Sport, saglyk we syýahatçylyk — ine, şular soňky ýyllarda türkmen jemgyýetinde ýüze çykan iň bir aýdyň meýiller bolup durýar. Bu ulgamlary ösdürmegiň depginleri we hili milli Liderimiz tarapyndan kesgitlenen, döwletimiziň esas dörediji wezipä — adama gulluk etmäge, onuň ýaşaýyş şertlerini we isleglerini üpjün etmäge gönükdirilen ägirt uly tagallalarynyň iň bir aýdyň we açyk ýüze çykmasy bolup durýar.
8.Saglygy goraýyş, sport, syýahatçylyk
Ilatyň saglygy, ýurtda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, onuň syýahatçylyk mümkinçiliklerini halkara hyzmatdaşlyk esasynda amala aşyrmak — hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň bu üç möhüm ugry Türkmenistan üçin wajyp bolan “Aziada—2017” taslamasynda birleşýär.
Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň çözgüdi netijesinde Aşgabadyň Merkezi Aziýa sebitinde ilkinji bolup, 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny kabul etmek hukugyna eýe bolmagy türkmen döwleti tarapyndan saglygy goraýşy we sporty ösdürmek boýunça strategiýanyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
V Aziýa oýunlaryny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek biziň Bitarap ýurdumyz üçin uly ähmiýete eýedir diýip, döwlet Baştutanymyz belleýär. Oýunlar ilatyň bedenterbiýe we sport bilen köpçülikleýin meşgullanmagy üçin zerur şertleri üpjün edip, beden taýdan sagdyn ýaş nesli kemala getirmäge, ýokary derejeli türgenleri taýýarlamaga amatly şertleri döreder diýip, hormatly Prezidentimiz nygtaýar. Aziada milli sportumyzyň dünýä derejesine çykmagy üçin hem uly ähmiýete eýedir. Şonuň üçin hem biz bu ugur boýunça ähli işleri şu günlerimize ýetip gelen milli däp-dessurlarymyzyň, şol sanda türkmen halkynyň myhmansöýerligi esasynda gurnamalydyrys.
Milli Liderimiz şeýle maksatdan ugur alyp, V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna 500 gün galanda ýurt boýunça atly ýörişi guramak barada başlangyjy öňe sürdi. Ýurdumyzyň ösüşi baradaky synyň bu bölegini şeýle simwoliki wakadan başlamak ýerlikli bolar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2016-njy ýylyň 5-nji maýynda 500 günlük atly ýörişe badalga berdi. Atly ýöriş Türkmenistanyň ähli sebitlerini öz içine alyp, Aziada — 2017-niň açylýan güni paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherjiginiň baş binasynda pellehana geler. Bu waka bilen bir wagtda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň sagady wagty yzlygyna hasaplamaga goýberildi.
Bu dabara 2007-nji ýylda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen meşhur Parfiýa galasy “Nusaý” döwlet taryhy-medeni goraghanasynda geçirildi. Birnäçe onýyllyklardan bäri bu ajaýyp taryhy ýadygärlik diňe bir dünýäniň alymlarynyň däl-de, eýsem, köp sanly syýahatçylaryň hem ünsüni özüne çekýär.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistana daşary ýurtly myhmanlar, şol sanda Aziýa Olimpiýa Geňeşiniň baştutany şeýh Ahmad Al-Fahad Al-Sabah, Aziýa Olimpiýa Geňeşine agza ýurtlaryň wekilleri, şeýle hem daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri geldiler.
Ajaýyp sahnalaşdyrylan çykyşlar dabarany taryhy şekilde janlandyrdy. Sahnalara gadymy galanyň diwarlary bezeg bolup hyzmat etdi. Hormatly Prezidentimiz dabara gatnaşanlaryň öňünde çykyş edip, atly ýöriş baý medeni, milli mirasymyzy, däp-dessurlarymyzy, häzirki wagtda gazanan üstünliklerimizi şöhlelendirip, halkymyzyň Watanymyzyň şöhratly geçmişine, häzirki döwrüne we geljegine buýsanjyny artdyryp, döredijilikli zähmete ruhlandyrar diýip, ynam bildirdi.
17 sany çapyksuwardan ybarat atlylar topary Türkmenistanyň, Aziýa Olimpiýa Geňeşiniň baýdaklary we oýunlaryň alawy bilen bu ýerden ýurdumyzyň ähli künjekleri boýunça atly ýöriş ýola düşdi. Atly ýörişe gatnaşyjylar welaýatlaryň taryhy-medeni ýadygärliklerine we gözel ýerlerine barmak bilen, ýurdumyzyň her welaýatynda ýüz gün bolýarlar. Atly ýörişiň geçişini telegepleşikleriň we gündelik neşirleriň üsti bilen synlamaga, yzarlamaga mümkinçilik bar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan işlenip düzülen Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşi strategiýasynda döwletimizi dünýäniň ykdysady ösüşi we ilatyň hal-ýagdaýy babatynda iň ýokary görkezijili kuwwatly döwletleriň hataryna goşmak wezipesi öňde goýulýar. Bu maksada ýetmek üçin milli Liderimiz tarapyndan durmuşa geçirilýän ähli özgertmeler, ýurduň baş baýlygy — halkyň saglygyny goramaga gönükdirilen milli saglygy goraýyş binýatlaýyn ulgam hökmünde öň hatara çykýar.
Soňky ýyllar bu ulgamda ýokary hilli öňegidişlik amala aşyryldy. Muňa mysal edip, keselleri bejeriş we öňüni alyş, keselleri anyklaýyş we ylmy-kliniki ugurly saglygy goraýyş edaralarynyň köp şahaly ulgamynyň döredilmegini, lukmanlaryň taýýarlyk we hünär derejesini ýokarlandyrmak ulgamynyň kämilleşdirilmegini, innowasiýa işläp düzmeleri we ýokary tehnologiýalary ornaşdyrmagy, ýokary derejeli lukmançylyk kömeginiň elýeterliliginiň üpjünçiligini, lukmançylyk hyzmatynyň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyny, onuň ilatyň islegine we lukmançylyk ylmynyň öňdebaryjy üstünliklerine laýyk gelmegini görkezmek bolar.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ilata lukmançylyk hyzmatyny mundan beýläk hem gowulandyrmak döwrebap tehnologiýalaryň, täze ylmy açyşlaryň, dünýä ýüzünde keselleriň häsiýetiniň üýtgemegini göz öňünde tutmak bilen saglygy goraýşyň innowasion şertlerde ösüşine, ýagny, yzygiderli ornaşdyrylýan öňdebaryjy işläp taýýarlamalaryň we usullaryň esasynda mümkin bolup durýar.
Milli Liderimiziň bu we beýleki giň göwrümli özgertmeler maksatnamasyny Türkmenistanyň ähli sebitlerinde amala aşyrmak üçin ýurdumyzda soňky ýyllarda döwrebap hassahanalar we ylmy-kliniki merkezler gurlup ulanmaga berildi we olaryň gurulmagy dowam etdirilýär. Enjamlaşdyrylyşy we hyzmatlarynyň köpdürlüligi bilen dünýäniň şeýle edaralaryndan birjik-de pesde durmaýan lukmançylyk we şypahana ugurly dürli kärhanalar gurulýar. Sahawatly türkmen topragynda ösýän dermanlyk ösümliklerden dermanlary öndürýän kärhanalar açyldy. Dünýäniň iri lukmançylyk merkezleri we ylmy-barlag edaralary bilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk ýola goýuldy.
Saglygy goraýyş düzümini döwrebaplaşdyrmak ilatyň saglyk ýagdaýynyň gowulaşmagynda, türkmenistanlylaryň ortaça ýaşynyň artmagynda, çaga dogulmagynyň ösüşinde aýdyň ýüze çykdy.
2009—2015-nji ýyllar aralygynda Türkmenistanda saglygy goraýyş ulgamynda 43 desga guruldy, enjamlaşdyryldy we ulanmaga berildi. Mysal üçin, geçen ýyl Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününiň we “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň kabul edilmeginiň 20 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda birnäçe döwrebap lukmançylyk desgalary işläp başlady. Şonda paýtagtymyzda milli Liderimiziň gatnaşmagynda Halkara okuw ylmy merkezi, Halkara kardiologiýa merkeziniň täze binasy, Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezi açyldy, şeýle hem Halkara hirurgiýa we endokrinologiýa merkeziniň binýady tutuldy.
