Ï Oňyn özgertmeler — milli Liderimiziň täzeçillik syýasatynyň möhüm ugry
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Oňyn özgertmeler — milli Liderimiziň täzeçillik syýasatynyň möhüm ugry

view-icon 5499
Hormatly Prezidentimiz, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, ykdysady ylymlaryň we lukmançylyk ylymlarynyň doktory Gurbanguly Berdimuhamedowyň „Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň döwlet kadalaşdyrylyşy” atly giň göwrümli ylmy işinde belleýşi ýaly, „Iň öňdebaryjy tejribeleri özüne siňdiren häzirki zaman jemgyýetiniň hakyky gymmatlygy baýlyklarda däl-de, adamlarda, olaryň ylmynda, biliminde, hünär derejesinde hem-de zähmetiniň netijesinde jemlenýär”.

5. Bilim we ylym ulgamy

Häzirki zaman şertlerinde islendik döwletiň ýa-da dünýä ykdysadyýetiniň üstünlikli ösüşi, ilkinji nobatda, bilim we ylym ulgamynyň ösüş derejesi bilen kesgitlenilýär. Şunda jemgyýetiň intellektual kuwwatyndan netijeli peýdalanmak möhüm şert bolup durýar. Şeýlelikde, ylmyň öňdebaryjy gazananlarynyň ulanylmagy ýokary derejede ösen döwletleriň ösüşiniň möhüm şertidir.

Galyberse-de, ykdysady taýdan ösen ýurtlaryň bir tarapdan düýpli we amaly barlaglary geçirmek babatda, beýleki tarapdan bolsa olaryň netijelerini önümçilige ornaşdyrmak babatda öňdebaryjylygy gazanmaga çalyşmagy täze döwrüň tapawutly aýratynlygydyr, häsiýetli alamatydyr. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Baştutanynyň häzirki zaman türkmen ylmyny işjeň ösdürmek başlangyjy ýurdumyzy innowasion tehnologiýalary işläp taýýarlaýjynyň ornuna dalaşgärleriň hataryna çykarmak bilen çäklenmän, eýsem, durmuş-ykdysady ähmiýete eýe bolýar.

Bilim ulgamynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi umumymilli bähbitleriň hem-de her bir raýatyň bähbitleriniň sazlaşýan ulgamyna, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösmeginiň, türkmen jemgyýetiniň medeni we ruhy taýdan sazlaşykly ösmeginiň esasy şertine öwrüldi. Milli Liderimiziň 2015-nji ýylyň 9-njy sentýabrynda Türkmenbaşy şäherinde geçirilen Ýaşulularyň maslahatynda eden maksatnamalaýyn çykyşynda:

“Biz geljekde hem ýokary ylmy taýýarlygy bolan hünärmenleri, aspirantlary we doktorantlary taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmeli. Şoňa görä-de, döwletimiz öňküsi ýaly, bilim ulgamyny ösdürmäge uly goldaw berer” diýlip bellenilýär.

Bilim ulgamynyň yzygiderli döwrebaplaşdyrylmagy irki tapgyrlardan çagalaryň ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmaga we ösdürmäge, olary öňdebaryjy dünýä tejribesine hem-de milli mugallymçylygyň baý mirasyna daýanyp terbiýelemäge mümkinçilik berýär. Munuň özi soňra olardan Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ägirt uly meýilnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmäge ukyply ýokary hünärli işgärleri taýýarlamaga ýardam edýär.

Kabul edilen milli maksatnamalaryň çäklerinde mähriban Diýarymyzyň ähli künjeklerinde orta we ýokary okuw mekdepleriniň, çagalar baglarynyň hem-de sagaldyş merkezleriniň döwrebap desgalary guruldy we ulanmaga berildi. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, bu täze binalaryň ählisi häzirki zaman kompýuter, okuw-tehniki serişdeler, interaktiw multimediýa tehnologiýalary bilen doly üpjün edildi.Ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdeplerinde okatmagyň möhletleri artdyryldy.

On iki ýyllyk bilime geçilmegi bilim işgärleriniň öňünde täze wezipeleri goýdy. 2013-2014-nji okuw ýylynyň başlanmagyna çenli umumybilim berýän mekdepleriň on iki ýyllyk okuwa geçmeginiň maksatnamasyna laýyklykda, halkara ölçeglerine ýakynlaşdyrylan hem-de milli terbiýeçilik mekdebi tarapyndan toplanan terbiýe bermegiň köpasyrlyk tejribesini göz öňünde tutýan esasy okuw meýilnamasy işlenip taýýarlanyldy we tassyklanyldy. Orta okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary we mugallymlary üçin okuw – usulyýet kurslary hem-de seminarlary täzelenen okuw meýilnamalary we maksatnamalary boýunça geçirilýär.

Birinji synpa barýanlaryň ýaş aýratynlyklaryny nazara almak bilen, Bilim ministrliginiň hünärmenleri ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen bilelikde olar üçin maslahatlary, arassaçylyk kadalaryny hem-de okuw-terbiýeçilik işini guramaga degişli beýleki möhüm talaplary işläp taýýarladylar.

Alty ýaşly okuwçylaryň däp bolan okuw materiallarynyň berlişi hem-de olaryň gün tertibi hem tapawutlanýar. Alty ýaşlylaryň sapaklarynyň wagty uly ýaşly okuwçylaryňkydan gysgadyr, sapaklaryň arasyndaky arakesmäniň wagty bolsa uzyndyr. Aýry-aýry sapaklar daşarda geçirilýär. Çagalar mekdebiň ýanyndaky sport we oýun meýdançalarynda oýunlar bilen meşgullanyp bilerler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly diýlip yglan edilen şu ýylyň fewralynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde okuw işini kämilleşdirmek barada aýdyp, ýaşlarymyza halkymyzyň medeni mirasyny mekdep ýyllaryndan öwredip başlamagyň, soňra bu işi ýokary okuw mekdeplerinde dowam etmegiň wajypdygyny aýtdy. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, nakyllar we atalar sözleri hem biziň baý milli medeni mirasymyzyň aýrylmaz bir bölegidir. Nakyllarda we atalar sözlerinde halkymyzyň asyrlarboýy toplan pähim-paýhasy jemlenendir. Ýurdumyzdaky gadymy ýadygärlikler hem medeni mirasymyzyň möhüm bölegi bolup durýar. Bu ýadygärliklere bütin halkymyz buýsanýar. Şonuň üçin hem, ösüp gelýän ýaş nesillere medeni mirasymyzy giňden öwretmek möhümdir, şu maksat bilen medeni mirasymyz, nakyllar we atalar sözleri gymmatly çeşme hökmünde orta hem-de ýokary mekdepleriň okuw kitaplarynda öz beýanyny tapmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Täze okuw ýylynyň başynda bellenilýän baýramçylykda – Bilimler we talyp ýaşlar gününde ýurdumyzyň birinji synp okuwçylarynyň ählisi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan ajaýyp sowgady – ýörite programma üpjünçilikli netbuklary alýar. Elektron “kömekçileri” ulanmak arkaly interaktiw multimediýa görnüşinde sapaklary geçirmek babatda şu ýyllarda toplanan iş tejribesi ýaş türkmenistanlylaryň okuwa gyzyklanmasynyň barha artýandygyny görkezdi. Şunuň netijesinde, bilimiň hili hem ýokarlandy.

