Ï Ahal welaýaty özüniň çäklerinde ýerleşýän ajaýyp türkmen taryhy we ruhulylygy bilen gözleg geçirijileriň we syýahatçylaryň ünsüni özüne çekýär. Olar dürli arheologiki döwürlere we etnomedeniýet däplerine degişli bolan, hronologik we wakalar bilen bagly bolmadyk taryhy ýadygärliukler bilen birleşendir
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ahal welaýaty özüniň çäklerinde ýerleşýän ajaýyp türkmen taryhy we ruhulylygy bilen gözleg geçirijileriň we syýahatçylaryň ünsüni özüne çekýär. Olar dürli arheologiki döwürlere we etnomedeniýet däplerine degişli bolan, hronologik we wakalar bilen bagly bolmadyk taryhy ýadygärliukler bilen birleşendir

view-icon 8042
Taryhy we medeni ýadygärlikler bahasyna ýetip bolmajak milli gazanylanlar bolup durýar. Olar halkyň ruhy-taryhy tejribelerini, türkmen döwletliliginiň belli döwürlerini beýan edýärler hem-de biziň pederlerimiziň dünýä siwilizasiýasyna goşan ägirt uly goşandyna şaýatlyk edýär. Mental samoidentifikasiýanyň esasy bolmak bilen, taryhy-medeni miras türkmen milletiniň dünýä taryhynda ähmiýetini we ornuny kesgitleýär. Bu mirasyň möhüm düzümi bolup arheologiki ýadygärlikler we gadymy artefaktlar - taryhy ewolýusiýa şaýatlyk edýän bahasyna ýetip bolmajak materiallar bolup durýar. Geografiki taýdan oňaýly ýerde ýerleşmeginiň netijesinde, häzirki zaman Türkmenistanyň çäkleri gadymy siwilizasiýanyň dörän ýeri bolupdyr, söwda ýollarynyň, Günbataryň we Gündogaryň medeni däp-dessurlarynyň kesişýän ýeri bolupdyr, syýasy gyzyklanmalara garşy durýan we aýdyň harby we diplomatik ýeňişleriň giňişligi, dünýä beýik alymlary, filosoflary we şahyrlary beren ýeri bolupdyr.



Biziň ýurdumyzyň medeni mirasynyň desgalarynyň ýokary gymmatlyklara eýedigine halkara ykrarnamasy şaýatlayk edýär. 1999, 2005 we 2007-nji ýyllarda Gadymy Merwiň, Köneürgenjiň we Nusaýyň ýadygärlikleri ÝUNESKO-nyň bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna girizmek barada karar kabul edildi. Indi bu ýadygärlikler umumyadamzat siwilizasiýasynyň gazananlary bolup durýar hem-de olary ýaş nesiller üçin gorap saklamak – halkara ähmiýetli bolup durýar.

Biziň ýurdumyzyň BMG-niň bilim, ylym we medeniýet baradaky Esasy Konferensiýasynyň Parižde bolup geçen 37-nji mejlisinde 2013-2017-nji ýyllar üçin ÝUNEKO-nyň Ýerine Ýetiriji Geňeşiniň agzalygyna saýlanylmagy Türkmen döwletiniň taryhy-medeni mirasy gorap saklamak boýunça alyp barýan işleriniň halkara ykrar edilmegine şaýatlyk edýän ähmiýetli wakalaryň biri boldy.


Biziň ýurdumyzda hasaba alynan taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek, konserwasion we dikeldiş işlerini geçirmek, çäklerini abadanlaşdyrmak, öňden näbelli bolan arheologiki desgalary we gadymy arhitektura gurluşlary ýüze çykarmak we hasaba almak boýunça maksada gönükdirilen işler kanunçylyk esasda amala aşyrylýar.

Ahal welaýaty, ýurduň beýleki sebitleri ýaly, özüniň çäklerinde ýerleşýän ajaýyp türkmen taryhynyň we ruhulylygynyň ajaýyplylygy bilen gözleg geçirijileriň we syýahatçylaryň ünsüni özüne çekýär. Olar milletiň esasy ruhy sütüni we nesilleri birleşdirýän, milli däp-dessurlary dowam etdirilýändigini we türkmen topragynyň beýik geçmişine hormat goýulandygyny, onuň gahrymançylykly we zehinli halkdygyny tassyklaýan dürli arheologiki döwürlere we etnomedeniýet däplerine degişli bolan, hronologik we wakalar bilen bagly bolmadyk taryhy ýadigärliukler bilen birleşendir

Hut Ahal welaýatynda, ÝUNESKO-nyň medeni miras sanawyna goşulan taryhy-medeni ýadygärlikleriniň biri bolan Nusaýyň ýanyndan Aşgabatda 2017-nji ýylda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň öňünden 500 günlik atly ýörüşe 5-nji maýda badalga berilmeginiň özboluşly manysy bardyr.

Parfiýanyň ýüregi we ruhy belentlik – Nusaý

Kuwwatly Parfiýa imperiýasyny dörediji Beşik Arşagyň şa kabulhanasy şeýle atlandyrylýar.

