Geçen hepdäniň örän uly jemgyýetçilik seslenmesini döreden möhüm wakalarynyň biri 8-nji iýunda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Işewürlik merkezinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu jemgyýetçilik guramasynyň agzalary bilen geçirilen duşuşygynda sözlän maksatnamalaýyn çykyşydyr.
Ýurdumyzyň ykdysady ösüşiniň aýrylmaz düzüm bölegi bolan telekeçilik Türkmenistany demokratik hem-de durmuş-ykdysady özgertmeleriň ýoly bilen has-da öňe ilerletmek üçin ägirt uly we täsin mümkinçiligi özünde jemleýär.
8 ýylyň içinde kiçi we orta işewürligiň 14 müň 500 wekilini öz hataryna birleşdirýän bu jemgyýetçilik guramasynyň agzalary ýurdumyzyň ykdysadyýetine 8 milliard 100 million manat maýa goýdular. Şu döwürde 20 milliard 700 million manatlyk gurluşyk işleri ýerine ýetirildi. Türkmen telekeçileri bazar gatnaşyklarynyň täze çemeleşmelerini özleşdirýärler. Ýokary hili hem-de ekologiýa howpsuzlygynyň derejesi bilen tapawutlanýan ýurdumyzyň öndürijileriniň önümlerine daşary bazarlarda isleg bildirilýär. Mysal üçin, hususy kärhanalarynyň köke-süýji önümleri dünýäniň 7 ýurduna eksport edilýär.
Hytaý Halk Respublikasynyň paýtagtynda birleşmäniň wekilhanasynyň, Gyrgyzystanda Söwda öýüniň, Gruziýada dükanyň açylandygy Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň eksport kuwwatynyň amala aşyrylmagyna gönükdirilendir. Goňşy Owganystanda dükanlaryň 70-e golaýy “Hasar” köke-süýji öndürýän fabrigiň önümlerini ýerleýär. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Dubaýda wekilhanasyny açmak boýunça işler alnyp barylýar.
Häzir Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýanynda Telekeçilik mekdebi işleýär. Onuň düzüminde “Bäsdeş” Söwda öýi öz ornuny eýeleýär. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi “Rysgal” paýdarlar-täjirçilik bankyny esaslandyrdy. Hususy kärhanalar häzir 150 müň adamyň iş bilen meşgul bolmagyny üpjün edýär. Senagatçylar we telekeçiler partiýasy milli parlamentde deputatlary bilen wekilçilik edýär.
Soňky ýyllarda hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça kiçi we orta işewürligi döwlet tarapyndan goldamagyň kanunçylyk binýady döredildi. Ol telekeçilere dürli salgyt-karz ýeňillikleriniň, guramaçylyk-tehniki kömegiň berilmegini göz öňünde tutýar. Ýurdumyzyň kompaniýalarynyň maýa goýum işini höweslendirýän hereket edýän kanunlaryň kämilleşdirilmegi we täze kanunlaryň işlenip düzülmegi dowam edýär, hususy işewürligi ösdürmegiň ugurlary giňeldilýär, işewür düzümler kämilleşdirilýär, telekeçileriň işewür gatnaşyklary, dünýäniň dürli ýurtlaryndan bolan kärdeşleri bilen tejribe alşylmagy we hyzmatdaşlyk edilmegi işjeňleşdirilýär. Ýurdumyzyň Esasy Kanuny bolan Konstitusiýamyzyň rejelenen görnüşi tassyklanylmaga taýýarlanylýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, onuň maddalarynyň birinde telekeçilere döwlet tarapyndan goldaw berilmeginiň ýörelgeleri berkidiler.
Milli Liderimiz döwletiň ykdysadyýetini özgertmek işinde hem-de ony bazar ýörelgelerine geçirmekde telekeçileriň ornuna ýokary baha berip, häzirki wagtda ýurdumyzda oba hojalyk azyk önümleriniň 90 göterimden gowragynyň hem-de senagat harytlarynyň 60 göterimden gowragynyň döwlete degişli däl ulgamda öndürilýändigini belledi. Söwda we hyzmatlar ulgamynda işleriň 90 göterimden gowragy telekeçiler tarapyndan amala aşyrylýar, ilatyň ete, şol sanda towuk etine, süýde we ýumurtga bolan islegi bolsa hususy haryt öndürijileriň hasabyna kanagatlandyrylýar. Olar hem içerki bazary gök-miwe we bakja önümleriniň esasy bölegi bilen üpjün edýär.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň öňünde häzirki tapgyrda durýan ilkinji nobatdaky maksatlary kesgitläp, döwlet Baştutanymyz olaryň esasylary hökmünde bäsleşige ukyply, daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ýerini tutup bilýän hem-de halkara ülňülerine laýyk gelýän eksport ugurly ýokary hilli önümleriň öndürilmelidigini agzady. Ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda şeýle hem önümçilige innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy kesgitlenildi.
Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, 2020-nji ýyla çenli jemi içerki önüm öndürilişiniň möçberinde ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň döwlete degişli däl ulgamynyň paýy 70 göterime ýetmelidir. Hormatly Prezidentimiz telekeçiler tarapyndan hödürlenen işleriň geljegi uly meýilnamalaryny goldap hem-de ykdysadyýetiň döwlete degişli däl böleginde mundan beýläkki işleriň ileri tutulýan birnäçe ugurlaryny belläp, “Türkmenistanda telekeçiligi ösdürmek boýunça çäreler hakynda” Karara we Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna dürli maýa goýum-gurluşyk taslamalaryny durmuşa geçirmek üçin ýer böleklerini bermek hakynda Buýruga gol çekdi. Şol taslamalar öz möçberi we gerimi boýunça ýurdumyzyň telekeçiligini ösdürmegiň täze tapgyrynyň başlanýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär.
Hormatly Prezidentimiz duşuşygyň barşynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine iri möçberli desgalaryň — kaliý dökünlerini öndüriji kärhananyň hem-de Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli uly awtomobil ýolunyň gurluşygyna baş potratçy bolmagy tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyzyň milli ykdysadyýetimiziň hususy ulgamynyň wekilleri bilen duşuşygynda öňde goýan wezipeleri Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň we Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi geňeşiniň bilelikde guran maslahatynyň esasy meselesi boldy. Dabaraly maslahata gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler. Hemmetaraplaýyn kömegi we goldawy üçin milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan edip, telekeçiler Watanymyzyň gülläp ösmegine özleriniň goşýan goşantlaryny artdyrmak üçin öňküden-de has yhlasly işlejekdiklerine ynandyrdylar.
Geçen hepdäniň ähmiýetli beýleki wakalarynyň hatarynda her ýylyň 12-nji iýunda bellenilýän Ylymlar güni bar. Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezinde geçirilen “Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar” atly halkara ylmy maslahat bu waka bagyşlanyldy.
Maslahata türkmen alymlaryndan başga-da, 50-den gowrak ýurtdan mugallymlar we ýaş zehinler, ylmy-barlaglary alyp barýan alymlar, ylmy toparlaryň wekilleri gatnaşýar. Olaryň ylmy çykyşlary energetikadan başlap, ekologiýa çenli ykdysadyýetiň dürli pudaklaryny ösdürmegiň örän wajyp nazary we amaly meselelerini gurşap aldy.
Foruma daşary ýurtly gatnaşyjylar özlerini gyzyklandyrýan mowzuklar boýunça özara pikir alyşmalardan başga-da, Ylymlar gününe bagyşlanan dürli dabaralara — Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan guralan ýaş türkmen alymlarynyň ylmy bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasyna gatnaşmaga hem mümkinçilik aldylar.
Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan döredilen ylmy işleriň iri döwlet gözden geçirilişi türkmen ylmyny ösdürmäge, ýaş alymlaryň täze neslini kemala getirmäge ýardam bermäge gönükdirilendir.
Abraýly aň-paýhas gözden geçirilişine gatnaşyjylaryň sany ýyl-ýyldan artýar. Eger geçen ýyl bäsleşige gatnaşyjylaryň sany 897 bolan bolsa, häzirki bäsleşige ýaş zehinleriň 955-si gatnaşyp, olaryň arasynda 272-si alymlar we 683-si talyplar we okuwçylardyr. 6 görnüş, häzirki zaman ylmynyň möhüm ugurlaryny özünde jemleýän görnüşler boýunça işläp taýýarlamalar we barlaglar bilermenler toparynyň garamagyna hödürlenildi. Bular — nanotehnologiýalar, himiýa tehnologiýalary, täze serişdeleri öwrenmek, energetika; biotehnologiýa, molekulýar biologiýa, oba hojalygy, ekologiýa we genetika; maglumat-aragatnaşyk ulgamlary, kompýuter tehnologiýalary; lukmançylyk we derman serişdelerini öndüriji tehnologiýalar; innowasion ykdysadyýet; ynsanperwer ylymlary.
