Ï Eziz Watanymyzy gülläp ösdürmegiň bähbidine täze işlere we ýeňişlere tarap
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Eziz Watanymyzy gülläp ösdürmegiň bähbidine täze işlere we ýeňişlere tarap

view-icon 4019
Milli taryhy öwrenmek, türkmen halkynyň maddy we ruhy baýlygyny aýawly saklamak hem-de dünýäde giňden ýaýmak hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň möhüm ugry bolup durýar. Bu ugur «Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly» diýlip yglan edilen şu ýylda aýratyn ähmiýete eýe bolýar.

Gökdepe etrabynyň Yzgant obasynda geçirilen “Halypalaryň mekdebi halkyň ruhy mirasydyr” atly aýdym-sazly festiwal geçen hepdäniň aýdyň wakalarynyň biri boldy. Bu döredijilik çäresi Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen Ahal welaýatynyň häkimligi tarapyndan bilelikde guraldy.

Ähli döwürde bagşyçylyk sungaty ýurdumyzda aýratyn ähmiýete, hormata mynasyp bolupdyr. Onda halkymyzyň durmuşy, kalbynyň owazy jemlenipdir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Ile döwlet geler bolsa...” atly kitabyny halk saz sungatyna bagyşlamagy hem tötänden däldir.

Festiwala il içinde halypa derejesine eýe bolan belli ussatlar, olaryň zehinli şägirtleri hem-de welaýatlardan we Aşgabat şäherinden gelen dessançylar, halk aýdymlaryny ýerine ýetirijiler gatnaşdylar. Bu festiwal gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan aýdym-saz sungatynyň näderejede täsirlidigini we halkyň oňa örän uly sarpa goýýandygyny aýdyň görkezdi. Bu çärä bagşylaryň ýaş nesilleriniň gatnaşmagy buýsandyryjy bolup, munuň özi asyl ýörelgeleriň dowamat-dowamdygyny aňlatdy. Şonuň netijesinde milli medeniýetimiz köpdürli öwüşginliligini, özboluşlylygyny saklap geldi we ony artdyrmagyny dowam edýär.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde döredijilik duşuşygy hem-de “Türkmen keçesi — bahar ýaýlasy” atly serginiň açylyş dabarasy boldy. Bu çäre häzirki eýýamda keçe basmagyň — goýun ýüňünden hili we gözelligi boýunça deňi-taýy bolmadyk ajaýyp keçe döretmegiň gadymy hünäriniň milli däplerini wagyz etmek hem-de ösdürmek maksady bilen, ýurdumyzyň ähli sebitlerinde geçirilen keçe hem-de türkmen halkynyň amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergileriniň jemleýji tapgyryna öwrüldi. Sergide häzirki zaman ussatlary tarapyndan döredilen keçeleriň hem-de keçe ýüňünden taýýarlanan beýleki önümleriň nusgalarynyň örän köp görnüşleri, şeýle hem XIX asyryň ahyryna — XX asyryň başyna degişli hakyky gadymy gymmatlyklaryň 100-e golaýy görkezildi.

Geçen hepdäniň esasy wakalaryna geçmek bilen, 11-nji aprelde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň hem-de pudak düzümleriniň birnäçesiniň ýolbaşçylarynyň, Aşgabat şäheriniň häkiminiň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirendigini bellemek gerek. Onda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça ýaýbaňlandyrylan çärelere, şeýle hem ýol-ulag düzümini ösdürmek, elektroenergetikanyň eksport kuwwatyny artdyrmak, Aşgabat şäherini abadanlaşdyrmak we halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

15-nji aprelde geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň gün tertibine döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleri girizildi. Olaryň hatarynda “Türkmenistanda döwlet eýeçiligindäki kärhanalary we desgalary hususylaşdyrmagyň 2013—2016-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny” hem-de “Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasyny” durmuşa geçirmegiň barşy, möwsümleýin oba hojalyk işlerini geçirmek, 19—20-nji aprel aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda halkara telekeçiler maslahatyny geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri, Awtomobil ulaglary ministrliginiň düzümini kämilleşdirmek, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda hünär derejesini ýokarlandyryş fakultetini açmak, Aziada—2017-ä bagyşlanan we oýunlaryň başlamagyna çenli 500 gün galanda — 5-nji maýda badalga alýan atly ýörişi geçirmäge taýýarlyk görlüşi, milli kanunçylygy has-da kämilleşdirmek, Türkmenistanyň Esasy Kanunynyň rejelenen görnüşiniň taslamasyna gelip gowuşýan teklipleri we goşmaçalary öwrenmek hem-de girizmek boýunça alnyp barylýan işler bilen bagly meseleler boldy.