Umuman, 2015-nji ýylda ýurdumyzyň sebitlerinde iki hassahana, 16 saglyk öýi gurlup, ulanmaga berildi. 2016-njy ýylyň meýilnamasy boýunça saglygy goraýyş ulgamynyň ýene 16 edarasynyň gurlup ulanylmaga berilmegi göz öňünde tutulýar. «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasyna» laýyklykda, oba ýerlerinde 44 hassahananyň, 72 saglyk öýleriniň we merkezleriniň gurulmagy göz öňünde tutulýar.
2014-nji ýylda paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Kardiologiýa ylmy-kliniki merkezli we Gaýragoýulmasyz tiz kömek merkezli hassahana ulanylmaga berildi. Şeýle merkezler Balkan, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlarynda hem açyldy. Tiz wagtdan Aşgabatda täze lukmançylyk desgalary — Morfologiýa merkezi, Newrologiýa merkezi, Aýratyn howply keselleriň öňüni alyş merkezi we Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreş gullugynyň tejribe-önümçilik we azyk merkezi ulanylmaga berler. Bu edaralaryň hemmesi ýokary tehnologiýalaryň we ylmyň gazananlarynyň esasynda gurulýar.
Täze lukmançylyk desgalarynyň sanynyň artmagy bilen baglylykda, Türkmenistan boýunça näsaglygyň durnukly peselýändigi hasaba alynýar. 2009-njy ýylda her 100 müň adama 18 müň 448 näsagyň düşýänligi hasaba alnan bolsa, 2015-nji ýylda olaryň sany 17 müň 682 adama barabar boldy.
Hususan-da, ýokanç keselleriň sany üzül-kesil peseldi. 2011-nji ýylda bu san 538-e barabar bolan bolsa, 2015-nji ýylda 312 adama barabar boldy.
Çaga dogmagynyň ösüşinde hem şeýle oňyn ýagdaýlar hasaba alynýar. Munuň özi belli bir derejede saglygy goraýyş infrastrukturasynyň ösüşi bilen baglanyşyklydyr. 2009-njy ýylda Türkmenistanda 129,9 müň çaga doglan bolsa, 2014-nji ýylda olaryň sany 22,8 göterim ýokarlanyp, 168,3 müňe barabar boldy.
Bejeriş-anyklaýyş işini güýçli kompýuterleşdirmek we innowasion lukmançylyk tehnologiýalarynyň esasynda özboluşly “senagatlaşdyrmak” ýurdumyzyň saglygy goraýşynyň häzirki döwürde ösüşiniň baş ugry boldy. Lukmançylykda ýokary tehnologiýalaryň ulanylmagynyň, köplenç halatda, adamzat işjeňliginiň beýleki pudaklaryndan öňde barýanlygyny bellemek gerek. Şeýlelikde, lukmançylyk edaralary ýurdumyzyň innowasiýa ulgamynda binýatlyk häsiýete eýe bolýar. Saglygy goraýşyň innowasion ösüşi bolsa Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň saglygyny we ýaşaýyş-durmuşyny düýpli gowulandyrmagyň esasy ýoly bolup durýar.
Innowasion tehnologiýalary döwrebap enjamsyz ulanmak mümkin däl. Ilaty halkara ölçeglerde lukmançylyk hyzmaty bilen üpjün etmek üçin lukmançylyk edaralaryny enjamlaşdyrmak boýunça täze işläp düzmeler işe girizildi. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň görkezmesine laýyklykda, diňe bir merkezi we welaýat merkezleriniň hassahanalary däl-de, etrap hassahanalary hem kompýuter tomograflary, ultrases anyklaýyş we kardioölçeg enjamlary, köpugurly sanly rentgen gurnamalary, öýkene emeli howa bermek enjamlary, barlag enjamlary we beýleki enjamlar ýaly, iň täze lukmançylyk enjamlary bilen enjamlaşdyrylýar.
Köp ýyllaryň dowamynda lukmançylyk edaralary “Siemens Medical Systems AG”, “Fresenius Medical Care GmbH”, “Draeger Medical”, “Kodak Pentax”, “Toshiba”, “Olympus”, “Aloka”, “Fujinon”, “B.Braun Aesculap”, “Leica Microsystems”, “Samsung”, “Mediaprogress”, “BTL”, “Karl Stroz”, “Human GBBH”, “Otto Bokk” we beýlekiler ýaly, dünýä meşhur öndürijileriň enjamlary bilen enjamlaşdyrylýar.
“Lukmançylyk enjamlary” birleşiginiň Kislorod zawody ýurdumyzyň bejeriş we keselleriň öňüni alyş edaralaryny polat gaplarda lukmançylyk kislorody bilen üpjün edýär. Aşgabatda, Daşoguzda, Maryda we Tejende ýerleşýän natriý gipohloridini öndürýän bölümler ýurdumyzyň bejeriş we keselleriň öňüni alyş edaralaryny, mekdepleri, çagalar baglaryny, söwda we senagat ulgamynyň kärhanalaryny zyýansyzlandyryş serişdelerine gündelik zerurlygy doly kanagatlandyrýar.
Türkmen tebigatynyň ösümlik dünýäsiniň dermanlyk otlaryndan we ösümliklerinden derman öndürmek boýunça kärhanalar açyldy, dünýäniň iri lukmançylyk merkezleri we ylmy-barlag edaralary bilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. 2014-nji ýylda Jebelde bejeriji palçyklary we deňiz duzlaryny gaplaýjy zawod, şeýle hem Bereketde ýod öndüriji kärhana, Daşoguzda arassa sargy serişdelerini çykarýan kärhana, “Berzeňňi” mineral suw öndürýän kärhana we Abadanda zyýansyzlandyryş erginlerini öndürmek boýunça zawod işe girizildi.
“Türkmendermansenagat” birleşiginiň kärhanalary tarapyndan 2015-nji ýylda 125 million manatlyk önüm öndürildi. Bu görkeziji 2011-nji ýylda 52,2 million manada deň bolupdy. Şeýlelikde, 2015-nji ýylda önüm 2,4 esse köp öndürildi. Geçen ýyllaryň jemi boýunça lukmançylyk senagatynyň önümçiliginiň ösüş derejesi 2014-nji ýyla garanyňda 138 göterime barabar boldy.
Häzirki wagtda ylmy lukmançylyk halk lukmançylygynyň däplerini täzeçe özleşdirmek bilen, sahawatly türkmen topragynyň dermanlyk ösümlikleriniň bejeriş güýjüni ykrar edýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltlik ylmy eseri fitoterapiýanyň köp syrlary barada gürrüň berýär. Bu neşir dünýäniň dürli dillerinde çap edilip, dünýä ylmy lukmançylygyna, şeýle hem okyjylaryň giň köpçüligine elýeterli edildi.
Milli saglygy goraýyş ulgamyny özgertmekde keselleriň öňüni alyş wajyp ähmiýete eýedir. Öz raýatlarynyň abadanlygyna örän jogapkärli çemeleşmek bilen Türkmenistan saglygy goraýşyň halkara ölçeglerini üpjün etmek hem-de arassaçylyk we keselleriň öňüni alyş gözegçiligini güýçlendirmek boýunça meýilleşdirilen immunizasiýany yzygiderli geçirmek bilen, ilatyň keselleriň öňüni alyş serişdeleri bilen üpjünçiligi boýunça sebitde öňdebaryjy orny eýeleýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň görkezmelerini hasaba almak bilen işlenip düzülen “2003—2020-nji ýyllar arasyndaky döwür üçin immunoprofilaktika” milli maksatnamasy üstünlikli amala aşyrylýar.
Bu maksatnamanyň çäklerinde 2011-nji ýylda ýurtda çagalaryň 97,7 göterimine sanjym geçirilen bolsa, 2015-nji ýylda 99 göterimine şeýle çäre geçirildi.
Saglygy goraýyş boýunça meseleleri çözmekde ýurdumyzda birnäçe ýokanç keselleriň aradan aýrylandygy baradaky halkara resminamalar, şeýle hem türkmen lukmanlarynyň bu ugurdaky tejribelerini Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebitlerindäki ýurtlara ýaýratmak üçin maslahat berilmegi Türkmenistanyň üstünlikleriniň gürrüňsiz ykrar edilmegidir. Türkmenistan gökbogma, ysmaz, gyzzyrma, gyzamyk, gyzylja kesellerinden azat ýurt diýlip yglan edildi. Ýurdumyzda un demir we foliý kislotasy bilen baýlaşdyrylýar.
Hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary bilen saglygy goraýyş ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeler dünýä jemgyýetinde içgin gyzyklanma döredip, ýokary baha eýe bolýar.
2013-nji ýylda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň ýokanç däl keselleriň öňüni almagyň we olara garşy göreşmegiň “Saglyk — 2020” syýasatynyň düzgünnamasyna laýyklykda, Ýewropa ministrler maslahatynyň Aşgabatda geçirilmegi ýurdumyzyň halkara durmuşynda uly waka boldy. Onuň netijesinde Aşgabat Jarnamasyna gol çekildi.
Häzirki wagtda ýurdumyzda 2012—2016-njy ýyllarda Türkmenistanda saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmegiň döwlet maksatnamasy, “Türkmenistanyň ilatynyň sagdyn iýmitlenmegi boýunça 2013—2017-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasy”, Türkmenistanda 2014—2020-nji ýyllarda ýokanç däl keselleriň öňüni almagyň we olara garşy göreşmegiň Aşgabat Jarnamasyny ornaşdyrmagyň Milli strategiýasy, “Türkmenistanda 2014—2018-nji ýyllarda eneleriň, täze doglan çagalaryň, çagalaryň we ýetginjekleriň saglygyny goramak” boýunça Milli strategiýa we hereketleriň meýilnamasy, “Türkmenistanda temmäkä garşy göreşmek boýunça amala aşyrylmaly çäreleriň 2012—2016-njy ýyllar üçin Meýilnamasy” we beýlekiler üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Häzirki wagtda giň gerimli durmuş-ykdysady maksatnamalaryň çäklerinde ýurdumyzyň ähli sebitlerinde döwrebap saglyk infrastrukturasy döredilýär, dünýä derejesindäki täze lukmançylyk, şypahana we syýahatçylyk ugurly sagaldyş merkezleri yzly-yzyna ulanylmaga berilýär.
Meşhur türkmen şypahanalary Baýramaly, Berzeňňi, Mollagara, Arçman, şeýle hem Ýyly suw we Farap şypahanalarynyň düýpli abatlanandygyny hem-de döwrebaplaşdyrylandygyny ýatlamazlyk mümkin däl. Bu geçirilen işler ol şypahanalary ýokary tehnologiýaly, dünýä ölçeglerine laýyk gelýän, ýokary amatlykly saglygy dikeldiş merkezlerine öwürdi.
Şypahanalardaky orunlaryň sany 2015-nji ýylda 3 müň 266 ýere barabar boldy. Bu bolsa 2011-nji ýyldakydan 1 müň 75 orun köpdür.
Kesel bejeriş we sagaldyş işleriniň guralyşy boýunça, şol sanda lukmançylyk hyzmatlary boýunça türkmen şypahanalary häzirki wagtda dünýä derejesine laýyk gelýär. Olaryň aglabasy örän täsindir. Bu barada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistan — melhemler mekany” diýen kitabynda giňişleýin gürrüň berilýär.
Bary-ýogy birnäçe ýylyň dowamynda Hazar deňziniň kenarynda saglyk we dynç alşyň giň göwrümli infrastrukturasy peýda boldy. Ol ýerde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny döretmek boýunça ägirt uly taslama amala aşyrylýar. Şu ýylyň maý aýynyň ahyrynda döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda täze lukmançylyk-durmuş desgasynyň — kenarýaka syýahatçylyk zolagynda guruljak “Awaza” häzirki zaman şypahanasynyň we Türkmenbaşy şäheriniň köpugurly hassahanasynyň binýady tutuldy.
Türkmenistanda milletiň saglygyny goramak, keselleriň öňüni almak we bejermek, sagdyn durmuş ýörelgelerini jemgyýetimizde wagyz etmek we ornaşdyrmak, beden we ruhy taýdan sagdyn ýaş nesli kemala getirmek boýunça ähli zerur işler durmuşa geçirilýär.
Ýurdumyzda ähli jemgyýetçilik ýerlerinde çilim çekmek we nas atmak gadagan edildi. 2011-nji ýylyň martynda Türkmenistan Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň temmäkä garşy göreş boýunça Çarçuwaly konwensiýasyna gol çekdi. Türkmenistanyň “Raýatlary temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäki önümlerini ulanmagyň zyýanlaryndan goramak hakyndaky” Kanuny kabul edildi.
Temmäki ulanylmagyna garşy göreşde bitiren hyzmatlary we goşandy üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň ýörite medaly bilen sylaglandy. Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň ýolbaşçysy Margaret Çeniň milli Liderimize gowşuran sylagy adamlaryň saglygyny goramakda döwlet syýasatynyň netijeli häsiýete eýe bolýandygynyň nobatdaky nyşanyna öwrülip, hormatly Prezidentimiziň işläp taýýarlan we durmuşa geçirýän oňyn özgertmeleriniň netijelerine berlen mynasyp bahadyr.
2013—2014-nji ýyllarda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň goldaw bermegi netijesinde “STEPS” barlaglary ýurdumyzda ilatyň 8,3 göteriminiň çilim çekýändigini tassyk etdi. Munuň özi tutuş dünýä boýunça iň pes milli görkeziji bolup durýar. Bu barlaglaryň netijelerine laýyklykda spirtli içgileri ulanýan adamlaryň sany ýurdumyzyň ähli ilatynyň 8,6 göterimine barabardyr.
Hormatly Prezidentimiziň neşeleriň bikanun dolanyşygyna garşy alyp barýan barlyşyksyz göreşi tutuş halkymyz tarapyndan giňden goldanyldy. Milletiň ykbalyna, häzirki we geljekki nesilleriň saglygyna biparh bolmadyk adamlaryň ýörelgeleri dünýä bileleşiginiň we abraýly halkara guramalaryň goldawyna mynasyp boldy.
Ilatyň saglyk derejesiniň ýokarlanmagyna, adamlaryň saglygy goramak baradaky konstitusion hukuklarynyň üpjün edilmegine gönükdirilen durmuş-ykdysady we lukmançylyk çäreler ulgamyny netijeli peýdalanýan döwlet syýasatyny işläp taýýarlamak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow saglygy goraýyş meselelerine örän giň we netijeli çemeleşmeleri ornaşdyrdy. Onuň esasynda adam mümkinçilikleriniň ösüşi babatdaky geljekki möhüm ugurlar bar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” şygary astynda her ýyl geçirilýän çäre döwletiň baş gymmatlygy bolan adam hem-de onuň saglygy baradaky alada ýugrulan ýurdumyzyň durmuş syýasatynyň möhüm ugurlarynyň birine öwrüldi.
Şu ýyl köpçülikleýin sport, bedenterbiýe-sagaldyş we jemgyýetçilik-medeni çäreleriň biraýlygy 5-nji aprelden 5-nji maý aralygynda geçirildi. Onda ähli üns sportuň Aziada — 2017-niň maksatnamasyna girizilen görnüşleri boýunça guralýan bäsleşiklere gönükdirildi. Çünki ol bäsleşikleriň ýeňijileri Aziýa oýunlarynda ýurdumyzyň abraýyny gorajak milli ýygyndy toparlara dalaşgär bolup durýarlar. Taý boksy boýunça Türkmenistanyň çempionaty we sport tanslary boýunça ýurdumyzyň birinjiligi ugrunda paýtagtymyzda geçirilen bäsleşikler örän gyzykly we çekeleşikli ýaryşlaryň birine öwrüldi. Ýeri gelende aýtsak, biziň sport tansçylarymyz üçin Aziada taýýarlyk görmegiň indiki tapgyry halkara ýaryşlara synag bäsleşiklerinden ybarat bolar. Ol ýaryşlary şu ýylyň güýzünde paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherjiginde geçirmek meýilleşdirildi.
Şeýle hem biraýlygyň çäklerinde Aşgabatdaky atçylyk sport toplumynda konkur boýunça Türkmenistanyň açyk çempionaty geçirildi. Mälim bolşy ýaly, sportuň bu görnüşi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň teklibi boýunça türkmen milli göreşi bilen bilelikde Aziada — 2017-niň maksatnamasyna girizildi. Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna galan döwürde biziň çapyksuwarlarymyz öz ussatlyklaryny kämilleşdirýärler. At çapyşyklar türkmen halkynyň asyrlar aşyp gelýän milli ýörelgesi, konkur bolsa biziň ýurdumyz üçin sportuň täze görnüşi. Ýöne türkmen türgenleri sportuň konkur görnüşi boýunça hem ýokary ussatlyk görkezýärler.
