Geçen hepde türkmen halky tarapyndan tutuş halkara jemgyýetçilik bilen giňden bellenilip geçilen Bütindünýä saglyk güni mynasybetli dabaralara aýratyn öwüşgin beren möhüm wakalara, baýramçylyk pursatlaryna baý boldy. Ýurdumyzyň taryhy senenamasyna ýene bir wajyp sahypany ýazan bu wakalar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan durmuşa geçirilýän parahatçylyk, dostluk, döredijilik we gülläp ösüş syýasatynyň esasynda duran mizemez hem-de ebedi gymmatlyklaryň dabaralanýandygyny alamatlandyrdy.
Döwlet Baştutanymyzyň Bütindünýä saglyk güni mynasybetli Türkmenistanyň halkyna Gutlagynda: “Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe eziz Diýarymyz ähli ugurlar boýunça ýokary depginler bilen ösýär hem-de ynamly öňe barýar. Ýurdumyzyň syýasy, ykdysady, medeni ulgamlaryny, jemgyýetçilik durmuşyny kämilleşdirmäge gönükdirilen ägirt uly özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Hemişelik oňyn bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk däplerini öňe sürýän, sporty, sagdynlygy, ruhubelentligi hem-de dostlugy dabaralandyrýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň dünýä bileleşiginde tutýan orny hem-de abraýy barha ýokarlanýar” diýilýär.
Halkymyzyň saglygy we abadançylygy baradaky alada hem-de şunuň bilen baglylykda, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hem-de sport hereketini höweslendirmek döwlet Baştutanymyzyň yzygiderli durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Milli Liderimiziň başlangyjy bilen her ýyl geçirilýän “Türkmenistan — sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy” atly oýunlar hem-de Bütindünýä saglyk gününiň öňüsyrasynda badalga berlen, däbe öwrülen “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” atly köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş-medeni çäreleriň biraýlygy munuň aýdyň subutnamasydyr. Sagdyn durmuş ýörelgesiniň tarapdary we ony işjeň wagyz edýän milli Liderimiz bu babatda ildeşlerimize, ilkinji nobatda bolsa, ýaşlara nusga bolup, olary bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmaga ruhlandyrýar. Ine, 7-nji aprelde hem döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzda guralan, türkmenistanlylaryň müňlerçesini birleşdiren köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy. Bu baýramçylyk sport çäresi soňky ýyllarda ýurdumyzda görlüp-eşidilmedik derejede ýaýbaňlandyrylan milli sagaldyş hereketine saldamly goşant boldy.
Geçen hepde işjeň wakalara hem örän baý boldy. 4-nji aprelde hormatly milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Maslahatda sebitleri hem-de paýtagtymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryna, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşyna, döwlet durmuşynyň birnäçe beýleki wajyp meselelerine, şol sanda öňde boljak baýramçylyk senelerine taýýarlyk görülmegine degişli meselelere garaldy.
5-nji aprelde geçirilen Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Milli goşunymyzyň söweşjeň taýýarlygyna geçirilen, söweş ýagdaýlaryna örän ýakynlaşdyrylan, duýdansyz harby-taktiki tälim beriş hereketleriniň jemini jemledi. Şeýle hem ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň 2016-njy ýylyň birinji çärýeginde alyp baran işleriniň netijeleri hem-de bu edaralaryň işini has-da kämilleşdirmek, olaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça gaýragoýulmasyz wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, harby-taktiki tälim beriş hereketleriniň gidişinde oňa gatnaşan Guryýer, Harby-howa, Howa hüjümlerine garşy goşunlaryň, Harby-deňiz güýçleriniň we Ýaragly Güýçleriň beýleki harby bölümleriniň sazlaşykly hereketi gazanyldy. Bu bolsa harby-taktiki tälim beriş hereketleriniň üstünlikli geçmegini üpjün etdi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň bitaraplyk syýasatyny alyp barýandygyny, harby bileleşiklere goşulmaýandygyny, Türkmenistanyň Harby doktrinasynyň goranyş häsiýetine eýedigini, şundan ugur almak bilen, ýurdumyzyň guryýer, howa we deňiz serhetlerini ygtybarly goramak, terrorçylyk, ekstremizm, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygy ýaly hadysalaryň öňüni almak üçin zerur çäreleriň görülýändigini aýratyn nygtady.
Şu maksatlara eýerilip, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli berkidilýär. Olar täze, häzirki zaman ýaraglary we beýleki zerur serişdeler bilen doly üpjün edilýär, şeýle hem bu ugurlar üçin ýokary derejeli hünärmenler taýýarlanylýar. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hökmünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow geçirilen görkezme harby-taktiki tälim beriş türgenleşiginiň netijelerine kanagatlanma bildirip, oňa ýokary baha berdi hem-de bu türgenleşik çäresiniň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilendigi üçin, Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna, bu çärä gatnaşan harby we hukuk goraýjy edaralaryň harby gullukçylaryna hem-de işgärlerine tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.
