1-nji iýunda Türkmenistan Çagalary goramagyň halkara gününi belläp geçer. Bu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Karary bilen, umumyadamzat gymmatlyklaryny we maksatlaryny berkarar etmegiň hem-de milli Liderimiziň ýöredýän döwlet syýasatynyň mazmunyny aňlatmagyň ýolunda dünýä bileleşigi bilen raýdaşlygyň beýany hökmünde ýurdumyzyň resmi baýramçylyk seneleriniň sanawyna girizildi. Çünki onuň esasy maksady her bir adamyň, şol sanda aýratyn üns-alada mätäç bolan çagalaryň özüni goragly duýup, birmeňzeş durmuş mümkinçiliklerine eýe bolup bilýän ýerinde raýatlar üçin amatly şertleri döretmek bolup durýar.
Maşgala, ene-ata, çagalar hakynda alada baradaky döwlet syýasaty ykdysady milli strategiýa bilen aýrylmaz baglydyr. Bu strategiýa türkmen halkynyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga, jemgyýetiň ruhy, intellektual, döredijilik mümkinçiliklerini açmaga gönükdirilendir.
Jemgyýetiň durmuş sagdynlygy onda çagalar, eneler hakynda aladanyň, maşgala sütünleriniň, maşgala gatnaşyklarynyň ruhy-ahlak däpleriniň, nika baglaşylmagyna, köp çagalylyga döwletiň berýän goldawynyň näderejede duýulýandygy bilen hem kesgitlenýär.
Köp çagaly maşgalalara täze öýleriň berilmegi köptaraplaýyn aladanyň ýüze çykmalarynyň biridir. Sekiz we şondan köp çagany dünýä inderen we ösdürip ýetişdiren enelere her ýyl Türkmenistanyň “Ene mähri” diýen hormatly at dakylýar.
Paýtagtymyzda we ýurdumyzyň dürli sebitlerinde gurlan “Ene mähri” döwrebap lukmançylyk merkezleri bu gün ilata lukmançylyk kömegini bermek bilen çäklenmän, eýsem, enäniň we çaganyň saglygyny berkitmäge, maşgalany meýilleşdirmäge gönükdirilen barlaglary geçirýän iri ylmy merkezleri hem bolup durýar.
Ene süýdi bilen iýmitlendirmek hem-de az ganlylyga garşy göreşmek boýunça milli maksatnamanyň üstünlikli amala aşyrylmagy iri halkara guramalarynyň ýokary bahasyna mynasyp boldy. Hususan-da, ýurdumyzyň çaga dogrulýan öýleriniň ählisi diýen ýaly, “Çaga mähirli garaýan hassahana” diýen belent derejä mynasyp boldular. Munuň özi Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň bilermenleri tarapyndan resmi taýdan tassyklanyldy.
Geçen ýylyň iýulynda paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen gurlan 670 orunlyk Enäniň we çaganyň saglygyny goraýan ylmy-kliniki merkez açyldy. Bu iri lukmançylyk edarasy 28 bölümi hem-de dogurmaga kömek ediş ylmynyň we işiniň, akuşerçilikde tejribe we döwrebap tehnologiýalarynyň, perinatologiýanyň, täze dünýä inen çagalaryň bejeriş we reanimasiýasy, lukmançylyk genetikasy, reproduktologiýa, anyklaýyş we maslahat beriş hyzmatlaryny, çaga kesellerini bejerişi we beýlekileri özünde birleşdirýär.
Bulardan başga-da, ylmy-kliniki merkezde akuşerçilik, pediatriýa we çaga hirurgiýasynyň möhüm meselelerini gurşap alýan ileri tutulýan mowzuklaryň altysy boýunça barlaglar geçirilýär. Şeýle hem merkezde çaganyň irki ösüş we irki dikeldiş bölümi hereket edýär. Ol ýurdumyzyň pediatriýasyny ösdürmekde täze ugur bolup durýar.
Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda üstünlikli amala aşyrylýan eneligi we çagalygy goramak boýunça maksatnamalara işjeň gatnaşýan iri halkara guramalary, şol sanda ÝUNISEF türkmen tarapynyň hyzmatdaşlary bolup durýar.
Bu meselede aýratyn orun yzygiderli tälim okuwlarynyň we maslahatlaryň geçirilmegine degişlidir. Olar bu ugurda iň gowy daşary ýurt tejribesini öwrenmäge hem-de täze ylmy işleri özleşdirmäge ýardam edýär. Bu işiň ugurlarynyň biri—çaganyň irki ösüşi we kiçi ýaşda goşulmak hyzmatlaryny ornaşdyrmak, pediatrlary taýýarlamak we hünär derejesini ýokarlandyrmak, çagalarda ösüş bozulmalaryny ýüze çykarmak, gözegçilik etmek, baha bermek üçin teswirnamalary işläp taýýarlamak, irki kömek gulluklarynyň bir bitewi ulgamyny guramak boýunça maksatnamalary amala aşyrmak bolup durýar.
Saglygy goraýyş pudagynda şeýle ulgamyň milli, welaýat, etrap we ilkinji derejede ornaşdyrylmagy oňa mätäç bolan çagalara öz wagtynda kömek bermek, çaganyň we maşgalanyň üznüksiz düzgün-tertibi, saglyk we ösüş meselelerine eýe bolan çaganyň durmuşa uýgunlaşmagy we bilim almagy üçin mümkinçilikleri üpjün etmek üçin zerurdyr.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda lukmançylyk kömegini bermek babatynda uly üstünlikler gazanyldy. Şeýle üstünlikleriň hataryna, mysal üçin, keselleriň sanynyň ep-esli azalmagyny, ene we çaga ölüminiň ep-esli peselmegini, şeýle hem çagalaryň ýokary derejede sanjymlaşdyrylmagyna degişli etmek bolar. Saglygy goraýyş işgärlerini taýýarlamak kämilleşdirilýär, onuň düzümi, maddy-enjamlaýyn we ylmy-usulyýet binýady berkidilýär. Milli Liderimiziň başlangyjy bilen temmäkä garşy strategiýa işlenip taýýarlanyldy we durmuşa geçirilýär, bedenterbiýe-sport hereketi giň gerime eýe bolýar.
Şunuň bilen birlikde çagalar, enäniň we çaganyň hukuklaryny goramak babatda kanunçylyk ulgamy kämilleşdirilýär. Hususan-da, şu ýylyň martynda milli parlament tarapyndan “Ene süýdi bilen iýmitlendirmegi wagyz etmek we goldamak hakynda” Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi.
Türkmen jemgyýetiniň ýokary ruhy däplerine we ýörelgelerine eýermek bilen biziň döwletimizde ilatyň has ejiz gatlaklaryna, şol sanda mümkinçilikleri çäkli bolan çagalara döwlet tarapyndan goldaw berilýär. Ol hukuk kepillikleriniň, maksada gönükdirilen ykdysady we durmuş çäreleriniň toplumyny göz öňünde tutýar.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ugurlar boýunça halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýär. Bu ugurlar 23-nji martda Türkmenistanyň hökümetiniň we ÝUNISEF-iň arasynda gol çekilen hyzmatdaşlyk etmek boýunça 2016-2020-nji ýyllar üçin ýurt maksatnamasynyň birnäçe esasy düzgünlerini kesgitledi.
Bilim özgertmelerini amala aşyrmakda, ekologiýa, şeýle hem medeniýet babatda wezipeleri çözmekde, çagalaryň öwreniş we köp dürli dynç almagyny guramak baradaky wezipelerini çözmekde Türkmenistan ýokary netijeleri gazandy.
Umumymilli, şeýle hem halkara möçberindäki dürli döredijilik bäsleşikleriniň geçirilmegi, şeýle hem Türkmenistanyň çagalar we ýetginjekler toparlarynyň halkara bäsleşiklerine we festiwallaryna gatnaşmagy çagalarda oýlanyş we çeperçilik höwesini ösdürmäge ýardam edýär. Mysal üçin, ýurdumyzda geçirilýän döredijilik bäsleşiklerine her ýyl ýurdumyzyň ähli künjeklerinden ýaş çeper okyjylaryň, tansçylaryň, drama artistleriniň müňlerçesi hem-de çeper höwesjeň aýdym we döredijilik toparlary gatnaşýarlar.
