Türkmenistan ösüşiň we döredijiligiň ýoly bilen urýan gadamyny hepdeden-hepdä barha batlandyrýar. Geçen hepde döwürleriň hem-de nesilleriň, türkmen halkynyň bitewüliginiň we agzybirliginiň, ýokary ynsanperwerlik gymmatlyklaryna ygrarlylydygynyň aýrylmaz arabaglanyşygyny alamatlandyran ýatdan çykmajak wakalara baý boldy.
Ýurdumyzyň ähli sebitlerini gurşap aljak 500 günlük atly ýörişiň ikinji ongünlügi tamamlanyp barýar. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna 482 gün galdy. 17 atlydan ybarat bolan topar Ahal welaýatynyň birnäçe obalaryna bardy. Olar gadymy Paryzdepe ýadygärliginiň ýanynda aýak çekdiler. Alymlaryň çaklamalaryna görä, bu ýadygärligiň taryhy biziň eýýamymyzdan ozalky bäşinji müňýyllyga uzap gidýär.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ilkinji döwrebap türkmen obalarynyň emele gelen ýeri bolan Yzgantda atly ýörişe gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyzyň atasy, watançy esger, halypa mugallym, ilhalar ynsan Berdimuhammet Annaýewiň ýadygärligine ajaýyp gül desselerini goýdular we onuň adyny göterýän 27-nji orta mekdebiň ülkäni öwreniş muzeýine baryp gördüler.
Ýakynda atly ýörişe gatnaşyjylar Garagum sährasynyň merkezinde ýerleşýän oba bardylar. 2017-nji ýylda geçiriljek iri sport baýramçylygynyň jarçylary Derwezede mähirli garşylanyldy. Amaly-haşam sungatynyň eserleriniň, meşhur artistleriň, tans we folklor toparlarynyň çykyşlary bilen utgaşdyrylýan duşuşyklarda sport mekdepleriniň türgenleriniň görkezme çykyşlary ýaýbaňlandyrylýar. Munuň özi belent ruhuň, güýç-kuwwatyň, döredijilik ussatlygynyň baýramçylygyna öwrülip, halkymyzyň baý medeni, taryhy mirasyny, däp-dessurlaryny we häzirki döwürde ýeten derejesini hem-de üstünliklerini giňden alamatlandyrýar.
Edermen halkymyzyň ähli döwürlerdäki durmuşyny bedew atsyz göz öňüne getirmek mümkin däldir. Milli Liderimiz Gadymy Nusaýyň ýadygärliginiň ýanynda guralan atly ýörişe badalga berende hut şu ýörelge barada aýratyn belledi. Dünýä atşynaslyk sungatynyň naýbaşysy hasaplanýan ajaýyp ahalteke bedewleri şöhratly taryhymyzyň buýsanjydyr. Türkmen halkynyň buýsanjy bolan ýelden ýüwrük ahalteke bedewleri ähli baýramçylyklarymyzyň bezegidir.
Ussat çapyksuwar we behişdi bedewlere aýratyn gadyr goýýan döwlet Baştutanymyz işiniň köpdügine garamazdan, bedewler bilen didarlaşmaga wagt tapýar hem-de hemmämiziň bilşimiz ýaly, çapyksuwarlyk ussatlygyny yzygiderli kämilleşdirýär. Geçen hepdäniň ahyrynda bolsa milli Liderimiz atçylyk sport toplumyna bardy we ahalteke bedewleri bilen didarlaşdy hem-de türkmen halylary hakyndaky täze kitabyny jemledi.
Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň baýramçylyk çärelerine özboluşly girişi alamatlandyrýan atly ýöriş özygtyýarly döwletimiziň, milli Liderimiziň paýhasly ýolbaşçylygynda sazlaşykly ösüş ýoluna düşen mähriban Watanymyzyň ýylýazgysyna altyn harplar bilen ýazylar.
Mundan başga-da, oýunlar ilat arasynda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň tassyk edilmegine, ýaşlaryň sporta giňden çekilmegine, paýtagtymyzyň degişli düzüminiň sazlaşykly ösdürilmegine ýardam eder.
Ýurdumyzyň baş şäherinde ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeler maksatnamasyny ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly meseleler döwlet Baştutanymyzyň hemişe üns merkezinde durýar. Paýtagtymyzy ösdürmek boýunça 17-nji maýda geçirilen maslahatda Aşgabady ösdürmegiň meýilnamasyny ýerine ýetirmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler hakynda hasabat berildi.