Milli Liderimiziň tabşyrygy boýunça birinji synp okuwçylaryny okatmagyň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen, netbuklar üçin goşmaça hökmünde niýetlenen ýörite multimediýa okuw gollanmalary taýýarlanyldy. Şeýle hem okuwda özleriniň “elektron kömekçisiniň” ýardamy arkaly okuw maksatnamasyny özleşdirmegi dowam edýän ikinji synp okuwçylary üçin hem şeýle multimediýa gollanmalary taýýarlanyldy.

Bilim edaralarynyň okuw-gollanma üpjünçiligini gowulandyrmak, şol sanda döwrebap okuw kitaplaryny hem-de gollanmalaryny çap etmek boýunça uly işler geçirildi. Şol okuw kitaplaryny hem-de gollanmalary taýýarlamaga diňe bir mekdepleriň mugallymlary däl, eýsem, Bilim ministrliginiň esasy hünärmenleri, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlar düzümi, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň işgärleri hem işjeň gatnaşýarlar. Döwlet Baştutanymyz olaryň öňünde möhüm wezipeleri goýup, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe häzirki zaman mekdebi – bu diňe bir ýokary bilimli, sazlaşykly ösen ýaşlary taýýarlamak üçin okuw binýady bolmak bilen çäklenmän, eýsem, milletiň intellektual kuwwatyndan netijeli peýdalanmak üçin esasdyr diýip nygtaýar.

Türkmenistanda mekdep ýaşyna çenli çagalary terbiýelemäge we olara bilim bermäge hem uly üns berilýär. Galyberse-de, häzirki wagtda mekdep ýaşyna çenli bilim ulgamyna çagalaryň saglygyny pugtalandyrmagyň möhüm şertleriniň biri hökmünde garalýar. Ýurdumyzda mekdep ýaşyna çenli edaralaryň, şeýle hem mekdepleriň sany yzygiderli artýar. Mysal üçin, 2015/2016-njy okuw ýylynyň başynda Türkmenistanda umumybilim berýän orta mekdepleriň 1832-si hereket edýärdi, munuň özi 2011-nji ýyldakydan 5 göterim köpdür. 2015-nji ýylda mekdep ýaşyna çenli çagalar edaralarynyň 1039-sy hereket edýärdi, munuň özi 2011-nji ýyldakydan 22,5 göterim köpdür.

Ýurdumyza dürli maslahatlara gatnaşmak üçin gelýän daşary ýurtly hünärmenler şeýle köp möçberdäki bilim edaralarynyň döredilen ýurdunyň dünýäniň başga ýerinde ýokdugyny belleýärler. Bularyň ählisi milli Liderimiziň durmuşa geçirýän bilim özgertmeleriniň köpugurly häsiýetlidigine, ynsanperwerlik ugurlydygyna hem-de türkmen halkynyň ruhy däplerine we bilimiň ösüşiniň dünýä ýörelgelerine laýyk gelýän açyk ulgamy döretmäge gönükdirilendigine şaýatlyk edýär.

Soňky ýyllarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, ýurdumyzyň Goranmak ministrliginiň Harby-deňiz institutynyň, Aman Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň we beýlekileriň täze binalary açyldy.

2015-nji ýylda ýaşlaryň 15 müňden gowragy talyp boldy. 2014-nji ýyl bilen deňeşdirilende, talyplaryň sany 896 adam artdy. Munuň özi, esasan hem, ýokary okuw mekdepleriniň birnäçesinde täze hünärleriň sekizisiniň girizilmeginiň hem-de Aragatnaşyk ministrliginiň we Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň ýanynda orta hünär okuw mekdepleriniň ikisiniň döredilmeginiň hasabyna mümkin boldy.

Mundan başga-da, orta hünär okuw mekdepleriniň ulgamyny giňeltmekde netijeli işler amala aşyryldy. Okuw mekdepleri bilim ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek, Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüş maksatnamalaryndan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek, şeýle hem ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň orta hünär bilimli hünärmenlere bolan isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen döredildi.

Olaryň hatarynda paýtagtymyzda ýerleşýän Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebi, Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Oba hojalyk orta hünär mekdebi, Türkmenistanyň Dokma ministrliginiň Mehaniki tehnologiýa orta hünär okuw mekdebi, Türkmenistanyň Demir ýol ministrliginiň Demir ýol ulaglary orta hünär okuw mekdebi, Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetine degişli Syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebi hem-de “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň Türkmenabatdaky Tehniki orta hünär mekdebi, Türkmenabatdaky Derýa orta hünär okuw mekdebi, Türkmenbaşydaky Deňizçilik orta hünär okuw mekdebi, Mary şäherindäki Jemagat hojalygy orta hünär okuw mekdebi bar.

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda mümkinçilikleri çäkli çagalar üçin sagaldyş we bilim-terbiýeçilik toplumlarynyň gurulmagyny göz öňünde tutýan iri durmuş maksatly taslamanyň amala aşyrylýandygyny bellemelidiris.

Hemmeler üçin elýeterli bilim ulgamynyň ösdürilmegi milli bilim ulgamyny özgertmegiň we ösdürmegiň möhüm ugurlarynyň biridir. Milli Liderimiziň atalyk aladasy netijesinde, mümkinçilikleri çäkli çagalaryň ýokary hilli bilim almaga bolan hukuklary Türkmenistanyň kanunçylygynda berkidilendir.

