Paýtagt ýurduň döwlet düzüminde möhüm orny eýeleýär. Paýtagt syýasy merkez bolup, ol ýerde häkimiýetiň we dolandyryşyň edaralaryň ýerleşýän we wajyp çözgütler kabul edilýän ýer bolup, umuman ýurduň ösüşine we özgerişine itergi berýär. Bu bolsa paýtagtyň ýörite derejesini berkitmegi öňünden kesgitleýän resminamanyň bolmagyny talap edýär. Üstümizdäki ýylyň mart aýynda milli parlamentariýeler “Türkmenistanyň paýtagtynyň derejesi barada” Kanun kabul etdiler.
Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäheri bolup durýar. Ýüz ýyldan gowrak taryhy bolan şähere taryhda ilkinji gezek kabul edilen täze kanun Türkmenistanyň syýasy, ykdysady, dolandyryş, ylmy we medeni merkezi derejesini şeýle-de bu derejeden gelip çykýan paýtagtynyň wezipelerini amala aşyrmagynyň hukuk, guramaçylyk we ykdysady şertlerini berkidýär.
Paýtagtyň halk maslahatlaryna we häkimliklerine paýtagtyň wezipelerini üpjün etmek bilen we dolandyrmak bilen bagly ygtyýarlyklar berilýär.Halk maslahaty ýerli dolandyryş häkimiýetiň edarasy bolup, öz işini jemgyýetçilik başlangyjynda amala aşylýar. Halk maslahatynyň işi açyk pikir alyşmak we meseleleri köpçülikleýin çözmek ugurlaryna esaslanýar. Paýtagtyň Halk maslahatynyň agzalary paýtagtyň ýaşaýjylary tarapyndan ählihalk, deňhukukly, göni saýlawa gatnaşmak hukugy bilen gizlin ses bermeklik arkaly saýlanýar. Paýtagtyň häkimlikleri ýerine ýetiriji häkimiýetiň edaralary bolup durýar.
Paýtagtyň halk maslahatlarynyň we häkimlikleriniň wezipelerine paýtagtymyzda ýerleşýän ýurdumyzyň ýokary häkimiýetiniň edaralarynyň, ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, şeýle hem daşary ýurt döwletleriniň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň işini amala aşyrmaklary üçin degişli şertleri döretmek degişlidir. Kanuna laýyklykda bu edaralar paýtagtyň syýasy, ykdysady, dolandyryş, ylmy we medeni merkeziniň wezipelerini ýerine ýetirmegi üçin , paýtagtda umumydöwlet we halkara çärelerini geçirmek üçin bellenilen tertipde şertleri döretmek girýär.
Paýtagtyň halk maslahatlary paýtagty abadanlaşdyrmagyň, mahabatlandyrmagy ýerleşdirmegiň, raýatlaryň aýry-aýry mätäç toparlaryna durmuş kömeginiň möçberlerini we ony bermegiň , beýleki döwletleriň degişli edaralary bilen halkara aragatnaşygyny ýola goýmagyň tertiplerini tassyklaýar. Paýtagtyň häkimligi paýtagtda zähmet we ilatyň iş üpjünçiligi meselelerine seredilende gatnaşýar, paýtagtyň abadanlaşdyrylyşynyň üpjün etmek boýunça çäreleri we şäher hojalygynyň işlerini utgaşdyrýar, paýtagtyň wezipelerini üpjün etmek üçin zerur bolan beýleki meseleleri çözýär.Bu işler paýtagty ösdürmegiň we gurmagyň baş meýilnamasyna, şähergurluşyk dessuryna we resminamalaryna, döwlet şähergurluşyk kada ölçeglerine we düzgünlerine laýyklykda amala aşyrylýar.Paýtagtyň çägini gurmagyň meselelerine garamak we utgaşdyrmak üçin paýtagtyň häkiminiň karary bilen paýtagtyň şähergurluşyk geňeşi döredilýär
Paýtagtyň häkimi kanuna laýyklykda paýtagtyň ýerine ýetiriji häkimiýetini utgaşdyryjy bolup çykyş edýär.Ol paýtagtda kanunçylygy, howpsuzlygy we jemgyýetçilik tertibini saklamakda degişli şertleri üpjün etmek maksady bilen paýtagta gelmegiň, raýatlary bolýan ýeri boýunça hasaba almagyň, ulag serişdeleriniň awtomobil ýollary boýunça hereketiniň, sanitariýa-epidemiologiýa çäreleriniň aýratynlyklary üçin kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen belläp biler.
Paýtagtyň ösdürmeklik we özgertmeklik meselesi elmydama Hormatly prezidentimiziň üns merkezinde durýar. Döwlet Baştutany şäher we şäherýaka ýerlerini yzygiderli dikuçardan synlaýar, täze binalaryň taslamalary bilen tanyşyp, täze gurluşyklarda alnyp barylýan işler bilen gyzyklanyp durýar, paýtagtyň häkiminiň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýygnaklarynda şäher häkiminiň hasabatlaryny diňleýär. Soňky ýyllarda Aşgabat şäheri Merkezi Aziýanyň iň owadan şäherleriniň birine öwrülip, dünýäde ak mermere beslenen şäher hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeler bilen dünýäni tanyşdyrmak, paýtagtyň halkara abraýyny ýokarlandyrmak maksady bilen Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permanyna laýyklykda 25-nji maý- Aşgabat şäheriniň güni diýip tassyklandy.