Ï Oňyn özgertmeler — milli Liderimiziň täzeçillik syýasatynyň möhüm ugry
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Oňyn özgertmeler — milli Liderimiziň täzeçillik syýasatynyň möhüm ugry

view-icon 4823
Türkmen ykdysadyýetiniň giň gerimli senagatlaşdyrylmagy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň özgertmeler syýasatynyň ägirt uly maksatlary we wezipeleri, şol sanda paýtagtymyzy we sebitleri senagat taýdan ösdürmek, türkmen halkynyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak boýunça wezipeler bilen kesgitlenýär.

7. Senagat pudagy

2012-nji ýylda döwlet Baştutanymyzyň Karary bilen Senagat ministrligi döredildi, onuň işi senagat pudaklaryny ösdürmäge, olaryň ýurdumyzyň jemi içerki önümine goşandyny artdyrmagy gazanmaga gönükdirilendir. Umuman, bu reforma milli ykdysadyýetimizde çig mal däl ugurly pudagyň ornuny giňeltmäge, gaýtadan işleýän pudaklaryň ýokary goşulan bahaly harytlarynyň we önümleriniň öndürilişini artdyrmaga gönükdirilendir.

Türkmenistanyň Prezidenti ministrligiň öňündäki wajyp wezipeleriň hatarynda maýalaryň çekilmegini, bäsdeşlige ukyply döwrebap önümçilikleriň döredilmegini, hereket edýän kärhanalaryň toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylmagyny kesgitledi. Şol önümçilikleriň hatarynda maşyn we abzal gurluşyk ugurlary bar. Ministrligiň düzümine girýän pudaklaryň degişli abatlaýyş-hyzmat ediş binýadyny döretmek, şeýle hem hususy senagat kärhanalarynyň kuwwatyny berkitmek maksadynda anyk ädimler göz öňünde tutuldy.

Bu täze senagat syýasaty önümçilikleri diwersifikasiýalaşdyrmaga, olary täzeden enjamlaşdyrmaga, ýurdumyzyň kuwwatlyklaryny artdyrmaga we senagat ösüşiniň ugurlaryny özleşdirmäge gönükdirilýän iri maýa goýumlaryny özleşdirmek boýunça işlere kuwwatly itergi berildi.

Önümçilikleri doly awtomatlaşdyrmak, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, olaryň esasynda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri hem-de ýerli çig maldan öndürilýän eksport ugurly önümleri çykarýan kärhanalary döretmäge aýratyn üns berilýär.

Gurluşyk serişdelerini öndürýän, şol sanda ýerli çig maldan taýýarlanýan serişdeleri öndürýän pudak uly goldawa eýe boldy, munuň özi türkmen ykdysadýetiniň ileri tutulýan ugry bolup durýar. 2007-2015-nji ýyllar aralygynda sementiň öndürilişiniň 3,8 esse, demir-beton gurnamalarynyň 2,5 esse, diwarlyk serişdeleriň 2 esseden gowrak, magdan däl gurluşyk serişdeleriniň 8 esse ýokarlanmagy ýaly görkezijiler bu pudagyň sazlaşykly ösüş ýoluna düşendigini görkezýär. Keramzit, armatura, metal profiller, plastmas we aýna süýümli turbalar ýaly beýleki gurluşyk serişdeleriniň önümçiliginde hem ösüş depginleri artdy.

“Türkmenistanyň Prezidentiniň 2012—2016-njy ýyllarda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamasyna” laýyklykda, geçen ýylda iri panelli jaý gurluşygy ulgamynyň kärhanalaryny toplumlaýyn abatlamak we döwrebaplaşdyrmak işleri tamamlandy. “Türkmendemirbetonönümleri” önümçilik birleşigine degişli edaralar gurluşyk ulgamyna zerur bolan diwarlyk panelleri, armirlenen bloklary, keramziti, gurnalan demirbeton önümlerini, keramiki kerpiji, diwarlyk beton daşlaryny, örtük plitalaryny öndürýär we gerimi giňelýän gurluşyk bazaryna ugradýar.

Ýurdumyzyň baý çig mal gorlary keramzidiň önümçligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär. Keramzit üçin çig mal bolan argillit Balkan welaýatynyň Jebel şäherçesiniň golaýyndaky Ýagman käninden alynýar. 2014-nji ýylda keramzidiň öndürilişiniň möçberi 2011-nji ýyl bilen deňeşdirilende 1,6 esse artdy. Gurnama demirbeton konstruksiýalarynyň we önümleriniň öndürilişiniň möçberi 2014-nji ýylda 454 müň m3.

Iki sany iri senagat desgalary bolan Aşgabadyň we Abadanyň iri panelli jaý gurluşygy zawodlarynyň mähriban Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 24 ýyllyk şanly senesi mynasybetli ulanmaga berilmegi bu ulgamyň işiniň ilerlemegini şertlendirdi. Köp gatly we kottež görnüşdäki ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy üçin niýetlenen demirbeton gurnamalary öndürýän döwrebap kärhanalaryň önümçiligi häzirki döwürde sazlaşykly alnyp barylýar. Olaryň döwrebaplaşdyrylandan soňra doly önümçilik kuwwatyna çykmagy bilen önümçilik mümkinçilikleri degişlilikde 100 we 45 müň kub metre barabar boldy. Munuň özi her ýylda bir müňden gowrak öýi bolan ýaşaýyş jaýlaryny gurmaga mümkinçilik berýär.

Şeýle hem 2015-nji ýylyň oktýabrynda düýpli abatlanylandan soň Türkmenabat şäherindäki ugurdaş “Demirbetonönümleri” kärhanasy ulanmaga berildi, onuň kuwwaty ýylda ýygnama demirbeton önümleriniň 29 müň kub metrinden 50 müň kub metrine çenli ýokarlandy. Häzirki döwürde Daşoguz şäherinde ýyllyk kuwwaty demirbeton önümleriniň 50 müň kub metrine barabar bolan demirbeton önümleri zawodynyň durkuny täzelemek işleri tamamlandy.

Gökdepe etrabynyň Owadandepedäki metallurgiýa we gazbeton zawodlary, Ahal welaýatynyň Baharly etrabyndaky sement zawody ýaly gurluşyk serişdelerini öndürýän kärhanalar milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmaga önjeýli goşant goşýarlar.

Sement önümçiligi ýurdumyzyň gurluşyk materiallary senagatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Balkan we Lebap welaýatlarynda sementiň ýokary berkligi bolan, gidrotehniki desgalar üçin sulfata durnukly ýaly görnüşlerini öndürýän zawodlaryň ulanmaga berilmegi bilen, tutuş ýurdumyzda alnyp barylýan giň möçberli gurluşyklary bu önüm bilen üpjün etmek wezipesi çözüldi. 2015-nji ýylda ýurdumyzyň sement kärhanalarynda 3 million tonnadan gowrak semet öndürildi. Munuň özi onuň önümçiligi boýunça ýyllyk meýilnamanyň artygy bilen ýerine ýetirilendigini aňladýar. Bu önüme bolan islegi doly we öz wagtynda ýerine ýetirmek maksady bilen, ähli welaýat we etrap merkezlerinde bellenilen nyrh boýunça sementi ýerleýän söwda bölümleri açyldy.

