Ï Hepdäniň wakalary: ählumumy parahatçylyk, abadançylyk, rowaçlyk ýoly bilen
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Hepdäniň wakalary: ählumumy parahatçylyk, abadançylyk, rowaçlyk ýoly bilen

view-icon 3741
Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan oňyn daşary syýasat ugruny yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, ikitaraplaýyn görnüşde bolşy ýaly, köptaraplaýyn görnüşde hem, şol sanda abraýly sebit we halkara guramalary bilen netijeli hyzmatdaşlygy üstünlikli ösdürýär. Biziň ýurdumyz umumy bähbitlere özüniň döredijilik mümkinçiliklerini gönükdirmek bilen häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň we wezipeleriniň çözgüdini işläp taýýarlamakda işjeň orny eýeleýär we bu meýillerini anyk teklipler arkaly berkidýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçen hepdede Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna (ŞHG) agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň geňeşiniň Daşkentde geçirilen mejlisine hormatly myhman hökmünde gatnaşmagy munuň aýdyň subutnamasydyr.

Hormatly Prezidentimiziň ŞHG-niň döredilmeginiň 15 ýyllyk senesinde geçirilýän ýubileý mejlisine çagyrylmagy hem-de milli Liderimiziň ozal geçirilen sammitleriň birnäçesine hormatly myhman hökmünde gatnaşmagy biziň ýurdumyzyň belent halkara abraýynyň hem-de döwlet Baştutanymyzyň parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli, deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan oňyn daşary syýasatynyň giň ykrarnamasynyň subutnamasydyr.

Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzy ŞHG agza döwletleriň ählisi bilen däp bolan dostluk, netijeli gatnaşyklaryň baglanyşdyrýandygyny bellemek gerek. Şoňa görä-de, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen oňyn gatnaşyklaryň ösdürilmegine Türkmenistan dünýädäki we sebitdäki ýagdaýlara özüniň gatnaşmagynyň umumy ugurlylygy bilen sazlaşykly baglanyşmagy hökmünde garaýar.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň halkara we ykdysady hyzmatdaşlyk strategiýasyny durmuşa geçirmek biziň gatnaşyklarymyzyň giň geografiýasyna we düzümleýin diwersifikasiýalaşdyrylmagyna, dünýä ösüşiniň esasy ugurlaryna işjeň goşulyşmaga esaslanýar. Munuň özi energetika, ulag, kommunikasiýa, söwda ugurlaryny öz içine alýar.

Energetika ulgamy barada aýdylanda bolsa, milli Liderimiziň belleýşi ýaly, häzirki wagtda energiýa serişdelerini Merkezi Aziýadan Günorta Aziýanyň we Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň bazarlaryna çykarmak boýunça toplumlaýyn turbageçiriji düzümi döretmek üçin uly mümkinçilikler açylýar. Soňky ýyllarda Türkmenistandan Hytaýa we Eýrana gurlan turbageçirijiler şeýle meýilnamalaryň üstünlige eýediginiň subutnamasydyr. Geçen ýylyň dekabrynda ýene-de bir strategik taslama — Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisini gurmak baradaky taslama durmuşa geçirilip başlandy. Hormatly Prezidentimiz şeýle taslamalaryň amala aşyrylmagynyň bu sebitleriň ykdysady taýdan ösmegine kuwwatly itergi berjekdigine, daşary ýurt maýadarlary tarapyndan işjeňligiň ýokarlandyrylmagy üçin höweslendiriş çäresi boljakdygyna ynam bildirip, Türkmenistanyň bu ugurda bilelikdäki meýilnamalary işjeň ara alyp maslahatlaşmaga we işläp düzmäge taýýardygyny tassyklady.

Döwlet Baştutanymyz ulag-aragatnaşyk ulgamyny ŞHG ýurtlary bilen hyzmatdaşlyk etmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezip, häzirki wagtda awtoulag, demir ýol we deňiz gatnawlaryny ulanmak bilen “Demirgazyk—Günorta”, “Günbatar—Gündogar” ugurlary boýunça ulag ulgamyny ösdürmegiň geljeginiň esaslandyrylan bolup görünýändigini belledi. Ol Ýuwaş ummanyndan Hazar we Gara deňizlere çenli, Ýewropa yklymynyň demirgazygyndan Hindi ummanyna çenli uly giňişligi birleşdirip bilerdi.

Pursatdan peýdalanyp, milli Liderimiz ŞHG-niň agza döwletleriniň ählisiniň wekiliýetlerini we synçylary şu ýylyň 26—27-nji noýabrynda Aşgabatda geçiriljek Durnukly ulag ulgamy boýunça ählumumy maslahatyň işine gatnaşmaga çagyrdy.

