Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň her bir güni taryhy ähmiýetli wakalara baý bolýar. Olar ýurdumyzyň syýasy, halkara, jemgyýetçilik, ykdysady we ruhy durmuşynyň oňyn özgertmeleriniň esasyny düzýär.
Geçen hepde ýurdumyzyň ýokary halkara abraýyna nobatdaky gezek şaýatlyk edýän möhüm wakalara beslendi. Birleşen Milletler Guramasynyň ştab-kwartirasy ýerleşýän ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinden Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň nobatdaky mejlisine ýene-de wise-başlyklyga saýlanýandygy baradaky habar gelip gowuşdy. Munuň özi Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygynyň bellenilýän döwründe has-da ähmiýetlidir. Bu habar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän, oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we umumy gyzyklanmalara laýyk gelýän giň halkara hyzmatdaşlyk esaslaryna daýanýan daşary syýasat ugrunyň netijeli häsiýete eýe bolýandygynyň, ýurdumyzyň dünýä derejesinde ýokary abraýynyň aýdyň tassyklamasy bolup durýar.
BMG we onuň iri ýöriteleşdirilen edaralary hem-de düzümleri bilen ýola goýulýan gatnaşyklara sazlaşykly ösüş mahsus bolup durýar. Munuň özi Türkmenistanyň dünýä bileleşiginiň işinde işjeň orun eýeleýändigi, öňi bilen bolsa tutuş adamzady tolgundyrýan möhüm meseleleriň çözgüdine anyk goşant goşmaga bolan gyzyklanmalary bilen şertlenendir.
Bu ýörelgeler, tutuşlygyna alnanda bolsa ýurdumyzyň döredijilikli syýasaty Birleşen Milletler Guramasynyň ählumumy goldawyna eýe boldy. Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 58-nji, 62-nji, 64-nji we 68-nji mejlislerine wise-başlyklyga saýlanmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Mundan başga-da soňky ýyllarda döwletimiz bu iri halkara guramasynyň abraýly düzümleriniň we ykdysady institutlarynyň agzalygyna köp gezek saýlanyldy.
Soňky on ýylyň dowamynda Türkmenistan BMG-niň ýörite düzümleri bilen bilelikde, ozalky iki sany bäşýyllyk Çarçuwaly maksatnama laýyklykda, dürli ugurlar boýunça 264 taslamany ýerine ýetirdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döredijilikli we möhüm ugurlarda, şol sanda ählumumy energiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge, köp şahaly ulag-üstaşyr düzümini döretmäge gönükdirilen oňyn başlangyçlary döwletimiziň Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlyk meselelerinde işjeň orun eýeleýändigini alamatlandyrýar. Ol başlangyçlar BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýörite kararnamalarynda berkidildi.
Ýurdumyz birnäçe gezek häzirki döwrüň möhüm meselelerini özünde jemleýän iri halkara maslahatlarynyň geçirilýän merkezine öwrüldi. Şu ýyl bolsa Aşgabatda Durnukly ulag ulgamy boýunça ilkinji ählumumy maslahat geçiriler. Munuň özi Watanymyzyň dünýä giňişligindäki abraýynyň artýandygynyň nobatdaky subutnamasydyr.
Şeýlelikde, Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlisine wise-başlyklyga saýlanylmagy ýurdumyz bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda ählumumy parahatçylykly, howpsuz, abadan we durnukly ösüş bähbidine laýyk gelýän gatnaşyklaryň taryhyna möhüm sahypany ýazar.
Hytaý Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň daşary aragatnaşyklar ministri Sun Tao, Birleşen Milletler Guramasynuň Baş sekretarynyň ykdysadyýet we durmuş meseleleri boýunça orunbasary U. Hunbo, Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýurdumyzda wezipesi tamamlanýan başlygy hanym Oýunsaýhan Dendewnorow geçen hepdäniň dowamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy bu şanly waka bilen gutladylar.
U. Hunbo bilen bolan duşuşykda gyzyklanma bilen pikir alyşmalaryň esasy ugry ulag, aragatnaşyk ulgamynda hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary, şu ýyl Aşgabatda geçiriljek Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahata taýýarlygyň meseleleri boldy.