Senagat önümçiligini ýokarlandyrmak boýunça giň möçberli işler dowam edýär. Täze kärhanalarda ýerli serişdeleriň esasynda ýurdumyz üçin zerur önümler öndürilip başlanar. Olar örän inçe bazalt süýümlerdir we olardan taýýarlanylýan ýylylyk geçirmeýän hem-de kompozit gurluşyk materiallarydyr. Bu önümler diňe bir içerki bazarlarda däl, eýsem, daşary ýurtlarda hem giňden isleg bildirilýän önümlerdir.

Bazalt süýümi örän berk hasaplanylýar. Ol polatdan 2,5 esse, aýna süýüminden bolsa 1,5 esse berkdir. Ýeňilligi, ýokary we pes howa derejelerine, poslama, şorlama, kislota we beýleki himiki serişdelere garşy durnuklylygy onuň häsiýetli aýratynlygydyr. Bazalt süýümi we onuň esasynda taýýarlanan ses geçirmeýän, ýylylyk saklaýan materiallaryň ulanyş möhleti ýüz ýyldanam gowrakdyr. Olar häzirki döwürde giňden ulanylýar. Hususan-da, olar senagat we durmuş maksatly binalaryň, nebitgaz, awiasiýa, himiýa, turba senagaty, awtomobil we maşyn gurluşygy, elektroenergetika, metallurgiýa, oba hojalygy, gämi gurluşygy, nebithimiýa ugurlarynda we beýleki pudaklarda netijeli ulanylýar. Bazalt süýüminden taýýarlanylan önümler ekologiýa taýdan howpsuz önümleriň hataryna girýär we olar dünýäniň köp sanly ýurtlarynda önümçilikde giňden ulanylýar.

Aýna önümçiligi hem daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan we eksport ulgamyna niýetlenen möhüm önümleriň biridir. Häzirkizaman float usuldaky aýna önümçiligi bu pudakda ýurdumyz üçin senagat tehnologiýalarynyň täze görnüşleriniň biri bolup durýar. Bu tehnologiýa Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabyndaky Owadandepede aýna önümçiligi üçin esasy serişde hökmünde ulanylýan kwars çägesiniň önümçiligi boýunça täze iri kärhananyň gurluşygyna we aýna zawodynyň taslamasyny durmuşa geçirmegiň esasynda durýar. Olaryň gurluşygyna, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna, laýyklykda 2015-nji ýylda girişildi.

Bu kärhanada aýna önümleriniň 7 görnüşi, şol sanda açyk we garaldylan, laminirlenen we äpişgeler üçin 4 millimetr galyňlygy bolan bişirilen aýna we bir ýylda 7,2 million inedördül metr möçberi bolan aýna paketler, şeýle hem göwrümi 0,3 litrden 3 litre çenli bolan lukmançylyk enjamlary üçin dürli görnüşli açyk we reňkli aýna gaplarynyň 85 million birligi öndüriler. Kärhananyň gurlup ulanmaga berilmegi daşary ýurtlardan getirilýän degişli önümleriň möçberini azaltmaga ýardam berer we geljekde bu ulgamyň eksport mümkinçiligini emele getirer.

2015-nji ýylda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda häzirkizaman enjamlary bilen üpjün edilen suw saklaýjy materiallaryň önümçiligi boýunça täze senagat toplumy ulanmaga berildi. Onuň önümçiliginiň 96,5 göterimi ýerli serişdeler esasynda taýýarlanylar we ýylda 10 million inedördül metr kuwwaty bolan izogama we wolgaizol önümçiligi ýola goýlar. Ýurdumyz üçin täze kärhananyň gurulmagy bilen ýokary hil ülňülerine laýyk gelýän gurluşyk serişdelerine bolan isleg doly kanagatlandyrylar.

Şeýle hem Lebap welaýatynyň Magdanly şäheriniň çäginde ýerleşýän “Türkmenmineral” önümçilik birleşiginiň binýadynda täze senagat kärhanalary döretmek boýunça işler alnyp barylýar. Onuň işiniň esasy ugurlary kalsiý karbidini, gipslik materialy, owradylan kaustik dolomiti, magdan däl gurluşyk serişdeleriniň birnäçe görnüşini, şeýle hem himiýa senagaty üçin hlorlanan heki, azyklyk duzy öndürmäge niýetlenendir.

Türkmenabat şäherindäki “Demirbetonönümleri” kärhanasynyň ulanmaga berilmegi şu ýyl bu ugurda ädilen ähmiýetli ädimleriň biri boldy. Ol keramiki plitalary örtmek üçin niýetlenen gury ýelimleýji garyndylaryň bir ýylda 4 müň tonnasyny öndürýän toplum bolup durýar. Geçen ýyl bu önümiň 12 müň tonnasyny çykaran hususy kärhanalaryň önümçilik mümkinçiliklerini nazara alanyňda, bu desganyň işe girizilmegi bilen gurluşyk pudagyny şol önüm bilen ýeterlik derejede üpjün etmek wezipesi çözüler. Içerki bazarda bu önüme bolan isleg ortaça 14 müň tonna barabardyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýratyn üns bermegi bilen milli ykdysadyýetimiziň hususy pudagynyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilmegi netijesinde gurluşyk serişdeleriniň önümçiligi ýurdumyzda netijeli ösýän ugurlaryň birine öwrüldi. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan gurlan hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 20 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli açylan birnäçe senagat desgalary munuň aýdyň subutnamasydyr. Olaryň hatarynda Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda gurlan hem-de ýyllyk kuwwaty 70 müň kub metr inert gurluşyk materiallaryny öndürýän täze kärhana bar. Bu ýerde hereket edýän çagyl känleri ýurdumyzyň gurluşyklarynda zerur hasaplanýan çagyl we beýleki serişdeler üçin çig maly doly derejede üpjün eder.

Şeýle hem telekeçilik düzümleriniň gatnaşmagynda sebitlerde ýylda 300 müň tonna sement öndürýän kiçi zawodlary gurmak meýilleşdirilýär.

2014-nji ýylda sementiň öndürilişi 2011-nji ýyl bilen deňeşdirilende 2,8 esse ýokarlandy, 2013-nji ýyl bilen deňeşdirilende bolsa 10,7 göterim artdy.

Ýurdumyzyň halk hojalyk toplumyny senagatlaşdyrmaga tarap ugur bilen baglylykda, pudagy has-da berkitmäge gönükdirilen möhüm himiki önümçilikleriň gurluşygy ýaýbaňlandyryldy, hereket edýän kärhanalaryň durkuny tehnologik taýdan täzelemek boýunça işler alnyp barylýar. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, himiýa senagatynyň ägirt uly eksport kuwwaty baý tebigy serişdelerine, döredilýän ýokary tehnologiýaly düzümiň mümkinçiliklerine esaslanýar. 2015-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri boýunça “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanalarynda 184,2 göterim, şol sanda mineral dökünleriň önümçiliginde 175,2 göterim, sulfat natriý öndürmekde 109 göterim, tehniki ýody we tehniki uglerody öndürmekde degişlilikde 100,8 göterim we 107,1 göterim ösüş depgini gazanyldy.