23-nji iýunda, Türkmenistanyň Prezidenti sammitiň resmi çäreleriniň öň ýanynda Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Islam Karimow, Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi. Olaryň barşynda taraplaryň däp bolan dostluk gatnaşyklaryna, uzak geljege gönükdirilen iri möçberli hyzmatdaşlyk ugruna üýtgewsiz ygrarlydygy tassyklanyldy.

Türkmenistanyň we Hytaýyň Baştutanlary strategik hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary boýunça pikir alşyp, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde Durnukly ösüş maksatlary, döwrüň wehimlerine we howplaryna garşy durmak ýaly meseleler boýunça bilelikdäki işleri dowam etmäge taýýardyklaryny tassykladylar. Milli Liderimiz halkara syýasatynyň şu we beýleki wajyp ugurlary boýunça utgaşykly hereketleri üpjün etmek maksady bilen ýokary derejedäki türkmen-hytaý gatnaşyklary toparyny döretmegi, hyzmatdaşlyk baradaky türkmen-hytaý komitetiniň çäklerinde energetika, ulag, ýokary tehnologiýalar ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek boýunça ýörite maksatnamany taýýarlamagy teklip etdi. Döwlet Baştutanymyz şeýle hem şu ýylyň iýul-awgustynda hökümet derejesinde ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça gepleşikleri geçirmek teklibini öňe sürdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Islam Karimowyň arasynda geçirilen duşuşykda energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Söhbetdeşler Özbegistan—Türkmenistan—Eýran—Oman ulag ugruny döretmek baradaky Aşgabat ylalaşygyny iş ýüzünde durmuşa geçirmek meseleleri boýunça pikir alyşdylar, bu taslama halkara ýük gatnawlaryny ep-esli artdyrmaga hem-de dünýä bazarlaryna täze geçelgeleri üpjün etmäge mümkinçilik berer.

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Mohammad Aşraf Ganiniň arasynda geçirilen gepleşikleriň barşynda sebit we halkara syýasatynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň, Türkmenistan — Owganystan — Täjigistan demir ýolunyň gurluşygyna aýratyn üns berildi. Bu taslamalar diňe bir oňa gatnaşyjy ýurtlar üçin däl-de, tutuş sebit üçin hem möhüm ähmiýete eýedir.

Milli Liderimiz duşuşygyň barşynda ýurdumyzyň Owganystana iberilýän elektrik energiýasynyň möçberlerini artdyrmak boýunça yzygiderli işleri geçirýändigini belledi, häzirki wagtda OYR-niň demirgazyk welaýatlaryna elektrik energiýasy ýeňillikli şertlerde iberilýär. Eýýäm şu duşuşygyň ertesi güni, 24-nji iýunda Serhetabat—Hyrat—Turgundy ugry boýunça Owganystana iberilýän elektrik energiýasynyň möçberi 200 million kWt/s-dan 400 million kWt/s-a çenli artdyryldy.

Häzirki wagtda döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça Türkmenistanyň elektrik energetikasy pudagynda iri möçberli taslamalar durmuşa geçirilýär, olar häzirki zaman gazturbina elektrik beketleriniň gurluşygynyň artdyrylmagyna hem-de pudagyň mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrylmagyna gönükdirilendir, elektrik geçirijileri çekilýär, paýlaýjy elektrik beketleriniň onlarçasy gurulýar. Dünýä ölçeglerine laýyk gelýän bu desgalar ýurdumyzyň elektroenergetika pudagynyň eksport kuwwatlyklaryny has-da artdyrmaga mümkinçilik berer.

Ministrler Kabinetiniň 22-nji iýunda geçirilen mejlisinde Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürmegiň we daşary syýasat strategiýasyny durmuşa geçirmegiň meselelerine garaldy.

Hususan-da, gymmatly kagyzlar bazaryny ösdürmek boýunça Döwlet maksatnamasyny ýerine ýetirmek maksady bilen görülýän çäreler, “Aşgabat gazna biržasy” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini döretmegiň göz öňünde tutulýandygy barada habar berildi. Ýangyç-energetika toplumynda amala aşyrylýan iri maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek, şeýle hem “Türkmen hemrasy” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň işi barada maglumat aýdyldy, ol “TürkmenÄlem 52OE” aragatnaşyk emeli hemrasynyň hyzmatlaryny durmuşa geçirmek boýunça dünýäniň 70-den gowrak kompaniýalaryna täjirçilik tekliplerini ugratdy.

