Türkmenistanyň senagaty köp ugurly toplum bolup, ol esasan dürli görnüşli mineral serişdelerini gazyp almakdan we gaýtadan işlemekden, şeýle hem oba hojalyk çig malynyň azyklyk we azyklyk däl görnüşlerini gaýtadan işlemegiň binýadynda döredildi. Kärhanalarda öňdebaryjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy netijesinde Türkmenistanyň senagaty giň göwrümli özgertmeleri dowam etdirmek, bazar ykdysady ulgamyna ylmy-tehniki täzeliklerň çeýe we täze kabul edilýän ylmy-tehniki täzelikleriň girizilmegini döretmek üçin ähli mümkinçiliklere eýedir. Türkmenistanyň senagatyny dünýä hojalygyny goşulyşmagy hem gazyp almalaryň, hem işläp taýýarlaýan sektorlaryň hasabyna bolup geçýär. Yzygiderli çaltlandyrylýan ylmy-tehniki ösüşleriň şertlerinde çig maly giň gaýtadan işlemek we ony önümi öndürmek üçin çig mal goşundysy hökmünde ulanmak meselelerine bolan gyzyklanma barha uly ähmiýete eýe bolýar. Innowasion möhüm ähmiýetli taslamalaryň biri hem Balkan welaýatynyň Gyýanly şäherçesinde Türkmenistanda ilkinji sapar gurulýan gazhimiýa toplumynyň gurluşygy bolup durýar. Tebigy gazy gaýtadan işleýän zawodyň kuwwatlylygy ýylda 386 müň tonna polietileni we 81 müň tonna polipropileni öndürmäge niýetlenedir.
Türkmenistanda gazhimiýa senagatyny döretmek we ony mundan beýläk hem ösdürmek gaýtadan işleýän senagat toplumyny: energonetijeli kompozision gurluşyk materiallarynyň, laklary we reňkleriň, tehniki matalaryň dürli görnüşleriniň, dürli ähmiýetli berk suw-gaz geçirmeýän rezinleriň we germetikleriň, giň görnüşli ulanylýan plastmassalaryň we elastomerleriň we önümleriň beýleki görnüşleriniň geljegi uly bolan täze ugurlaryny ösdürmek üçin öňünden şertleri döreder.
Gaýtadan işleýän pudagyň düzüminde ep-esli orny nebiti gaýtadan işleýän senagat eýeleýär. Bu pudakda dünýä standartlaryna laýyk gelýän önümçiligiň möçberini artdyrmak, öndürilýän önümleriň görnüşlerini giňeltmek we hilini gowulandyrmak boýunça oňyn netijeler gazanyldy. Meselem, 2015-nji ýylda TNGIZT-iň önümçilik binýadynyň üsti täze enjamlar bilen ýetirildi. Onuň netijesinde önümçilik toplumynyň kuwwatlylygy ýylda 2 million tonna mazudy we 230 müň tonna pes oktanlanan ýeňil benzini öndürmäge niýetlenendir. Munuň bilen bir hatarda, mazudy wakkumly gaýtadan işlenilmegi esasynda benziniň we suwuklandyrylan gazyň çig malynyň 1 million tonnasy, bitumy öndürmek üçin ulanylýan gudronyň 900 müň tonnasy öndüriler. TNGIZT döwrebaplaşdyrylmagy dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply ýurtda öndürilýän nebit önümlerini öndürmäge mümkinçilik berer.
Himiýa toplumy gaýtadan işleýän senagatyň çalt depginlerde ösýän pudaklarynyň biri bolup durýar. Bu pudak ýurduň mineral-çig mal serişdelerini netijeli peýdalanmagyň hasabyna ýokary hilli önümleriň önümçiligi üçin uly mümkinçiliklere eýedir. Tebigy gazyň baý çig mal binýady azot dökünlerini öndürmek üçin esas bolup durýar. Bu önümiň önüçiligini çaltlandyrmak Mary şäherinde ammiak we karbamid öndürýän toplumyň ulanmaga berilmegi bilen baglanyşyklydyr. Bu ýurduň agrar böleginiň azot dökünlerine bolan islegi kanagatlandyrmaga we Türkmenistanyň eksport dolanyşygynyň durnukly ornuny emele getirmäge mümkinçilik berdi.
Häzirki wagtda Lebap welaýatynda kuwwatlylygy ýylda 1400 nüň tonna kaliý dökünlerini öndürýän Merkezi Aziýada iň iri Garlyk dag magdanlaryny baýlaşdyryjy kombinatyň gurluşyk işleri güýçli depginler bilen alnyp barylýar. Onuň esasy çig maly Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynyň Garlyk, Garabil we Tübegatan ýataklarynyň ätiýaçlyk kaliý duzlary bolup durýar. Täze pudagyň gurulmagy importyň ornuny tutmak üçin we eksport mümkinçiligini artdyrmak üçin geljegi uly bolan täze mümkinçilikleri döreder.
Türkmenistanda inwestisiýa işjeňliginiň artdyrylmagy gurluşyk önümleriniň senagatyny ösdürmegi çaltlandyrmak bilen şertlendirilendir. 2015-nji ýylda Ahal welaýatynyň Derweze etrabynda Owadandepede kwars çägesini öndürýän zawodlar-fabrik toplumynyň gurluşygyna badalga berildi. Kwars çägesi aýna önümçiligi üçin, we dürli aýna önümlerini, şol sanda ýokary ýagty geçirijilik ukyby bolan, ýalpyldap duran ýüzli we ýokary optiki aýratynlygy bolan float-usully aýna önümleriniň önümçiligi üçin çig mal bolup durýar. Zawodyň önüminiň importyň ornuny tutujy häsiýeti bolup, geljekde bolsa eksporty nazarlaýar.
Azyklyk däl oba hojalyk çig malynyň düzüminiň dürli-dürliligi we pagta serişdeleri bilen üpjünçiligi ýurduň senagat toplumynyň ýeňil senagaty pudagynda ulgam dörediji orny eýeleýär. Ýurduň içerki bazarynyň halkyň köpçülikleýin sarp edýän harytlary bilen üpjün edilmegi, önüm öndürilişiniň möçberiniň artdyrylmagy pudagyň hereket edýän kärhanalarynyň döwrebaplaşdyrylmagynyň, şeýle hem täze desgalaryň gurulmagynyň hasabyna gazanylýar. 2015-nji ýylda Aşgabadyň, Daşoguzyň we Marynyň tikin fabrikleri täzeden dikeldildi we durky täzelendi. Pudagyň hereket edýän kärhanalarynyň: Aşgabadyň nah mata kombinatyny, Gypjagyň we Gökdepäniň dokma toplumlaryny tehniki taýdan täzeden enjamlaşdyrmak, giňeltmek we döwrebaplaşdyrmak boýunça işler dowam etdirilýär.
Ýurtda öndürilýän harytlaryň bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, olaryň içerki we daşarky bazarlarda orunlaryny berkitmek, önümiň ýokary derejeli gaýtadan işlenişiniň we goşma bahasynyň paýyny artdyrmak azyk we dokma pudaklaryny ösdürmegiň indiki ugurlary bolup durýar.
Senagat bölümini ösdürmegiň esasy ugurlary häzirki wagtda işlenilip taýýarlanylýan “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdy 2017-2021-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda” öz beýanyny tapar. Bularyň ählisi ýurduň ösüşine we gülläp ösmegine şertleri döretmek bilen, ýurduň milli ykdysadyýetiň senagatynyň maksatlaryny mundan beýläk hem üstünlikli durmuşa geçirilmegine mynasyp goşant goşar.