Türkmen-hytaý gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň geljekki meseleleri boýunça pikir alşyp, döwlet Baştutanymyz we Hytaý Kompartiýasynyň Merkezi komitetiniň daşary aragatnaşyklar ministri ulag we aragatnaşyk ulgamynda, kompýuter tehnologiýalarynda, şeýle hem bilim pudagynda hyzmatdaşlygyň batly depginde ösdürilýändigini kanagatlanma bilen bellediler. Iki ýurduň partiýalarynyň we parlamentleriniň arasynda netijeli ýygjam gatnaşyklary ýola goýmak barada aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň ykdysady we durmuş meseleleri boýunça orunbasary U.Hunbo bilen bolan duşuşygyň barşynda durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek babatda özara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Ulag we aragatnaşyk pudagyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary pikir alyşmalaryň esasyny düzdi. Şeýle hem şu ýyl Aşgabatda geçiriljek Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahata taýýarlyk bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Geçen hepdäniň dowamynda hormatly Prezidentimiz Daşoguz welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Döwlet Baştutanymyz howa menzilinden şäheriň merkezinde ýerleşýän metjide tarap ugrady. Ol ýerde milli Liderimiz mukaddes Oraza aýy mynasybetli agzaçar sadakasyny berdi. Häzir Daşoguz welaýatynyň baş metjidinde döwlet Baştutanymyzyň Saud Arabystany Patyşalygyna resmi saparynyň çäklerinde mukaddes Käbä zyýarat eden mahalynda milli Liderimize berlen mübärek teperrik saklanylýar.
Ýaşulular bilen bolan söhbetdeşlikde milli Liderimiz mukaddes Oraza aýynda Daşoguz welaýatyna guralan iş saparynyň aýratyn ähmiýetiniň bardygyny belledi. Mukaddes Oraza aýy öz köküni asyrlaryň jümmüşinden alyp, ol halkymyzyň oňyn dessurlaryny, medeni we ruhy dessuryny özünde jemleýär.
Daşoguz welaýatynda Garaşsyz Watanymyzyň dünýäniň ösen döwletleriniň birine öwrülmegine gönükdirilen milli we döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmegiň barşynda ilatyň, şol sanda oba adamlarynyň ýaşaýyş derejesiniň ýokarlanmagyny şertlendirýän meseleler Ministrler Kabinetiniň Daşoguz şäheriniň merkezinde geçirilen göçme mejlisiniň barşynda seljerildi.
Bellenilişi ýaly, Garaşsyzlyk ýyllary içinde Daşoguz welaýatynda uly üstünlikler gazanyldy. Welaýatda ykdysadyýet, medeniýet, saglygy goraýyş, ylym we bilim ulgamy ösüş ýoluna düşdi. Ilatyň durmuş derejesi ýokarlandy.
Soňky ýyllarda welaýatda hassahanalaryň, saglyk öýleriniň we merkezleriň 32-si, bilim edalarynyň 82-si, şol sanda orta mekdepler we çagalar baglary guruldy. Şu döwürde täze medeniýet öýleriniň 13-si, sport desgalarynyň, mekdepleriň 42-si bina edildi. Umumy meýdany 2 million inedördül metrden gowrak bolan ýaşaýyş jaýlary, uzynlygy 1569 kilometr bolan suw geçiriji ulgam, 998 kilometr ulag ýollary we 2249 kilometr elektrik geçiriji ulgam ulanmaga berildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki döwürde Daşoguz welaýatynda kabul edilen maksatnamalary durmuşa geçirmek üçin örän köp işleriň edilendigini we edilýändigini belledi. Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, diňe 2008—2016-njy ýyllarda bu ýerde 5,5 milliard manatlyga golaý maýa goýum serişdeleri özleşdirildi. Ilatyň abadançylygyny, onuň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak, ýaş maşgalalara goldaw bermek maksady bilen, ýörite Karar kabul edildi. Oňa laýyklykda, ýurdumyzyň sebitlerinde ýer bölekleriniň gaznasy döredildi. Şu günki güne çenli bu gaznadan Daşoguz welaýaty boýunça 84,5 müňe golaý maşgala mellek ýerleri berildi diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Şeýle-de bolsa, sebitiň administrasiýasynyň guramaçylyk işleriniň netijeleriniň öwerlik däldigi bellenildi. Welaýatda obalary özgertmek boýunça milli maksatnama we beýleki kabul edilen meýilnamalar degişli derejede ýerine ýetirilmeýär. Ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak bilen baglanyşykly meselelerde kemçilikler bar. Şunuň bilen baglylykda, etrap häkimleriniň dördüsi, şeýle hem iki etrabyň we bir şäheriň häkimleriniň orunbasarlary eýeleýän wezipelerinden boşadyldy. Häkimleriň we olaryň orunbasarlarynyň 9-syna käýinç berildi. Welaýatda alnyp barylýan işleriň guramaçylyk meselelerine, maksatnamalaryň we meýilnamalaryň ýerine ýetirilişine gözegçiligi gowşadandygy üçin, döwlet Baştutanymyz Daşoguz welaýatynyň häkimi G. Gurbannazarowa käýinç yglan etdi.
