Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Türkmenistanda şu ýyl Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly diýlip yglan edildi. Bu kesgitlemäniň çuňňur manysy milletimiziň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ruhy gymmatlyklarynyň ileri tutulýandygyny şöhlelendirýär. Şol gymmatlyklar bolsa Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe biziň döwletimiziň hem-de jemgyýetiniň, onuň ählumumy taryhy we filosofiki
babatda medeniýetiň ösüşini kesgitleýär.
9. Medeniýet ulgamy
Durnuklylyk, jebislik, ruhy bütewilik türkmenler üçin gadymdan bäri uly kuwwaty hasaplanylýar. Beýik türkmen şahyrlarynyň we akyldarlarynyň mähriban topragymyzyň gülläp ösmegini hem-de halkymyzyň bagtyýarlygyny hut şu düşünjeler bilen baglanyşdyrandygy tötänden däldir. Eziz Watanymyzyň häzirki taryhy döwrüniň wakalary munuň aýdyň subutnamasydyr.
Ýurdumyz dünýä giňişliginde diňe bir ýokary ykdysady mümkinçilikleri bolan kuwwatly döwlet hökmünde däl, eýsem, ruhy we döredijilik babatda ägirt uly kuwwata eýe bolan ýurt hökmünde hem ykrar edilip, giň medeni alyşmalar, özüniň taryhy-medeni mirasyny wagyz etmek syýasatyny işjeň durmuşa geçirýär.
Halkara ynsanperwer hyzmatdaşlyk ulgamyndaky syýasat medeniýetleriň özara baýlaşmagyna hem-de Türkmenistanyň dünýäniň medeni giňişligine goşulyşmagyna gönükdirilendir. Munuň özi demokratik döwlet hökmünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parahatçylyk söýüjilikli syýasatynyň pikirleriniň dünýäde öňe ilerlemegi hem-de ýurdumyzyň abraýynyň artmagy üçin uly ähmiýete eýedir. Döwletimiz beýleki medeniýetler üçin açykdyr. Şu babatda dostlukly ýurtlaryň Türkmenistandaky Medeniýet günleri hem-de iri halkara döredijilik çäreleri we forumlary uly ähmiýete eýedir. Olar medeniýetleriň özara baýlaşmagyna, dünýäde Türkmenistanyň gazananlaryny giňden wagyz etmäge ýardam edýär. Mysal üçin, 2012-nji ýyl şeýle wakalara baý boldy. Şonda ýurdumyzda Eýran Yslam Respublikasynyň, Belarus Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň, Türkiýe Respublikasynyň, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Medeniýet günleri geçirildi.
Awstriýa Respublikasynda, Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynda we Ukrainada türkmen medeniýeti milli öwüşginlerde görkezildi. Şol ýurtlarda Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçirildi. Türkmenistan EXPO – 2012 Bütindünýä köpugurly sergisinde türkmen medeniýetini we sungatyny tanyşdyrmak üçin Günorta Koreýanyň Ýosu şäherine döredijilik toparyny iberdi.
Belarusuň paýtagtynda Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň çykyşlary üstünlikli geçdi. Gaýtadan dikeldilen sirk sungatynyň iň gowy däplerini dowam etdirýän “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň çapyksuwarlarynyň ahalteke bedewlerinde ýerine ýetiren çykyşlary hemmeleri haýran galdyrdy.
Aprel aýynda Aşgabatda geçirilen “Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty” atly halkara festiwaly ýurdumyzyň medeni durmuşynda aýdyň waka boldy. Teatr sungatynyň baýramçylygy dünýäniň 11 ýurdundan döredijilik toparlaryny hem-de dramaturglary, teatr tankytçylaryny we teatr sungaty ulgamynyň beýleki hünärmenlerini birleşdirdi. Tomaşaçylara dürli žanrlarda sahna oýunlarynyň birnäçesi görkezildi.
Ýurdumyzyň şypahana mümkinçiliklerini durmuşa geçirmekde medeniýet ulgamynyň orny barha artýar. Şunuň bilen baglylykda, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda “Awaza-2012” halkara sergisiniň, sungat festiwalynyň we ylmy maslahatyň geçirilmegi bellärliklidir. Hut şu ugruň sazlaşykly utgaşdyrylmagy döwlet Baştutanymyzyň başyny başlan giň möçberli durmuş-ykdysady taslamasynyň üstünlikli amala aşyrylmagyny üpjün edýär.
Güýzde “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy dünýäniň 24 ýurdundan ýaş zehinleriň 500-den gowragyny birleşdiren çagalar döredijiliginiň halkara festiwalynyň gatnaşyjylaryny kabul etdi, oktýabr aýynda bolsa türkmen deňizýakasy döredijilik, medeniýet we sungat işgärleriniň, ýaş höwesjeň aýdymçylaryň hem-de zehinli çagalaryň arasynda her ýylda yglan edilýän Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasynyň geçirilýän ýerine öwrüldi.
2012-nji ýylda “Kitap—hyzmatdaşlygyň we ösüşiň ýoly” atly kitap önümleriniň VII Halkara sergi ýarmarkasy, şeýle hem türkmen neşirýatçylarynyň Moskwadaky halkara kitap sergi-ýarmarkasyna gatnaşmagy ýurdumyzyň neşirýat işinde gazanan uly üstünliklerini görkezdi. Sergi - ýarmarkasynda häzirki Türkmenistanyň gazanýan üstünlikleri, onuň baý taryhy-medeni mirasy barada gürrüň berýän neşirleriň onlarçasy bilen birlikde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen halylary baradaky “Janly rowaýat” atly kitaby, “Görogly” eposynyň sowgatlyk neşiri, türkmen nusgawy şahyrlarynyň we ýazyjylarynyň eserleri hödürlenildi.
BMG-niň ulgamyndaky özboluşly intellektual forum hökmünde Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmek halkara medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk ulgamynda Türkmenistanyň durmuşa geçirýän syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şol gatnaşyklar bolsa medeniýet, ylym we bilim ulgamlarynda dünýä ähmiýetli meseleleriň çözgüdini gözlemäge mümkinçilik berýär. ÝUNESKO-nyň howandarlygynda iş alyp barýan “Kunstwelt e. V. Berlin” nemes medeniýet jemgyýetiniň özüniň “Öňdengörüjileriň ýodasy” atly taslamasy üçin türkmen nusgawy şahyry Döwletmämmet Azadyny saýlap almagy parahatçylyk dörediji ýurt hökmünde Türkmenistanyň halkara abraýynyň barha artýandygynyň, bütin dünýäde onuň taryhyna hem-de türkmen halkynyň ruhy mirasyna gyzyklanmanyň ýokarlanýandygynyň subutnamasyna öwrüldi. Bu taslama dürli döwletleriň we halklaryň ajaýyp işgärlerine wekilçilik edýär. Türkmen şahyrynyň üç dildäki – türkmen, nemes we iňlis dillerindäki parasatly sözleri açyk asmanyň astyndaky serginiň ýörite pannolarynda ýerleşdirildi. ÝUNESKO agza ýurtlaryň milli edebiýatlarynyň ajaýyp wekilleriniň parasatly sözleri şol serginiň gymmatlygyna öwrülýär.
2012-nji ýylda Magtymguly adyndaky Milli sazly-drama teatrynda “Magtymguly” atly täze operanyň görkezilişi boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Medeniýet we sungat işgärleriniň gününde goýlan sahna oýnunyň hormatly tomaşaçysy boldy.
