Ï Oňyn özgertmeler—milli Liderimiziň täzeçillik syýasatynyň möhüm ugry
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Oňyn özgertmeler—milli Liderimiziň täzeçillik syýasatynyň möhüm ugry

view-icon 3835
Türkmenistan ýangyç-energetika toplumyny giň möçberli ösdürmäge hem-de halkara energetika ulgamyna sazlaşykly goşulyşmaga gönükdirilen energetika syýasatyny yzygiderli we ynamly amala aşyrýar. Taryhy nukdaýnazardan gysga döwürde milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan birnäçe giň möçberli taslamalar nebitgaz pudagynyň ykdysady kuwwatyny has-da açmak üçin möhüm ähmiýete eýe bolmak bilen birlikde, ählumumy energetika howpsuzlygyny berkitmekde-de uly orun eýeläp, halkara energetika bileleşiginiň öňdebaryjylarynyň biri hökmünde Türkmenistanyň derejesini tassyklaýar.

3. Nebitgaz toplumy

Häzir ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalary döwlet Baştutanymyzyň başyny başlan iri möçberli taslamalaryny tapgyrma-tapgyr amala aşyrýarlar. Olar nebitgaz pudagyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge, onuň senagat kuwwatyny, ulag düzümini ösdürmäge hem-de dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýän energiýa serişdeleriniň eksportuny artdyrmaga gönükdirilendir.

Ýangyç-energetika toplumynyň ösüşiniň makroykdysady görkezijileri munuň aýdyň subutnamasydyr. Hususan-da, täze nebit hem-de gaz ýataklaryny gözlemek we özleşdirmek, şolary enjamlaşdyrmak hem-de ulanmaga bermek boýunça işler ýokary depginde alnyp barylýar.

Ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň ösüşiniň bar bolan meýilleri Türkmenistanyň ýakyn on ýylyň içinde dünýä bazarynda eýeleýän ornuny berkitmek bilen, öz energetika kuwwatyny diňe ýurdumyzyň bähbidine däl-de, eýsem, sebit we dünýä möçberinde peýdalanjakdygy barada aýtmaga mümkinçilik berýär.

Bazar gatnaşyklarynyň ösmegi, halk hojalyk toplumyna maýa goýumlarynyň möçberiniň artmagy, Aziýa we Ýewropa ýurtlary bilen ykdysady gatnaşyklaryň giňelmegi, dünýä bazarlarynda haryt öndürijileriň netijeliliginiň we bäsdeşlige ukyplylygynyň ýokarlanmagy—Türkmenistany strategiki taýdan ösdürmegiň ýakyn ýyllar üçin esasy ugurlary bolup, olar dünýäniň ykdysady ulgamyna ynamly goşulyşmaga ýardam edýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu syýasaty yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, dürli derejedäki we görnüşdäki halkara duşuşyklarynda türkmen tarapynyň deňhukuklylyk hem-de özara bähbitlilik ýörelgelerinde giň we ysnyşykly hyzmatdaşlyga taýýardygyny belleýär.

“Daşary ýurt maýa goýumlary hakynda” hem-de “Uglewodorod serişdeleri hakynda” täze Kanunlaryň kabul edilmegi daşary ýurt maýalaryny çekmäge we öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmaga mümkinçilik berýär. Bu Kanunlar halkara bileleşigi tarapyndan tassyklanan kadalara, ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň maksatlaryna we talaplaryna laýyk gelýär. Olar milli hem-de daşary ýurt maýadarlary we kompaniýalary üçin amatly şertleri döredýär, olaryň işini düzgünleşdirýär hem-de nebitgaz ulgamynda köpugurly halkara hyzmatdaşlygyny ösdürýär.

Milli Liderimiziň täzeçe pikirlenmäge we uzak geostrategik geljege esaslanan energetika syýasatyny amala aşyrmagyň çäklerinde ýangyç-energetika toplumynyň pudaklaryny toplumlaýyn tehniki taýdan üpjün etmek işleri dowam edýär. Bu ugurda dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileri we nebitgaz enjamlaryny getirýänler bilen hyzmatdaşlyk giňelýär. Türkmenbaşynyň we Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodlary öndürýän önümleriniň möçberini artdyrýarlar. Uglewodorod çig malyny çykarmak babatda täze tehnologiýalara we işlere aýratyn üns berilýär.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň nebitgaz senagaty günbatar kompaniýalarynyň üns merkezinde durýar. Gysga möhletlerde geologik we gidrodinamiki nusgalaşdyrma, üç ölçegli seýsmiki gözleg tehnologiýalary, gatlagyň gidrobölünmesi we keseligine burawlama tehnologiýalary özleşdirildi.