Iki ýyl mundan ozal Aşgabadyň atçylyk sport toplumynda ýapyk maneži bolan okuw merkezi açyldy. Onda türgenler atçylyk sportunyň çapyşyk, uzak aralyga çapyşyk, konkur we beýleki görnüşleri boýunça tälim alýarlar. Merkez döwrebap multimediýa tehnikalary we beýleki häzirki zaman enjamlary we çapyksuwarlar üçin niýetlenen tälim enjamlary bilen üpjün edildi.
Şu ýylyň aprel aýynda bolsa Türkmen bedewiniň baýramçylygynyň öňüsyrasynda, döwlet Baştutanymyzyň hem-de paýtagtymyzda her ýylda geçirilýän halkara foruma gatnaşýan daşary ýurtly wekilçilikli toparlaryň, hünärmenleriň, atçylyga degişli bilermenleriň, şeýle hem Italiýanyň atly karabiner polkunyň serkerdeleriniň gatnaşmagynda 600 tomaşaçy orunly täze konkur manežiniň açylyş dabarasy boldy. Merkeziň eýeleýän meýdany we onuň enjamlaşdyrylyşy bu ýerde halkara derejedäki örän ähmiýetli ýaryşlary geçirmäge mümkinçilik berýär.
Maý aýynyň aýagynda türkmen çapyksuwarlary Bişkekde konkur boýunça geçirilen halkara ýaryşda “Arkalaşygyň Kubogyna” mynasyp boldular. Milli atçylyk sport merkeziniň türgenleri ahalteke bedewlerinde ýokary netijeleri görkezip, birinji we ikinji orunlara mynasyp boldular. Ýaňy-ýakyndan bäri ýurdumyzda sportuň bouling görnüşi hem ösdürilip başlandy. Şu ýylyň aprelinde paýtagtymyzda bouling boýunça Türkmenistanyň birinji çempionaty geçirildi.
Şeýle hem Mary şäherinde bilýard boýunça welaýat derejesinde ýaryşlaryň geçirilendigini bellemeli. Şu ýyl Aşgabatdaky Olimpiýa şäherjiginiň binýadynda sportuň bu görnüşi boýunça ilkinji halkara synaglary geçirmek meýilleşdirilýär. Munuň özi türkmen bilýardçylary üçin Aziada taýýarlygyň oňyn tejribesine öwrüler.
Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan köpçülikleýin bedenterbiýe we sport hereketi ýaş nesilleriň ahlak terbiýesiniň möhüm şerti bolup durýar we ýaşlaryň dünýägaraýşyna oňyn täsir ýetirýär hem-de sagdynlygyň berkidilmeginde möhüm şerti emele getirýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow köpçülikleýin bedenterbiýäniň, sagaldyş hereketiniň we ýokary netijeli sportuň ösdürilmegine, oňa uzakmöhletleýin umumy maksatnamalaryň gönükdirilmegine aýratyn ähmiýet berýär. Häzirki döwürde bu ugurda anyk we yzygiderli çäreler durmuşa geçirilýär. Olaryň hatarynda ýurdumyzda guralýan umumy milli spartakiadany we sportuň dürli görnüşi boýunça halkara ýaryşlary, ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň döwrebaplaşdyrylmagyny görkezmek bolar.
2009—2015-njy ýyllar aralygynda ýurdumyzda sport mekdepleriniň we desgalarynyň 157-si guruldy, munuň özi türkmen türgenleriniň halkara derejeli ýaryşlarda gazanan ýeňişleriniň has-da artdyrylmagyna ýardam berdi. 2009-njy ýylda sport mekdepleriniň 6-sy ulanmaga berlen bolsa, şu ýyla çenli olaryň sany 112-ä ýetdi.
Ýurdumyzda döwrebaplaşdyrylan sport düzüminiň bolmagy we türgenleriň ussatlygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen şertleriň döredilmegi dünýä çempionatlaryna we beýleki abraýly halkara ýaryşlara gatnaşýan türgenleriň üstünlikli çykyşlarynyň baş şerti bolup durýar. 2015-nji ýylda türkmen türgenleri halkara ýaryşlaryň 162-sine gatnaşyp, jemi 411 medal eýelediler. Olaryň 143-si altyn, 98-si kümüş we 170-si bürünç medallardyr. Olaryň 74-si dünýä birinjiliginiň derejesindäki, 58-si bolsa Aziýa oýunlarynyň baýraklarydyr.
2016-njy ýylyň ilkinji bäş aýynda türkmen türgenleri halkara ýaryşlaryň 72-sine gatnaşdylar. Olaryň netijeleri boýunça türkmen türgenleri jemi 219 medala mynasyp boldy. Olaryň 74-si altyn, 68-si kümüş we 77-si bürünç medallardyr. Munuň özi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 81 medal artykdyr. Özi-de medallaryň 11-si dünýä çempionatlarynda, 111-si bolsa Aziýa çempionatlarynda gazanyldy.
Iýun aýy hem baýraklara we ýeňişlere baý aý boldy. Türkmen türgeni Filippinleriň paýtagtynda ýaşlaryň arasynda grek-rim göreşi boýunça geçirilen Aziýa çempionatynda kümüş medala mynasyp boldy. Kikboksing boýunça Türkmenistanyň ýygyndy topary Italiýanyň Rimini şäherinde geçirilen dünýä Kubogy ugrundaky ýaryşlarda altyn, kümüş we bürünç medallaryň hersinden üçüsini gazanmagy başardy. Halkara grossmeýster Amangül Berdiýewa Rim şäherinde anglo-amerikan şaşkasy boýunça dünýä birinjiliginde dünýäniň absolýut çempiony diýen derejä mynasyp boldy.
Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komiteti her ýylda ýurdumyzyň öňdebaryjy türgenleriniň iň gowularynyň onusyny kesgitleýär. 2015-nji ýylyň jemleri boýunça sportuň göreş bilen meşgullanýanlary bu sanawda agdyklyk etdi. Tutuş ýylyň dowamynda iri halkara derejesinde geçirilýän ýaryşlarda, şol sanda dünýäniň we Aziýanyň çempionatlarynda türkmen türgenleri özleriniň köp sanly ajaýyp ýeňişleri bilen sport janköýerlerini begendirdiler.
Indi iki ýyl bäri halkara derejeli sport ussady Gülbadam Babamyradowa ökdeleriň ökdesi hasaplanýar. Ol dzýudo boýunça geçirilýän ýaryşlarda ýokary netijeleri yzygiderli gazanmak bilen tapawutlanýar. Taýpeý şäherinde Aziýanyň açyk çempionatynda ýeňiş gazanan bu türgen “Gran pri” görnüşdäki abraýly ýaryşlarda uly üstünlikler gazandy.
Özüniň ajaýyp ýeňişleri, üstünlikleri bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň pul baýragyna mynasyp bolan Gülbadam şu döwürde dünýä reýtinginde birinji onluga düşdi. 2016-njy ýylyň ýazynda ol Türkiýede geçirilen “Gran pri” görnüşindäki ýaryşda nobatdaky altyn medaly gazandy.
2015-nji ýyl boýunça ýurdumyzda yglan edilen ökde türgenleriň derejesine boksçy Geldimyrat Toýlyýew, dzýudoçy Batyr Hojamuhammedow, “Iň tiz ýeňiş” derejesinde Russiýanyň Kubogy ugrundaky ýaryşlarda täze dünýä rekordyny goýan karateçi Diýar Hojaýew bar.
2015-nji ýylyň iň gowy türgenleriniň sanawynda erkin göreş boýunça Elnur Açylowyň, grek-rim göreşi boýunça Süleýman Welliýewiň, “Altyn asyr” futbol toparynyň ýarym goragçysy Ahmet Ataýewiň, sambo boýunça halkara derejeli sport ussady Tejen Tejenowyň, ýurdumyzda ökde küştçüleriň biri, halkara derejeli ussat Ýusup Atabaýewiň we guşakly göreş boýunça Rejepaly Orazalyýewiň bardygyny bellemeli.
