esasy halkara ülňülerini durmuşa geçirmek bilen meşgullanýar. Häzirki döwürde onuň düzümine BMG-ä agza döwletleriň 46-synyň rotasiýa esasynda saýlanan wekilleri, şeýle hem ýöriteleşdirilen edaralaryň agzalary girýär.
Bu komissiýa EKOSOS-yň geňeşini geçirýär, ählumumy durmuş ösüşiniň meseleler toplumynyň ählisi boýunça teklipleri we bilermenleriň netijelerini beýan edýär. Şunda ilatyň durmuş taýdan goraglylygy, ilkinji nobatda onuň pes gatlaklary, maýyplar üçin deň mümkinçilikleriň üpjün edilmegi, maşgalanyň ornunyň berkidilmegi, bilim almak, mynasyp iş ornuny üpjün etmek üçin täze mümkinçilikleriň döredilmeginiň hasabyna ýaşlaryň durmuş derejesiniň berkidilmegi ýaly meseleler çözülýär. Adamlaryň durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna, şol sanda jemagat hojalygynyň we ýaşaýyş jaý gurluşygynyň ösdürilmeginiň hasabyna mümkinçilikleriň artmagyna gönükdirilen oňyn çärelere aýratyn ähmiýet berilýär. Milletler Bileleşigine agza döwletleriň arasynda oňyn tejribe we maglumat alyşmak, syn beriş teswirlemeleri taýýarlamak komissiýanyň möhüm wezipeleriniň hataryna girýär.
Şunuň bilen baglylykda, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň EKOSOS-yň ýokarda agzalan üç komissiýasyna saýlanmagy ýurdumyzyň ýeten derejesini we toplan tejribesini aýan etmek üçin halkara meýdançany üpjün edýär. Munuň özi beýleki döwletler bilen täze ýörelgeleri we işjeň teklipleri öwrenmekde, peýdalanmakda hem-de olary durmuşa geçirmekde ähmiýetlidir. Ýurdumyzyň komissiýalara agzalygy BMG-niň halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmakda alyp barýan işlerine goldaw bermäge, dürli döwletler we dünýäniň sebitleri bilen durnukly ösüşi üpjün etmäge, halklaryň abadançylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen ýygjam gatnaşyklary ýola goýmaga BMG-niň edýän tagallalaryna ýardam bermäge gönükdirilen çözgütleri kabul etmäge mümkinçilik berýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň abraýly düzümlerine saýlanmak bilen, mundan beýläk-de öz üstüne ýüklenen jogapkärli wezipäni abraý bilen ýerine ýetirer. Ýurdumyz özüniň parahatçylyk söýüjilik we döredijilik mümkinçiliklerini geljek 15 ýylyň dowamynda BMG-niň yglan eden Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge gönükdirip, netijeli halkara gatnaşyklarynyň işjeňleşdirilmegine hemmetaraplaýyn ýardam berer.