Şeýle hem Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde geçirilen Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 13-nji sammitiniň netijelerine garaldy, onuň işine Türkmenistanyň wekilleri gatnaşdylar. Bu wekilçilikli forumyň gün tertibine YHG agza ýurtlaryň bähbitlerine we ählumumy abadançylygyň, ösüşiň maksatlaryna laýyk gelýän hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary girizildi.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen amala aşyrylýan halkara ähmiýetli iri taslamalaryň, şol sanda Türkmenistan—Owganystan—Pakistan—Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň durmuşa geçirilmeginiň sebitiň ykdysady taýdan ösüşine kuwwatly itergi berjekdigi, parahatçylygyň, durnuklylygyň berkidilmegine, möhüm durmuş wezipeleriniň çözülmegine ýardam berjekdigi nygtaldy. Bellenilişi ýaly, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy döwlet Baştutanymyzyň energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ugratmagyň köpugurly ulgamynyň döredilmegini ugur edinýän ählumumy energiýa howpsuzlygynyň döwrebap binýadynyň döredilmegine gönükdirilen ýangyç-energetika strategiýasynyň durmuşa geçirilmeginde möhüm ädim bolan TOPH gaz geçirijisiniň taslamasyny hemmetaraplaýyn goldaýar. Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy boýunça ýurdumyzyň hyzmatdaşlary, şol sanda Yslam Ösüş Banky ýaly abraýly maliýe düzümleri döwletleriň we halklaryň arasyndaky dostluk hem-de deňhukukly netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň köprüsi bolmaga gönükdirilen giň möçberli taslama ägirt uly gyzyklanma bildirýär.

Synymyzy dowam etmek bilen, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň dürli ugurlarynyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň gubernatory Aleksandr Žilkin hem-de Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistanda diplomatik işi tamamlanan Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Jawhar Izamow bilen geçiren duşuşyklarynyň barşynda ara alnyp maslahatlaşylandygyny bellemek gerek.

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy döredilmeginiň 13 ýyllygyny belledi. Döwlet migrasiýa gullugynyň merkezi edarasynyň mejlisler zalynda geçirilen dabaraly ýygnanyşygyň barşynda gullugyň hatarynda göreldeli gulluk edip, ýokary hünär ussatlygy we ýurdumyzyň migrasiýa syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmekde gazanan ýokary netijeleri bilen tapawutlanan harby gullukçylara nobatdaky harby atlary, hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Milli Liderimiziň adyna kabul edilen Ýüzlenmede migrasiýa gullugynyň şahsy düzümi harby borçlaryny päk ýürekden ýerine ýetirmek bilen, şöhratly ata-babalarymyzyň watançylyk däplerini dowam edip, işgärleriň öz gullugynda häzirki döwrüň iň gowy dünýä gazananlaryna daýanyp, Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň halkara abraýyny artdyrmaga mynasyp goşantlaryny goşjakdygyna ynandyrdylar.

Şu ýylyň ahyrynda Aşgabatda durnukly ulag ulgamy boýunça Ählumumy maslahaty geçirmäge taýýarlyk görmek boýunça guramaçylyk komitetiniň birinji mejlisi geçirildi. Mälim bolşy ýaly, bu maslahat 2015-nji ýylyň dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 70-nji mejlisinde kabul edilen durnukly köptaraplaýyn ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmäge ýardam etmek, ulaglaryň ähli görnüşleriniň hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygyny üpjün etmek hakynda Kararnamasyna laýyklykda geçiriler.

Bu resminama Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan başy başlanan hem-de Milletler Bileleşiginiň derejesinde biragyzdan makullanan halkara ulag meseleleri boýunça ikinji resminama bolup durýar. 2014-nji ýylyň sentýabrynda Aşgabatda geçirilen, halkara hyzmatdaşlygy, durnuklylygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň ornuna bagyşlanan ýokary derejeli halkara maslahat bu ugurdaky gatnaşyklara kuwwatly itergi berdi.