2014-nji ýyldan bäri Aşgabatda saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumy hereket edýär. Onda beden taýdan mümkinçiligi çäkli çagalar okaýar. 53 müň inedördül metrden gowrak meýdany eýeleýän bu toplum binagärlik keşbi bilen ertekiler köşgüni ýada salýar. Desga ýurdumyzyň hususy kärhanasy tarapyndan Aşgabat şäheriniň häkimliginiň Düýpli gurluşyk müdirliginiň buýurmasy boýunça guruldy. Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça desganyň taslamasyny düzmäge potratçy kompaniýanyň hünärmenleri bilen bilelikde, saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Bilim ministrliginiň wekilleriniň, ýöriteleşdirilen mekdepleriň işgärleriniň toplum gurlan mahaly mümkinçilikleri çäkli bolan çagalaryň bilim we bejergi almagy boýunça ähli zatlaryň nazara alynmagy üçin gatnaşandyklaryny belläp geçmeli.

Okuw-terbiýeçilik toplumy sekiz binadan ybaratdyr. Olaryň birinde lukmanlaryň otaglary, dermanhana, sagaldyş merkezi, okuw-önümçilik ussahanalary, sport zaly, üsti ýapyk suw howzy, naharhana we başgalar ýerleşýär. Beýlekilerinde psihofiziologiki aýratynlyklaryny nazara almak bilen gurlan ýöriteleşdirilen bölümler ýerleşýär. Olar üçin göwnejaý gurnalan ýaşaýyş otaglary we okuw otaglary bar.

Çagalar üçin ýörite kompýuterleriň, noutbuklaryň we maksatnamalaýyn üpjünçiligiň kömegi bilen kompýuter boýunça sowatlylylygy okatmak hem göz öňünde tutuldy, “Drafsman” şekilleýin abzallar görüşi pes bolan çagalara surat çekmek endiklerini öwrenmäge, Braýlyň depderi bolsa hat ýazmak we görmeýän çagalara okamak endiklerini kämilleşdirmäge kömek eder.

Braýlyň elipbiýinde göçürmek üçin şwed printerleri, “Gepleýän kitaplar” atly abzallar hem-de çagalara daşky gurşawyň köptaraplylygyna we baýlygyna akyl ýetirmäge mümkinçilik berýän relýefleýin globuslar bularyň üstüni ýetirýär. “Gepleýän kalkulýatorlar” matematiki hasaplamalaryň ýörelgelerini özleşdirmäge kömek eder. Hereketlendirijisi kinniwanja bolan “Grafika” kysymyndaky tifloabzallar el hereketinde bozulma bolan çagalar üçin niýetlenendir.

Milli Liderimiziň bu ulgamda halkara gatnaşyklarynyň has-da işjeňleşdirilmegi boýunça başlangyjy bilimiň hilini ýokarlandyrmakda möhüm orun eýeledi. Munuň özi özboluşly “intellektual diplomatiýa”, dürli ýurtlaryň hem-de halklaryň bilim we ylym ulgamlarynyň arasyndaky baglanyşdyryjy halka, ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki gününe we geljegine barýan ygtybarly “köpri” bolup durýar. Hut bilim ulgamy häzirki wagtda döwletara gatnaşyklarynyň derejesinde halklaryň ýakynlaşmagynda ygtybarly gural bolup hyzmat edýär: bilimleriň, tehnologiýalaryň, intellektual we döredijilik serişdeleriniň işjeň dolanyşygynyň täze tapgyry başlanýar.

Mälim bolşy ýaly, 2015-nji ýylyň iýun aýynda Türkmenistanda resmi saparda bolan BMG-niň Baş sekretary Pan Gi Mun Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetine baryp gördi. Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda we giňeltmekde BMG-niň ýörelgelerini ilerletmäge goşan ägirt uly goşandy üçin BMG-niň Baş sekretaryna şu ýokary okuw mekdebiniň Hormatly doktory diýen adyň dakylmagy ähmiýetli duşuşygyň esasy wakasy boldy.

Öz nobatynda, belent mertebeli myhman Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetine şu ýokary okuw mekdebiniň BMG-niň “Akademiki toparlar bilen özara gatnaşyklar” başlangyjyna goşulýandygyny tassyklaýan ýörite güwänamany gowşurdy. Ol BMG-niň Maksatlaryny goldamak babatda ýokary okuw mekdepleri bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilendir. Bu başlangyja goşulmagy ýokary okuw mekdeplerine dünýä bileleşiginiň öňünde intellektual jogapkärçiliginiň bitewi medeniýetini kemala getirmek maksady bilen, çäreleri guramak hem-de barlaglary geçirmek boýunça işjeň işleýän talyplaryň we alymlaryň sanynyň artmagy bilen baglylykda, agzalygyň ähli artykmaçlyklaryny berýär.

BMG-niň Baş sekretary Pan Gi Mun Türkmenistanyň Baştutanynyň döredijilikli, oýlanyşykly içeri we daşary syýasatyna ýokary baha berdi. Bu syýasatyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, ýurdumyzda durmuş-ykdysady ösüşde uly öňegidişlik gazanyldy, giň möçberli maksatnamalar we taslamalar amala aşyrylýar, halkymyzyň abadan durmuşy üçin ähli zerur şertler döredilýär.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň 24-si ýaşlara ýokary hünär bilimini almaga mümkinçilik berýär. Orta hünär bilimli hünärmenlere islegleriň artýan şertlerinde hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen 2010-njy ýylda başlangyç hünär bilim okuw mekdepleriniň ulgamynyň binýadynda birnäçe orta hünär okuw mekdepleriniň döredilmegi baradaky çözgüt uly ähmiýete eýe boldy. Munuň özi ykdysadyýetiň dürli pudaklary üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamagy has ýokary derejä çykarmaga mümkinçilik berdi. 2015-nji ýylda orta hünär okuw mekdepleriniň sany 2011-nji ýyldaky bilen deňeşdirilende 56 göterim artdy.

Hut hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bütin dünýädäki belent abraýy hem-de milli Liderimiziň halkara hyzmatdaşlygy meselelerinde tutanýerliligi türkmen ýaşlarynyň okamaga iberilýän daşary ýurt okuw mekdepleriniň çäkleriniň her ýyl giňeldilmegine ýardam etdi. Şol okuwlar gazanylan hökümetara ylalaşyklaryň esasynda amala aşyrylýar.

