Olimpiýada gatnaşmak üçin dünýäniň otuzdan gowrak döwletlerinden mekdep okuwçylarynyň üç ýüzden gowragy Tbilisi şäherine ýygnandylar. Gruzin paýtagtynyň uly Sergiler zaly üç günüň dowamynda diňe bir innowasion merkezi bolman, eýsem dünýä halklarynyň medeni merkezi hem boldy. Sebäbi olimpiýada gatnaşyjylar öz ýurtlarynyň taryhy we medeniýeti, baý we özboluşly däp-dessurlary, şeýle hem öz ýurtlarynyň şu günki ýagdaýy bilen tanyşdyrdylar.
Olimpiýada mekdep okuwçylarynyň intellektual we dünýä garaýyşlaryny ösdürmäge, olaryň ylmy we döredijilik işjeňligini höweslendirmäge, şeýle hem dünýäniň dürli döwletleriniň ýaş alymlary bilen gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmaga gönükdirilendir. Olimpiýada hemişe gatnaşyjylaryň arasynda türkmen mekdep okuwçylarynyň hem bolmagy bellärlikli ýagdaýdyr. Olar düzüminde himiýa, biologiýa, inženerçilik, fizika, informatika we matematika ulgamynda öz oýlap tapmalary bilen meşhur bolan abraýly emin agzalaryna nobatdaky sapar iň gowy toparlaýyn netijäni görkezmegi başardylar.
Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň 41-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň ýokary synp okuwçylary Allaberdi Setdarow we Guwanç Jumaýew iki sany altyn medaly gazanmagy başardylar. Aşgabat şäheriniň 86-njy we 97-nji orta mekdepleriniň wekilleri Azymberdi Taganow, Aman Annaberdiýew, Berdimyrat Mämmedow we Süleýman Annagulyýew dagy kümüş medallaryň dördüsini eýelediler. Dört sany bürünç baýraga bolsa Aşgabat şäheriniň 57-nji we 86-njy orta mekdepleriniň okuwçylary Baýramgeldi Şageldiýew, Baýram Guwanjow, Miwe Guwanjowa we Merjen Çaryýewa dagy mynasyp boldular.
Ýaş türkmen intellektuallarynyň ýygyndy toparynyň onunjy gezek ýeňişi milli mugallymçylygyň gazananlaryna we täzeliklerine we dünýäniň iň gowy tejribelerini ulanylmagyna daýanýan orta bilim ulgamynyň häzirki zaman usulynyň netijelidigine şaýatlyk edýär.