Mejlisiň barşynda Türkmenistanyň Mejlisiniň “Daşoguz welaýatynyň administratiw-çäk meseleleri hakyndaky” karary bilen baglanyşykly maglumat aýdyldy. Karara laýyklykda, Daşoguz welaýatynyň etraplarynyň administratiw-çäk bölünişigini tertipleşdirmek göz öňünde tutuldy. Oňa laýyklykda 7 şäherçä etraplaryň şäheri derejesini bermek, 8 geňeşligi beýleki etrabyň düzümine geçirmek, 18 obany beýleki geňeşligiň düzümine girizmek, 22 obany başga etrabyň düzümine geçirmek, 43 obanyň adyny üýtgetmek, 2 oba geňeşligine edara merkezi hökmündäki derejäni bermek, 6 geňeşligi ýatyrmak we 38 obany Türkmenistanyň administratiw-çäk birliginiň Sanawyndan aýyrmak bellenildi.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýer Ş.Durdylyýewe Mejlis we Daşoguz welaýatynyň häkimligi bilen bilelikde ýörite topary döretmegi, onuň düzümine degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň wekillerini girizmegi tabşyrdy. Bu toparyň agzalarynyň öňünde durýan möhüm wezipeleri kesgitläp, milli Liderimiz olaryň hatarynda administratiw-çäk birliklerine täzeden seretmek bilen baglanyşykly ähli meseleleri ara alyp maslahatlaşmagy tabşyrdy. Şunuň bilen baglylykda, degişli resminamalary taýýarlap, olary Ministrler Kabinetiniň garamagyna hödürlemek babatdaky görkezmeler berildi.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň demirgazyk welaýatyna iş saparynyň çäklerinde täze binalar toplumynyň düýbüni tutmak we Bagtyýar zaman atly döwrebap obanyň açylyş dabaralaryna gatnaşdy.
Täze binalar toplumynyň düýbüni tutmak dabarasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ulgama täzeçil tehnologiýalaryň, ylmy-tehniki ösüşiň öňdebaryjy gazananlarynyň we dünýäniň oňyn tejribeleriniň ornaşdyrylmagy ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli şähergurluşyk maksatnamasynyň esasy ugry bolup durýar.
Ähli amatlyklary özünde jemleýän döwrebap, nusgalyk obalaryň döredilmegi türkmen topragynyň ähli künjegini gurşap alan giň möçberli özgertmeler maksatnamasynyň durmuşa geçirilýän Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň aýdyň nyşanydyr.
S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň Jumanyýaz Hudaýbergenow adyndaky geňeşliginiň çäginde gurlan täze Bagtyýar zaman obasynyň umumy eýeleýän meýdany 144 gektara barabar bolup, ony Daşoguz welaýat häkimliginiň buýurmasy boýunça “Daşoguzobagurluşyk” önümçilik birleşiginiň kärhanalary we ýerli hususyýetçiler amala aşyrdylar.
Bu ýerde 274 sany bir gatly, dört otagly we 226 sany iki gatly, alty otagly ähli amatlyklary özünde jemleýän kottej jaýlary 500 maşgala niýetlenendir. Mundan başga-da, täze obada ýerli edara ediş guramasynyň jaýy, mekdep, çagalar bagy, saglyk öýi, medeniýet öýi, durmuş hyzmaty, telefon bekedi, “Toý mekany” dabaralar zaly, söwda merkezi, birnäçe dükanlar guruldy. Şeýle hem obada täze metjit bina edildi.