Ilatyň sagdyn durmuş ýörelgesini kemala getirmek boýunça wagyz ediş we anyk hereketler döwlet Baştutanymyzyň durmuş syýasatynyň möhüm ugry bolup durýar. Munuň üçin çagalar-ýetginjekler sport mekdepleri, sport toplumlary, syýahatçylyk, işjeň dynç alyş we beýleki ugurlar ösdürilýär.
Ýakynda alty ýaşa çenli çagalaryň arasynda küşt boýunça Türkmenistanyň birinji çempionaty geçirildi. Ol sportuň bu intellektual görnüşini ýaş nesliň arasynda wagyz etmek hem-de irki ýaşdan sporta çekmek maksadynda guraldy.
Gökdere jülgesinde hem-de Hazaryň kenarynda ýerleşen “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda çagalar sagaldyş merkezleriniň sany ýylsaýyn artýar, şeýle merkezler welaýatlarda hem guruldy.
Şu ýyl Çagalary goramagyň halkara gününiň öň ýanynda şanly waka bolup geçdi--hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Serdar şäherinde gurlan çagalar sagaldyş merkeziniň açylyş dabarasyna gatnaşdy.
Täze 300 orunlyk “Dürdäne” sagaldyş merkezi körpe türkmenistanlylara nobatdaky ajaýyp sowgatdyr. Bu ýerde çagalaryň aň-paýhasy ösdürýän we beden taýdan işjeň ösmekleri, döredijilik başarnyklaryny ýüze çykarmak üçin ähli zat göz öňünde tutulandyr, iň häzirki zaman kompýuter tehnikasy bilen enjamlaşdyrylan okuw otaglary, kinozal, çagalar üçin häzirki zaman oýun awtomatlary gurnalan zal, okalga zally kitaphana, fitnes zal, suw howdanlary, sport meýdançalary, “Ýaşajyk syýahatçylar” gurnagy we beýlekiler körpeleriň ygtyýaryndadyr.
Hormatly Prezidentimiz çagalaryň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmek, olaryň zehin başarnyklaryny ösdürmek ugrunda yzygiderli tagallalary edýär, munuň özi ozaly bilen Watanymyzyň röwşen geljeginiň bähbidine örän ýokary jogapkärçilige esaslanýar.
Ýaş nesli mynasyp derejede terbiýelemek täze taryhy eýýamda biziň öňümizde durýan möhüm meseleleriň biridir diýip, döwlet Baştutanymyz belleýär. Çagalyk ýyllarynda şahsyýetiň düýpli sypatlary, ruhy-ahlak ýörelgeleri we gymmatlyklar, durmuşa ukyplylyk hem-de maksada okgunlylyk häsiýetleri kemala gelýär. Bularyň ählisi ilkibaşda maşgalada emele gelýär, şonda çagalar özüne bildirilýän aladany, ünsi we mähri duýýar, özgelere duýgudaşlyk bildirmegi hem-de olaryň üstünliklerine şatlanmagy, özi hem-de ýakynlary üçin jogapkärçilik çekmek, köp zady öwrenmäge hyjuw gylyk-häsiýetlerini öwrenýär.
Ene-atasyndan mahrum bolan çagalar üçin jogapkärçiligi döwletimiz öz üstüne alýar, olaryň uly hem-de agzybir maşgala goşulyşmaklary, özlerini bu maşgala – biziň sagdyn jemgyýetimize gerekli adamlar hökmünde duýmagy üçin ähli şertleri döredýär. Bu bolsa diňe bir kömek-goldawa mätäç adamlara bildirilýän durmuş ugurly çäre bolmak bilen çäklenmän, türkmen halkynyň ruhy ýörelgeleriniň hem-de bahasyna ýetip bolmajak ruhy-ahlak binýatlarynyň biridir.