Mejlisiň barşynda, şeýle hem milli parlamentiň şu ýylyň 18-nji iýunynda geçirilen bäşinji çagyrylyşynyň on dördünji maslahatynda ilatyň iş bilen üpjünçiligi, ösümlik dünýäsini goramak, kinematografiýa, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygy mynasybetli ýubileý medalyny döretmek hakyndaky täze kanunçylyk namalarynyň kabul edilendigi we birnäçe kanunlara üýtgetmeler hem-de goşmaçalar girizilendigi habar berildi.

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan we eksport ugurly önümleriň öndürilýän möçberlerini artdyrmak, ýurdumyzyň önüm öndürijileriniň harytlarynyň daşary ýurtlara iberilýän çägini giňeltmek meselelerine aýratyn üns berdi. Habar berlişi ýaly, häzirki wagtda Russiýa Federasiýasynyň Orýol we Iwanowo şäherlerinde Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň söwda öýlerini açmak boýunça çäreler geçirilýär.

Türkmenistanyň çäklerinden çykarylanda gümrük paçlary salynmaýan süýji-köke önümleriniň, balyk konserwleriniň we pagta ýagynyň möçberleri çäklendirilmeýän harytlaryň sanawyna goşmak baradaky teklip aýdyldy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz bu ulgamda iň gowy daşary ýurt tejribesini öwrenmegi, beýleki ýurtlaryň milli ykdysadyýetiň eksport mümkinçiliklerini artdyrmak hem-de täze bazarlary özleşdirmek boýunça has netijeli iş tejribelerini öwrenmegiň mümkinçiliklerine garamagy tabşyrdy.

“Cargolux Airlines International S.A.” iri Ýewropa awiakompaniýasynyň Türkmenistana amala aşyrýan gatnawlarynyň sanyny artdyrmak baradaky teklibe garamak bilen, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň awiasiýasynyň düşewüntliligini üpjün etmek, onuň iri halkara ulag merkezleriniň biri hökmündäki derejesini tassyklamaga ýardam berýän meseleleriň birnäçesini kesgitledi.

Geçen hepdede Türkmenistanda saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň maslahatynda Mejlisiň çykyp giden deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we Geňeş agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlyk görmek baradaky meselelere garaldy, bu saýlawlar 2016-njy ýylyň 21-nji awgustynda, ýekşenbe güni geçiriler.

Türkmen gallaçylary uly zähmet ýeňşini gazandylar, olar ýurdumyzyň ammarlaryna gelip gowuşýan bugdaýyň möçberini bir million tonna ýetirdiler. Munuň özi ekerançylaryň 2016-njy ýylyň esasy wezipesini — ýetişdirilen bol hasyly ýitgisiz ýygnap, Watanyň ammaryna 1 million 600 müň tonna bugdaý tabşyrjakdyklaryna ynam döredýär.

Halkymyzyň asyrlaryň dowamynda döreden belent ruhy taglymlaryny hem-de ruhy gymmatlyklaryny aýawly gorap saklamak işleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän syýasatynyň möhüm ugry bolmak bilen, milletimiziň ägirt uly ruhy we aň-paýhas kuwwatyny artdyrmaga, ony häzirki zaman şertlerinde döredijilikli ösdürmäge gönükdirilendir.

Şu ýyl Mary welaýatynda guralan Medeniýet hepdeligi muňa aýdyň subutnamadyr, bu döredijilik çäresiniň Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda geçirilýändigi oňa aýratyn ähmiýet berýär. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, bu iri möçberli çäräniň baş maksady köpasyrlyk çeper ýörelgeleri hem-de häzirki döwrüň täze, oňyn we many-mazmunly çeper ýörelgelerini utgaşdyrmakdyr.

Dördünji gezek geçirilýän bu çärä ýurdumyzyň köp sanly döredijilik işgärleri: suratkeşler we amaly-haşam sungatynyň ussatlary, aýdymçylar we sazandalar, ýazyjylar we kino işgärleri, teatr we kino artistleri ähli welaýatlardan we paýtagtymyzdan folklor toparlary gatnaşýarlar.

Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde Mary şäherinde sergiler, sungat ussatlarynyň konsertleri, şygryýet agşamlary, beýleki çäreler geçirilýär. Kemine adyndaky döwlet drama teatrynyň “Ata pendi” sahna oýnunyň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň “Saýathan” operasynyň görkezilişi uly ähmiýetli medeni wakalara öwrüldi.