Köpetdagyň eteginde tebigy belentlikde ýigrimiki asyr mundan ozal gurulan bu ýadygärlik alyslardan seleňläp görünýär we özüniň beýik asudalygy bilen özüne çekýär. Şa paýtagty Mitridat 1 döwründe gurlupdyr. Parfiýa şalary soňra öz imperiýalaryny Kiçi Aziýa geçirendiklerine garamazdan, olar Nusaýa aýratyn göz bilen garapdyrlar. Bu – Arşakidler neberesini ata-babalarynyň topragy. Şol sebäpli hem olr bu ýerde özleriniň ilkinji patyşalarynyň mazaryny goýupdyrlar. Uly baýramçylyklarda köşk adamlarynyň ählisi Nusaýa gelipdirler, bu ýerde hudaýollaryny sowupdyrlar.


Gala nädogry bäşburçluk görnüşe eýedir. Berk düzlenen tekizlikde gurluşykçylar aşaky bölegi 10 metr, beýikligi bolsa, mümkin, 20 metr bolan kuwwatly diwar galdyrypdyrlar. Aýtmaklaryna görä, bu galalar şeýle berk bolup, onuň ýokarsynda birbada arabalaryň ikisine ýöremäge mümkinçilik bolupdyr. Şeýle berk diwaryň bäşgyraňly öwrümli ýerinde öňde duşmanlary biri-birinden deň aralykda goýlan diňleriň 45-inde we geçip bolmaýan berkitmede garşylapdyrlar. Ýeke-täk derwezä alyp barýan 250 metrlik beýiklige çykýan ýoluň her bir ädiminde bekentlik we gerimlilik duýulýar.

Patyşa kabulhanasynyň esasy gurluşyklarynyň biri hem – “Inedördül öý” bolup durýar. Ony arheologlar şeýle atlandyrypdyrlar. Bu giň içki howluly ýapyk we 12 ammarly bina bolupdyr. Binany Geraklyň we ýolbarsyň ýüzi şekillendirilen frizler we Arşakidlere mahsus bolan içi okly sagdak bezäpdir. Bu “öýe” ýeke-täk inçejik ýol bilen barmaga mümkinçilik bolupdyr. Megerem, bu jaý merhum bolan patyşalaryň medeniýeti bilen bagly hazynaly jaýy bolandyr. Otaglaryň her biri Arşakidleriň patyşalarynyň birini jaýlama dessury amala aşyrylyşy boýunça daş bilen örtülipdir. Bu jaýda patyşa hazynalary – mermer heýkeljikleri, bezelen mebelleriň galyndylary, gadymy gara deňiz ýakalarynyň şäherleriniň şaýy pullary, gyzyl çaýylan terrakotlar, kümüşden ýasalan owadan heýkeljikler, gadymy hudaýlaryň şekilleri saklanypdyr. Ýöne piliň süňkünden şah görnüşinde ýaslan ritonlaryň – çakyr üçin gaplaryň tapylmagy barlag geçirijiler üçin haýran galdyryjy waka boldy.


Ritonlary ýüze çykarmagyň taryhy hem täsin boldy. Bu 1948-nji ýylyň ýer titremesiniň öň ýanynda bolup geçdi. Daşkent uniwersitetiniň talyby, arheolog Ýelena Dawidowiç nobatdaky tapyndylary çotga bilen gumdan arassalap otyrka birden piliň süňkünden ýaslan köp sanly bölekleriň üstünden bardy. Gadymy önümleri günüň şöhlesiniň zeper ýetirmeginden goramak maksady bilen, işi indiki gün ir bilen dowam etdirmek kararyna gelindi. Ýöne ýer titremesi alymlaryň meýilnamasyny bozdy oturyberdi. Täsin ýeri hem olar bu ritonlary öň ýanyndaky gün ýüze çykarmadyklaryna alladan şükür etdiler. Şonda bu tapyndylardan diňe bölejikler galardy we adamzat sungatyň bu täsin we ajaýyp nusgalaryny hemişelik ýitirerdi. Alymlaryň pikirlerine görä Nusaý ritonlarynyň toplumy örän gymmatly serwiz bolup, olar Gresiýada meşhur bolan hrisoelefantin ýaly tehniki usulynda taýýarlanypdyr. Bu tehniki usul boýunça örän gymmat we ähmiýetli zatlar ýasalypdyr, meselem, gadymy grek skulptory Fidiniň Olimpiýa işlerinde Zewsiň meşhur heýkeli. Ritonlaryň ýokarsyndaky frizler sýužetleri, geýimler, saç timarlanyşy, şekilleriň atributlary elliniki sungatyny mese-mälim ýatladýar. Ritonlar piliň süňklerinden ýasalypdyr, gyzyl, gymmat bahaly daşlar we agaçlaryň gymmatly görnüşi bilen bezelipdir. Bu serwiziň baý bezelen stollarda nähili öwüşgin atandygyny göz öňüne getiräýmek galýar.