Ýaş türgenleri goldamak we höweslendirmek, sport ulgamyny ýokary derejeli mugallymlar-tälimçiler, şeýle hem beýleki zerur serişdeler bilen üpjün etmek esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Munuň özi Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna netijeli taýýarlyk görmek we türkmen sportunyň dünýä ýüzündäki abraýyny ýokary galdyrmak işinde has-da möhümdir. Şu maksat bilen daşary ýurtly hünärmenler bilen gatnaşyklar işjeňleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, Milli federasiýalaryň we merkezleriň Aziada — 2017-niň maksatnamasyna girizilen sportuň 21 görnüşi boýunça alyp barýan işleri ösdürilýär.
Sport hünärmenlerini taýýarlamak işleri Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynda, Olimpiýaçylary taýýarlaýan mekdepde, “Olimp” sport mekdebinde, ýokary sport ussatlygy mekdebinde, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň beýleki sport edaralarynda, guramalarynda alnyp barylýar. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň, Gökderäniň we Köýtendagyň, şeýle hem daşary ýurtlaryň sport binýatlarynda okuw-türgenleşik işleri geçirilýär.
Halkara sport guramalary bilen bilelikde Olimpiýa şäherjiginiň meýdançalarynda halkara synag ýaryşlary geçirilýär.
Maý aýynyň aýagynda söweş sungaty toplumynyň binýadynda sambo boýunça Aziýa çempionaty geçirildi. Oňa dünýäniň 17 ýurdundan 400-e golaý türgen gatnaşdy. Türkmenistanyň ýygyndy topary şol ýaryşda umumy komandalaýyn bäsleşikde birinji orna düşdi. Olar 21 medal eýelediler. Türkmen toparlary şol ýaryşlarda jemi 66 baýraga mynasyp boldular.
25-nji iýunda şu ýerde göreş we guşakly göreş boýunça Aziýa çempionatyna badalga berler. Şunuň ýaly iri ýaryşlaryň geçirilmegi Aziada — 2017-ä hyzmat etjek meýletinçi ýardamçylar üçin hem ähmiýetli tejribe bolar. Olar Kazanda geçirilen Bütindünýä uniwersiadada, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça IV Aziýa oýunlarynda, 2013-nji we 2014-nji ýyllarda Koreýanyň Inçhon şäherinde geçirilen XVII tomusky Aziýa oýunlarynda, 2015-nji ýylda Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherinde geçirilen I Ýewropa oýunlarynda taýýarlyk boýunça halkara mekdebini geçdiler.
Türkmen meýletinçi ýardamçylary 2014-nji ýylda Russiýanyň Soçi şäherinde geçirilen Bütindünýä gyşky Olimpiýa oýunlaryna myhman hökmünde çagyryldylar. Şu ýyl olar Braziliýanyň Rio-de-Žaneýro şäherinde tomusky Olimpiadanyň barşynda öwrenen tejribelerini berkiderler.
Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aziýa oýunlaryna taýýarlygyň barşy Aziada — 2017-niň Guramaçylyk komitetiniň mejlislerinde ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlis 2016-njy ýyldan başlap her aýyň soňky ýekşenbesinde geçirilýär. Munuň özi V Aziýa oýunlarynyň Baş meýilnamasynyň ähli ugurlary boýunça taýýarlygy üpjün etmek bilen baglanyşykly meseleleriň gyssagly çözgüdiniň kabul edilmegine mümkinçilik berýär.
V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk boýunça 2013-nji ýylda döredilen Ýerine ýetiriji komitet ýyl-ýyldan öz işini işjeňleşdirýär. Aziada — 2017-niň guramaçylygyna hemaýatkärleri we hyzmatdaşlary çekmek üçin degişli işler geçirildi. Bu ugurda Aziýa Olimpiýa Geňeşi bilen bilelikde halkara tejribesi jikme-jik öwrenildi. Olimpiýa, Aziýa oýunlarynda hyzmatdaş we hemaýatkär bolan dünýäniň iri kompaniýalary Aşgabatda geçiriljek oýunlara hemaýatkärlik etmäge gyzyklanma bildirdiler. Häzirki döwürde şol kompaniýalaryň wekilleri bilen gepleşikler geçirilýär.
Şeýle hem Aziýa Olimpiýa Geňeşi bilen bilelikde Aziýa sebitinde, Awstraliýa we Okeaniýa döwletlerinde Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aşgabatda geçiriljek V Aziýa oýunlaryny giňden mahabat etmek, bu boýunça maglumat işlerini alyp barmak babatda netijeli hyzmatdaşlyk ýola goýulýar.
Oýunlaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek maksady bilen, türkmen hünärmenleri doping synagynyň döwrebap tehnologiýalary boýunça okadylýar. Aşgabatda Merkezi Aziýa sebitleýin dopinge garşy guramasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň mejlisi, şeýle hem doping gözegçiligi boýunça milli hünärmenleri taýýarlamak baradaky okuw-maslahaty geçirildi. Şol okuw-maslahatynyň netijeleri boýunça türkmen türgenlerine doping-serkerdeleriň şahadatnamalary gowşuryldy.
Aziýa Olimpiýa Geňeşi bilen Aşgabat şäheriniň we Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň arasynda baglaşylan şertnamadan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Halkara we Aziýa sport federasiýalarynyň wekilleriniň we Milli sport federasiýalarynyň hem-de V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk boýunça Ýerine ýetiriji komitetiň arasynda Oýunlaryň maksatnamasyna girizilen sportuň 21 görnüşi boýunça hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ýola goýuldy. Yzygiderli geçirilen gepleşikleriň barşynda Aşgabatda Aziada — 2017-niň sportuň 21 görnüşi boýunça synag ýaryşlaryny guramak babatda uly işler ýerine ýetirildi.
Şunlukda, Aşgabadyň Olimpiýa şäherjiginiň gurluşygyndaky işler degişli meýilnama laýyklykda alnyp barylýar. Onuň desgalarynyň birinji nobatdakysynyň gurluşygy 2014-nji ýylyň aprelinde tamamlandy. Ikinji nobatdaky gurluşyk işleri bolsa 2015-nji ýylyň dekabrynda doly jemlendi. Şäherjigiň gurluşygynyň üçünji nobatdakysynyň işleri batly depginlerde alnyp barylýar. Häzirki döwürde Olimpiýa stadionynyň daşky görnüşini bezemek işleri ýerine ýetirilýär. 2017-nji ýylda onuň meýdançasynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasy geçiriler.
Sebitde deňi-taýy bolmadyk bu toplum ýurdumyzyň sportuň täze belentliklerine tarap bolan gyzyklanmalarynyň aýdyň nyşanydyr. Onuň düzümine Halkara Olimpiýa komitetiniň talaplaryna laýyk derejede enjamlaşdyrylan desgalaryň 30-dan gowragy girer. Olaryň hatarynda ýapyk we açyk suw toplumy, welotrek, sportuň oýnalýan görnüşleri we gimnastika üçin ýapyk arena, göreşiň ähli görnüşleri, agyr atletika, gylyçlaşma we boks, bouling, badminton we stoluň üstünde oýnalýan tennis üçin ýapyk binalar, ýapyk tennis korty, paralimpiýa merkezi, türgenleşik zallary, ýaşaýyş jaýlaryny, myhmanhanalary, maglumat merkezini we beýlekileri öz içine alýan köp sanly desgalar bar.
Halkara möçberdäki ägirt uly sport baýramçylygyny geçirmek, şol sanda olimpiýa desgalaryny dolandyrmak, olary ulanmak we hyzmat etmek ugrundan hünärmenleri taýýarlamak hem-de okatmak boýunça guramaçylyk meseleleri çözülýär.
Şunuň bilen birlikde, Aziadany guramaçylykly geçirmek bilen baglanyşykly kadalaşdyryjy hukuk namalary taýýarlanyldy. “Bedenterbiýe we sport hakynda”, “Professional sport hakynda” we “Meýletinçiler hakynda” Türkmenistanyň Kanunlary kabul edildi. Aziýa oýunlaryny mahabatlandyrmak we wagyz etmek maksady bilen ýurdumyzda halkara sport mediýa-forumlary, halkara maslahatlar, Aziýa Olimpiýa Geňeşiniň Guramaçylyk komitetiniň mejlisleri geçirildi. Türkmenistana halkara we Aziýa sport federasiýalarynyň wekilleri çagyryldy.