Häzirki wagtda bu ynsanperwer ýörelge çaganyň hukuklarynyň we kanuny bähbitlerini üpjün etmegiň hukuk kepilnamalarynyň toplumyny, şeýle hem ykdysady çäreleriň ulgamyny, belli bir adama gönükdirilen durmuş kömeklerini öz içine alýar. Bu çäreler şol sanda hossarsyz çagalary doly derejeli durmuşa goşmak, olary özbaşdak ýaşaýşa taýýarlamak, olaryň jemgyýetçilik ähmiýetli döredijilik işjeňligini ösdürmek, belent ahlak häsiýetlerini kemala getirmek, watançylyk we raýat jogapkärçiligi ruhunda terbiýelemek işlerine gönükdirilendir.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow diňe biziň hemmämiziň, tutuş jemgyýet bolup çagalara şatlyk paýlap we olary arzyly maksatlaryna ýetirip biljekdigimizi, olaryň ählisiniň özleriniň ygtybarly goraglylygyny hem-de biziň jemgyýetimize zerur şahsyýetlerdiklerini her ädimde duýmalydyklaryny nygtaýar. Biziň häzirki alyp barýan işlerimiz, çagalaryň meselelerine garaýşymyz ertirki günümizi kesgitleýär, sebäbi çagalar – biziň Garaşsyz Watanymyzyň geljegidir.
Ösüp gelýän nesliň hemmetaraplaýyn sazlaşykly kemala gelen şahsyýet hökmünde terbiýelenmegi üçin ýurdumyzda – paýtagtymyzda, welaýat merkezlerinde hem-de oba ýerlerinde iň häzirki zaman okuw-bilim toplumlary, medeni-dynç alyş we döredijilik merkezleri bina edildi we olaryň gurulmagy ýokary depginlerde dowam etdirilýär, bu binalar okatmagyň iň täze tehnologiýalary, ozaly bilen innowasiýa, multimediýa we interaktiw ulgamlary, häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilendir.
Ýurdumyzyň ähli 1-nji synp okuwçylary her ýyl milli Liderimizden dünýäniň öňdebaryjy öndürijileriniň iň häzirki zaman netbuklaryny sowgat alýarlar we eýýäm mekdepde okap başlan ilkinji ýylyndan özleriniň elektron kömekçileri bilen işlemegiň usullaryny özleşdirýärler. Türkmenistanyň mekdep okuwçylary dürli dersler boýunça halkara olimpiadalaryna işjeň gatnaşýarlar we baýrakly orunlary eýeleýärler.
Çagalar hakyndaky aladanyň iň asylly işdigini hem-de abadan geljek üçin ygtybarly maýa goýumdygyny nygtamak bilen, döwlet Baştutanymyz durmuş syýasatynyň dürli ugurlarynda yzygiderli, giň gerimli we öz wagtynda özgertmeleri geçirmek baradaky başlangyçlar bilen yzygiderli çykyş edýär, bu başlangyçlar saglygy goraýyş, bilim ulgamlaryny hem öz içine alýar.
Geçen ýylyň 1-nji sentýabrynda Aşgabatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Aman Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň täze binalar toplumy dabaraly ýagdaýda açylyp, ulanmaga berildi.
Bu okuw mekdebi ýurdumyzda iň bir baýry okuw jaýlarynyň biri bolup, onda başlangyç synp mugallymlary taýýarlanylýar hem-de olara 5-nji we 6-njy synplarda türkmen dili we edebiýaty, matematika, taryh, geografiýa, zähmet derslerini okatmaga hukuk berilýär. Şeýle hem bu okuw mekdebinde çagalar bagynda iňlis dilini okatmaga hukukly terbiýeçiler taýýarlanýar. Okuw mekdebi diňe bir täze bina eýe bolman, multimediýa ulgamlaryna, ýokary kompýuter tehnologiýalaryny peýdalanmak bilen innowasiýa üpjünçiligine hem eýe boldy.