Milli Liderimiziň Kararyna laýyklykda, medeniýet ulgamynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleriniň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek türkmen halkynyň medeniýet we sungat ulgamynda, milletiň ruhy taýdan galkynmagynda, ýaşlaryň medeni dünýägaraýşyny giňeltmekde gazanan üstünliklerini wagyz etmek maksady bilen döredilen “Medeniýet” žurnalynyň birinji sany 2012-nji ýylyň mart aýynda çapdan çykdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça täzeden neşir edilen “Görogly” eposy giň okyjylar köpçüligi üçin ajaýyp sowgat boldy. Şol ýylyň täze kitaplarynyň arasynda beýik türkmen nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň şygyrlar ýygyndysy hem bar. Bu uly göwrümli kitap özüne şahyryň 400-e golaý eserini, şol sanda häzirki türkmen dilinde ilkinji gezek çap edilen şygyrlaryny birleşdirdi.
2012-nji ýylda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça ýurdumyzyň dürli welaýatlarynda her ýyl Medeniýet hepdesini geçirmek baradaky çözgüt kabul edildi. Şeýlelikde, ýurdumyzyň medeniýetini ösdürmäge ýardam edýän täze däbiň düýbi tutuldy. Degişli resminamalaryň hatarynda her ýylyň aprel aýynda ahalteke bedewleriniň halkara bäsleşigini geçirmek, şeýle hem ahalteke atlarynyň gözelligini çeperçilik taýdan beýan etmek boýunça döredijilik bäsleşiklerini guramak bilen baglanyşykly Kararlary görkezmek bolar.
Türkmenistanyň 2012-nji ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna başlyklyk etmeginiň özi hem halkara medeni alyşmalar syýasatyny durmuşa geçirmekde aýratyn orun eýeledi. Mälim bolşy ýaly, medeni-ynsanperwer ulgamda giň halkara gatnaşyklaryny ösdürmek Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmeginiň konsepsiýasynyň möhüm ugurlarynyň biri boldy.
Biziň ýurdumyzyň GDA-da başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçirilen medeni çäreleriň uly möçberli sanawynda “GDA ýurtlary fotokameralaryň obýektiwinde” atly surat sergisi, Hazaryň ajaýyp türkmen kenarynda geçirilen Halkara çagalar festiwaly hem bar. Medeni alyşmalar maksatnamasyny durmuşa geçirmekde Mary şäheriniň 2012-nji ýylda GDA-nyň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi bilen baglylykda geçirilen çärelere aýratyn orun berildi.
Maryda geçirilen forumlaryň hatarynda hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça geçirilen “Gadymy Merw — dünýä siwilizasiýasynyň merkezi” atly halkara maslahat hem bar. Ol diňe bir biziň ýurdumyzyň bu iri arheologiki toplumynyň ýadygärliklerini däl, eýsem, tutuş sebitiň ýadygärliklerini hem öwrenmäge, halkara ylym we medeniýet ulgamlaryndaky gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga ýardam etdi. Goňurdepede edilen açyşlara aýratyn üns berildi. Olara soňky onýyllyklaryň beýik arheologiki açyşlary babatda garaldy. 2012-nji ýylda Arkalaşygyň medeni paýtagty ýatdan çykmajak döredijilik baýramçylygynyň – GDA ýurtlarynyň meşhur estrada aýdymçylarynyň hem-de Türkmenistanyň sungat ussatlarynyň uly konsertiniň hem geçirilen ýerine öwrüldi.
15-16-njy oktýabrda Aşgabatda geçirilen GDA gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň VII forumy GDA agza ýurtlaryň medeni-ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlygynyň kuwwatyndan netijeli peýdalanmakda möhüm waka boldy. “GDA gatnaşyjy döwletleriň gumanitar hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň strategiýasy: ugurlar we onuň geljegi” atly forum biziň ýurdumyz tarapyndan GDA agza ýurtlaryň gumanitar hyzmatdaşlyk baradaky Geňeşiniň we gumanitar hyzmatdaşlygyň Döwletara gaznasynyň goldaw bermeginde guraldy.
GDA giňişligindäki bu iri waka Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagy onuň ähmiýetini has-da artdyrdy. Türkmen döwletiniň Baştutany ýygnananlaryň öňünde giňişleýin çykyş edip, GDA-nyň işine oňyn baha berdi we döwletara hyzmatdaşlygyny, şol sanda medeni-ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak boýunça derwaýys wezipeleri kesgitledi.
2013-nji ýyl hem ýurdumyzyň medeni diplomatiýany yzygiderli durmuşa geçirýändigine şaýatlyk edýän möhüm wakalara baý boldy. Şol diplomatiýa bolsa çuňňur özgertmeleriň başyny başlaýjy hökmünde Türkmenistanyň halkara giňişliginde abraýynyň barha artmagyny şertlendirdi.
Birleşen Milletler Guramasynyň bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça (ÝUNESKO) 2013-nji ýylyň noýabrynda Fransiýa Respublikasynyň paýtagtynda geçirilen Baş maslahatynyň 37-nji mejlisinde Türkmenistan ilkinji gezek ÝUNESKO-nyň Ýerine ýetiriji Geňeşiniň 2013-2017-nji ýyllar üçin agzalygyna saýlanyldy. Şeýlelikde, ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni we tebigy mirasy goramak boýunça Konwensiýasyna goşulan biziň döwletimiziň eýeleýän ornuna ýokary baha berildi. Ýurdumyzda dünýä siwilizasiýasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýan taryhy-medeni we tebigy gymmatlyklary geljekki nesiller üçin aýawly saklamak boýunça giň gerimli işler yzygiderli geçirilýär.
2013-nji ýylda ýurdumyzda giňden bellenilen Halkara Nowruz baýramy ynsanperwer ulgamda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekde şanly waka boldy. Ol dostlukly ýurtlaryň döwlet Baştutanlaryny we resmi wekiliýetleriniň ýolbaşçylaryny, halkara guramalarynyň wekillerini birleşdirdi. Nowruz baýramynyň köpsanly myhmanlarynyň hatarynda daşary ýurtlaryň alymlary, medeniýet işgärleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri we döredijilik toparlary boldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Nowruz—parahatçylygyň we ynsanperwerligiň baýramy” atly halkara maslahatynda eden çykyşynda Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ynsanperwerlik ugrunyň üýtgewsizdigini belläp, dünýäniň döwletleri we ilkinji nobatda, goňşy döwletler bilen dostlukly gatnaşyklary has-da ösdürmegiň şol ugruň esasy ýörelgeleriniň biri bolup durýandygyny aýtdy. Milli LIderimiz dünýä bileleşigini milli baýramçylyklarymyz we däp-dessurlarymyz bilen tanyşdyrýan ýörite neşiri döretmek, ony “Nowruz” diýip atlandyrmak we bahar baýramynyň öň ýanynda çap etmek barada başlangyjy öňe sürdi. Döwlet Baştutanymyzyň maslahata gatnaşyjylar tarapyndan gyzgyn goldanan ýene bir teklibi Nowruz baýramyna bagyşlanan iň gowy edebi-çeper we beýleki sungat eserleriniň halkara döredijilik bäsleşigini geçirmek bilen baglydyr. Bu halklary has-da ýakynlaşdyrmak we medeniýetleri özara baýlaşdyrmak üçin uly ähmiýete eýedir.
Köp sanly myhmanlar türkmen halkynyň baý medeni mirasy bilen tanyşdyryldy. Nowruzy garşylamagyň aýratynlyklaryny we öz däp-dessurlaryny dürli öwüşginli festiwalda Tatarystanyň (Russiýa Federasiýasy), Türkiýäniň, Owganystanyň, Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Pakistanyň we Täjigistanyň wekiliýetleri görkezdiler. Halkara toý dabarasyna gatnaşan ýurtlaryň sungat ussatlarynyň bilelikdäki konserti milli medeniýetleriň özboluşly ýörişini jemledi.