8-nji aprelde geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde jemlenen şu ýylyň birinji çärýeginiň netijeleri ykdysady ösüşiň dünýä derejesindäki sanawynda ýokary orunlary özünde saklaýan biziň ýurdumyzyň üstünliklerini aýdyň görkezdi. Şunda jemi içerki önümiň ösüş depgini 106,3 göterim üpjün edildi, şol sanda ösüş depgini senagat pudagynda 102,5 göterime, gurluşykda 105,7 göterime, ulag we aragatnaşyk pudagynda 110 göterime, söwdada 116,7 göterime, oba hojalygynda 105,8 göterime, hyzmatlar ulgamynda 109,5 göterime deň boldy. Jemi içerki önümde ykdysadyýetiň döwlete degişli däl böleginiň paýy 62,3 göterime ýetdi.
Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky 9,5 göterim ýokarlandy. Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 102,8 göterim ýerine ýetirildi, şunda durmuş ulgamyna býujet serişdeleriniň 80,2 göterimi gönükdirildi. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, ykdysadyýetiň dürli pudaklaryna gönükdirilen maýa goýumlarynyň möçberi 5,7 göterim artdy. Häzirki döwürde ýurdumyzda bahasy ABŞ-nyň 50 milliard dollaryndan gowrak bolan iki müň töweregi iri desgalaryň gurluşygy alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisinde eden çykyşynda ýurdumyzyň ykdysady ösüşiniň ýokary depginini saklamaga ýardam etjek birnäçe wajyp wezipelere ünsi çekdi. Hususan-da, bu ykdysadyýetiň nebit pudagy bilen baglanyşykly bolmadyk pudaklarynyň ýokary depginler bilen ösdürilmegini üpjün etmek, daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan önümçiligi we daşary ýurtlara iberilýän önümleriň mukdaryny artdyrmak boýunça döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmek «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasyny» we beýleki milli maksatnamalary durmuşa geçirmek boýunça işleri dowam etmekden ybaratdyr. Ýangyç-energetika toplumynyň, elektroenergetikanyň, ulag-aragatnaşyk toplumynyň, oba hojalyk ulgamynyň we beýlekileriň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak boýunça anyk çäreler bellenildi.
Döwlet Baştutanymyz Kararlaryň birnäçesine gol çekdi. Şolara laýyklykda, Mary şäherindäki Mollanepes we 19-njy fewral köçeleriniň aralygyndaky seýilgähiň durkuny täzelemek boýunça işler geçiriler, 2016-njy ýylyň 1-nji maýyndan başlap, Türkmenistana getirilýän kafeli we keramiki plitkany ýelmeşdiriji, çäge we sement esasynda taýýarlanýan gury gurluşyk garyndylary üçin gümrük pajy bellenildi.
Şol gün, 8-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň we wise-premýerleriň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onuň barşynda Ministrler Kabinetiniň ýurdumyzyň halk hojalygynyň dürli ulgamlarynda şu ýylyň üç aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine bagyşlanyp geçirilen giňişleýin mejlisinde öňe sürlen wezipeleri berjaý etmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Maslahatda häzirki döwürde paýtagtymyzda we ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda alnyp barylýan işler boýunça hasabatlar berildi.
Geçen hepdäniň wakalary baradaky gürrüňi dowam etmek bilen, Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň ygtyýaryna Ukrainada öndürilen täze ýük wagonlarynyň ilkinji tapgyrynyň gelip gowşandygyny bellemek gerek. Olar dürli ýükleri daşamaga niýetlenen ýapyk wagonlaryň 25-sinden we ýarym açyk wagonlaryň 25-sinden ybaratdyr. Umuman, döwlet Baştutanymyzyň Kararyna laýyklykda, Türkmenistana Ukrainada öndürilen ýük wagonlarynyň jemi 750-si gelip gowşar.
Aşgabatda geçirilen Halkara gurluşyk sergisi ýurdumyzda amala aşyrylýan ägirt uly gurluşyk işlerini aýdyň şöhlelendirdi. Sergä Russiýa, Germaniýa, Awstriýa, Hytaý, Ýaponiýa, Hindistan, Türkiýe, Gazagystan, Ukraina ýaly dünýäniň dürli ýurtlarynyň 14-sinden iri kompaniýalaryň we firmalaryň wekilleriniň 130-dan gowragy gatnaşdy. Sergä gatnaşyjylaryň wekilçilikli topary Türkmenistanyň sazlaşykly we okgunly ösýän gurluşyk pudagyna dünýäniň işewür toparlarynyň ägirt uly gyzyklanmalaryny tassyklady. Giň göwrümli sergi gurluşyk serişdeleri, ýöriteleşdirilen tehnika hem-de enjamlar, ýol gurluşygy bölümlerini we beýleki bölümleri öz içine aldy. Täze binagärlik taslamalary sergä gatnaşyjylaryň we myhmanlaryň has hem ünsüni çekdi. Maket şekillerinde geljekki, häzir gurulýan we gurulmagy göz öňünde tutulýan edara merkezleri, ýaşaýyş jaý toplumlary, durmuş ulgamynyň desgalary görkezildi. Sergi geljekki güne garamaga, iň täze tehnologiýalaryň kömegi bilen biziň şäherlerimiziň köçeleriniň ýakyn geljekde eýe boljak görnüşini göz öňüne getirmäge mümkinçilik berdi.