Ajaýyp tapyndylaryň arasynda mermerden ýasalan uly bolmadyk dik duran gyzyň görnüşindäki hiton we plaş geýinen “nusaý hudaýynyň” heýkeli, we mümkin, aleksandriýanyň işidir, Afroditanyň şekilini ýatladýan “Rodogunanyň” mermerden ýasalan heýkeli aýratyn täsindir. Rodogunanyň keşbi parfiýalylaryň arasynda has hem meşhur bolupdyr. Ol siriýa hökümdarynyň aýaly bolupdyr. Bir sapar, haçan-da şa zenany saçyny ýuwup otyrka, boýun egdirilen taýpanyň gozgalaň turzandygy bardaky habar gelip gowuşýar. Saçlaryna çalak-çulak süpürişdirip Rodoguna harby lybasyny geýip, ata atlanyp, saçyny diňe ýeňişden soň ýuwmaga ant içip, söweşe tarap ugrapdyr...

Beýleki: Afroditanyň, Satiranyň, Artemidiň heýkelleriniň bölekleri tapyldy. Olar bilen nusaýyň hökümdarlarynyň ýaşaýyş jaýlary bezelipdir. Mundan hem başga, Afinanyň kümüşden ýasalan altyn çaýylan heýkeli, Erotyň altyn bilezikli kümüşden ýasalan heýkeli tapyldy.

Patyşa kabulhanasynyň möhüm monumental gurluşyklarynyň biri hem – inedördül zaldyr. Bu ölçegi 20- 20 metrli baýramçylyk zalydyr. Zalyň potology korinf orderleriniň kapitelleri bilen bezelen sütünleriň dördüsinde ýerleşýär. Galyňlygy üç metr bolan diwarlar iki bölege bölünýär: aşakysy suwalypdyr we agardylypdyr, ýokarkysy bolsa garamtyl gyzyl reňk bilen reňklenipdir. Sütüniň ýanyndaky kapiteller gök, açyk gyzyl, sarymtyl we goýy gyrmyzy reňkler bilen reňklenipdir, diwarlar ak-gyzyl-gara nagyşlar bilen bezelipdir. Diwaryň bütin boýuna ýarym sütünler galdyrlypdyr, ýokary gatda olaryň arasynda tagça bolup,olarda Arşakidleriň patyşa nebereleriniň ata-babalarynyň hudaý diýip hasaplan erkegiň we zenanyň toýundan ýasalan 2,5 metrlik heýkelleri ýerleşipdir. Şondan ugur alsaň, bu zalyň ajaýyp we dabaraly bezelendigine göz ýetirmek bolýar, bu ýerde möhüm çäreler geçirilipdir. Mümkin, bu ot ybadathanasy bolandyr, ot merhum bolan patyşalaryň hormatyna ýakylypdyr.


“Tegelek ybadathana” diýlip atlandyrylýan hem mukaddes gurluşyklar toplumyna giripdir. Mümkin, bu parfiýa şalarynyň jaýlanýan ýeri bolandyr. Bu ybadathana öz gurluşy we birnäçe bölekleri bilen Samofrakiýa adasyndaky Kabirleriň Beýik hudaýlaryna bagyşlanan Arsinoýon grek ybadathanasyny ýatladýar.

Nusaýyň taryhy – bu Türkmenistanyň müňlerçe ýyl taryhynyň täsin sahypasy bolup durýar. Nusaý – bu biziň gadymy topragymyzyň şöhraty we buýsanjy. Mukaddesleriň mukaddesi bolan parfiýa şalary bize, nesillere, gadymy sungatyň ajaýyp nusgalaryny sowgat beripdir. Olar Gündogaryň we Günbataryň özara sazlaşykly goşulyşmagynyň aýdyň beýany bolup durýar.

Keramatly Mäne

Taryhy wakalardan görnüşi ýaly, orta asyrlar döwründe hökümdarlar şahyr bolupdyrlar, şahyrlar bolsa – filosof bolupdyrlar, Horosanyň dag etek sebitlerinde, häzirki Mäne obasynyň golaýynda akyldar, horosanyň mistisizm mekdebini dörediji Abu Said Abul Mehneýi ýaşapdyr. Halk arasynda ol Mänebaba diýlip atlandyrylýar we ony Nostradamus diýip hasap edýärler. Beýik sufizm şeýhiniň jesedi XI asyrda gurulan kümmetde ýerleşýär we Türkmenistanyň ajaýyp taryhy-medeni ýadygärlikleriniň arasynda aýratyn orny eýeleýär.