Şeýlelikde, Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň nebit we gaz senagatyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça wezipeleri öňde goýup, olaryň çözgüdini ýokary netijeli innowasion tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagy bilen baglanyşdyrýar. Munuň özi nebitgaz ylmynyň hem-de senagatynyň esasy meseleleri boýunça toplumlaýyn we gözleg barlaglarynyň geçirilmegini göz öňünde tutýar.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň pikirine görä, pudaklaýyn ylmy-barlaglaryň işjeňleşdirilmegi çig mal binýadynyň ösdürilmegini, ýer astyndan uglewodorodlaryň çykarylmagyny artdyrýan täze tehnologiýalaryň döredilmegini, nebiti we gazy gaýtadan işlemegiň netijeliligini hem-de nebitgaz geçiriji ulgamlaryň işiniň ygtybarlylygyny artdyrýan täze ylmy-tehniki we tehnologik çözgütleriň işlenip taýýarlanylmagyny üpjün etmäge gönükdirilendir.

Geologiýany we geofizikany, nebitgaz ylmyny hem-de tejribesini ösdürmekde gazanylýan üstünlikler, nebit we gaz senagatynyň täze tehnologiýalary, çuň burawlamagyň tehniki mümkinçilikleri örän uly çuňluklarda, çylşyrymly geologik şertlerde bolan uglewodorodlaryň ýataklaryny işläp taýýarlamakda uly mümkinçilikleri açdy.

Kompýuter tehnologiýalarynyň täsin mümkinçilikleri üç ölçegli gidrodinamiki nusgalaşdyrmanyň usullaryny ösdürmekde hem-de nebit we gaz ýataklaryny işläp taýýarlamagyň ähli tapgyrlaryny barabar etmekde öňe ilerlemäni üpjün edýär.

Keseleýin burawlamalar nebiti we gazy çykarmagyň derejesini düýpli ýokarlandyrýan netijeli tehnologiýa bolup durýar. Netije ýer gatlagyny drenažlamak bilen gurşap almagyň hasabyna gazanylýar. Şunuň ýaly tehnologiýa, ilkinji nobatda, suwly ýataklardan uglewodorodlary çykarmak üçin ulanylýar. Düýpli işler nebit we gaz ýataklarynyň däbe öwrülen tehnologiýalaryndan ýatagyň energetikasyny dolandyryş tehnologiýalary, ýataklaryň uglewodorod ulgamyna täsir edýän usullary döretmäge mümkinçilik berýär.

Nebit we gaz hakynda ylmyň ösüşiniň häzirki tapgyry özgeriş pursadyny başdan geçirýär. Munuň özi tutuş düzümi kompýuterleşdirmegiň we maglumatlaşdyrmagyň gerimi bilen şertlendirilendir. Ol nebit we gaz ýataklaryny gözlemek, agtarmak hem-de işläp taýýarlamak, düýpli barlaglaryň gazananlaryny nebit we gaz çykarmagyň hem-de ugratmagyň tehnikasyna we tehnologiýasyna ornaşdyrmak bilen baglydyr. Bular nebit we gaz senagatyny ösdürmegiň innowasion tapgyryna geçmek üçin şert döredýär. Türkmenistan hem bu ugurda dünýäniň iri kompaniýalary we ylmy merkezleri bilen üstünlikli hyzmatdaşlyk edip, olaryň tejribesini kabul edýär, öz tejribesini paýlaşýar, şeýtmek bilen pudagyň geljegi üçin oňaýly binýat döredýär.

Hut şonuň üçin döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow energetika ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyna ählumumy abadançylygyň, ösüşiň we rowaçlygyň şertlerini kesgitleýän ýagdaý hökmünde garaýar. Şondan ugur almak bilen, Türkmenistan esasy energetika döwletleriň biri hökmünde soňky ýyllaryň dowamynda maksada gönükdirilen halkara işlerini alyp barýar, dünýä bileleşiginiň ünsüni ählumumy energiýa howpsuzlygy meselelerine çekýär.

2013-nji ýylyň 17-nji maýynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 67-nji maslahatynyň 82-nji umumy mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen hem-de Milletler Bileleşiginiň agza döwletleriniň biragyzdan goldamagynda “Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde onuň hyzmaty” atly Kararnama kabul edildi. Ol turbageçirijiler boýunça hem-de beýleki geçiriji ulgamlary peýdalanmak bilen iri bazarlara energiýa serişdeleriniň ygtybarly iberilmegini üpjün etmek işinde döwletara gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilendir. Dünýäniň 70-den gowrak döwletiniň bu resminamanyň awtordaşlary bolup çykyş etmegi tutuş adamzat üçin möhüm bolan bu halkara resminamanyň ähmiýetiniň uludygyna şaýatlyk edýär.

2008-nji ýylda we 2013-nji ýylyň mejlisinde kabul edilen Kararnamalaryň atlarynyň meňzeşligi täze resminamanyň ozalkyny ösdürmek üçin kabul edilendigine şaýatlyk edýär. Şunuň bilen baglylykda, dünýä bileleşiginiň şunuň ýaly giň gerimli we möhüm taslamany tapgyrma-tapgyr, esas bolup durýan pikire eýermek bilen, amala aşyrmak maksady kesgitlenendir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan bu Kararnamasy aslyýetinde BMG-niň Halkara bilermenler toparyny döretmek we işletmek üçin esas goýdy. Ählumymy energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça täze halkara-hukuk usulyny işläp taýýarlamak bu toparyň baş maksady bolar.