Medeni diplomatiýa babatda 2013-nji ýyly Türkmenistanyň dünýäniň maglumatlar giňişliginde eýeleýän ornuny berkiden ýyly diýip hasaplamak bolar. Birnäçe web-saýtlaryň, şol sanda Nowruz baýramyna, milli buýsanjymyz bolan türkmen bedewlerine, türkmen medeniýetine hem-de ak mermerli Aşgabada bagyşlanan web-saýtlaryň açylmagy munuň aýdyň subutnamasydyr.
Türkmenistanyň ABŞ-da, Türkiýe Respublikasynda, Birleşen Arap Emirliklerinde geçirilen Medeniýet günleriniň, şeýle hem Ukrainanyň, Täjigistanyň, Hindistanyň, Hytaýyň ýurdumyzda geçirilen Medeniýet günleriniň çäklerinde guralan çäreler, ýapon medeniýetiniň hepdeligi we beýleki bilelikdäki döredijilik çäreleri ynsanperwer ulgamda halkara hyzmatdaşlygynyň okgunly ösýändigini aýdyňlyk bilen görkezdi.
Türkmenistanyň we Russiýanyň halklarynyň ruhy taýdan özara baýlaşmagynda hem-de ýakynlaşmagynda paýtagtymyzdaky Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde geçirilen XX asyryň ajaýyp rus suratkeşleri Nikolaý we Swýatoslaw Rerihleriň eserleriniň sergisi ähmiýetli waka boldy. Aşgabatda görkezilen bu sergi Moskwadaky Gündogaryň döwlet muzeýiniň ýygyndylarynyň işleriniň 55-sini özünde jemledi. Medeni alyş-çalşyň ýene-de bir çäresi noýabrda Aşgabatda geçirilen Astrahanyň drama teatrynyň çykyşlary boldy. Iki doganlyk ýurduň halklarynyň gadymy dostlugynyň we özara düşünişmeginiň pugtalanmagyna, türkmen-rus kinematografiýaçylarynyň hünär taýdan gatnaşyklarynyň ösmegine Türkmenistanda “Mosfilmiň” günleri ýardam etdi. Ol bu çäräniň her ýyl türkmen paýtagtynda geçirilmek däbiniň başyny başlady.
“Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar hem-de Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň “Türkmen jigitleri” toparlarynyň agzalarynyň oktýabr aýynda Russiýa Federasiýasynyň paýtagtynda geçirilen sirk sungatynyň Bütindünýä festiwalynda çykyşy ajaýyp üstünlige beslendi. Türkmen çapyksuwarlary ajaýyp ahalteke bedewlerinde dünýä sirk sungatynyň abraýly gözden geçirilişine ilkinji gezek gatnaşyp, baba-bat bäsleşigiň birnäçe baýraklaryna—festiwalyň eminler toparynyň baş baýragy bolan “Altyn idol” kubogyna, “Galkynyş” topary Monte-Karlodaky Halkara sirk festiwalynyň ýörite baýragyna—Monte-Karloda 15-nji festiwala çakylyga, ýerine ýetirijilik ussatlygy üçin Italiýanyň Werondaky Sirk sungaty merkezinden ýörite baýraga we diploma, halkara žurnalistlerinden ybarat eminler toparynyň “Bürünç manež” kubogyna mynasyp boldular. Dekabr aýynda bolsa Türkiýe Respublikasynyň paýtagtynda türkmen çapyksuwarlaryna el çarpyldy. Şol ýerde olaryň çykyşlary üstünlige eýe boldy.
Hazaryň kenarynda awgust aýynda bolan «Awaza--dostluk ülkesi» atly zehinli çagalaryň IV halkara çäresi festiwal hereketiniň hem-de çagalar sagaldyş edaralarynyň merkezi hökmünde “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň mümkinçiliklerini ýene-de bir gezek görkezdi. Oňa Germaniýadan, Hytaýdan, Keniýadan, Latwiýadan, Russiýadan, Azerbaýjandan, Ermenistandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Täjigistandan, Özbegistandan we Türkmenistandan çagalar sungat mekdepleriniň okuwçylary dürli döredijilik öýlerinde, studiýalarda hem-de gurnaklarda terbiýelenýänler gatnaşdylar.
Türkmen halkynyň baý taryhy-medeni mirasy, şol sanda özboluşly birnagärlik ýadygärlikleri noýabr aýynda paýtagtymyzyň “Mekan” köşgünde geçen “Türkmenistanyň müňýyllyklardan gözbaş alýan binagärlik medeniýeti” atly halkara ylmy maslahata gatnaşyjylaryň üns merkezinde boldy. Ilkinji gezek maslahatyň çäklerinde Russiýadan, ABŞ-dan, Kanadadan, Awstriýadan, Beýik Britaniýadan, Germaniýadan, Fransiýadan, Ýaponiýadan, Koreýa Respublikasyndan, Ysraýyldan, Eýrandan, Türkiýeden, Kubadan, Wýetnamdan, Kombojadan, Polşadan, Belarusdan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Täjigistandan, Özbegistandan bolan diňe bir taryhçylar, arheologlar we sungaty öwrenijiler däl, eýsem, binagärler hem duşuşdylar, olaryň hatarynda dünýä belli tanymal adamlar bar.
Iýun aýynyň iň soňky hepdesinde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ilkinji gezek Medeniýet hepdeligi geçirildi. Ol dünýäniň köp ýurtlarynyň medeniýet we sungat wekillerini birleşdirdi. Türkmenistanyň Medeniýet we sungat işgärleriniň gününe gabatlanan döredijilik çäresiniň çäklerinde döredijilik bäsleşikleri, maslahatlar, halk döredijiligi çykyşlary, türkmen we daşary ýurt artistleriniň gatnaşmagynda ussatlyk çykyşlary, jemleýji konsert, sungat eserleriniň halkara sergisi, ýurdumyzyň neşirýat önümleriniň sergisi, taryhy-medeni ýadygärlikler, türkmen tebigatynyň özboluşly künjekleri, ýurdumyzyň ajaýyp syýahatçylyk ýerleri hakyndaky kinofilmleriň görkezilişleri we beýleki çäreler geçirildi.
2013-nji ýylda Halkara türkmen-rus arheologik ekspedisiýasy tarapyndan Goňurdepede geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde ýüze çykarylan hem-de türkmenleriň gadymy taryhyny we medeniýetini goşmaça maglumatlar bilen has-da baýlaşdyran birnäçe arheologik açyşlar hasaba alyndy.
Ahalteke bedewleriniň gözelligini çeper beýan etmek boýunça ilkinji gezek bäsleşik geçirildi. 2013-nji ýyl hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Döwlet guşy”diýen romanynyň çapdan çykmagy bilen taryha girdi. Roman türkmen döwletiniň Baştutanynyň kakasy—Mälikguly Berdimuhamedowyň ömrüniň pursatlary barada gürrüň berýär. Onuň çagalyk ýyllary 1941—1945-nji ýyllaryň ýowuz uruş ýyllaryna gabat geldi. Romanda resminama maglumatlarynyň esasynda Watana we halka gulluk etmek ýaly mukaddes işe wepaly, ahlakly we asylly ynsanyň belent röwşen keşbi hemmetaraplaýyn açylyp görkezilýär. Kitapda şeýle hem Mälikguly Berdimuhamedowyň ýowuz kyrkynjy ýyllar baradaky goşgulary çap edilipdir. 2013-nji ýylyň täze kitaplarynyň hatarynda Halkara Nowruz baýramçylygyna, onuň döreýşiniň taryhyna hem-de baýram edilişiniň däp-dessurlaryna bagyşlanylan “Nowruznama” atly ylmy-populýar neşir, şeýle hem “Nowruz—türkmen halkynyň milli baýramy” atly monografiýa çap edildi.