Aşgabatda Okeaniýanyň Milli olimpiýa komitetleri we Aziýa Olimpiýa Geňeşi bilen Okeaniýa ýurtlarynyň taryhda ilkinji gezek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna gatnaşmaklary babatda resminamalara gol çekmek dabarasy geçirildi. Aşgabatda geçiriljek Aziýa oýunlarynda Aziýanyň milli olimpiýa komitetleriniň 45-sinden başga-da Okeaniýa ýurtlarynyň Olimpiýa komitetleriniň 17-si bolar. Geçen ýylyň sentýabrynda paýtagtymyzda dabaraly ýagdaýda Aziýa Olimpiýa Geňeşiniň 34-nji Baş Assambleýasy geçirildi.
Halkara tejribäni alyşmak, şeýle hem dürli sport ýaryşlaryny guramagyň usullary bilen ýerinde tanyşmak maksady bilen birnäçe ministrlikleriň we pudak edaralarynyň wekilleri daşary ýurtlara saparlara ugradyldy.
V Aziýa oýunlarynyň “Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk” şygary, Aziada — 2017-niň baş nyşany we sportuň 21 görnüşi boýunça nyşanlar tassyklandy. V Aziýa oýunlarynyň resmi Internet-saýty açyldy.
Mundan başga-da, sportuň beýleki görnüşleri hem işjeň ösdürilýär. Olaryň hatarynda hokkeý, figuralaýyn typmak we awto-moto sport bar. Şu ýylyň aprel aýynda “Volkicar” we “Alfa-Romeo” ulaglarynda bäsleşik boýunça ýurdumyzyň Içeri işler ministrliginiň Kubogy boýunça ýaryşlar we ilkinji gezek “Kwadrosikl” derejedäki motor ýaryşy geçirildi.
Kwadrosikllerdäki bäsleşikler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda açylan motosport ussatlaryny taýýarlaýan merkezde geçirildi. Täze desga 2013-nji ýylda milli Liderimiziň başlangyjy boýunça gurlan Türkmenistanyň Awtosport merkeziniň düzümine girizildi.
Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyz ýetginjeklik ýyllaryndan awtomobil sporty bilen meşgullanyp, dürli bäsleşik ulaglarynda öz ussatlygyny birnäçe gezek görkezip, özüniň ýokary derejeli awtosürüjidigini subut etdi.
Sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanýan döwlet Baştutanymyz öz ussatlygyny yzygiderli kämilleşdirýär. Bu bolsa ýurdumyzyň türgenleri üçin ruhlandyryjy güýç bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň “Alfa-Romeo — 2015” Kubogy ugrunda geçirilen bäsleşiklere gatnaşmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Ol ýaryşda milli Liderimiz sport ulaglaryny dolandyrmagyň ýokary derejesini görkezip, pellehana birinji gelmegi başardy.
Häzirki döwürde ýurdumyzyň awto we moto sport ulgamynyň öňünde uly geljek açylýar. Bu babatda hormatly Prezidentimiziň mynasyp goşandynyň bardygyny bellemeli. Zerur şertleriň döredilmegi, ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilmegi, sport ulaglarynyň üstüniň ýokary tizlikli we häzirki zaman görnüşli ulaglar bilen ýetirilmegi sportuň bu gyzykly görnüşine ýaşlaryň işjeň çekilmegini, türgenleriň hem-de tälimçileriň ussatlygynyň ýokarlanmagyny şertlendirdi. Şu ýyl “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” biraýlygynyň çäklerinde Derweze — Gökdepe ugry boýunça awtosport bäsleşigi guraldy. Munuň özi sportuň bu görnüşleri boýunça ýurdumyzda halkara ýaryşlary geçirmek üçin oňyn şertleri üpjün edýär.
Jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň ornaşdyrylmagyna döwlet derejesinde çemeleşmek bilen, hormatly Prezidentimiz köpçülikleýin sport-sagaldyş hereketiniň we ýokary derejeli sportuň höweslendirilmegi, ösdürilmegi, saglygy goraýyş, şypahana-dynç alyş düzümleriniň kämilleşdirilmegi bilen baglanyşykly meseleleri hemişe üns merkezinde saklaýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz syýahatçylyk pudagynyň ösdürilmegine hem ähmiýet berýär.
Ýurdumyzyň tebigy ajaýyplyklary, onuň köpugurly syýahatçylyk mümkinçilikleri, türkmen halkynyň baý taryhy-medeni mirasy ilatyň, aýratyn-da, ýaşlaryň arasynda sagaldyş syýasatyny wagyz etmek üçin oňaýly şertleri üpjün edýär we Türkmenistanyň meşhur halkara syýahatçylyk merkezleriniň birine öwrülmegi üçin giň mümkinçilikleri açýar.
Ýurdumyzda bäsdeşlige ukyply syýahatçylyk pudagyny döretmek, aýratyn-da, onuň has girdejili ugry bolan halkara syýahatçylygy ösdürmek boýunça möhüm wezipeler barada aýtmak bilen, milli Liderimiz bu babatdaky işiň has möhüm ugurlaryny kesgitledi. Munuň özi syýahatçylyk ugurlarynyň geografiýasyny, köpugurlylygyny artdyrmakdan, hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmakdan, pudak üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamakdan we netijeli maglumat-mahabat işini ýola goýmakdan ybaratdyr.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Köýtendagyň tebigatynyň ajaýyp künjeklerini we ýurdumyzyň beýleki tebigy ýadygärliklerini ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň Sanawyna goşmak üçin degişli çäreleriň durmuşa geçirilmegi zerurdyr. Türkmenistanyň ähli künjeklerinde diýen ýaly bar bolan özüneçekiji hem-de ajaýyp ýerleriň abadanlaşdyrylmagynyň wajypdygy, ol ýerlerde myhmanhanalaryň we degişli düzümiň gurulmalydygy barada aýtmak bilen, milli Liderimiz syýahatçylygy sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ykdysadyýetimiziň beýleki pudaklaryny işjeňleşdirmäge ukyply mümkinçilikleri döretmegiň, kiçi we orta telekeçiligi ösdürmegiň, ilatyň iş bilen üpjünçiligini gowulandyrmagyň we onuň girdejisini artdyrmagyň möhüm şerti hökmünde görmelidigini belledi.
Häzirki döwürde Türkmenistanyň tebigy syýahatçylyk we taryhy-medeni desgalarynda jahankeşdeligi söýýänler üçin gyzykly ugurlar üpjün edilýär. Ýurdumyzda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy, meşhur şypahanalar bilen birlikde, Nusaýyň, Dehistanyň, Köneürgenjiň, Köýtendagyň, Gadymy Merwiň ýadygärliklerinden başlap, ähmiýetli syýahatçylyk serişdelerine baý bolan, häzirlikçe dünýä giňden belli bolmadyk ajaýyp hem täsin ýerler bar.
Ýurduň ilatynyň işjeň we doly derejeli dynç alşa bolan islegini kanagatlandyrmak, saglygyny berkitmek, milli medeni gymmatlyklara we taryha isleg döretmek üçin pugta şertleriň döredilmegi syýahatçylygy ösdürmegiň netijeli guralydyr.
Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly türkmen halkynyň baý taryhy-medeni mirasyna häzirki döwrüň üsti bilen täzeçe baha bermäge mümkinçilik döretdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň binýadyny tutan beýik watansöýüjilik ýörelgeleri jemgyýetçilik durmuşynda täze meýilleriň ösdürilmegini şertlendirdi we döwürleriň hem-de nesilleriň arabaglanyşygyny, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşinde milli mirasyň we taryhy tejribäniň ornuny äşgär etdi.
Syýahatçylyk häzirki döwrüň möhüm hereketlendiriji güýji bolup durýar. Onda ruhy mümkinçilikler we ykdysady kuwwatlyk, medeniýet we senagat, ylym we syýahatçylyk, däp-dessur we hyzmat birleşýär. Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komiteti döwlet Baştutanymyzyň öňde goýan wezipelerinden ruhlanyp, ýurdumyzyň taryhy we tebigy ajaýyplyklaryny wagyz etmegiň esasynda içerki syýahatçylygy ösdürmek işiniň netijeliligini ýokarlandyrdy.