2015—2016-njy ýyllarda Aşgabat şäheriniň etraplaryny ösdürmegiň meýilnamasyna laýyklykda, şu ýylyň dowamynda senagat we durmuş maksatly desgalaryň 383-si gurlup, ulanylmaga berildi. Şeýle hem şu ýylyň ahyryna çenli dürli maksatly binalaryň 276-synyň gurluşygyny tamamlamak göz öňünde tutulýar. Şäheriň demir ýol we ulag düzümlerini döwrebaplaşdyrmak, täze inženerçilik we elektrik ulgamlaryny çekmek, paýtagtymyzyň seýilgählerini, ýaşaýyş toplumlaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça giň möçberli işler alnyp barylýar.
Giň möçberli şähergurluşyk maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi Türkmenistanyň häzirki zaman okgunly ösüşiniň baş nyşanyny äşgär edýän ak mermerli Aşgabadyň tanalmaz derejede özgermegini üpjün eder. Milli Liderimiz birnäçe ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylaryna anyk tabşyryklary berip, şäheri mundan beýläk-de abadanlaşdyrmak, onuň durmuş ulgamyny kämilleşdirmek, jemagat hojalygynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça tagallalary artdyrmagyň zerurdygyny belledi.
Geçen şenbe güni döwlet Baştutanymyz Aşgabadyň eteklerinde alnyp barylýan abadanlaşdyryş we gök zolaklary döretmek, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça 2017-nji ýylda geçiriljek V Aziýa oýunlaryna giň möçberli taýýarlyk işleriniň gidişinde täze itergä eýe bolan şäheriň döwrebap keşbini kemala getirmek babatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy.
Milli Liderimiz gök zolaklary gözden geçirmegiň barşynda anyk kemçilikleriň bardygyny belläp, birnäçe degişli bellikleri aýtdy. Ýerli howa ýagdaýyny, tomsuň yssy we gurak günlerini nazara almak bilen, ýangyn howpsuzlygy boýunça ähli zerur çäreleriň berk berjaý edilmelidigi nygtaldy. 18-nji maýda ýurdumyzda milli senenamamyzda möhüm orun eýeleýän şanly sene bolan Konstitusiýa we Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni giňden bellenildi.
Milli Liderimiziň ählihalk baýramçylygy mynasybetli iberen Gutlagynda häzirki döwürde ýurdumyzyň Baş Kanunyny halkara ülňülerine we häzirki zamanyň talaplaryna laýyklykda, milli kanunçylyk esaslaryny kämilleşdirmek babatdaky işler tapgyrlaýyn esasda alnyp barylýar. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň teklibi boýunça gelip gowşan teklipleri nazara almak bilen, gutarnykly işlenip taýýarlanylan Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşiniň taslamasy 2016-njy ýylda boljak Ýaşulular maslahatynyň garamagyna hödürlener.
Paýtagtymyzda döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda Konstitusiýa binasyna we Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasy boldy.
Magtymgulynyň ýadygärligine gül goýmak dabaralary ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň merkezlerinde geçirildi.
Daşary syýasat strategiýasyny durmuşa geçirmek we Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşi bilen baglanyşykly meseleler Ministrler Kabinetiniň 20-nji maýda geçirilen mejlisinde ara alnyp maslahatlaşyldy.
Hususan-da, Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň Durnukly ösüş boýunça döwletara toparynyň nobatdaky mejlisini geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berildi. Ol 24—26-njy maýda Türkmenistanyň 2015—2016-njy ýyllarda Durnukly ösüş boýunça döwletara toparyna başlyklyk etmeginiň çäklerinde Aşgabatda geçiriler.
Araly halas etmegiň Halkara gaznasyny esaslandyryjylaryň biri bolan ýurdumyz bu ugurda sebitiň döwletleriniň, iri halkara guramalarynyň, öňi bilen BMG-niň tagallalarynyň birleşdirilmegini ugur edinýär.
Şeýle hem Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasynda hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki komitetiň nobatdaky mejlisini geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berildi. Bellenilişi ýaly, BAE Türkmenistanyň iri söwda-ykdysady hyzmatdaşlarynyň biridir. Ikitaraplaýyn haryt dolanyşygynyň möçberiniň artdyrylmagy munuň subutnamasydyr.