Peştagy baý gök, ak we mawy reňkli plitalar bilen bezelen kub görnüşindäki portal-gümmez alyslardan seleňläp görünýär. Ol özüniň monumentallygy we beýikligi bilen haýran galdyrýar. Seljuk soltanlary bu kümmeti ýaşuly Abu Saide özleriniň ölçegsiz hormaty we sylagy üçin bu kümmeti gurmagy buýurýarlar. Sebäbi ol Seljuklar taýpasyndan doganlar Togrulbege we Çagrybege oguz-türkmen taýpalaryna ýolbaşçylyk edip, gaznewidleriň soltany Masudyň esasy güýçleriniň garşysyna söweşip, Merw bilen Mänäniň arasynda ýerleşýän Daňdanakan söweşinde 1040-njy ýylda ýeňiş gazananlaryndan soňra olara häkimiýet bolmaga ak pata beripdir. Gaznewidler goşunyny derbi-dagyn edip, oguz-türkmen goşuny Horosana eýe bolupdyr. Abu Said Mähneden ak pata alyp, Togrulbeg we Çagrybeg Orta Gündogara tarap ýeňişli saparlaryna başlapdyrlar we örän uly Beýik Seljuk imperiýasyny döredipdirler.



Soltanlar kümmeti gurmak üçin Saragsyň iň gowy ussalaryny çekipdirler we hut Horosanyň binagärlik mekdebi hem bu ajaýup binany döredipdirler. Ýöne XIV birinji ýarymynda kümmet düýpli rejelenilýär. Ol binanyň gurluşyna täsirini ýetirmese-de, arhitektura-çeperçilik keşbini düýpli özgerdipdir.


Kümmete girýän her bir adam örän beýik peştagdan geçýär. Onuň ýüzine mawy-ak-gök mozaika örtülmek bilen, ol kompozision gurluşy we biri-biriniň içinden geçýän ösümlikleriň gülleri bilen bezelendigi bilen haýran galdyrýar. Mukaddes Gurhanyň sürelerinden ýazylan ýazgylar olaryň üsüni ýetirýär. Meýdany 100 inedördül metr bolan uly zal arka tagçasy, diwarlary – dini ýazgylar, goşgulardan setirler we çylşyrymly nagyşlar bilen bezelipdir. Olaryň ýokary çeperçilik taýdan ýerine ýetirilmeli orta asyr ussalarynyň uly zehinleriniň bolandygyna şaýatlyk edýärler. Onuň merkezinde mukaddes şeýhiň gubury ýerleşýär. Oňa, Abu Said Mehneýiniň jesedine, eýýäm köp ýyllardan bäri zyýaratçylaryň gutarmaýan akymy gelýär.

Häzirki wagtda ussadyň nesihatlary “Bu Saidiň parasatly pikirleri” diýlip atlandyrylýar, onuň hikmetleri bolsa her bir ýaş nesle ruhy ahlaklylygy we adalatly durmuşyň manysyny bermek bilen, asyrlardan asyrlara aşyp gelýär. Akyldaryň durmuşynyň köp sanly taryhy we hikmetleri Muhammet Aly Jamniýanyň we Možde Baýatyň “Sufizimiň ýapynjasy astynda” atly kitabynda jemlenendir. Ynha olaryň biri.

Şeýhiň okuwçylary ondan “Takwa durmuş nämeden ybarat?” diýip, sorapdyrlar. Muňa şeýh Abu Said Mehneýi “Sen öz ýüregiňden gorkyny we bolgusyz ynjyklygy aýyrmagyňdan, seniň eliňde bar zatlaryň hemmesini bermegiňden, we arkaýyn, özüňdäki her hili erbetliligi başarjaňlyk bilen aýyrmagyňdan ybarat” diýip, jogap beripdir.


Şeýh Abu Said filosofiki dörtlemäniň aýratyn žanryny dörediji hökmünde hem meşhurdyr.

Abu Said Mehneniň ruhy güýji barada belli alym Ibn Sina haýran galyjylyk bilen baha beripdir. Olar 1012-nji ýylda duşuşypdyrlar. “Ylmyň netijesinde maňa mälim bolan zatlardan ol synçylyk ukyby boýunça belentliklere ýetýär” diýip, Ibn Sina onuň bilen bolan duşuşykdan soňra aýdypdyr.


1049-njy ýylda şeýh bu dünýäden ötüpdir. Onuň wesýetlerine laýyklykda, ol “şeýhleriň we beýik adamlaryň topragynda däl-de”, ýönekeý adamlaryň ýanynda jaýlanypdyr. Bu ýerde hem häzirki wagtda kümmet seleňläp görünýär hem-de beýik akyldaryň ruhy mirasyna belent sarpa goýýanlaryň ählisi onuň jesedine ybadat edýärler.

Ak bugdaý muzeýi: “Dänäniň taryhy”

Bu ajaýyp bina özüniň binagärlik gurluşy boýunça başga bir zada meňzedip bolmajak asmana uzaýan altyn sümmül bugdaý dessesini ýatladýar. Ol 2005-nji ýylda Aşgabatdan uzak bolmadyk ýerde tebigy belentlikde Ahal welaýatynyň dolandyryş merkezi Änewe barýan ýoluň ýakynynda guruldy


Ýüz ýyl gowrak mundan ozal Peterburg uniwersitetiniň professory meşhur gündogary öwrenijisi W.Bartoldygyň gözegçiliginde işlän amerikaly arheolog Rafael Pampelli gadymy Änew harabaçylygynda gazuw-agtaryş işlerini geçirende gadymy ak bugdaýyň galyndylaryny tapdy. Onuň ýaşy bäş müň ýyldan gowrakdyr. Şeýlelik bilen, änew medeniýetini döredijiler, türkmen halkynyň ata-babalary adamzadyň taryhynda ilkinji bolup bugdaý ösdürip ýetişdiripdirler we ak bugdaýdan çörek bişiripdirler. Topragy işläp bejermekde gadymy däp-dessurlary iň täze tehnikalaryň mümkinçilikleri, ylmyň gazananlaryny utgaşykly ulanmak bilen, türkmen halky häzirki zaman ekerançylygy ösdürýär. Onuň netijesinde Türkmenistan dänäni eksport edýän ýurtlaryň arasynda ynamly orny eýeledi.