Ulag düzümini ösdürmek Türkmenistanyň syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup, ol goňşy döwletler bilen bilelikde iri sebit-yklym ähmiýetli taslamalary amala aşyrýar. Olar Ýewraziýa giňişliginde ulag akymlaryny amatlylaşdyrmak üçin örän uly mümkinçilikleri açyp, Gara we Baltika sebitleriniň deňiz terminallaryna, Günorta we Günorta-Gündogar Aziýanyň, Ýakyn Gündogaryň, şeýle hem Hytaý, Hindistan, Pakistan ýaly kuwwatly ykdysady merkezlere, Aziýa-Ýuwaş ummany sebitiniň ýurtlaryna çykalgany üpjün edýär.

Daşary işler ministrliginde geçirilen metbugat maslahaty, şeýle hem Halkara gatnaşyklar institutynda geçirilen “Türkmenistan we halkara guramalar: ählumumy parahatçylygyň we ösüşiň bähbidine hyzmatdaşlyk” atly ylmy-amaly maslahat ýurdumyzyň ýakynda BMG-niň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň birbada üç toparynyň düzümine saýlanylmagy bilen baglylykda dünýäniň abraýly düzümleri bilen hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegine bagyşlandy.

Mundan başga-da, paýtagtymyzda ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek ulgamynda milli we halkara tejribesine bagyşlanan iki günlük okuw maslahaty geçirildi. Maslahatyň işine gatnaşmak üçin degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň esasy hünärmenleri, şeýle hem Merkezi Aziýada neşeleriň ýaýradylmagynyň öňüni almak boýunça Ýewropa Bileleşiginiň Maksatnamasynyň (CADAP) halkara bilermenleri çagyryldy.

Şu günler paýtagtymyzda we ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” şygary bilen geçirilýän köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş-medeni çäreleriniň biraýlygy dowam edýär. Ol adamlaryň müňlerçesini — dürli nesilleriň we hünärleriň wekillerini birleşdirip, biziň jemgyýetimizde sagdyn we işjeň durmuş ýörelgeleriniň berkarar bolýandygynyň aýdyň subutnamasy bolup durýar.

Adamyň bedenterbiýe hem-de sport bilen meşgullanmagy, saglygy özara bagly we bölünmez düşünjelerdir. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň sport ulgamynda ýaýbaňlandyrylan düýpli özgertmeleriň başyny başlan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary netijesinde sporty höweslendirmek we ösdürmek Türkmenistanda döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlendi.

Ynha, geçen hepdede hem döwlet Baştutanymyz Içeri işler ministrliginiň Sport-ulag merkeziniň toplumyna girýän täze sport desgasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Bu ýerde motosport bilen meşgullanmak we sportuň bu görnüşi boýunça ýaryşlary geçirmek üçin motoulag bölümi guruldy hem-de enjamlaşdyryldy. Umumy meýdany 15 gektar bolan täze toplum motoýaryşlar üçin uzynlygy 1709 metr bolan ýaryş meýdançasyny, sport tehnikalary üçin garažlary, hyzmat ediş-abatlaýyş bölümini, degişli inženerçilik-tehniki düzümi özünde jemleýär. Şeýle hem ýaryşlaryň barşyna gözegçilik etjek eminler üçin barlag-syn ediş bekedi göz öňünde tutulypdyr. Şeýlelik bilen, täze motodromda motosikl tehnikalarynyň dürli görnüşleri üçin ýaryşlary geçirmäge zerur bolan şertler döredilipdir.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow motoulag bölümi bilen tanyşmagynyň barşynda onuň dolandyryş binasyna bardy, dürli iş otaglarynyň üpjünçiligini, şeýle hem bu ýerde guralan sport eginbaşlarynyň sergisini gözden geçirdi. Onda motosport bilen meşgullanýan dürli ýaşdaky türgenler üçin niýetlenen sport lybaslarynyň we aýakgaplarynyň görnüşleri, beýleki zerur bolan düzüm bölekleri görkezildi. Döwlet Baştutanymyz binadan çykyp, bu ýerde guralan sergini synlady, onda motosport üçin tehnikalaryň dürli görnüşleri, motosikller, skuterler, dürli ýaşdaky türgenler, şol sanda ýetginjekler üçin niýetlenen kwadrosikller görkezildi.

