Olar Atajan Nurnazarow we Döwletmuhammet Durdymuhammedow (87-nji ýörüteleşdirilen mekdep), Mekan Saparow we Atageldi Nurgeldiýew (97-nji ýörüteleşdirilen mekdep) dagylardyr. Intellektual wekiller dünýäniň 60-dan gowrak ýurdundan – ylmy işleriň 400-e golaý awtorlaryna mynasyp bäsdeşligi görkezip, ýaşytdaşlaryna himiýa we biologiýa ugry boýunça bilelikdäki taslamalary görkezdiler.
Türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy, Aşgabadyň 97-nji ýörüteleşdirilen orta mekdebiniň biologiýa mugallymy Berdimyrat Ýazhanowyň gürrüň berşi ýaly, ylym dünýäsinde abraýly bäsleşik ýaş alymlar üçin özboluşly bilim platformasy boldy. Olara bu ýerde energetika, inženerçilik we daşky gurşaw ulgamlary ýaly häzirki günüň meselelerini çözmek bilen bagly özleriniň innowasion ideýalaryny görkezmäge mümkinçilik boldy.
Bu olimpiada ýokary çylşyrymly derejesine degişlidir. Şonuň üçin hem türkmen mekdep okuwçylary tarapyndan gazanylan bürünç medallary örän gymmatlydyr. Olaryň gazanan üstünlikleri Türkmen döwletiniň baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen başlana bilim ulgamyny özgertmeler, ýaş nesli ýokary intellektual, inisiatiwaly, sazlaşykly terbiýelemäge gönükdirilen başlangyçlarynyň örän netijelidigine şaýatlyk edýär.