Ï Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde geljekki dalaşgärler üçin Açyk gapylar guraldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde geljekki dalaşgärler üçin Açyk gapylar guraldy

view-icon 1222
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti, Halkara Nebit we gaz uniwersiteti we Döwlet lukmançylyk uniwersiteti talyplyk şahadatnamalaryna dalaşgärleri ilkinji bolup kabul edip başladylar.

Okuwyň ugurlary we şertleri bilen tanyşmaga diňe bir ýokary okuw mekdepleriniň şäherçesi boýunça guralan tanyşdyrylyş gezelenji bolman, eýsem häzirki zaman tehnologiýalaryny ulanmak bilen, wideo-tanyşdyrylyş hem kömek edýär.

Şu günler ýokary okuw mekdepleriniň binýadynda daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerinde okamaga synanyşýan dalaşgärleri saýlap almak işleri guraldy. Meselem, lukmançylyk uniwersitetinde Pekiniň uniwersitetine zehinli talyplaryň resminamalaryny kabul etmek işleri alnyp barylýar.

Halkara Nebit we gaz uniwersitetinde öňde duran 2016-2017-nji okuw ýyly üçin Türkiýäniň we Ýaponiýanyň ýokary okuw mekdeplerine talyplary bäsleşik esasynda saýlap almaga badalga berildi. Bu ýerde resminamalary kabul etmek 11-nji maýa çenli dowam eder, maýyň 14-den başlap bolsa, üç günüň dowamynda inžener-mehanik, inžener-himik, elektron enjamlary üçin inžener-elektrik hünärleri boýunça dalaşgärleriň synaglary geçiriler. Bu ugurlar boýunça ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamak Ahal welaýatynda tebigy gazy gaýtadan işleýän we benzin öndürýän zawodyň gurulmagy bilen şertlendirilendir.

Türkmen talyplaryny Hytaýyň, Türkiýäniň we Ýaponiýanyň ýokary okuw mekdeplerine iberilmegi biziň ýurdumyzyň pudaklaýyn ministrlikleriniň zerurlyklaryna laýyklykda geçirilýär.

Mundan öň, aprel aýynda, Magtymguly adyndaky türkmen döwlet uniwersitetinde şunuň ýaly Hytaý Halk Respublikasynyň ýokary okuw mekdeplerine birinji ýyl talyplaryny saýlamak işleri geçirildi. Häzirki wagtda giriş synaglarynyň ählisinden üstünlikli geçen düzüminde 23 adam bolan türkmen ýaşlarynyň topary saýlanyp alyndy.

Halkara, şol sanda, we pudagara ylalaşyklaryň çäklerinde amala aşyrylýan uzak we ýakyn daşary ýurtlaryň meşhur orta we ýokary okuw mekdeplerinde türkmen talyplaryny maksatlaýyn okatmak – milli ykdysadyýetiň dürli pudaklary üçin ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamaga gönükdirilen bilim özgertmeleriniň möhüm ugry bolup durýar. Türkmen gyzlarynyň we oglanlarynyň müňlerçesi Belarusyň, Malaýziýanyň, Rumyniýanyň we dünýäniň beýleki sebitlerinde kämil hünärleri ele alýarlar.