Milli Liderimiz harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary bilen bilelikde toplumyň çäginde tigirli gezelenç etdi. Hormatly Prezidentimiz täze sport desgasy bilen tanyşmagynyň barşynda sport kwadrasikline mündi hem-de ýaryş meýdançasyny hut özi synap gördi. Meýdança geçmesi çylşyrymly ýerlerden çekilipdir. Döwlet Baştutanymyz Awtosport merkeziniň ýaryş ýolunda sport ulagynda birnäçe aýlaw etdi. Ýokary tizlikde dürli çylşyrymly hereketleri ýerine ýetirmegiň hötdesinden gelip, sport ulagyny dolandyrmagyň hem ajaýyp ussatlygyny görkezdi.

Içeri işler ministri awtomobil we motosikl tehnikalaryny ýokary ussatlyk bilen dolandyrmagyň ajaýyp nusgasyny görkezen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa türkmen sportuny dünýäde öňdäki orunlara çykarmak boýunça bitiren aýratyn hyzmatlary üçin IIM-niň, Awtomobil sporty federasiýasynyň hem-de Sport baradaky döwlet komitetiniň ýokary ussatlyk derejesiniň diplomyny dabaraly ýagdaýda gowşurdy.

Milli sport we syýahatçylyk institutynda Aşgabadyň okuwçylary — uçurymlary üçin “Açyk gapylar” güni, şeýle hem “Türkmenistanda motosporty ösdürmek” atly maslahat geçirildi. Paýtagtymyzyň umumybilim berýän okuw mekdepleriniň okuwçylarynyň müňe golaýy sport-syýahatçylyk ýokary okuw mekdebiniň myhmanlary boldular.

Paýtagtymyzda halkara derejeli sport ussady Gülbadam Babamuratowany hormatlamak dabarasy boldy. Oňa abraýly halkara ýaryşda gazanan ýene-de bir ýeňşi mynasybetli gutlaglar bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan ýörite sowgatlar gowşuryldy.

Mälim bolşy ýaly, ýakynda zehinli türgenimiz Türkiýäniň Samsun şäherinde geçirilen “Gran-Pri” tapgyrynda dzýudo boýunça ýaryşda nobatdaky altyn medaly gazandy.

Ýurdumyzda giňden bellenilýän Türkmen bedewiniň baýramçylygynyň öň ýanynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergi zalynda şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda ahalteke bedewleriniň gözelligini çeper beýan etmek boýunça suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, halyçylaryň, zergärleriň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň, dizaýnerleriň, teleoperatorlaryň arasynda yglan edilen bäsleşigiň saýlama tapgyry geçirildi. Bu bäsleşik behişdi bedewlerimiziň dünýä dolan şöhratyny has-da ýaýmak maksady bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan esaslandyryldy.

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergi zalynda guralan sergi ady belli, şeýle hem döredijilik ýoluna gadam basan awtorlaryň ussatlygyny açyp görkezdi. Bu ýerde ýurdumyzyň ähli künjeklerinden bäsleşige gatnaşyjylaryň işleriniň 400-e golaýy görkezildi. Sungatyň özboluşly we ýokary çeperçilik eserleri bolup durýan suratlarda, haly önümlerinde we pannolarda ady äleme dolan ahalteke bedewiniň keşbi janlandyrylýar.

Çeperçilik serişdeleri arkaly ahalteke bedewleriniň waspyny giňden ýaýmaga gönükdirilen, asyrlarboýy ady äleme dolup gelen behişdi bedewleriň hormatyna döredijilik çäresiniň geçirilmegi hoşniýetli däbe öwrüldi. Bu ajaýyp döwür Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri diýlip atlandyryldy. Ol türkmen halkynyň öz bedewine bolan duýgusy bilen sazlaşyp, olaryň keşbi halkymyzyň täze işlere we ýeňişlere okgunlylygynyň beýany bolup durýar.