Şu geçen ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň ýaş ýigitleriniň we gyzlarynyň müňlerçesi Russiýanyň, Belarusuň, Hytaýyň, Malaýziýanyň, Azerbaýjanyň, Rumyniýanyň, Türkiýäniň, Horwatiýanyň we beýleki döwletleriň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň talyplary boldy.

Biziň ýurdumyzyň hil taýdan täze derejä çykan bilim ulgamy bagtly geljege tarap barmagyň täze depginini aýdyň görkezýär. 2015-nji ýylda Türkmenistanyň mekdep okuwçylarynyň halkara ders olimpiadalarynda 139 medala, şol sanda 23 altyn we 34 kümüş medala mynasyp bolandygy muňa şaýatlyk edýär, daşary ýurt intellektual ýaryşlaryna we internet-olimpiadalara gatnaşan talyplar bolsa 68 medala mynasyp boldular, şolaryň 18-si altyn we 18-si kümüş medaldyr.

“TEMPUC-TACIC” we beýlekiler ýaly Halkara bilim beriş maksatnamalarynyň çäklerinde dürli taslamalary durmuşa geçirmek ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň hem-de dünýäniň esasy ylym-bilim merkezleriniň arasynda netijeli gatnaşyklary ýola goýmagyň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Türkmenistanyň çäginde hereket edýän UNISEF, UNFPA, UNDP, UNESKO ýaly halkara guramalary bilen bilelikde iş alnyp barylýar. ABŞ-nyň FLEX, IREX, TEA we beýleki maksatnamalary bilen netijeli hyzmatdaşlyk edilýär. Döwletimizde Erazmus Mundus okuw maksatnamasy hem durmuşa geçirilýär. Ol ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlaryny alyşmak ulgamynda hyzmatdaşlyk etmäge gönükdirilendir.

Hünärmenleri işjeň alyşmak, talyplaryň okuwlary, dilleri öwrenmegiň döwrebap usullary boýunça okuw maslahatlarynyň hem-de geňeşmeleriň geçirilmegi, ýurdumyzyň dürli ýokary okuw mekdeplerinde terjimeçilik merezleriniň we ýörite otaglaryň açylmagy hyzmatdaşlygyň aýdyň netijesidir.

Şunuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän “açyk gapylar” syýasaty hem-de milli bilim ulgamynyň ýokary ösüş derejesi daşary ýurtly talyplar we mugallymlar üçin Türkmenistanyň özüne çekijiligini şertlendirýär. Häzirki wagtda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryna daşary ýurt dillerini öwretmek üçin daşary ýurtly hünärmenler çagyrylýar.

Biziň ýurdumyzda dürli halkara maslahatlarynyň geçirilmegi, Türkmenistanyň mugallymlarynyň hem-de okuwçy ýaşlarynyň iri halkara çärelerine, bäsleşiklere we olimpiýadalara yzygiderli gatnaşmagy halklaryň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygy we özara düşünişmegi ösdürmegiň möhüm şertidir.

Häzirki wagtda ýurdumyz türkmen biliminiň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, dünýäniň bilim giňişligine üstünlikli goşulyşmagyny üpjün etmek, umuman, bilimlere esaslanýan jemgyýeti gurmak üçin baý tejribe toplaýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça paýtagtymyzda geçirilen halkara sergiler we maslahatlar hem hut şu wezipeleriň çözülmegine gönükdirilendir. Olaryň hatarynda her ýyl geçirilýän «Bilim we sport Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe» atly halkara sergisi hem-de ylmy maslahat, “Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar” atly halkara ylmy maslahat we beýlekiler bar.

Şeýle maslahatlaryň esasy maksady döwletimiziň durmuş syýasatynyň möhüm ugurlary hökmünde bilim, bedenterbiýe we sport ulgamlaryny ösdürmäge ýardam etmekden, bu ugurda wajyp hem-de esasy ýörelgeler bilen tanyşdyrmakdan, bilelikdäki tehnologiýalary ilerletmekden hem-de okatmagyň hilini ýokarlandyrmaga, sport-sagaldyş hereketiniň köpçülikleýin häsiýete eýe bolmagyna ýardam edýän öňdebaryjy usullary ornaşdyrmakdan ybaratdyr.

Dürli ýurtlaryň bilim ulgamynyň wekilleriniň myhmansöýer türkmen topragynda geçirilýän şeýle duşuşyklary yzygiderli häsiýete eýe boldy we köp babatda Türkmenistanyň halkara durmuşynyň ruhy ýagdaýyny kesgitleýär. Şunuň bilen birlikde, daşary ýurtly myhmanlar soňky ýyllarda bu ulgamda amala aşyrylan giň möçberli özgertmelere mynasyp baha berýärler.

Dünýäniň ylym jemgyýetçiliginiň wekilleri türkmen kärdeşleri bilen bilelikde Türkmenistanyň ýaş alymlarynyň we talyplarynyň bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasyna gatnaşyp, ýurdumyzyň ylym hereketiniň işjeň ösdürilýändiginiň şaýady bolýarlar. Bu hereket bolsa Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine, türkmen halkynyň abadançylygynyň has-da ýokarlandyrylmagyna gönükdirilendir.

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň howandarlygynda her ýyl geçirilýän ylmy işleriň döwlet gözden geçirilişi türkmen ylmyny ösdürmäge, alymlaryň täze neslini kemala getirmäge, dürli ulgamlarda ylmy-barlag işlerini höweslendirmäge, milli ykdysadyýetimizi ösdürmäge goşant goşmagyna gönükdirilendir. Akyl-paýhas bäsleşiklerine ýaş zehinler—ylmy-barlag institutlarynyň, önümçilik birleşikleriniň, ylmy-tehniki kärhanalaryň işgärleri, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary, ýörite orta okuw mekdepleriniň okuwçylary, ylym bilen işjeň meşgullanmaga uly isleg bildirýän dürli kärdäki ýaş türkmenistanlylar gatnaşýarlar.

Jemgyýetçilik ösüşiniň kuwwatly özgerdiji güýji hökmünde ylym ýurdumyzyň durmuşynda wajyp orun tutýar, onuň dünýäniň ösýän döwletleriniň hataryna işjeň goşulyşmagynyň möhüm ýagdaýy bolup hyzmat edýär. Watanymyzyň ylmyny ösüşiň hil taýdan täze dünýä derejesine çykarmak, ylmy-barlaglaryň hem-de tehniki işläp düzmeleriň netijeliligini ýokarlandyrmak, olary jemgyýetiň we durmuşyň meselelerini çözmäge gönükdirmek hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň alymlarynyň, ähli jemgyýetçiliginiň öňünde goýýan baş wezipeleridir.