Ministrler Kabinetiniň mejlisinde we 16-njy maýda geçirilen nobatdaky wideoşekilli iş maslahatynda ýurdumyzyň welaýatlarynda, paýtagtymyzda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeler maksatnamasyny durmuşa geçirmek, milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklaryny ösdürmek, Aşgabat şäheriniň gününe, 2015—2016-njy okuw ýylynyň tamamlanmagyna bagyşlanan baýramçylyk çärelerine taýýarlyk boýunça pikir alyşmalar boldy.
Mejlisiň barşynda döwlet Baştutanymyz Karara gol çekip, Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasynda hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki komitetiň türkmen tarapynyň düzümini tassyklady.
Şeýle hem önümçilikde barlaglary alyp barmagyň we heläkçilikli ýagdaýlary hasaba almagyň Tertibini tassyklamak hakyndaky Karara gol çekildi. Tertipnamanyň maglumatlaryna laýyklykda, dürli çäreleri, şol sanda zähmeti goramak, betbagtçylykly ýagdaýlaryň öňüni almak we duýdurmak bilen baglanyşykly meselelere gözegçilik etmek boýunça çäreler geçirmek meýilleşdirildi.
Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça 2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek V Aziýa oýunlarynyň guralýan pursatlarynda ýurdumyzyň ilaty hem-de myhmanlary üçin awtoulag hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak boýunça öňde durýan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrligine Koreýa Respublikasynyň “Hyundai” korporasiýasy bilen “Hyundai New Super Aero Сity” kysymly şäheriçi gatnaw üçin niýetlenen awtobuslaryň 496-syny, mümkinçiligi çäkli adamlara niýetlenen “Hyundai New Super Aero Сity” kysymly awtobuslaryň 4-sini, şeýle hem olar üçin ätiýaçlyk şaýlary, sarp ediş serişdelerini satyn almak üçin şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.
Hepdäniň ortasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň öňdabaryjy işewür toparlarynyň wekillerini — “Hyundai Engineering” kompaniýasynyň baş direktory Kim Wi Çuly we “LG International Сorporation” kompaniýasynyň direktorynyň baş dolandyryjysy Çi Ho Songy kabul etdi. Bu kompaniýalaryň hünärmenleri Türkmenistanyň nebitgaz pudagyny ösdürmek boýunça iri maýa goýum taslamalaryna işjeň gatnaşýarlar. Işewürler milli Liderimize Gyýanlydaky polietilen we polipropilen öndürýän gazhimiýa toplumynyň gurluşygynyň barşy, şeýle hem bilelikdäki işiň beýleki ugurlary hakynda hasabat berdiler we milli Liderimize birnäçe täze taslamalary görkezdiler.
Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Türkiýäniň “Renaissanse Holding” kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjagy kabul etdi. Myhman Ahal welaýatynyň çäginde tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň gurluşygynyň barşy barada hasabat berdi.
Milli Liderimiziň Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Akmalžon Kuçkarow bilen bolan duşuşygynda türkmen-özbek gatnaşyklaryny ösdürmegiň ägirt uly mümkinçilikleriniň bardygy barada aýdyldy. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy. Duşuşygyň barşynda söwda-ykdysady pudagynda we beýleki geljegi uly hasaplanylýan ugurlarda netijeli gatnaşyklary ösdürmek üçin oňyn mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen VII halkara Gaz kongresi we oňa bagyşlanyp guralan pudaklaýyn sergi hepdäniň wakalarynyň esasylarynyň biridir.
Foruma dünýäniň 40-a golaý ýurdundan 400-e golaý wekil gatnaşdy. Olaryň hatarynda Amerikanyň, Ýewropanyň we Aziýanyň döwletleriniň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, iri nebitgaz kompaniýalarynyň, innowasion merkezleriň, maliýe we taslama institutlarynyň wekilleri, bilermenleri, daşary ýurtlaryň Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň, abraýly halkara guramalarynyň baştutanlary, daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bar. Munuň özi “mawy ýangyjyň” halkara bilermenleri tarapyndan tassyklanan ägirt uly gorlaryna eýe bolan Türkmenistanyň abraýynyň barha ýokarlanýandygynyň nobatdaky subutnamasydyr.
Gaz kongresine Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlaryndan, Russiýadan, ABŞ-dan, Hytaý Halk Respublikasyndan, Ýaponiýadan, Koreýa Respublikasyndan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Pakistandan, Hindistandan, Eýrandan we beýleki döwletlerden wekiliýetler gatnaşdy.
