Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet gullugyny ösdürmek we kämilleşdirmek baradaky başlangyçlaryna döwlet gurluşynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde garalaýar. “Tabşyrylan işde ýokary hünär ussatlylygy, ygtyýarlylyk we berk jogapkärçilik döwlet gurluşyny ösdürmegiň möhüm şerti bolup durýar” diýip, milletiň baştutany aýdýar. Prezidentiň tabşyrmagy boýunça Mejlisiň deputatlary 2016-njy ýylyň mart aýynda döwlet gullugynyň üstünlikli işlemeginiň esaslaryny, şeýle hem döwlet gullugynyň işgärleriniň özüni alyp barmaklarynyň kadalaryny we düzgünlerini kesgitleýän esasy resminamalary işläp taýýarladylar we kabul etdiler.
“Döwlet gullugy hakyndaky” Kanun döwlet gullugyna girilmegi, onuň geçilmegi we bes edilmegi bilen bagly ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirýär we döwlet gullukçysynyň hukuk ýagdaýyny kesgitleýär. Resminama döwlet gullukçylarynyň döwlet häkimiýetiniň wezipelerini durmuşa geçirmäge gönükdirilen wezipe borçlaryny ýerine ýetirmek boýunça amala aşyrylýan hünär hökmünde kesgitleýär. Döwlet gullugynyň esaslanýan ýörelgeleri hukuk döwletiniň we konstitusion gurluşyň esaslarynda; kanunylykda; adamyň we raýatyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň ileri tutulmagynda, olary durmuşa geçirilmeginiň kepilliklerinde; döwlet gullugynyň ulgamynyň birliginde; döwlet gullukçylarynyň gözegçilikde bolmaklarynda we hasabatlylygynda; olaryň hünär ussatlylygynda we ygtyýarlylygynda öz beýanyny tapýar.
Döwlet gullukçysynyň wezipe borçlarynyň häsiýetine baglylykda döwlet gullugy raýat, harby we hukuk goraýyş gullygyna bölünýär. Döwlet edaralarynda işgärler bilen işlemegiň netijeleligini ýokarlandyrmak maksady bilen, Döwlet gullukçylarynyň wezipeleriniň sanawy döredilýär. Dözlet gullukçysynyň hukuk derejesini 3,13-16-njy maddalar reglamentirleýär. Kanuna laýyklykda döwlet gullugynda wezipäni diňe Türkmenistanyň raýaty amala aşyryp bilýär. Döwlet gullukçylary konstitusion hukuklarynyň we azatlyklarynyň ählisine eýedirler we Zähmet kodeksiniň we beýleki kanun çykaryjy kadalary bilen goraglydyr. Kanunda Döwlet gullukçysynyň hukuklarynyň bozulaýan ýagdaýynda dawany çözýän kadalaryň bardygyny bellemelidiris.
Kanun döwlet gullukçysyndan gulluk borçlaryny ýerine ýetirende şahsy garaýyşlaryny açyk görkezýän ýa-da haçsydyr bir syýasy partiýa aýratyn gatnaşygyna şaýatlyk edýän hereketleri etmegi gadagan edýär. Şeýle hem döwlet gullukçysy öz hukuk ýagdaýyny döwlet gullugynyň bähbitlerine garşy gelýän bolsa, syýasy partiýalaryň we dini guramalaryň , şeýle hem raýatlaryň bähbitlerine peýdalanmaga hukugy ýokdur. Şeýle hem döwlet gullukçysynyň mugallymçylyk, ylymy we döredijilik işinden başga hak tölenýän iş we telekeçilik işi bilen meşgullanmaga haky ýokdur.
Kanunyň kadalary raýatlaryň döwlet gullugyna girmäge deň hukugyny üpjün edýär. Raýatlar boş wezipeler barada maglumat almaga hukugy bardyr. Döwlet wezipesini eýelemäge dalaşgärlik edýän adamyň synag tabşyrmagyny göz öňünde tutýar. Şonuň bilen bir hatarda kanun birnäçe esaslarda raýatyň döwlet gullugyna kabul edilmezligini hem göz öňünde tutýar.
“Döwlet gullukçysynyň etikasy we gulluk özüni alyp barşy halynda” Kanun döwlet gullukçysynyň ahlak keşbine we işewür sypatlaryna talaplary ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Kanunyň kadalary hökman ýerine ýetirilmelidir we olaryň berjaý edilmegi döwlet gullukçysynyň hünär işinde we gulluk özüni alyp barşyna baha bermegiň ölçegleriniň biri bolup durýar.
Raýatlaryň hukuklarynyň, azatlyklarynyň we kanuny bähbitleriniň kanunylygy, döwletiň we jemgyýetiň bähbitlerine wepalylyk, baş çykaryjylygy, adyllylyk we tarap çalmazlyk döwlet gullukçysynyň esasy ýörelgeleri bolup durýar. Döwlet gullukçysy öz işinde adamy goramagyň, goldamagyň we oňa hyzmat etmegiň döwlet häkimiýet edaralarynyň baş wezipesi bolup durýandygyndan ugur almalydyr. Kanun döwlet gullukçysyny salyhatly bolmaga, gulluk borçlaryny ýerine ýetirende resmilik, agraslyk, adatlylyk, iş wagtyndan daşarda hem ahlak-etiki kadalary berjaý etmek, gödeklik, tekepbirlik etmezligi, masgaralaýjy sözlerden ulanmazlygy, mylakatly bolmaklygy, raýatlar we işdeşleri bilen gürrüňdeşlikde sypaýyçylykly bolmaklygy, iş bilen baglanyşykly ýagdaýda bolmagyny talap edýär.
Döwlet gullukçylaryna bildirilýän esasy talaplaryň biri hem korrupsiýa garşy özüňi alyp barmakdyr. Kanun döwlet gullukçysyna öz wezipe ygtyýarlyklaryny emläk ýa-da emläk häsiýetli hyzmatlar, gaýry emläk hukuklary görnüşinde peýda almak üçin peýdalanmagy, baýraklardyr sowgatlary almaklygy berk gadagan edýär. Döwlet gullukçylary bähbitleriň çaknyşygyna ýol bermezlik üçin çäreleri görmelidirler, onuň ýüze çykaýan ýagdaýynda bolsa ony düzgünleşdirmek boýunça kanunyny çäreleri görmäge borçludyrlar.Döwlet gullukçysy korrupsiýa bilen hukuk bozulmalaryny etmäge ony yrmak maksady bilen özüne haýsydyr bir adamyň ýüz tutan ähli halatlary barada özüniň işleýän döwlet edarasynyň ýolbaşçylygyna we hukuk goraýjy edaralara habar bermäge borçludyr.
Döwlet gullukçysy tarapyndan şu kanunyň berjaý edilmegi hünär synaglary geçirilende, ýokary wezipelere hödürlenende hasaba alynýar. Döwlet gullukçysy tarapyndan şu kanunyň bozulmagy döwlet edaralarynyň zähmetkeşler köpçülikleriniň ýygnaklarynda onuň ahlak taýdan ýazgarylmagyna degişlidir, Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan halatlarda bolsa, kanunçylykda bellenilen tertipde jogapkärçilige eltýär.