Hut şoňa görä-de, ylmyň depginli ösdürilmegine, ýurdumyzda bellenilen ägirt uly özgertmeleriň ählisiniň ýeterlik derejede düýpli ylmy esaslandyrmasynyň bolmagy üçin ony kämilleşdirmek, hil taýdan ýokarlandyrmak we höweslendirmek boýunça uly çäreleriň görülmegine aýratyn strategiki ähmiýet berilýär. Şu maksatlar bilen soňky ýyllarda ýurdumyzyň ylmynyň uly hem-de ygtybarly hukuk binýady döredildi, ony ösdürmek we düzümlerini kämilleşdirmek babatda çözgütler kabul edildi.

Soňky ýyllarda taýýarlanylan “Döwletiň ylmy-tehniki syýasaty hakynda”, “Ylmy guramalar hakynda”, “Ylmy işgäriň derejesi hakynda”, “Innowasion işler hakynda”, “Ylmy intellektual eýeçilik hakynda”, “Ylmy-tehnologik binýat hakynda” Türkmenistanyň Kanunlary hem-de işleri düzgünleşdirýän beýleki resminamalar ylym ulgamynyň hukuk taýdan üpjün edilmegini özünde jemleýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan hem-de tassyklanylan ylym pudagyny ösdürmegiň maksatnamalaýyn binýadyny 2011-2030-njy ýyllar üçin durmuş ykdysady ösüşiň milli maksatnamasy, Türkmenistanda ylmy ösdürmegiň 2012—2016-njy ýyllar üçin döwlet maksatnamasy, Türkmenistanda tebigy we takyk ylymlary ösdürmegiň döwlet maksatnamasy, 2015—2020-nji ýyllar üçin innowasiýa işini ösdürmegiň maksatnamasy, Türkmenistanda ylmy işgärleri taýýarlamagyň maksatnamasy we beýlekiler düzýär.

2015-nji ýylda ylmy edaralaryň sany 13 göterim, olarda işleýän ylmy işgärleriň sany bolsa 26 göterim artdy.

Ýaponiýanyň öňdebaryjy uniwersitetleriniň 2015-nji ýylda iň täze tejribeleriniň esasynda Türkmenistanyň Tehnologiýa uniwersitetini döretmegiň taslamasy işlenip taýýarlanyldy. Onuň açylmagy ýurdumyzda nano - bio - hem-de maglumat-tehnologiýalar, elektronika, robottehnikasy, genetika, molekulýar biologiýa, innowasion ykdysadyýet ýaly ylmyň ugurlaryny hem-de pudaklaýyn senagaty ösdürmäge we dünýä derejesine çykarmaga mümkinçilik berer.

Bu ýokary okuw mekdebinde fakultetleriň bäşisini: himiýa we nanotehnologiýa, biotehnologiýa we ekologiýa, kompýuter ylymlary we maglumat tehnologiýalary, awtomatika we elektronika fakultetlerini açmak meýilleşdirilýär. Bu bölümleriň her birine talyplaryň 100-si kabul ediler, şeýle hem 50 adam kabul ediljek innowasiýalar ykdysadyýeti fakulteti açylar. Ýokary okuw mekdebiniň ýanynda türkmen-ýapon orta mekdebiniň açylmagy göz öňünde tutulýar.

Ýapon alymlarynyň teklibi boýunça okuwyň birinji ýylynda Tehnologiýa uniwersitetiniň talyplaryna iňlis we ýapon dillerini öwrenmek zerurdyr. Ikinji ýyldan başlap, üç ýylyň dowamynda ýapon professorlary saýlanyp alnan hünärler boýunça derslerden okuw geçer, ylmy-barlag işlerini geçirer. Dördünji ýylda talyplara Ýaponiýanyň ýokary okuw mekdeplerinde, hususan-da, Sukuba uniwersitetinde okamak teklip edilýär. Şol ýerde hünärler boýunça diplom işini goramaly bolar hem-de şondan soň uniwersiteti tamamlandygy barada şahadatnama we diplom berler.

Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň mart aýynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Aşgabatda Tehnologiýa uniwersitetini hem-de türkmen-ýapon mekdebini açmak baradaky meselä ünsi çekip, degişli işgärleri taýýarlamagyň wajypdygyny hem-de şunuň bilen baglylykda, hünärmenlerimizi hünär derejesini ýokarlandyrmak üçin Ýaponiýa ibermegiň zerurdygyny belledi.

Häzir Türkmenistan ylym we ýokary tehnologiýalar babatda iri halkara guramalary hem-de ylmy merkezler bilen hyzmatdaşlyk edýär. Ýurdumyzda döwletimiziň ylmy-tehniki syýasatyny durmuşa geçirýän iň ýokary döwlet edarasy bolan Ylymlar akademiýasy işleýär.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen döredilen hem-de 2014-nji ýylyň iýun aýynda açylan TYA-nyň Tehnologiýalar merkeziniň, ylmy-barlag institutlarynyň ýanynda, ýokary mekdeplerde we ylmy edaralarda aspiranturalar hem-de doktoranturalar hereket edýär. Dünýä ylmynyň wajyp meseleleri boýunça halkara ylmy maslahatlar yzygiderli geçirilýär, Türkmenistanyň tebigy serişdelerini, taryhyny we medeniýetini öwrenmek boýunça ylmy toparlar guralýar. Ylmy edaralaryň hem-de ýokary okuw mekdepleriň maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrylýar, olaryň işine iň täze maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary giňden ornaşdyrylýar.

Döwlet Baştutanymyzyň ylmy önümçilige has işjeň ýakynlaşdyrmak babatda öňde goýan wezipeleri alymlaryň işlerinde beýanyny tapýar. Ylmy-barlag institutlarynda hem-de Tehnologiýalar merkezinde ýangyç-energetika toplumyny ösdürmek üçin innowasiýalary ornaşdyrmaga we energiýa serişdelerini tygşytlamak meselelerini çözmäge gönükdirilen ylmy-barlaglar alnyp barylýar. Alymlar energiýanyň alternatiw çeşmelerini öwrenip, elektroenergiýany öndürmegiň, nebitgaz serişdeleriniň känlerini çaklamagyň, barlamagyň, işläp taýýarlamagyň, gazyp almagyň hem-de peýdalanmagyň täze tehnologiýalaryny döredýärler, ýangyjy elektrik we ýylylyk energiýasyna öwürmek boýunça barlaglary alyp barýarlar.

