Ï Oňyn özgertmeler — milli Liderimiziň täzeçillik syýasatynyň möhüm ugry
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Oňyn özgertmeler — milli Liderimiziň täzeçillik syýasatynyň möhüm ugry

view-icon 3863
Türkmenistanyň iň döwrebap ulag-üstaşyr logistiki düzümini hem-de aragatnaşyk we telekommunikasiýalar ulgamyny çalt kemala getirmek babatda Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek boýunça soňky ýyllarda ädýän ädimleri diňe bir milli ykdysadyýetimiziň ösüşine däl, eýsem, sebit ösüşine kuwwatly itergi berdi. Geografiki taýdan örän amatly — Orta Aziýanyň üstünden geçýän halkara ulag ýollarynyň hem-de aragatnaşyk geçelgeleriniň çatrygynda ýerleşmek bilen, Türkmenistan ägirt uly üstaşyr kuwwata eýedir. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şol kuwwatdan netijeli peýdalanmaga çalyşýar.

6.Ulag we aragatnaşyk ulgamy

Harytlaryň içerki we dünýä bazarlarynda çalt ilerledilmegini üpjün etmäge mümkinçilik berýän ýokary guramaçylykly ulag ulgamynyň bolmagy ýurduň bazar ykdysadyýetiniň ösmeginiň, önümçilik-tehniki binýadynyň pugtalandyrylmagynyň esasy şertleriniň biri bolup durýar. Häzirki ýokary tizlikler asyrynda islendik döwletiň ulag ulgamynyň ösüş derejesi onuň durmuş-ykdysady we tehnologiki ösüşiniň, dünýä hojalyk gatnaşyklar ulgamyna goşulyşmagynyň möhüm alamatydyr.

Hut şu nukdaýnazaryndan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlary dünýä bileleşiginiň goldawyna mynasyp boldy. Şol başlangyçlar bolsa Merkezi Aziýany, Hazar, Gara deňiz we Baltika sebitlerini, Orta we Ýakyn Gündogar, Günorta we Günorta — Gündogar Aziýany birleşdirýän täze geoykdysady giňişligiň binýadyny döretmegiň ulag ulgamynda Türkmenistanyň döwlet ösüş strategiýasynyň esasy ugry bolup durýandygyna esaslanýar.

2014-nji ýylyň 19-njy dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan “Durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň tutýan orny” atly Kararnama kabul edildi. Bu möhüm resminamanyň düzgünlerinde 2014-nji ýylyň sentýabrynda kabul edilen hem-de ulag we üstaşyr kommunikasiýalaryny ösdürmäge toplumlaýyn çemeleşmäni kemala getirmegi göz öňünde tutýan Aşgabat jarnamasynyň esasy ugurlary öz beýanyny tapdy. Bu guramanyň agzalary bolan 66 ýurt şol resminamanyň awtordaşy bolup çykyş etdi.

2015-nji ýylyň 22-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasy Türkmenistanyň ulag we üstaşyr geçelgelerini döretmek barada hödürlän Kararnamasyny kabul etdi. 85 döwlet bu resminamanyň awtordaşy boldy. Ol Türkmenistanyň başyny başlan we Milletler Bileleşiginiň derejesinde biragyzdan makullanan halkara ulag meselesi boýunça ikinji resminamadyr. 2014-nji ýyldaky şeýle resminamadan soň, 2015-nji ýylda ulag meselesi boýunça Kararnamanyň kabul edilmegi bilen baglylykda döwletimiz tarapyndan ähli derejelerde we köp ugurlarda uly işler geçirildi.

Şu ýylyň aprel aýynda 2016-njy ýylyň ahyrynda Aşgabatda Durnukly ulag ulgamy boýunça ählumumy maslahaty geçirmek boýunça Guramaçylyk komitetiniň birinji mejlisi geçirildi. Mälim bolşy ýaly, bu forum BMG-niň durnukly köpugurly ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmäge, ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasynda hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy üpjün etmäge ýardam bermek hakyndaky Kararnamasyna laýyklykda, türkmen paýtagtynda geçiriler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Kararnamanyň uly ähmiýetini nygtap, munuň geljekde intermobal logistiki merkezler we guryýer portlary arkaly ulag ulgamyny döretmek üçin halkara kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny döretmegiň ýolunda nobatdaky ädimdigini belleýär. Şol ulag ulgamy bolsa özüne awtomobil, demir ýol, deňiz we howa ýollaryny birleşdirýär. Ulag ulgamlaryny döredilmegi sebit we halkara derejesinde ykdysady ösüşe ýardam eder.

Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň maglumatlaryna görä, 2012-nji ýylda ýurdumyzyň jemi içerki önüminde ulag ulgamynyň paýy 4 göterime golaý, 2013-nji ýylda 4,3 göterime barabar boldy. 2014-nji ýylda ulag-aragatnaşyk toplumynyň jemi içerki önüme goşandy şondan öňki ýyldaky bilen deňeşdirilende 13 göterim artdy. 2015-nji ýylda bu toplumyň jemi içerki önümdäki goşulan bahanyň paýy 5,6 göterime deň boldy.

2012-nji ýylda ýurdumyz boýunça 494 million tonna ýük daşaldy we 983,9 million ýolagçy gatnadyldy, bu 2014-nji ýyldakydan degişlilikde 2,8 göterim we 3,5 göterim ýokarydyr.

Ýurdumyzyň ulag-üstaşyr ulgamyny döretmekde demir ýol pudagy öň hatarda durýar. Bu ulgamda durmuşa geçirilen has ähmiýetli taslamalaryň biri — “Demirgazyk-Günorta” ulag geçelgesiniň döredilmegi muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Gazagystan-Türkmenistan — Eýran transmilli demir ýolunyň demirgazyk bölegini ulanmaga bermek dabarasy 2013-nji ýylyň 11-nji maýynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Nursultan Nazarbaýewiň gatnaşmagynda “Bolaşak” (Gazagystan) we “Serhetýaka” (Türkmenistan) demir ýol menzillerinde geçirildi.

Şondan bir ýarym ýyl geçenden soň, 2014-nji ýylyň 3-nji dekabrynda Etrekde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Nursultan Nazarbaýewiň hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhaniniň gatnaşmagynda üç dostlukly döwleti birleşdiren transmilli ýoluň günorta bölegi açyldy. Bu taryhy waka halkara ulag düzüminiň möhüm bölegine öwrüljek hem-de Aziýanyň we Ýewropanyň arasynda ykdysady taýdan has amatly demir ýol ugruny üpjün etjek polat ýoluň gurluşygynyň tamamlanandygyny alamatlandyrdy.

