Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döredijilikli ýörelgesi, ilkinji nobatda, Türkmenistanyň sazlaşykly ösüşiniň, döwlet Baştutanymyzyň halkyň abadançylyk derejesiniň ýokarlanmagyna, döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň berkidilmegine gönükdirilen, ylmy taýdan esaslandyrylan öňdengörüjilikli syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň nyşany bolan giň möçberli gurluşyk işlerinde öz beýanyny tapýar.
1. Gurluşyk senagaty
Gurluşyk pudagyna ägirt uly maýa goýum serişdeleriniň gönükdirilmegi, ýurdumyza öňdebaryjy daşary ýurt gurluşyk kompaniýalarynyň, gurluşyk serişdeleri, ýörite tehnikalary we enjamlary öndürijileriň işjeň çekilmegini şertlendirýän maýa goýum ýagdaýynyň döredilmegi, ýurdumyzyň işewür toplumyna döwlet tarapyndan netijeli goldaw berilmegi ykdysadyýetiň ýokarlanmagyny, durmuş, medeni, senagat we ulag düzümine degişli döwrebap desgalaryň yzygiderli gurulmagyny üpjün etdi.
Türkmenistanyň has ähmiýetli gurluşyklarynyň baş meýilnamasyny işläp taýýarlamakda, gurluşyk senagatynyň toplumlaýyn ösdürilmeginde milli Liderimiziň işjeň we täzeçil pikirlenmeleri häzirki döwrüň iri möçberli taslamalarynyň durmuşa geçirilmegini kesgitledi. Paýtagtymyzda we welaýatlarda kaşaň binagärlik toplumlary, täze şäher etraplary we döwrebap obalar gurulýar. Olaryň hatarynda önüm öndüriji kärhanalaryň iň täze enjamlary bilen üpjün edilen edara binalarynyň, amatly ýaşaýyş jaýlarynyň bardygyny, häzirki zaman ulag ýollarynyň, halkara ähmiýetli demir ýollaryň gurulýandygyny bellemeli.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gurluşyk pudagynda, aýratyn-da, ýurdumyzyň baş şäheri bolan ak mermerli Aşgabatda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeler köp sanly daşary ýurtly myhmanlary haýran galdyrýar. Bu ösüşler ýurdumyzyň täze taryhynyň, nurana geljeginiň, onuň döredijiligiň, ösüşiň we rowaçlygyň belentliklerine tarap ynamly gadamynyň aýdyň nyşanydyr.
Milli senenamamyzda 25-nji maýyň Aşgabat şäheriniň güni hökmünde möhüm orun eýelemegi tötänden däldir. Ýaşyl baglara bürenen seýilgähler, altyn öwüşginli gümmezleri bolan köşkler, tyllaýy suw çüwdürimleri, häzirki zaman belent binalary Aşgabadyň dünýäniň iň owadan we ýaşaýyş üçin amatly şäherleriniň birine öwrülmegini şertlendirdi. Paýtagtymyz birnäçe ajaýyplyklary bilen “Aziýanyň merjeni” diýen ada mynasyp bolup, Ginnesiň Rekordlar kitabyna girizildi. Munuň özi mähriban Watanymyzyň gazanýan üstünlikleriniň we ýeten derejesiniň halkara möçberinde ykrar edilýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr.
Paýtagtymyzyň döwrebap işewürlik we medeni merkeziniň özboluşly dowamyna öwrülen günorta künjeginde täze binalar emele geldi. Arçabil şaýolunyň ugrunda bina edilen beýik jaýlar özboluşly binagärlik we inženerçilik çözgütleri bilen tapawutlanýar. Demirýol ulaglary ministrliginiň 14 gatly binasy ýa-da ýurdumyzyň Ykdysadyýet we ösüş, Maliýe, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrlikleriniň 16 gatly binalar toplumlary özboluşly şäherçäni emele getirýär. Awtomobil ulaglary, Adalat ministrlikleriniň, Döwlet gümrük gullugynyň, şeýle hem Senagat ministrliginiň, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň we Balyk hojalygy döwlet komitetiniň edaralary ýerleşdirilen 13 gatly beýik binalar paýtagtymyzyň binagärlik keşbiniň gözelleşmegini üpjün etdi.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň kaşaň binasy Aşgabadyň merkeziniň gözelligini emele getirdi. Arçabil şaýolunyň ugrunda “Mejlisler merkezi” kongresler merkezi peýda boldy. Bu binada iri halkara forumlaryny we medeni çäreleri geçirmek üçin ähli zerur şertler döredildi. Şeýle halkara maslahatlar paýtagtymyzda yzygiderli geçirilýär. Merkeziň köpugurly teatr-konsert zaly 3 müň orunlyk bolup, onuň kaşaňlygy haýran galdyrýar. Binanyň bezeginde milli ýörelgeler agdyklyk edýär. Şeýle hem merkezde häzirki zamanyň iň täze enjamlary, şol sanda konsertleriň, operalaryň we sahna oýunlarynyň görkezilişinde wideoşekiller, alty dile terjime üpjünçiligi bolan ugurdaş görnüşler ýola goýuldy.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasy netijesinde bu binalarda döwrebap tehnologiýalar işjeň ulanyldy. Şunuň ýaly gurluşyklar ýurdumyzyň ykdysady we döredijilik mümkinçilikleriniň aýdyň netijesidir. Munuň özi ösüşiň täzeçil ýoluna düşen ýurdumyzyň ähli künjeklerini gurşap alan giň möçberli özgertmeleriň aýdyň netijesidir.
