Türkmenistanyň ministrlikleri we pudak edaralary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döredijilikli daşary syýasat başlangyçlaryny yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, ýurdumyzyň ählumumy dünýä hojalyk gatnaşyklar ulgamyna mundan beýläk hem goşulyşmagy boýunça öňlerinde goýlan wezipeleri çözmek üçin tagallalaryny barha artdyrýarlar. Maý aýynda bolup geçen wakalar hem muny aýdyň görkezýär. Halkara sergileri, maslahatlary, giň göwrümli medeni çäreleri, dünýäniň syýasy we işewür toparlarynyň wekilleri bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn duşuşyklary bu wakalaryň iň wajyplarynyň hatarynda görkezmek bolar.
4-nji maýda Daşary işler ministrliginde «TPACEKA» Hökümetara toparynyň baş sekretary jenap Mirçe Çiopraga bilen duşuşygyň barşynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar ýola goýlan gatnaşyklary pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýändiklerini nygtap, Ýewropa — Kawkaz — Aziýa ulag geçelgesini ösdürmekde Türkmenistanyň esasy wezipesini nazara almak bilen işjeň hyzmatdaşlygy has-da güýçlendirmegiň zerurdygyny aýtdylar.
9 —11-nji maýda Türkmenistanyň wekiliýeti Beýik Britaniýanyň paýtagty London şäherinde boldy. Bu ýerde nobatdaky türkmen-britan syýasy geňeşmeler geçirildi. Saparyň çäklerinde ýurdumyzyň wekiliýetiniň agzalary britan kärdeşleri bilen duşuşyklaryň birnäçesini geçirdiler, Kembrij uniwersitetine baryp gördüler hem-de Birleşen Patyşalygyň institutynda howpsuzlyk we goranmak meselelerini öwrenmek boýunça “tegelek stoluň” işine gatnaşdylar.
11-nji maýda Mejlisde Wengriýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Ýanoş Kowaçdan ynanç haty kabul edildi. Ilçiniň ministrlikleriň we pudak edaralarynyň birnäçesinde, şol sanda DIM-de bolan duşuşyklary hem türkmen-wenger hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň anyk ugurlaryna bagyşlandy.
Maý aýynyň ikinji ongünlüginde Belarus Respublikasynyň paýtagtynda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Minsk şäherine saparyna gabatlanan Türkmenistanyň Medeniýet günleri üstünlikli geçdi. Döredijilik çäresiniň maksatnamasyna duşuşyklar, iki dostlukly ýurduň sungat ussatlarynyň bilelikdäki konserti, Belarus Respublikasynyň Milli çeperçilik muzeýinde ýurdumyzyň amaly-haşam sungatynyň we muzeý gymmatlyklarynyň sergisi girizildi. Artistlerimiz Borisow şäherinde hem öz sungatlarynyň täze muşdaklaryny tapdylar. Olar bu iri senagat merkeziniň baş konsert hem-de sergi meýdançasy bolan M. Gorkiý adyndaky Medeniýet köşgünde konsert bilen çykyş etdiler.
Türkmen žurnalistleri GDA agza ýurtlaryň ynsanperwer hyzmatdaşlygynyň Döwletara gaznasynyň we GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň goldaw bermeginde 11-14-nji maýda Minskide guralan «Geljegiň bähbitleri üçin hyzmatdaşlyk» atly XI belarus halkara mediaforumyna gatnaşdylar. 20-den gowrak ýurtdan bolan 300 töweregi žurnalistleri we bilermenleri jemlän duşuşygyň esasy mowzugy Ýewraziýa giňişliginde goşulyşmak ýagdaýlaryna köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň täsiri barada boldy.
Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrliginiň Birleşen Milletler guramasynyň Ýewropa ykdysady topary we Bütindünýä söwda guramasy bilen bilelikde 11—13-nji maýda guran «Merkezi Aziýa we köptaraplaýyn söwda ulgamy» atly ýokary derejeli maslahaty batly depginler bilen ösýän Türkmenistanyň oňyn tejribelerine sebitiň we dünýäniň işewürleriniň gitdigiçe artýan gyzyklanmalarynyň nobatdaky subutnamasy boldy. Bütindünýä söwda guramasyna agza bolmagyň artykmaçlyklary, şol sanda sebit boýunça goşulyşmagyň çäklerinde Merkezi Aziýada söwda işlerini ýönekeýleşdirmek pikir alyşmalaryň esasy ugry boldy. Maslahatyň işiniň jemleýji gününde «Merkezi Aziýada söwdada durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmek» diýen söwda boýunça SPEKA-nyň mowzuklaýyn iş toparynyň X mejlisi geçirildi.
12-nji maýda DIM-nde Bütindünýä söwda guramasyna girmek boýunça departamentiň müdiri, bu maslahata gatnaşmak üçin Aşgabada ýörite gelen jenap Çidu Osakwe bilen duşuşyk boldy.
Şol gün BMG-niň Merkezi Aziýadaky öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkezinde şu ýylyň maý aýynyň ahyrynda Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde geçirilen ynsanperwer meseleleri boýunça Bütindünýä sammit barada habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin maslahat geçirildi. Nýu-Ýorkdan on-laýn düzgüninde alnyp görkezilen, wideomaslahat görnüşinde guralan duşuşygy BMG-niň Baş sekretarynyň ynsanperwer meseleler boýunça orunbasary, BMG-niň Adatdan daşary ýardam boýunça utgaşdyryjysy Stiwen O' Braýen geçirdi. Bellenilişi ýaly, ynsanperwer meseleler boýunça Bütindünýä sammiti Birleşen Milletler Guramasynyň 70 ýyllyk taryhynyň dowamynda ilkinji gezek çagyryldy hem-de kyn ýagdaýa düşen adamlaryň mertebesini we howpsuzlygyny goramak boýunça çäreleri görmek babatda halkara bileleşiginiň tagallalaryny birleşdirmek üçin binýat bolmaga gönükdirildi.
13-nji maýda BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Durnukly multimodal üstaşyr geçelgelerini döretmäge ýardam bermek maksady bilen ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasynda hemmetaraplaýyn özara hereketi üpjün etmegiň ýolunda» Kararnamasynyň çärelerini ýerine ýetirmek boýunça maksatnama laýyklykda , Türkmenistanyň wekiliýeti Halkara deňiz guramasynyň deňiz howpsuzlygy boýunça komitetiniň 96-njy mejlisiniň çäklerinde «Transmilli ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek boýunça Türkmenistanyň başlangyçlary» ady bilen tanyşdyryş çäresini geçirdiler.
Türkmen wekiliýetiniň agzalary ýygnananlary «Gündogar — Günbatar», «Demirgazyk — Günorta» ugurlary boýunça multimodal geçelgeleri döretmek boýunça amala aşyrylýan taslamalar, Türkmenbaşy Halkara deňiz menziliniň döwrebaplaşdyrylyşy bilen ýygnananlary tanyşdyrdylar. Tanyşdyryş çäresiniň öňüsyrasynda türkmen wekiliýeti Halkara deňiz guramasynyň baş sekretary jenap Kitak Lim tarapyndan kabul edildi.
16-njy maýda DIM-nde Pakistan Yslam Respublikasynyň Döwlet syýasaty milli institutynyň menejment boýunça 104-nji milli kursunyň diňleýjileri bilen duşuşyk geçirildi. Pakistan tarapynyň wekillerine Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatynyň esasy ugurlary barada habar berildi.