Tehnologiýalar merkezi adam mümkinçiliginiň hem-de “bilimler ykdysadyýetiniň” ösdürilmegine, Türkmenistanyň ykdysady we tehnologiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge ýardam berip, ylmy çözgütleri, amaly işläp taýýarlamalary hem-de olaryň önümçilige ornaşdyrylmagyny ýeke-täk ulgama birleşdirýän öňdebaryjy edaradyr.

Tehnologiýalar merkezi öňde goýlan wezipeleri çözmegi ylmy işläp taýýarlamalary, tejribe-gurnama, tejribe-tehnologiýa, marketing hem-de utgaşdyrylan işleriň ýeke-täk ulgamyny kemala getirýän beýleki barlaglaryň geçirilmeginiň netijesinde amala aşyrýar. Onuň düzümine ylmy barlaghanalary, taslama-gurnama, patent-maglumat bölümleri, önümçilige tehnologiýalary ornaşdyrmak bölümi we beýlekiler girýär.

Merkeziň barlaghanalarynda bio-, nano-, maglumat we himiýa tehnologiýalar, molekulýar hem-de atom derejelerinde maddalaryň, bioserişdeleriň hem-de nebitgaz çig malynyň fiziki-himiki häsiýetleriniň düýpli öwrenilmegi bilen baglanyşykly ylmy işläp taýýarlamalar babatda toplumlaýyn ylmy-barlaglaryň geçirilmegi göz öňünde tutulandyr.

Gün energiýasy institutynyň hünärmenleri kwars çägesini baýlaşdyrmak arkaly kremniý oksidini almagyň ekologiýa taýdan arassa usulyny işläp taýýarladylar we synag etdiler. Olar tarapyndan aýlanmagynyň keseligine we dikligine ýerleşen oklary bolan kuwwaty bir kilowattlyk ýel energiýasy enjamlary döredildi we synagdan geçirildi.

Şol enjamlar ýeliň mehaniki güýjüni elektrik energiýa öwürmäge ukyplydyr. Institutyň alymlarynyň geljegi uly işläp taýýarlamalarynyň hatarynda ownuk suwotularyny ösdürip ýetişdirmäge niýetlenen gün fotobioreaktorlar hem-de biogaz we biodökün almak üçin bioenergetiki biogaz kiçi enjamy bar. Nano düzümli enjamlaryň esasynda ýokary kwant çykyjylygy bolan täze görnüşli ultramelewşe şöhleleriň fotodetektory döredildi. Düýpli ylymlar babatda termodinamika has-da kämilleşdirildi hem-de onuň täze kanunlary ýüze çykaryldy.

Ylmy işgärler seýsmiki howpy çaklamagyň usullaryny işläp taýýarlamak we baha bermek, seýsmiki zolaklar boýunça Türkmenistanyň çäklerini, şäherlerini we şäherçelerini bölüşdirmek hem-de olaryň seýsmiki kartalaryny düzmek, geofiziki gözegçiligi kämilleşdirmek, ýurdumyzyň çäklerinde ýer gabygynyň ösüşi bilen baglanyşykly fiziki ýagdaýlaryň, seýsmogen we tehnogen ýertitremeleriniň ýüze çykmagyny öwrenmek babatda işleri amala aşyrýarlar.

2015-nji ýylda türkmen seýsmolog alymlary hem-de fizikaçylary tarapyndan seýsmiki ýagdaýlaryň düzümini we ösüşini öwrenmek üçin “Howplaryň seýsmiki seljermesi”, “Yklymlarda seýsmiki howplara durnuklylygy ýokarlandyrmak maksatlarynda hyzmatdaşlyk” ýaly taslamalaryň birnäçesini we beýlekileri durmuşa geçirmek boýunça işler işjeňleşdirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň alymlaryny ekologiýa hem-de tebigy serişdeleri oýlanyşykly peýdalanmak, daşky gurşawy goramak ulgamynda, ekologiýa taýdan arassa, galyndysyz tehnologiýalary döretmekde ylmy-barlaglaryň ornuny we netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirýär. Muňa jogap edip, ylmy işgärler bu gün Türkmenistanyň tebigy baýlyklaryny gorap saklamak, ekoulgamyň sazlaşykly ösmegini gazanmak, Garagum çölüniň bioköpdürlüligini goramak, özleşdirmek we baýlaşdyrmak boýunça, oba hojalygynda hem-de durmuş ulgamynda “Altyn asyr” Türkmen kölüni, oňa çekilen zeýkeş suw akabalaryny hem-de onuň töweregindäki ýerleri netijeli peýdalanmak boýunça barlaglary alyp barýarlar.

Himiýa institutynyň işgärleri ekologiýa meselelerini çözmek babatda özleriniň Aşgabadyň suwunyň, topragynyň we howasynyň düzümini yzygiderli öwrenmek esasynda döreden şäheriň ekologiýa kartasyny hödürleýärler. Belarus Respublikasynyň Milli ylymlar akademiýasynyň Täze serişdeleriň himiýasy instituty bilen hyzmatdaşlykda Türkmenistanyň çägesinden suw arassalaýjy süzgüçleri almagyň tehnologiýasy işlenip düzüldi hem-de onuň ilkinji nusgalary taýýarlanyldy. Baş akabanyň hem-de “Altyn asyr” Türkmen kölüniň Daşoguz şahasynyň, Sarygamyş kölüniň iri suw howdanlarynyň düzümindäki makro we mikroionlaryň möwsümleýin üýtgeýjiligini öwrenmegiň esasynda olarda agyr metallaryň, mikroion we biogen maddalaryň saklanýandygy kesgitlenildi, olaryň gidrohimiýa häsiýetnamasy berildi.

Ýurdumyzyň tebigy baýlygy bolan ösümlik dünýäsini aýawly saklamak maksady bilen, Biologiýa we dermanlyk ösümlikleri institutynyň işgärleri Türkmenistanyň ösümliklerine giňden barlag geçirdiler. Şolaryň netijesinde, morfologiýa, öýjükli biologiýa, ekologiýa, fiziologiýa we biohimiýa, genetika babatda hem-de häzirki zaman botanikasynyň dürli bölümlerinde anyk netijeler gazanyldy. Institutda tiz ýetişýän, kesellere garşy durnukly hem-de ýurdumyzyň ekologiýa we howa şertlerinde ýokary hasylly gowaçanyň görnüşleriniň agrotehnikasyny döretmek we öwrenmek boýunça, miweli baglaryň seçgiçiligi, olaryň genofonduny saklamak we baýlaşdyrmak boýunça işler hem ýola goýuldy. Daşary ýurtlaryň botanika baglary hem-de degişli ugurly beýleki edaralary bilen hyzmatdaşlyk institutyň ylmy işleriniň üstünlige beslenmegine ýardam edýär.