Ylmy maslahatyň barşynda medeniýet ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Maslahata gatnaşyjylar özleriniň geçiren taryhy hem-de medeniýeti öwreniş barlaglarynyň anyk netijeleri baradaky maglumatlary hödürlediler, olar türkmen sungatynyň dürli ugurlarynyň kemala gelmeginiň hem-de ösüşiniň aýratynlyklaryny beýan edýär. Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň geçirýän oňyn syýasatynyň, medeniýet ulgamynyň hemmetaraplaýyn goldanylmagynyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe onuň ägirt uly mümkinçiliklerini açýandygy nygtaldy.

ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilhanasy paýtagtymyzdaky “Grand Turkmen” myhmanhanasynda bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça okuw maslahatyny geçirdi. BMG-niň Çagalar gaznasy bilen köpýyllyk hyzmatdaşlygyň esasynda uly ähmiýetli taslamalaryň birnäçesi üstünlikli durmuşa geçirildi. Çagalaryň hemmetaraplaýyn we sazlaşykly ösüşine möhüm ähmiýet bermek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilim ulgamynyň işgärlerine ýaş nesle mekdebe çenli terbiýe we bilim bermek işlerine uly üns bermegi tabşyrýar. Bilim ulgamyna “Çagalara hoşniýetli mekdepler” atly halkara başlangyjyň ornaşdyrylmagy bilelikdäki tagallalaryň möhüm netijeleriniň biridir.

21-nji iýunda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Bagabat şäherçesiniň golaýynda harby we hukuk goraýjy edaralar tarapyndan bilelikde üstünlikli geçirilen birnäçe ýörite çäreleriň netijesinde ele salnan neşe serişdelerini ýok etmek boýunça nobatdaky çäre boldy. Oňa ýurdumyzda işleýän daşary ýurt diplomatik wekilhanalaryň we missiýalaryň wekilleri, halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň Neşeler we jenaýatçylyk boýunça müdirliginiň (UNDOC), ÝHHG-niň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Bu çäre döwletimiziň we jemgyýetimiziň adamzat üçin iň howply wehimleriň — neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna we ýurdumyzyň çäklerine getirilmegine garşy aýgytly göreş alyp barýandygynyň ýene bir nobatdaky aýdyň subutnamasydyr.

Geçen hepdede Aziada—2017 mynasybetli guralan atly ýörişe gatnaşyjylar Balkan welaýatynyň Serdar etrabynyň çägine baryp ýetdiler. Olary garşylamak dabarasy Türkmenistanyň iň köp zyýarat edilýän künjekleriniň biri bolan Parawbibi taryhy-medeni ýadygärliginiň golaýynda geçirildi.

Hepdäniň sport wakalary barada aýtmak bilen, geçen ýekşenbe güni Olimpiýa şäherjiginiň söweş sungatlary sport toplumynda türkmen göreşi we guşakly göreş boýunça Aziýanyň synag çempionatynyň badalga alandygyny bellemek gerek. Bäsleşikler iki ugur — nusgawy we erkin görnüşler boýunça geçirilýär. 29-njy iýuna çenli dowam edýän ýaryşlara 16 ýurtdan 300-e golaý türgen gatnaşýar.

Bu ýaryşlaryň netijeleri diňe bir biziň ýygyndy toparymyzyň Aziada — 2017-ä taýýarlyk derejesini görkezmek bilen çäklenmän, şeýle ýaryşlaryň guralyş ýagdaýyny hem açyp görkezer. Şeýle hem olar iri halkara sport çärelerine hyzmat etmekde türkmen meýletinçilerine tejribe toplamaga ýardam berer. Mundan bir aý ozal Olimpiýa şäherjiginiň söweşjeň sungatlar toplumynda sambo boýunça Aziýanyň çempionaty — synag ýaryşlary geçirilipdi, şonda türkmen türgenleri altyn medallaryň sany (21), şeýle hem medallaryň umumy sany (66) boýunça hem birinji orny eýelediler. Häzirki geçirilýän ýaryşlarda biziň göreş we guşakly göreş boýunça türgenlerimiz ýeňişleri dowam etdirerler.

Şeýlelikde, geçen hepde möhüm wakalara baý boldy, olarda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň esasy maksatlary — ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny, milletimiziň ruhy gymmatlyklaryny artdyrmak, türkmen halkynyň abadançylygyny ýokarlandyrmak wezipeleri öz beýanyny tapyp, bu wakalar Türkmenistanyň we onuň Lideri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara abraýynyň barha belende göterilýändiginiň subutnamasy boldy.