“Merkezi Aziýada bilim ulgamynyň özgertmeleri” atly maksatnamanyň çäklerinde geçirilýän seminarlara halkara bilermen Zilke Huge gatnaşdy. Seminarlara ýurdumyzyň ähli sebitlerinden mugallymçylyk ugrunyň ýokary we orta hünär mekdepleriniň hem-de orta mekdepleriniň mugallymlary gatnaşdylar.
Okuwçynyň hemmetaraplaýyn dünýägaraýyşly bolmagy üçin düýpli ylym, bilim esaslaryny berýän başlangyç bilim berýän mekdepleriň okuw işleriniň soňky dünýä gazananlary, treninge gatnaşyjylaryň üns merkezinde boldy. Bu ýerde başlangyç synp okuwçylaryny okatmagyň belli bolan gyzyklandyryjy usullary barada hem durlup geçildi.
Seminaryň çäklerinde Zilke Huge bilen awtordaşlykda Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň hünärmenleri bilen bilelikde taýýarlanan täze okuw-usuly gollanmanyň tanyşdyrylyşy hem geçirildi. Bu gollanma eýýäm birnäçe ýyl bäri taýýarlanylyp, gysga wagtda ýurdumyzyň ähli sebitleriniň bilim ulgamynyň hünärmenleriniň arasynda ýaýradylar.
Seminar tamamlanandan soň seminara gatnaşyjylara ýörite sertifikatlar gowşuryldy.