Bazar gatnaşyklarynyň, zähmetiň we hyzmatlaryň ösmegi biziň durmuşymyzda dürli görnüşli mahabatlary ulanmaklyga eltýär. Mahabatlar dükanlaryň witrinalaryndan, bannerlerdan, gazet-žurnallardan , umuman her ädimde gabat gelýär. Sarp edijiniň dogry mahabaty almaga hukugyny şeýle-de mahabaty öndürmek we ýaýratmak üçin gerekli şertleri döretmek maksady bilen Türkmenistanda ilkinji gezek “Mahabat barada” Kanun kabul edildi.
Mahabat – mahabatlandyrmagyň obýektine bolan gyzyklanmany döretmäge ýa-da goldamaga hem-de onuň bazarda öňe ilerlemegine ýardam etmäge çagyrylan, oňa bolan ünsi çekmäge gönükdirilen, şahslaryň kesgitsiz toparyna gönükdirilen islendik usul bilen, islendik görnüşde we islendik serişdeleri peýdalanmak bilen mahabat işiniň subýektleri tarapyndan ýaýradylýan mahabatlandyrmagyň obýekti hakynda maglumaty berip, onuň esasy maksady bazarda harydyň we hyzmatyň öňegidişligini gazanmakdan ybaratdyr.
Mahabata bolan umumy talaplar kanunylyk, takyklyk, hakykylyk, mahabaty sarp edijä ýitgi, şeýle hem ahlak zyýanyny ýetirmeýän görnüşleriň we serişdeleriň peýdalanylmagy bolup durýar.
Kanun boýunça mahabat beriji mahabat babatda bellenilen tertipde peýdalanyş, saklanyş ýa-da daşamak kadalary ýa-da ulanmak dessurlary tassyklanan harytlaryň mahabatynda şeýle kadalara we dessurlara degişli bolmadyk maglumatlaryň bolmazlygy üçin borçlandyrylýar.
Mahabat kanunçylyga garşy hereketlere gönükdirmeli däldir, dürli alamatlar boýunça adamyň hukuklaryny kemsitmeli däldir, we mahabatlandyrylan harydy ulanmaýan adamlara ters garaýyşlary döretmeli däldir.
Mundan başga mahabat sarp edijileri bulaşyklyga getirmeli däldir we olaryň bähbitlerine zyýan ýetirmeli däldir, ýalan maglumaty özünde saklamaly däldir we mahabatlandyrylýan işiň görnüşiniň geljekki netijeliliginiň (girdejililiginiň) wadasyny ýa-da kepilini özünde saklamaly däldir.
mahabatyndan obýektiniň bejeriş häsiýetlerini görkezmäni, şeýle-de mahabatlandyrylýan obýektiň döwlet edaralary ýa-da olaryň wezipeli adamlary tarapyndan makullanandygynyň görkezilmegini özünde saklamaly däldir.
Mahabatda çilim çekmek we alkogol önümini sarp etmek ýagdaýlarynyň görkezilmegine, bu önümler
hakynda maglumatlaryň ýerleşdirilmegine, paýyş sözleriň, gelşiksiz we göwne degiji keşpleriň ulanylmagyna ýol berilmeli däldir.
Kanun esasynda mahabat Türkmenistanyň çäginde döwlet dilinde ýaýradylýar we diňe şu resminama esasynda kadadan çykmalar ulanylyp bilner.
Kanun ilki bilen mahabat berijiden mahabaty taýýarlanda onuň ýol hereketiniň nyşanyna meňzeş bolmaly däldigini talap edýär. Onda döwlet nyşanlarynyň şekilleri ulanylmaly däl we olara hormat goýmazlygy aňladýan mahabat bolmaly däl.
Duýduryjy ýazgylar we mahabatda ýerleşdirmek üçin beýleki hökmany maglumatlar açyk-aýdyň harplar we maglumat ýerleşdirilýän mahabat meýdanynyň esasyny düzýän reňkden tapawutlanýan reňk bilen ýerine ýetirilmelidir.
Mahabatdaky bar bolan maglumaty takyklaşdyrýan telefonlaryň belgileri, saýtyň domen ady mahabatda ulanylýan şriftiň ölçegine laýyk bolup, açyk-aýdyň harplar bilen ýerine ýetirilýär. Mahabatda kämillik ýaşyna ýetmedikleriň keşpleriniň audiowizual ulanylmagy ýa-da başga görnüşde ulanylmagy gadagandyr. Şonuň bilen birlikde Kanun mahabat berijiniň öz döredijilik pikirlerini dürli görnüşde berilmegini çäklendirmeýär.
