Ï Russiýanyň meşhur geýim bezegçileri türkmen modasynyň ösdürilişine ýokary baha berdiler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Russiýanyň meşhur geýim bezegçileri türkmen modasynyň ösdürilişine ýokary baha berdiler

view-icon 778
Aşgabatda tamamlanan, dokma senagatynyň ösüşine bagyşlanyp geçirilen wekilçilikli halkara sergisi pudagyň iri göwrümli ösüşini beýan etdi. Pudakda dünýäniň dokma bazarynda modaly akymlaryna we islegine laýyk gelýän, ýokary hilli ýüplük, mata we taýýar önümleriň giň görnxşlerini öndürmäge gönükdirilen, hereket edýän kärhanalaryň döwrebaplaşdyrylmagy we täze iň häzirki zaman tehnologiki önümçiligiň ulanylmagy netijesinde ýokary ösüşler gazanyldy. Sergä dünýäniň ýurtlarynyň 14-sinden kompaniýalaryň altmyş töwereginiň gatnaşmagy biziň ýurdumyz bilen hyzmatdaşlyk etmäge uly gyzyklanma bildirilýändigine şaýatlyk edýär.

Bu dabaraly çäräniň maksatnamasyna paýtagtyň Modalar öýüniň modalarynyň täze toplumyny görkezmek hem girizildi. Hormatly myhmanlaryň arasynda – Russiýanyň halk hudožnigi, Fransiýa Respublikasynyň “Hormatly legionynyň” eýesi, Russiýa Federasiýasynyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, Russiýanyň Prezidentiniň ýanyndaky Medeniýet boýunça geňeşiň agzasy, modaçy-bezegçi Walentin Ýudaşkin we ýaş, ýöne modalar dünýäsinde meşhur geýimleriň hususy ugruny dörediji Daşa Gauzer bar.

Myhmanlar özlerinde galan täsirleri biz bilen paýlaşdylar

Walentin Ýudaşkin, modaçy-bezegçi (Russiýa):


– Men dokma senagatynyň işgärleriniň gününe bagyşlanyp geçirilen şeýle baýramçylygyň şaýady boldum we türkmen tarapyna siziň ýurduňyzyň dokma senagatynyň gazananlarynyň ajaýyp gözden geçirilişine gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallygymy bildirýärin. “Türkmenistanda öndürildi” diýen ýazgyly öndümler diňe bir

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa ajaýyp türkmen halylary barada gürrüň berýän “Arşyň nepisligi” atly kitaby üçin çyn ýürekden hoşallyk bildirýärin. Men onuň russiýanyň dokma senagaty institutynyň kitaphanasyna beriljekdigine örän şat. Bu ýerde talyplar, professorlar we mugallymlar özünde el haly sungatynyň filosofiýa-dünýägaraýyşyny jemleýän bu zähmeti öwrenerler.

Soňky ýyllarda türkmen moda senagaty işjeň ösdürilýär. Türkmen modelýerleri döwür bilen aýakdaş gitmäge çalyşýarlar, üýtgeşik çözgütleri we konstruirlemegiň täze usullaryny ulanýarlar, şu günki nukdaýnazardan milli geýimleriň däp-dessurlaryna döredijilikli çemeleşýärler. Men türkmen kärdeşlerim bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmagy isleýärin, özboluşly tehnikada döredilen baý fakturalaryny we elde öndürilen matalaryny öz işimde ulanmak isleýärin.

Biziň moskwaly ýaş hudožniklere, ussat modelýerlere siziň ýurduňyzyň iň gowy fabriklerinde nähili işläp taýýarlamalar bardygyny görkezmäge mümkinçiligimiz bar. Biz türkmen kärhanalary bilen bilelikdäki kolleksiýalary işläp taýýarlarys diýip, uly ynam bildirýärin. Türkmen önümleriniň hili bolsa örän gowy – köp ýüpek, pagta, ýüpek barhaty, ajaýyp jakard materiallar bar we , elbetde, häzirki zaman jinsi matalary bar.

Daşa Gauzer, modaçy-bezegçi (Russiýa):


– Men siziň şäheriňiziň owadanlygyna, halkyňyzyň myhmansöýerligine boýun egýärin,siziň özboluşly medeniýetiňize we däp-dessurlaryňyza haýran galdym. Baý etnografiki äheňleri: elde ýerine ýetirilen keşdedir nagyşlary, kümüş şaý-sep bezegleri özünde jemleýän siziň milli lybaslaryňyz bilen tanyş bolmak mende uly täsir galdyrdy.

Türkmen modelýerleriniň tanyşdyryşlary, aýratyn hem özüniň köp görnüşliligi bilen tapawutlanýan, gülleriniň we biçüwleriniň adaty däl sazlaşygy, ýumşak reňk şöhleleri, gülleriniň we liniýalarynyň ýagtylygy, matalarynyň nepisligi bilen tapawutlanýan zenan lybaslary meni haýran galdyrdy. Bu ýerde görkezilen her bir zat estetiki äheňde döredilip, özüniň tikiliş we biçiliş kämilligi bilen haýran galdyrýar. Nepis we özboluşly modeller milli öwüşgini we dünýä modasynyň soňky gazananlaryny özünde utgaşykly jemleýär.

Öndürilýän önümleriň hiliniň ýokarydygyny belläsim gelýär. Men sergä aýlanyp çykdym, gözüm bilen gördüm – bularyň ählisi iň ýokary hilli hakyky matalar. Men dizaýner hökmünde siziň önümçiligiňizde “tikesim” gelýär. Sebäbi bu ýerde hemme babatda kämil çemeleşmeler duýulýar.