Mundan başga-da, Stomatologiýa merkezi we Infuzion erginleri öndürýän derman kärhanasy, ylmy-kliniki merkezi bolan Kardiologiýa hassahanasy, “Gaýragoýulmasyz tiz kömek” merkezi, Dezinfeksiýa önümçiligi boýunça kärhana, Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezi, Halkara gümrük terminaly, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň merkezi edarasynyň binalar toplumy we Serhet instituty, Halkara awtoulag terminaly, ýurdumyzyň gaýtadan işleýän senagatynyň öňbaşçysy bolan Aşgabat dokma toplumynyň ikinji nobatdakysy, Döwlet etalon merkezi, Döwlet ösüş bankynyň binasy, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Işewürlik merkezi şäher düzüminiň üstüni ýetirdi.
Şäherde peýda bolan täze gurluşyklaryň hatarynda Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Halkara okuw-ylmy merkezi, Halkara kardiologiýa merkezi, Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezi, “Bagtyýarlyk” sport toplumy, Aşgabat stadionynyň ýanyndaky tennis korty, Metbugat öýi toplumy, sergi merkezi bolan Söwda-senagat edarasy, A.Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebi, paýtagtymyzyň Halkara howa menziliniň täze ýolagçylar terminaly we başga-da onlarça desgalar bar.
Köpetdagyň baýyrlyklarynda “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumy peýda boldy. Onuň düzüminde 1948-nji ýylyň weýrançylykly ýer titremesinde gurban bolanlaryň “Ruhy tagzym” ýadygärligi bar. Türkmen topragynyň merdana ogullary hakyndaky halk hakydasynyň öçmez nyşany bolan “Baky şöhrat” we 1941—1945-nji ýyllaryň urşunda wepat bolan, Gökdepe galasyny goramakda Watanymyzyň azatlygy ugrunda janyny gaýgyrmadyk we beýleki söweşlerde wepat bolan milli gahrymanlaryň “Milletiň ogullary” ýadygärligi bar. Toplumyň çäginde “Ýer titreme muzeýi” we “Söweş muzeýi” ýaly bölümleri bolan “Watan mukaddesligi” muzeýi ýerleşýär.
Watanymyzyň rowaçlygy, halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşynyň üpjün edilmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň amala aşyrýan syýasatynyň esasy ugurlarydyr. Munuň özi dünýä bileleşigi tarapyndan giňden ykrar edilýär. Bagtyýarlyk şaýolunyň ugrunda kaşaň “Arkadag” binasy oturdyldy. Bu bina türkmen halkynyň milli Liderine hoşallygynyň, çuňňur hormatynyň we söýgüsiniň nyşanydyr. Döwlet Baştutanymyzyň atyň üstünde şekillendirilmeginiň özboluşly manysy bardyr. Bedew türkmen halkynyň kalbynyň ganatyna deňelýär. Öňe okdurylmaga hyýallanýan bedew Watanymyzyň sazlaşykly ösüşiniň beýanydyr.
Köpetdagyň etegindäki gözel künjekleriň birinde, Arçabil we Çandybil şaýollarynyň çatrygynda gurlan “Abadançylyk” binasy türkmen topragynda berkarar bolan abadançylygy, parahatçylygy, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni alamatlandyrýar. 36 metr belentligi bolan ak mermerli “Ýyldyz” binasy ýyldyzlara tarap ugur alýan şekilde beýik maksatlara we belent sepgitlere bolan joşguny şekillendirýär. Munuň özi diňe bir 2015-nji ýylyň aprel aýynda orbita çykarylan ilkinji türkmen emeli hemrasynyň nyşany bolman, eýsem, Türkmenistanyň älem giňişligine bolan ynamly gadamyny, halkymyza islendik sepgide ýetmek üçin zerur mümkinçilikleri alamatlandyrýar.
Ýanbaş we Bekrewe köçeleriniň çatrygynda gurlan “Ylym” binasy ýurdumyzyň ylmynyň oňyn ösüşiniň we onuň häzirki döwürde ýeten derejesiniň, hil taýdan täze, dünýä derejesine çykýandygynyň aýdyň nyşanydyr. Arçabil şaýoly bilen B.Annanow köçesiniň çatrygyndaky aýlawly ýoluň merkezinde oturdylan “Ak bugdaý” binasy türkmen desterhanynyň sahawatyny, döwürleriň we nesilleriň arabaglanyşygyny alamatlandyrýar. Munuň özi ruhy gymmatlyklary asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan halkymyzyň bitewüliginiň özboluşly nyşanydyr.
Sagdynlyk we sport ýurdumyzyň durmuş ölçegleriniň esasyny düzýär. Atatürk köçesiniň ugrunda dikeldilen “Sagdynlyk” binasynda hut şu ýörelgeler öz beýanyny tapýar. Beýikligi 27 metr bolan bu binada Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça 2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek V Aziýa oýunlarynyň nyşany şekillendirilendir. Ýurdumyzyň täze belentliklere we dünýä ölçeglerine bolan ynamyny özünde jemleýän paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherjiginde Aziada—2017-niň oýunlary ýaýbaňlandyrylar.
Häzirki döwürde Aşgabat halkara hyzmatdaşlygyň merkezi bolmak bilen, iri wekilçilikli çäreleriň geçirilýän ýerine öwrüldi. Munuň özi paýtagtymyza gelýän daşary ýurtly myhmanlaryň sanynyň yzygiderli artmagyny şertlendirýär. “Ýyldyz” myhmanhanasynda halkymyzyň myhmansöýerlik däplerine häzirki döwürde uly hormat goýulýandygynyň ýörelgeleri öz beýanyny tapýar. Binanyň şekili belent baýryň üstünde badalga almaga taýýarlyk görýän asman gämisine çalymdaş. Paýtagtymyzyň günorta künjeginde gurlan 16 gatly “Arçabil” myhmanhanasy özboluşly binagärlik çözgütlerine eýedir.