Işleriň köp böleginiň türkmen halkymyzyň maddy däl medeni gymmatlygyny, milli döwletliliginiň taryhyny, taryhy-medeni ýadygärlikleri öwrenmegiň meselelerine bagyşlanandygy bellärliklidir. Ylmy bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasyna hem-de halkara ylmy maslahata gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler. Onda ýurdumyzyň ylmyny we bilimini innowasion taýdan ösdürmek syýasatyny alyp barýandygy, milletimiziň baý intellektual kuwwatyny has doly peýdalanmaga hemme şertleriň döredilýändigi üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirilýär hem-de öz tarapyndan Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň belent maksatlaryna ýetmek üçin olaryň ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdyklary ynandyrylýar.
Hepdäniň beýleki wakalaryna geçip, 6-njy iýunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň paýtagtymyzyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirendigini belläliň. Döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ileri tutulýan ugurlary, ilkinji nobatda, bugdaý oragynyň barşy gün tertibine çykaryldy. Geçen hepde Daşoguz welaýatynyň kärendeçileri hem bu möhüm oba hojalyk möwsümine goşuldylar. Iş maslahatynyň barşynda, şeýle hem paýtagtymyzda hem-de ýurdumyzyň sebitlerinde bina edilýän durmuş we medeni ähmiýetli desgalardaky işleriň ýagdaýy, Mary welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görlüşi, tomusky möwsümde çagalaryň doly bahaly dynç almagy üçin hemme şertleriň döredilmegi, şeýle hem ýangyn howpsuzlygy düzgünleriniň talaplarynyň gyşarnyksyz berjaý edilmegi bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Geçen hepde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzda uçuşy amala aşyryp, dikuçardan iri gurluşyk meýdançalarynyň birnäçesinde, hususan-da, paýtagtymyzdaky täze ýaşaýyş toplumlaryndaky işleriň ýagdaýy, şäheri has-da abadanlaşdyrmak boýunça amala aşyrylýan işleriň barşy hem-de Aşgabadyň ýol-ulag ulgamyny döwrebaplaşdyrmak we ösdürmek boýunça taslamalaryň durmuşa geçirilişi bilen tanyşdy.
Döwlet Baştutanymyz geçiren uçuşynyň netijelerini jemläp, Aşgabady abadanlaşdyrmak we ösdürmek babatda onuň belent paýtagt derejesini nazara alyp, şeýle hem şanly sene—Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna hem-de öňde boljak Aziada—2017-ä taýýarlyk görlüşi bilen baglylykda nobatdaky wezipeleri kesgitledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk görkezmeleri, şol sanda depginleri güýçlendirmäge, gurluşyk işleriniň hiline we olaryň öz wagtynda tamamlanmagyna yzygiderli gözegçilik edilmegine, desgalaryň bellenilen möhletlerde hökman ulanylmaga tabşyrylmagyna degişli tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz şeýle hem ýaşaýyş şertleri bildirilýän talaplara laýyk gelmeýän aşgabatlylary täze ýaşaýyş jaýy bilen üpjün etmek boýunça meseleleri çözmegi tabşyrdy.
“Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda gurluşyk we binagärlik pudagynyň ylmy gadamlary” atly ylmy-amaly maslahatyň barşynda döwrebap ýaşaýyş-durmuş ulgamynyň kemala getirilmeginde şäher gurluşygyny ylmy taýdan üpjün etmek, gurluşyga we binagärlige maglumat tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, taryhy-medeni mirasyň desgalaryny öwrenmek meselelerine garaldy. Maslahatda şeýle hem daşky gurşawy goramak we seýsmiki taýdan durnukly gurluşyk, innowasion gurluşyk serişdeleriniň önümçiligi, şol sanda awtomobil ýollary üçin gurluşyk serişdeleriniň önümçiligi ulgamlarynda ylmy-tehniki gazanylanlar, binagärlik we gurluşyk hünärleriniň talyplaryny okatmagyň taslama we gurluşyk guramalary üçin ýokary derejeli işgärleri taýýarlamagyň usullary görkezildi. Bölümçe mejlisleriniň dördüsiniň barşynda gurluşyk pudagynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmagyň anyk meseleleri, döwlet Baştutanymyzyň öňde goýan wezipelerini netijeli çözmegiň ýollaryny tapmak meseleleri jikme-jik ara alnyp maslahatlaşyldy.