17-nji maýda Türkmenistanyň wekiliýeti Brýussel şäherinde adam hukuklary barada «Türkmenistan — Ýewropa Bileleşigi» gatnaşyklarynyň çäklerinde geçirilen nobatdaky mejlise gatnaşdy. Onda ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Ombudsmen institutynyň konstitusion özgertmeleri we halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryny nazara almak bilen kanunçylygy kämilleşdirmek, adamyň hukugyny goramak boýunça milli edaralar ýaly ulgamlarda özara gatnaşyklar ara alyp maslahatlaşmagyň aýratyn meselesi boldy. Ýewropa Bileleşiginiň wekiliýeti Türkmenistanyň 2016 — 2020-nji ýyllar üçin adam hukuklary ulgamynda hereketleriň Milli meýilnamasyny kabul etmegine oňyn baha berdi we bu ugurda bilelikde hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny beýan etdi.
Şondan bir gün soň Türkmenistanyň wekiliýeti Ýewropa Bileleşiginiň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda howpsuzlyk meseleleri boýunça ýokary derejedäki gepleşiklere gatnaşdy. Ýörite myhman hökmünde oňa Owganystanyň wekiliýeti hem çagyryldy. Duşuşygyň barşynda ähli esasy ugurlarda, şol sanda migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmakda, serhetleri dolandyrmakda hem-de Ýewropa Bileleşiginiň BOMKA we KADAP sebit maksatnamalarynyň çäklerinde neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmekde bilelikdäki kadalary güýçlendirmek barada ylalaşyk gazanyldy.
Türkmenistanyň ynsanperwer ulgamda gazananlary 19-njy maýda Daşary işler ministrliginde Halkara Gyzyl Haç komitetiniň (HGHK) Merkezi Aziýadaky sebit wekiliýetiniň baştutany jenap Žaki-Lýuk Willetta bilen geçirilen duşuşygyň barşynda hem bellenildi. Ol Merkezi Aziýada diplomatik işini tamamlaýar. Taraplar 2016 — 2017-nji ýyllarda halkara ynsanperwer hukugyny durmuşa geçirmek boýunça kabul edilen çäreleriň meýilnamasynyň çäklerinde Türkmenistanyň HGHK bilen hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.
18-nji maýda, däp bolşy ýaly, ýurdumyzda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni giňden hem-de dabaraly bellenilip geçildi. Bu senäniň öňüsyrasynda ýurdumyzyň döredijilik intelligensiýasynyň wekiliýeti türkmen halkynyň ajaýyp ogullaryny--nusgawy şahyrlar Magtymguly Pyragynyň we Döwletmämmet Azadynyň Eýran Yslam Respublikasynyň Gülüstan welaýatynyň Aktokaý obasyndaky aramgähine zyýarat etdiler.
Umumy taryhy köklere hem-de köpasyrlyk hoşniýetli goňşuçylyk däplerine esaslanýan oňyn döwletara gatnaşyklar, şol sanda ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlyk ýylsaýyn täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Şol günlerde dostlukly ýurduň paýtagty Tähranda geçirilen Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Medeniýet günleri munuň aýdyň subutnamasydyr. Medeni çäräniň çäklerinde Türkmenistanyň sungat ussatlarynyň uly konserti, amaly-haşam sungatynyň eserleriniň we ýurdumyzyň muzeý gymmatlyklarynyň sergisi guraldy. Mundan başga-da, türkmen edebiýatçylarynyň eýranly kärdeşleri bilen döredijilik duşuşyklary hem-de ýurdumyzyň kinofilmleriniň görkeziliş çäresi boldy.
VII Halkara gaz konresi we oňa gabatlanan pudaklaýyn sergi maý aýynyň esasy wakalarynyň biri boldy. Bu çäreler 20 — 21-nji maýda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda geçirildi. Energetika ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmäge gönükdirilen, her ýyl geçirilýän ýöriteleşdirilen forumy “Türkmengaz” döwlet konserni we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy gurady. Şu ýyl oňa dünýäniň 40-a golaý ýurdundan, şol sanda ABŞ-dan, Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlaryndan, Russiýadan, Hytaý Halk Respublikasyndan, Ýaponiýadan, Koreýa Respublikasyndan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Pakistandan, Hindistandan, Eýrandan we beýleki döwletlerden 400-e golaý wekil gatnaşdy.