Dökünleriň önümçiligi boýunça kuwwatlyklaryň artdyrylmagy himiýa senagatynyň möhüm ugurlarynyň birine öwrüldi. Ýurdumyzyň oba hojalygynda we obasenagat toplumyndaky özgerişlikler bilen baglylykda, şeýle hem dünýä ýüzünde azyk bolçulygyny üpjün etmek üçin dökünlere bolan isleg gitdigiçe ýokarlanýar. Täze zawodlary gurmagyň we ozal hereket edýänlerini täzeçil usulda döwrebaplaşdyrmagyň hasabyna bu pudak geljekde ägirt uly ykdysady girdeji getirer.

Türkmenistanda tebigy gazyň ägirt uly gorlarynyň bolmagy himiýa ulgamyndaky önümçilik üçin zerur çig mal serişdeleriniň üpjünçiliginiň möhüm şertidir. Bu bolsa azot dökünlerini, şol sanda oba hojalygynda, ýerleriň hasyllylygynyň ýokarlanmagynda giňden ulanylýan karbamidiň önümçiliginiň gurulmagyna şert döredýär.

Bu pudak soňky ýyllarda ösüş ýoluna düşdi. Maryda karbamid we ammiak önümçiligi boýunça iri himiýa toplumynyň gurulmagy bilen pudagyň ösüşine kuwwatly itergi berildi. Häzirki döwürde “Tejenkarbamid” we “Marykarbamid” kärhanalarynda öndürilýän önümleriň umumy möçberlerini nazara alanyňda karbamid dökünlerine bolan içerki islegler däl, eýsem, her ýylda 450 müň tonna çenli döküni daşary ýurtlara ibermek mümkinçiligi döredi.

“2011—2030-njy ýyllarda Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň milli maksatnamasyny” durmuşa geçirmegiň çäklerinde karbamid önümçiligi boýunça täze zawody gurmak barada çözgüdiň kabul edilmegi şeýle önümler boýunça önümçilik kuwwatlyklarynyň artdyrylmagynda möhüm ädime öwrüldi.

Balkan welaýatynyň Garabogaz şäherinde karbamid zawodynyň gurluşygy güýçli depginlerde alnyp barylýar. “Türkmenhimiýa” döwlet konserni bilen Ýaponiýanyň “Mitsubishi Сorpation” we Türkiýäniň “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň düzüminde “Gap Inşaat” gurluşyk kompaniýalarynyň arasynda baglaşylan şertnama laýyklykda bu taslama durmuşa geçirilýär.

Kärhananyň ammiak önümçiligine Daniýanyň “Haldor Topse AS” kompaniýasynyň tehnologiýalary ornaşdyrylar, olar karbamid öndürmek üçin möhüm çig mal bolan ammiagyň bir gije-gündizde 2 müň tonnasyny, bir ýylda bolsa 660 müň tonnasyny öndürmäge mümkinçilik berer. Umuman, kärhanada karbamid dökünleriniň bir gije-gündizde 3500 tonnasy, bir ýylda bolsa 1 million 155 müň tonnasy öndüriler. Bu önümlere dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýär.

Türkmenabadyň himiýa zawodynda kükürt kislotasyny öndürýän sehiň gurulmagy bu ugurda halkara hyzmatdaşlygynyň netijeli häsiýete eýe bolýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2013-nji ýylyň sentýabrynda Ýaponiýa bolan resmi saparynyň barşynda gol çekilen resminamalaryň hatarynda bu taslamanyň bardygyny hem bellemeli. Täze sehiň ýyllyk kuwwatynyň 500 müň tonna deň bolar. Şeýle hem şol maksat bilen bu kärhanada daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň gatnaşmagynda täze kärhanalaryň ýene-de birini gurmak meýilleşdirilýär. Ol bir ýylda fosfor dökünleriniň 300 müň tonnasyny öndürmäge gönükdirilendir.

Ýokary hilli mineral dökünleriň önümçilik möçberleriniň yzygiderli artdyrylmagy Türkmenistanda ilkinji, Merkezi Aziýa sebitinde bolsa iri kaliý duzlarynyň ýataklaryny özleşdirmek boýunça dag magdan baýlaşdyryjy toplumyň maýa goýum taslamasynyň durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşdyrylýar.

Kaliý duzlary kaliý dökünleriniň önümçiliginde zerur bolup durýar we ol täze usul arkaly täzeden işlenilende oba hojalygynda has giňden ulanylýan hlorly kaliý öndürilýär. Bu dökün ulanylýan ýerleriň hasyllylygynyň ýokarlanmagyny üpjün edip, olaryň dürli howa şertlerine, kesellere we zyýan berijilere garşy durnuklylygyny artdyrýar.

Geologiýa barlaglaryň maglumatlaryna görä, Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynda ýerleşýän Garlyk ýatagynda bar bolan çig kaliý duzlarynyň gorlary 2 milliard tonnadan gowrakdyr. Bu ýerde ägirt uly senagat merkezi döredilýär. Ol milli ykdysadyýetimiz üçin täze pudagy –dag magdan senagatyny emele getirer. Bu ýatagyň işlenip taýýarlanylmagy we onuň çäginde kaliý duzlaryny çykarmak hem-de baýlaşdyrmak boýunça kärhananyň gurulmagy ýurdumyzyň senagat pudagynyň ösüşinde täze sahypany açar we bu önümleri eksport etmek üçin ägirt uly mümkinçilikleri döreder.

Häzirki döwürde bu möhüm taslamanyň durmuşa geçirilmegi Türkmenistanyň we Belarus Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň işjeň häsiýete eýe bolmagyny şertlendirýär. “Belgorhimporm” açyk paýdarlar jemgyýetiniň iri ugurdaş kärhanasynyň hünärmenleri türkmen gurluşykçylary bilen bilelikde ýyllyk kuwwaty 1 million 400 müň tonna barabar bolan kaliý dökünlerini öndürýän dag-magdan baýlaşdyryjy toplumynyň gurluşygyny alyp barýarlar.

Umumy meýdany 100 gektardan gowrak desganyň gurluşygy batly depginlerde alnyp barylýar. Onuň taslama kuwwatyna çykmagy bilen, bu ýerde her ýylda 7 million tonnadan gowrak magdan çykarylar we gaýtadan işleniler. Iki sany dik şahtalaýyn esasda önümlik gatlaklar açylar. Şeýle desgalaryň gurluşygy birnäçe çylşyrymly amallar toplumyny özünde birleşdirýän çylşyrymly tehnologik iş hasaplanylýar. Geljekde senagat toplumy ekologik taýdan arassa kaliý dökünleri bilen diňe oba hojalygynyň islegini kanagatlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, her ýylda bu gymmatly önümiň 1 million tonnadan gowragyny daşary ýurtlara ugratmaga mümkinçilik berer.