Mahabaty ýaýradyjy bilen baglylykda kanunda esasy taplar çürt-kesik kesgitlenen. Mahabaty ýaýradyjy mahabaty rejeläp we onuň mazmunyna täsir edip bilmez, ýaýradylmagy gadagan edilendigi hakynda özüne mälim bolan ýa-da mälim edilmeli mahabaty ýaýradyp bilmez, çagalary umumybilim maksatnamalar boýunça okatmak üçin niýetlenen okuw kitaplarynda, okuw gollanmalarynda, beýleki okuw edebiýatynda, mekdep gündeliklerinde we depderlerinde mahabatyň ýerleşdirip bilmez.
Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulyp, gadagan edilen harytlaryň we hyzmatlaryň mahabatlaryny bu Kanun gadagan edýär.
Temmäkiniň , temmäki serişdeleriniň , alkogol içgileriniň, piwonyň we çakyr önümleriniň, göwreliligi emeli ýol bilen aýyrmak üçin lukmançylyk hyzmatlarynyň, pornografik materiallaryň , köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde ene süýdüni çalşyjylaryň (çagalar üçin süýt garyndylarynyň), lotereýalaryň we beýleki çäreleriň geçirilmeginiň;
gipnotizýorlaryň (gözbagçylaryň), tebipleriň (şypa berijileriň), ekstrasensleriň mahabaty gadagan edilen.
Kanunyň bir maddasy mahabat öndürilende we ýaýradylanda kämillik ýaşyna ýetmedikleri goramak maksadyna bagyşlanan. Sebäbi raýatlaryň bu toparyna mahabat aýratyn täsir edijiligi bilen tapawutlanýar. Bu bolsa olaryň hukuklaryny we gyzyklanmalaryny howp astyna salýar. Şonuň üçin bu kanunda çagalary goramak üçin birnäçe çäreler göz öňünde tutulan.
Hususanda kämillik ýaşyna ýetmedikler tarapyndan ata-eneleriň we mugallymlaryň abraýyna, olara bolan ynama zyýan ýetirilse, kämillik ýaşyna ýetmedikleri mahabatlandyrylýan harytlary edinmäge ýa-da mahabatlandyrylýan hyzmatlardan peýdalanmaga ata-eneleri ýa-da beýleki adamlary ynandyrmagy oýarsa mahabat gadagandyr.
Kämillik ýaşyna ýetmedikler tarapyndan degişli harytlara eýelik etmek we degişli hyzmatlary peýdalanmak, olara beýleki kämillik ýaşyna ýetmedikleriň öňünde haýsydyr bir artykmaçlygy berýändigi barada we olaryň bolmazlygy gapma-garşy netijäni oýarýar diýip ynandyrýan mahabatlar gadagandyr.
Aýratyn maddalarda kanun teleýaýlymda, radioda we köpçülikleiýin maglumat beriş serişdelerde we çap edilýän neşirlerde ýaýradylýan mahabatlar barada hem reglamentirleýär. Teleýaýlymda, radioda mahabatlara wagt dowamlylygy girizilen.
Teleýaýlymlar we radioýaýlymlar üçin niýetlenen mahabat gepleşiginiň eşitdirilişine bölünip berilýän wagtyň umumy dowamlylygy gije-gündiziň dowamynda eşitdirilýän gepleşigiň umumy möçberiniň ýigrimi göteriminden geçip bilmez.
Dowamlylygy ýigrimi minuda çenli telegepleşiklerde mahabat arakesmesi bir gezekden köp bolup bilmez.
Telegepleşigiň dowamynda mahabat her ýigrimi minutdan ýygy bolman görkezilip bilner. Kanun boýunça mahabat bilen bölmekligi gadagan edilýän birnäçe tele we radio gepleşikleriň sanawyny görkezýär.
Mahabat göni ýaýlymda ýa-da ýazgyda alnyp görkezilýän sport ýaryşlarynyň dowamyndaky arakesmelerde ýa-da olaryň togtadylan wagtynda görkezilip , bölünip bilner.