10-njy iýunda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň gün tertibine Türkmenistany mundan beýläk-de yzygiderli ösdürmegiň ileri tutulýan wezipeleri, döwletimiziň içeri we daşary syýasatynyň wajyp meseleleri girizildi.
Hususan-da, GDA agza ýurtlaryň statistika gulluklarynyň ýolbaşçylarynyň Geňeşine Türkmenistanyň başlyklyk etmeginiň çäklerinde çärelere taýýarlyk görlüşi barada gürrüň edildi. Owganystan Yslam Respublikasynyň paýtagty Kabulda 15-nji iýunda geçirilmegi meýilleşdirilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-owgan toparynyň 6-njy mejlisine, şeýle hem 16-18-nji iýunda Aşgabatda geçiriljek Türkiýe Respublikasynyň gurluşyk serişdeleriniň sergisine taýýarlyk görlüşi barada habar berildi. Şol günlerde paýtagtymyz Gyrgyz Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň geçirilýän ýerine öwrüler, Daşoguzda bolsa şäheriň 2016-njy ýylda Arkalaşygyň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi bilen baglylykda, GDA agza döwletleriň alymlarynyň gatnaşmagynda “Türkmenistan medeni-ruhy gymmatlyklara baý ülkedir” atly halkara ylmy-amaly maslahat we amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi bolar.
Mejlisiň barşynda durnukly ulag ulgamy boýunça ýurdumyzda birinji Ählumumy maslahaty geçirmäge taýýarlyk görmegiň meselelerine aýratyn üns berildi. Netijeli halkara hyzmatdaşlyk ýörelgesine yzygiderli eýerip, Bitarap Türkmenistan BMG-ä beýleki agza döwletler bilen bilelikde 2030-njy ýyla çenli döwür üçin ählumumy ösüşiň täze Maksatnamasynyň işlenip taýýarlanylmagyna işjeň gatnaşdy. Mälim bolşy ýaly, bu ulgamdaky wezipeleri çözmek boýunça hereket etmegiň bu köptaraply toplumlaýyn meýilnamasy Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 70-nji mejlisiniň çäklerinde geçirilen Bütindünýä sammitde biragyzdan kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sammitde eden çykyşynda bu uzakmöhletleýin maksatnamany amala aşyrmak üçin ýurdumyz tarapyndan öňe sürülýän garaýyşlary we çemeleşmeleri beýan etdi hem-de halkara jemgyýetçiliginiň doly goldawyna eýe bolan anyk teklipleri orta atdy.
BMG bilen strategik we ulgamlaýyn häsiýete eýe bolan köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmek Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň köpýyllyk tejribesine daýanmak bilen biziň ýurdumyz bu iri abraýly halkara guramasy bilen gatnaşyklaryny pugtalandyrýar.
Ministrler Kabinetiniň bu mejlisinde bellenilişi ýaly, Türkmenistan soňky 10 ýylyň dowamynda BMG-niň Ösüş Maksatnamasy we BMG-niň beýleki ýöriteleşdirilen düzümleri bilen 2005—2009-njy ýyllar we 2010—2015-nji ýyllar üçin Çarçuwaly maksatnamalara laýyklykda dürli ugurlarda 264 taslamany amala aşyrdy.
Bu maksatnamany we nobatdaky bäş ýyllyk döwür üçin Hereketleriň meýilnamasyny ýerine ýetirmek maksatlary bilen Türkmenistan BMG-nyň Ösüş Maksatnamasy, ÝUNISEF, BMG-niň Ilat gaznasy we Birleşen Milletler Guramasynyň beýleki düzümleri bilen bilelikde milli derejede dürli taslamalary amala aşyrmagy göz öňünde tutýar. Biziň ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň doly hukukly agzasy hökmünde kabul eden Durnukly ösüş maksatnamasyny amala aşyrmak bilen baglylykda Türkmenistanyň işjeň başlangyçlaryny BMG-niň çäklerinde durmuşa geçirmeklige gönükdirilen Ylalaşygyň taslamasy hem taýýarlanyldy.