Döwrebap obada ulgamlaýyn kabel hojalygy bolan 550 belgili telefon nokadyna niýetlenen aragatnaşyk bölüminiň jaýy guruldy. Ol oba ilatynyň aragatnaşyk hyzmatyna bolan islegini doly kanagatlandyrmaga mümkinçilik berýär. Şeýle hem bu ýerde degişli suwaryş, tehniki we kömekçi desgalar guruldy. Zerur bolan ulag, inženerçilik-tehniki ulgam çekildi. Içerki awtomobil ýollary, suw geçirijiler, lagym we elektrik ulgamy, gaz geçirijiler gurnaldy.
Obada gurlan döwrebap ýaşaýyş jaýlaryny täze taryhy eýýamyň baş nyşany hökmünde atlandyrmak bolar. Olaryň taslamalary taýýarlanylanda oba durmuşynyň we milli ýörelgeleriň aýratynlyklary, şeýle hem köp çagalary türkmen maşgalalarynyň özboluşly şerti göz öňünde tutuldy.
Täze jaýlara göçüp gelen maşgalalar bilen gürrüňdeşligiň barşynda döwlet Baştutanymyz otaglaryň ýerleşdirilişi, bu ýerde döredilen şertler bilen gyzyklandy. Oba adamlaryny bu şatlykly waka bilen gutlap, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halkyň abadançylygynyň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugrudygyny belledi. Jemgyýetiň binýady bolup durýan maşgala institutlarynyň berkidilmegine türkmen halkynyň aýratyn mähir bilen garaýan ýaş nesilleri hakyndaky hemmetaraplaýyn alada ýokary derejede ähmiýet berilýär. Öý eýelerine milli Liderimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.
Hoşniýetli goňşuçylyk, dost-doganlyk we birek-birege hormat goýmak gatnaşyklary türkmen halkynyň asyrlar aşyp gelýän asylly ýörelgeleridir. Ol häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän döredijilikli içeri we daşary syýasatynda öz beýanyny tapýar. Biz dürli milletleriň wekilleriniň türkmen topragynda uly maşgala ýaly parahatçylykda, dostlukda we ylalaşykda ýaşaýandygyna guwanmaga haklydyrys. Täze Bagtyýar zaman obasy munuň aýdyň subutnamasydyr. Bu ýerde täze jaýa göçüp gelenleriň hatarynda özbek maşgalalarynyň bardygyny bellemeli.
Täze oba bilen tanyşlygyň barşynda milli Liderimiz oba dükanyna baryp gördi. Bu ýerde köp görnüşli azyk harytlary alyjylara hödürlenýär. Ýeri gelende aýtsak, dükandaky önümler telekeçileriň, kärendeçileriň, ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň harytlarydyr. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz bu ýerde çagalar bagyna baryp gördi.
Bagtyýar zaman obasynyň seýilgäh zolagynda ýörite taýýarlanan ýerde milli Liderimiz ilkinji bag nahalyny oturdyp, täze seýilgäh zolagynyň düýbüniň tutulmagyna badalga berdi. Döwlet Baştutanymyzyň bu asylly başlangyjyna dabara gatnaşyjylar, şol sanda daşary ýurtly myhmanlar uly ruhubelentlik bilen goşuldylar. Ýene-de birnäçe wagtdan bu ýerde oturdylan nahallar öser we seýilgäh zolagy oba adamlarynyň söýgüli künjekleriniň birine öwrüler.
Daşoguz şäheriniň 2016-njy ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegine bagyşlanylyp guralýan çäreleriň çäklerinde geçirilen “Türkmenistan baý ruhy-medeni gymmatlyklaryň ülkesidir” atly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylar hem täze obanyň açylyş dabarasynyň şaýady boldular. Daşoguz şäheriniň Arkalaşygyň medeni paýtagty hökmünde yglan edilmegi tötänden däldir. Şäher taryhy mirasa aýawly çemeleşmek bilen döwrebap düzümiň sazlaşygyny emele getirýär. Bu bolsa dünýäniň, şol sanda GDA gatnaşyjy ýurtlaryň alymlarynyň ünsüni özüne çekýär. Bu gadymy toprakda Abu Reýhan Biruni, Mahmyt Zamahşary, Nejmeddin Kubra, Mahmyt Pälwan, Aşyk Aýdyň pir, Nurmuhammet Andalyp, Abdylla Şabende, Gurbanaly Magrupy ýaly dünýä ylmynyň, medeniýetiniň ösüşine ägirt uly goşant goşup, türkmen halkynyň şöhratyny artdyran Gündogaryň beýik alymlary, akyldarlary, şöhratly şahyrlary işläpdirler, döredipdirler we ylmy barlaglary alyp barypdyrlar.