Paýtagtymyzyň binagärlik gözelligi, onuň kaşaň köşk toplumlary, belent ýaşaýyş jaýlary, ajaýyp şaýollary, döwrebap meýdançalary türkmen halkynyň agzybirliginiň, bitewüliginiň, onuň şöhratly pederlerimiziň däplerine wepalylygynyň hem-de bagtyýar geljege tarap ynamly gadamynyň aýdyň subutnamasydyr. Köp sanly ýaşyl zolaklarda, seýilgählerde, saýaly baglarda şäheriň we onuň ilatynyň sahawatly kalby, olaryň myhmansöýerligi öz beýanyny tapýar.
Ýurdumyzyň Baş drama teatrynyň garşysynda “Ak şäherim Aşgabat” binasy peýda boldy. 25 metrlik sütüniň ýokarsynda Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň nyşany bolan zeýtun şahajygynyň keşbi şekillendirildi. Binanyň töweregini suw çüwdürimleri gurşap alyp, topluma özboluşly sazlaşyk we durmuş döredijiligini berýär. Şeýle hem bu ýerde gök zolaklar döredildi, dürli güller oturdyldy, gezelenç etmek üçin ýodalar, özboluşly yşyklandyryjylar we döwrebap oturgyçlar seýil edýänleriň hyzmatynda.
Durky täzelenen “Aşgabat” seýilgähi paýtagtymyzyň ilatynyň we onuň myhmanlarynyň söýgüli ýerleriniň birine öwrüldi. Bu ýerde maşgala bolup dynç almagy halaýanlar üçin ähli zerur şertleriň döredilmegi toplumyň häsiýetli aýratynlygydyr. Seýilgähiň içinden geçip gidýän esasy ýodanyň ugrunda dürli oýun attraksionlary, telärler, söwda dükanlary, dürli sazlar we yşyklar bilen utgaşdyrylan suw çüwdürimleri bar. Onuň amfiteatrynda nusgawy, halk we estrada eserleriniň aýdym-sazlaryndan düzülen konsertler geçirilýär.
Bitarap Türkmenistan we Atamyrat Nyýazow şaýollarynyň kesişýän künjeginde “Arkadag” atly medeni-dynç alyş seýilgähi açyldy. Ol ak mermerli paýtagtymyzyň gözel künjekleriniň birinde ýerleşip, Aşgabat şäheriniň jemgyýetçiliginiň köp sanly haýyşlary esasynda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bitiren işleriniň hormatyna guruldy. Seýilgähiň umumy eýeleýän meýdany 7 gektara barabardyr. Onuň giň basgançakly merkezi girelgesi has-da täsirli bolup, ol Oguz hanyň sekizburç ýyldyzynyň görnüşindäki suw çüwdürimleri bilen gurşalandyr.
Onuň merkezinde 8 metrlik binada sagat oturdyldy. Iri dabaraly çäreleri geçirmek üçin niýetlenen giň meýdança girilýän ýerde äpet monitorlar oturdylan kaşaň arkaly geçelge bar.
Bu ýerde dynç almak üçin oňaýly oturgyçlar, bezegli yşyklandyryjylar ýerleşdirildi. Seýilgähiň ýodasy iki çaýhana eltýär. Ol ýerde dürli içgiler, dermanlyk ösümliklerden taýýarlanylan çaý hödürlenýär. Seýilgähde çagalaryň döwrebap dynç alşyna aýratyn ähmiýet berlipdir. Iki oýun meýdançalarynda dürli belentlikler, hiňňildikler we birnäçe maşklary ýerine ýetirmäge niýetlenen enjamlar oturdylypdyr. Ähli ýerde dürli güller ekilipdir. Bezeg we saýaly agaç nahallaryndan gök zolaklar döredilipdir. Ýakyn wagtda bu ýerde belent başly saýaly agaçlar peýda bolar.
Türkmenbaşy şaýolundan A.Nowaýy köçesine çenli uzaýan seýilgähi döwrebaplaşdyrmak boýunça ägirt uly işler ýerine ýetirildi. Onuň umumy meýdany 170 müň inedördül metre barabar bolup, seýilgähiň 86 müň inedördül metrden gowrak meýdanynda agaç nahallary ösýär. Bu ýerden Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň binasy görünýär. Beýleki tarapynda Hökümet binasy, şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 10 ýyllygynyň hormatyna dikeldilen bina bar.
Seýilgäh boýunça gezelenç edýän adamlar, köp sanly maşgalalar suw çüwdürimleriniň gözelligine syn edýärler. Ýylyň ähli paslynda seýilgäh özüniň gözelligi bilen halkymyza hyzmat edýär. Aýratyn-da. seýilgähiň agşamky pursatlary has-da owadan. Suw çüwdürimleri dürli öwüşginler bilen töwerege gözellik eçilýär.
Watanymyzyň bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 20 ýyllyk senesiniň öňüsyrasynda paýtagtymyzda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ajaýyp binalary bolan Konstitusiýa binasyny we “Älem” medeni-dynç alyş merkezini baglanyşdyrýan hem-de bir bitewi binagärlik toplumyny emele getiren “Bagtyýarlyk” seýilgäh toplumynyň döredilmegi paýtagtymyz üçin ajaýyp sowgat boldy.