Aşgabatda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň nobatdaky V gurultaýy geçirildi. Oňa ýurdumyzyň şäherlerinden hem-de welaýatlaryndan ähli derejedäki ýaşlar guramalarynyň wekilleri gatnaşdy. Onuň gün tertibine “Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2015 — 2020-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyny” durmuşa geçirmek boýunça ileri tutulýan wezipeleri, bu resminamany berjaý etmek babatda çäreleriň meýilnamasyny, ýaşlar guramasynyň Tertipnamasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmegi ara alyp maslahatlaşmak hem-de guramaçylyk meseleleri girizildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda paýtagtymyzda Türkmenistanyň Ýaşlar maslahaty geçirildi. Onuň barşynda döwlet Baştutanymyz ýaş nesilleriň öňünde jogapkärli we anyk wezipeleri goýdy hem-de döwlet ýaşlar syýasatynyň, milli ösüşiň strategiýasynyň barşynda ýerine ýetirilmeli işleriň anyk ugurlaryny kesgitledi.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, iri jemgyýetçilik birleşmesi bolan Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy döwlet guramalary bilen bilelikde ýaşlaryň hukuk we durmuş goraglylygyny üpjün etmäge, ýaşlaryň arasynda ruhy-ahlak hem-de medeni gymmatlyklary, halkymyzyň milli däp-dessurlaryny wagyz etmäge, sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden ornaşdyrmaga, ýaş nesilleri watansöýüjilik, raýatlyk jogapkärçiligi we zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelemäge ýardam etmelidir.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýaşlaryň döwrebap bilim almagynyň, ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösüşini üpjün etmekde ýokary hünärli işgärleri taýýarlamagyň, ýaş hünärmenleriň ylmy-barlaglara we taslamalaryň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşmagynyň möhümdigini aýratyn belledi. Döwlet Baştutanymyz telekeçiligiň ösdürilmeginiň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belläp, ykdysady özbaşdaklygyň üpjün edilmegi, ýaş telekeçileriň höweslendirilmegi we olara goldaw berilmegi ýaly ugurlaryň ýaşlar syýasatynyň esasy maksatlarydygyny aýtdy.
“Biz bedenterbiýäni we sporty jemgyýetiň sazlaşykly ösüşinde möhüm orun eýeleýän şert hökmünde görýäris. Şunuň bilen baglylykda, biziň baş maksadymyz berk bedenli, tutuş durky bilen Watanyny söýýän, beýik ahlak ýörelgelerine, däp-dessurlara ygrarly, öz halkyna, Watanyna berlen, dostluk, doganlyk we maşgala gymmatlyklaryna, döredijilik gatnaşyklaryna, sporta we zähmete gadyr goýýan ýaşlary ösdürip ýetişdirmekden ybaratdyr” diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
Ýurdumyz oňyn bitaraplyk ýörelgelerine esaslanyp, giň halkara hyzmatdaşlyk ugruna yzygiderli eýerýän beýleki döwletler, abraýly halkara guramalar, ilkinji nobatda bolsa BMG bilen köpugurly gatnaşyklary ösdürýär. Häzirki döwürde soňky ýyllarda toplanan baý tejribä daýanýan şeýle hyzmatdaşlyk ýokary derejedäki netijeli özara gatnaşyklarda täze hile eýe bolýar.
Geçen hepdede ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginde 2016 — 2020-nji ýyllarda Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek maksady bilen, Çarçuwaly maksatnama gol çekildi. Bu resminama bäş strategik ugry öz içine alýar. Olaryň hatarynda milli statistika ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmegi nazarlaýan ýokary hilli maglumat ulgamyny we ösüş monitoringini döretmek, durmuş pudagy, ekologiýa durnuklylygy we energiýa netijeliligi, iş bilen üpjünçilik, ykdysadyýetiň we söwdanyň köpugurly esasda ösdürilmegi, dolandyryş we hukuk pudagy ýaly ugurlar bar.
Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň 5-nji aprelinde Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň (EKOSOS) Türkmenistany gaýtadan BMG-niň birnäçe düzümlerine biragyzdan saýlandygyny bellemeli. Olar 2017 — 2020-nji ýyllarda Ösüş bähbidine ylym we tehnika boýunça komissiýadan; 2016—2020-nji ýyllar üçin Ilat we ösüş boýunça komissiýadan we 2017 — 2021-nji ýyllar üçin Durmuş ösüşi boýunça komissiýadan ybaratdyr.
Bu şanly waka Türkmenistanyň ýokary halkara abraýa eýe bolýandygynyň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň üçünji müňýyllygyň ählumumy Maksatlaryna — parahatçylyga, durnuklylyga we howpsuzlyga, ählumumy abadançylyga we gülläp ösüşe ýetilmegine gönükdirilen oňyn daşary syýasat ugrunyň giň goldawa eýe bolýandygynyň subutnamasydyr.
Ýurdumyzyň ozal hem BMG-niň bu düzümlerine saýlanandygyny bellemek gerek. Munuň özi kanunalaýyk ýagdaýdyr: giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmeleri durmuşa geçirmekde oňyn tejribe toplan Türkmenistan ilatyň abadançylygynyň ýokarlandyrylmagyna, häzirki zamanyň möhüm meseleleriniň oňyn çözgüdine gönükdirilen teklipleri işläp taýýarlamakda beýleki ýurtlara anyk täsir edip bilýär.
Geçen hepdede bolan wakalaryň hatarynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan esasy gaz geçirijisiniň taslamasy boýunça Ýolbaşçy komitetiň Aşgabatda geçirilen nobatdaky 24-nji mejlisini görkezmek bolar. Onuň işine taslama gatnaşýan ýurtlaryň pudaklaýyn ministrlikleriniň hem-de edaralarynyň, Aziýanyň Ösüş bankynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Mejlisiň barşynda taslama gatnaşyjylaryň hem-de onuň Tranzaksion geňeşçisi bolan Aziýanyň Ösüş bankynyň hasabatlary diňlenildi. Ýygnananlar taslamanyň hukuk we tehniki taraplary bilen baglanyşykly möhüm meseleleri ylalaşdylar. “Türkmengaz” döwlet konserni tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän “TAPI Pipeline Company Limited” konsorsiumynyň agzalarynyň Maýa goýum şertnamasy ylalaşyldy we degişli Teswirnama gol çekildi. Mundan başga-da TOPH gaz geçirijisiniň taslamasynyň hukuk we tehniki taraplary bilen baglanyşykly birnäçe meselelere garaldy.
Hytaý Halk Respublikasynyň paýtagtynda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şöhratly senesine, 2016-njy ýylyň «Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly» diýlip yglan edilmegine bagyşlanyp, “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygy: gazanylan üstünlikler we geljegiň strategiýasy” atly ylmy maslahat geçirildi. Maslahatyň barşynda Garaşsyz Türkmenistanyň sebit we ählumumy hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakdaky orny, ýurdumyzyň hem-de Hytaýyň arasyndaky taryhy kökleri müňýyllyklara uzap gidýän özara gatnaşyklaryň oňyn tejribesi ýaly möhüm ugurlar ara alnyp maslahatlaşyldy. Ykdysady Ýüpek ýoluny döretmek taslamasynyň çäklerinde “Bir ýol, bir guşaklyk” atly türkmen-hytaý gatnaşyklary ylmy maslahatyň aýratyn mowzugyna öwrüldi.
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda türkmen halkynyň küştdepdi tansynyň we gazallarynyň “Asyrlaryň ruhy joşguny” ady bilen guralan festiwaly geçirildi. Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynyň çäklerindäki döredijilik çäresini Medeniýet ministrligi bilen Balkan welaýatynyň häkimligi bilelikde gurady. Köpöwüşginli halk döredijiliginiň däplerini we häzirki zaman milli medeniýetini özünde jemleýän nurana baýramçylyga ýurdumyzyň döredijilik ýörelgeleriniň baş nyşany, her bir milli baýramçylyklaryň aýrylmaz bölegi hasaplanýan gadymy tans dessurlaryna aýratyn hormat goýýan hem-de daşary ýurtlarda türkmen sungatyny görkezýän folklor we tans toparlary gatnaşdylar.
Şeýlelikde, geçen hepdäniň dowamynda bolan wakalara ser salanymyzda, biziň ýurdumyzda Garaşsyzlyk ýyllarynda ägirt uly ykdysady we netijeli mümkinçilikleriň emele gelendigine göz ýetirýäris. Häzirki döwürde ýurdumyzda öňde goýlan wezipeleriň hemmesi üstünlikli ýerine ýetirilýär. Munuň şeýledigine Watanymyzyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ruhy we ykdysady ösüşiň belentliklerine tarap ynamly gadam urýan pursatlary bolan berkararlyk döwrüniň her bir güni şaýatlyk edýär.