2013-nji ýylda beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň hormatyna bagyşlanylyp, daşary ýurtlaryň birnäçesinde geçirilen çäreler ýurdumyzyň medeni mirasyna bildirilýän uly gyzyklanmanyň subutnamasyna öwrüldi. Şol sanda Rumyniýada Magtymguly Pyragynyň rumyn dilinde goşgular ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Däp bolşy ýaly, maý aýynda beýik türkmen şahyrynyň hormatyna Türkiýe Respublikasynda, ýurduň iri ýokary okuw mekdeplerinde—Stambul uniwersitetinde hem-de Gazy uniwersitetinde dabaralar giňden bellenildi. Maý aýynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde hem türkmen şygryýetiniň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň türk dilinde neşir edilen saýlanan eserleriniň ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Bu neşir giň köpçülige uzak wagtlap belli bolmadyk eserleriň 400-e golaýyny özünde jemleýär.
Şunuň bilen baglylykda, Ankarada (Türkiýe Respublikasy) geçirilen TÜRKSOÝ-yň hemişelik geňeşiniň XXXI mejlisinde, türki dilli ýurtlaryň medeniýet ministrleriniň däp bolan duşuşygynyň barşynda 2014-nji ýyly Magtymgulynyň Ýyly diýip yglan etmek hakynda birnäçe çözgüt kabul edilendigini belläp geçmek gerek.
Bu çäreleriň ählisi Türkmenistanyň Baştutany tarapyndan başy başlanan hem-de ýurdumyzda we daşary döwletleriň birnäçesinde giňden bellenilen Magtymguly Pyragynyň Ýylyna özboluşly taýýarlyk boldy. Tutuş 2014-nji ýyl şu şygar astynda geçdi.
Beýik türkmen akyldar şahyryna bagyşlanan dabaralar Magtymgulynyň bahasyna ýetip bolmajak edebi mirasyny we filosofik dünýägaraýşyny, onuň eserleriniň milli we dünýä edebiýatynyň baýlaşmagyna täsirini ylmy taýdan öwrenmek boýunça çäreleri özünde jemledi. Olar—Halkara ylmy maslahatlary we şygryýet agşamlary, spektakllar we filmler, Magtymgulynyň dürli dillerde çap edilen eserleriniň tanyşdyrylyş dabaralarydyr.
Şanly ýylda Türkmenistanyň “Magtymguly Pyragy” diýen medal döredildi. Türkmen medeniýetini ösdürmäge, türkmen nusgawy şahyrynyň döredijilik mirasyny ylmy taýdan öwrenmäge hem-de wagyz etmäge uly goşantlaryny goşan ýurdumyzyň, şeýle hem daşary döwletleriň wekilleri bu medal bilen sylaglandylar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalary ylmy-amaly maslahatlary, döredijilik agşamlaryny hem-de şahyryň dürli dillerdäki neşirleriniň tanyşdyrylyşyny, şeýle hem görnükli alymlaryň, edebiýatşynaslaryň, jemgyýetçilik işgärleriniň, diplomatlaryň we ş.m. gatnaşmagynda sergileri, konsertleri we forumlary geçirmäge işjeň gatnaşdylar.
Şeýle çäreler Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň Hemişelik Wekilhanasynda, Russiýa Federasiýasynda, Hytaýda, Germaniýada, Şweýsariýada, Ýaponiýada, Koreýa Respublikasynda, Malaýziýada, Saud Arabystanynda, Birleşen Arap Emirliklerinde, Hindistanda, Eýranda, Pakistanda, Rumyniýada, Özbegistanda, Täjigistanda, Azerbaýjanda, Ermenistanda, Belarusda, Gazagystanda, Ukrainada, Türkiýede we beýlekilerde geçirildi. Diňe 2014-nji ýylda beýik şahyryň eserleri iňlis, ýapon, hytaý, koreý, urdu, arap, türk, fransuz, rus, belarus, ukrain, rumyn, tatar, ermeni, gazak, özbek we dünýäniň birnäçe beýleki dillerine terjime edildi hem-de aýry neşirler görnüşinde çap edildi.
Şahyryň döredijiligini öwrenmegiň esasy ugurlaryny görkezýän ylmy we ylmy populýar neşirler ýörite şanly dabaralara gabatlanyp taýýarlanyldy. Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan “Sözüm saňa, Pyragy”, “Kalbyň aýnasy” atly ýygyndylar, şeýle hem “Magtymguly we Gündogar edebiýaty”, “Magtymguly Pyragy hakyndaky rowaýatlar”, “Magtymguly – ylham çeşmesi”, “Magtymgulynyň golýazmalarynyň derňewi” diýen kitaplar çapdan çykdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nusgawy şahyryň ömri, döredijiligi we filosofik garaýyşlary, onuň halkymyzyň ruhy durmuşynda tutýan orny baradaky parasatly sözleri türkmen, iňlis we rus dillerinde neşir edilen “Ynsan kalbynyň öçmejek nury” atly kitabynyň many-mazmunyny düzdi.
Umumylykda şahyryň 22 dildäki goşgularynyň onlarçasyny özünde jemleýän “Magtymguly” atly uly göwrümli neşir hakyky täsinlik bolup durýar. Akyl-paýhasyň we gözelligiň hakyky dürdänesi bolan täsir galdyryjy bu ýygyndyny hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen, iňlis we rus dillerinde çap edilen “Ol kalplarda röwşen umytlary we asylly maksatlary oýardy” diýen makala açýar. Döwlet Baştutanymyz türkmen halkymyzyň söýgüli şahyryna milletiň taryhy ykbalynda we ruhy durmuşynda Magtymgulynyň eýeleýän deňsiz-taýsyz ornuny şöhlelendirýän örän maňzyňa batyjy setirleri bagyşlady.
“Medeniýet” diýen maglumat-düşünje beriş internet-serişdesiniň üsti Magtymgulynyň 290 ýyllygyna bagyşlanylan bölüm bilen ýetirildi. Ol türkmen nusgawy edebiýatynyň ajaýyp wekili barada okyjylaryň düşünjesini giňeltmäge we çuňlaşdyrmaga, olary onuň döredijilik dünýäsine hem-de filosofik garaýyşlaryna ýakynlaşdyrmaga, Pyragynyň mirasyny we ömür ýoluny öwrenmek babatda ýurdumyzyň alymlarynyň ylmy barlaglary bilen tanyşdyrmaga gönükdirilendir.
Magtymguly etrabynyň Gerkez obasynda şygryýetiň, folkloryň, halk döredijiliginiň uly baýramçylygy geçirildi. Oňa Magtymguly Pyragynyň medeni ýadygärlikler toplumynyň we muzeýiniň düýbüniň tutulyş dabarasy bagyşlanyldy. Magtymguly muzeýiniň öňündäki meýdançada türkmen şygryýetiniň ägirdine bagyşlanan ýadygärlik dabaraly açyldy.