Paýtagtymyzyň ilaty ýyl-ýyldan artýar we onuň çägi işjeň ýagdaýda döwrebaplaşdyrylýar. Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça Aşgabat şäheriniň düzümine Ruhabat we Abadan etraplary girizildi. Şunlukda, paýtagtymyzyň çägi has-da giňedi. Mundan başga-da, şäheriň iki etrabynyň ady täze taryhy eýýamyň ruhuna laýyk gelýän “Bagtyýarlyk” we “Berkararlyk” diýen atlar bilen çalşyryldy.
Milli Liderimiziň paýtagtymyzyň ösüşine we ýurdumyzyň şähergurluşyk ulgamyna goşan ägirt uly goşantlaryny nazara almak bilen, Türkmenistanyň Mejlisi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa “Türkmenistanyň at gazanan binagäri” diýen hormatly ady bermek baradaky çözgüdi kabul etdi.
Aşgabadyň ösüşi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan durmuş syýasatynyň çäklerinde işjeň häsiýete eýe boldy. Adamlaryň ýokary durmuş ülňülerini üpjün etmek, olaryň göwnejaý ýaşaýşy üçin zerur şertleri döretmek özgertmeler maksatnamasynyň möhüm ugry bolup durýar.
Oguzhan köçesiniň günorta künjeginde belent ýaşaýyş jaýlary, edara binalary, medeni-durmuş maksatly desgalary we häzirki zaman düzümi bolan paýtagtymyzyň täze etrabynyň emele gelmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Umumy meýdany 970 müň inedördül metre barabar bolan bu şäher gurşawynda 30 desga bar. Olar paýtagtymyzy ösdürmegiň 13-nji nobatdakysynyň çäklerinde bina edilip, olaryň gurluşygy ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna ynanyldy.
Bu ýerde, Bitarap Türkmenistan we Garaşsyzlyk şaýollarynyň aralygynda umumy uzynlygy iki ýarym kilometre barabar bolan şaýoluň täze bölegi gurlup ulanmaga berildi. Ol awtoulaglaryň hereketini sazlaýan täze ulgam hem-de energiýa tygşytlaýjy tehnologiýa bilen üpjün edilen yşyklandyryş ulgamy, maglumat tablosy bilen üpjün edildi. Awtoýoluň ýakasynda döwrebap bezegi bolan awtobus duralgalary ýerleşdirildi.
Durky täzelenen Oguzhan köçesiniň bir tarapynda edara binalary, beýleki tarapynda bolsa Aragatnaşyk, Goranmak ministrlikleriniň, Aşgabat şäher häkimliginiň, Oba we suw hojalygy, Medeniýet ministrlikleriniň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň, “Türkmennebitgazgurluşyk” Döwlet konserniniň, “Türkmenistan” Döwlet täjirçilik bankynyň, Daşary işler ministrliginiň, Döwlet haryt-çig mal biržasynyň buýurmalary esasynda gurlan belent ýaşaýyş jaýlary bar.
Paýtagtymyzyň beýleki ýaşaýyş jaý toplumlary ýaly, bu ýerde hem ylym-bilim edaralary, şol sanda her biri 600 orunlyk iki mekdep, 160 orunlyk iki sany çagalar bagy, iň täze lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen Saglyk öýi bar. Şeýle hem bu ýere paýtagtymyzyň “Owadan” hyzmatlar öýi göçüp geldi.
Mundan başga-da, “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň Howa gatnawlaryny baş dolandyryş müdirliginiň edara binasy, “Ätiýaçlandyryş hyzmatlary” ýapyk görnüşdäki paýdarlar jemgyýetiniň, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Gidrometeorologiýa baradaky milli komitetiniň, Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň, Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap häkimliginiň, “Türkmengaz” Döwlet konserniniň “Gazygaýtadanişleýiş” müdirliginiň edara binalary ýerleşdi.
Ýurdumyzyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň buýurmasy esasynda “Bagtyýarlyk” söwda-dynç alyş merkezi guruldy. Onda azyk we senagat harytlarynyň köp görnüşini özünde jemleýän ýöriteleşdirilen söwda dükanlary ýerleşdirildi. Giň söwda zallarynda ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň köp görnüşini almak mümkinçiligi üpjün edildi. Toplumyň düzüminde döwrebap çaýhana, oýun attraksionlary bolan çagalar meýdançasy bar. Olarda örän köp görnüşli oýnawaçlar bolup, meýdançada diňe bir çagalar üçin däl, eýsem, ulular üçin hem güýmenjeler bar. Bu ýerde 45 orunlyk kinoteatr bolup, onda dürli ölçegdäki filmler görkezilýär.
Nebitgaz toplumynyň buýurmasy esasynda Ankara köçesiniň ugrunda täze binalar toplumy guruldy. 12 gatly, 72 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň üçüsinde hem üç, dört we bäş otagly öýler ýerleşdirildi. Olaryň ýerleşdirilişi gowulandyrylan we adamlaryň göwnejaý hem-de netijeli ýaşaýşy üçin ähli zerur şertleri özünde jemleýär. Ýaşaýyş jaýlaryna birikdirilen söwda merkezi hereket edýär. Wagtyňy peýdaly geçirmek we sport bilen meşgullanmak üçin medeni we sport merkezleri guruldy.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça “2015—2016-njy ýyllarda paýtagtymyzy ösdürmegiň konsepsiýasynyň” üstünlikli durmuşa geçirilmegi Aşgabadyň işewürlik we maýa goýum işjeňliginiň ýokarlanmagyny şertlendirýär. Bu ýerde senagat, ulag we aragatnaşyk, maliýe-bank ulgamyndan başlap, ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport we syýahatçylyk ýaly ulgamlara çenli ähli ugurlary öz içine alýan düzüm döredildi. Şunlukda, ilatyň ýurdumyzda öndürilen ýokary hilli harytlar bilen üpjünçiligi gowulanýar. Ýurdumyzyň eksport ulgamynda paýtagtymyzyň paýy artýar.