Baý tebigy serişdeleriň bolmagy Türkmenistanyň ýody, bromy we himiýa önümleriniň dürli görnüşlerini öndürýän iri döwletleriň hataryna girmegine mümkinçilik berýär. Gymmatly himiýa serişdeleriniň täsin çeşmesi hasaplanylýan Garabogazköl aýlagynda bar bolan gidromineral serişdelerini bilelikde toplumlaýyn esasda özleşdirmek işleri, natriý sulfatyny we beýleki himiýa önümlerini öndürmek, öňdebaryjy tehnolgiýalaryň taslamalaryny durmuşa geçirmäge we dünýä belli kompaniýalaryň enjamlaryny ornaşdyrmaga çekmek işleri 2015-nji ýylda geçirilen işewür gepleşikleriniň esasyny düzdi. Duşuşyklarda “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanalarynda öndürilýän tehniki ýody işläp taýýarlamak bilen baglanyşykly mümkinçiliklere aýratyn üns berildi.

Balkan welaýaty hem ýoduň iri ýataklaryna baýdyr. “Hazar”, “Balkanabat” we “Bereket” zawodlary her ýylda 540 tonnadan gowrak ýod öndürýärler. Ýoduň önümçiligi boýunça Türkmenistan dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýär. “Türkmenistanyň Prezidentiniň 2012—2016-njy ýyllarda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyna” laýyklykda, şeýle hem sebiti durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça meýilnamalary ýerine ýetirmegiň çäklerinde tehniki ýody we bromy öndürýän täze desgalary gurmak göz öňünde tutulýar. Bu desgalaryň gurulmagy bilen tehniki ýoduň önümçiligi ep-esli ýokarlanar. Tehniki ýoduň öndürilişiniň möçberi her ýylda artýar hem-de 2014-nji ýylda 566 tonnadan gowrak boldy.

Ministrler Kabinetiniň 2015-nji ýylyň iýul aýynda geçirilen giňişleýin mejlisinde ýurdumyzyň senagaty üçin zerur bolan bu pudagyň ösdürilmegine itergi berildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, ýurdumyzda elektron enjamlarynyň dürli görnüşleriniň önümçiligi boýunça kärhanalary döretmek baradaky Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy.

Ýurdumyz üçin bu çözgüdiň wajypdygyny belläp, milli Liderimiz ýurdumyzyň halk hojalygy toplumynyň mundan beýläk-de sazlaşykly ösmegi üçin milli elektron senagatynyň döredilmeginiň möhümdigini nygtady. Häzirki döwürde ykdysadyýetiň hiç bir pudagyny elektron tehnikasyny we ýokary tehnologiýalary ulanmazdan göz öňüne getirmek mümkin däldir. Şeýle enjamlaryň satyn alynmagy üçin bolsa ägirt uly serişdeler sarp edilýär.

Täze maksatnama ýokary tehnologiýalar bilen üpjün edilen, serişde we energiýa tygşytlaýjy, ekologiýa taýdan arassa, bäsdeşlige ukyply elektron we elektrotehniki senagatyň döredilmegine, içerki we daşarky bazar üçin enjamlaryň önümçiligine gönükdirilendir.

Kärhanalaryň işini döwrebap guramak, pudak üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak boýunça toplumlaýyn çäreler göz öňünde tutulýar. Şeýle hem dürli serişdeleri, gün energiýasyny elektroenergiýa geçirmek üçin enjamlary, fotoelektrik, elektron serişdelerini, awtomat enjamlaryny, yşyklandyryş gurallaryny, LED lampalaryny, elektroenergiýanyň sarp edilişini ölçeýän gurallary, şeýle hem ilat üçin beýleki elektrotehniki enjamlary öndürýän kiçi kärhanalary döretmek göz öňünde tutulýar.

Şeýlelikde, elektrik paýlaýjy enjamlary, yşyklandyryjy abzallary öndürýän kiçi kärhanalary döretmek maksadynda Türkmenistanyň Senagat ministrliginiň “Türkmenmaşyngurluşyk” döwlet konserni bilen “Sowatly gurluşyk” hojalyk jemgyýeti tarapyndan ýöriteleşdirilen “Elektron ylhamy” hojalyk jemgyýeti döredildi. Bu desgalaryň gurluşygy üçin ýer bölekleri bölünip berildi. “Elektron ylhamy” hojalyk jemgyýetinde transformator bekediniň toplumynyň we LED lampalarynyň synag-nusgalyk görnüşleri öndürildi.

“Türkmenmaşyngurluşyk” döwlet konserni we “Tehniki serişdeleriň serwisi” hojalyk jemgyýeti bilen “Senagat tehnologiýalary” ýapyk görnüşli bilelikdäki paýdarlar jemgyýeti döredildi. Ol awtomat enjamlaryň önümçiligini ugur edinýär. Şeýle hem “Touсh sсreen” maglumat-elektron tablosynyň, gün energiýasy ulgamynda işleýän salgy görkezijiler önümçiligini ýola goýmak meýilleşdirilýär.

Mundan başga-da, Aşgabadyň elektrotehniki zawodynda elektrik hasaplaýjylary ýygnaýan önümçilik sehini açmak meýilleşdirilýär. Häzir bu ýerde täze önümleriň ilkinji nusgalary ýygnaldy. Geljekde üznüksiz önümçilik ýola goýlar.

Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilikleriň döredilmegi, şol sanda kiçi we orta telekeçiligiň binýadynda döredilmegi ýurdumyzy ykdysady taýdan üstünlikli ösdürmegiň, senagat taýdan ösdürmegiň bolsa täze ugurlaryny özleşdirmegiň möhüm wezipelerine laýyk gelýär diýip hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belleýär.

Dokma senagatynyň öňünde goýlan möhüm maksat — bu diňe içerki bazary ýokary hilli, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümler bilen üpjün etmek däl-de, eýsem, halkara ölçeglerine laýyk gelýän önümleriň eksport möçberlerini artdyrmak bolup durýar. Diňe kärhanalaryň tehniki taýdan enjamlaşdyrylmagy däl-de, eýsem dokma pudagynyň iri senagat düzümleriniň çäklerinde “çig mal—taýýar önüm” tehnologik tapgyryň netijeliligi hem türkmen dokmasynyň bäsdeşlige ukyply artykmaçlygyny görkezdi.

Onuň döwrebaplaşdyrylmagyna ägirt uly maýa goýumlaryň gönükdirilmegi netijesinde pudak önümçilik kuwwatlygyny artdyrýar. Häzirki döwürde pudakda 70-den gowrak kärhana, şol sanda dünýäniň 30-dan gowrak ýurtlaryna ugradylýan ýokary hilli önümler öndürilýän ýokary tehnolgiýaly kärhana hereket edýär.

