Ï “Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak” ylmy-populýar žurnalynyň nobatdaky sany çap edildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

“Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak” ylmy-populýar žurnalynyň nobatdaky sany çap edildi

view-icon 5099
Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak we ýer serişdeler bardaky döwlet komitetiniň howandarlygynda neşir edilýän žurnal Türkmenistan döwletiniň tebigat-hojalyk we tebigaty goraýyşyň möhüm meselelerini we gazananlaryny, şeýle hem düýpli ylmy tehnologiýalary we praktiki ähmiýetli işleri beýan edýär.

Žurnalyň täze sany söwdany çaltlaşdyrmak we sarp edijileriň hukugyny goramak, ýurtda öndürilýän harytlardyr önümleriň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak boýunça önümleriň belgilerine innowasion çemeleşmelere bagyşlanan makala bilen açylýar. Şertli-sanly belgiler ulgamy telekeçiligiň islendik görnüşi üçin giň mümkinçilikleri açýar. Olaryň kömegi bilen maglumatlary toplamak we ýazmak işleri has tiz we takyk bolýar. Olar harytlaryň bäsdeşlige ukyplylygyny we sarp edijileriň isleglerini ýokarlandyrmaga şertleri döredýär.

Žurnalyň täze sany biziň ýurdumyzyň ajaýyp tabigat desgalary baradaky makalalar tapgyryny çap etmegini dowam etdirýär. Garagumyň tebigy ösümlik serişdelerini aýawly saklamak we netijeli peýdalanmak baradaky makala okyjylara hödürlenýär. Makala çölüň dürli ýerlerinde ýaýran ajaýyp we “gyzyl kitaba” girizilen ösümlikleri seljermegi hem öz içine alýar.

Sarygamyşdan Hazar deňzine uzan Balkan welaýatynyň çäklerinde ýerleşýän täsin tebigy desga bolan Günbatar Uzboý barada gyzykly gürrüň okyjylaryň ünsüni özüne çeker. Bu hana gadymy Amyderýanyň akaba ugry bolup, gadymy döwürlerde Günbatar Garagumyň çäkleri boýunça akypdyr. Onuň birnäçe bölekleri şor kölleriň zynjyryny we bejerijilik ähmiýeti bolan palçyklygy döredip, häzirki wagtda hem suwdan doly. Bu örän uly sebitde ýurduň derýa suwlary bilen galtaşmaýan süýji suwly kölleriň üçüsi – Ýasga, Garategelek we Topýatan kölleri bar. Bu derýanyň köne hanalary ýerasty suwlar bilen dolýar. Gadymy Uzboýuň ýerleri bu günki gün alymlar tarapyndan işjeň öwrenilýär. Olar özleriniň ymgyr çöllükde ýerleşýän kölleriň ýowuz we gaýtalanmajak owadanlygy, şorluk ýerleriň gyzylymtyl açyk reňkleri syýahatçylaryň hem gyzyklanmasyny artdyrýar. Gadymy rowaýatlardan we dessurlardan ybarat bolan bu ýerler özüniň baý etnografiki, taryhy we dini ýadygärliklerine baýdyr.


Çölüň bir bölegi Gaplaňgyr döwlet tebigy goraghanasynyň çäklerine düşýär. Onuň ösümlik we haýwanat dünýäsiniň: tebigy landşaftynyň üsti konrtast bilen ýetirilendir. Şorluk ýerler sazakly ýerler bilen çalyşyp gelýär, çägeli belentlikler bolsa takyrlar we gyrlar, tebigy we emeli suw howdanlary bilen serhetleşýär. Zeňňibaba kölüni bu ýeriniň iň owadan kölleriniň biri diýip hasap etse bolar. Ol bu ýerde ylmy gözlegleriniň geçirilmegi we ekosyýahatçylygyň ösdürilmegi babatda uly gyzyklanma döreder. Onuň töweregeinde suw-batgalykda ýaşaýan guşlaryň dürli görnüşleri ýaşaýar, Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen jerenler, medoýedler, bürgütler, gulanlar, gotanlar, karakallar gabat gelýär. Goraghananyň ähmiýeti ulydyr, şeýle hem bu kölüň biodürliligine aýry-aýry makalalar bagyşlanandyr.

Türkmenler üçin toprak- durmuşyň esasy, ýaşaýşyň we gülläp ösüşiň nyşany bolup durýar. Şonuň üçin hem oňa elmydama aýawly garapdyrlar. Biziň pederlerimiz durmuşyň gözbaşy hökmünde, ony enä deňäpdirler. Babadaýhan nesilleriniň ekerançylyk däp-dessurlary. Žurnalyň ba sanynda ýerleşdirilen oba hojalyk çärelerini geçirmek barada oba hojalyk senenamasy we howany çaklamagyň halk yrymlary barada gürrüň berýän makala bu tema bagyşlanandyr.

Ýene-de bir makala – Gündogar Köpetdagyň eteklerini özleşdirmegiň mümkinçiliklerine bagyşlanandyr. Bu çäkler – esasan hem bag nahallaryny, meselem miweli baglary we üzümi, ösdürip ýetişdirmek üçin oňaýlydyr. Bu ýerleriň suwaryşyň damjalaýyn usuly ulanylan halatynda miwe-gök we bakja ekinlerini ösdürip ýetişdirmek üçin uly mümkinçilikleri bardyr. Milli tokaý maksatnamasy bu geljegi uly bolan ýerleri tapgyrlaýyn özleşdirmäge gönükdirilendir. Bu temany oba hojalyk önümçiligini, şol sanda organiki dökünleriň – miwe önümlerini ösdürip ýetişdirmekde biogumusuň artikmaçlyklary hem, ekologiki taýdan howpsuz usullaryny alyp barmaga bagyşlanan makala dowam etdirýär.

Eposlar we dessanlar – türkmen edebiýatynyň nusgawy eserleri adamyň tebigat bilen sazlaşygy barada täsin maglumatlary, awçynyň bilen aw guşlarynyň arasyndaky özara baglanyşygyny özlerinde jemleýär. Bu barada žurnalda ýerleşdirilen makalada giňden beýan edýär. Gadymy döwürlerde Garagumda laçyn bilen aw etmek alnyp barylypdyr. Häzirki güne çenli saklanyp galan bu däp adamyň tebigat bilen özara gatnaşygynyň bir görnüşi bolup durýar.

Žurnal ýurtda akwamedeniýetiniň ösdürilmegi we balyklary emeli usulda köpeltmekde, hususan-da “Altyn asyr” türkmen kölüniň suwlarynda leňňeçleri köpeldilmekde, gazanylan üstünliklere bagyşlanan makala bilen tamamlanýar.