Garagum çölüniň üstünden geçýän, Gazagystanyň sähralyklaryndan Eýranyň demirgazygyndaky Gülüstan dag welaýatyna çenli demirýoluň umumy uzynlygy 900 kilometre golaýdyr. Ýoluň iň uzyn bölegi Türkmenistanyň çägine düşýär, ol gapdal ýollar bilen bilelikde 825 kilometre deňdir. Çylşyrymly tebigy we howa şertlerine garamazdan, türkmen demirýolçulary gysga wagtyň içinde Gyzylgaýa ilatly ýeriň üsti bilen Bereket demir ýol menzilinden Gazagystanyň döwlet serhedine çenli ýoluň (gapdal ýollary hasaba almak bilen) 500 kilometrini çekdiler. Gazagystanyň serhedinde täze Serhetýaka şäherçesi peýda boldy. Ýoly abadanlaşdyrmak boýunça uly işler ýerine ýetirildi. Onuň ugrunda inženerçilik desgalarynyň, demir ýol menzilleriniň, depolaryň, stansiýalaryň we razýezdleriň, beýleki düzümleýin desgalaryň onlarçasy guruldy.

2016-njy ýylyň 10-njy fewralynda Türkmenistandan Sarahs demir ýol menzili arkaly Eýrana synag konteýner otlusynyň ugrandygyny bellemelidiris. Bu otly Hytaý-Gazagystan-Türkmenistan — Eýran ugry boýunça ilkinji gatnawy amala aşyrdy.

Ýanwar aýynyň ahyrynda Hytaý Halk Respublikasynyň iri senagat merkezinden — Çžeszýan gündogar welaýatyndaky Iu şäherinden badalga alyp, demir ýol otlusy HHR-iň demirgazyk—gunbatarynda Sinzýan—Uýgur awtonom etrabyndaky Alaşankou geçiriş nokadyndan geçip, 5 günüň dowamynda 4 müň 491 kilometr aralygy geçdi. Soňra otly 4 gije-gündiziň dowamynda Gazagystanyň çäginden geçdi. Bu aralyk Türkmenistanyň serhedine çenli 3 müň 417 kilometre barabardyr.

Şol transmilli ýoluň türkmen bölegi Serhetýaka menzilinden Sarahsa çenli uzalyp gidýär. Ýoluň bu bölegi 1 müň 156 kilometre deňdir we bu aralygy iki günde geçmek göz öňünde tutuldy, ýene-de üç günden soň bolsa otly ahyrky nokada — Eýranyň paýtagty Tähran şäherine baryp ýetdi.

Şeýlelikde, Hytaý-Gazagystan-Türkmenistan — Eýran ýolunyň umumy uzynlygy 10 müň kilometre golaýdyr, ýola sarp edilen wagt bolsa iki hepdä golaýdyr. Munuň özi deňiz ýoluny geçenden ortaça iki esse çaltdyr. Deňiz ýoluna 25-30 gün gerek bolýar. Geçilýän ýoluň wagtynyň ep-esli gysgaldylmagy ulag harajatlarynyň hem ep-esli kemeldilmegini aňladýar, ýagny, ýoluň ykdysady taýdan bähbitliligi ýokarlanýar.

Ykdysady peýdadan başga-da, Gazagystan — Türkmenistan — Eýran transmilli demir ýoly hoşniýetli gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň netijeli usuly bolup durýar. Ýurtlaryň halkara bazarlaryna bökdençsiz hem-de gysga ýol arkaly çykmagy, harytlaryň ygtybarly we durnukly iberilmegi häzirki wagtda dünýädäki umumy ýagdaýa, sebit we halkara hyzmatdaşlygynyň häsiýetine hem-de ugruna, ol ýa-da beýleki döwletleriň dünýäniň umumy ösüşine goşulyş derejesine uly täsir edýär.

Türkmenistan — Owganystan-Täjigistan demir ýoly hem Aziýa sebitiniň döwletleriniň arasynda halkara ulag gatnawlarynda möhüm orun eýelemelidir. Onuň gurluşygyna 2013-nji ýylyň iýunynda badalga berildi. Bu taslamany durmuşa geçirmek boýunça degişli Ähtnama türkmen paýtagtynda 2013-nji ýylyň 20-nji martynda Türkmenistanyň, Owganystanyň we Täjigistanyň Prezidentleriniň üçtaraplaýyn duşuşygynyň barşynda gol çekildi. Birinji tapgyrda ol ýoluň iki böleginiň gurluşygyny—Türkmenistanyň çäginde uzynlygy 85 kilometre barabar bolan Atamyrat—Ymamnazar ýolunyň hem-de Ymamnazardan Owganystanyň çägindäki Andhoý diýen ilatly ýere çenli uzynlygy 38 kilometre deň bolan ýoluň gurluşygyny göz öňünde tutýar. Polat ýoluň ugrunda demir ýol köprüleriniň ikisiniň gurluşygy alnyp barylýar.

2016-njy ýylyň oktýabr aýynda uzynlygy 1 müň 750 metre barabar bolan Türkmenabat-Farap demir ýolunyň gurluşygyny tamamlamagyň meýilleşdirilýändiginiň bellemelidiris.

Täze polat ýol sebitiň ýurtlarynyň dostlugynyň we hyzmatdaşlygynyň ýoluna öwrüler. Türkmen Lideriniň bu başlangyjy Türkmenistanyň daşary ýurt hyzmatdaşlary tarapyndan ruhubelentlik bilen kabul edildi, çünki, ykdysady bähbitden başga-da, bu demir ýol olara deňhukukly hyzmatdaşlyk şertlerinde dünýä ykdysady giňişligine goşulyşmak üçin giň mümkinçilikleri üpjün eder. Üç döwletiň kommunikasiýa ulgamlaryny birleşdiren ulag geçelgesi bu ýurtlaryň arasynda haryt dolanyşygyny birnäçe esse artdyrmaga mümkinçilik berer.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Aşgabatda halkara hyzmatdaşlygyny, durnuklylygy hem-de durnukly ösüşi üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň ornuna bagyşlanyp üstünlikli geçirilen ýokary derejeli halkara forumlarynyň wajypdygyny nygtamalydyrys. 2014-nji ýylyň sentýabr aýynyň başynda geçirilen maslahat esasy halkara guramalarynyň hem-de düzümleriniň, şol sanda BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň (ÝYK), BMG-niň Aziýa-Ýuwaş umman sebiti üçin Ykdysady we durmuş komissiýasynyň (ESKATO), Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň (ÝHHG), Halkara awtomobil ulaglary birleşiginiň (IRU), Ýewropa-Kawkaz-Aziýa ulag geçelgesi boýunça hökümetara toparynyň (TRASEKA) ýolbaşçylaryny we wekillerini, şeýle hem 30-dan gowrak ýurtdan gatnaşyjylary türkmen paýtagtynda jemledi.