Planetada adamzat ösüşiniň möhüm tapgyrlaryna şaýatlyk edýän ýerler az bolsa gerek. Muny hut ýüz ýyl mundan ozal Pafael Pampelliniň ekspedisiýasy ilkinji sapar ýüze çykardy. 1904-nji ýylyň mart aýynda arasynda syýahatylar Rafael Weles Pampelliniň Merkezi Aziýa bolan syýahatlaryna hemişe ýoldaş bolan Eliz Pampelli, professor M.Deýwis we assistent E.Hangtington, arheolog G.Şmitd, taryhdan ozalky keramika boýunça hünärmen bolan syýahatçylar öz wagonlaryny ätiýaçlyk demirýolunda goýup, Änewiň uly baýyrynyň ýakynynda ýerleşdiler.

Ekspedisiýanyň agzalary uly höwes bilen el degrilmedik gatlaklarda, klassiki siwilizasiýanyň öňden ýatan böleklerini, hatda taryhy artefaktlaryň ujypsyzja bölejiklerini tapmak maksady bilen, her günde tonnalarça topragy elden geçirdiler. Şeýlelik bilen, alymlara keramiki önümleri, monjuklary, terrakt heýkeljikleri, kremniý ýaraglary we bürünçden ýasalan önümleri, misden, lazuritden ýasalan bezegleri tapmak başartdy. Ýöne, Änewiň biziň eramyzdan öňki IV–III müň ýyllyklara degişli bolan aşaky arheologiki gatlagyň açylmagy olar üçin ylmy taýdan haýran galdyryjy waka boldy. Alymlar ýörite toýun gaplarynda ýerleşdirilen däne galyndylaryny – ak bugdaýyň dänelerini we iki hatar goýlan arpany ýüze çykardylar. Bu açyş Merkezi Aziýanyň adamzadyň däne sortlaryny medeniýetleşdirmegiň ilkinji sebitleriniň biri bolandygy baradaky netijäni çykarmaga mümkinçilik berdi. Öý haýwanlarynyň – atlaryň, goýunlaryň, şahly öküzleriň, düýeleriň süňkleriniň ýüze çykarylmagy bolsa adamzadyň tebigatda ajaýyp üstünlik gazanmagynyň dabaralanmagyna şaýatlyk edýär. Pafael Pampelli öz açyşyny Änew medeniýeti diýip atlandyrdy. Bu at ylmy terminologiýa hemişelik girdi.


Hut şu ýerde, adamzadyň gadymy taryhynda suwarymly ekerançylygyň ojagy bolandygyna alymlaryň tapyndylary şaýatlyk edýär. 2005-nji ýylyň iýul aýynda “Ak bugdaý” Milli muzeýi açyldy. 14 müň inedördül meýdany eýeleýän muzeýiň üç gatly binasynda türkmen ekerançylygy we onyň ösdürilişiniň gözbaşlary barada gürrüň berýän ekspozisiýa ýaýbaňlandyrylandyr. Elbetde, Rafael Pampelliniň ekspedisiýasynyň 1904-nji ýylda ýüze çykaran ýaşy 5 müň ýyl bolan bugdaý dänejikleri muzeýiň iň ajaýyp eksponaty bolup durýar. Şeýle hem bu ýerde Köpetdagyň eteklerindäki beýleki ekerançylyk obalaryndan tapylan tapyndylar hem ýerleşdirilendir. Olar – daşdan ýasalan däne üweýän (b.e.öňki II müň.ý.), el degirmen daşlary (b.e.öňki III-II müň. ý.), bürünç kätmen (b.e.öňki II müň.ý.), künji dänesinden ýag alynýan gural ýerleşdirilendir. Uzak geçmişe şaýatlyk edýän bu tapyndylary synlamak bilen, gadymy ekerançylaryň nähili erjellik we zähmetsöýerlik bilen ekerançylyk meýdanlaryny özleşdirmek bilen, müňlerçe ýaşaýjylary bolan obalaryň ilatyny iýmit bilen üpjün etmäge mümkinçiligi bolan hasyl ýetişdirmek üçin çylşyrymly suwaryş desgalaryny döredendikleri göz öňüňe gelýär.