BMG-niň Baş Assambleýasyndan başga-da, energetika meseleleri, üçünji müňýyllygyň ýagdaýlaryna gabat gelýän täze halkara hukuk binýadyny döretmek bilen bagly meseleler beýleki iri halkara maslahatlarynyň ara alyp maslahatlaşmagyna ençeme gezek çykaryldy. Milli Liderimiziň köpsanly duşuşyklary we gepleşikleri, dünýäniň esasy ýurtlaryna saparlary möhüm netijelerini berip, olar daşary ýurtly maýadarlar bilen ýokary derejeli, döwletara ylalaşyklarynda hem-de şertnamalarda berkidildi. Şol resminamalar uglewodorod çig malyny gözlemek, çykarmak we gaýtadan işlemek, şeýle hem ulag düzümini ösdürmek boýunça taslamalaryň amala aşyrylmagyny göz öňünde tutýar.

Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçen ýylyň noýabrynda Tähranda geçirilen gazy eksport ediji ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň sammitinde çykyşynda belleýşi ýaly, halkara energetika ulgamyna täze sebitleriň we bazarlaryň çekilmegi dünýäde senagat önümçiligine, söwdanyň ösmegine, maýa goýumlarynyň artmagyna goşmaça kuwwatly itergi berer. Şonuň ýaly-da, täze iş orunlaryny döretmäge ýardam eder. Bu bolsa sebitleriň we döwletleriň syýasy ýagdaýynyň durnuklaşmagyna uly goldaw berer.

Döwlet Baştutanymyz sammitde eden çykyşynda Türkmenistanyň durmuşa geçiren, gatnaşýan ýa-da amala aşyrmagy göz öňünde tutýan gaz geçirijileriniň taslamalarynyň ählisi oňa gatnaşýan ýurtlar üçin bähbitlidir. Bu taslamalar çäklerinden gaz geçirijiler geçýän ähli ýurtlaryň ykdysady we täjirçilik bähbitlerinden ugur alnyp amala aşyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz gaz pudagynda amala aşyrylýan halkara hyzmatdaşlygynda hemmetaraplaýyn oýlanyşykly ykdysady ölçeglere eýermegiň we ilkinji nobatda, tebigy gaz üçin we onuň üstaşyr geçirilmegi üçin esaslandyrylan nyrhlardan ugur almagyň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.

FSEG — 2008-nji ýylda döredilen hem-de tebigy gazy eksport etmek boýunça dünýäde öňdebaryjy döwletleri birleşdirýän halkara hökümetara guramasydyr. Döwletleriň 12-si: Alžir, Boliwiýa, Wenesuela, Müsür, Eýran, Katar, Liwiýa, Nigeriýa, Birleşen Arap Emirlikleri, Russiýa, Trinidat we Tobago, Ekwatorial Gwineýa onuň agzasydyr. 6 ýurt: Yrak, Gazagystan, Niderlandlar, Norwegiýa, Peru we Oman synçylar derejesine eýedir.

Dünýäniň gaz gorlarynyň 70 göterime golaýy, çykarylýan gazyň 40 göterimden gowragy, turbageçirijileriň 40 göterimi hem-de suwuklandyrylan tebigy gazyň söwdasynyň 85 göterimi gazy eksport ediji ýurtlaryň paýyna düşýär.

Guramanyň esasy maksady agza ýurtlaryň tebigy gaz gorlaryna özbaşdak ygtyýar etmegi hem-de ekologiýa durnuklylygy, gazy aýawly we netijeli işläp taýýarlamagy hem-de öz halklarynyň bähbidine peýdalanmagy üpjün etmekden, gaz senagatyny ösdürmegiň esasy meseleleri boýunça tejribe, pikir we maglumatlary alyşmakdan ybaratdyr.

Dünýäniň nebitgaz senagatynyň işjeň ösýän hem-de bu işlerde Türkmenistanyň ornunyň artýan şertlerinde iri hünär ugurly gözden geçirişlere—“Türkmenistanyň nebiti we gazy” atly her ýylda geçirilýän halkara sergisine we maslahatyna hem-de halkara gaz kongresine barha uly gyzyklanma bildirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle duşuşyklaryň geçirilmeginiň başyny başlap we olary goldap, ýurdumyzyň hünärmenleri üçin bu forumlaryň öz mümkinçilikleriňi görkezmek we hyzmatdaşlary gözläp tapmak ajaýyp ýagdaýyna ynam bildirýär. Serginiň diwarlyklarynda dünýäniň iri energetika we maşyngurluşyk kompaniýalary iň täze gazananlaryny we tehnologiýalary görkezýär. Olaryň hatarynda uly gaz känlerini ýüze çykarmak, tebigy gazy gazyp almak, arassalamak, taýýarlamak we gaýtadan işlemek, dolandyryş, turbageçirijileri anyklaýyş, uglewodorod serişdelerini ibermek ulgamlaryny ornaşdyrmak, gury ýerde we deňizde gazyp çykaryjy senagaty enjamlaşdyrmak, kärhanalardan ekologiýa howpsuzlygyny ýokarlandyrmak boýunça tehnologiýalar bar. Şeýle hem nebit we gaz guýularynyň önüm berijiligini artdyrmak, dürli ölçeýji enjamlar, bu ulgamdan peýdalanylýan turba we beýleki köpsanly önümler boýunça tehnologiýalar görkezilýär. Häzirki wagtda ösdürilmegine Türkmenistanda uly üns berilýän nebithimiýa we gazhimiýa pudagy hem diwarlyklarda giňden beýan edilýär.

