Ï Açyk halkara talyplar internet-olimpiadasyna gatnaşan türkmen talyplary 135 medalyň – olaryň 23-si altyn medal we 59-sy kümüş medal, eýesi bolmagy başardylar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Açyk halkara talyplar internet-olimpiadasyna gatnaşan türkmen talyplary 135 medalyň – olaryň 23-si altyn medal we 59-sy kümüş medal, eýesi bolmagy başardylar

view-icon 1982
OPO - (Open International Internet Olympida) – bilim ulgamynda bilimiň hiliniň we innowasiýalary goldamak Milli gaznasynyň monitoringi Ylmy-gözleg institutynyň (Russiýa) howandarlygynda talyplaryň arasynda geçirilýän intellektual bäsleşikleriň meşhurydyr. Milli ykdysadyýetiň ýokary tehnologiýaly pudaklarynda bazaryň talaplary bilen bagly ylmy gözlegleri geçirmäge ukyply hakyky zehinli ýaş adamlary ýüze çykarmaga gönükdirilen bu bäsleşikler bir wagtyň özünde dünýäniň dürli döwletleriniň binýat ýokary okuw mekdepleriniň onlarçasynda geçirilýär. Talyplaryň olimpiadalara gatnaşmaklary olarda hünärlerini has çuňňur öwrenmäge we alan bilimlerini iş ýüzünde ulanmaga itergi berýär.

Binýat ýokary okuw mekdepleri bolan Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty we Döwlet energetika instituty bu köp tapgyrlaýyn olimpiadanyň predmet tapgyrlarynyň geçirilýän ýeri boldy. Bu ýokary okuw mekdeplerinde häzirki zaman multimediýa tehnologiýalarynyň elýeterli bolmagy netijesinde wideoalnyp görkeziliş amala aşyryldy. Onuň işine onlaýn düzgüninde olimpiadanyň guramaçylyk komitetiniň agzalary gözegçilik edip bildiler.


Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti gazanylan baýraklaryň hasaby boýunça türkmen ýokary okuw mekdepleriniň arasynda öňdeligi eýeledi. Bu ýokary okuw mekdebiniň hasabynda dürli derejeli medallaryň 30-sy, şol sanda altyn medallaryň 6-sy, kümüş medallaryň 13-si we bürünç medallaryň 11-si bar. Ogulsuraý Artykowa, Guwanç Nuryýew, Aziza Hudiýarowa (himiýa), Miwegözel Geldiýewa (ekologiýa), Polat Pozyýew (fizika), Mekan Toýjanow (teoretika mehanikasy) “Altyn” medalyň eýeleri boldular.

Ikinji orny baýraklaryň 24-ni – şol sanda altyn medallaryň 4-sini, kümüş medallaryň 10-ny, bürünç medallaryň hem 10-syny eýeläp, Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplaryna başartdy. Bu ýokary okuw mekdebiniň talyplary Begmuhammet Kakabaýew, Ahmet Hudaýberdiýew, Abdulraşid Çerkezow (informatika) we Ogulnur Artykowa (himiýa) altyn medallary eýelediler. Talyplaryň halypasy – informatika we maglumatlar tehnologiýalary kafedrasynyň müdiri Maksat Çüriýew talyplaryň käbiriniň bir wagtyň özünde dürli ugurlar boýunça ýaryşa gatnaşandygyny hem-de baýrakly orunlara mynasyp bolandyklaryny belledi. Meselem, Gülçehre Annadurdyýewa iki ugur boýunça üstünlik ýar boldy hem-de oňa kümüş medala (ekologiýa) we bürünç (himiýa) medala mynasyp bolmak başartdy.

Medallaryň 22-ni – şol sanda 3 altyn, 11 kümüş we 8 medaly toparlaýyn eýeläp, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň (TDBGI) topary hormat münberiniň üçünji ornuny eýeledi. Bu ýokary okuw mekdebiniň mugallymy, açyk halkara internet-olimpiadalarynyň milli utgaşdyryjysy Ataberdi Işangulyýew indi bäş ýyl bäri TDBGI şular ýaly intellektual ýaryşlaryny geçirmek boýunça binýat meýdançasy bolup durýar, onuň talyplary bolsa baýrakly orunlara yzygiderli mynasyp bolup gelýärler diýip, nygtady. Soňky geçirilen intellektual estafetasynyň netijeleri boýunça Begenç Ödemyradow (ekologiýa), Şatlyk Akmyradow (teoretiki mehanika) we Gülistan Guljagazowa (himiýa) altyn medallara mynasyp boldular


Olimpiadalara yzygiderli gatnaşyp gelýän Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň talyplaryna hem şowlylyk ýar boldy. Olar umumylykda medallaryň 15-ni gazanmagy başardylar. Talyplaryň üçüsi – bejeriş, lukmançylyk-öňüni alyş we sport lukmançylygy fakultetleriniň talyplary Agabaý Salaýew, Agageldi Meredow we Eziz Naşiýew himiýa we ekologiýa boýunça geçirilen ýaryşlarda “altyn” baýraklary almagy başardylar.

Şeýle hem Türkmen oba hojalyk institutynyň (16 medal) we Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň (14 medal) talyplary hem gowy netijeler bilen çykyş etdiler. Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň (5 ýeňiş), S.Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň (5 ýeňiş), Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň (4 ýeňiş) wekilleri baýrakly orunlary eýelemegi başardylar.

Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty ýokary okuw mekdepleriniň üçüsi üçin olimpiadanyň binýat meýdançasy boldy. Bu ýerde bäsleşikleriň geçirilýän günlerinde Daşoguzdaky Türkmen oba hojalyk institutynyň we Türkmenabatdaky S.Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň wekilleri myhmançylykda boldular.

TDEI wekili Gözel Saparlyýewanyň gürrüň berşi ýaly, bu ýokary okuw mekdepleriniň her biri biziň ýurdumyzyň umumy intellektual “gaznasyna” iki sany altyn medaly goşdy. Olardan Firuza Husenowany we Mamajan Şükürowany (TDMI), Şirinjemal Kamiljanowany we Aýgül Amannazarowany (TDEI), Pena Ataýewi we Serdar Berdiýewi (TOHI) görkezmek bolar.

Ýene-de bir altyn medal Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň wekili Meretmuhammet Hojanepesowa degişlidir.

Şu günler ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň ählisinde Açyk halkara internet-olimpiadalarynyň ýeňijilerini hormatlamak çäreleri dabaraly ýagaýlarda geçirilýär.