Ï Aşgabatda “Ýylyň mugallymy” we “Ýylyň talyby” bäsleşikleriniň jemleýji tapgyrlary geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabatda “Ýylyň mugallymy” we “Ýylyň talyby” bäsleşikleriniň jemleýji tapgyrlary geçirildi

view-icon 1752
Mugallymçylyk ussatlygynyň we talyp göreldesiniň her ýylda Bilim ministrliginiň ýolbaşçylygynda geçirilýän gözden geçirilişine Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň iň gowy wekilleri gatnaşdylar.

“Ýylyň mugallymy - 2016” diýen hormatly ada D.Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň nemes, fransuz we ispan dilleri kafedrasynyň müdiri, mugallymçylyk ylymlarynyň doktory, professor Aly Gurbanow mynasyp boldy.

Aly Gurbanow 45 ýyl bäri mugallym bolup işläp gelýär. Onuň ýigrimi ýyldan gowragyny TMDDI institutynda mugallymçylyk edýär. Şu döwriň içinde Aly Gurbanow predmet olimpiadalaryna, şol sanda halkara derejesinde hem, gatnaşyjylary we baýrakçylaryň köp sanlysyny taýýarlady. Onuň ýolbaşçylygynda iňlis dilini okatmagyň usulyna, pedagogikanyň taryhyna ýöriteleşýän aspirantlar we doktorantlar ylmy tejribe toplaýarlar.

Tejribeli mugallym umumylykda ylmy-metodiki işleriň 150-ni ýazdy. Olaryň arasynda onlarça okuw kitaplary, şol sanda işdeşleri bilen awtordaşlykda taýýarlanlary okuw kitaplary hem bar. Öz hünär ussatlygy üçin Aly Gurbanow “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygy” ýubileý medaly bilen sylaglandy.


Halypa mugallym hem öz işleýän ýokary okuw mekdebiniň işgärleriniň arasynda, hem diňe bir biziň ýurdumyzda däl, eýsem ylmy-mugallymçylyk dünýäsinde uly abraýdan we hormatdan peýdalanýar. Aly Gurbanow birnäçe gezek daşary ýurtlarda geçirilen halkara ylmy maslahatlara gatnaşdy. Ýakynda ol Beýik Britaniýa - Mançester şäherinde daşary ýurt dillerini okatmagyň usullaryna bagyşlanyp geçirilen ylmy maslahata çagyryldy.

Aly Gurbanow Aziada-2017-ä meýletinçileri taýýarlamaga işjeň gatnaşýar. Onuň ýolbaşçylygynda talyplar iňlis dilini bilmegiň derejesini ýokarlandyrýarlar, söz baýlygyny baýlaşdyrýarlar.

Aly Gurbanow tennis boýunça sport ussady bolmak bilen, ýaşlara mynasyp görelde görkezip, ýokary okuw mekdepleriniň arasynda geçirilýän ýaryşlara, umumydöwlet spartakiadalara işjeň gatnaşýar.

* * *

“Ýylyň talyby-2016“ diýen ada Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň bejeriş fakultetiniň üçünji ýyl talyby, atly talyp hakynyň eýesi Agabaý Salaýew mynasyp boldy.

Bu bäsleşigiň jemleýji tapgyry ýokary okuw mekdepleriniň üçüsiniň – Halkara Nebit we gaz uniwersitetiniň, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň binýadynda geçirildi.

“Ýylyň talyby-2016“ ada mynasyp bolan bilen bir hatarda üç baýrakly orunlaryny alanlary hem sylaglamak dabarasy geçirildi. Olar Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň 4-nji ýyl talyby Şatlyk Akmyradow, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň dördünji ýyl talyby Daňatar Abdyllaýew, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň birinji ýyl talyby Şeker Jumagulyýewa dagylardyr.


Ýeňiji we baýrakly orunlary eýelänler kompýuter tehnologiýalaryny, türkmen we iňlis dillerini bilmek, şeýle hem ynsanperwer ugurlarynyň birnäçesini, şol sanda sosiologiýa, filosofiýa, ykdysadyýetiň teoriýasy, kanunçylygyň esaslary we Türkmenistanyň taryhy ýaly birnäçe derejeli synaglardan geçmeli boldular.

Agabaý Salaýewiň intellektual gazananlarynyň sanawynyň üstüni onuň Halkara açyk talyplar inernet-olimpiadalaryna gatnaşmagy doldurýar, ol kümüş we altyn medallaryň ikisiniň eýesidir. Agabaý şu ýyl Döwlet predmet olimpiadasynda himiýa ugry boýunça baýrakly oruna mynasyp boldy. Mundan hem başga, ol ýüzmek boýunça ýokary okuw mekdepleriniň arasynda geçirilýän bäsleşikleriniň ýeňijisidir.

“Ýylyň talyby-2016“ Agabaý Salaýew – Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi, şeýle hem Bilim, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrlikleriniň hormat hatlarynyň eýesidir. Bu nusgalyk okuwyň we ylmy-gözleg işlerine gatnaşmagyň netijesidir, durmuş işjeňligine, ýokary intellektual mümkinçilige, maksada ymtylmagyň we öňde goýlan maksatlara ýetilmegine şaýatlyk edýän guwandyryjy netijelerdir.