Forumyň çäklerinde Owganystan-Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa we Özbegistan-Türkmenistan — Eýran-Oman ulag geçelgelerini döretmek meselesi boýunça dörttaraplaýyn duşuşyk geçirildi.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwletimiziň demir ýol önümçilik düzümi okgunly ösüşe eýe boldy — täze kärhanalar açyldy, döwrebap tehnologik ulgamlar ornaşdyryldy, häzirki hereket edýän, kuwwaty birnäçe esse artan kärhanalar döwrebap tehnikalar bilen üpjün edildi. Dürli ýurtlardan wagonlaryň hem-de teplowozlaryň uly tapgyry satyn alyndy, olar okgunly ösýän milli ykdysadyýetimize uzak ýyllaryň dowamynda hyzmat eder.

Ýörite Türkmenistan üçin taýýarlanylan ýolagçy wagonlary häzirki zaman bezegi bilen tapawutlanýar hem-de howanyň çalyşyş ulgamy bilen üpjün edildi. Munuň özi ýolagçylar üçin goşmaça amatlyklary döredýär we gezelenjiň has ýakymly bolmagyny üpjün edýär. Olarda işgärleriň netijeli işlemegi üçin ähli şertler göz öňünde tutuldy.

Şeýlelikde, 2016-njy ýylyň 7-nji aprelinde Demir ýol ministrliginiň ygtyýaryna Ukrainada öndürilen täze ýük wagonlarynyň ilkinji tapgyry gelip gowuşdy. Bu wagonlar ýurdumyza hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň degişli Kararyna laýyklykda getirildi. Olaryň hatarynda ýapyk wagonlaryň 25-si hem-de dürli görnüşli ýükleri daşamak üçin niýetlenen ýarym wagonlaryň hem 25-si bar. Umuman, degişli şertnama laýyklykda, ukrainaly önüm öndürijiler tarapyndan wagonlaryň 750-si (375 ýapyk wagon we şonça möçberdäki ýarym wagon) iberiler.

Halkara üstaşyr gatnawlary üçin şertleri döretmek bilen, olara ýurdumyzyň baý serişdeler binýadyna eýe bolan içerki çäkleriniň “birikdirilmegini” göz öňünde tutmak zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz nygtaýar. Soňky ýyllarda Türkmenistanyň ähli ýerlerinde iň öňdebaryjy tehnikalar bilen üpjün edilen döwrebap howa menzil toplumlary, demir ýol menzilleriniň binalary guruldy, polat ýollaryň hem-de giň awtomobil ýollarynyň müňlerçe kilometri çekildi, inženerçilik desgalary — demir ýol we awtomobil köprüleri guruldy.

Awtomobil ýollary düzüminiň ösüşi barada aýtmak bilen, ýurdumyzyň tutuş taryhynyň dowamynda awtomobil ýollaryny gurmak boýunça täze taslamalaryň entek şeýle giň gerimde gurulmandygy bellemelidiris. Şunda toplumlaýyn işleriň çäklerinde inžener-kommunikasiýa ulgamlaryny doly çalyşmak, ýol hereketiniň howpsuzlygynyň häzirki zaman ulgamlaryny ornaşdyrmak, elektron maglumatlar tablolaryny, LED-monitorlary we beýlekileri gurnamak göz öňünde tutuldy. Bularyň ählisi ulag gatnawlarynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga hem-de awtoulag serişdeleriniň sanynyň barha artýandygyny nazara almak bilen, ýol ulgamynyň geçirijilik ukybyny artdyrmaga, ýollarda howpsuzlygyň derejesini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär.

Dünýä ölçegleri dürli sebitleri birleşdirýän awtomobil ýollarynyň esasy häsiýetnamasydyr. Şunuň bilen birlikde, halkara ölçeglerine laýyk gelýän ýokary tizlikli awtoulag ýollaryny (awtobanlary) gurmak meýilleşdirilýär. Täze “Aşgabat-Türkmenbaşy” ýoly “Aşgabat-Daşoguz” awtoulag ýolunyň 24-nji kilometrinden başlanýar we Türkmenbaşy şäherinde tamamlanar.

Awtobanyň umumy uzynlygy 564 kilometre, ýoluň giňligi 34,5 metre barabar bolar. Ýol gatnaw ugry boýunça her biri 15 metre barabar bolan iki bölege bölündi. Ýoluň tutuş ugry boýunça barlag-goýberiş nokatlarynyň 9-syny, tehniki hyzmat ediş duralgalarynyň 9-syny, ýangyç guýujy stansiýalaryň 7-sini gurmak meýilleşdirilýär. Şeýle hem ulanyş gullugynyň 5 binasyny, 3 kepming, awtoulaglar üçin 20 duralgany, jemgyýetçilik iýmiti nokatlaryny gurmak göz öňünde tutulýar. Awtobanyň ugrunda ýol geçirijileriniň 12-si, demir-beton köprüleriniň 217-si gurlar. Ýoluň umumy beýikligi ýa-da dykyzlygy 1 metr 22 santimetre barabar bolar.

Ýoluň tutuş boýunda 9 girelge we çykalga ýollary göz öňünde tutuldy. Onda yşyklandyryş ulgamy we gözegçilik enjamlary oturdylar. Onuň beýleki ulag ýollary bilen kesişmeýändigi täze ýoluň häsiýetli aýratynlygydyr. Mundan başga-da, ýoluň üstünden pyýadalaryň geçelgeleri gadagan edildi. Bu ýol bilen kada laýyk derejede görkezýän ýokary tizlik bilen diňe awtoulaglar hereket edip biler.

Şeýle ýollarda welosipediň we mopedleriň, oba hojalyk tehnikalarynyň we ýük ulaglarynyň hereketi gadagandyr. Ýollara käbir haýwanlaryň emele gelmeginiň öňüni almak maksady bilen, ol tutuşlygyna germew bilen berkidilendir.

Hünärmenleriň çaklamalaryna görä, ýurdumyzdan geçýän ulag akymlarynyň we ýük dolanyşygynyň möçberleri ýyl-ýyldan ýokarlanýar.