Ýurdumyzyň demirgazyk künjeginde bar bolan ajaýyp binagärlik ýadygärlikleri ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi we olar ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtly hünärmenleriň hyzmatdaşlygynda bilelikdäki barlaglar we dikeldiş işleri üçin örän ähmiýetli bolup durýar.
“Daşoguz — Arkalaşygyň medeni paýtagty” maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegi şähere taryhy-medeni baýlygyny görkezmekde, syýahatçylyk mümkinçiliklerini hödürlemekde, GDA-nyň ýurtlary bilen aragatnaşyklary giňeltmekde, halkara derejesinde Türkmenistanyň ajaýyplyklary bilen tanyşdyrmakda täze mümkinçilikleri emele getirýär diýip, daşary ýurtlaryň ylmy toparlarynyň wekilleri bellediler.
Daşary ýurtly myhmanlar Bagtyýar zaman obasynda adamlar üçin döredilen ýaşaýyş-durmuş şertlerine ýokary baha berdiler. GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň Başlygynyň — Ýerine ýetiriji sekretarynyň orunbasary K.Žusupbekow milli Liderimiziň milletiň baý taryhy-medeni mirasynyň saklanmagyna, ylmy taýdan öwrenilmegine we dünýä ýüzünde giňden wagyz edilmegine, ynsanperwerlik ulgamdaky netijeli halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine gönükdirilen giň möçberli işiniň aýratyn ähmiýetiniň bardygyny belledi.
Milli Liderimiz bilen bolan söhbetdeşlikde halkara maslahatyna gatnaşyjylar türkmen topragynda mähirli kabul edilendikleri we bu ýerde guralýan dabaralara gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirdiler. GDA agza ýurtlardan gelen myhmanlar Türkmenistanda, şol sanda oba ýerlerinde amala aşyrylýan giň möçberli özgertmelere we adamlaryň bagtyýar durmuşy üçin döredilýän mümkinçiliklere ýokary baha berdiler.
Hepdäniň başynda Mejlisiň Başlygynyň, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda geçirilen wideoşekilli iş maslahatynda ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan özgertmeler we galla oragynyň barşy hem-de döwlet durmuşyna degişli beýleki möhüm meselelere seredildi.
Döwlet Baştutanymyz häkimlere galla oragyna ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek, tehnikalaryň bökdençsiz işini ýola goýmak, şeýle hem kärendeçiler bilen hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi. Käbir etraplarda galla oragynyň depginleriniň pesdigini belläp, milli Liderimiz işiň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça zerur tagallalary görmegi talap etdi. Hormatly Prezidentimiz ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçiligini hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Welaýatlaryň häkimlikleriniň öňünde durýan möhüm wezipeleri kesgitläp, döwlet Baştutanymyz Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň barşyny gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Wideoşekilli iş maslahatynyň barşynda Mejlisiň Başlygy A.Nurberdiýewa 7—10-njy iýun aralygynda milli parlamentiň wekiliýetiniň Russiýa Federasiýasynyň Federal ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň çakylygy boýunça parlament işini guramak, dünýäniň kanunçylyk boýunça oňyn tejribesini öwrenmek maksady bilen Russiýa Federasiýasynyň paýtagtyna bolan iş saparynyň netijeleri barada habar berdi.
Russiýa Federasiýasynyň Döwlet Dumasynyň başlygy S.Naryşkin, Russiýa Federasiýasynyň Federasiýa Geňeşiniň başlygy W.Matwiýenko we Federasiýa Geňeşiniň birnäçe komitetleriniň ýolbaşçylary bilen bolan duşuşyklaryň barşynda iki ýurduň arasynda hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny we parlamentara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bellenilişi ýaly, taraplar medeni-gumanitar ugurda türkmen-rus gatnaşyklaryny giňeltmegiň möhümdigini bellediler we bu babatda iki ýurduň parlamentarilerine wajyp ornuň degişlidigini nygtadylar. Şeýle hem awgust aýynda Russiýa Federasiýasynyň Moskwa we Wladimir şäherlerinde Türkmenistanyň Medeniýet günlerini geçirmäge taýýarlyk bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Geçen hepdede Aşgabatda Gyrgyz Respublikasynyň Medeniýet günleri geçirildi. Ol dostlugyň, döredijiligiň we belent ruhuň baýramçylygyna öwrüldi. Onuň barşynda paýtagtymyzyň meýdançalarynda dostlukly ýurduň sungat ussatlarynyň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Amaly-haşam we şekillendiriş sungatynyň eserleriniň sergisi, gyrgyz kinematografiýasynyň iň gowy filmleri görkezildi.