Kongresiň çäklerinde halkara ähmiýetli möhüm düzümleýin taslamalary, ilkinji nobatda bolsa, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan —Hindistan (TOPH) we Ýewropa ugry boýunça gaz geçirijilerini gurmak baradaky taslamany durmuşa geçirmegiň meseleleri boýunça “tegelek stoluň” başyndaky söhbetdeşlikler, daşary ýurtly işewürleriň hem-de Türkmenistanyň nebitgaz edaralarynyň we konsernleriniň ýolbaşçylarynyň arasynda köp sanly işjeň duşuşyklar geçirildi.
Eksport-import kuwwaty artdyrmak, özara haryt dolanyşygyny ýokarlandyrmak hem-de ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmak maksady bilen Türkmenistanyň wekiliýeti geçen aýyň ahyrynda Saud Arabystany Patyşalygynyň Er-Riýad şäherine ugradyldy, şol ýerde geçirilen Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agzalarynyň 15-nji söwda sergisiniň çäklerinde türkmen önümleriniň sergisi görkezildi.
23-nji maýda Daşary işler ministrliginde Ýewropanyň Ösüş we täzeleniş bankynyň (ÝÖTB) uly wekiliýete ýolbaşçylyk edip, Aşgabada gelen prezidenti jenap Suma Çakrabarti bilen duşuşyk boldy. Taraplar şu ýyl üçin bilelikdäki hereketleriň meýilnamasyny ara alyp maslahatlaşmak bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin bilelikdäki şertnamalaýyn-hukuk esaslaryny giňeltmäge gyzyklanmalaryny beýan etdiler we ÝÖTB-nuň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekilmeginiň ähmiýetini aýratyn nygtadylar.
“Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly” diýlip yglan edilen şu ýylda milli gymmatlyklary hem-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen halkynyň gazananlaryny giňden wagyz etmäge ýardam edýän ynsanperwer ulgamdaky halkara gatnaşyklary has işjeňleşdi. Ýurdumyzyň döredijilik wekiliýetleri Belarus Respublikasynda hem-de Eýran Yslam Respublikasynda boldular, maý aýynyň ahyrynda bolsa Rumyniýa baryp gördüler. Giň möçberli medeni çäräniň çäklerinde Buharest we Ýassy şäherlerinde ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň konserti hem-de Türkmenistanyň muzeý gymmatlyklarynyň we amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi guraldy.
24 — 27-nji maýda Aşgabatda Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň sebit ozon ulgamynyň duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň çäklerinde ozon gatlagyny goramak boýunça ýörite baýraklaryň gowşurylmagy birnäçe ýurtlaryň, şol sanda Türkmenistanyň gümrük we hukuk goraýjy edaralarynyň zyýanly serişdeleriň bikanun dolanyşygynyň öňüni almakda uly goşandynyň ykrarnamasy boldy. Sylaglamak dabarasy BMG-niň daşky gurşawy goramak baradaky maksatnamasynyň ýanyndaky “Ozon Ekşn” bölümi tarapyndan Monreal teswirnamasyny ýerine ýetirmek üçin Köptaraplaýyn gaznasynyň goldaw bermeginde geçirildi.
26-njy maýda türkmen paýtagtynda Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň durnukly ösüş boýunça döwletara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Ol Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komiteti tarapyndan ýurdumyzyň 2015 —2016-njy ýyllarda bu guramada başlyklyk etmeginiň çäklerinde guraldy. Mejlise Merkezi Aziýa ýurtlarynyň wekiliýetleri, iri halkara guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Mejlisiň işiniň jemleri boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşky gurşawy goramak we sebitiň ýurtlaryny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek babatdaky hyzmatdaşlygy giňeltmek hem-de pugtalandyrmak boýunça birnäçe möhüm çözgütler kabul edildi we degişli resminamalara gol çekildi.