“2012-2016-njy ýyllarda Türkmenistanyň ulag we aragatnaşyk pudagyny ösdürmegiň maksatnamasynyň” çäklerinde ulag ulgamyny halkara ülňülerine laýyk getirmek babatda ägirt uly işler alnyp barylýar. Täze awtomenzilleriň gurluşygy dowam edýär. 2014-nji ýylyň sentýabrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda gije-gündiziň dowamynda 2 müň ýolagça hyzmat etmäge ukyply Halkara ulag terminalynyň açylyş dabarasy boldy.

Şunuň bilen birlikde ulag pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, gullugyň işine täzeçil tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça anyk çäreler durmuşa geçirilýär. Häzirki güne çenli bu pudagyň tehniki parkynyň üsti “Hyundai Universe Luhury”, “Hyundai Universe Noble”, “Hyundai Super Aero Sity”, “Iran Khodro”, “Vutong ZK 6129H”, “RAZ-32054” ýaly dünýä belli önüm öndürijileriň döwrebap ulag serişdeleri ilen yzygiderli ýetirilýär. Olar şäherara we şäheriçi ugurlar boýunça üstünlikli hereket edýärler. Täze ugurlar boýunça ulag gatnawlaryny ýola goýmak meseleleri işlenip taýýarlanylýar.

Jemgyýetçilik ulagynyň parkyny döwrebaplaşdyrmak we Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça 2017-nji ýylda Aşgabatda V Aziýa oýunlarynyň geçirilýän pursatlarynda şäher ilaty we onuň myhmanlary üçin oňaýly şertleri döretmek maksady bilen ýeňil ulaglaryň 400-sini, kiçi awtobuslaryň 120-sini, ortaça ölçegdäki awtobuslaryň 120-sini, uly awtobuslaryň bolsa 100-sini ulanmak göz öňünde tutulýar. Ýurdumyzyň Awtomobil ulaglary ministrligi tarapyndan degişli düzümler bilen ylalaşykda teklipleri öwrenmek arkaly ýörite Meýilnama işlenip taýýarlanyldy. Onuň çäklerinde Germaniýadan, Koreýa Respublikasyndan, Eýrandan, Hytaýdan we Ýaponiýadan gelip gowuşýan döwrebap awtoulag serişdeleriniň aýratynlyklary öwrenilýär.

“Hyundai — Elantra”, “Hyundai Universe Luhury”, “Hyundai Conty” görnüşli kiçi ulaglary we awtobuslary degişli tertipde satyn almak hakyndaky meselä seredildi. Şeýle hem ýurdumyzyň Awtomobil ulaglary ministrligi bilen Koreýa Respublikasynyň “Hyundai” korporasiýasynyň arasynda baglaşylan Ylalaşyga laýyklykda 2017-nji ýyla çenli degişli ekologiýa ülňüsine laýyk gelýän Ýewro4 şäheriçi gatnawlar üçin awtobuslaryň ortaça 500-sini almak meýilleşdirilýär. Olaryň 4-si mümkinçiligi çäkli bolan adamlar üçin niýetlenendir. Şeýle hem şu ugur boýunça Germaniýanyň “AGT Buswermiyetung Deutsçhl and” we beýleki ýurtlaryň birnäçe kompaniýalary bilen gepleşikleri geçirmek göz öňünde tutulýar.

Bu ulgamda maksatnamalaýyn işleri alyp barmak bilen, Türkmenistan täzeçil tehnologiýalary we öňdebaryjy tejribeleri ugur edinýär. Ägirt uly ähmiýeti bolan iň häzirki zaman ulag ýollary ulanmaga berilýär. Olaryň ýakasynda paýtagtymyzyň döwrebap binagärlik desgalary guruldy we gurulýar. Paýtagtymyzdaky ulag ýollarynyň gurluşygynda we olary döwrebaplaşdyrmakda toplanan tejribe ýurdumyzyň beýleki şäherlerinde şeýle desgalaryň gurluşygynda işjeň ulanylýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, halkara ulag ýollarynyň gurluşygynda halkara ülňüsi onuň häsiýetli aýratynlygy bolmalydyr.

2015-nji ýylda ýurdumyzda ýolagçy gatnatmakda awtomobil ulaglarynyň udel agramy 82,6 göterime deň boldy. Hususy kärhanalaryň täjirçilik gatnawlary bilen meşgullanýanlary nazara alanyňda we turba geçirijileri hasaba almanyňda umumy ýük dolanyşygynyň möçberleri 47 göterimden gowrak boldy.

2015-nji ýylda ýük daşamagyň umumy möçberinde awtomobil ulagynyň paýy 83,2 göterime, ýolagçy gatnatmakda 99,2 göterime deň boldy.

Umuman 2015-nji ýylda Türkmenistanda 494,1 million tonna ýük daşaldy. Munuň özi 2014-nji ýylyň möçberlerine garanyňda ösüş depgininiň 102,8 göterime deň bolandygyny alamatlandyrýar. Ýolagçy gatnatmak 984 million adama ýetip, onuň ösüş depgini 103,5 göterime deň boldy. Eksport ýüklerini daşamagyň möçberi 13,4 göterim artdy. Şeýle ýükler ulaglaryň ähli görnüşleri bilen daşalýar. Şunlukda, suw ulaglaryna umumy möçberiň 60,5 göterimi düşdi.

Türkmenistanda deňiz ugry boýunça ýolagçy gatnatmagyň we ýük daşamagyň ösüşi Merkezi Aziýa we Hazar deňzi basseýni ýurtlarynyň halkara ykdysady gatnaşyklar ulgamyna doly goşulmagynyň möhüm şerti bolup durýar. Häzirki döwürde Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz menzili sebitiň iri üstaşyr geçirijisiniň wezipesini ýetirýär. Ýakyn ýyllarda bolsa Hazaryň kenarynda diňe bir ýurdumyzyň däl, eýsem tutuş Merkezi Aziýanyň baş “deňiz derwezesiniň“ ýokary derejesine laýyk gelýän täze deňiz menzili peýda bolar.