Halkara ylmy maslahat oňa gatnaşýan daşary ýurtlulara döwrebap tehnologiýalary çekmegiň, hyzmat etmegiň tejribesine hem-de mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmagyň geljegine eýe bolan ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň strategiýasy bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär. Daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň gyzyklanmasy, ilkinji nobatda, milli ykdysadyýetiň şu ulgamynda alnyp barylýan düzümleýin özgertmeleriň giň gerimi, şeýle hem dünýäniň öňdebaryjy nebitgaz kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk etmegiň ýokary derejesi bilen şertlenendir.

Ýokary hünär derejeli işgärleriň arasynda Halkara gaz kongresi uly seslenme döredýär. Şeýle derejeli duşuşyklar has netijeli özara hereket etmegiň ýollaryny gözlemek işinde örän möhüm orun tutýar. Daşary ýurtly hyzmatdaşlara enjamlary ibermekde, häzirki zaman tehnologiýalar, hyzmat etmek we ençeme beýlekiler babatda diňe bir öz hyzmatlaryny hödürlemäge ajaýyp mümkinçilik döretmän, eýsem, türkmen kärdeşleri bilen göni gepleşikleri geçirmäge şert döredýär. Munuň özi geljekde Türkmenistanyň örän baý ýangyç-energetika serişdelerini netijeli özleşdirmäge we oýlanyşykly peýdalanmaga gönükdirilen täze bilelikdäki taslamalara öwrülip biler.

Kongresiň mowzugy gaz pudagyny ösdürmegiň meselelerini we geljegini şöhlelendirýär, sebitara energiýa üpjünçiligi ulgamynda strategik çözgütleri işläp taýýarlamaga mümkinçilik berýär. Forumyň işewür maksatnamasynyň çäklerinde köpsanly okuw maslahatlaryny we tanyşdyryş dabaralaryny özünde jemleýän çäreleriň toplumy geçirilýär. Baý diwarlyklar bilen bilelikde uly işewür maksatnama ählumumy pudaklaýyn forum hökmünde Kongresiň ähmiýetini güýçlendirýär.

Ýokarda nygtalyp geçilişi ýaly, Türkmenistan Hazar sebitiniň we Merkezi Aziýanyň energetika bazarynda esasy öňdebaryjylaryň biridir. 2013-nji ýylyň 4-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň gatnaşmagynda “Galkynyş” gaz käninde harytlyk gazy taýýarlamak boýunça zawodlar toplumy ulanmaga berildi. “Türkmengaz” döwlet konserni tarapyndan daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň—Hytaý Halk Respublikasynyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Koreýa Respublikasynyň iri kompaniýalary bilen bilelikde amala aşyrylan “Galkynyş” gaz känini senagat taýdan enjamlaşdyrmagyň birinji tapgyrynyň çäklerinde bu ýerde ýylda harytlyk gazyň 30 milliard kub metrini öndürmäge mümkinçilik berýän desgalar toplumy bina edildi.

Bu gaz känini özleşdirmegiň ikinji we üçünji tapgyrlaryna badalga berildi, olarda hem gazy arassalaýjy desgalaryň täze toplumlaryny bina etmek göz öňünde tutulýar.

Bu gaz känini senagat taýdan özleşdirmegiň ikinji tapgyryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde 70 guýyny burawlamak göz öňünde tutulýar. Olaryň köpüsiniň çykymy gije-gündizde 2 million kub metre barabardyr. Şeýle hem harytlyk gazy arassalaýjy we her biri 15 milliard kub metr harytlyk gazy taýýarlaýjy kuwwatlygy bolan baş desgalaryň ikisini, guýydan gaz ýygnaýjy nokatlara çenli gaz geçirijileri gurmak, kuwwatlylygy ýylda çig gazyň 5 milliard kub metrini ýygnamaga ukyply gaz toplaýyş nokatlaryň 6-syny, şeýle hem tebigy gazy guratmak agyr elementlerden arassalamak boýunça, harytlyk kondensatyň 235 müň tonnasyny çykarmak, umumy 2 million tonna kükürt öndürmek we gaplamak boýunça tehnologik enjamlaryň ençemesini bina etmek göz öňünde tutulýar.

Mundan başga-da, birnäçe kömekçi desgalar, merkezi dolandyryş nokady, dolandyryş-durmuş toplumy, gazturbina elektrik bekedi, kompressor beketleriniň ikisi bolan hem-de ýylda 30 milliard kub metr geçirijilik ukyby bolan uzynlygy 440 metre barabar eksport ediji gaz geçirijisi gurlar. Şeýle hem bu ýerde 2 müň 400 adama niýetlenen hemme zerur düzümleri bolan ýaşamak üçin şäherçe bina ediler.