Maý aýynda geçirilen dabaralar dünýäniň ençeme ýurdundan adamlary türkmen topragyna ýygnady. 14-16-njy maýda geçirilen “Magtymguly Pyragy we umumadamzat medeni gymmatlyklar” atly Halkara ylmy maslahatyna gatnaşmak üçin 400-e golaý myhman—döwlet düzümleriniň wekilleri, iri halkara guramalaryň, ylmy we medeni merkezleriň ýolbaşçylary, alymlar, terjimeçiler, kyrka ýakyn döwletden medeniýet we sungat işgärleri Aşgabada geldi. Şol gün paýtagtymyzyň Ruhyýet köşgünde Magtymguly adyndaky Halkara baýragy bilen, şeýle hem beýik türkmen şahyrynyň we akyldarynyň döredijilik mirasyny öwrenmekde, ýaýratmakda we wagyz etmekde uly hyzmatlary üçin “Magtymguly Pyragy” medalyna mynasyp bolan ylym we döredijilik intelligensiýasynyň wekillerini sylaglamak dabarasy geçirildi.
Şanly ýylda teatrlaşdyrylan täze sahna eseri hem – “Magtymguly Pyragy” diýen filosofik spektakl tomaşaçylara ýetirildi, şeýle hem “Magtymguly” atly çeper filmiň ilkinji görkezilişi boldy.
Dekabr aýynyň ortalarynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Magtymguly Ýylynyň netijeleriniň jemleniş dabarasy hem-de bu waka bagyşlanylan “Magtymguly--ýürekleriň arzuwy” atly halkara ylmy maslahat geçirildi. Şolar türkmen nusgawy şahyrynyň hormatyna şanly baýramçylyk dabaralarynyň maksatnamasyny tamamlady.
2014-nji ýylda dünýä ösüşiniň aýrylmaz bölegi bolup durýan taryhy-medeni we tebigy gymmatlyklary geljekki nesiller üçin gorap saklamak boýunça işler dowam etdirildi. Muňa aýdyň mysal hökmünde türkmen taryhynyň geçen eýýamlarynyň ençeme täsin ýadygärliklerini hem-de tebigy desgalary ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň Sanawyna girizmek boýunça işleri görkezmek bolar. Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen taryhy desgalaryň 20-si Sanawa girizilmäge dalaş edýänleriň hataryndadyr.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2014-nji ýylyň maý aýynda Türkmenistan bolan Birleşen Milletler Guramasynyň bilim, ylym we medeniýet meseleleri (ÝUNESKO) boýunça baş direktory hanym Irina Bokowa bilen bolan duşuşygynda bular barada gürrüň edildi. Myhman milli we umumydünýä medeni mirasy gorap saklamak işinde ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlyk etmek meselelerinde Türkmenistanyň işjeň we başlangyçly ýörelgesine ýokary baha berdi.
Milli Liderimiz Medeniýet ministrliginiň ýanynda maddy däl medeni miras baradaky ylmy-usulyýet müdirligini döretmek barada tabşyryk berdi hem-de bu düzümiň döredilmeginiň maddy däl medeni mirasy goramak boýunça ÝUNESKO-nyň Konwensiýasynyň düzgünlerine laýyk gelýändigini nygtady. Şol Konwensiýa Türkmenistan 2011-nji ýylda goşuldy. Onuň işi ruhy-medeni milli mirasy gorap saklamaga, öwrenmäge we arhiwleşdirmäge mümkinçilik berer. Şeýle mirasa dilden-dile geçýän halk döredijiligi, senetçilik, halyçylyk, keçe basmak, zergärçilik işi, saz we aýdym aýtmak sungaty, tanslar, türkmen halkymyzyň däp-dessurlary we urp-adatlary, milli binagärlik we çeperçilik däpleri degişlidir. Bu işleriň geçirilmegi olary ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň Sanawyna girizmek baradaky teklip bilen çykmaga hem mümkinçilik berer.
2014-nji ýylyň iri wakalarynyň hatarynda 23-30-njy iýunda Daşoguz welaýatynda geçirilen Medeniýet hepdeligi bar. Döredijilik forumynyň çäklerinde Daşoguzda guralan çäreler şeýle hem ýurdumyzyň häzirki zaman medeniýetiniň ösüşiniň ähli ugurlaryny şöhlelendirdi. Oňa ýurdumyzyň ähli künjeklerinden döredijilik işgärleriniň, dünýäniň 18 ýurdundan dörediji adamlaryň gatnaşmagy giňden tejribe alyşmaga, medeniýet we sungat işgärleriniň hünär ussatlygyny ýokarlandyrmaga ýardam berdi.
Halk döredijiligi baradaky mowzuk Daşoguz welaýatynyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky Döwlet sazly-drama teatrynyň “Aşyklaryň kyssasy” atly täze spektaklynda dowam etdi. Saz eseriniň edebi esasy ”Şasenem-Garyp” diýen meşhur türkmen dessanynyň äheňleri boýunça döredildi.
Şeýle hem durmuş-ykdysady ähmiýetli birnäçe desgalaryň açylmagy hem-de medeniýete we sungata bagyşlanylan täze kitaplaryň neşir edilmegi Medeniýet hepdeligine gabatlanyldy. Daşoguz welaýatynyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky Döwlet sazly-drama teatrynda hormatly Prezidentimiziň “Medeniýet halkyň kalbydyr” atly täze edebi işiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Bu bolsa öz hünär baýramçylygyny belleýän medeniýet we sungat işgärlerine ajaýyp sowgat boldy. Hepdeligiň çäreleriniň çäklerinde, şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň köptaraply işine bagyşlanylan “Dünýäde ykrar edilen Lider” atly kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Bu ajaýyp neşiriň sahypalarynda döwlet Baştutanlarynyň, abraýly halkara guramalarynyň ýolbaşçylarynyň, görnükli jemgyýetçilik işgärleriniň, ylym, medeniýet we sungat ulgamynyň ajaýyp wekilleriniň, dünýäniň işewür toparlarynyň—ýokary derejedäki gepleşikleriň barşynda türkmen Lideri bilen duşuşanlaryň, onuň halkara forumlaryň belent münberlerinden eden çykyşlaryny diňlänleriň, resmi däl ýagdaýda söhbetdeş bolanlaryň ählisiniň aýdan köpsanly sözleri ýygnalypdyr.
Ýurdumyzda geçirilen döredijilik festiwallary dostlugyň we özara düşünişmegiň özboluşly köprülerine öwrüldi. Olaryň hatarynda 14 ýurtdan teatr toparlarynyň 16-syny paýtagtymyzda ýygnan “Bagtyýar eýýamyň teatr sungaty” atly II Halkara festiwaly bar.
Ýurdumyzyň medeni durmuşynda halkara ähmiýetli iri wakalaryň hatarynda hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen däp boýunça guralýan “Awaza — dostluk mekany” atly Halkara çagalar festiwalyny hem-de “Awaza—2014” Halkara aýdym-saz we folklor festiwalyny agzap bolar. Olar awgust aýynda Hazaryň türkmen kenarynda geçirildi.
2014-nji ýylda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Daşoguzda, Türkmenabatda we Balkanabatda iň täze enjamlar bilen enjamlaşdyrylan döwrebap welaýat kitaphanalarynyň açylyş dabarasy boldy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň kitaphana düzüminde döredilýän ýeke-täk elektron kitaphana ulgamyny belläp geçmek gerek. Ol ýurdumyzyň esasy kitaphanalarynyň onlarçasyny birleşdirer.
Türkmenistanyň Baş drama teatrynyň sahnasynda geçirilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adybir romany boýunça döredilen “Döwlet guşy” spektaklynyň ilkinji görkezilişi ýurdumyzyň medeni durmuşynda uly waka öwrüldi.
Milli Liderimiziň “Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan” atly ýene-de bir kitaby Türkmenistanyň Bitaraplyk gününiň nobatdaky senesiniň baýram edilmeginiň şanyna çapdan çykan ajaýyp sowgatlyk neşiri boldy. Onda döwlet Baştutanymyzyň türkmen halkymyzyň taryhynyň köp müňýyllyk senenamasynda her biri täze sahypany açan aýratyn ähmiýetli wakalar barada aýdan pikirleri jemlenipdir.