Bu giň möçberli maýa goýum taslamasynda umumy meýdany 230 müň inedördül metre barabar bolan awtomobil-ýolagçy parom terminalynyň we umumy meýdany 249 müň inedördül metr bolan konteýner terminalynyň gurluşygy meýilleşdirilýär. Topluma umumy ýük terminaly, gury ýük terminaly, polipropilen terminaly, şeýle hem umumy meýdany 166 müň inedördül metre barabar bolan gämigurluşyk we gämiabatladaýyş zawodlary ýerleşer. Zawodyň taslama kuwwaty iň häzirki zaman tehnologik enjamlary we halkara hil kadalaryna laýyk gelýän awtomatlaşdyrylan ulgamy peýdalanmak arkaly ýylda 4-6 gämä barabar bolar. Mundan başga-da bu ýokary tehnologiýaly kärhana dürli maksatly gämileri abatlamak boýunça ýyllyk kuwwaty 20-36 gämä barabar bolan işi ýerine ýetirmäge ukyplydyr.

Halkara maliýe institutlaryny çekmek arkaly gämi abatlaýyş, gämi gurýan binýadyň, awtoýolagçy terminalyň, logistik merkeziň tehniki- ykdysady taýdan esaslandyrylan taslamalaryny düzmek boýunça ýörite işler alnyp barylýar. Şunda, Russiýa Federasiýasynyň deňiz flotunyň Merkezi ylmy-barlag instituty bilen nebitiň we nebit önümleriniň heläkçilikli ýagdaýda dökülmegini duýdurmagyň we onuň öňüni almagyň meýilnamasy işlenip taýýarlanyldy. Bu meýilnama nebitiň dökülmeginiň öňüni almak we onuň zyýanyny aradan aýyrmak, şeýle işleri ýerine ýetirmekde zerur bolan degişli enjamlary we gämileri satyn almak boýunça çäreleri öz içine alýar.

2014-nji ýylyň dekabrynda Halkara deňiz menzilinde ýolagçy deňiz menziliniň açylyş dabarasy boldy. Özboluşly keşbi bolan bu binanyň eýeleýän meýdany 800 inedördül metrden gowrak boldy. Bu ýerde petek satylýan bölümleri bolan garaşylýan zal, sorag-jogap bölümi, alyş-çalyş bölümi, saklawhana, çaýhana, sowgatlyk dükanlar ýolagçylaryň hyzmatynda. Mundan başga-da, çagaly ýolagçylar üçin ýöriteleşdirilen ýer, lukmançylyk otagy we beýlekiler göz öňünde tutuldy. Menziliň edara ediş we tehniki binalary zerur bolan enjamlar bilen üpjün edildi. Ýolagçylaryň gämä münüp bilmekleri üçin uzynlygy 51 metr bolan asma köpri guruldy.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, häzirki zaman deňiz söwda flotunyň döredilmegi ulag babatdaky döwlet syýasatynyň iler tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.

Halkara deňiz geçelgesiniň üstaşyr merkeziniň wezipesini ýerine ýetirýän Türkmenbaşynyň deňiz menziliniň üsti bilen ýurdumyza senagat we oba hojalyk enjamlary, tehniki serişdeler, demir we agaç önümleri, mineral dökünler getirilýär. Daşary ýurtlara bolsa polipropilen, koks we beýleki nebit önümleri, himiýa senagatynyň serişdeleri ugradylýar. Soňky ýyllarda bu menziliň üstünden geçýän üstaşyr ýük akymlarynyň çaltlygy has-da artdy.

Port hojalygyna täze gämiler gelip gowuşýar. Olaryň hatarynda Türkmenistanyň buýurmasy bilen Russiýa Federasiýasynyň Nižniý Nowgorod şäheriniň “Krasnoýe Sormowo” gämi gurýan zawodynda taýýarlanan “Alaja”, “Kenar” nebit daşaýjy tankerler, “Älem”, “Jahan”, “Seýil” we “Gudrat” ýaly tirkeg gämileri bar. “Ýelken” ýaht-kluby açylanda iri ýük gämisi bolan “Çarlak” ilkinji ýüzüşini amala aşyrdy. Ol Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň hünärmenleriniň gatnaşmagynda guruldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we biziň ýurdumyza resmi sapar bilen gelen Horwatiýa Respublikasynyň Premýer-ministri Zoran Milanowiçiň 2014-nji ýylyň 5-nji dekabrynda Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň buýurmasy boýunça Horwatiýanyň Pulo şäherindäki “ULJANIK” gämi kärhanasynda gurlan ýolagçy, ýük ulaglaryny we beýleki ulag serişdelerini daşamaga niýetlenen “RO-PAХ” derejeli “Berkarar” gämisiniň gelip gowuşmagy mynasybetli guralan dabara gatnaşmagy taryhy waka öwrüldi.

2015-nji ýylyň dekabrynda Türkmenbaşynyň deňiz menziline şunuň ýaly “RO-PAХ” derejeli ikinji “Bagtyýar” gämisi geldi. Ol hem Türkmenistanyň buýurmasy esasynda Horwatiýanyň Pulo şäheriniň gämi gurluşyk kärhanasynda taýýarlanyldy. Ol soňky bäş ýylyň dowamynda ýurdumyza gelip gowşan döwrebap gämileriň 16-njysydyr.

Häzirki döwürde “Berkarar” we “Bagtyýar” gämileri Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz menzilinden Hazarýaka döwletlerine yzygiderli ýolagçy we ýük gatnatmak ugruny amala aşyrýar. Bu ugurlaryň herekete girizilmegi Ýewropa ýurtlaryndan Merkezi Aziýa, Orta we Uzak Gündogara ýük gatnatmaga harçlanýan wagty ep-esli tygşytlamaga mümkinçilik berdi, şeýle hem ýük dolanşygynyň artmagyny şertlendirdi. Munuň özi deňiz ýoly bilen ýolagçy gatnawlarynyň giňelmegini üpjün edýär we goňşy ýurtlardan gelýän syýahatçylaryň sanynyň artmagynyň hasabyna umumy ösüşe täsirini ýetirýär.

Soňky bäş ýylyň dowamynda—2011— 2015-nji ýyllarda Türkmenistanda suw ulaglary boýunça ýük daşamagyň möçberleri 123 göterim, ýük dolanyşygy bolsa 111 göterim, ýolagçy gatnatmak bolsa dört esseden gowrak ýokarlandy. Diňe 2015-nji ýylda ýurdumyzyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy boýunça ýolagçy gatnatmagyň dolanyşygy 37,6 göterim ýokarlandy.