Aşgabadyň ýaşaýyş jaý gaznasy yzygiderli ýokarlanýar. Hususan-da, Oguzhan köçesi bilen Bitarap Türkmenistan şaýolunyň aralygynda paýtagtymyzy ösdürmegiň 14-nji nobatdakysynyň çäklerinde ýokary amatlylygy bolan belent ýaşaýyş jaýlarynyň, durmuş-medeni maksatly desgalaryň we düzümleýin binalaryň gurluşygyna badalga berildi. Parahat—7 ýaşaýyş toplumy paýtagtymyzyň ägirt uly gurluşyk meýdançasyna öwrüldi. Bu ýerde köp öýli, 9 gatly ýaşaýyş jaý toplumlary, birnäçe mekdep, çagalar baglary, Saglyk öýi we beýleki durmuş maksatly binalar gurulýar.
Mundan başga-da, Köşi ýaşaýyş toplumyny ösdürmek boýunça meýilnama durmuşa geçirilýär. Çoganlyda kottej jaýlarynyň gurluşygy dowam edýär. Aşgabadyň ýol-ulag düzümi döwrebaplaşdyrylýar. Köprüler, ýerasty we ýerüsti pyýada geçelgeleri gurulýar. Paýtagtymyzda ulaglaryň yzygiderli artmagyny nazara alyp, duralgalaryň sany köpeldiler. Şunlukda, Aşgabatda açyk we köp derejeli duralgalaryň gurluşygyna aýratyn ähmiýet berilýär. Paýtagtymyzy ösdürmegiň 15-nji nobatdakysynyň taslamasynyň durmuşa geçirilmegine ýakyn wagtda girişiler.
Ýurdumyzyň raýatlaryna ýeňillikli karz serişdeleriniň berilmegi şäherleriň we obalaryň ilatynyň amatly ýaşaýyş jaýlaryna bolan isleglerini kanagatlandyrýar. Ýokary amatlylygy bolan belent jaýlar bilen bir hatarda, döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça kottej görnüşli döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy hemmetaraplaýyn dowam edýär. 2014-nji ýylda Türkmenistanyň “Döwlet ýaşaýyş jaý gaznasyna degişli jaýlary hususylaşdyrmak hakyndaky” Kanuny güýje girdi. Oňa laýyklykda, müňlerçe maşgalalar mugt ýa-da ujypsyz töleg bilen uzak wagtlap ýaşan döwlet ýaşaýyş jaýlaryny hususylaşdyrmaga mümkinçilik aldylar.
Döwrebap durmuş-ykdysady düzümi döretmek boýunça toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Bu işler Watanymyzyň ähli künjeklerinde batly depginlere eýe bolýar. Şunlukda, sebitleriň sazlaşykly ösüşi, olaryň köpugurly mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek üçin oňyn mümkinçilikler açylýar. “Türkmenistanyň Prezidentiniň 2012—2016-njy ýyllarda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasy” hut şu ugra gönükdirilendir. Bu babatda giň möçberli maksatnamalar hem-de iri maýa goýum taslamalary ähli ugurlarda durmuşa geçirilýär. Onuň çäklerinde tutuş ýurdumyz boýunça giň möçberli gurluşyk işleri alnyp barylýar. Milli ykdysadyýetimiziň kuwwaty berkidilýär. Senagat we oba hojalyk önümleriniň möçberleri artdyrylýar. Ilatyň iş bilen üpjünçiligi boýunça wezipeler üstünlikli ýerine ýetirilýär.
2015-nji ýylyň fewral aýynda «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen Milli maksatnamasynyň» kabul edilmegi has-da ähmiýetlidir. Bu maksatnamanyň kabul edilen 2007-nji ýylyndan 2014-nji ýyla çenli bolan ýedi ýylyň dowamynda durmuş maksatly desgalaryň 830-dan gowragy, 4,5 million inedördül metr ýaşaýyş jaýlary, onlarça müň kilometr ulag ýollary guruldy, suw, gaz, elektrik geçirijiler we telefon aragatnaşygy ulgamy çekildi. Bu işleriň hemmesi üçin ABŞ-nyň 6,5 milliard dollary gönükdirildi.
2015-nji ýylda ýurdumyzyň sebitlerinde 2 sany hassahana, 16 sany saglyk öýi, 14 sany çagalar baglary, 15 sany orta mekdep, 9 sany medeniýet öýleri, 3 sany sport mekdebi, 4 sany suw arassalaýjy desga, 3968 kilometr suw we gaz geçirijiler, lagym we elektrik geçiriji ulgamlary, 293 kilometr ulag ýollary guruldy. 2340 kilometr telefon ulgamy çekildi. Şunlukda, ýokarda görkezilen milli maksatnamanyň çäklerinde umumy özleşdirilen maýa goýumlaryň möçberi 4,9 milliard manada barabar boldy.