Bu ýerde geljekki pedagoglary, şol sanda mekdebe çenli pedagogika we psihologiýa, daşary ýurt dilleri boýunça hünärmenleri taýýarlamagyň täze öňdebaryjy usullary ornaşdyryldy. Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça täze okuw ýylyndan ýurdumyzyň mekdeplerinde okadylýan daşary ýurt dilleriniň sany hasam artdyrylar. Hususan-da, hytaý we ýapon dilleri öwrediler.
Ýene birnäçe günden bolsa ýurdumyzyň ähli çagalar-sagaldyş merkezlerinde tomusky dynç alşyň täze möwsümi başlanar. Bilim, medeniýet, saglygy goraýyş ministrlikleri, şeýle hem sport guramalary bu möwsümiň çäreleriniň guramaçylary bolup durýarlar. Milli Liderimiz olaryň öňünde çagalaryň döredijilik mümkinçiliklerini peýdalanmaklary, gözýetimlerini giňeltmekleri, saglygyny berkitmekleri hem-de şadyýan dynç almaklary üçin ähli mümkinçilikleri döretmegi wezipe edip goýdy.
1-nji iýun «Türkmenistan çagalarymyzyň isleg-arzuwlarynyň hasyl bolýan bagtyýar ýurdy» atly aýdym-sazly dabaralar bilen bellener. Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli köpçülikleýin baýramçylyk çäreleri säher bilen paýtagtymyzyň «Ertekiler dünýäsi» hem-de «Aşgabat» seýilgählerinde geçiriler.
Däp bolşy ýaly, şol gün «Döwletliler köşgünde» döredijilik duşuşyklary we çykyşlar guralar. Türkmen döwlet gurjak teatry günortan öz ýaşajyk tomaşaçylaryny «Çagalyk älemgoşary» atly oýny görmäge çagyrýar. Günüň ikinji ýarymynda bolsa Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde hem-de Şekillendiriş sungaty muzeýinde «Bagtyýar nesil» atly sergiler açylar.
2-nji iýunda paýtagtymyzyň Çagalar we ýetginjekler köşgüniň öňündäki meýdançada ýurdumyzyň ähli künjeklerinden gelen çagalary ajaýyp tebigatly Gökderä ugradyş dabarasy bolar. Tomusky dynç alyş möwsüminiň başlanmagy mynasybetli gözel tebigatyň goýnunda dynç almaga barýan çagalara Köşgüň dürli döredijilik gurnaklarynda terbiýe alýan çagalar öz döredijilik sowgatlaryny taýýarladylar. Olar öz myhmanlaryny täsin sahna oýunlary, şadyýan aýdymlar we joşgunly tanslar bilen garşylap, çagalary hoşniýetli arzuwlar bilen ýola salarlar. Soňra her ýylda bolşy ýaly baýramçylyk lybasyna beslenen awtobuslaryň kerweni çagalary türkmen tebigatynyň behişdi künjegi Gökderä alyp gider. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky sagaldyş merkezleri hem şol gün çagalary kabul etmäge girişer.
Türkmenistanlylaryň ýaş nesliniň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegine gönükdirilip, amala aşyrylýan giň göwrümli çäreler, biziň ýurdumyzda diňe bir Çagalary goramagyň halkara gününde däl-de, her gün, hemişelik esasda durmuşa geçirilýär, döwlet Baştutanymyzyň ýokary derejede sowatly, ruhy taýdan baý, berk bedenli ýaş nesli kemala getirmek boýunça geljegi uly başlangyçlary munuň aýdyň subutnamasydyr, häzirki ýaş nesliň öňünde geljekde Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine uly goşant goşmak wezipesi durýar.
Türkmenistanyň bagtyýar çagalarynyň şadyýan keşbi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan alnyp barylýan, biziň umydymyz, bagtly geljegimiz bolan, ýurdumyzyň ýaşajyk raýatlarynyň hemmetaraplaýyn ösmegine, sagdynlygyna we abadançylygyna gönükdirilen döwlet syýasatynyň üstünliklere beslenýändiginiň iň gowy alamatydyr.