Ýylyň dowamynda Eýran Yslam Respublikasynda, Ermenistan Respublikasynda, Türkiýe Respublikasynda, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda guralan Medeniýet günleri hem döwletara medeni gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek babatda öz wajyplygyny tassyklady.
Dostlukly ýurtlaryň arasynda medeni alyş-çalyşlaryň çäklerinde Türkmenistanyň Minskide (Belarus Respublikasy), Kazanda (Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasy), Nýu-Delide (Hindistan Respublikasy) Medeniýet günleri geçirildi. Ýurdumyzyň döredijilik wekiliýeti Russiýanyň iň iri sebitleriniň biriniň dolandyryş merkezi bolan Krasnoýarsk şäherinde ÝUNESKO-nyň howandarlygynda geçirilýän Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlarynyň IV halkara saz festiwalyna işjeň gatnaşdy. Italiýanyň Latina şäherinde 16-20-nji oktýabr aralygynda geçirilen XVI Halkara sirk sungatynyň festiwalyna “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň türkmen jigitleriniň gatnaşmagy täze ýeňşe beslendi.
Türki halklaryň medeniýetiniň we sungatynyň Halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) 2015-nji ýylda Mary şäherini türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýip yglan etmek hakyndaky çözgüdi medeniýet ulgamynda Türkmenistanyň döwletara gatnaşyklarynyň taryhynda möhüm waka öwrüldi.
2015-nji ýyl Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly nyşany astynda geçdi. Bu taryhy senä bagyşlanylan uly çäreler türkmen Bitaraplygynyň mazmunyny we ähmiýetini açyp görkezmäge, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň durmuşa geçirýän ösüşlere beslenen ynsanperwer syýasaty bilen dünýä jemgyýetçiligini tanyşdyrmaga gönükdirildi.
Ýylyň ähmiýetli wakalarynyň hatarynda Mary şäherine “2015-nji ýylda türki dünýäsiniň medeni paýtagty” derejesiniň berilmeginiň çäklerinde çäreleriň tapgyrlary ýerine ýetirildi. Olar sebitiň gadymy taryhyna we medeniýetine halkara jemgyýetçiliginiň ünsüni çekmäge ýardam etdi.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow milli sungatyň we binagärligiň, maddy däl medeni mirasyň öwrenilmegini, goralmagyny we ösdürilmegini, olaryň dünýäde wagyz edilmegini häzirki zaman medeni syýasatynyň möhüm ugurlary hökmünde kesgitledi. Fewral aýynda Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan kabul edilen “Milli maddy däl medeni mirasy goramak hakynda” Kanun hem şol wezipeleriň çözülmegine gönükdirildi.
Bu ugurda ýaýbaňlandyrylan maksada laýyk işler öz mynasyp netijelerini berdi. Olar bolsa maddy däl medeni mirasy goramak boýunça ÝUNESKO-nyň komitetiniň Türkmenistanyň ýüz tutmasy bilen hödürlenen “Görogly” şadessanyny adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizmek hakyndaky çözgüdinde beýanyny tapdy.
Mary şäherine türki dünýäsiniň medeni paýtagty derejesiniň berilmeginiň çäklerinde ýylyň dowamynda bu ýerde çäreleriň birnäçesi, şol sanda türki dilli ýurtlaryň sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda konsert, şekillendiriş, amaly-haşam we fotosungatynyň eserleriniň Halkara sergisi, “Gadymy Merw—türki dünýäsiniň medeni merkezi”atly Halkara ylmy maslahat, Türki medeniýetiniň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza döwletleriniň sahna ussatlarynyň IV maslahaty geçirildi hem-de teatrlaşdyrylan sahnalar görkezildi. Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanylan türki dilli ýurtlaryň sungat ussatlarynyň konserti geçirilen köpsanly döredijilik çäreleriniň jemlenmesine öwrüldi. Ol parahatçylyk dörediji türkmen halkynyň myhmansöýerligini, milli medeniýetiň iň oňat däpleriniň nesilden-nesle geçijiligini alamatlandyrýan “Türkmeniň ak öýi” görnüşinde gurlan täze ajaýyp binada geçirildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Öňe! Diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!” diýen watançylyk aýdymynyň dabara gatnaşyjylar hem-de köpmüň adamly tomaşaçylar tarapyndan ýerine ýetirilmegi dostluk konsertiniň dabaraly jemlenmesine öwrüldi. Konsert tamamlanandan soň, Ginnesiň Rekordlar kitabynyň resmi wekili hanym Şeýda Subaşy aýdymyň köpmüň tomaşaçy adamlar tarapyndan bir wagtyň özünde ýerine ýetirilmegini Ginnesiň Rekordlar kitabyna mynasyp dünýä rekordy hökmünde hasaba alandygyny habar berdi.
Hanym Şeýda Subaşy Dünýä rekordlar kitabynyň redaksiýasynyň bellige alan rekordyny hasaba almak baradaky kabul eden çözgüdi barada habar berip, degişli güwänamany gowşurdy hem-de Türkmenistanyň Baştutanyny, ähli türkmen halkyny ýokary ruhy watançylyk jemgyýeti döretmekde ýurdumyzyň üstünlik gazanmagyna şaýatlyk edýän waka bilen gutlady.
Türkmenistanda we onuň çäklerinden daşarda ýurdumyzyň ylym we medeniýet işgärleriniň gatnaşmagynda geçirilen Medeniýet günleri we beýleki ynsanperwer çäreler döwletara medeni gatnaşyklaryny has-da ösdürmäge möhüm goşant boldy. Türkmen medeniýeti Ýerewan, şeýle hem Gümri we Wanadzore şäherlerinde üstünlikli geçirilen Medeniýet günleriniň çäklerinde Ermenistanda, Gyrgyz Respublikasynda, Horwatiýa Respublikasynda, Mongoliýada, Türkiýäniň Konýa we Izmir şäherlerinde, Malaýziýada giňden tanyşdyryldy. “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar hem-de “Türkmen jigitleri” toparlary Guandun welaýatynyň Çžuhaý günorta-hytaý şäherinde geçirilen II Halkara sirk sungatynyň festiwalynda baş baýragy eýeläp, Türkmenistana nobatdaky üstünligi getirdiler.
Aşgabatda öz nobatynda BAE-niň, HHR-iň, Belarus Respublikasynyň Medeniýet günleri geçirildi. Oktýabr aýynda Mary öz doganlaşan-Şensi welaýatynyň Sian şäheriniň döredijilik wekiliýetini kabul etdi. Olar Hytaý medeniýeti hepdeligini geçirmek üçin Türkmenistana geldiler.
Taryhy we medeniýeti öwrenýän ylmy ösdürmek üçin möhüm bolan wakalaryň hatarynda “Beýik Ýüpek ýolunda medeniýetleriň gatnaşygy” atly halkara ylmy maslahat bar. Ol Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi hem-de Daşoguz welaýatynyň häkimligi tarapyndan guraldy we 11-13-nji noýabrda geçirildi. 37 döwletden gelen ylmyň wekilleri Beýik Ýüpek ýolunyň taryhy, hereket etmegi we ähmiýeti bilen bagly bolan möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Halklary we medeniýetleri ýakynlaşdyrmagyň şerti, dünýäniň halklarynyň gymmatlyklaryna hormat goýmak ýörelgeleri hökmünde Beýik Ýüpek ýolunyň täsinligini ýaýmak meselesine aýratyn ähmiýet berildi.
