Ï Mekdep uçurymlarynyň «Soňky jaňy» mynasybetli dabaralar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Mekdep uçurymlarynyň «Soňky jaňy» mynasybetli dabaralar

view-icon 12129
Ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň uçurymlarynyň on müňlerçesi üçin «Soňky jaňy» dabaralary ýatdan çykmajak ajaýyp baýramçylyga öwrüldi.

Biziň her birimiz üçin aýratyn mana eýe bolan mekdebi tamamlamak mynasybetli däbe öwrülen ajaýyp “Soňky jaň” dabaralary aýdyň, tolgundyryjy, joşgunly şatlyk duýgularyndan doly, şol bir wagtda hem täsin hem ýatdan çykmajak mekdep ýyllary, mähriban mugallymlar we dostlar bilen hoşlaşyk aýratyn tolgundyryjy pursatlardyr. Uly adam hökmünde özbaşdak durmuşa, döredijilikli zähmetiň açyşlaryna, täze bilimleri ele almagyň hem-de arzyly maksatlarymyzyň amala aşmagynyň mümkinçilikleriniň bosagasyndaky duýgular hem bu pursatlaryň aýratynlygydyr.


Şu gezekki dabaralar baýramçylyk görnüşinde bezelen mekdep meýdançalarynda köp sanly myhmanlary — ýerli häkimiýet edaralarynyň wekillerini, ene-atalary hem-de uçurymlaryň ýakyn dostlaryny bir ýere ýygnan çäreleriň “Berkarar döwletimizde mirasyma sarpa bar, nesilleriň buýsanjy, şöhrat Size, Arkadag!” şygary astynda geçendiginiň özboluşly manysy bardyr. Mekdep okuwçylaryny uly durmuş ýoluna ugratmak dabarasy bilen bir hatarda, ýurdumyzda ýene bir sene

— Aşgabat şäheriniň güni, ajaýyp paýtagtymyzyň sarpasyna guralýan dabaralar bilen utgaşyp, bitewi baýramçylyk ýagdaýyny emele getirýär. Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda ýurdumyzyň döwlet Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygynyň baýram edilmegine taýýarlyk görülýän döwürde guralýan bu dabaralar aýratyn öwüşgine eýe bolýar.

Täze taryhy döwürde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan amala aşyrylýan durmuş ugurly syýasatyň netijesinde bilim ulgamyny özgertmek, hemmetaraplaýyn bilimli, täzeçe pikirlenýän hem-de maksada okgunly ýaş nesliň kemala getirilmegi ugrunda ähli şertleri döretmek boýunça ägirt uly işler durmuşa geçirildi, ýaş neslimize halkymyzyň bagtyýarlygynyň we Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine alnyp barylýan özgertmeler strategiýasyny dowam etdirmek wezipesi öňde durýar.


Häzirki wagtda orta mekdep — okatmagyň hem-de bilim bermek usulyýetiniň öňdebaryjy tehnologiýalary bilen üpjün edilen, dünýä ülňülerine laýyk gelýän okuw binýady döredilen, kämil derejeli ösen ýaşlaryň özleriniň aň-paýhas mümkinçiliklerini mümkin boldugyça doly açmak üçin şert döredilen okuw merkezleridir. Türkmenistanyň umumybilim berýän orta mekdepleri ýaş nesliň hemmetaraplaýyn döredijilik zehinlerini we başarnyklaryny, sporta höwesini, ýokary hünär derejesini emele getirmek üçin ähli mümkinçiliklere eýedir.

Bilim ulgamynyň täze hil derejesinde döwrebaplaşdyrylmagy okuw işine möhüm täzelikleri girizdi, binýatlaýyn bilimlerden başga-da, ykdysadyýetiň esaslary, Türkmenistanyň medeni mirasy, dünýä medeniýeti, modelleşdirmek we grafika, maglumat-aragatnaşyk we innowasiýa tehnologiýalary ýaly täze dersler öwredilýär. Milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklary üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak wezipelerinden ugur alnyp, ýurdumyzda himiýa, biologiýa we beýleki dersleri çuňlaşdyrylan görnüşde okatmaga gönükdirilen ýöriteleşdirilen orta mekdepler döredildi.


