Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň, Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komitetiniň çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli institutynyň we Hazar döwlet tebigy goraghanasynyň işgärleri tebigaty gorag zolagynyň demirgazyk we kenarýaka böleginde geçirilen gözleg işlerine gatnaşdylar.
Ylmy-praktiki gözlegler hyzmatdaşlyk etmek baradaky edaraara şertnama we geobotanika we biodürliligiň ýagdaýyna baha bermäge esaslanýar. Olar geografiki maglumatlar ulgamy ýa-da GMU-tehnologiýalaryň kömegi bilen işlenilip taýýarlanylandan soňra goraghananyň häzirki çäkleriniň deslapky elektron kartasynyň esasyny düzer. Onda ekoulgamyň serhetleri, şeýle hem floranyň we faunanyň dürli görnüşleriniň ýaşaýan ýerleriniň ýaýrawy geografiki taýdan şekillendiriler. Şol bir wagtyň özünde topragyň nusgalary alyndy, gerbariýler we fotomateriallar ýygnaldy. Bu bilelikdäki uly işiň başlangyjydyr. Ol mundan beýläk hem goraghananyň beýleki ýerlerinde hem dowam etdiriler.
Ekspedisiýa gatnaşyjy, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň geografiki maglumatlar ulgamynyň barlaghanasynyň uly ylmy işgäri, tehniki ylymlarynyň kandidaty Kakabaý Annanyýazowyň aýdyşy ýaly, GMU-tehnologiýalar bu günki gün tebigy serişdelerini öwrenmek we netijeli peýdalanmak, energetikanyň, şäher gurluşygynyň, ulag toplumynyň, meteorologiýanyň we klimatologiýanyň, tokaý we oba hojalygyny alyp barmagyň bähbitlerine bütin dünýäde ulanylýar. Eýýäm häzirki wagtda barmasy kyn bolan çäkleri öwrenmek, geologiki gözleg işlerini maglumatlar bilen üpjün etmek, dürli desgalary ekologiki pasportlaşdyrmak, ýer we tokaý kadastrlaryny emele getirmek, ýer çuňluklarynyň üç ölçegli modellerini düzmek ulgamlarynda şular ýaly köp meseleleri çözüp bolýar.
Tehnologiýalar merkeziniň GMU-tehnolgiýalar barlaghanasynyň hünärmenleriniň hyzmatdaşlygy düýpli we ýokary okuw mekdepleriniň ylmy, şeýle hem ýurduň ykdysadyýetiniň senagat sektory bilen barha ýakynlaşýar. TYA Biologiýa we derman ösümlikleri institutynyň alym-botanikaçylary bilen iki ýyl bäri hyzmatdaşlyk dowam etdirilýär. Onuň çäklerinde “Altyn asyr” türkmen kölüniň töwereginiň giň öri medanlaryny geobotaniki gözleg işleri geçirilýär. Aerokosmiki monitoringi ulanmak bilen, hojalyk işleriniň dowamynda adam tarapyndan özgerdilýän daşky gurşawyň ýagdaýynyň geotehniki gözlegleri geçirilýär.