Ï Halkymyzyň bagtyýarlygy – ýurdumyzyň rowaçlygynyň girewi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Halkymyzyň bagtyýarlygy – ýurdumyzyň rowaçlygynyň girewi

view-icon 4392
Ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy, ykdysady, medeni we sport durmuşynda bolup geçýän ähmiýetli wakalar Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan diýen buýsançly ady göterýän döwletimiziň binýatlyk esasynyň kuwwatyny artdyrýar. Eziz Watanymyzyň gülläp ösmegini, mähriban halkymyzyň durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanmagyny maksat edinýän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow özüne mahsus bolan aýgytlylyk bilen oňyn durmuş-ykdysady reformalary we demokratik özgertmeleri yzygiderli we maksada okgunly durmuşa geçirýär.

Oýlanyşykly ykdysady strategiýa hem-de ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň okgunlylygy möhüm öňüni alyş çärelerine öwrülip, olar dünýä ykdysadyýetinde dowam edýän çylşyrymlylyklara garamazdan, Türkmenistana jemi içerki önümiň ýokary ösüş depginlerini, senagat önümleriniň öndürilýän möçberlerini, daşary söwda dolanyşygyny, içerki bazarda harytlaryň we hyzmatlaryň bahalarynyň durnuklylygyny saklamaga mümkinçilik berdi. Galyberse-de, milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklaryny tehniki taýdan enjamlaşdyrmaga, olaryň düzümini döwrebaplaşdyrmaga, durmuş-ykdysady maksatnamalary we maýa goýum taslamalaryny amala aşyrmaga gönükdirilýän maýa goýumlarynyň möçberleri ep-esli ýokarlandy.

28-nji aprelde döwlet Baştutanymyz Ahal welaýaty we paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, Ak bugdaý etrabynyň Änew şäherinde täze ýaşaýyş jaýlarynyň düýbüni tutmak dabarasyna hem-de ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň şu etrapda ýerleşýän Mebel toplumynyň açylyşyna gatnaşdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýakynda gol çeken Kararyna laýyklykda, Änew şäherinde 5 sany 4 gatly 32 öýli jemi 160 hojalyga niýetlenen döwrebap ýaşaýyş jaýynyň gurluşygyna badalga berildi. Resminama laýyklykda, Ahal welaýatynyň häkimligi desgalaryň buýrujysy, “Ahalgurluşyk” önümçilik birleşigi bolsa potratçysy bolup çykyş edýär. Bu taslamanyň amala aşyrylmagyna badalga berilmegi -- ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli gowulandyrmak, şäherlerde hem-de obalarda raýatlarymyzyň ähli amatlyklaryň hözirini görüp ýaşamagy üçin oňaýly şertleri döretmek milli Liderimiziň başlangyjy boýunça hem-de ýolbaşçylygynda eziz Watanymyzyň ähli künjeklerinde ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeler maksatnamalarynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridiginiň nobatdaky subutnamasydyr.

Döwlet Baştutanymyz saparyň çäklerinde Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde gurlan Mebel toplumyna hem bardy. Toplum şu ugur boýunça önümleriň dürli görnüşlerini öndürmäge ýöriteleşdirilen hususy kärhanalaryň 18-sini birleşdirdi. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň tagallalary bilen gysga wagtyň içinde bu ýerde ýokary hilli mebelleri we beýleki degişli önümleriň köp görnüşini öndürýän köp ugurly, importuň ornuny tutýan, eksport ugurly döwrebap önümçilik döredildi. Olaryň ählisi Ýewropa ýurtlarynda öndürilen öňdebaryjy tehnologik enjamlar bilen üpjün edildi. Çaklanylyşy ýaly, toplumyň taslamada göz öňünde tutulan kuwwatlylygyna çykmagy bilen, özümizde öndürilýän önümler daşary ýurtlardan getirilýän mebelleriň 90 göteriminiň ornuny tutar.