Munuň özi “Türkmenbaşy halkara deňiz menzilini we Türkmen deňiz söwda flotuny 2030-njy ýyla çenli döwür üçin ösdürmegiň baş meýilnamasynyň” yzygiderli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Ulag ulgamynda düzümi döwrebaplaşdyrmak we ýurdumyzyň raýat awiasiýasyny tehniki taýdan enjamlaşdyrmak işiniň tapgyrlaýyn esasda amala aşyrylmagy giň möçberli meýilnamalaryň möhüm bölegi bolup durýar. Içerki we halkara ugurlarynda ýolagçy gatnatmakda hem-de ýük daşamakda bu işlere möhüm orun degişlidir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça işlenip taýýarlanylan “2012—2030-njy ýyllarda Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny ösdürmegiň milli maksatnamasy” täzeçil tehnologiýalaryň, öňdebaryjy inženerçilik-tehniki pikirlenmeleriň we öňdebaryjy tejribäniň ulanylmagyny nazarlaýar.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň raýat awiasiýasynyň döwrebaplaşdyrylmagyna, şol sanda aeronawigasiýa düzüminiň ösdürilmeginde we ýolagçylara hyzmat etmekde täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna yzygiderli üns berýär. Türkmenistanyň esasy “howa derwezesi”, yklymlaýyn we yklymara howa ugurlarynda iri üstaşyr geçelge bolmaga gönükdirilen Aşgabadyň täze, häzirki zaman halkara howa menziliniň gurluşygyny möhüm nusga hökmünde görkezmek bolar.

Ozalky hereket edýän howa menziliniň çäginde gurluşygynyň alnyp barylýandygyny nazara almak bilen, toplumda bina edilýän desgalar tapgyrlaýyn esasda ulanmaga berilýär. Şeýlelikde, 2014-nji ýylda täze toplumyň çäginde umumy meýdany 1 müň 200 gektara barabar bolan ikinji ýolagçy terminaly we “Türkmenhowaýollary” Döwlet milli gullugynyň edara binasy, 2015-nji ýylyň iýun aýynda bolsa howa ulaglary üçin işgärleri taýýarlaýan mekdep açyldy.

2014-nji ýylyň dekabr aýynda Aşgabadyň halkara howa menziliniň täze desgalary, şol sanda uçuş-gonuş zolagy, uçuş-dispetçer binasy we beýlekiler gurlup ulanmaga berildi. Ulgamlaýyn we goşulýan ýollary bolan hem-de aeronawigasiýa, radiotehnika, yşyklandyryş-signal ulgamy bilen üpjün edilen emeli uçuş-gonuş zolagy raýat awiasiýasynyň Halkara guramasynyň (IKAO) ýokary talaplaryna doly laýyk gelýär. Umumy uzynlygy 3800 metr, ini bolsa 75 metr bolan bu uçuş-gonuş zolagy islendik howa şertlerinde dürli görnüşli howa ulaglaryny kabul etmäge ukyplydyr.

Belentligi 65 metr we çylşyrymly elektron-tehniki enjamlary, şol sanda iň häzirki zaman aeronawigasiýa apparaturasy bolan dispetçer diňi menziliň binagärlik toplumynyň baş nyşanyna öwrüldi. Onuň 6 gatynda umumy meýdany 7000 inedördül metre barabar bolan ýerde edara ediş, dispetçer, tehniki we beýleki gulluk jaýlary ýerleşýär. Bu ýerde Fransiýanyň dünýä belli “Thales” kompaniýasynyň häzirki zaman enjamlary oturdyldy we aňrybaş iş şertleri döredildi.

Mundan başga-da, ýangyn howpsuzlygy we gorag gullugy üçin niýetlenen 4 gatly binasy bolan 2 gatly desga gurlup ulanmaga berildi . Onuň ygtyýarynda Germaniýanyň “Zeýgler” kompaniýasynyň ýöriteleşdirilen ýangyn söndüriji ulaglarynyň 5-si bar.

Ýylda 200 müň tonna ýüki geçirmäge ukyply bolan ýük terminalynyň we howa gämileriniň azyk üpjünçiligi gullugy üçin niýetlenen binanyň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Baş ýolagçy we VIP terminallarynyň, birbada 5 howa gämisine tehniki taýdan hyzmat etmäge we abatlamaga niýetlenen angarlary bolan tehniki merkeziň, uçarmanlar we ýolbeletleri üçin merkeziň hem-de beýleki desgalaryň gurluşygy batly depginlerde alnyp barylýar. Sebitde iri Aşgabadyň Halkara howa menzili ýakyn wagtlarda açylar.

“2012—2030-njy ýyllarda Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny ösdürmegiň milli maksatnamasyna” laýyklykda paýtagtymyzda we welaýatlarda täze howa menzilleriniň gurluşygy alnyp barylýar we ozal bar bolanlary döwrebaplaşdyrylýar.

2015-nji ýylyň ýanwar aýynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Karary bilen “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugyna “Türkmenistan” howa ulaglary kärhanasynyň ygtyýaryndan degişli tertipde aýryp, Aşgabadyň Halkara howa menziliniň düzüm birligini — “Hökümet awiasiýasy” we jemagat-hojalygy kärhanasyny döretmek tabşyryldy.

“Türkmenistan” howa ulagy kärhanasy paýdarlar jemgyýetine öwrüldi. Bu guramaçylyk çäreleri howa ulaglary toplumynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga hem-de ösdürmäge we onuň maýa goýum çekijiligini gowulandyrmaga gönükdirilendir.

2015-nji ýylyň aprel aýynda Türkmenistan bilen Lýuksemburguň arasynda howa gatnawyny ýola goýmak baradaky ylalaşyk gazanyldy. Iýun aýynda Ýewropanyň iri ýük daşaýjy “Сargoluх” awiakärhanasy Lýuksemburg-Türkmenbaşy aralygy boýunça yzygiderli ýük gatnawlaryny ýerine ýetirip başlady.

Türkmenbaşydaky Halkara howa menzili geografiki we ykdysady babatda hem üstaşyr we täjirçilik gatnawlary üçin amatly ýerleşendir, şeýle hem bu ýerde ýangyç guýmak üçin tehniki duralgalary amala aşyryp bolar hem-de bu howa menzili Merkezi Aziýada iri ýük we logistika merkezi bolup durýar.

“Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň ulag düzümi dünýäniň öňdebaryjy öndürijileriniň iň häzirkizaman uçarlaryndan we dikuçarlaryndan ybaratdyr. 2013-nji ýylda ýurdumyzyň esasy howaýollary kärhanasy tarapyndan häzirkizaman “Boeing-737-800” täze uçarlaryň üçüsi, şeýle hem “Agusto Westland-101” täze dikuçarlaryň ikisi satyn alyndy hem-de netijeli ulanylýar. 2014-nji ýylda bolsa ýurdumyzyň howaýollary pudagynyň ygtyýaryna ýene-de“Boeing-777-200 LR” uçarlaryň ikisi gelip gowuşdy.