Dowamlylygy kyrk bäş minutdan köp bolan konsert-tomaşa we sport gepleşikleriniň toplumynyň, kino we telefilmleriň alnyp görkezilmeginiň arasy mahabat üçin wagtyň doly kyrk bäş minut wagt aralygynda bir gezekden köp bölünip bilinmez.
Kanunda çap neşirlerinde mahabatyň möçberi we tematikasy degişli redaksiýanyň tertipnamasynda göz öňünde tutulan tertipde kesgitlenilýär. Döwlet çap neşirleriniň bir sanynyň möçberiniň ýigrimi bäş göteriminden, beýleki çap neşirleriniň bir sanynyň möçberiniň otuz göteriminden köp bolmaly däl. Galan mahabat mugt goşundy görnüşinde berilmelidir. Ýazylyşyk boýunça ýaýradylýan çap neşirleriniň ýazylyşygynyň şertlerinde neşiriň umumy möçberinde mahabatyň mukdary hökman görkezilýär.
Mahabatlary elektroaragatnaşyk ulgamlary boýunça, şol sanda elektron poçta boýunça ýaýratmaklyga mahabaty almak üçin abonentiň ýa-da adresatyň deslapky ylalaşygy bolan şertlerinde rugsat edilýär. Mahabat gurnawlaryny ýerleşdirmegiň çyzgysy çäk meýilnamasyna degişli resminamalaryň talaplaryna laýyk gelmelidir we emele gelen gurluşygyň daşky binagärlik keşbiniň, şähergurluşyk kadalarynyň we düzgünleriniň, howpsuzlyk talaplarynyň berjaý edilmegini üpjün etmelidir
Daşarky mahabat boýunça hem kanun kesgitli talaplary belleýär.
Kanun babatynda şunuň ýaly mahabat binalarda , daşarky mahabat awtomobil ýollarynyň sowgut zolagynyň serhetlerinde , awtomobil ýollary ,demir ýoluň sowgut zolagynda ýerleşdirilende gowy görünmelidir.
Durmuş mahabatyna Kanuna aýratyn orun berilen.
Durmuş mahabaty sagdyn durmuş ýörelgäniň, saglygy we daşky gurşawy goramagyň, energiýa serişdelerini gorap saklamagyň, durmuş goraglylygynyň we ilatyň howpsuzlygyny üpjün etmegiň, hukuk bozulmalaryň öňüni almagyň, ruhy baýlygyň we bilim bermegiň wagyz meseleleri boýunça jemgyýetçilik we döwlet bähbitlerini goraýar. Mahabat täjirçilik häsiýete eýe däldir we haýyr-sahawat maksatlarynyň amala aşyrylmagyna we durmuş ähmiýetli wezipeleriň çözülmegine gönükdirilendir.
Durmuş mahabatynyň mahabat berijileri bolup, fiziki we ýuridik şahslar, döwlet edaralary çykyş edip biler.
Durmuş mahabatlaryny ýaýratmak tölegsiz esasda amala aşyrylýar we haýyr-sahawat diýlip ykrar edilýär. Şeýle şahslar Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan ýeňilliklerden peýdalanýarlar.
Durmuş mahabatynda hemaýatkärler barada, şeýle hem bilim, medeniýet, saglygy goraýyş, bedenterbiýe we sport çygrynda durmuşa gönükdirilen çäreleriň mahabatyny geçirmeklige muzdsyz kömekleri berýän edaralar barada ýatlamalara rugsat berilýär.
Ýöne durmuş mahabatlarynda käbir takyk harytlaryň anyk markalary, haryt nyşanlary, hyzmat ediş nyşanlary barada ýatlanmagyna ýol berilmeýär.
Mahabat radioýaýlymlarda, teleýaýlymlarda we çap edilýän köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde hem berilip bilner.
Şeýle hem bu kanunda . Derman serişdeleriniň, lukmançylyk maksatly önümleriň we lukmançylyk tehnikalarynyň,
Çagalar iýmitleriniň, maliýe hyzmatlaryň, medeni – köpçülikleýin çäreleriň, ulagda mahabatlary ýaýratmagyň lukmançylyk hyzmatlarynyň, öňüni alyş, anyklaýyş, bejeriş we lukmançylyk taýdan dikeldiş, halk lukmançylygynyň usullarynyň mahabaty aýratynlyklary kesgitlenen.
Şu Kanunyň bozulmagy Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilige eltýär.