Milli Liderimiz “Türkmen mebel” kärhanasynyň önümçilik binasy bilen tanyşlykdan soň, Mebel toplumynyň kärhanalarynda we beýleki hususy önümçiliklerde çykarylýan önümleriň sergisini synlady. Habar berlişi ýaly, Ministrler Kabinetiniň geçen hepdäniň ahyrynda geçirilen mejlisinde ýakyn geljekde ýurdumyzyň telekeçileri tarapyndan daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ýerini tutýan hem-de eksporta ugrukdyrylan önümçiligi ýola goýmak we önümleriň täze görnüşlerini daşary bazarlara çykarmak, şeýle hem hyzmatlar ulgamyny ösdürmek boýunça döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde iri möçberli taslamalary amala aşyrmak göz öňünde tutulýar.

Şunuň bilen baglylykda, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ygtyýaryna senagat zolagy üçin ýer bölegini bölüp bermek bilen baglanyşykly işler geçirilýär. Bu meýdanda isleg bildirilýän harytlary öndürýän ýokary tehnologiýaly kärhanalary gurmak göz öňünde tutulýar.

Ahal welaýatyna hem-de paýtagtymyz boýunça amala aşyran iş saparynyň barşynda milli Liderimiz paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherjiginde işleriň ýagdaýy bilen hem tanyşdy. Onuň desgalarynyň agramly böleginde gurluşyk işleri doly tamamlandy. Giň gerimli Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna az wagtyň galandygyny belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde geçiriljek halkara sport ýaryşlaryny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin ähli tagallalary etmegiň zerurdygyny aýtdy.

29-njy aprelde döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi. Onda Ahal welaýatynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýyna seredildi. Onuň barşynda Watanymyzy dünýäniň ösen döwletleriniň birine öwürmäge, halkymyzyň, oba adamlarynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişine garaldy. Diňe 2008–2015-nji ýyllarda Ahal welaýatynda hassahanalaryň, saglyk öýleriniň we merkezleriniň 40-sy, orta mekdepleriň we mekdebe çenli çagalar edaralarynyň 90-sy guruldy. Medeniýet öýleriniň 18-si, sport mekdepleriniň we desgalarynyň 29-sy, umumy meýdany 1 million 34 müň inedördül metrden hem köp bolan ýaşaýyş jaýlary ulanmaga berildi.

Häzirki döwürde welaýatda medeni-durmuş maksatly 20 desga gurulýar. Ak bugdaý etrabynyň “Gäwers” geňeşliginde ähli amatlyklary bolan döwrebap şäherçäniň, Derweze etrabynda täze obanyň gurluşygy güýçli depginler bilen alnyp barylýar.

Şonuň bilen birlikde, mejlisde welaýatyň ýolbaşçylarynyň işinde köpsanly kemçilikleriň ýüze çykarylandygy bellenildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, “Döwlet adam üçindir!” diýen syýasaty durmuşa geçirmek bilen, mähriban halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmagy, raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmagy baş maksat edinýäris. Bu wezipeleriň ýerine ýetirilmegi ugrunda ägirt uly serişdeleriň goýberilýändigini belläp, milli Liderimiz olaryň käbir ýolbaşçylaryň günäsi bilen doly özleşdirilmeýändigini aýtdy. Işde goýberilen düýpli kemçilikler, olary düzetmek boýunça degerli çäreleriň görülmändigi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow käbir etraplaryň häkimlerini eýeleýän wezipelerinden boşatdy. Ahal welaýatynyň ozalky häkimini bolsa, Baharly etrabynyň häkimi wezipesine belläp, yza galýan etraby göreldeli etraba öwürmegi, obany özgertmek boýunça maksatnamany ýerine ýetirmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Ahal welaýatynyň täze ýolbaşçylaryna işlerinde üstünlik arzuw edip, olaryň işe çalt girişip, bu meselelere aýratyn üns bermelidigini we bar bolan kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek üçin yhlas bilen, tutanýerli zähmet çekmelidigini belledi. Milli Liderimiz ilkinji nobatdaky wezipeleriň hatarynda ekerançylyk ýerleriniň melioratiw ýagdaýyny gowulandyryp, hasylyny artdyrmak, zeýkeşleri talabalaýyk saklamak, ýerleriň şorlamagynyň öňüni almak üçin ekerançylyk meýdanlarynda, ýaplaryň, ýollaryň gyralarynda tokaý zolaklaryny döretmek ýaly möhüm wezipeleri kesgitledi. Şeýle hem welaýata gerek bolan durmuş maksatly desgalary, ýollary giň gerim bilen gurmak üçin çäreleri görmegiň, oba ilatyny arassa agyz suwy, elektrik energiýasy, tebigy gaz bilen doly üpjün etmek, adamlara şahsy kömekçi hojalygy ýöretmek üçin mellek ýerlerini, ýaşaýyş jaýyny gurmak üçin bank karzlary bermek, olara beýleki möhüm ýaşaýyş-durmuş meselelerini çözmekde ýardam etmek boýunça degişli işleri geçirmegiň zerurdygy bellenildi.

Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisiniň barşynda Ahal welaýatynda dolandyryş-çäk gurluşyny tertipleşdirmek boýunça Ministrler Kabinetiniň teklipnamasyny nazara alyp, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 63-nji maddasy esasynda Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan işlenip taýýarlanylan degişli resminamanyň taslamasy barada habar berildi. Taýýarlanylan taslama laýyklykda, Ahal welaýatynyň Derweze etrabynyň “Owadandepe” geňeşliginiň Täze zaman we Gülzada obalarynyň, şeýle hem Aşgabat şäherine degişli täze gurulýan döwrebap obanyň ýerlerini paýtagtymyza geçirmek göz öňünde tutulýar. Derweze etrabyny dolandyrmagyň ykdysady taýdan amatsyzdygyny göz öňünde tutup, ony ýatyryp, onuň çäklerini Ak bugdaý hem-de Gökdepe etraplaryna geçirmek, ýagny Aşgabat-Daşoguz awtomobil ýoluny araçäk hökmünde bellemek teklip edildi. Mundan başga-da, welaýatyň Kaka etrabynyň Kaka şäherçesine etrap hukukly şäher derejesini bermek, Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabyny ýatyryp, onuň dolandyryş çägini we ilatly ýerlerini Tejen etrabyna birikdirmek bellenildi. Şeýle hem Daşoguz we Mary welaýatlarynyň birnäçe obalaryny Ahal welaýatynyň tabynlygyna geçirmek meýilleşdirilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hödürlenen taslamany makullap, degişli resminamany kabul etmek hakyndaky meseläni Türkmenistanyň Mejlisiniň garamagyna girizmegi maslahat berdi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň geçen hepdäniň ahyrynda geçirilen nobatdaky mejlisinde hem döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine garaldy, onuň jemleri boýunça birnäçe möhüm resminamalar kabul edildi. 5-nji maýda Sagdynlyk we bagtyýarlyk biraýlygynyň, “Türkmenistan – sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy” ady bilen geçirilýän oýunlaryň jemleriniň jemlenmegine hem-de Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna 500 gün galmagy mynasybetli guraljak çäreleriň hormatyna geçiriljek dabaralar bilen baglanyşykly alnyp barylýan işleri ara alyp maslahatlaşmak möhüm meseleleriň biri boldy. Ýurdumyzda geçiriljek giň möçberli dabaralary nazara almak bilen, 2016-njy ýylyň 5-nji maýyny iş güni däl diýip yglan etmek hakyndaky Permanyň taslamasy döwlet Baştutanymyz tarapyndan makullanyldy we oňa gol çekildi.