Iýun aýy hem medeni-ynsanperwer ulgamda geçirilen çärelere baý boldy. Bu aýda Lebap welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçirilip, ol Halkara sungat sergisini, Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň konsertini, ýaş aýdymçylaryň we sazandalaryň, türkmen we daşary ýurtly ýerine ýetirijileriň, ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan we Aşgabat şäherinden döredijilik toparlarynyň çykyşlaryny, şeýle hem neşir önümleriniň we muzeý gymmatlyklarynyň sergisini, belli ýazyjylaryň gatnaşmagynda şygryýet agşamlaryny, täze teatr sahnalarynyň görkezilişini öz içine aldy. Bulardan başga-da Medeniýet hepdeligine durmuş-medeni we ykdysady ähmiýetli desgalaryň birnäçesiniň açylmagy, täze kitaplaryň neşir edilmegi gabat geldi.
Taryhçylar we medeniýeti öwrenijiler, BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen edarasynyň (ÝUNESKO) wekilleri, žurnalistler “Türki halklaryň ruhy we medeni gymmatlyklary” atly halkara ylmy maslahatyň çäklerinde duşuşyp, türki halklaryň ruhy mirasyny öwrenmek we aýawly saklamak, ony dünýä ýaýmak hakynda pikir alyşdylar. S.Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatrynyň täze goýýan “Seýdi” atly spektaklynda nesilleriň hem-de milli medeni däpleriň arabaglanyşygy öz beýanyny tapdy.
Asylly däbe görä, Medeniýet we sungat işgärleriniň gününe “Aýna” opera sahnasynyň ilkinji gezek görkezilişi gabatlanyldy. Ol Türkmenabat şäheriniň Ruhyýet Köşgüniň sahnasynda görkezildi. Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde Türkmenabatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze kitaplarynyň—“Türkmen medeniýeti” hem-de “Ile döwlet geler bolsa” atly kitaplarynyň tanyşdyryş dabaralary geçirildi.
Milli medeni mirasa degişli neşirleriň hatarynda “Kitaby dädem Gorkut” atly gadymy türkmen eposy hem bar. 2015-nji ýylda “Kitaby dädem Gorkut” dessanynyň Drezden nemes şäheriniň gadymy golýazmalar gaznasynda könelen sahypalarynyň tapylmagyna 200 ýyl doldy. Soňra bu kitap dünýä medeniýetiniň altyn gaznasyna girdi hem-de “Gorkut ata” diýen at bilen türkmenleriň arasynda belli boldy.
Türkmenistanyň neşir önümleri sentýabryň başynda geçirilen halkara kitap forumynyň—GDA gatnaşýan ýurtlaryň “Kitap sungaty” atly 12-nji halkara bäsleşiginiň ýokary bahasyna mynasyp boldy. Türkmenistanyň kitap önümleri birbada 5 bölümde tanyşdyryldy hem-de işleriň her biri öz baýragyna eýe boldy. “Meniň ýurdum” atly bölümde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan” atly kitaby iň gowy iş diýlip ykrar edildi.
“Arkalaşyk” diýen bölümde “Dünýäde ykrar edilen Lider” atly kitaba birinji orun berildi. Ol milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet Baştutany wezipesinde alyp barýan işlerine bagyşlandy. “Baş baýrak” atly bölümde iň gowularyň hatarynda türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň dünýäniň 21 dilinde neşir edilen goşgularynyň akademiki neşiri görkezildi.
Bitaraplyk mowzugy ýylyň soňky aýlarynda okyjylara tanyşdyrylan täze neşirlerde hem kesgitleýji boldy. Olaryň hatarynda döwlet Baştutanymyzyň kitaplary—“Täze müňýyllyga türkmen pikirleri bilen” hem-de “Bitarap Türkmenistan” atly ýygyndy bar.
Soňky ýyllarda neşirýat işi Türkmenistanda täze gerime eýe bolup, jemgyýetimiziň durmuşynyň ykdysady we durmuş-medeni ulgamlarynda aýratyn orun tutdy. Neşirleriň sany we nusgasy artdy, ilkinji nobatda, munuň özi gazetlere we žurnallara degişlidir—soňky ýyllarda ýöriteleşdirilen yzygiderli neşirleriň birnäçesi açyldy. 2016-njy ýylda gazetleriň 27-siniň umumy sany 145 million 550 müň nusgadan gowrak bolup, 2011-nji ýyldaky bilen deňeşdirilende 8,5 müňe golaý köpeldi.
Ýurdumyzda şeýle hem umumy sany 4,1 milliondan gowrak nusgalykda žurnallaryň 26-sy çykarylýar. 2015-nji ýylda täze Metbugat öýüniň açylmagy ýurdumyzyň neşirýat-poligrafiýa pudagynyň ösüşinde ähmiýetli waka boldy. Onuň ýokary tehnologik enjamlar bilen enjamlaşdyrylmagy poligrafiýa önümleriniň hilini ýokarlandyrmaga hem-de onuň görnüşlerini giňeltmäge mümkinçilik berdi.
2015-nji ýylda öndürilen neşirýat önümleriniň jemi 2011-nji ýyl bilen deňeşdirilende takmynan 134 orun köpeldi. 2015-nji ýylyň dowamynda Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan dürli önümleriň 372 görnüşi neşir edildi, 2016-njy ýylyň meýilnamasy bilen bolsa 380 görnüşni çykarmak göz öňünde tutuldy.
Metbugat öýi tarapyndan ýerine ýetirilýän poligrafiýa hyzmatlarynyň ýaýbaňlanýan gerimi olary buýrujylaryň islegleriniň artmagyna ýardam berýär. Bu bolsa pudagyň harytlyk önümleriniň möçberleriniň her ýylda ýokarlanmagyna getirýär. Öňdebaryjy enjamlar diňe bir işlere gysga möhletlerde hötde gelmäge däl, eýsem, poligrafiýa önümleriniň ýokary hilini üpjün etmäge mümkinçilik berýär.
Türkmenistanyň neşirýat we kitap bazarynyň ýyl-ýyldan barha artýan möçberi jemgyýetde bolup geçýän ýagdaýlary häsiýetlendirýändigi üçin hem gyzyklanma döredýär. Bu jemgyýetde bolsa bilimiň, düýpli we amaly ylymlaryň, ösüp gelýän nesliň watançylyk we gözellik terbiýesiniň ähmiýeti, olaryň garaýşynyň giňelmegi güýçlenýär. Munuň şeýle bolmagyna çeper edebiýat, şol sanda türkmen şygryýetiniň nusgawy eserleriniň, taryhy, folklor-etnografiki işleriň we beýlekileriň çap edilmegi ýardam bermäge gönükdirilendir. Bularyň ählisi Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň ýerlenen önümleriniň möçberleriniň ýokarlanmagyna—soňky bäş ýylyň içinde takmynan 2,5 esse ýokarlanmagyna hem täsir etdi.
Ýüzýyllyklaryň dowamynda toplanan çeper gymmatlyklary we medeni baýlyklary, täsin taryhy subutnamalary we gadymy serişdeleri saklaýan ýurdumyzyň muzeýleri “medeni miras-jemgyýet” diýen ulgamda möhüm baglanyşdyryjy bolup durýar. Ýurdumyzyň muzeýlerine baryp görýänleriň hasabynyň ýöredilişinde soňky ýyllarda oňyn depgin emele geldi. Bu bolsa döwürdeşlerimiziň milli gymmatlyklarymyza berýän ünsüniň ýokarlanýandygyndan, oňa daşary ýurtly myhmanlar tarapyndan gyzyklanma bildirilýändiginden habar berýär.