Diňe soňky dört ýylyň içinde ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň toplumlaýyn maksatnamalaryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde, şol sanda Türkmenistanyň dokma pudagyny we söwda ulgamyny ösdürmegiň 2012—2016-njy ýyllar üçin maksatnamasyny ýerine ýetirmegiň barşynda Merkezi Aziýanyň çäklerinde örän iri kärhananyň— Abadanyň pagta egirme fabriginiň ikinji nobatdakysy, aýratyn dokma we gatyşyk ýüplükden matalaryň boýag önümçiligi bolan Ruhabat dokma toplumy, gaýtadan işleýän senagatyň öňdebaryjysy—Aşgabadyň dokma toplumynyň ikinji nobatdakysy doly önümçilik kuwwatyna çykaryldy.

Abadanyň fabriginiň täze önümçiligi, esasan, pagtanyň inçe süýümli görnüşlerinden taýýarlanylan ýüplükleri öndürmäge niýetlenendir. Kärhananyň ýyllyk kuwwaty 4 872 tonna daralan ýüplügi öndürmäge deňdir. Ruhabatdaky dokma toplumy aşgarlanmadyk matanyň 20,3 million inedördül metrini we boýalan ýokary hilli matalaryň (gabardin, ştapel) 40 million inedördül metrini öndürmäge niýetlenendir. Aşgabat dokma toplumynyň täze kuwwatlyklary ýylda 55,8 million inedördül metr aşgarlanmadyk we 71 million inedördül metr boýalan, aýratyn berk we tekiz nah matalary (setin, ranfors, kreton) öndürmäge ukyplydyr, soňra olardan ýylda 19,8 million sany taýýar tikin önümleri we ýorgan-düşek toplumlary taýýarlanylar.

Bu dokma toplumlary aýratynlyklary bilen tapawutlanýar. Ýokary hilli we gymmat bahaly mata önümleriniň öndürilmegi ýurdumyzyň tikin we trikotaž pudaklarynyň ösüşine kuwwatly itergi berdi hem-de ýurdumyzyň içerki bazaryny owadan we ýokary hilli önümler bilen üpjün etmäge mümkinçilik berdi. Olar daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýar, bu bolsa öz nobatynda ony eksport etmegiň möçberlerini we görnüşlerini artdyrmaga mümkinçilik berdi.

Ýurdumyzyň dokma senagatynyň önümçilik kuwwatlyklarynyň ösdürilmegi pudaga innowasiýa häsiýetli tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy bilen utgaşykly alnyp barylýar, bu bolsa ekologiýanyň ählitalaplarynyň berjaý edilmegini hem-de daşky gurşawa zyýanly galyndylaryň zyňylmagynyň önüni almagy kepillendirýär. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow bu meselä aýratyn üns berýär. Muňa standartlaşdyrmagyň abaýly halkara edaralary tarapyndan ýurdumyzyň dokma toplumlaryna we fabriklerine berlen şahadatnamalar hem şaýatlyk edýär.

Tebigy çig mal, ýokary hil — şu artykmaçlyklar türkmen dokma önümlerine halkara bazarlarynda ýokary isleg bildirilmegini şertlendirýär. Nah ýüplügiň öndürilişiniň 2014-nji ýylda ep-esli ösenligi bellenildi.

Häzirki wagtda Türkmenistan dünýäniň dürli ýurtlaryna özümizde öndürilen dokma önümleriniň 70 göterime golaýyny ugradýar, şol sanda daşary ýurtlara öý hojalygynda ulanylýan, bütindünýä belli Cosco, IKEA, Puma, Wal-Mart, Lidl, Bershka, Pool & Bear, River, Island we beýleki kompaniýalaryň söwda nyşanlary ulanylyp öndürilýän önümler iberilýär. Bu ýokary sepgitler biziň dokmaçylarymyzyň dürli derejeli halkara forumlaryna we sergilerine üstünlikli gatnaşmaklary bilen hem tassyklanylýar, şonda olar dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalaryny we firmalaryny — dokma enjamlaryny we iň täze tehnologiýalary öndürijileri hem-de iberijileri hyzmatdaşlyga çekýärler.

Täjigistanyň paýtagty Duşenbe şäherinde geçirilen Türkmenistanyň dokma senagaty önümleriniň ilkinji ýöriteleşdirilen sergi-ýarmarkasy hem munuň şeýledigine şaýatlyk edýär, bu çäre türkmen dokmaçylaryna daşarky bazaryň mümkinçiliklerini öwrenmäge hem-de bildirilýän talaplary seljermäge, çeýe eksport we nyrh syýasatyny kemala getirmäge, bäsdeşlige ukyply önümleriň täze görnüşlerini özleşdirmäge mümkinçilik berdi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen hünärmenleriniň we dizaýnerleriniň 2013-nji ýylda däp boýunça Rigada (Latwiýa Respublikasy) geçirilen “Moda we dokma” Halkara sergisine gatnaşandyklaryny bellemek gerek. Dokma enjamlarynyň “ITMA” ady bilen geçirilýän (Ispaniýa, Barselona şäheri) abraýly halkara sergisiniň çäklerinde daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli hyzmatdaşlyk geçirilmegi bilen ýurdumyzyň dokma senagaty üçin bu sergide görkezilen öňdebaryjy –“Trutschler”, “Schlafhorst”, “Zinser” (Germaniýa), “Marzoli”, “Vamateh” (Italiýa), “Picanol” (Belgiýa), “Uster”, “Sulzer”, “Benninger” (Şweýsariýa), “Tsudakoma”, “Juki” (Ýaponiýa) we beýleki kompaniýalaryň iň täze ýokary tehnologiýaly enjamlaryny göni ibermek barada işewürlik ylalaşyklary gazanyldy. Ýurdumyzyň dokmaçylary üçin olaryň Italiýanyň, Milan şäherinde geçirilen “EKSPO—2015” Bütindünýä sergisine öz önümleriniň bölümi bilen gatnaşmaklary uly ähmiýete eýe boldy.

Lebap welaýatynyň Seýdi şäherinde we Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç şäherinde guran her biriniň ýyllyk kuwwaty 6000 tonna nah ýüplük öndürmäge deň bolan pagta egriji fabrikleri pudagyň sebitlerdäki önümçilik düzüminiň üstüne ýetirdi, bu babatda Türkmenabat şäherindäki ýylda 4000 tonna ýüplük öndürmäge niýetlenen pagta egriji fabriginiň durky düýpli täzelenenden soň işe girizilendigini hem bellemek bolar. Şeýle hem Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynda taslama kuwwaty ýylda 6 müň tonna nah ýüplük öndürmäge deň bolan häzirkizaman pagta egriji fabriginiň gurluşygyna girişildi. Bu taslamanyň durmuşa geçirilmeginiň ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz bölegi—ýurdumyzyň hususy gurluşyk kompaniýalarynyň maýa serişdeleriniň hasabyna amala aşyrylýandygyny bellemek gerek.