Täze obalaryň gurulmagy Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň häsiýetli aýratynlygyna öwrüldi. Düýpli we giň möçberli özgertmeler türkmen topragynyň ähli künjegini gurşap aldy. Olar döwletimiziň häzirki döwürdäki esasy ugrunyň möhüm görkezijisine öwrüldi. Munuň özi oba ýerlerinde döwür bilen aýakdaş ýöremek, amatlylygyň we hyzmatyň şäher ölçeglerine laýyk derejesini döretmek kadasynyň emele gelýändiginiň subutnamasydyr.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yglan eden “Döwlet adam üçindir!” diýen baş şygary 2012-nji ýylda Ahal welaýatynda düýbi tutulan Täze zaman obasynyň görnüşinde öz beýanyny tapdy. Bary-ýogy üç ýylyň dowamynda bu ýerde durmuş we beýleki maksatly desgalaryň iri toplumy, mellek ýerleri bolan ýaşaýyş jaýlary, umumybilim berýän mekdep, üç sany çagalar bagy, Medeniýet öýi, iki seýilgäh we metjit guruldy. Oba ilaty döwrebap bedenterbiýe-sagaldyş toplumynyň hyzmatyndan peýdalanyp, sagdyn durmuş ýörelgesiniň esasy bolan bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga mümkinçilik aldy.
Lebap welaýatynda täze Garlyk şäherçesi emele geldi. 2013-nji ýylyň tomsunda bu ýerde birbada 17 desga gurlup, ulanmaga berildi. Olaryň hatarynda geňeşligiň edara binasy, umumybilim berýän we sport mekdepleri, medeniýet öýi, çagalar bagy, hassahana, ýaşaýyş jaýlary, söwda merkezi, aragatnaşyk ulgamy bolan poçta, awtoulag terminaly, amfiteatry bolan uly seýilgäh, bank bölümi bar. Umumy uzynlygy 250 kilometrden gowrak bolan Bagtyýarlyk — Garlyk ýokary basyşly gaz geçirijisi şäherçäni doly gazlaşdyrdy.
Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň Belek şäherçesinde ondan gowrak durmuş-ykdysady maksatly täze desgalar — umumybilim berýän mekdep, çagalar bagy, medeniýet öýi, seýilgäh, demirýol menzili, telefon ulgamy bolan aragatnaşyk bölümi, dermanhanaly saglyk öýi, söwda merkezi, maldarçylyk önümlerini taýýarlaýyş kärhanasy, myhmanhana guruldy.
Ýurdumyzyň gurluşyk senagaty düzüminiň üsti gurluşyk serişdelerini, şol sanda ýerli çig maldan gurluşyk materiallarynyň köp görnüşleriniň önümçiligi boýunça ýöriteleşdirilen täze kärhanalar bilen ýetirilýändigini bellemeli. Paýtagtymyzda Türkmenistanyň Senagat ministrliginiň “Türkmendemirbetonönümleri” önümçilik birleşiginiň doly durky täzelenen Aşgabat we Abadan iri panelli jaý gurluşyk kärhanalary ulanmaga berildi. Lebap welaýatynyň merkezinde “Demirbetonönümleri” zawody açyldy. Bu kärhanalaryň esasy önümleri diwarlyk panellerden, köp gatly ýaşaýyş jaýlary, kottejler üçin ýokary seýsmiki durnuklylygy bilen tapawutlanýan we ulanmakda amatly bolan demirbeton önümlerinden ybaratdyr.
Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda ýylda 70 müň kub metr ýuwlan çäge öndürmäge niýetlenen inert gurluşyk materiallarynyň önümçiligi boýunça hususy kärhana ulanmaga berildi. Ahal welaýatynyň çäginde aýna we aýna önümleriniň önümçiligi boýunça kärhananyň gurluşygy dowam edýär.
Hazaryň ekologiýa taýdan arassa kenarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň özgertmeler maksatnamasynyň ägirt uly netijesi bolan deňiz şypahanasy kemala geldi. Munuň özi halkymyzyň buýsanjyna öwrülip, gadymy hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk we myhmansöýerlik däpleriniň häzirki döwürde kämil derejede ösdürilmegini şertlendirdi. Awaza öz çägini giňeltmek bilen uly meşhurlyga eýe boldy we daşary ýurtly jahankeşdeleri özüne çekýär. Syýahatçylyk zolagynyň ägirt uly geljeginiň bardygyny, milli Liderimiziň başlangyjy bilen amala aşyrylýan taslamanyň üstünliklere beslenjekdigini bellemeli.
Alnyp barylýan giň möçberli işleriň netijesinde bary-ýogy birnäçe ýylyň dowamynda türkmen topragynyň bu künjegi tanalmaz derejede özgerdi. Hazaryň ekologiýa taýdan arassa kenarynda onlarça kaşaň myhmanhanalar, amatly kottej toplumlary, dürli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, Türkmenistanyň Mejlisiniň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, şeýle hem paýtagtymyzyň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimlikleriniň buýurmalary netijesinde “Bereket”, “Deňiz”, “Hasyl”, “Berkarar”, “Seýrana”, “Şapak”, “Ýüpek ýoly”, “Şowhun”, “Galkynyş”, “Täjir”, «Aşgabat”, “Ahal”, “Balkan”, “Daşoguz”, “Lebap” we “Mary” ýaly ulular we çagalar üçin saglyk we dynç alyş merkezleri emele geldi.
Bu merkezleriň her biri özboluşly taslama esasynda bina edilip, olar biri-birinden tapawutlanýar. Olaryň daşky we içki bezeginde gadymy milli däpler bilen häzirki zaman ýörelgeleri sazlaşykly utgaşýar. Hazaryň kenarynda hereket edýän ýokary derejeli myhmanhanalar we şypahanalar ýaly, olar hem ýurdumyzyň ilatyna, myhmanlara halkara ülňülerine doly laýyk gelýän hyzmatlaryň ýokary derejesini hödürleýär.
