Türkmen tebigatynyň bahary gysga wagtlaýyn dowam edýän we örän owadan bolup, tebigaty uzak wagtlap dowam edýän we yssy tomusa taýýarlaýar. Dag eňňitleriniň gök otlara bürenşini, ol ýerde güýçli ýagyşyň ýagyşyny, köwsarlap ýören dumanyň jülgelere dolyşyny, daş-töweregi goýy duman bilen örtüşini diňe häzirki wagtda synlap bolýar. Tebigat janlanyp, deredir jülgeleri dürli otlaryň we gülleriň sazlaşykly ýakymly yslary bilen doldurýar. Baýyrlar ýaşajyk ýaz otlary bilen örtülipdir, olaryň arasynda özleriniň ajaýyp keşdeleri bilen ilkinji ýaz güljagazlary görünýär. Howa jülgeleri çyglylyk bilen gandyrýar. Ýyldyrym çakmalary we güýçli çabgalar entek öňde dur. Güýçli çabga özüniň güýçli güwwüldisi we suwy bilen hanalrydyr jülgeleri dolduryp, dag çeşmeleriniň we derýajyklarynyň akymyny üýtgetmäge borçly edýär. Häzirlikçe bolsa – asman öz çal bulutlary bilen ýüzüni çytyp, şemalyň ugruna üýtgäp ýören ýagyşly we goýy bulutlar dag eňňitleridir jülgeleri dolduryp, dag ýodalaryny gizleýär...
Şeýle günleriň birinde biz Köpetdagyň iň bir gözel ýerleriniň biri bolan Söýünhan tagty üçti tekiz belentligine ýörüş etdik. Bulutly howa ýokary çykanymyzda üýtgeşik bir zady aňlatmaýardy. Diňe dag gerişlerindäki bölejik bulut gözýetimi ýapýardy. Azajyk soňra, haçan-da hemme ýer dumana örtülende, aljyraňňylyk duýgusy döredi. Munda adatdan daşary ýagdaýlarda ugruňy kesgitlemegiň usulyny ýatlamaly boldy. Güýçlenýän owunjak ýagyş damjalary we duman örtügini ýa eýläk, ýa-da beýläk kowýan şemal giňişligi daraldýardy.
Uzak bolmadyk belentlikde ýerleşýän dag tekizligi aşak inýän ýodalaryň üçüsinden ybaratdy. Ýöne tebigat biz bilen “gizlenpeçek” oýnyny isleýän ýalydy. Iki sagatdan soň aşak inýän ýoda tapyldy. Muňa hemmeler ulydan demlerini aldylar. Bu ýerde, jülgäniň aşagynda bize seýrek tapyndyny – seýrek duş gelýän dag domalanyny tapmak başartdy.
Eýýäm aşakda, otda gaýnadylan gaýtalanmajak hoşboý ysly çaýdan lezzet almak bilen, “ýesirlikden” boşanymyza örän begenýärdik. Duman bolsa ýokarda köwsarlamak bilen, edil ussat peýzažçy ýaly, kert gaýalar tekizligi örtýärdi, jülgäniň kert-kert bolup duran öwrümlerini örtüp, biziň yzymyzdan ýetjek bolýan ýaly, aşak eňdi. Daglardaky bu owadan görnüşi synlamak bilen, biz gülleýän, dumana örtülen tebigatyň owadanlygyny, janlanýan tebigatyň täsirliligini we özüne çekijiligini güýçlendirýän bahar paslynyň bu ajaýyp pursatlaryny surata düşürmäge başladyk