Şeýlelikde, 2016-njy ýylyň ýanwar-maý aýlarynda ýurdumyzyň döwlet we hususy syýahatçylyk kärhanalarynda 21360 adama içerki ugurlar boýunça hyzmatlar ýerine ýetirildi. Munuň özi geçen ýylyň degişli döwründäkiden 7 müň adam artykdyr. Şunda goşulan baha salgydy hasaba almanyňda, Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň maliýe-hojalyk işinden alnan girdejiniň ösüş depgini 111,88 göterime deň boldy. Munuň özi 17,1 million manada barabardyr. Onuň 13,8 million manady myhmanhana hyzmatlaryndan, 3,2 million manady bolsa syýahatçylyk hyzmatlaryndan alyndy.
Syýahatçylyk dolanyşygyna täze desgalary çekmek üçin 2016-njy ýylyň aprel aýynda döwlet we hususy syýahatçylyk kärhanalarynyň hünärmenleri we terjimeçileri üçin Paryzdepe ýadygärliginde ýörite maslahat geçirildi. Maslahata gatnaşyjylaryň öňünde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Milli golýazmalar institutynyň we Arheologiýa we etnografiýa institutynyň ylmy işgärleri wagyzçy-bilermen hökmünde çykyş etdiler.
Ýaz aýlarynda “Türkmensyýahat” döwlet kärhanasy Köýtendagyň ajaýyp ýerlerine, bu täsin künjekde ýerleşýän gowaklara yzygiderli syýahatlary gurady.
Syýahatçylygy ösdürmek bilen baglanyşykly meseleler barada aýdylanda, ýurdumyzyň taryhy ýadygärlikleri bilen bir hatarda, soňky döwürde Hazaryň kenary has-da özüneçekijiligi bilen tapawutlandy. Awazanyň ösüşiniň uly geljeginiň bardygyny nazara almak bilen, daşary ýurtlaryň syýahatçylyk operatorlary bu künjege dünýäniň deňiz şypahana, dynç alyş we ýahta syýahatçylygy boýunça uly geljegi bolan ýer hökmünde garaýarlar.
Syýahatçylyk ugurlaryny döwrebaplaşdyrmak bilen bir hatarda pudakda hyzmatyň medeniýetini ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler dowam edýär. Şu maksat bilen Awazada şypahananyň myhmanhana pudagynyň işgärleri üçin okuw geçirilýär. Ol işgärler üçin özboluşly synag bolup, hyzmatyň derejesi boýunça iň gowy myhmanhana adyny almak ugrunda guralýan bäsleşige öwrülýär.
Halkara derejede hem maksatnamalaýyn çäreler durmuşa geçirilýär. Deňiz syýahatçylygynyň ösdürilmeginiň geljegi uly hasaplanylýar. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna goňşy ýurtlardan syýahatçylary çekmek boýunça ägirt uly mümkinçilikler açylýar. Hususan-da, Hazar deňzi boýunça Türkmenbaşydan Azerbaýjanyň we Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň deňiz menzillerine awto-ýolagçy gämileriniň gatnadylmagy bu işleriň netijeliligini artdyrýar. Türkmen tarapy goňşy döwletleriň syýahatçylyk operatorlary üçin ýurdumyzyň syýahatçylyk ugurlary babatda göni işewür gatnaşyklary ýola goýmaga niýetlenen ýörite tanyşlyk çärelerini guramagy teklip edýär.
Syýahatçylyk babatda hökümetara ylalaşyklarynyň durmuşa geçirilmeginde, daşary ýurtlarda guralýan sergilere, ýarmarkalara, maslahatlara we beýleki pudaklaýyn halkara çärelerine gatnaşmaga möhüm orun degişli bolup durýar. Pudagyň işgärleriniň hünär derejesi we syýahatçylygyň ösdürilmegi bilen ýurdumyzyň myhmanhana işi yzygiderli ýokarlandyrylýar.
Soňky ýyllarda ýurdumyzyň wekiliýetleriniň Germaniýada geçirilýän “ITB Berlin”, Awstriýada geçirilýän “Ferien-Messe Wien”, Ispaniýada geçirilýän “FITUR”, Ýaponiýada geçirilýän “JATA Travel Showcase” ýaly dünýäniň iri syýahatçylyk ýarmarkalaryna gatnaşmagy däbe öwrüldi. Şu ýyl Finlýandiýanyň paýtagty Helsinkide ýurdumyzyň syýahatçylyk mümkinçilikleri görkezildi. Ol ýerde halkara syýahatçylyk sergisi geçirildi. Onda Türkmenistanyň öňden gelýän we täze ugurlary görkezildi, ýurdumyzda syýahatçylyk çäreleriniň maksatnamasy bilen tanyşdyryldy.
Nowruz baýramçylygy günlerinde dünýäniň 50-ä golaý syýahatçylyk agentlikleriniň we kompaniýalarynyň wekilleri, menejerleri üçin Türkmenistan boýunça maglumat-tanyşdyryş çäresi guraldy. Ýewropadan, Aziýadan we Amerikadan gelen hünärmenler milli baýramçylyklara gatnaşyp, türkmen halkynyň gadymy däp-dessurlaryna, halk döredijiliginiň ajaýyp dünýäsine, milli aşhananyň tagamlaryna çuňňur aralaşdylar.
Olar Türkmenistany baý taryhy mirasy, ajaýyp we gaýtalanmajak tebigaty, täsin medeniýeti we döwrebap durmuşy bolan zehinli, zähmetsöýer halky bolan ülke hökmünde açyp görkezýän ugurlar boýunça syýahatlary guradylar. Myhmanlar diňe bir syýahatçylyk ugurlarynyň mazmuny bilen däl, eýsem, myhmanhana düzüminiň, hyzmatlar ulgamynyň ösüş derejesi bilen tanyşdylar. Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň oňyn netijelerini gözleri bilen gördüler.
Her ýylyň sentýabrynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda milli agentlikleriň dünýäniň köp ýurtlaryndan hyzmatdaş düzümleriň we ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda halkara sergi we “Syýahatçylyk we jahankeşdelik” atly maslahat geçirilýär. Bu çäre Türkmenistanyň syýahatçylyk tekliplerini we ajaýyplyklaryny, baý medeni mirasyny dünýä ýurtlaryna açyp görkezmek, ýurdumyzyň şypahana-dynç alyş merkezlerini wagyz etmek üçin oňyn meýdança bolup durýar.
Syýahatçylyk pudagynda häzirki zaman bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegi, netijeli guramaçylyk çemeleşmeleriň ornaşdyrylmagy, ykdysadyýetiň bu pudagynda telekeçilik başlangyçlarynyň höweslendirilmegi, maýa goýumlaryň çekilmegi we uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi, ykdysadyýetiň ulag-aragatnaşyk, söwda we gurluşyk, oba hojalygy, halkyň sarp edýän harytlarynyň önümçiligi ýaly pudaklaryň serişdeleriniň herekete girizilmegi we başga-da birnäçe meseleler daşary ýurtly işewürler, Ýewropa ýurtlarynyň we dünýäniň beýleki döwletleriniň halkara assosiasiýalarynyň we milli syýahatçylyk agentlikleriniň ýolbaşçylary hem-de hünärmenleri bilen geçirilýän gepleşiklerde ara alnyp maslahatlaşylýar.
Pudagyň işgärleriniň hünär derejesiniň dünýä ülňülerine we meýillerine laýyk derejede ösdürilmegine ähmiýet berilýär. Hususan-da, Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň ýaş hünärmenleri Ýaponiýada hünär derejesini ýokarlandyrmak möwsümini geçdiler. Şeýle hem ýurdumyzyň syýahatçylyk pudagynyň ýolbaşçy düzümleriniň wekilleri Berlinde guralan hünär synag okuwyna gatnaşdylar.
Häzirki döwürde Aziada — 2017-niň medeni we syýahatçylyk maksatnamasynyň işlenip taýýarlanylmagyna aýratyn üns berilýär. Ol ýurdumyzyň myhmanlaryna syýahatçylyk mümkinçilikleri açyp görkezmäge, arheologiýa we binagärlik ýadygärliklerine, ajaýyp tebigy aýratynlyklarymyza, taryhy we ähmiýetli künjeklerimize, ýurdumyzyň muzeýlerine, teatrlaryna we sergi zallaryna syýahatçylaryň çekilmegini şertlendirýär. Bu maksatnamada ýurdumyzyň etnografiýa we folklor baýlygy, halk senetkärligi, döwrebap amaly-haşam we şekillendiriş sungaty bilen tanyşlyga möhüm orun degişli bolup durýar.