Köp gatly awtoduralgalar, söwda toplumy, “Ýelken” ýaht-kluby, “Älemgoşar” medeni-dynç alyş merkezi, “Deňiz merjeni” we “Jadyly kenar” oýun attraksionlary bolan seýilgäh toplumlary Awazanyň düzüminiň täze gurluşyklarynyň üstüni ýetirdi.
2015-nji ýylyň sentýabrynda Balkan welaýatynda geçirilen Ýaşulularyň maslahatyna gabatlanyp täze desgalaryň birnäçesi açylyp, ulanmaga berildi. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Kongres merkezi açyldy. Onda umumymilli forum geçirildi. Şeýle hem şol günlerde bäş ýyldyzly “Merdana”, “Bagtyýar”, “Şamekan” we “Hazar” myhmanhanalary, sport toplumy we beýleki desgalar açyldy.
Şol döwürde Türkmenbaşy şäheriniň Awaza etrabynda Saglyk merkezi, umumybilim berýän mekdep, çagalar bagy, iri ýaşaýyş toplumy, söwda merkezi, häkimligiň we etrabyň jemagat hojalygy bölüminiň edara binalary, polisiýa we ýangyn howpsuzlygy bölümleriniň edara binalary gurlup, ulanylmaga berildi. Türkmenbaşy etrabynda bekre balyklaryny we işbilleri taýýarlaýan hem-de köpeldýän toplum işläp başlady.
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda gök zolaklaryň döredilmegine aýratyn üns berilýär. Ýakyn geljekde bu künjekde, Hazaryň ekologiýa taýdan arassa kenarynda ajaýyp bagy-bossanlyk emele geler. Bu ýerde seýilgähleriň, pyýadalar üçin ýodalary bolan gök zolaklaryň düýbi tutulýar, tokaý zolaklary döredilýär. Bu ýerde ministrlikleriň we pudak edaralarynyň wekilleri köp sanly saýaly we miweli bag nahallaryny yzygiderli oturdýarlar.
2. Elektroenergetika
2013-nji ýylda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “2013—2020-nji ýyllarda Türkmenistanyň elektrik energetika pudagyny ösdürmegiň konsepsiýasyny” tassyklady. Onuň her bir tapgyry täze elektrik beketleriniň, elektrik geçiriji ulgamlaryň, döwrebap transformator podstansiýalarynyň, paýlaýyş ulgamlary toplumlarynyň gurluşygyny özünde jemleýär. Munuň özi elektrik energiýany kärhana, gurama we şäher ilaty ýaly ugur boýunça sarp edijilere göni ýetirmäge gönükdirilendir. Ulgamyň her bir bölüminiň anyk we bökdençsiz işi häzirki döwürde hem-de geljekde täze inženerçilik çözgütleriniň we işläp taýýarlamalaryň üpjün edilmegini nazarlaýar. Şunlukda, ilkibaşda täze energiýa ulgama paýtagtyň we welaýatlaryň sazlaşykly ösüşini, ýurdumyzyň elektrik energetika ulgamynyň eksport mümkinçiliklerini nazara almak bilen köp derejeli gorluk kuwwatlyklar ornaşdyrylýar.
Bu konsepsiýanyň çäklerinde Ak bugdaý etrabyndaky “Ahal” elektrik bekedinde umumy kuwwaty 393,9 Mwt bolan energiýa bloklarynyň 5-si ulanmaga berildi. Şeýlelikde, elektrik bekediň kuwwaty 254,2-den 648,1 megawatta ýetdi.
Lebap welaýatynyň Serdar etrabynda ýyllyk kuwwaty 149,2 Mwt elektrik energiýa barabar bolan, şeýle hem Mary welaýatynyň merkezinde umumy ýyllyk kuwwaty 146,7 Mwt elektrik energiýa barabar bolan gazturbinaly elektrik beketleri pudagyň düzüminiň üstüni ýetirdi. Her beketde ABŞ-nyň “General Eleсtriс” kompaniýasynyň üç sany gaz turbinaly gurnamalary oturdyldy. Olar iň häzirki zaman ulgamy we dünýäniň öňdebaryjy öndürijileriniň tehniki enjamlary bilen üpjün edildi.
Mundan başga-da, Ahal welaýatynyň çäginde kuwwaty 504,4 Mwt bolan täze gazturbinaly elektrik bekedi guruldy. Ol paýtagtymyzyň elektrik üpjünçiligini gowulandyrmak boýunça toplumlaýyn taslamanyň ýerine ýetirilmeginde Aşgabadyň töwereginde döredilýän energetika halkasynyň möhüm bölegi bolup durýar. Şäheriň ähli etrabynda dürli kuwwatlylygy bolan onlarça podstansiýalar, ýüzlerçe paýlaýjy transformator bölümleri bolar. Ýüzlerçe kilometre barabar elektrik geçiriji ulgam çekiler. Ýaşaýyş jaýlarynyň ählisiniň paýlaýjy enjamlary, olara barýan elektrik geçirijiler çalşylar. Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen möçberi boýunça ägirt uly taslamanyň durmuşa geçirilmegi netijesinde Aşgabatda hereket edýän elektrik üpjünçiligi ulgamy dolulygyna döwrebaplaşdyrylar.