Daşary ýurtlaryň we Türkmenistanyň nebitgaz kompaniýalary täze ýataklary özleşdirmek, gazy çykarmak, arassalamak we gaýtadan işlemek, gaz kondensatyny, suwuklandyrylan gazy öndürmek we “mawy ýangyjy” içerki hem-de daşarky sarp edijilere ugratmak boýunça işläp taýýarlamalaryny, ýeten derejelerini görkezdiler.
Kongresiň barşynda tebigy gazyň bazarlarynyň häzirki ýagdaýy, Türkmenistanyň dünýä gaz ulgamynda eýeleýän orny, eksport bazarlarynyň köpugurlylygy, energiýa serişdelerini ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirmek, gaz ýataklaryny gözlemegiň hem-de ony işläp taýýarlamagyň täzeçil usullary, ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak üçin dünýäniň ösen tehnologiýalaryny we usullaryny peýdalanmak bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
«Tegelek stoluň» başynda geçirilen duşuşykda Türkmenistan—Owganystan—Pakistan—Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasyny maliýeleşdirmegiň we oňa maýa goýumlaryny çekmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunlukda, daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň, esasan, üç ugry boýunça gatnaşygyna seredildi:
- taslamany turba önümleri we gaz enjamlary bilen üpjün etmegi göz öňünde tutýan söwda ulgamy boýunça;
- karz serişdelerini gönükdirmegi ugur edinýän maliýeleşdirmek ulgamy boýunça;
- maýa goýum ulgamy boýunça, munuň özi Türkmenistanyň iň iri gaz ýatagy bolan “Galkynyş” gaz känini döwrebaplaşdyrmagy maksat edinýän maýadarlar üçin geljekki ugurlardan we “TAPI Pipeline Сompany Limited” konsorsiumyna gatnaşmakdan ybaratdyr.
«Tegelek stoluň» ikinjisi “Gündogar—Günbatar” turbageçirijisiniň ulanmaga berilmegi arkaly türkmen energiýa göterijilerini dünýä bazarlaryna çykarmagyň täze kepillendirilen mümkinçiliklerine bagyşlandy.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, häzirki döwürde Türkmenistan özüniň ykdysady we energetika howpsuzlygyny pugtalandyrmagy ugur edinýän energetika önümlerini öndüriji islendik döwlet ýaly milli bähbitlerine örän jogapkärçilikli çemeleşýär.
Döwlet strategiýasynyň rejelenen ýörelgelerine daýanmak, özüniň serişde binýadyna we ony geljekde ulanmagyň mümkinçiliklerine anyk baha bermek bilen, ýurdumyz energiýa göterijileriň ugurlaryny üýtgetmegi däl, eýsem ony dünýäniň gyzyklanma bildirýän döwletleriniň we sebitleriniň täze bazarlaryna çykmagyň hasabyna giňeltmegi hem-de üstüni ýetirmegi nazarlaýar.
Şunuň bilen baglylykda, daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň Türkmenistan—Owganystan—Pakistan—Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy ýaly giň möçberli taslamalara gyzyklanmalarynyň barha ýokarlanýandygyny bellemeli.
Ony ähli ugurdaş ýerüsti düzümlerini goşmak arkaly 2019-njy ýylyň dekabrynda ulanmaga bermek meýilleşdirilýär. Döwletara gaz geçirijisiniň türkmen böleginde häzirki döwürde “Türkmennebitgazgurluşyk” döwlet konserniniň hünärmenleri bir wagtyň özünde 1420 milli metr diametri bolan turbalary goýmak we olary birnäçe akymlar arkaly kebşirlemek işlerini alyp barýar. Munuň özi işiň depginlerini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär.
Türkmen tebigy gazy Hindistanda we Pakistanda “mawy ýangyja” bolan islegleri kanagatlandyrmaga mümkinçilik berer. Çaklamalara görä, ol ýurtlarda 2030-njy ýyla çenli gaza bolan islegler iki esse artar. Mundan başga-da, energiýa serişdeleri üstaşyr geçirýän Owganystanda bu serişdeleriň gytçylygy yzygiderli azalar. Bangladeşiň hem bu taslama uly gyzyklanma bildirýändigini bellemeli. TOPH taslamasynyň durmuşa geçirilmegi bilen, Hindistan özüniň ilkinji halkara gaz geçirijisini ediner. Häzirki döwürde bu ýurt gazy suwuklandyrylan görnüşde, tankerleriň getirmeginde satyn alýar.
Bu gezekki forumda taslamanyň durmuşa geçirilmeginde işewür hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma bildirýän iri nebitgaz kompaniýalarynyň wekilleri öz isleglerini mälim etdiler.