Muzeýiň kolleksiýalarynyň arasynda hasylyň hudaýy terrakt heýkeljikleri (Namazgadepe, b,e.öňki IVmüň.ý.) aýratyn orun eýeleýär. Bu heýkeljikler oturan zenanyň şekilinde bolup, bugdaý dänesi şekilinde ýerine ýetirilipdir, saçlary iki örülipdir. Olaryň birininiň egninde bugdaý sümmülleri şekillendirilipdir, beýlekilerde – bol hasyl bilen bagly ýagyş damjasy ýa-da ýyldyrym şekillendirilipdir. Bu heýkeljagazlar gadymy ekerançylaryň öýlerinde hormatly orny eýeläpdirler, olary ojagyň ýakynynda ýörite tagçalarda saklapdyrlar. Topragyň bol hasyl eçilmegini diläp, olara tagzym edipdirler.

Bir reňkli ýa-da köp reňkli suratly keramikadan ýasalan gap-gaçlaryň saklanyp galan bölekleriň ýasalanyna müňlerçe ýyl geçipdir. Şeýle hem muzeýde Merkezi Aziýa mahsus bolan humlar, suw, ýag üçin küýzeler, çal üçin syrçalanan küýzeler, hojalyk ähmiýetli ownuk gap-gaçlar görkezilýär. Suratsyz we geometriki ýa-da ösümlik nagyşlary çekilen, syrçalanan we bölekleýin syrçalanan, ülňülenen keramika ýaly el işleriniň predmetleri we küýzegärleriň ýerine ýetiren işleri hem bar.


Bir ekspozisiýadan beýleki bir ekspozisiýa geçmek bilen, zähmet gurallarynyň we oý goşlarynyň asyrlardan asyrlara nähili üýtgeýändigini görmek bolýar. ХIХ-ХХ asyrlara degişli bolan agaçdan ýasalan ujy demirli azallar, misden ýasalan çäýnekler, gyrkylyk, demir ussasynyň, zergäriň zähmet gurallary, hatda dokma stanogynyň bölekleri hem bar. Elbetde, bu ýerde köp asyrlardan şu güne çenli ajaýyp tagamly türkmen çöregi bişirilýän tamdyr hem görkezilýär. Häzirki zaman seleksionerleriň gazananlary hasap edilýän bugdaýyň naýbaşy tohumalaryndan desselenen bugdaý desseleri muzeýiň eksponatlarynyň üstüni ýetirýär.

“Ak bugdaý” – bu diňe bir sergi merkezi bolman, eýsem doly bahaly ylmy edaradyr hem. Muzeýde bugdaý tohumlarynyň 270 görnüşi, gadymy görnüşleriniň 42-ni goşmak bilen, toplanypdyr. Bu ýerde ylmy-amaly maslahatlar, halkara maslahatlary geçirilip durulýar.

Deňi-taýy bolmadyk gala

Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasy bilen serhediniň ýakynynda Köpetdagyň eteginde Laýynsuw derýasynyň golaýynda meşhur Nedirşa galasy seleňläp görünýär. Bu diňe bir gala bolman, eýsem ol şäher-galadyr, şonuň üçin hem ony Hiwaabat diýip atlandyrýarlar. Galanyň golaýynda adybir obada ýaşaýan ýaşulylar maşgala däplerine eýermek bilen, onuň gurluşygynda Hywadan getirilen gumuň ulanylandygyny aýdýarlar. Bu örän uly galany gurmak üçin arkasy torbaly ýesirleriň 33 müň sanysy Horezmden Abiwerde tarap kynlykly ýoly geçipdirler.


Galanyň tutýan meýdany 45 gektar bolup, onuň diwarlarynyň her birini uzynlygy bir kilometre, olaryň ini bolsa 2,5-3 metre deňdir.Diwarlaryň her bir ganatynda tegelek diňleriň 12-si ýerleşipdir. Olaryň beýikligi bäş metr bolup, duşmanlara gala duýdansyz girmäge we onuň ýaşaýjylaryny gapyllykda basmaga mümkinçilik bermändir. Harby düşünjeler boýunça galanyň dört tarapynda berkidilen derwezeler bolupdyr, onuň her birinde hem ýene-de goşmaça diňleriň ikisi gurlupdyr. Galany goramak üçin derwezeleriň her birinde galany daş tarapyndan goraýan aýratyn diňler galdyrylypdyr. Mundan hem başga, şäher-galany gurşap alýan içi suwdan doldurylan çuň garym bilen gurşalandyr. Şeýle uly päsgelçilikden geçmek asla mümkin däl


Şeýle uly gurluşygyň ýerine ýetirilmeginiň sebäbi nämede, onuň gurluşygynda Hywadan getirilen gumuň-topragyň ulanylandygyna gadymyýetiň rowaýaty taryhy hakykat bilen doly gabat gelýärmi? Ilki bilen meşhur serkerde we Eýranyň şasy Nedirşa Abşardan başlalyň. Nedirşaguly, ony ýaşlykda şeýle atlandyrypdyrlar, on sekiz ýaşynda ejesi bile Hywa gul edilip sürgün edilýär. Ýöne tiz wagtdan gaçyp, Horasana gelýär. Birnäçe ýazuw çeşmelerinde ýazylşy ýaly, Nedirşa Hidistana ýörişe gitmezinden ozal Abiwerdiň we Keletäniň arasynda Hywaabat diýlip atlandyrylýan berkidilen galany gurmak barada höküm edýär. Ol Horezmi basyp alandan soňra horezm we hywa ýesirlerini toplap we ýerleşdirmek üçin şäheri gurmaga söz berýär. Bu meşhur gala Hywaabatda ýerleşipdir we onuň häzire çenli deňi-taýy ýokdur diýip, “Jahan Guşae Naderi” kitabynyň awtory ýazýar.