Hemme işler tamamlanandan soň, gaz käninde arassalanylýan tebigy gazyň jemi möçberi 93 milliard kub metre barabar bolar, toplumyň tehnologik enjamlary bolsa her ýylda birnäçe million tonna kükürt we ýüzlerçe müň tonna kondensat çykarmaga mümkinçilik berer.

Şeýle ägirt uly taslamanyň durmuşa geçirilmegi Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň alnyp barylýandygy üçin hem örän wajypdyr. “Galkynyş” gaz käni hem bu geçiriji üçin baş çig mal çeşmesi bolar. Känleriň bu toplumyndan başga-da, “Türkmengaz” döwlet konserni “Döwletabat” we “Şatlyk”, “Malaý”, “Kerpiçli”, “Gazlydepe”, “Bagaja”, “Ýelguýy” ýaly iri gaz we gaz kondensat känleriň we beýlekileriň 30-a golaýyny işleýärler. Ulanyş guýularyň gaznasy 1000 birlige barabardyr.

Hazar deňizinde nebitiň we gazyň iri gorlarynyň dünýä reýestrine kabul edilen baý uglewodorod serişdeleriniň özleşdirilmegi hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýangyç-energetika syýasatynyň strategik ugry bolup durýar. Hut şu ýerde, deňiz ýalpaklygynda we kenar ýaka zolagynda ýakyn 10 ýyllykda “gara altynyň” hem-de “mawy ýangyjyň” gazlyp alnyşynyň möçberini görnetin artdyrmak meýilleşdirilýär.

Häzirki wagtda ýurdumyzda tebigy gazy himiki taýdan düýpli gaýtadan işlemek boýunça işler güýçli depginlerde alnyp barylýar—Balkan welaýatynda polietilen we polipropilen öndürjek hem-de Ahal welaýatynda tebigy gazdan sintetiki benzin /GTG/ öndürjek zawodlar gurulýar. Ýakyn geljekde gazy düýpli gaýtadan işlemek boýunça ýene-de ençeme taslamalary durmuşa geçirmäge başlamak meýilleşdirilýär.

“Türkmengaz” döwlet konserni bilen “Sojitz Corporation”, “Chioda Corporation” /Ýaponiýa/ kompaniýalar toparynyň arasynda Türkmenistanda tebigy gazy gaýtadan işlemek we ondan ýylda 2 million 494 müň tonna dizel ýangyjyny, kerosin we benzin öndürmek boýunça zawodlary gurmak hakynda Çarçuwaly ylalaşyga gol çekildi.

Şunuň bilen birlikde, “Kawasaki Ltd.” /Ýaponiýa/ we “Rönesans Türkmen” /Türkiýe/ kompaniýalaryň konsorsiumy bilen türkmen tebigy gazy gaýtadan işlemek hem-de ondan ýylda 600 müň tonna benzin we 300 müň tonna suwuklandyrylan gaz öndürmek boýunça zawody gurmak hakynda Çarçuwaly ylalaşyga gol çekildi.

Gyýanlydaky gazhimiýa toplumynda polietileniň we polipropileniň önümçiligi häzirki zaman tehnologiýalaryň esasynda amala aşyrylar. Ilkibaşky çig malyň mümkin bolan ähli garyndylardan täsin gurluş boýunça düýpli arassalanylmagy şol tehnologiýalaryň tapawutly aýratynlygy bolup durýar. Polimerlemegiň çylşyrymly işlerine içgin aralaşmazdan, olaryň netijesinde iň ýokary halkara ülňülerine laýyk gelýän ekologiýa taýdan arassa önümiň alynýandygyny belläp geçeliň.

Granurirlenen polipropileniň bahasy dünýä bazarlarynda ýokarydyr. Ol ýuka polimer ýorkasy, emeli süýüm, ýokary derejede berkligi bolan ýuka termoplastlar we degişlilikde mümkin bolan polimer önümleri—turbalar, şpagat, örän berk galyň ýüpler, awtoulaglar üçin süzgüçler, şeýle hem dürli egin-eşikler we mebeller, gaplaýjy serişdeler we azyk önümleri üçin gaplar—bulgurjyklar, kiçiräk nowajyklar we beýlekiler taýýarlanylanda ulanylýar.

Toplumyň beýleki önümi bolan polietileniň hem ajaýyp eksport geljegi bar. Onuň esasynda hem dürli ölçegli turbalaryň hem-de köpçüligiň isleg bildirýän harytlarynyň dürli görnüşleriniň çykarylyşyny ýola goýmak mümkin.

Taslamanyň durmuşa geçirilmeginiň çäklerinde polietileniň we polipropileniň önümçiligi üçin zerur bolan çig maly almak maksady bilen, tebigy gazyň 5 milliard kub metri gaýtadan işleniler. Bu möhüm çig maly öndürmekden galjak tebigy gazyň möçberini, hususan-da, 4,5 milliard kub metr gazy ýangyç hökmünde peýdalanmak üçin gaz geçiriji ulgamlara ibermek meýilleşdirildi.