Hökümetiň mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň Saud Arabystany Patyşalygyna boljak resmi saparyna görülýän taýýarlygyň barşyna-da garaldy. Milli Liderimiz Saud Arabystany Patyşalygy bilen döwletara gatnaşyklarynyň ýokary derejesine kanagatlanma bildirip, ýurdumyzyň mundan beýläk hem netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegi göz öňünde tutýandygyny belledi. Şol hyzmatdaşlygyň öňünde bolsa giň mümkinçilikler açylýar.

1-nji maýda – saparyň ilkinji güni Er-Riýadda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Saud Arabystanynyň Patyşasy Salman ben Abdulaziz Al-Saudyň arasynda geçirilen gepleşikler, şeýle hem dostlukly ýurduň hökümet, maliýe we işewür toparlarynyň wekilleri bilen geçirilen ikitaraplaýyn duşuşyklar dostlugyň we özara düşünişmegiň mäkäm binýadyna esaslan türkmen-saud gatnaşyklarynyň hil taýdan täze derejä çykýandygyna şaýatlyk edýär.

Milli Liderimiz Saud Arabystanynyň “Er-Riýad” gündelik neşirine beren interwýusynda, hususan-da, halklarymyzyň birek-birege ýokary derejede hormat goýmagy, ruhy, ahlak gymmatlyklarymyzyň we garaýyşlarymyzyň ýakyndygy biziň gatnaşyklarymyzyň berk esaslaryny düzýär diýip belledi. Bu bolsa, hyzmatdaşlygyň ugurlarynyň giň toplumy boýunça netijeli we yzygiderli gatnaşyklary alyp barmaga mümkinçilik berýär.

27-nji aprelde Aşgabatda geçirilen, Maliýe ministrliginiň Bütindünýä banky bilen bilelikde guran maslahatynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Onuň işine ministrlikleriň we pudak edaralarynyň hünärmenleri, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary, Halkara pul gaznasynyň, Halkara maliýe korporasiýasynyň, Ýewropanyň ösüş we özgerdiş bankynyň, Aziýanyň ösüş bankynyň, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň we Ýewropa Bileleşiginiň düzümleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatda ykdysadyýetiň ýokary bäsdeşlige ukyplylygynyň netijeli ýollaryny gözlemegiň dünýä tejribesine, onuň usullaryna we görkezijilerine garaldy. Şeýle hem ýurdumyzda hususy bölegi ösdürmegiň hem-de türkmen ykdysadyýetini diwersifikasiýalaşdyrmagyň möhüm ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Bellenilişi ýaly, kanunçylygy kämilleşdirmek, milli Liderimiz tarapyndan geçirilýän senagat, innowasiýa we maýa goýum syýasaty, içerki ykdysady we durmuş durnuklylygy, ylym we bilim ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeler ýurdumyzyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga ýardam edip, daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň – iri daşary ýurt kompaniýalarynyň we maýadarlaryň gyzyklanmasyna eýe bolýar.

Häzir baý maddy we ruhy mirasymyz halkymyzyň milli baýlygy bolmak bilen çäklenmän, eýsem, dünýä medeniýetiniň aýrylmaz bölegi hem bolup durýar. Bu babatda geçen hepdäniň aýdyň wakalarynyň birini-- Amerikanyň iri sungat merkezleriniň biri bolan Metropoliten muzeýinde “Köşk we köşk ulgamy: Seljuklaryň beýik eýýamy” atly sergini görkezmek bolar.

Türkmenistanyň muzeý gymmatlyklarynyň toplumlarynyň ilkinji gezek daşary ýurtda görkezilýändigi bellärlikli ýagdaýdyr. Munuň özi Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň goldaw bermegi netijesinde mümkin boldy we “Gozgalýan milli taryhy-medeni mirasy goramak, getirmek we äkitmek hakynda” şu ýylyň 11-nji aprelinde güýje giren Kanuna laýyklykda mümkin boldy.