Beren sözüne berk eýermek bilen, Nedirşa şonda Horezmi basyp alýar we ony özüne tabyn edýär, bu ýerde 40-50 ýyllap gul we hyzmatkär hökmünde ýaşan, olaryň ene-atalary we çagalary hem bolupdyr, eýran ýesirleriniň ählisini ýygnapdyr. Olaryň birnäçesi öý-işikli bolupdyr hem-de erkin ýaşapdyrlar. Birnäçe maglumatlara görä, bu ýesirleriň sany 30 müňe ýetipdir. Nedirşanyň buýrugy bilen, her bir ýesire bir at we ýol sowalgasy berlipdir. Nedirşanyň karary bilen ýesirler Hywabatda ýerleşdirilipdir. Soňra ol şähere gelipdir we onuň ýaşaýjylarynyň ählisine dürli görnüşli goş-golamlary, azyklyk harytlary, geýim-gejim we durmuşda gerek bolan zatlary sowgat beripdir.

XVIII asyryň 40-njy ýyllarynda gurlan Hywaabat galasy häzire çenli, özüniň geçmişiniň beýikdigini ýatladyp, doly abatlygynda diýen ýaly saklanyp galypdyr.

“Jemalyň Öýüniň agzyndan ot çykýan garawullary”

Bäş asyr gowrak mundan ozal, “beýik soltanyň hökümdarlyk edýän döwründe, öz halkynyň, ýurtlaryň we asyrlaryň penasy Abu-l-Kasym Babera Bahadurhanyň, goý Allatagala onuň hökümetini we onuň patyşalygyny ebedileşdirsin, bu bina guruldy”, şeýle ýazgy portalyň ýokarsynda Seýitjemaletdiniň metjidiniň girelgeleriniň ählisinde duş gelýär. Iki sany aždarhanyň şekili bolsa Änewiň ýaşaýjylaryna arşyň hökümdarynyň howandarlygynda ýaşaýandyklaryny ýatladýardy.


Ownuk ösümlik nagyşly goýy-gök mozaikada şekillendirilen bu jandarlar owadan görnüşde bolup, olar biri-birine bakyp durlar. Olaryň şekilleri stilistiki taýdan imperatorlyk Hytaýyň däplerini mese-mälim ýatladýar. Eger-de hytaý mifologiýasy nukdaý nazaryndan seretseň altyn öwüşgünli reňk, hytaý imperatorynyň nökerlerinde ýokary derejäni alamatlandyrýar. Allatagala olary “ýeriň merkeziniň” howandary, şeýle hem güne barabar hasap edipdirler. Ýöne XV asyrda Orta Aziýada, haçan-da ähli ýerli gurluşykçylara metjitlerde diri jandarlaryň şekillerini çekmek berk gadagan edilýän döwründe, bu sary aždarhalar nireden peýda boldy? Bu hadysanyň Merkezi Aziýada meňzeşi ýok, portalyň bezegleriniň ählisiniň birnäçe alamatlarynyň – dünýäde meňzeşi ýok. Şunlukda, kim we näme üçin yslamyň däp-dessuryny bozup bildi?

Änewiň metjidindäki bu sýužetiň gelip çykyşyna düşünje häzire çenli tapylmady. Meşhur alym Galina Pugaçenkowanyň pikirine görä, bu totem gelip çykyşy boýunça ýerlidir we taýpanyň dini nyşany bolup durýar. Ol özüniň gelýän netijesini portal arkasyny bezeýän we ondaky arap ýazgysy, aždarhalar ýaly, mozaýika gaýma nagyş türkmen eneolitiniň (mis-kümüş asyrlar) keramika ýazuwy üçin mahsusdyr we ol türkmenleriň haly sungatynda ýaşamagyny dowam etdirýär diýip, berkidýär. Şeýlelik bilen, änew metjidiniň dekoratiw bezeginde türkmen halkynyň ata-babalaryndan miras galan çeperçilik usulynynda beýanyny tapdy. Bu bolsa ýadygärligiň aýratyn gymmatlygy bolup durýar.