2015—2016-njy ýyllar üçin daşardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça we Türkmenistanda öndürilýän harytlary eksport etmek boýunça 2016—2017-nji ýyllar üçin döwlet maksatnamalarynyň kabul edilmegine, şeýle hem paýtagtymyzyň nah mata kombinatynda pudagy mundan beýläk-de ösdürmegiň wezipelerine laýyklykda ýylda 2 million 500 müň jübüt jorap önümçiligi boýunça bölüm, Aşgabadyň Modalar öýüniň binýadynda ýylda 25 müň switer öndürmek boýunça trikotaž bölümi işe girizildi. Şeýle hem Kakanyň pagta egriji fabriginiň binýadynda ýylda 1 müň 300 tonna işilen ýüplük önümçiligi boýunça kärhananyň gurluşygy, Türkmenistan üçin täze önüm bolan Aşgabadyň dokma toplumynyň binýadynda ýyllyk kuwwaty 5 müň tonna dikeldilen süýüm öndürmäge niýetlenen dokma galyndylaryny gaýtadan işleýän kärhananyň gurluşygy alnyp barylýar.

Şweýsariýanyň “Rieter”, Germaniýanyň “Trutzsсhler” belli kompaniýalarynyň iň täze ýokary öndürijilikli egriji enjamlarynyň, şeýle hem Ýaponiýanyň “JUKI” we “PEGASUS” tikin enjamlaryny öndürýän kompaniýalarynyň häzirki zaman abzallarynyň esasynda tehnologiýa taýdan gaýtadan toplumlaýyn enjamlaşdyrylmagy Gökdepäniň dokma toplumlarynda, şeýle hem Türkmenbaşy dokma toplumynda çykarylýan önümleriň mukdaryny artdyrmaga we hilini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berdi. Jinsi toplumynyň önümçilik bölümleriniň tehnologiýa taýdan döwrebaplaşdyrylmagy, bu ýerde her aýda Ring görnüşli nah ýüplügiň we jinsi matalarynyň dürli görnüşleriniň goşmaça 130 tonnasyny öndürmek üçin şert döretdi, lazer enjamynyň ornaşdyrylmagy bolsa daşary ýurtlarda uly islegden peýdalanýan ýörite bezegli jinsi önümlerini çykarmaga mümkinçilik berdi.

Aşgabadyň “Ahal”, Daşoguzyň “Çeper”, Marynyň “Ýeňiş”, şeýle hem Türkmenabadyň tikin fabrigi ýaly ýurdumyzyň iri tikin kärhanalarynyň durky düýpli täzelendi we döwrebaplaşdyryldy, olarda tikin we trikotaž önümleriniň öndürilişiniň möçberlerini ýokarlandyrmaga, olaryň görnüşlerini artdyrmaga, şol sanda dürli edaralar üçin ýörite eşikleri, sport lybaslaryny öndürmegiň hasabyna artdyrmaga mümkinçilik döredi.

2015-nji ýylda paýtagtymyzyň dokma toplumynyň we Aşgabat şäheriniň Abadan etrabynda ýerleşýän pagta egriji fabriginiň birleşdirilip, Aşgabat dokma toplumy önümçilik düzüminiň döredilmegi önümçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmaga, çykarylýan önümleriň taýýarlanylyşynyň ähli tapgyrlaryna gözegçilik etmäge mümkinçilik berdi.

Häzirki wagta çenli önümçilik-düzümleýin özgertmeleriň geçirilmegi netijesinde, şeýle hem paýtagtymyzda we sebitlerde ýokary tehnologiýaly önümçilikleriň ulanylmaga berilmegi bilen bu pudak nah ýüplükleriň 192 müň tonna çenlisini öndürmek we olardan 218 million inedördül metr mata dokamak, 11 müň tonna trikotaž önümlerini, 7,2 müň tonna tüýjümek matany, taýýar tikin önümleriniň 100 million sanyny çykarmak kuwwatyna eýe boldy.

2015-nji ýylyň jemleri boýunça Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalary tarapyndan önüm öndürmegiň meýilnamasy 110 göterim ýerine ýetirildi. Şunda ösüş depgini 104 göterime deň boldy. Hususan-da, nah ýüplükleriň, matalaryň önümçilik meýilnamasy 102 göterime, onuň ösüş depgini bolsa 107,4 göterime deň boldy. Taýýar örme we tikin önümleriniň öndürilişi 109,5 göterim, ýüpek matalaryň öndürilişi 100 göterim, aýakgap we gön önümleriniň önümçiligi boýunça 100,1 göterim ösüş depgini gazanyldy. Dokma önümlerini ýerlemekden alnan girdeji 1 milliard 305,1 million manada deň boldy.

2014-nji ýylda ýurdumyzyň dokma senagaty kärhanalary tarapyndan nah matalaryň öndürilişi 2011-nji ýyl bilen deňeşdirilende 48 million inedördül metrden gowrak artdy.

Türkmen halkynyň durmuşynda gadymdan bäri möhüm orun eýeläp gelýän ýüpekçiligiň ösdürilmegine aýratyn üns berilýär. Bu pudagy tizleşdirilen depginlerde ösdürmek maksady bilen durmuşa geçirilýän çäreler ýokary hilli pileleriň önümçiligini artdyrmaga, uly möçberli we ýokary hilli ýüpek matalary öndürmäge gönükdirilendir, olar daşary ýurtly sarp edijilerde uly islegden peýdalanýar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän milli mirasy gorap saklamak we ösdürmek boýunça syýasatyň netijesinde ýurdumyzyň halyçylyk pudagyny ösdürmäge döwlet tarapyndan ägirt uly goldaw berilýär. Munuň özi, ilkinji nobatda, türkmen halkynyň ruhy we maddy medeniýetiniň asyrlaryň jümmüşinden gelýän gadymy ýörelgesi bolan el halylyaryny dokamak sungatydyr.

Bu ajaýyp sungaty dünýä ýaýmak, gadymy halylaryň iň nepis görnüşlerini gorap saklamak maksady bilen, ýurdumyzda halyçylyk pudagynyň önümçilik düzümi döwrebaplaşdyrylýar. Täze çeper halyçylyk kärhanalary işe girizilýär. Olarda halyçy gelin-gyzlaryň netijeli zähmet çekmegi we döredijilik pikirleriniň amala aşyrylmagy üçin ähli zerur şertler döredilýär.

Türkmen halysynyň milli däplerine bu sungatyň daşary ýurtly muşdaklarynyň gyzyklanmalarynyň gitdigiçe ýokarlanýandygyny belläp geçmek möhümdir. Türkmen halysyna bagyşlanyp her ýylda geçirilýän Halkara sergisine we maslahatyna dünýäniň köp ýurtlarynyň belli söwda kompaniýalarynyň ýolbaşçylarynyň, daşary ýurtly belli haly öndürijileriň, alymlaryň we hünärmenleriň gatnaşmaklary hem muňa aýdyň mysaldyr. Iri haly forumy däp bolşy ýaly, Türkmen halysynyň gününiň ählihalk tarapyndan baýram edilýän günleri paýtagtymyzda geçirilýär.