Täze gazhimiýa toplumy ýylda polietileniň 386 müň tonnasyny we polipropileniň 81 müň tonnasyny öndürmäge niýetlenendir.

Bu taslama eksport-karz beriş edaralary tarapyndan maliýeleşdirilýän 2014-nji ýylda Ýewropanyň we Ýewraziýanyň iň oňat taslamalarynyň biri hökmünde eýýäm “TXF” /Beýik Britaniýa/ guramasynyň ýörite sylagyna mynasyp boldy.

Ahal welaýatynda, Owadandepede tebigy gazdan benzin öndürjek zawodyň gurluşygy alnyp barylýar. Iň täze tehnologiýalar bilen enjamlaşdyryljak kärhana her ýylda tebigy gazyň 1 milliard 782 million kub metrini gaýtadan işlär hem-de A-92 görnüşli benziniň 600 müň tonnasyny çykarar. Şol benzin Euro-5 ölçegli iň ýokary ekologiýa talaplaryna laýyk gelýär.

Bu senagat desgasy tebigy gazy gaýtadan işlemegiň esasynda ýokary hilli, ekologiýa taýdan arassa benzin öndürýän dünýäde ilkinji gazhimiýa toplumy bolar. Ony 2018-nji ýylda ulanmaga tabşyrmak göz öňünde tutulýar. Bu bolsa 800-e golaý täze iş orunlaryny döretmäge mümkinçilik berer.

Himiýa senagaty hem tebigy gazy gaýtadan işlemegiň örän geljegi uly hasaplanylýan pudagy bolup durýar. 2014-nji ýylyň oktýabr aýynda Mary şäherinde ammiak we karbamid öndürmek boýunça zawodlar toplumy ulanylmaga berildi. ABŞ-nyň 1 milliard dollaryndan gowrak bahasy bolan bu häzirki zaman kärhanasy Türkiýäniň “Rönesans” kompaniýasy tarapyndan guruldy. Gurluşygyň taslamasyny, enjamlar bilen üpjünçiligini we tehniki taýdan maslahatyny Ýaponiýanyň “Kawasaki Plant Systems Ltd” we “Sojitz Corporation” kompaniýalary amala aşyrdy. Toplumyň kuwwaty bir ýylda 400 müň tonna ammiak we 640 müň tonna karbamid öndürmäge barabardyr.

Mundan başga-da, Balkan welaýatynyň Garabogaz şäherinde karbamid önümçiligi boýunça zawodyň gurluşygy alnyp barylýar. Bu kärhananyň kuwwaty bir ýylda 1 million 155 müň tonna önüme barabar bolar.

Tebigy gazyň gaýtadan işlenmeginiň ýurdumyzyň batly depginler bilen ösýän gazhimiýa pudagyna täzeçil tehnologiýalary ornaşdyrmaga hem oňyn täsir edýändigi bellärliklidir.

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda nebiti gaýtadan işlemekden alynýan suwuklandyrylan gazdan polipropilen öndürmek boýunça desganyň gurulmagy ýurdumyzyň gazhimiýa pudagynyň kemala gelmeginde ilkinji ädim boldy. Häzirki wagtda külke propilen Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilýän önümleriň arasynda esasy orny eýeleýär. Ony sarp ediji döwletler örän köpdür. Olaryň arasynda Ýaponiýany, Russiýany, Türkiýäni, Eýrany, Özbegistany, Azerbaýjany we beýlekileri görkezmek bolar. Eksport harydynyň ep-esli bölegi deňiz boýunça ugradylýar. Bu maksat üçin Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz portunda polipropileni saklamak we ýüklemek üçin ýöriteleşdirilen ammarlar guruldy.

Öňdebaryjy serişde tygşytlaýjy we ekologiýanyň talaplaryna laýyk gelýän tehnologiýalary ulanmak bilen, nebiti gaýtadan işleýjiler häzirki döwürde nebithimiýa önüminiň onlarça görnüşini öndürýärler. Olaryň arasynda ýokary oktanly benzinler, uçar ýangyjy, tehniki hem-de yşyklandyryjy kerosin, suwuklandyrylan gaz, çalgy ýaglarynyň dürli görnüşleri, gidrousulda arassalanan dizel ýangyjy, sintetiki önümler we dürli harytlar bar. Bu önümler ýurdumyzyň we daşary ýurtly sarp edijileriň uly isleginden peýdalanýar.