Häzirki zamanyň howply wehimlerine, hususan-da, adam söwdasyna garşy göreşmek babatda halkara guramalary bilen hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň hökümetiniň Halkara migrasiýa baradaky guramasy bilen bilelikde 26-njy maýda geçiren sebitleýin maslahatynyň esasyny düzdi. Köptaraply duşuşyga gatnaşmak üçin ýurdumyzyň hukuk goraýjy edaralarynyň, döwlet we jemgyýetçilik guramalarynyň, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, BMG-niň agentlikleriniň wekilleri, adam söwdasyna garşy göreşmek meseleleri boýunça halkara bilermenler çagyryldy. Şeýle hem maslahata Awstriýadan, Albaniýadan, Belarusdan, Beýik Britaniýadan, Niderlandlardan, Moldowadan, ABŞ-dan we Çehiýadan myhmanlar gatnaşdylar.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan bu ulgamda oňyn tejribe gazanmak bilen, adam hukuklary we halkara ynsanperwerlik hukugy babatda öz üstüne alan borçnamalaryny gyşarnyksyz ýerine ýetirýär. 2007-nji ýylyň dekabrynda Türkmenistanyň “Adam söwdasy bilen göreşmek hakyndaky” Kanuny kabul edidi. 2014-nji ýylyň başynda ýurdumyzda adam söwdasyna garşy göreşmek baradaky ýörite iş topary döredildi. Ol 2016-2018-nji ýyllarda Türkmenistanyň adam söwdasyna garşy göreşmek boýunça hereketleriniň Milli meýilnamasyny işläp taýýarlady. Meýilnama hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Karary bilen şu ýylyň martynda tassyklandy. Kabul edilen resminamanyň örän möhümdigini belläp, ýygnananlar ähli meýilleşdirilen çäreleriň durmuşa geçirilmeginiň adamlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň üpjün edilmegine, şeýle hem bu ugurda alnyp barylýan işleriň kämilleşdirilmegine oňyn ýardam etjekdigine ynam bildirdiler.
Maý aýynyň aýagynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça türkmen wekiliýeti Ysraýyl döwletinde, Palestinada we Iordan Haşemid Patyşalygynda boldy. Ol ýerde syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwerlik ulgamlardaky döwletara gatnaşyklaryny ösdürmegiň meselelerine bagyşlanan ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesi geçirildi.
31-nji maýda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Waldorf şäherinde “Türkmenistan — Germaniýa: innowasion tehnologiýalar güni” atly halkara derejesindäki çäre geçirildi. Oňa ýurdumyzyň wekilçilikli topary gatnaşdy. Ilkinji gezek geçirilýän Innowasion tehnologiýalar gününiň baş maksady Germaniýanyň öňdebaryjy kompaniýalary bilen gatnaşyklary ýola goýmak we olaryň täze tehnologiýalary işläp taýýarlamak babatda toplan oňyn tejribelerini öwrenmek arkaly däp bolan türkmen-german ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmekden ybaratdyr.
Bu wakalardan başga-da, maý aýynda Aşgabatda Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň ýardam bermeginde «Energiýa howpsuzlygy hem-de energetika meselelerini çözmekde halkara guramalarynyň ähmiýeti» diýen mowzuk boýunça Halkara nebit we gaz institutynyň talyplarynyň bilim derejesini kämilleşdirmek we energiýa çeşmelerini dolandyrmagyň öňdebaryjy halkara tejribeleri hem-de dünýä energiýa bazarynyň häzirki ýagdaýynyň maksatlary bilen habarly bolmaklaryny ýokarlandyrmak üçin okuw geçirildi.