Ýöne, her bir ýadygärlik ýaly, halk Seýitjemaletdiniň metjidi barada hem rowaýat döretdi. Onda gadymy döwürlerde şäheriň gala diwarynyň ýanynda beýik agaç bolupdyr. Ýerli ýaşaýjylar ondan uly jaň asypdyrlar. Kim kömege mätäç bolsa ony kakyp biler eken. Ýerli ýaşaýjylar bolsa hemişe kömege barypdyrlar. Bir sapar adyl we akylly Jemalyň dolandyrýan döwründe jaň örän gaty kakylypdyr. Adamlaryň ählisi şeýle batly jaň sesine baga tarap haýdapdyrlar. Olar nämäni görendir öýdýärsiňiz? Aýlaw-aýlaw bolup duran örän uly aždarha ähli güýji bilen bagly titredipdir we jaň bolsa öz ýaňy bilen kömege çagyrypdyr. Şonda aždarha halkyň arasynda duran paltaly we byçgyly duran iki sany ussa dag tarapyny görkezipdir.


Şa zenan Jemal ussalara aždarhanyň yzy bilen gitmegi buýrupdyr. Özüne düşünenlerini görüp, ol derrew adamlar onuň yzy bilen gelýärmikäler diýip, yzyna garama-garama daga tarap haýdapdyr. Haçan-da adamlar daga çykanlarynda olar örän horluk çekip duran beýleki bir aždarhany görüpdirler. Ol geçini ýuwdanda, janawer geçiniň şahlary aždarhanyň bokurdagynda durupdyr. Gaýduwsyz ussalar aýgytly herekete geçip, şahy kesipdirler we gara geçini bölek-bölek edip çapypdyrlar. Horlanyp duran aždarha ýeňillik bilen dem alypdyr, adamlary getiren aždarha bolsa, olary gowaga alyp barypdyr. Olar gowaga girip, doňup galypdyrlar: ol sansyz-sajaksyz hazynadan püre-pür doly eken. Aždarha olara göterip biljek hazynalary alyp gitmäge mümkinçilik beripdir.

Ertesi gün ýene-de jaňyň güýçli sesi adamlary oýarypdyr. Bagyň ýanyna üýşen adamlar altyn we gymmat bahaly daşyň birgidenini getiren aždarhalaryň ikisini hem görüpdirler. Olaryň ählisini şa zenanyň aýagynyň ýanynda goýup, aždarhalar ýuwaş-ýuwaşdan daga tarap ugrapdyrlar. Şä zenan Jemal bu gymmat bahaly zatlara uly metjit gurmagy buýrupdyr we onuň portalynda sowgat beriji aždarhalaryň şekillerini çekmegi buýrupdyr.

Gowy bişirilen kerpiçden örülen bu metjit keramiki mozaika we syrçaly keramika plitalar bilen bezelipdir. Ol inedördül zal ýerleşýän howla çykypdyr. Onyň üstini arkalarda we stalaktiki dekorasiýaly konstruktiw tamamlanmadyk ýelkenlerde ýerleşýän elliptiki gümmez örtýär. Binanyň töründe günorta diwarda reňklenen syrçaly keramika plitalar bilen bezelen mihrab bar. Ondan gapdallary boýunça günorta diwarda daşary çykylýan injejik tagça bolupdyr. Metjidiň beýleki diwarlarynyň ikisinde hersinde iki sany metjidiň üç tarapyny gurşap alýan hüjreli eýwana çykylýan ýasy tagça ýerleşipdir. Iki sany goşmaça gurluş metjidiň portalynyň öňündäki giň howlynyň taraplary boýunça simmetriki ýerleşipdir. Olaryň üsti gümmezli iki gatly uly bolmadyk jaýlar bilen gurşalypdyr.


Metjidiň grafiki rekonstruksiýasy Galina Pugaçenkowa tarapyndan ýerine ýetirilipdir. Şeýle hem taryhçy metjidiň gurluşygy boýunça öz wersiýasyny öňe sürýär. Delil hökmünde ol “Gözellik öýüni” Muhammet atly adam öz kakasy Jelaletdinwatdiniň hatyrasyna 1455-1456-njy ýyllarda öz serişdelerini hasabyna gurudyr diýen ýazgyny getirýär. Galina Pugaçenkowa metjitde ýazylan tekstdäki Muhammediň adyny soltanyň weziri Muhammet Hudaýdot bilen deň hatarda goýýar. Onuň jaýlanan kakasy Jelaletdin Änewde doglupdyr.

Gala-goply döwürleriň ýaňy Seýitjemaletdin metjidine hem öz zeperini ýetiripdir. Eýýäm, XIX asyryň ahyrlarynda bu toplum göz-gyny ýagdaýda bolupdyr: diwarlarynda jaýryklar peýda bolupdyr, diňe proporsiýa, şekili we dekoratiw bezegi boýunça metjidiň portaly gowy saklanyp galypdyr. 1948-nji ýylda bolup geçen ýer titremesi bu ajaýyp taryhy we arhitektura ýadygärligine gutarnykly urgyny beripdir. Aždarhalaryň syrçaly keramika plitalary bezelen şekilleri metjidiň harabaçylygynyň aşagynda galypdyr. Diňe bu mozaiki paneliň uly bolmadyk bölegi rejelendi we bu günki gün ol Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň zallarynyň birini bezeýär.