Botanika bagyň barlaghanasynda biotehnologiýalar usuly boýunça dermanlyk ösümliklerini ösdürip ýetişdirmek babatda tejribeler üstünlikli geçirilýär. Şol tejribeler birnäçe dermanlyk ösümlikleriň immunomodulirleýji häsiýetlerini öwrenmäge gönükdirilendir.

Bu institutda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly düýpli ylmy işiniň esasynda Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň “Saglyk” derman kärhanasy bilen bilelikde bejerijilik häsiýetlerine eýe bolan /hoz ýapragy, çitçiti we beýlekiler/, ýerli ösümliklere, minerallara hem-de bejeriş çaýlaryna / “Seleň”, “Dag oty”, “Rahatlandyryjy”, “Saglyk”, “Hoşboý” we beýlekiler/ kadalaşdyryjy resminamalar işlenip düzüldi, olaryň önümçilige ornaşdyrylmagy dowam edýär. Dermanlyk ösümlikleriň birnäçesi /itburun, alteý, narpyz, boýbodran we beýlekiler/ synag maksatlarynda “Garadamak” tejribe bölüminde ekildi. Institutda ýandagyň biomassasyny hem-de biotehnologiýalary ulanmak bilen selme almak boýunça hem işler alnyp barylýar.

Maldarçylyk we weterinariýa institutynyň alymlarynyň ýurdumyzyň obasenagat toplumyny ösdürmäge goşandy saldamlydyr. Häzir olar tarapyndan et üçin niýetlenen iri şahly mallaryň täze tohumy /zebu+şwiskiý tohumlaryndan/ döredilip, ol agramy, kesellere garşy durnuklylygy hem-de Türkmenistanyň öri meýdan şertlerinde köpeltmäge ýaramlylygy bilen tapawutlanýar. Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynda ownuk şahly mallaryň çaknyşdyrylan täze tohumy /gissar+garaköli tohumlaryndan/ döredilip, ol etiň we ýagyň ýokary çykymlylygyna eýedir. “Sakarçäge” düýedarçylyk hojalygynda tohumçylyk ugurlarynyň seçgiçiligi arkaly arwana tohumly düýeleriň önümliligi ýokarlandyryldy.

Arassa mikroorganizmlerden iri şahly mallaryň ýokanç mal keseline, ýagny brusellýoza garşy “brusella abortus-19” sanjymynyň, mallaryň brusellýoza duçar bolandygyny anyklamaga olaryň süýt we süýt önümlerini barlamak üçin kesel anyklaýyş serişdesiniň döredilmegini weterinariýa ulgamynda gazanylan üstünlik hasaplap bolar. Şeýle hem institutda döredilen iri şahly mallaryň teýleriozyna garşy “Teýlerisid” hem-de mallaryň gelmintozyna garşy “Monezid” derman serişdeleri kämilleşdirildi.

Ylymlar akademiýasynyň ylmy-barlag institutlarynda hem-de ýokary okuw mekdeplerinde türkmen halkynyň döreýşiniň we ösüşiniň taryhyny, dünýäniň medeni taýdan ösüşinde tutýan ornuny, Türkmenistanyň iň gadymy, antik, orta asyr, täze we iň täze taryhyny, Garaşsyzlyk döwrüni hem-de hemişelik Bitaraplygyň hukuk derejesini düýpli öwrenmek boýunça wajyp meseleler işlenip düzülýär. Çapa taýýarlanan bäş jiltli “Türkmenistanyň taryhy” alymlaryň işleriniň soňky netijeleriniň biri boldy.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda “Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi” hem-de “Türkmen diliniň orfografik sözlügi” neşir edildi. Bu ylmy neşirler alymlar, mugallymlar, talyplar, döredijilik işgärleri üçin häzirki zaman türkmen dilini, onuň dil baýlygyny öwrenmekde gymmatly gollanma öwrüldi.

2015-nji ýylyň 15-nji awgustynda Ylymlar akademiýasynda geçirilen iş maslahatynda işleri medeni mirasa degişli ýadygärlikleri öwrenmek we gorap saklamak bilen baglanyşykly bolan hünärmenleriň arasynda has netijeli özara düşünişmeleri ýola goýmak hem-de alym-arheologlaryň, dikeldijileriň, sungaty hem-de edebiýaty öwrenijileriň, etnograflaryň we beýlekileriň açyşlaryny we ýörelgelerini düşündirmek maksady bilen, TYA-nyň ýanynda ýörite edarany—taryhy-medeni barlaglary geçirmek ulgamynda türkmen we daşary ýurtly alymlaryň bilelikdäki işini utgaşdyryjy Ylmy geňeşi döretmek baradaky teklip öňe sürüldi.

Bu düzümiň wezipelerine dünýäniň dürli ýurtlaryndan bolan hünärmenler bilen diňe bir özara hereketleri meýilleşdirmek däl, eýsem, bilermenleriň berjek bahasy hem-de halkymyzyň gelip çykyşy we medeni aýratynlygy nazara alnan makalalaryna, ýygyndylaryna hem-de monografiýalaryna syn bermek girer. Şunuň bilen bir hatarda, ýaş işgärleri taýýarlamak, hususan-da, ýurdumyzda ylmy-barlaglary geçirýän daşary ýurtly meşhur alymlara ýokary okuw mekdepleriniň aspirantlaryny we talyplaryny berkitmek meseleleri öňde durýar.

Mundan başga-da, TYA-nyň ýanynda Türkmenistanyň taryhy we medeni ýadygärliklerini hemmetaraplaýyn öwrenmek bilen meşgullanjak ýörite ylmy-barlag toparyny döretmek barada teklip aýdyldy. Bu işlere hem talyplar we aspirantlar çekilmelidir.

Iş maslahatynyň barşynda Ylymlar akademiýasynyň ýolbaşçylary tarapyndan hödürlenen teklipleriň birnäçesi bu ulgamyň kadalaşdyryjy-hukuk taýdan üpjün edilişini kämilleşdirmek, milli taryhy-medeni mirasyň desgalaryny goramak baradaky hereket edýän kanunçylyga üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek meselelerine degip geçdi.