Türkmenistanda amala aşyrylýan giň göwrümli senagatlaşdyrmak maksatnamasy daşky gurşawy goramagyň meseleleri bilen pugta baglanyşyklydyr. Parnik gazlarynyň bölünip çykarylyşyny azaltmakda dünýä jemgyýetçiliginiň tagallasyny goldaýan, biziň ýurdumyz “ýaşyl” ykdysadyýete, senagatda häzirki zaman ekologiýa taýdan howpsuz we serişde tygşytlaýjy tehnologiýalary, nebitgaz, elektroenergetika hem-de ulag pudaklarynda ulanmagy maksada laýyklykda geçýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň maslahatlarynda, Birleşen Milletler Guramasynyň durnukly ösüş boýunça “Rio+20” maslahatynda, Ýaponiýada geçirilen BMG-niň “Tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak” atly III Bütindünýä konferensiýasynda hem-de Koreýa Respublikasynda bolan VII Bütindünýä suw forumynda eden çykyşlarynda öňe süren başlangyçlary bu ugurdaky meseleleriň çözgüdini tapmaga gönükdirilendir. Olaryň arasynda Aşgabatda Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly tehnologiýalar boýunça Sebit merkezini döretmek, BMG-niň Araly halas etmek boýunça ýörite maksatnamasyny işläp taýýarlamak, BMG-niň suw strategiýasy hem-de täsin biologiki toplumy tutuş adamzadyň baýlygy bolan Hazar deňzinde ekologiýa we tehnogen howpsuzlygy üpjün etmek üçin hyzmatdaşlygyň köptaraply täsirli gurallaryny döretmek barada teklipler bar.

Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasyny amala aşyrmagyň başlanmagy hem-de «Gündogar-Günbatar» gaz geçirijisiniň işe girizilmegi geçen ýylyň bellärlikli wakalary boldy.

Şunuň bilen baglylykda, daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň Türkmenistan-Owganystan- Pakistan- Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy ýaly iri göwrümli taslama gyzyklanmalarynyň barha artýandygyny bellemek gerek.

TOPH-nyň ýolbaşçy komitetiniň 24-nji mejlisinde «Türkmengaz» döwlet konserni tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän «TAPI Pipeline Compani Limited» konsorsiumynyň agzalarynyň Maýa goýum ylalaşygyna gol çekildi. Bu bolsa taslamany çalt amala aşyrmaga itergi berip, maýa goýumlaryny çekmek üçin täze mümkinçilikleri açdy.

Bu taslama dört döwletiň arasynda baglaşylan hökümetara ylalaşyklary esasynda amala aşyrylýar. Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň uzynlygy takmynan 1814 kilometre barabar bolar. Biziň ýurdumyzyň çäklerinde 214 kilometr turba geçirijileri çekiler. Soňra gaz geçirijisi Owganystanyň Hyrat we Kandagar şäherleriniň, Pakistanyň Kwetta we Multan şäherleriniň üstünden geçip, Hindistanyň Fazilka ilatly ýerine baryp ýeter. Täze gaz magistralynyň gurluşygy netijesinde, goşmaça 12 müň iş orunlary dörediler. Bu bolsa ilatyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmaga oňyn şert döreder.

Gaz geçirijiniň ýyllyk kuwwaty 33 milliard kub metre barabar bolar. Ýer üsti düzümleri hem hasaba almak bilen, ony 2019-njy ýylyň dekabr aýynda ulanylmaga tabşyrmak göz öňünde tutulýar. Bu döwletara gaz geçirijisiniň türkmen böleginde «Türkmennebitgazgurluşyk» döwlet konserniniň hünärmenleri häzirki wagtda 1420 millimetr giňlikdäki turbalary goýmak bilen bir wagtda, olary yzygiderli kebşirlemek işlerini hem alyp barýarlar. Bu bolsa işiň depgini güýçlendirmäge mümkinçilik berýär.

Türkmen gazy Hindistanda we Pakistanda «mawy ýangyja» ösen islegi kanagatlandyrmaga ýardam eder. Bu ýurtlarda gaza bolan islegiň 2030-njy ýyla çenli iki esse artmagy mümkin. Mundan başga-da, ol üstaşyr geçelge bolan Owganystandaky energiýa serişdelerine bolan ýetmezçiligi peselder. Onuň üstesine-de, Bangladeş döwleti hem taslama gyzyklanma bildirýär. Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasy amala aşyrylandan soňra, Hindistan ilkinji transmilli gaz geçirijisine eýe bolar. Häzirki wagtda bu ýurt gazy suwuklandyrylan görnüşde satyn alyp, ony tankerler arkaly daşaýar.

Bu halkara gaz geçirijisiniň maliýeleşdirilmegi hem-de ulanylmagy bilen baglanyşykly işlere «Türkmengaz» döwlet konserni ýolbaşçylyk eder. Tebigy gazy çykarmak we sarp edijä ugratmak, turba geçirijilerini gurmak boýunça 50 ýyldan gowrak tejribesi bolan bu konsern «TAPI Pipeline Company Limited» paýdarlar kompaniýasyna biragyzdan ýolbaşçy saýlandy.