Häzirki wagtda “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň düzüminde çeper halyçylyk kärhanalarynyň onlarçasy, şeýle hem ýüňi ilkinji gezek gaýtadan işleýän, egriji we boýag önümçiligine ýöriteleşdirilen düzümleriň onlarçasy hereket edýär.

2014-nji ýylda Marynyň ýüňi ilkinji gezek gaýtadan işleýän kärhanasynda ýyllyk kuwwaty 4 müň tonna ýüňi ýuwmaga deň bolan önümçilik bölüminiň açylmagy bilen eýýäm 2015-nji ýylda ýüň egriji fabrikler üçin çykarylýan çig malyň umumy möçberiniň ondan bir bölegi pudagyň zerurlyklaryny doly üpjün etdi. Önümiň ep-esli bölegi içerki bazara, bir bölegi bolsa daşary ýurtlara iberildi. Şeýlelikde, ýurdumyzyň telekeçileri işe tutanýerli çemeleşmek bilen, milli halyçylygy giňden ösdürmäge, bazarlary owadan we ýokary hilli haly önümleri bilen üpjün etmäge mümkinçilik aldylar. Haly önümleri öýleriň hem, edara binalarynyň, durmuş-ykdysady maksatly binalaryň hem bezeginiň aýrylmaz bölegine öwrüldi.

Däp bolan gölli we häzirki zaman nagyşly dürli ölçegdäki el halylarynyň dokalyş möçberlerini mundan beýläk-de artdyrmak, pudagyň kärhanalarynyň öndürijiligini ýokarlandyrmakda çig malyň – sarja goýnunyň ýazky gyrkymyndan alnan ýüňden taýýarlanylýan aýratyn berk ýüplügiň häzirki zaman tehnologiýalarynda senagat taýdan ýokary hilli gaýtadan işlenilmeginiň we öndürilmeginiň ähmiýeti örän uludyr. Bu ugurda “Argaç” ýüpek egriji fabrigi ýöriteleşdirilen kärhanadyr, ol senagat kärhanalaryny toplumlaýyn özgertmegiň we döwrebaplaşdyrmagyň çäklerinde 2015-nji ýylda paýtagtymyzdan Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabyna göçürildi. Kärhananyň tehnologiýa taýdan döwrebaplaşdyrylmagy netijesinde, bu ýerde bir günde 500 kilograma çenli arassa ýüň ýüplügi, şol sanda 250 kilogram boýalan ýüplük öndürilýär.

Ýurdumyzda iň iri Halajyň çeper halyçylyk kärhanasynyň önümçilik binýady giňeldilýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda geçirilýän düýpli durkuny täzelemek işleriniň barşynda Lebap welaýatynda ýerleşýän fabrigiň çäginde goşmaça 1000 inedördül metrden gowrak meýdanda täze önümçilik bölümi gurulýar. Bu desganyň işe girizilmegi bilen, häzirki wagtda bu kärhanada her ýyl dokalýan 6 müň inedördül metr arassa ýüň halydan başga-da, goşmaça 1500 inedördül metr haly önümi taýýarlanylar. Şeýle hem fabrikde ägirt halylary dokamagyň mümkinçiliklerine seredilýär, munuň üçin fabrigiň ussahanalarynda halyçy zenanlaryň zähmetini ýeňilleşdirmek üçin kämilleşdirilen nusgaly enjamlar we degişli gurnamalar taýýarlanylýar.

“Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň kärhanalarynyň önümçilik kuwwaty el halylarynyň we haly önümleriniň dokalyşyny yzygiderli artdyrmaga gönükdirilendir. Olaryň hatarynda owadanlygy we çeperçilik taýdan ýerine ýetirilişi boýunça, täze gurulýan edara binalary üçin iri döwlet buýurmalarynyň ýerine ýetirmegiň, şeýle hem bu önüme içeri we daşary bazarlarda bildirilýän islegleri kanagatlandyrmak maksady bilen döredilýän täsin halylar bar.

2015-nji ýylda “Türkmenhaly” döwlet birleşigi boýunça 42 müň 860 inedördül metr haly önümleri dokaldy. Şunda onuň ösüş depgini 100,5 göterime deň boldy. Umumy öndürilen önümleriň möçberleri boýunça meýilnama 107,6 göterim üpjün edilip, ösüş depgini 106,1 göterime deň boldy.

Ýurdumyzyň halyçylyk pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek, önümleriň täze görnüşlerini çykarmagy ýola goýmak we import önümleriniň ýerini tutýan önümçiligi döretmek boýunça döwlet maksatnamasynda öňde goýlan wezipelere laýyklykda, haly dokamagyň häzirki zaman senagat tehnologiýalaryny ornaşdyrmak boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar.

2016-njy ýylyň fewral aýynda paýtagtymyzyň Abadan etrabynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda haly we haly önümlerini senagat taýdan öndürmek boýunça iri “Abadan haly” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň açylyş dabarasy geçirildi. Bu şanly waka milli ykdysadyýetimiziň nobatdaky ýokary sepgitlere çykýandygyny, döwrüň talap edýän gaýtadan işleýän senagatynyň täze pudagynyň kemala gelýändigini alamatlandyrdy, bu ýerde soňky ýyllarda durmuş-ykdysady ösüş döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmek boýunça ýurdumyzyň telekeçileriniň işjeň gatnaşmagy netijesinde hil taýdan täze derejä çykmak üçin uly mümkinçilikler döredildi.

Toplum esasy bölüm bolan haly dokamak bölümini, önümi taýýar haryt önümi derejesine çenli işleýän bölümi, iki sany çig mal—polipropilen hem-de akril ýüplükleriň önümçiligi bölümini, şeýle hem adaty türkmen el halylarynyň önümçiligi bölümini öz içine alýar. Maşyn bölümleri öňdebaryjy daşary ýurt öndürijileriniň iň täze tehnologiýaly enjamlary bilen enjamlaşdyrylypdyr. Bu enjamlar kärhana bir ýylda 800 müň inedördül metre barabar bolan haly we haly önümlerini awtomatlaşdyrylan usulda öndürmäge mümkinçilik berýär. Kärhananyň doly taslama kuwwatyna eýe bolmagy bilen bu ýerde täze 500 sany iş orunlary dörediler.

Täze haly kärhanasynyň bellärlikli hem kanunalaýyk aýratynlyklarynyň biri-de türkmen el halylaryny, şeýle hem halkyň gadymdan gelýän keçe hem-de tara dokma önümçiligi boýunça önüm öndürýän bölüm bolup durýar. Bu milli gymmatlygymyzyň çyn muşdagy Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu ajaýyp senede bagyşlanan «Janly rowaýat» hem-de «Arşyň nepisligi» kitaplarynda türkmen halkynyň gadymy senetleriniň inçe syrlaryny aýawly saklamak, el işiniň ajaýyp önümlerini döretmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň derejesine çykarylýar. Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda halkymyzyň däp-dessurlarynyň nesilden nesle geçip, hasam baýlaşmagy aýratyn ähmiýete eýe bolýar.