Diňe bir hünär ugurly döwlet edaralarynyň işiniň üsti bilen däl, eýsem, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, taryhy-medeni miras boýunça jemgyýetçilik we halkara taslamalaryny goldamak arkaly türkmen halkynyň taryhy bilimlerini, anyk maglumatlaryny, wakalaryny, özboluşly medeni gymmatlyklaryny wagyz etmek baradaky mesele hem möhümdir.

Umuman, ýurdumyzda türkmen halkymyzyň medeni baýlygyny öwrenmek we wagyz etmek ulgamynda ägirt uly işler geçirildi. Edilmeli işler has-da köp. Şol sanda 2015-2020-nji ýyllar üçin milli maddy däl medeni mirasy toplamak, barlamak we gorap saklamak boýunça tassyklanan döwlet maksatnamasynyň çäklerinde amala aşyrylmaly işler köpdür.

Dünýäniň abraýly ylym we bilim merkezleri bilen giň gatnaşyklary ösdürmek döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýratyn üns berýän meselesidir. Döwletara gepleşikleriniň barşynda ençeme gezek ara alnyp maslahatlaşylan bu ugurda özara hereketleri işjeňleşdirmegiň mümkinçilikleri bu gün anyk işlerde öz hakyky beýanyna eýe boldy.

Muňa mysal edip, Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlary, ABŞ, Ýaponiýa, Koreýa Respublikasy bilen üstünlikli amala aşyrylýan bilim alyş-çalyş maksatnamalaryny, Russiýanyň, Belarusuň, Türkiýe Respublikasynyň we beýleki ýurtlaryň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleri hem-de ylmy merkezleri bilen aragatnaşyklaryň giňeldilmegini görkezmek bolar. Diňe geçen 2015-nji ýylda Koreýa Respublikasy, Italiýa, Sloweniýa, Hindistan, Gruziýa, Gyrgyzystan bilen ylym ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda resminamalara gol çekildi.

TYA-nyň Tehnologiýalar merkeziniň ýaş alymlary Belarus Respublikasynyň Milli ylymlar akademiýasynyň Genetika we sitologiýa institutyna molekulýar genetika boýunça hünär ýokarlandyryş okuwyna ugradyldy. Olar dostlukly ýurtda bolmagynyň barşynda oba hojalyk ekinleriniň genotipini kesgitlemek we nusgalarynyň genetik pasportlaryny döretmek, ösümligiň nusgalaryndan gelip çykyşyny ýüze çykarmak, hil we möçber taýdan häsiýetnamalaryny seljermek, ýörite plaýmerleri peýdalanmak bilen, ýüze çykarylan gelip çykmanyň häsiýetlerine laýyklykda polimeraz tirkeşikli täsirleri geçirmek üçin polimorf plaýmerleri hem-de markerleri peýdalanmagyň öňdebaryjy ylmy usulyýetlerini öwrendiler.

Ylmy taýýarlygyny dowam etmäge, hünär derejelerini ýokarlandyrmaga, ylmy iş bilen meşgullanmaga ýaş türkmen alymlarynyň gyzyklanmasy ýurdumyzda düýpli we amaly ylymlary ösdürmek, onuň ylmy-tehniki kuwwatyny berkitmek, milletiň saýlama täze intellektual neslini kemala getirmek boýunça hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet syýasatynyň aýdyň netijeleri bolup durýar.

Aspirantlaryň, doktorantlaryň hem-de ylmy işi goraýjylaryň okuw geçýän hünär ugurlary boýunça orunlar milli ykdysadyýetiň dürli pudaklarynyň anyk ylmy işgärlere ilkinji derejeli islegi nazara alnyp, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň teklipleri esasynda kesgitlenilýär. Şonuň netijesinde, aspiranturanyň, doktoranturanyň her bir uçurymynyň ýa-da ylmy derejäni alan ylmy iş goraýjynyň, her bir hünärmeniň alan bilimlerini iş ýüzünde peýdalanyp biljekdigi aýdyňdyr.

Görnüşi ýaly, ýurdumyzda ýokary okuw mekdebinden soň hünär bilimiňi dowam etmek üçin zerur bolan binýat işjeň ösdürilýär. Munuň özi, elbetde, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen ýaşlarynyň arasynda ylma bolan höwesiň we ymtylmanyň artýandygy, ylmy-barlaglar bilen meşgullanmaga hem-de ylym ulgamynda ýokary derejelere ýetmäge isleg bildirýänleriň sanynyň köpelýändigi bilen baglanyşyklydyr. Diýmek, eýýäm ýakyn ýyllarda ýurdumyzyň ylmyny hil taýdan täze derejede ösdürip, ýokary sepgitlere çykaryp biljek ýaş türkmen alymlarynyň we hünärmenleriniň täze nesliniň kemala gelmegi üçin hemme şertler bar.

Bäsleşikli taslamalaryň üstünde işlenilmegi ýaş türkmen alymlarynyň bilim derejeleriniň kämilleşmegine, ylmy dünýägaraýşynyň hem-de aň-paýhas kuwwatynyň kemala gelmegine ýardam berýär. Şol taslamalar döwlet goldawyna, ahlak we maddy taýdan höweslendirmeleriň ulgamyna hem-de döredijilik, ylmy başlangyçlaryň höweslendirilmegine esaslanan häzirki Türkmenistanda hereket edýän ylym düzümleriniň biri bolup durýar.

Intellektual eýeçiligiň milli ulgamyny döretmek hem-de ony halkara derejesine çykarmak, işläp taýýarlamalary, açyşlary we innowasiýalary hukuk taýdan goramagy üpjün etmek, olary ykdysadyýetiň dürli pudaklaryna giňden ornaşdyrmak boýunça çäreleriň toplumy kesgitlenildi. Şeýle hem milli intellektual eýeçiligiň ýeke-täk elektron maglumat binýadynyň döredilmegi göz öňünde tutulýar.

Mahlasy, geçen ýyllaryň dowamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ösüşlere beslenen özgertmeleri netijesinde, ylym-bilim ulgamynda ýurdumyzyň taryhynda täze belentliklere ýetildi. Şol belentlikler ata Watanymyzy mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmek hem-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň abadançylygy üçin täze mümkinçilikleri açýar.