Türkmenistan tarapyndan howa gämileriniň şu kysymlarynyň satyn alynmagy ýurdumyzda olary halkara, sebit we içerki howa gatnawlarynda peýdalanmagyň toplanan oňyn tejribesi bilen şertlendirilendir. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly bu çözgüt şeýle hem howa ulagyndan peýdalanýan ýolagçylara ýokary dünýä ölçeglerine laýyk hyzmat etmek we ähli gatnaw ugurlarynda uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen kabul edildi.

Ýurdumyzda demir ýollarynyň müňlerçe kilometri hem-de halkara ähmiýetli awtoulag ýollarynyň giň ulgamy gurulýar. Täze howa menzilleri gurulýar we öň bar bolanlary döwrebaplaşdyrylýar. Bular meýilleşdirilýän taslamalaryň diňe bir bölegidir. Türkmenistanyň ähli çägini tiz depginlerde örän möhüm yklymara ulag çatrygyna öwürmek işleri, munuň bilen bir hatarda ýene bir örän möhüm wezipäni — ýurdumyzyň aragatnaşyk ulgamyny bu ugurda gazanylan iň häzirkizaman ylmy-tehniki mümkinçilikleri peýdalanmak arkaly dünýä ülňüleriniň derejesine çykarylmagyny talap edýär.

Biziň döwletimiziň halkara giňişligine mundan beýläk-de üstünlikli goşulyşmagynda aragatnaşyk pudagyna möhüm orun degişlidir, bu pudagyň täze derejä çykarylmagy aragatnaşyk ulgamynyň kosmos tehnologiýalary esasynda döwrebaplaşdyrylmagy bilen baglanyşyklydyr.

Milli Liderimiziň täzeçilik başlangyçlary we parasatly öňden görüjiligi netijesinde 2015-nji ýylyň aprel aýy Türkmenistanyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy: 28-nji aprelde Aşgabat wagty bilen 4 sagat 03 minutda Kanaweral kosmodromyndan (Florida ştaty, ABŞ)Türkmenistanyň “TürkmenÄlem-52oE” ilkinji aragatnaşyk hemrasy uçuryldy. Bu hemra biziň ýurdumyzyň buýurmasy boýunça “ThalesAleniaSpaсe” Fransuz kompaniýasy tarapyndan gurlan“Falсon 9” raketa-göteriji arkaly älem giňişligine çykaryldy.

Soňra 17-nji maýda aragatnaşyk hemrasy meýilnama boýunça öz orbita ornuna — geostasionar orbitadaky gündogar uzynlygynyň 52 derejesine çykdy we aragatnaşyk hemrasynyň radioýygylyk ýaýlymlarynyň iň soňky synaglary başlandy. Ähli synaglar üstünlikli tamamlanandan soň “TürkmenÄlem-52oE” ilkinji aragatnaşyk hemrasy potratçy — “Thales Alenia Spaсe” fransuz kompaniýasy tarapyndan ulanmak üçin Türkmenistana berildi. Şeýlelikde, aragatnaşyk hemrasy ulgamyny mundan beýläk dolandyrmak işlerini ýurdumyzyň hünärmenleri öz üstüne aldylar we Türkmenistan özüniň doly bahaly milli aragatnaşyk hemrasy ulgamyna eýe boldy.

Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan geçirilýän özgertmeleriň çäklerinde elektroenergetika, nebitgaz çykaryjy, nebiti gaýtadan işleýän, himiýa we nebithimiýa pudaklaryndan, gurluşyk, ýeňil we azyk senagatyndan ybarat özara baglanyşykly köpugurly ykdysadyýeti kemala getirmek boýunça ulgamlaýyn işler dowam etdirilýär. Halk hojalyk toplumynyň ösdürilmegi bilen dürli pudaklaryň arasynda maglumatlaryň köp möçberini alyşmak, edaralaryň içki aragatnaşyk ulgamlarynda umumy telekommunikasiýa düzüminiň geçirijiligini giňeltmek, biri-birinden alysda ýerleşýän, ýerüsti aragatnaşyk ulgamlary bilen birleşdirilmedik künjekleriň arasynda dessine we ýokary hilli maglumatlary alyşmak zerurlygy artýar.

Milli ykdysadyýetiň mundan beýläk-de sazlaşykly ösüşini üpjün etmek maksady bilen, aragatnaşyk hemrasy ulgamlarynyň ornaşdyrylmak zerurlygy ýüze çykdy, munuň özi aragatnaşykda täze mümkinçilikleri açýar.

Milli emeli hemrany dolandyrmak üçin Türkmenistanyň çäginde Hemrany dolandyrmak merkezi guruldy.

Kann şäheriniň kosmos merkezinde hemranyň gurluşygy bilen bir wagtda täze pudak üçin hünärmenleri taýýarlamak işleri hem alnyp baryldy. Olar daşary ýurtlaryň degişli merkezleriniň kärhanalarynda okadyldy, türgenleşik enjamlarynda iş tejribesini geçdiler. Ýokary hünärli tehniki işgärler we operatorlar ýerüsti gözegçilik stansiýalaryndan orbitadaky kosmos enjamyny dolandyrýarlar we oňa gözegçilik edýärler. “Thales Alenia Spaсe” kompaniýasynyň işgärleriniň sözlerine görä, häzirki wagtda türkmen hünärmenleri — Milli kosmos agentliginiň işgärleri, Hemrany dolandyryş merkeziniň operatorlary hünär derejesi boýunça özlerini okadan fransuz hünärmenlerinden kem däldirler.

Hemra işjeň aragatnaşyk ýaýlymlarynyň — transponderleriň onlarçasyna eýedir. Olaryň bir bölegi Türkmenistan tarapyndan öz hajatlary üçin peýdalanylar, galanlary bolsa “Spaсe Systems International-Monaсo S.A.M” kompaniýasyna uzakmöhletleýin kärendesine beriler. Hemra üç antenna — gündogar, demirgazyk we MENA (Middle Fast & North Afriсa — Orta Gündogar we Demirgazyk Afrika) antennalary bilen enjamlaşdyrylandyr, olar Ýewropanyň we Aziýanyň, şeýle hem Ýakyn Gündogar we Demirgazyk Afrika ýurtlarynyň onlarçasynyň çäklerini öz içine alýar.

