“Aşgabat şäherinde 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny guramak we geçirmek hakynda” Kanunyň esasy maksady - V Aziýa oýunlaryny ýokary derejede guramak we geçirmek üçin hukuk binýadyny we zerur şertleri döretmekden ybaratdyr. Şeýle hem bu resminama Aşgabat şäher häkimliginiň, Türkmenistanyň Milli olimpiýa komitetiniň we Aziýa Olimpiýa Geňeşiniň arasynda baglaşylan şertnamanyň şertlerini berjaý etmek üçin hukuk kepilliklerini üpjün etmekden ybarat bolup durýar.
Kanunda V Aziýa oýunlaryny geçirmegiň guraýjylar topary we olaryň hukuk derejeleri görkezilýär. Bu – Aziada-2017-ni guramak we geçirmek ugrunda Türkmenistanyň ýokary gurmasy bolup durýan V Aziýa oýunlarynyň Guramaçylyk komitetidir. Şeýle hem Kanun Türkmenistanyň Milli olimpiýa komitetini, Aşgabat şäher häkimligini we V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky Ýerine ýetiriji komiteti guramaçylaryň hatarynda tassyklaýar. Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi, işine göni ýa-da gytaklaýyn gatnaşýan guramalar V Aziýa oýunlarynyň daşary ýurt guramaçylary bolup durýarlar.
Resminama oýunlaryň geçirilýän döwründe mahabatlary guramagyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini guramagyň aýratynlyklaryny, zähmet gatnaşyklarynyň we meýletinçilik işini amala aşyrmagyň, nyşanlary ulanmagyň aýratynlygyny sazlaşdyrýar, Oýunlara gatnaşyjylaryň Türkmenistana gelip-gitmeklerini ýeňilleşdirýär. Şeýle hem Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan howpsuzlygy üpjün etmegi alyp barmagyň mümkinçiliklerini kesgitleýär.
Mahabat etmek, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işi, Aziýa oýunlarynyň nyşanlaryny ulanmak Aşgabat şäher häkimliginiň, Türkmenistanyň Milli olimpiýa komitetiniň we Aziýa Olimpiýa Geňeşiniň arasynda V Aziýa oýunlaryny geçirmek barada baglaşylan şertnamanyň talaplaryna laýyklykda guralýar. Myhmanhana hyzmatlarynyň bahalaryny, oýunlaryň sport çärelerine we dabaralaryna giriş petekleriniň bahalaryny düzgünleşdirmek Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň üstüne ýüklendi. Meýletinçilik işi “Meýletinçilik işi hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda amala aşyrylar.
Nyşanlary ulanmak barada aýdylanda bolsa, kanuna laýyklykda “Aziada”, “Аşgabat-2017”, “Aziada-2017”, “V Aziýa-oýunlary”, “Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary”, “V AIMAG” ýaly atlandyrmalar girizilendir. Sanawa bu atlandyrmalaryň ählisi, şol sanda daşary ýurt dilinde ýazylanlary hem, girizilendir. Bu olaryň esasynda döredilen sözlere, söz düzümlerine hem degişlidir. Şeýle hem kanun Aziýa oýunlarynyň keşbine, tumaryna oduna, alawyna, baýdagyna , senasyna, şygaryna, öňki Aziýa oýunlarynyň alamatlaryna we nyşanlaryny degişli edýär. Mundan hem başga, saz eserleri, şekillendiriş, edebiýat eserleri sanawa goşulandyr. Kärhananyň aňladylmagy üçin we beýleki usullarda peýdalanylmagy üçin dürli harytlarda nyşanlary peýdalanmak diňe Aziýa Olimpiýa Geňeşi ýa-da onuň ygtyýarly eden guramasy bilen degişli şertnama baglaşylan ýagdaýynda ýol berilýär
Şeýle uly göwrümli we derejeli sport oýunlaryny geçirmek bilen baglanyşykly möhüm meseleleriň hatarynda olaryň geçirilýän döwründe howpsuzlygy üpjün etmek aýratyn orun eýeleýär. Kanun gözegçilikde saklanylýan we (ýa-da) zolaklary bellemek we raýatlaryň girmegine we (ýa-da) wagtlaýyn ýaşamagyna we bolmagyna çäklendirmeler girizilen ýerleri bellemek ýaly howpsuzlygy üpjün etmegiň güýçlendirilen çärelerini öz içine alýar. Howpsuzlygy üpjün etmegiň güýçlendirilen çäreleri bilen degişli edilen çäkleriniň içinde ýaşaýan we işleýän raýatlaryň ählisi bu girizilen çäreler bilen tanyşdyrylmalydyr.
Ulag serişdeleriniň hereketleri, uçýan serişdeleriniň hereketi, V Aziýa oýunlary bilen bagly bolmadyk köpçülikleýin çäreleriniň geçirilmegi çäklendirilýär. Aziadanyň ähli desgalary güýçlendirilen gorag astynda bolar. Howpsuzlyk maksady bilen, gözegçilik edilýän zolaga girilende we ondan çykylanda fiziki şahslaryň we olaryň ýanynda goşlarynyň barlagyny, ulag serişdeleriniň we olarda bar bolan goşlaryň barlagyny geçirmek, tehniki serişdelerini ulanmak arkaly barlag geçirmek alnyp barylar. Şunlukda iň häzirki zaman tehniki serişdeleri peýdalanylar. Aziadanyň geçirilýän döwründe alkogolly içgileri we düzüminde spirt bolan önümler çäklendiriler ýa-da gadagan ediler.
Şeýle hem daşary ýurt raýatlarynyň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň Türkmenistana gelmeginiň we Türkmenistandan gitmeginiň meseleleri anyk işlenilip taýýarlanypdyr. Akkreditasiýa şahadatnamalary bar bolan daşary ýurt raýatlary, raýatlygy bolmadyk adamlar hakyky daşary ýurt pasportlary ýa-da olaryň ornuny tutýan resminamalaryň esasynda wizasyz oýunlaryň guralýan we geçirilýän döwründe Türkmenistanda ýaşaýan ýerlerinde hasaba almakdan boşadylýar. Akkreditasiýa şahadatnamasy Türkmenistanyň ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan berilýär. Oýunlaryň geçirilýän döwründe ýokarda görkezilen adamlar daşary ýurt nagt puluny gümrük edaralaryna dekrarilemezden getirip bilýär, pul amallaryny ygtyýarly karz edaralarynyň we olaryň alyş-çalyş nokatlarynyň üsti bilen amala aşyrýarlar.
Resminama daşary ýurt raýatlarynyň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň zähmet işini amala aşyrmagyň aýratynlyklaryny göz öňünde tutýar. Oýunlaryň guramak we geçirmek bilen bagly zähmet şertnamasyny baglaşan raýatlar Türkmenistanda işlemäge rugsatnamasy bolmazdan Türkmenistanyň çäginde zähmet işini amala aşyrýarlar.
Kanun çap edilen gününden güýje girýär we 2017-nji ýylyň 31-nji dekabryna (goşmak bilen) çenli hereket edýär. Bu möhletler V Aziýa oýunlaryny guramak we geçirmek döwri bilen şertlendirilendir.