Hereketleriň meýilnamasynyň taslamasyny we ýokarda agzalan Ylalaşygy makullamak bilen, milli Liderimiz häzirki döwrüň ýagdaýlaryny hasaba alyp, Birleşen Milletler Guramasy bilen netijeli gatnaşyklary mundan beýläk hem güýçlendirmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny belledi.
Şeýle hem Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan Daşary we doly ygtyýarly ilçisi Ý. Mämmedowy şol bir wagtda Bruneý-Darussalam Döwletinde ýurdumyzyň Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemek barada hem Permana gol çekdi. Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.
Resminama laýyklykda, Aşgabat şäheriniň häkimligine Aşgabat şäheriniň çäklerindäki ýaşaýyş jaýlarynyň, beýleki dürli maksatly binalaryň we desgalaryň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak işlerini geçirmek üçin we suw üpjünçilik ulgamynyň durkuny täzelemek barada döwlet we ýerli hususy kärhanalar bilen şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi.
Geçen hepdäniň esasy wakalaryna nazar aýlamak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň biziň ýurdumyza gelen Russiýa Federasiýasynyň goranmak ministri Sergeý Şoýgu bilen bolan duşuşygy mahalynda hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada örän köp dürli meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylandygyny belleýäris.
Bellenişi ýaly Türkmenistan bilen Russiýa netijeli döwletara gatnaşyklary ösdürmek bilen abraýly halkara we sebit guramalarynyň hem-de düzümleriniň çäklerinde köp taraply esasda üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler.
Sebitde we dünýäde howpsuzlygy pugtalandyrmak hem-de döwrüň ählumumy wehimlerine hem-de howplaryna, şol sanda dünýä jemgyýetçiligini örän birahatlandyrýan terrorçylyga we ekstremizme garşy tagallalary birikdirmek boýunça wajyp meseleler bilen baglylykda hyzmatdaşlyk gürrüňdeşligiň esasy ugry boldy.
Sebitde parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýe bolan Türkmenistanyň bitaraplyk derejesine Russiýa Federasiýasynyň uly hormat goýýandygyny nygtamak bilen RF-niň Goranmak ministrliginiň ýolbaşçysy biziň ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň münberinde we beýleki iri wekilçilikli forumlarda öňe süren işjeň başlangyçlarynyň ähmiýetini hem zerurlygyny nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow geçen hepde Eýran Yslam Respublikasynyň ýol we şäher gurluşygy ministri Abbas Ahmad Ahundini kabul etdi. Duşuşygyň barşynda döwlet baştutanymyz we myhman söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, ylmy-tehniki hem-de medeni-gumanitar ulgamlarda türkmen-eýran gatnaşyklaryny mundan beýläk hem pugtalandyrmagyň möhümdigini aýtdylar. Ileri tutulýan ugurlar hökmünde ulag we gurluşyk pudaklary agzaldy.
Ýol gurluşygy pudagynda we şäher infrastrukturasyny ösdürmekde özara hyzmatdaşlygy güýçlendirmek meselesine aýratyn üns berildi. Duşuşygyň ara alnyp maslahatlaşylan ugurlarynyň ýene birisi biziň ýurtlarymyzyň arasynda deňiz we howa gatnaşyklary ulgamlarynda netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmak boldy. Bu babatda eýran tarapynyň bu pudaklar boýunça hyzmatdaşlyk etmek barada teklipleri aýdyldy.
Geçen hepde Aşgabatda Türkmen-Britan söwda-senagat Geňeşiniň bäşinji mejlisi boldy. Duşuşyga britan tarapyndan dürli ugurlara ýöriteleşen iri kärhanalaryň 18-siniň wekilleri — «British Expertise International», «Aggreko», «Arempa International Ltd (FZE)», «Buried Hill», «De La Rue», «Global ATS Ltd», «Industrial Power Group», «JTA», «Rapiscan Systems Ltd», «Tensar», «Thomson Reuters», «TheCityUK» we beýlekiler gatnaşdylar. Türkmen tarapyndan foruma ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, banklaryň birnäçesiniň wekilleri, Söwda-senagat edarasynyň we Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri gatnaşdylar.