Mekdep okuwçylarynyň daşary ýurt dillerini öwrenmek meýilnamasynyň ýaýrawyny has giňeltmek baradaky çözgüt bu ugurda nobatdaky möhüm ädim boldy, munuň özi köpugurly halkara hyzmatdaşlygynyň geriminiň işjeň giňelýändigi hem-de okgunly ösýändigi hasaba alnyp durmuşa geçirilýär. Iňlis, fransuz, nemes dilleri çuňňur öwrenilýän okuw mekdepleri üstünlikli hereket edýär, ýakyn geljekde bolsa hytaý we ýapon dillerini öwrenmäge ýöriteleşdirilen mekdepler peýda bolar. Olaryň hatarynda paýtagtymyzda täze gurulýan ýokary okuw mekdebiniň — Oguzhan adyndaky Tehnologiýalar uniwersitetiniň ýanyndaky ilkinji türkmen-ýapon orta mekdebi bar, bu ýokary okuw mekdebi ýurdumyzy mundan beýläk-de senagatlaşdyrmak boýunça giň möçberli meýilnamalary durmuşa geçirmek üçin zerur inžener-tehniki işgärleri taýýarlamakda möhüm ähmiýete eýe bolar.

Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen bilim ulgamynda amala aşyrylýan innowasiýa özgertmeleriniň aýdyň netijeleriniň biri hem Türkmenistanyň mekdep okuwçylarynyň dürli ders ugurlary boýunça abraýly halkara bäsleşiklerinde ýylyň-ýylyna gazanýan ýeňişleridir. Diňe şu ýylyň özünde biziň zehinli okuwçylarymyz Gazagystanda geçirilen 12-nji Halkara bäsleşikde jemi 51 medala, şol sanda 14 altyn, 14 kümüş we 23 bürünç medala mynasyp boldular. Şeýle hem türkmen mekdep okuwçylary dünýä durnukly ösüşi boýunça ABŞ-nyň Hýuston şäherinde geçirilen Halkara taslama olimpiadasynda, himiýa boýunça mekdep okuwçylarynyň Mendeleýew olimpiadasynda (Russiýa), ýaşajyk alymlaryň we oýlaptapyjylaryň IVIPO-2016 (Tbilisi, Gruziýa) 10-njy Halkara olimpiadasynda we beýlekilerde üstünlikli çykyş etdiler. Ýeňijileriň 19-sy şu ýylky mekdep uçurymlarydyr.


Şu gün 2015—2016-njy okuw ýylynda geçirilen aň-paýhas bäsleşiklerinde baýrakly orunlary eýelänler dabaralaryň baş gahrymanlary boldular, olara okuw ýylynyň tamamlanmagy mynasybetli mekdep dabaralarynda aýratyn hormat-sarpa goýuldy.

Şatlyk-şowhuna beslenen bu gün ýurdumyzyň ähli mekdeplerinde guralan dabaraly çärelerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň iberen Gutlagy aýratyn ruhubelentlik bilen diňlenildi, onda döwlet Baştutanymyz uçurymlary şatlykly baýram — bilimleriň täze gözýetimleriniň, bagtyýarlygyň we ýeňişleriň açylýandygyny alamatlandyrýan “Soňky jaň” dabaralary bilen gutlady, bu baýramçylyk ajaýyp arzuwlardan we belent maksatlardan doly röwşen geljege badalga berýär. Gutlagda bellenilişi ýaly, uçurymlaryň, mugallymlaryň, bilim işgärleriniň, şeýle hem ähli halkymyzyň kalbyny şatlyk-joşguna besleýän bu baýramçylyk dabaralary eziz Watanymyzyň, bagtyýar halkymyzyň röwşen geljege barýandygynyň, berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk mekanyna öwrülýändiginiň aýdyň beýanydyr.