«Gündogar- Günbatar» gaz geçirijisi senagatlaşdyrmak, diwersifikasiýa, milli ykdysadyýetiň eksport kuwwatyny güýçlendirmek, şol sanda ýurdumyzyň baý uglewodorod serişdelerini doly güýjünde peýdalanmak boýunça meseleleri çözmäge ýardam eder.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça ýurdumyzyň kärhanalarynyň ýokary hünär derejeli hünärmenleriniň toparlarynyň öz güýji bilen gurlan täze gaz geçiriji Türkmenistanyň ykdysady we maliýe mümkinçilikleriniň örän ýokarydygyny aýdyň görkezýär. Şeýle hem bu ýurdumyzyň soňky ýyllarda enjamlaýyn we tehnologiýa üpjünçiligi ulgamynda has ýokary derejä çykandygynyň hem-de örän çylşyrymly we uly göwrümli taslamalary amala aşyrmaga ukyplydygynyň doly subutnamasy bolup durýar. Gaz geçirijiniň esasy wezipesi ägirt uly serişdelere eýe bolan Türkmenistanyň merkezi we gündogar sebitlerini ýurduň günbatar sebiti bilen baglanyşdyrmak arkaly onuň ösüşini çaltlandyrmak hem-de täze iş orunlaryny döretmek bilen bu ýerde döwrebap senagat we ulag düzümlerini kemala getirmek bolup durýar.

Şonuň bilen birlikde, «Gündogar-Günbatar” gaz geçirijisiniň ähmiýeti ýurdumyzyň çäklerinden daşyna çykýar. Bu taslama energetika pudagynda halkara hyzmatdaşlygyny goldamaga gönükdirilendir. Çünki ol Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, türkmen uglewodorod serişdeleriniň iberilýän çäklerine täze sebitleri birleşdirip, täze ugurlary, azyndan dört ugry, demirgazyk (Hazarýaka gaz geçirijisi), günbatar (Ýewropa çykmak bilen), günorta (Eýran Yslam Respublikasyna türkmen uglewodorod serişdelerini ibermegiň möçberini artdyrmak) hem-de gündogar (yklymyň günorta-gündogarynda ýerleşen döwletlere) açmaga mümkinçilik berýär. Netijede ýurdumyz Aziýanyň we Ýewropanyň arasynda giň göwrümli, köp ugurly halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmakda uly ähmiýete eýe bolar.

Bu taslamanyň mundan beýläk hem durmuşa geçirilmeginiň çäklerinde, ýakyn geljekde gaz geçirijiniň geçýän ýeriniň ýakalarynda birnäçe gaz gysyjy beketler hem-de beýleki desgalary gurlar. Awtomatlaşdyrylan dolandyryjy merkezler gaz akymyny güýçlendirip-peseldip, akymy yzyna gaýtarmagy, ýagny içerki we eksport isleglere görä akymyň ugruny üýtgetmegi amala aşyrmak bilen, gaz geçirijiniň tutuş ulgamyny ýeke-täk köpugurly toplum hökmünde dolandyrmaga mümkinçilik berer.

Günbatar tarapa— Ýewropa ugrukdyrylan turba geçirijiniň taslamasynyň hem geljegi uludyr. Bu taslamanyň gurluşygyny ara alyp maslahatlaşmalar işjeň derejesine bardy. Bu iri göwrümli taslamany durmuşa geçirmek Türkmenistanyň energetika strategiýasynda täze möhüm hem-de geljegi uly hasaplanýan ugruň iş ýüzünde amala aşyrylyp başlanmagyny alamatlandyrar. Günbatar ugurda gaz geçirijiniň gurluşygy energetika ulgamynda, atom elektrostansiýalaryň energiýa üpjünçiligine düşýän paýynyň kemelmegi bilen baglylykda, ählumumy strategiki deňagramlylygy üpjün etmäge mümkinçilik berer. Ýewropa tarap energiýa serişdelerini eksport etmek ýurdumyzyň halkara strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ýewropaly hyzmatdaşlar bilen işewür we netijeli işler alnyp barylýar hem-de bu iş mundan beýläk hem dowam etdiriler.

Türkmenistan energetika ulgamynda däbe öwrülen strategiki hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak bilen, Türkmenistan ýewropa, aziýa, uzak gündogar we günorta-gündogar ugurlary boýunça energogepleşiklerini üzül-kesil giňeldip, dünýäniň esasy nebitgaz kompaniýalary, abraýly maliýe düzümleri bilen ysnyşykly gatnaşyklary ýola goýdy. Iri halkara taslamalarynyň ençemesi, şol sanda Türkmenistan — Hytaý transmilli gaz geçirijisiniň gurluşygy hem-de Türkmenistan — Eýran gaz geçirijisiniň ikinji şahasy munuň netijesidir. Bu gaz geçirijileriň işe girizilmegi göniden-göni Ýewraziýada düýpgöter täze ýangyç-energetika düzüminiň döremegini alamatlandyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlary bilen durmuşa geçirilýän özgertmeleriň netijesinde, ýurdumyzyň nebit-gaz senagaty birsyhly ösüşiň ýokary depginini görkezmegini dowam edýär. Täze önümçilik kuwwatlary gurulýar. Şonuň bilen birlikde, energiýa serişdelerini dünýä bazaryna eksport etmegiň mümkinçilikleri artýar. Türkmenistanyň nebitgaz pudagy hem gazanylan üstünlikler bilen çäklenmän, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe öňe sürülýän täze, beýik wezipeleri üstünlikli amala aşyrýar.