Uly maýa goýumlary goýulýan balyk senagatynyň ösüşi eksport mümkinçilikleriň giňemegine hem-de milli ykdysadyýetimiziň azyk senagaty pudagynyň pugtalanmagyna ýardam edýär. Soňky ýyllarda pudagyň hojalyk ulgamlarynyň hil taýdan täzelenmegi we enjamlaşdyrylmagy, innowasiýa tehnologiýasynyň esasynda täze iri kärhanalaryň döredilmegi netijesinde balyk tutulyşynyň mukdary yzygiderli ýokarlanýar, şeýle hem balyklary howdanlarda emeli taýdan köpeltmäge we ösdürip ýetişdirmäge, balyk önümleriniň görnüşlerini artdyrmaga we ýokary hilli gaýtadan işlemäge gönükdirilen çäreleriň netijeliligi hem ýokarlanýar.

Ýurdumyzyň balykçylyk gämileriniň hatarynyň üç sany balyk doňduryjy gämiler bilen üstüniň ýetirilenleiginiň netijesinde Hazar deňzinde balyk tutulyşy üzül-kesil artdy. Bu bolsa «Balkanbalyk» döwlet kärhanasy tarapyndan öndürilýän önümleriň görnüşleriniň köpeldilmegine mümkinçilik berdi. Bu kärhananyň garamagyna her biriniň sowuklandyryş kuwwaty 100 tonna barabar bolan «Bereket», «Balykçy», «Garlawaç» gämileriniň berilmegi bilen 2015-nji ýylda jemi tutulan balygyň mukdary 600 tonna töweregi deňiz balyklaryna barabar boldy. Ol balyklary bu ugurda kabul edilen talaplara laýyklykda ýokary hilli tehnologiýa boýunça doňdurmak göz öňünde tutulypdyr. Täze gämileriň biriniň Hazar deňziniň biologiki baýlyklaryny öwrenmek üçin özbaşdak ylmy-barlag geçirmäge mümkinçiliginiň bardygy hem örän möhümdir.

Geçen ýyl «Ahalbalyk» döwlet kärhanasy tarapyndan umumy meýdany 1 müň 100 gektara barabar bolan howdan hojalygynda 410 tonna balyk ýetişdirildi. Olar diri görnüşde içerki bazar arkaly türkmen alyjylaryna ýetirilýär. Munuň özi kiçijik balyjaklardan ýasymaňlaý, zagara we ösümlik iýýän balyklary ösdürip ýetişdirip, soňra olary Türkmenistanyň içerki suw akabalaryna goýbermek bilen baglanyşykly hysyrdyly işiň, şeýle hem balyk hojalygynyň kiçi ölçegli gämiçiligini ýokary tizlikli balykçylyk gämileri hem-de ýetmişe golaý häzirki döwür balykçylyk enjamlary bilen enjamlaşdyrylan kiçi suw sygymly gaýyklar bilen üpjün edilmeginiň netijesinde bolup geçýär.

Balyk hojalygy döwlet komitetiniň kärhanalary tarapyndan 2015-nji ýylda jemi 1901,7 tonna balyk tutuldy. Pudak boýunça önümçilik meýilnamasy 100,1 göterim ýerine ýetirildi, geçen ýyl bilen deňeşdirilende ösüş depgini 168,5 göterime barabar boldy. Şuňa laýyklykda, balyk önümlerini gaýtadan işlemek we gaplamak boýunça görkeziji 135,7 göterime deň boldy. 2015-nji ýylyň sentýabrynda Türkmenbaşy şäheriniň merkezinde täze kärhananyň— ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň «Hazar balyk» açyk paýdarlar jemgyýetiniň bekre balyklaryny köpeltmek, gara işbil we balyk önümçiligi boýunça toplumynyň açylmagy bu pudakda şanly waka boldy.

Bu kärhana sebitde iň iri kärhanalaryň biridir. Onuň ýyllyk kuwwaty bekre görnüşli balyk önümleriniň 100 tonnasyna we bekre işbiliniň 2 tonnasyna, tüssä kakadylan we adaty usulda kakadylan hem-de beýleki balyk önümleriniň 170 tonnasyna, şeýle hem gaplama önümleriniň on millionyna barabardyr. Kärhanada 150-den gowrak täze iş orunlary döredildi. Bu bolsa sebitiň durmuş taýdan ösmeginiň wajyp şertleriniň biridir.

Toplumyň esasy aýratynlygy bu ýerde balygyň senagat üçin gaýtadan işlenilmegi bilen bekre balyklarynyň ösdürilip ýetişdirilmeginiň utgaşdyrylmagydyr. Ýagny bu kärhana şol bir wagtda balyk ösdürip ýetişdiriji hojalyk hem bolup durýar. Kärhananyň gaýtadan işleýiş kuwwaty göz öňünde tutulan balyk önüminiň mukdaryndan ep-esli ýokarydyr. Bu toplumyň öz ösüşini hasaba almak bilen, şeýle hem ýurdumyzyň içerki suw akabalarynda tutulan balyklaryň hem gaýtadan işlemek üçin bu ýere iberiljekdigini göz öňünde tutmak bilen şeýle edildi. Balyk önümlerini gaýtadan işleýän bölümde döwrebap enjamlaryň kömegi bilen sowuk hem gyzgyn kakadylan balyk tagamlarynyň, şeýle hem adaty kakadylan, duzlanan, ýakymly ys berlen we marinada ýatyrylan balyk önümleriniň we bekre işbiliniň her ýylda onlarça tonnasy taýýarlanar. Ýörite bölüm ýokary hilli balyk gaplamalarynyň dürli görnüşleriniň önümçiligini üpjün eder.

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň Guwlymaýak şäherçesinde bekre balyklaryny emeli ýol bilen köpeltmek boýunça ýene bir önümçilik toplumyny gurmak barada karar, içerki bazary doly üpjün etmek maksadynda ýokary hilli balyk önümleriniň mukdaryny hem-de görnüşlerini mundan beýläk hem artdyrmak wezipesi bilen şertlendirilendir.

Gaýtadan işleýiş we azyk önümleriniň öndürilişininiň toplumlaýyn ösdürilmeginiň çäklerinde balyk senagatynyň batly depginler bilen ösmegine balyk önümlerini saklamak boýunça täze desgalar hem hyzmat etmelidir. 2015-nji ýylyň dekabrynda Lebap welaýatynda iki sany täze sowadyjy ammar gurlup, ulanylmaga berildi. Olaryň hersi «Lebapbalyk» döwlet kärhanasy tarapyndan tutulýan balyklaryň bir wagtda 30 tonnasyny saklamaga mümkinçilik berer. Şeýle hem Mary şäherinde bir wagtda 500 tonna doňdurylan balyk önümini saklamaga niýetlenen sowadyjy ammaryň abatlaýyş işleri tamamlandy.

Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli amala aşyrylýan ýurdumyzyň halk hojalygyny toplumlaýyn senagatlaşdyrmak strategiýasynyň netijesinde gaýtadan işlemek senagatynyň ýeten sepgitleri Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň okgunly ösüşiniň aýdyň mysaly bolup durýar.