Mejlisiň işewür bölegi başlanmazdan öň, Türkmenistanyň Hökümeti bilen Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Hökümetiniň arasynda girdejiler hem-de maýanyň artmagyndan alynýan girdejiler üçin salgytlar babatda iki gezek salgyt salynmagyny aradan aýyrmak we salgytlary tölemekden fiskal taýdan boýun gaçyrylmagynyň öňüni almak hakynda Konwensiýa gol çekildi.
Pikir alyşmalaryň barşynda wekiliýetleriň agzalary türkmen-britan hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlaryna üns berdiler. Şol ugurlaryň hatarynda ýangyç-energetika toplumy, söwda, ulag, aragatnaşyk we telekommunikasiýalar, dokma senagaty, sport, syýahatçylyk, bilim we beýleki ugurlar görkezildi.
Sport ugry boýunça hyzmatdaşlyk aýratyn ara alynyp maslahatlaşylan mesele boldy. Bu ugur halkara derejesindäki iri sport ýaryşlaryny guramakda we geçirmekde britan tarapynyň toplan baý tejribesini nazara almak bilen, geljek ýyl Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary bilen baglylykda aýratyn ähmiýete eýe bolýar.
Aziada — 2017-niň şanyna geçirilýän atly ýörişe gatnaşyjylar häzir Ahal welaýatynyň etraplary boýunça ýörüşi amala aşyrýarlar. Olar Gökdepe etrabynyň Babarap obasynda dabaraly ýagdaýda garşy alyndy. Soňky ýyllarda birnäçe edara we jemgyýetçilik desgalary bilen obanyň binagärlik keşbiniň üsti ýetirildi. Onuň merkezi köçesini oba Geňeşliginiň, Medeniýet öýüniň, Söwda merkeziniň hem-de Saglyk merkeziniň, mekdebiň we çagalar bagynyň, şeýle hem «Toý mekany» dabaralar merkeziniň, sport toplumynyň ak mermere beslenen binalary bezeýär. Bu binalarda häzirki döwrüň binagärlik pikirleri türkmen öý gurmak sungatynyň gadymdan gelýän däpleri bilen utgaşdyrylypdyr.
Oba barýan ulag ýolunyň çatrygy estakada köprüsine geçýär. Ony Oguzhan Türkmeniň we onuň ýedi oglunyň ajaýyp heýkelleri bilen bezelen derwezeler jemleýär. Bu ýerde ýurdumyzyň durmuşynda örän iri sport wakasynyň buşlukçylaryny — jigitler toparyny taryhy şahsyýetler Nurberdi han, Amangeldi Gönübek, Dykma Serdar gutladylar. Ahal welaýatynyň medeniýet edaralarynyň artistleri olaryň keşbini ussatlyk bilen janlandyrdylar.
Baýramçylyk çäreleri sport toplumynda dowam etdi. Ol ýerde uly sporta ýaňy başlap, meşhur çempionlarymyzdan görelde alýan ýaşajyk türgenler görkezme çykyşlaryny ýerine ýetirdiler.
Geçen hepde Türkmenistanyň kikboksing boýunça ýygyndy topary Rimini (Italiýa) şäherinde geçen Dünýä kubogy ugrundaky ýaryşda dokuz medala— üç altyn, üç kümüş we üç bürünç medala mynasyp boldy. Ýaryşda dünýäniň 30 döwletinden 1800 töweregi türgen abraýly baýragy eýelemek ugrunda bäsleşdiler. Şu ýyl türkmen kikboksçylary türgenler Italiýada geçen Dünýäniň kubogy ugrundaky ýaryşdan başga-da ýene iki ýaryşda — Rigada (Latwiýa) hem-de Antaliýada (Türkiýe) geçen ýaryşlarda hem tapawutlandylar. Ildeşlerimiz ol ýaryşlarda jemi 13 medala — sekiz altyn, iki kümüş we üç bürünç medala mynasyp boldular.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistany innowasion ösüş ýoluna gönükdirmäge niýetlenip, amala aşyrylýan parahatçylyk we döredijilik syýasatynyň maksadalaýyklygyny nobatdaky gezek aýdyň görkezen geçen hepde wakalara şeýle baý boldy.