Transponderleriň ýokary goýberijilik kuwwaty adaty telewizion ýaýlymlaryň hem, ýokary çözüşli ýaýlymlaryň hem onlarçasyny alyp görkezmäge we eşitdirmäge mümkinçilik berýär. Biziň aragatnaşyk hemramyzyň telewizion transponderleriniň sanynyň milli telewideniýämize zerur bolandan has artykdygy sebäpli, hemra ýaýlymlarynyň aglaba bölegi daşary ýurt teleýaýlymlaryny görkezmek üçin kärendesine berler. Uly giňişlikleri öz içine alýan “TürkmenÄlem” hemrasy Türkmenistana Ýewropanyň we Aziýanyň ýaýlymlaryny alyp görkezmekde üstaşyp ýurt hökmünde çykyş etmäge mümkinçilik berer.

“TürkmenÄlem-52oE” Ku-diapazon ýygylykda alyp görkezmegi amala aşyrar. Alyp görkezmegiň bu görnüşi uly bolmadyk antennalar arkaly tolkunlary kabul etmäge mümkinçilik berýär, şol sebäpli hem hemra telewideniýesinde giňden peýdalanylýar.

Milli telewideniýäni ösdürmekden we teleradiogepleşikler ulgamyny giňeltmekden başga-da, öz aragatnaşyk hemramyzyň bolmagy ýurdumyzyň ähli ýerlerinde VSAT aragatnaşyk hemrasy tehnologiýasyny ornaşdyrmaga mümkinçilik berer. Häzirki wagtda dünýäde bu ulgam halk hojalygynyň ähli pudaklarynda diýen ýaly giňden peýdalanylýar. VSAT terminallarynyň biri-birinden müňlerçe kilometr uzaklykda ýerleşýän ikisiniň ýa-da ondan hem köpüsiniň bolmagy olaryň arasynda hemrany üstünden geçiriji hökmünde peýdalanmak arkaly maglumatlaryň uly toplumymy geçirip bolýar.

Hemra aragatnaşygynyň bu ulgamynyň esasynda internede çykmak, telefon aragatnaşygy, biri-birinden uzakda ýerleşýän peýdalanyjylary bir ulgama birleşdirmek, bar bolan aragatnaşyk tolkunlaryny ätiýaçlandyrmak, dolandyryş merkezinden uzakda ýerleşýän we onuň bilen ýerüsti aragatnaşyk ulgamlary bilen birleşdirilmedik senagat kärhanalarynda gözegçiligi amala aşyrmak ýaly hyzmatlary etmek üçin doly bahaly multiserwis ulgamlaryny gurnap bolar.

Wideomaslahatlary ýa-da hemra teleköprüler tehnologiýasyny peýdalanmak üçin giň mümkinçilikler açylýar. Häzirki wagtda aragatnaşygyň bu görnüşi dünýäde giňden peýdalanylýar, bu usul işleri tizleşdirýär, wagty we serişdeleri netijeli peýdalanmaga mümkinçilik berýär. Bu tehnologiýa bilim we saglygy goraýyş ulgamlarynda işjeň peýdalanylýar.

2015-nji ýylyň ahyryna ýurdumyzda stasionar telefon belgileriniň sany 667,2 müň belgä deň boldy, bu 2011-nji ýyldakydan 24,5 göterim ýokarydyr.

2015-nji ýylyň ahyryna öýjükli aragatnaşyk ulgamyndan peýdalanýan müşderileriň sany 6740,7 müň birlige deň boldy, bu 2011-nji ýyldakydan 3,2 esse köpdür.

2015-nji ýylyň ahyryna Internetden peýdalanyjylaryň sany 2151,4 müň birlige deň boldy we bu görkeziji 2011-nji ýyl bilen deňeşdirilende 5,2 esse köpdür.

Ýurdumyzda halkara optika-süýümli aragatnaşyk ulgamlaryny çekmek işleri dowam etdirilýär. Ähli adaty awtomatlaşdyrylan telefon beketleri sanly ulgamlar bilen çalşyryldy. Munuň özi has-da ýokary hilli aragatnaşyk hyzmatlaryny üpjün etmäge, olaryň ugurlaryny giňeltmäge mümkinçilik berýär we häzirki wagtda STM-64, СWDM/DWDM we IP/MPLS görnüşli maglumat geçirmegiň ýokary tizlikli ulgamyna geçmek işleri alnyp barylýar. СWDM- ulgam (ýaýlymlaryň bölünmegi) esasynda baş ulgamlar döwrebaplaşdyrylýar, munuň özi dürli maglumatlaryň elýeterliligini hem-de aragatnaşyk hyzmatlary üçin nyrhlaryň peselmegini üpjün edýär.

Myhmanhanalarda, ilatyň dynç alýan ýerlerinde we söwda merkezlerinde Wi-Fi tehnologiýasyny ornaşdyrmak işleri geçirilýär munuň özi ýokary tizlikli internede girmäge mümkinçilik berýär. LTE tehnologiýasynyň binýadynda 4G häzirkizaman ykjam aragatnaşyk ulgamynyň ýaýrawy giňeldilýär.

Ilkinji milli aragatnaşyk hemrasynyň älem giňişligine uçurylmagy bilen dünýä ülňülerine laýyk gelýän telekommunikasiýa ulgamyny döretmek üçin uly mümkinçilikler açylýar. 2015-nji ýylyň 9-njy iýunyndan başlap, “TürkmenÄlem-52oE” milli hemranyň üsti bilen türkmen telewizion ýaýlymlarynyň ýedisi we radioýaýlymlaryň dördüsi HD ölçeginde gepleşikleri görkezip we eşitdirip başladylar.

Ilkinji türkmen milli emeli hemrasy innowasiýa häsiýetli aragatnaşyk ulgamyny hem-de ýurdumyzda dolandyryş ulgamyny kemala getirmekde möhüm sepgit boldy. Hemra aragatnaşygynyň häzirkizaman düzümleri we degişli täze tehnologiýalar Türkmenistanda kosmos bilen bagly ylym-barlag işlerini geçirmegi kämilleşdirmäge ýardam berýär, ýurdumyzyň halkara abraýyny has-da ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär.

Mahlasy, beýleki pudaklarda bolşy ýaly, ulag we aragatnaşyk ulgamynda hem Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe okgunly ösüşe eýe boldy. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döredijilikli başlangyçlary täze belentliklere tarap ynamly öňe barýan halkymyza ruhubelentlik berýär, yklymyň möhüm söwda ýollarynyň çatrygynda ýerleşýär ýurdumyzy dünýä ähmiýetli iri halkara ulag-üstaşyr we telekommunikasiýa merkezine öwürýär.