Milli mirasymyzy, taryhy-medeni ýadygärlikleri gorap saklamak we öwrenmek babatda möhüm wezipeleriň üstünlikli çözülmegine döwlet tarapyndan goldaw berilmegi, şeýle hem bu ulgamda abraýly halkara guramalary we dünýäniň iri muzeýleri, şol sanda 1872-nji ýylda esaslandyrylan, dünýäniň iri muzeýleriniň onusynyň hataryna girýän Metropoliten muzeýi bilen hyzmatdaşlyk ýardam edýär.

Şu ýylyň 24-nji iýulyna çenli dowam etjek bu sergi ýurdumyzda yglan edilen Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynyň çäklerinde iri çäre bolar. Ol köpsanly daşary ýurtlularyň Seljuklar döwletiniň gülläp ösen döwri barada taryhy maglumatlar bilen tanyşmagyna ýardam eder.

Bu ýerde görkezilýän ýurdumyzyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň, Marynyň taryhy-ülkäni öwreniş we Köneürgenjiň taryhy-ülkäni öwreniş muzeýleriniň gymmatlyklary Beýik Seljuklar döwletiniň dörän ýeri – Gündogaryň ykrar edilen medeni merkezi Gadymy Merwde we Merw ýaýlasynyň beýleki şäherlerinde sungatyň ösüş derejesi hakynda giňişleýin maglumat almaga mümkinçilik berýär.

Adamlar, olaryň bagtly, abadan durmuşy we saglygy hakynda alada milli Liderimiziň amala aşyrýan öňdengörüjilikli syýasatynyň beýleki möhüm ugry bolup durýar. BSGG-niň Ýewropa sebitiniň, Konwensiýanyň sekretariatynyň bilermenleriniň, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň hem-de temmäkä garşy göreşmek boýunça Pudagara utgaşdyryjy toparyň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen temmäkä garşy göreşmek boýunça Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Çarçuwaly konwensiýasyny amala aşyrmagyň meseleleri boýunça Ýewropa sebit maslahaty geçen hepdäniň aýdyň wakalarynyň biri boldy.

Türkmenistanyň Hökümetiniň goldaw bermeginde guralan bu duşuşyk 2015-nji ýylyň sentýabrynda kabul edilen ýakyn onýyllyk üçin hereketleriň degişli ýol kartasyny amala aşyrmak boýunça çäreleriň başlangyjy bolup durýar. Şol kartada BSGG-niň Ýewropa sebit edarasynyň agza döwletleri üçin maksatnamalaýyn wezipeler beýan edildi.

Aşgabat maslahatynyň maksady Ýewropa ýurtlarynda temmäkä garşy göreşmek babatda soňky gazanylanlar barada maglumat alyşmak hem-de 2025-nji ýyla çenli temmäkiniň sarp edilmegini azaltmak boýunça ählumumy maksada ilerletmegiň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmakdan ybaratdyr.

Mälim bolşy ýaly, BSGG çilim çekmek ýaly ýaramaz endigi ýok etmek boýunça Türkmenistanyň görýän çärelerine ýokary baha berýär, munuň özi 2014-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory Gurbanguly Berdimuhamedowa temmäkä garşy göreşmäge goşan ägirt uly şahsy goşandy üçin ýörite sylagyň gowşurylmagynda öz beýanyny tapdy. Häzir ýurdumyzda temmäkä garşy hereket ýaýbaňlanyp, ol geçirilýän döwlet syýasatynyň netijesinde giň gerime eýe boldy. Milli Liderimiziň başlangyjy bilen 2011-nji ýylyň martynda Türkmenistanyň Mejlisi temmäkä gözegçilik etmek boýunça BSGG-niň Çarçuwaly konwensiýasyny tassyklady, BSGG-niň Ýewropa sebit edarasy bilen bilelikde “Temmäkä garşy göreşmek boýunça 2012-2016-njy ýyllar üçin hereketleriň milli meýilnamasy” işlenip taýýarlanyldy. 2013-nji ýylda bolsa “Raýatlaryň saglygyny temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäki önümlerini sarp etmegiň netijelerinden goramak hakynda” Türkmenistanyň Kanuny güýje girdi. Bu ugurda gazanylan üstünlikler saglyk üçin ýaramaz bolan endigi ýok etmek meselelerinde biziň döwletimiziň öňdäki orunlaryň birini eýeleýändigine hem-de onuň bu ugurda toplan tejribesini paýlaşmaga taýýardygyna aýdyň şaýatlyk edýär.

