Ï Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutynda Belarus Respublikasynyň bilim hyzmatlary boýunça nobatdaky, 3-nji sergi-ýarmarkasy geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutynda Belarus Respublikasynyň bilim hyzmatlary boýunça nobatdaky, 3-nji sergi-ýarmarkasy geçirildi

view-icon 1630
Bu sergi-ýarmarkasyna Belarusyň belli uniwersitetleriniň on bäşisi gatnaşdy. Olaryň wekilleri diňe bir öz ýokary okuw mekdeplerine okuwa girmegiň we okatmagyň şertleri bilen tanyşdyrman, eýsem öz ýurtlarynyň beýleki ýokary, orta hünär okuw mekdepleriniň şertleri bilen hem tanyşdyrdylar. Belarusyň hemme ýokary okuw mekdeplerinde diýen ýaly kollejler hereket edýär.

Belarusda okamagyň mümkinçilikleri barada “maglumatlar bukjasynyň” ählisini “bilim ýarmarkasy” hödürleýär. Diňe bir başarjaň dalaşgärler – orta bilim berýän mekdepleriniň ýokary synp okuwçylary, geçen ýyllaryň uçurymlary, şeýle hem ene-atalar däl, eýsem ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary we mugallymlary hem ýarmarkanyň işjeň agzalary boldular. Şunuň ýaly gözden geçirilişiň çäklerinde ýokary okuw mekdepleriniň hünärmenleriniň bilim hyzmatlary özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek we berkitmek bilen baglanyşykly möhüm meseleleri çözýär.


Biziň ýurdumyzyň adyndan Halkara Nebit we gaz uniwersiteti we Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk instituty, belarus tarapyndan bolsa – Döwlet tehnologiýa uniwersiteti işjeň hyzmatdaşlygyň nusgasyny görkezýärler. Onuň wekili – ykdysadyýet boýunça prorektor, şeýle hem belarus wekiliýetiniň ýolbaşçysy Pýotr Şalimo bu hyzmatdaşlyk ýylsaýyn giňeýär we täze mazmun bilen üsti ýetirilýär diýip, biz bilen bolan söhbetdeşliginde nygtaýar. “Bu günki gün Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň köpüsi aragatnaşyklary, şol sanda talyp alyş-çalşygy babatda hem, ösdürmek bilen, şertnamalaýyn esasda iş alyp barýarlar”, diýip, Pýotr Wladimirowiç belledi.

Häzirki wagtda döwletara ylalaşyklarynyň çäklerinde diňe Belarusyň ýokary okuw mekdeplerinde türkmen ýaşlarynyň wekilleriniň 9600-si okaýar. Olar milli ykdysadyýetiň dürli pudaklaryna zerur bolan hünärleri ele alýarlar.


Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Oleg Mihaýlowiç Tabanýuhowyň biziň habarçymyz bilen bolan söhbetdeşliginde Türkmenistanda däbe öwrülen “Belarus Respublikasynyň bilim hyzmatlarynyň ýarmarkasynyň” geçirilmegi garaşylan netijeleri berýär. Türkmen ýaşlary dostlukly ýurduň dürli hünärli okuw mekdeplerinde okamak bilen, bilimlere we hünär edinmäge ymtylyşyň nusgasyny görkezýärler. Bu sözleri sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde geçirilen Belarusyň ýokary okuw mekdeplerinde üstünlikli okaýan çagalaryň ene-atalarynyň uly toparyny sylaglamak dabarasy hem tassyklaýar.

Türkmenistanyň we Belarusyň arasyndaky ylym-bilimi ösdürmegiň meseleleri diňe bir ýarmarka-serginiň çäklerinde garalaman, eýsem Türkmenistanyň Bilim ministrliginde belarus wekiliýetiniň gatnaşmagynda geçirilen “tegelek stoluň” başynda geçirilen mejlisiň hem gün tertibine girizildi.


Minskiý şäherinde “Belarus Respublikasynda türkmen şäherçesini” gurmak baradaky başlangyç ylym-bilim ulgamynda özara hereketleri mundan beýläk hem işjeň ösdürmegiň şaýady bolup durýar. Ony Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri gurar. Belarus paýtagtynyň seýilbag zolaklarynyň birinde talyplar umumy ýatakhanasy, aspirantlar üçin myhmanhana, medeni-işewürler merkezi ýerleşer.