Geçen hepdede Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergi zalynda Türkiýe Respublikasynyň gurluşyk serişdeleriniň gözden geçirilişi boldy. Onda Türkiýäniň 50-ä golaý kompaniýasy öz önümlerini görkezdiler.
Sergide ýurdumyzyň Gurluşyk we binagärlik, Jemagat hojalygy ministrlikleriniň, “Türkmenawtoýollary” döwlet konserniniň, soňky ýyllarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň uly üns bermegi netijesinde milli ykdysadyýetimizde bäsdeşlige ukyply hyzmatdaş hökmünde öz ornuny pugtalandyran we uly ösüş gazanýan türkmen telekeçileriniň önümleri görkezildi.
Türkiýäniň gurluşyk pudagynda we gurluşyk materiallarynyň önümçiliginde döwrebap tehnologiýalary, täzeçil işläp taýýarlamalary hödürleýän işewür toparlarynyň özara peýdaly gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna uly gyzyklanma bildiril ýändigi bellenildi.
Serginiň ýapylyş dabarasynda oňa gatnaşyjylara halkara nusgadaky diplomlar we sertifikatlar gowşuryldy.
Türkiýe Respublikasynyň gurluşyk materiallary senagatynyň sergisine gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler. Onda bildirilen myhmansöýerlik we iki ýurduň arasyndaky özara peýdaly hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine uly goşant bolan gözden geçirilişiň ýokary guramaçylyk derejesi üçin milli Liderimize hoşallyk sözleri aýdyldy.
Geçen hepdede Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň hormatyna ýurdumyzda guralan dabaraly atly ýörişe gatnaşyjylar Baharly etrabynyň ýaşaýjylary bilen duşuşdylar. Ilkinji duşuşyk ajaýyp Köwata ýerasty kölüniň ýanynda geçirildi. Bu ýerde türkmen halkynyň milli däp-dessurlaryny, baý medeni mirasyny beýan edýän türkmen obasy döredildi. Sportuň, ýaşlygyň we gözelligiň baýramçylygynda ýerli ilat bilen atly ýörişe gatnaşyjylaryň dabaralaryna Köwata syýahata gelen daşary ýurtly myhmanlar hem goşuldylar. Atlylar ýoluny dowam etmek bilen Baharly şäherinde saklandylar we “Ýyly suw” şypahanasyna baryp gördüler. Dabaraly atly ýörişe gatnaşyjylar indi 45 günden gowrak wagt bäri ýol ýöreýärler. Şu döwürde ýurdumyzyň türgenleri halkara ýaryşlarynda ýokary netijeler gazanyp, dürli medallara mynasyp boldular.
Italiýanyň paýtagty Rim şäherinde şaşka boýunça dünýäniň birinjiligi ugrundaky ýaryşlar tamamlanandan soň, bu guramanyň maslahaty geçirildi. Onda Bütindünýä şaşka federasiýasynyň prezidenti doktor Riçaromd Bekwit biziň türgenlerimiziň ussatlygyna ýokary baha berdi. Şol abraýly bäsleşiklerde türkmenistanly Halkara grossmeýster Amangül Berdiýewa şaşkanyň anglo-amerikan görnüşi boýunça dünýäniň absolýut çempiony diýen derejä mynasyp boldy. 18 ýaşa çenli ýetginjekler toparyna gatnaşýan Penagylyç Ezizgylyjow hem şol ýaryşlarda altyn medaly eýelemegi başardy.
Geçen hepde wakalara örän baý boldy. Olaryň her biri ýurdumyzyň açyklyk, parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryny, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze taryhy eýýamynda durmuşyň ähli ulgamlarynda amala aşyrýan oňyn özgertmelerini has aýdyňlygy bilen beýan etdi.