Şeýle hem syn berilýän döwürde türkmen paýtagtynda köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde onlaýn düzgünini hem-de teleradio boýunça alnyp görkezilişini we eşitdirilişini sazlamakda öňdebaryjy tejribe boýunça ussatlyk sapaklary geçirildi. Daşary ýurtly bilermenler mahabat işiniň hem-de köpçülikleýin habar bermegiň hukuk esaslaryna, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça 2017-nji ýylda Türkmenistanda geçiriljek V Aziýa oýunlaryny nazara almak bilen iri sport ýaryşlary barada habar bermegiň meselelerine aýratyn üns berdiler Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça 2017-nji ýylyň güýzünde geçiriljek V Aziýa oýunlaryna barýan şu günlerimizde türkmen türgenleri halkara sport bäsleşiklerinde gazanýan ýokary netijeleri bilen begendirýärler.
Ukrainanyň Lwow şäherinde geçirilen garyşyk başa-baş söweş boýunça dünýäniň Kubogynyň we kung-fu boýunça Ýewropanyň açyk çempionatynda türkmen türgenleri 3 altyn we 3 kümüş medal eýelemegi başardylar. Olaryň bäşisini söweş sungatynyň birnäçe görnüşleri boýunça çykyş eden Meýlis Kiçikakaýewiň gazanandygyny aýratyn bellemeli.
Wengriýanyň paýtagty Budapeştde geçirilen küşt boýunça däp bolan “First Saturday” ýaryşynda türkmen küştçüleri bäş — iki altyn, iki kümüş we bir bürünç medal eýelediler. Gazagystanyň Almaty şäherinde geçirilen stoluň üstünde oýnalýan tennnis boýunça halkara bäsleşiklerinde on ýaşa çenli, 11-12 we 13-14 ýaş toparlarynda çykyş eden türkmen türgenleri 1 altyn we 1 bürünç medallara mynasyp boldular.
27 — 29-njy maý aralygynda sambo boýunça Aşgabatda geçirilen Aziýa çempionatyna sportuň bu görnüşiniň muşdaklarynyň nazary gönükdi. Oňa Hytaý, Koreýa Respublikasy, Hindistan, Filippin, Singapur, Indoneziýa ýaly jemi 17 ýurtdan 400-e golaý türgen gatnaşdy. Şonda türkmen türgenleri Aziýanyň sport giňişligindäki öz orunlaryny has-da pugtalandyrdylar. Umumy toparlaýyn bäsleşikde birinji ýere düşen türkmenistanly türgenler altyn medallaryň 21-sini eýelediler. Şunlukda türkmen türgenleri jemi 66 medala eýe boldular. Onda altyn medaldan daşgary 26 kümüş we 19 bürünç medal gazanyldy.
Mälim bolşy ýaly, sportuň bu görnüşi Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna girizildi. Yklym derejesinde geçirilen bu ýaryşlar türkmen türgenleriniň taýýarlyk ýagdaýynyň, hünärmenleriň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň we meýletin ýardamçylaryň guramaçylyk ukyplarynyň özboluşly synagyna öwrüldi.
Şol günlerde Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkekde konkur boýunça Merkezi Aziýa ligasynyň dünýä Kubogynyň tapgyrynyň çäklerinde halkara ýaryşy geçirildi. Türkmen çapyksuwarlary bu bäsleşige goýlan “Arkalaşygyň Kubogynyň” eýesi boldular. Türkmen türgenleri Şwesiýanyň Ýonçoping şäherinde maý aýynda taý boksy boýunça dünýä çempionatynyň barşynda iki kümüş medala mynasyp boldular. Bu ýaryşlara dünýäniň 100-e golaý ýurdundan 900–e golaý türgen gatnaşdy. Ýeri gelende aýtsak, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aşgabatda geçiriljek V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasynda konkur we boks ýaryşlary hem bardyr.
Geçen aýyň dowamynda bolup geçen möhüm wakalaryň teswirlemesiniň ahyrynda bu çäreleriň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň içerki we daşarky syýasatda Türkmenistanyň dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşulmagyna, dünýäniň ähli döwletleri, şeýle hem iri halkara guramalary we abraýly sebitleýin düzümleri bilen özara peýdaly hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine gönükdirilen döredijilikli başlangyçlarynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydygyny aýratyn bellemelidiris.