Baýramçylyk aýy bolan oktýabr ýurdumyzyň jemgyýetçilik- syýasy we medeni durmuşynda däbe öwrülen öwüşgine eýe boldy. Baýramçylygyň öň ýanyndaky günlerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda medeniýet, sungat, ylym we bilim işgärlerini “Nusgawy türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň 290 ýyllygy” diýen ýubileý nyşany bilen sylaglamak dabarasy geçirildi. Dabaranyň Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynyň dolandyryş merkezinde 17-nji oktýabrda dabaraly ýagdaýda açylan, medeni-ýadygärlik toplumyna girýän Magtymguly muzeýiniň mejlisler zalynda geçirilmegi bellärliklidir. Şeýle hem bu ýerde ilkinji gezek milli Liderimiziň—“Öňe! Diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan” atly täze goşgy setirleri okalyp, ol eziz Watanymyzyň belent şygryýet senasyna öwrüldi.
Taryhy şanly senäni — Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygyny ruhubelent ýagdaýda bellemek bilen, ýurdumyz 2016-njy ýyla—milli Liderimiziň başlangyjy bilen Türkmenistanda Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly diýlip yglan edilen ýyla gadam basdy. Şu ýyl Türkmenistanyň Garaşsyzlygyna eýe bolmagyna 25 ýylyň dolmagy şol waka aýratyn öwüşgin çaýýar.
Ýurdumyzyň medeniýet ulgamynyň öňünde duran möhüm wezipeleriň hatarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan kesgitlenen şu wezipeler bar: milli taryhy medeni mirasy aýawly saklamak we öwrenmek, türkmen halkynyň baý ruhy mirasyny dünýä ýaýmak, her bir raýatyň milli we dünýä medeni gymmatlyklaryna elýeterliligini üpjün etmek wezipeleri bar.
Ýanwar aýynda taryhy-medeni ýadygärlikleri goramak meselesiniň türkmen paýtagtynyň golaýynda ýerleşen gadymy şäheriň biri—Parzdepe bilen bagly bolmagy bellärliklidir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gadymy siwilizasiýanyň subutnamalaryny özünde saklaýan Parzdepäniň daş-töweregini synlap, baýyrlygyň üsti açylmadyk syrlaryny ýüze çykarmak, onuň medeni gatlaklaryny öwrenmek, artefaktlaryny gözläp tapmak we ulgama salmak üçin taryhçylardan, arheologlardan we beýleki alymlardan ybarat düzümde ýörite topary döretmegi tabşyrdy. Medeniýet ministrligine taryhy ýadygärlikleri we ýerleri aýawly saklamak, şol sanda dürli gurluşyk işleri geçirilende gözegçiligi güýçlendirmek tabşyryldy.
Döwlet Baştutanymyzyň fewral aýynda gol çeken Karary bu ugurda ýaýbaňlandyrylan işiň ilkinji netijeleri boldy. Şol karar medeni mirasyň obýektlerini, ýurdumyzyň taryhynyň gozgalmaýan ýadygärliklerini goramaga gönükdirildi hem-de Türkmenistanyň çäginde ýerleşýän medeni mirasyň obýektlerini goramak babatda gözegçilik işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berdi.
Ýylyň birinji çärýeginde maddy däl medeni mirasy wagyz etmek boýunça nobatdaky ädimler ädildi. Gadymy “Küşt depdi” dessur tansyna, türkmen zenanlarynyň aýdym-saz sungaty bolan “Lälä”, bagşy—sazandalaryň sungatyna, şeýle hem keçe basmak sungatyna bagyşlanyp geçirilen bäsleşikler we festiwallar munuň aýdyň subutnamasydyr. Ýola goýlan asylly däbe görä, Nowruz baýramy giňden bellenildi. Esasy baýramçylyk wakalary Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda geçirildi. Şu ýyl bahar baýramynyň geçirilýän ýerine “Nowruz ýaýlasy” diýlip resmi taýdan at berildi. Dabaranyň çäklerinde onuň baýramçylyk meýdançasynda ençeme asyrlaryň dowamynda halklary birleşdirýän we ýakynlaşdyrýan, ynsanperwerligiň belent ýörelgelerini alamatlandyrýan Milli bahar baýramynyň—Halkara Nowruz gününiň hormatyna dikeldilen “Dostluk” ýadygärligi açyldy.
Ýylyň birinji ýarymynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň daşary ýurtly kärdeşleri bilen bilelikde geçiren halkara ähmiýetli çäreleriniň hatarynda Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky medeniýet günleri, Halkara zenanlar gününe bagyşlanan türkmen-awstriýa konserti, XIX-XX asyrlaryň sepgidinde nemes sungatynyň görnükli wekilleriniň biri—Paula Moderzon—Bekkeriň sergisi, Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky, Eýran Yslam Respublikasyndaky hem-de Rumyniýadaky Medeniýet günleri bar. Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynyň nyşany astynda paýtagtymyzda görnükli türkmen kompozitorlarynyň we suratkeşleriniň döredijilik mirasyna bagyşlanan konsertler we sergiler geçirildi.
Daşoguz şäherine 2016-njy ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň medeni paýtagty derejesiniň berilmegi halkara bileleşiginde Türkmenistanyň ynsanperwer işini ykrar etmegiň täze wakasy boldy. Bu waka bagyşlanan çärelere 30-njy martda Daşoguzda, Ruhyýet Köşgünde badalga berildi. Forumyň çäklerinde GDA ýurtlarynyň sungat ussatlarynyň konserti, şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi, şeýle hem fotosuratlar sergisi geçirildi. “Daşoguz—Arkalaşygyň medeni paýtagty—2016” atly çäreler maksatnamasyna laýyklykda ýylyň dowamynda teatr sahnalary, kino görkezmeleri hem-de sungat ussatlarynyň konsertleri, arheologik gymmatlyklaryň we neşir önümleriniň sergisi, medeniýet işgärleriniň duşuşyklary, halkara ylmy maslahatlar geçiriler.
Ýylyň birinji çärýeginde milli Liderimiziň “Paýhas çeşmesi” atly kitaby türkmen halkynyň baý medeni mirasy bilen gyzyklanýanlar üçin ajaýyp sowgat boldy. Onda türkmen nakyllary mynasyp ornuny tapdy. Täze neşir birnäçe tematiki bölümlerden ybarat bolup, olarda nakyllar we atalar sözi mazmuny boýunça toparlara bölünip, halkyň ruhy dünýäsini, onuň ynam-ygtykadyny, ahlak sütünlerini, dünýägaraýşyny we pelsepesini şöhlelendirýär.
Mart aýynda Mukamlar köşgünde Halkara Nowruz gününiň öňýanynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň galamyndan çykan “Çaý-melhem hem ylham” atly dürli öwüşginli neşiri bilen tanyşdyryldy. Döwlet Baştutanymyzyň täze işi döwürleriň we nesilleriň türkmen medeniýetiniň we durmuşynyň taryhynyň we häzirki döwrüniň üznüksiz arabaglanyşygynyň beýanyna öwrüldi. Onda çaý içmek dessurlary aýratyn orun eýeleýär. Täze neşirleriň hatarynda milli Liderimiziň “Arşyň nepisligi” atly işi bolup, ol ýurdumyzda giňden bellenilen Türkmen halysynyň baýramynyň öňýanynda neşir edildi we elde dokalan halylaryň öçmejek gözelligine bagyşlandy.
Türkmenistanyň medeniýet we sungat işgärleriniň hünär baýramyna gabatlanýan hem-de ýurdumyzyň we daşary döwletleriň medeniýet we sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda ýurdumyzyň dürli welaýatlarynda geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň maksatnamasy baý mazmunly bolar. Şu ýyl oňa gatnaşyjylary Mary welaýaty kabul edýär.