“Gündogar—Günbatar” gaz geçirijisiniň milli ykdysadyýetimizi senagatlaşdyrmakda, ýurdumyzyň baý uglewodorod serişdelerini doly möçberde ulanmagyň hasabyna ony köpugurly esasda ösdürmekde, eksport mümkinçiliklerini artdyrmakda möhüm wezipeleriň çözülmegini şertlendirmegi bilen baglanyşykly meseleler ikinji tegelek stoluň başynda geçirilen söhbetdeşligiň ähmiýetini artdyrdy.
Halkara Gaz kongresine gatnaşyjylaryň pikirine görä, Günbatar—Ýewropa ugry turbageçiriji taslamanyň geljegi uly ugry bolup durýar. Onuň gurluşygy işjeň häsiýete eýe bolýar. Bu iri möçberli taslamanyň durmuşa geçirilmegi Türkmenistanyň täze möhüm we köptaraply energetika strategiýasynyň iş ýüzünde amala aşyrylmagynyň başlangyjyny alamatlandyrar. Ýewropaly hyzmatdaşlar bilen ýola goýulýan işler işewür we netijeli esasda dowam etdiriler.
Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasynda geçirilen Medeniýet günleri şanly pursatlara baý boldy. Ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlary giň möçberli maksatnamany işläp taýýarladylar. Onuň çäklerinde dürli konsertler, ýurdumyzyň amaly-haşam sungatynyň eserleriniň we muzeý gymmatlyklarynyň sergisi guraldy. Iki dostlukly döwletleriň döredijilik işgärleri sungat ulgamyndaky özara gatnaşyklaryň geljekki ugurlary, döredijilik duşuşyklary bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Mundan başga-da, ýurdumyzyň döredijilik işgärleriniň eýranly kärdeşleri bilen duşuşyklary geçirildi. Türkmen kinofilmleriniň görkezilişi boldy.
Geçen hepdede türkmen türgenleri halkara ýaryşlarda üstünlikli çykyş edip, ýurdumyzyň sport abraýyny ýokary galdyrdylar. Ýakynda Ukrainanyň Lwow şäherinde geçirilen garyşyk başa-baş göreş boýunça dünýä kubogynyň we kung-fu boýunça Ýewropanyň açyk çempionatynyň ýaryşlarynda türkmen türgenleri 6 medala — üç altyn we üç kümüş medala mynasyp boldular. Olaryň 5-sini ýaryşlaryň birnäçe görnüşleri boýunça çykyş eden Meýlis Kiçikakaýew gazandy. Ol bir günde ýedi gezek göreş meýdançasyna çykdy we şolaryň her birinde diýen ýaly ýeňiji boldy. Ildeşlerimiz kung-fu boýunça Ýewropanyň açyk çempionatynda iki kümüş medaly eýelemegi başardylar.
Dünýä kubogynyň ýaryşlary tamamlanandan soň, garyşyk başa-baş göreş (MMA) boýunça Bütindünýä federasiýasynyň maslahaty boldy. Onuň barşynda bu sport guramanyň Merkezi Aziýa bölüminiň wise-prezidentligine Türkmenistanyň “hanmudo” söweş sungaty federasiýasynyň wekili Şöhrat Allaýew saýlanyldy.
Hindistanyň Nýu-Deli şäherinde geçirilen küşt boýunça Aziýanyň çempionatynda aşgabatly sport ussady Jemal Öwezdurdyýewa blis-turnirde dördünji orna düşdi. Ýurdumyzyň çempiony üçünji baýrakly orna düşen türgenden bary-ýogy ýarym utuk yza galdy. Bu abraýly sport ýaryşlaryna dünýäniň 20 ýurdundan 40-dan gowrak türgen gatnaşdy.
Paýtagtymyzyň ýöriteleşdirilen küşt-şaşka mekdebinde alty ýaşa çenli çagalaryň arasynda küşt boýunça ýurdumyzyň ilkinji çempionaty geçirildi. Şweýsar ulgamy boýunça ýedi tapgyrda geçirilen bäsleşiklere ýaşajyk türgenleriň 30-sy gatnaşdy. Olar ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň we paýtagtymyzyň toparlaryna wekilçilik etdiler.
Umuman, geçen hepdäniň wakalary Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň milli Liderimiziň paýhasly we öňdengörüjilikli ýolbaşçylygynda ösüşiň we döredijiligiň ýoly bilen ynamly gadam urýandygyny has aýdyňlygy bilen äşgär etdi.