Ýeri gelende aýtsak, bu maslahat Türkmenistanda temmäkä garşy göreşmegiň biraýlygynyň başyny başlady. Ol 1-nji maýda badalga aldy. Garaşylyşy ýaly, onuň çäklerinde Ýewropa sebitini temmäkiden azat etmek babatda Aşgabat Jarnamasyny amala aşyrmak boýunça hasabatyň tanyşdyryş çäresi geçiriler, şeýle hem BSGG-niň ÝSE-niň bilermenleri degişli meseläniň çäklerinde ýurdumyzyň käbir edaralarynda maslahat beriş duşuşyklaryny geçirerler.

Döwrebap tehnologiýalary ösdürmegiň meselelerine bagyşlanan ylmy-amaly maslahat geçen hepdäniň aýdyň wakalarynyň biri boldy. 28-nji aprelde Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutynda geçirilen maslahat Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Milli kosmos agentligi, Aragatnaşyk ministrligi hem-de Bilim ministrligi tarapyndan guraldy.

“TürkmenÄlem 520E” milli aragatnaşyk hemrasyny ulanmagyň ugurlaryny giňeltmek meseleleri maslahatyň esasy mowzugy boldy.

Onuň uçurylmagy we işläp başlamagy ýurdumyzda telearagatnaşyk tehnologiýalaryny ösdürmäge kuwwatly itergi berip, ýaýlyma beriş, aragatnaşyk we internet ulgamlarynda häzirki zaman hyzmatlarynyň dürli görnüşlerini peýdalanmaga mümkinçilik berdi.

Milli Liderimiziň ýöredýän döwlet syýasaty netijesinde sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy diýlip ykrar edilen Türkmenistanda bedenterbiýe-köpçülikleýin hereketi we ýokary üstünlikler sporty batly depgine eýe bolýar. Ine, geçen hepde hem sport wakalaryna baý bolup, olaryň hatarynda Derweze—Yzgant ugry boýunça guralan awtomobil ýaryşyny, 2015—2016-njy ýyllaryň möwsüminiň şaýbaly hokkeý boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň jemleýji oýunlaryny, şeýle hem maý aýynyň ahyrynda Olimpiýa şäherjiginiň söweş sungatlary sport toplumynda geçiriljek nusgawy we söweş sambosy boýunça Aziýa çempionatynyň öň ýanynda geçirilen iş toparynyň mejlisini görkezmek bolar. Şeýle hem şol günler paýtagtymyzda sport biraýlygynyň çäklerinde bouling boýunça ýurdumyzyň birinji çempionaty geçirilip, ol geçen ýyl açylan sportuň şu görnüşiniň milli federasiýasy tarapyndan guraldy, ähli welaýatlaryň dolandyryş merkezlerinde bolsa taekwondo söweş sungaty boýunça ýaryşlar (ITF görnüşi) geçirildi.

Mahlasy, geçen hepde milli Liderimiziň ýöredýän “Açyk gapylar” we giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatynyň üstünliklere beslenýändigine, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ösüşiň we rowaçlygyň ýoly bilen ynamly gadam urýandygyna şaýatlyk edýän täze subutnamalary getirdi. Hepdäniň wakalary Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň syýasatynyň esasyny düzýän iki ýagdaýy: özgertmeleriň döredijilik esasyny hem-de olaryň ähli ugurlarda türkmenistanlylaryň bagtly we mynasyp durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilendigini ähli aýdyňlygy bilen görkezdi.