Milli Liderimiziň “Bilim-ylym adamzadyň gymmatly baýlygydyr, ynsanyň kalbyny nurlandyryp, oňa kuwwat berýän egsilmez güýçdür. Şoňa görä-de, siz beýik maksada — berkarar Watanymyz Garaşsyz Türkmenistany bilimler mekanyna öwürmäge gönükdirilen giň gerimli işlere gowy okamak, döredijilikli zähmet çekmek, gurmak, döretmek, ylym-bilim dünýäsine çuňňur aralaşmak bilen mynasyp goşant goşmalysyňyz” diýen sözleri uçurymlara ak pata hökmünde ýaňlandy.


Ir bilen, asylly däbe görä, iň gowy okan uçurymlar döwletimiziň Garaşsyzlyk döwründäki gülläp ösüşini alamatlandyrýan belent binalara gül goýmak dabaralaryna gatnaşdylar.

Mekdeplerde geçirilen dabaraly çärelerde özleriniň ilkinji bilim ojagy bilen hoşlaşýan ýetginjekler we gyzlar simwoliki “altyn açar” bilen bilelikde iň körpelere — geljekki birinji synp okuwçylaryna bilimler dünýäsiniň açaryny gowşurdylar. Mugallymlaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň, ene-atalaryň tolgundyryjy sözleri ýaňlandy, mekdep uçurymlary bolsa öz gezeginde olara hoşallyk sözlerini aýtdylar. “Soňky jaň” uçurymlaryň durmuşynda iň möhüm tapgyryň başlanýandygyny alamatlandyrýar. Öňde gutardyş we giriş synaglary görnüşinde birgiden tolgunmalar ummany garaşýar.


Mekdeplerde geçirilen dabaralardan soň, uçurymlar ýurdumyzyň şäherleriniň we obalarynyň şaýollary, meýdançalary, seýilgähleri we seýilbaglary, beýleki ajaýyp künjekleri boýunça däbe öwrülen gezelenje çykdylar, bu ýerlerde köpçülikleýin gezelençler hem-de belli artistleriň gatnaşmagynda çykyşlar guralýar.

Aşgabadyň taryhy-medeni ýadygärlikleri, beýleki ajaýyp künjekleri bu gün ýurdumyzyň dürli şäherlerinden we obalaryndan gelen uçurymlar üçin hem aýratyn dabaralar merkezlerine öwrüldi. Gowulardan-gowular — okuwda, jemgyýetçilik durmuşynda, aň-bilim, döredijilik we sport bäsleşiklerinde tapawutlanan mekdep okuwçylary üçin höweslendiriji sowgat hökmünde baýramçylyk çärelerine gatnaşmak üçin olar paýtagtymyza geldiler.


Aşgabat şäheriniň güni hem-de 2015—2016-njy okuw ýylynyň tamamlanýandygy mynasybetli paýtagtymyzyň “Arkadag” seýilgähinde guralan baýramçylyk konserti esasy dabara boldy, onuň ahyrynda ýurdumyzyň welaýatlaryndan gelen we Aşgabat şäheriniň tapawutlanan uçurymlaryna Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan gymmatbahaly sowgatlar gowşuryldy. Orta mekdepleriň uçurymlarynyň, mugallymlarynyň we bilim ulgamynyň işgärleriniň adyndan döwlet Baştutanymyza Ýüzlenme kabul edildi.

Tutuş ýurdumyz boýunça guralan giň möçberli dabaraly çärelere diňe bir uçurymlaryň özleri däl-de, olaryň dostlary, garyndaşlary we ýakynlary uly höwes bilen gatnaşdylar, dabaralar ähli arzuwlaryň hasyl bolýan mekanynda, mähriban Watanymyzda ýaňlanýan belent owaza müňlerçe ýürekleriň sazlaşykly urgusyny özünde jemledi.