Ykdysadyýetiň strategik pudagynyň öňünde durýan möhüm wezipeleriň netijeli çözülmeginde pudaga täzeçil usullaryň ornaşdyrylmagy ýardam berýär. Şeýle hem häzirki döwürde elektrik beketleri üçin ýangyçlaryň iň bir netijeli hem-de ekologiýa taýdan howpsuzlarynyň biri bolan tebigy gazyň ýurdumyzyň gaz känlerinde ägirt uly gorlarynyň bolmagy bu işleriň netijeli häsiýete eýe bolmagynyň baş şertidir. Marydaky Döwlet elektrik bekediniň çäginde 1574 megawatt kuwwaty bolan ýurdumyzda ilkinji garyşyk bug-gaz elektrik bekediniň gurluşygynyň taslamasyna badalga berilmegi türkmen elektroenergetikasynyň eksport mümkinçilikleriniň artdyrylmagyna, düzüminiň mundan beýläk-de ösüşine gönükdirilendir.
Ýylda 12,6 milliard kWt/sagat elektrik energiýa öndürmäge niýetlenen bu beket iň häzirki zaman inženerçilik işläp taýýarlamalaryna degişlidir. Ýurdumyzda ozal gurlan Döwlet elektrik beketlerinden tapawutlylykda, onda elektrik işläp taýýarlamak üçin ýangyç hökmünde diňe bir tebigy gaz däl, eýsem, bug hem ulanylar. Degişlilikde, bu ýerde ABŞ-nyň dünýä belli “General Eleсtriс” kompaniýasynyň dört gaz we iki bug turbinalary oturdylar. Netijede, elektrik bekediniň oňyn hereketiniň derejesi 1,5 esse ýokarlanar. Mundan başga-da, ýangyç hökmünde ulanylýan tebigy gazyň harçlanylyşy azalar. Bug-gaz elektrik beketleri diňe bir ykdysady taýdan däl, eýsem, ekologiýa babatda hem bähbitlidir. Onda önümleriň ýanmagyndan howa zyňylýan galyndylar 2,3 esse azalýar.
Ýakyn wagtda Lebap welaýatynyň Beýik Türkmenbaşy etrabynda gurluşygy wagtyndan öň tamamlanylan kuwwaty 254 megawatt bolan elektrik bekediniň açylyşy bolar. Kuwwaty 432 megawatt bolan ýene bir gaz turbina elektrik bekedi Serdarabat etrabynda gurlar. Bu boýunça degişli şertnama “Türkmenenergiýa” döwlet elektroenergetika korporasiýasy bilen Ýaponiýanyň “Sumitomo Сorporation” kompaniýasynyň arasynda baglaşyldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, 2015-nji ýylda Owganystan Yslam Respublikasyna bolan resmi saparynyň barşynda ýurdumyzyň Lebap we Mary welaýatlarynda gurulýan täze kuwwatly energetika desgalaryny nazara almak bilen, Türkmenistan owgan ugry boýunça ugradylýan elektrik energiýasynyň mukdaryny 5 esse artdyrmaga taýýardyr.
Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken Kararyna laýyklykda, “Türkmenenergo” döwlet elektrikenergetika korporasiýasy Owganystan Yslam Respublikasynyň “Da Afghanistan Breshna Sherkat” kompaniýasy bilen 2018-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan 2027-nji ýylyň 31-nji dekabryna çenli Atamyrat (Türkmenistan) — Andhoý (Owganystan) ugry boýunça elektrik energiýasyny ugratmak babatdaky şertnamany baglaşdy. Şeýle hem Türkmenistandan Owganystan Yslam Respublikasyna elektrik energiýasyny ugratmak barada ozal baglaşylan şertnamalaryň möhletini 2017-nji ýylyň 31-nji dekabryna çenli uzaltmak hakynda goşmaça ylalaşyk baglaşyldy.
Owganystana ugradylýan elektrik energiýasynyň möçberlerini artdyrmak maksady bilen 500 kilowolt güýji bolan howa elektrik geçirijisiniň gurluşygy tamamlandy. Bu iri möçberli taslamanyň durmuşa geçirilmegi bilen türkmen elektrik energiýasyny Owganystanyň üsti bilen Pakistana we Täjigistana eksport etmek üçin tehniki mümkinçilik emele geler.
...«Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly» diýlip yglan edilen 2016-njy ýylda jemi 387 sany iri desgany gurup ulanmaga bermegiň, ABŞ-nyň 7 milliard dollary möçberindäki maýa goýum serişdelerini özleşdirmegiň göz öňünde tutulýandygyny bellemeli.
Köp sanly iş orunlary emele gelýän önümçilik-tehniki maksatly pudaga maýa goýumlarynyň gönükdirilmegi, ozalkysy ýaly, möhüm ugurlaryň biri bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 8-nji ýanwarynda geçirilen giňişleýin mejlisinde eden taryhy çykyşynda belledi. Milli Liderimiziň aýdyşy ýaly, 5 milliarda golaý manat serişdesi oba ilatynyň ýaşaýyş derejesiniň gowulandyrylmagyna, hassahanalaryň, saglyk merkezleriniň we öýleriniň, çagalar baglarynyň, orta mekdepleriň, medeniýet öýleriniň, ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyna we döwrebaplaşdyrylmagyna gönükdiriler. Şeýle hem ýurdumyzyň sebitleriniň elektroenergiýa bilen üpjünçiligini gowulandyrmak, elektroenergiýanyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmak boýunça alnyp barylýan işler dowam edýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen durmuşa geçirilýän maýa goýum — gurluşyk maksatnamalary we ýurdumyzyň elektroenergetika pudagynyň ägirt uly mümkinçilikleri Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň mundan beýläk-de pugtalanmagyna, türkmen halkynyň abadan we bagtyýar durmuşynyň bähbidine beýik maksatlara ýetilmegini şertlendirer.