Ï Türkmenistandaky Ýewropa günlerinde paýtagtymyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary ýewropa dillerini öwrenmegiň usullary bilen tanyşdylar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistandaky Ýewropa günlerinde paýtagtymyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary ýewropa dillerini öwrenmegiň usullary bilen tanyşdylar

view-icon 1522
Ýewropa güni mynasybetli Halkara ynsanperwer we ösüş uniwersitetinde grek, slowak, rumyn, italýan, ispan, fransuz, litwa we nemes dillerini öwrenmeklige çekmek maksady bilen tanyşdyryş leksiýasy geçirildi. Bu leksiýany ýokarda aýdylan dilleri öz ene dili bolan mugallymlar we türkmen mugallymlar alyp bardylar.


Bu okuw sapaklarynyň dowamynda Türkmenistanda akkreditirlenen ýewropa ýurtlarynyň diplomatik wekilhanalaryň ýardamy bilen geçirilen Türkmenistandaky Ýewropa günleriniň ýokary okuw mekdepleri üçin meýilnamasynda ýewropa ýurtlaryň medeniýeti, taryhy, halklaryň däp dessurlary bilen tanyşdyrýan gysgaça tanyşdyryş dabaralary geçirildi.


Halkara ynsanperwer we ösüş uniwersitetinde ilkinji gezek gurnalan okuwlar diňe bir ýaş halkara hünärmenleriň bilim derejesiniň ýokarlanmagyna täsir etmän, eýsem käbir talyplarda ýokary okuw mekdebiniň meýilnamasynda bolmadyk dilleri özbaşdak öwrenmäge isleg döretdi.