Türkmenistanyň tebigy syýahatçylyk we taryhy-medeni mümkinçilikleri, halkyň baý taryhy we özboluşly mirasy syýahatçylyk pudagynyň ösdürilmeginiň möhüm şerti bolup durýar. Olar ýurdumyzyň bu ulgamdaky halkara derejesiniň ýokarlanmagyny we onuň dünýäniň syýahatçylyk ulgamynda möhüm orun eýelemegini şertlendirýär.
Şu ýyl hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň çözgüdi bilen Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komiteti medeniýet pudagynyň guramalar we edaralar ulgamyna goşuldy. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, munuň özi pudaklaryň has ýygjam gatnaşyklary üçin şertleri döreder we ýurdumyzyň taryhy we medeni ýadygärliklerine gelýän syýahatçylaryň işjeň çekilmeginiň hasabyna pudagyň yzygiderli ösdürilmegini şertlendirer. Beýleki tarapdan bolsa, munuň özi türkmen halkynyň medeni mirasynyň tutuş dünýäde wagyz edilmegine mümkinçilik berer.
Şeýle hem bu çözgüt Medeniýet ministrliginiň ýurdumyzyň taryhy ýerlerini we ýadygärliklerini döwlet tarapyndan goramak ulgamyndaky ornuny artdyrar. Hormatly Prezidentimiziň 18-nji fewralda gol çeken Kararyna laýyklykda, medeni mirasyň desgalaryny, ýurdumyzyň gozgalmaýan taryhy ýadygärliklerini gorap saklamak maksady bilen, gurluşyk işleri ýa-da çägi abadanlaşdyrmak boýunça beýleki işler diňe Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen ylalaşylan ýagdaýda alnyp barlar.
Bu täzelik Türkmenistanyň çäginde bar bolan medeni mirasa degişli desgalary goramak işine gözegçiligiň netijeliliginiň ýokarlanmagyna mümkinçilik berer we olaryň jikme-jik öwrenilmegini hem-de syýahatçylyk dolanyşygyna işjeň goşulmagyny, has doly wagyz edilmegini şertlendirer. Mundan başga-da, Türkmenistanyň sagaldyş we lukmançylyk syýahatçylygy geljegi uly ugurdyr. Syýahatçylyk baradaky häzirki zaman düşünjeleri sagdyn durmuş ýörelgeleriniň saklanmagy we adamlaryň täsin täsirlere, jahankeşdelige bolan meýilleri bilen berk baglanyşykly bolup, ol köplenç ýagdaýda, sagaldyş ýörelgesi bilen utgaşýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sagaldyş syýasatyny ösdürmek baradaky başlangyjy esasynda ýurdumyza bu ulgam ilat üçin elýeterli we köpçülikleýin häsiýete eýe boldy. Bu pudagyň dünýäniň syýahatçylyk hyzmatlary bazaryna mynasyp goşulmagy üçin amatly şertler döredilýär.
Ýurdumyzyň şypahanalary, dynç alyş merkezleri, ajaýyp çeşmeleri bilen şöhrat gazanan ýerleri dünýäniň dürli ýurtlaryndan jahankeşdeleri öňräkden bäri özüne çekýär. Ýöne lukmançylyk ýa-da bejeriş syýahaty ýaly aýry-aýry düşünjeler bar. Munuň özi diňe bir goşmaça çäreleri däl-de, öňi bilen doly derejeli lukmançylyk hyzmatyny nazarlaýar. Häzirki döwürde dünýäniň lukmançylyk syýahatçylyk pudagynyň ösüş depgini syýahatçylygyň beýleki ugurlary bilen deňeşdirilende has ýokary bolup durýar.
Ýurdumyzda täze lukmançylyk, halkara derejesindäki ylmy-kliniki merkezleriň ulanmaga berilmegi lukmançylyk syýahatçylygyny ösdürmek üçin möhüm şertleriň emele gelmeginiň esasyny düzýär. Milli saglygy goraýyş ulgamynyň giň döwrebap binýadynda Türkmenistan ýakyn wagtda dünýä lukmançylyk syýahatçylygynyň meşhur ugurlary bilen mynasyp bäsleşik edip bilýän düzümini döredýär we ony giňeltmegi dowam edýär.
Ýeri gelende aýtsak, nemes professorlary biziň lukmançylyk merkezlerimize gelip görenlerinde türkmen lukmanlarynyň ygtyýaryna gelip gowşan täze enjamlaryň Germaniýanyň öňdebaryjy klinikalarynda hem ýokdugyny bellediler. Şunlukda, tehnologik artykmaçlygyň Türkmenistanyň lukmançylyk syýahatçylygy bazaryna goşulmagynyň möhüm şerti bolmagy mümkindir.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyna girizilen täze ugur we üstünlikli durmuşa geçirilýän özgertmeler türkmen lukmançylygyny dünýäniň ösen derejesine çykmagy üçin ägirt uly mümkinçilikleri açýar. Bu bolsa öz gezeginde Türkmenistanda syýahatçylygyň öňdebaryjy ugurlarynyň biri hökmünde lukmançylyk syýahatçylygynyň ösdürilmegi üçin binýady emele getirer. Bu ulgamda täze hyzmatlaryň döremegi ýurdumyzyň ýokary derejede ösen döwlet hökmünde dünýäde meşhur bolmagyny üpjün eder.
Daşary ýurtlarda köp adamlary syýahatçylyk maksatnamasy bilen bejerişi utgaşdyrmak mümkinçiligi gyzyklandyrýar. Bu babatda biziň ýurdumyzda ajaýyp mümkinçilikler we ägirt uly serişdeler bar. Tejribäniň görkezişi ýaly, häzirki zaman syýahatçylaryny haýsydyr bir ajaýyplyklar bilen özüňe çekmek mümkin däl. Olary diňe bir ajaýyp taryhy ýadygärlikler, özboluşly medeniýet däl, eýsem, hyzmatyň derejesi, ýurtdaky durmuş taýdan durnuklylyk we ekologiýa abadançylygy özüne çekýär. Syýahatçylykda has meşhur we ähmiýetli şert hökmünde tebigy howa şertleriniň bejeriş aýratynlygy, mineral çeşmeler, bejeriş palçygy bolan känler öňe çykar.
Ýurdumyzda we tutuş dünýäde şypahana-sagaldyş syýahatçylygynyň ähmiýeti has-da ýokarydyr. Bu ugruň ösüşi togtamaýar. Şypahanalaryň tehnologik we binagärlik taýdan döwrebaplaşdyrylmagyndan başga-da, bejerişiň we olardaky hyzmatyň hili gowulandyrylýar. Dynç alyş pursatlarynyň görnüşleri artdyrylýar. Umumy milli derejede geçirilýän giň möçberli tebigaty goramak işleri Türkmenistanyň syýahatçylyk pudagynyň ösdürilmegine oňyn täsirini ýetirýär.
Häzirki döwürde türkmen hünärmenleri biziň ýurdumyza guralýan syýahatçylyk gezelençlerini sagaldyş we medeni-dynç alyş, muzeýlere, taryhy ýerlere we türkmen tebigatynyň ajaýyplyklaryna guralýan gezelençler bilen netijeli utgaşdyrmaga mümkinçilik berýän şertler, milli däp-dessurlar, aşhana bilen tanyşdyrmak ýaly ugurlaryň üstünde işleýärler. Syýahatçylygy saglygy goraýyş bilen baglanyşdyrmagyň kömegi arkaly ýurdumyzyň myhmanlary baý taryhy mirasyň, tebigy gözellikleriň, halkymyzyň myhmansöýerliginiň üsti bilen ajaýyp ýurduň aýratynlyklaryna göz ýetirerler.
Şeýlelikde, döwlet Baştutanymyzyň yzygiderli alada etmegi we goldaw bermegi netijesinde syýahatçylyk pudagy möhüm ugurlaryň birine öwrülýär we halkara hyzmatdaşlyk üçin giň mümkinçilikleri açýar. Şunlukda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasy bilen milli ykdysadyýetimiziň ösüş depginlerini çaltlandyrmagyň, ony döwrebaplaşdyrmagyň, serişde mümkinçiliginden eksport ugruna geçmegiň kuwwatly guralyna möhüm orun degişli bolup durýar. Bu bolsa döwletimiziň dünýäniň bäsdeşlige ukyply ýurtlarynyň hatarynda öz ornuny pugtalandyrmagyny üpjün edýär.