Ï Oňyn özgertmeler — milli Liderimiziň täzeçillik syýasatynyň möhüm ugry
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Oňyn özgertmeler — milli Liderimiziň täzeçillik syýasatynyň möhüm ugry

view-icon 4474
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri Türkmenistan üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ykdysady strategiýasyny durmuşa geçirmegiň ýolunda möhüm tapgyr boldy. Maliýe-ykdysady ulgamynda soňky ýyllarda bolup geçen wakalar ýurdumyzyň saýlap alan ösüşlere beslenen giň möçberli özgertmeler ýoluna pugta eýerip, dünýä ykdysadyýetine okgunly goşulyşýandygyny, onuň dünýädäki abraýynyň yzygiderli artýandygyny aýdyň görkezýär.

11. Maliýe-ykdysady ulgam

Häzirki zaman tapgyrynda türkmen Lideriniň köptaraply ykdysady we serişdeler kuwwaty nazara almak arkaly durmuşa geçirýän syýasaty döwlet we halkara ähmiýetli ägirt uly wezipeleri çözmäge milli ykdysadyýetiň hemme pudaklarynda hil taýdan täze netijeleri gazanmaga mümkinçilik berýär.

Abraýly maliýe guramalarynyň statistiki maglumatlary we çaklamalary döwletimiziň ykdysady ýagdaýyna baha bermek üçin saldamly guraly bolup hyzmat edýär. Ine, Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň maglumatlaryna görä, soňky ýyllarda ýurdumyzda jemi içerki önümiň möçberiniň ösüşi örän ýokary derejede saklandy, 2011-2015-nji ýyllarda deňeşdirilýän nyrhlarda onuň ortaça ýyllyk depgini 110,5 göterime deň boldy. Bu görkezijiniň oňyn depgininiň durnukly saklanylmagynyň ykdysadyýetiň binýatlaýyn pudaklarynda goşulan bahanyň artdyrylmagy bilen şertlendirilendigini nygtamak wajypdyr. Goşulan bahanyň udel agramy senagatda bu döwürde 46,6 göterime, oba hojalygynda 8,7 göterime ýetdi. Gurluşyk-gurnama we beýleki işleriň möçberiniň ýokarlanmagy jemi içerki önümiň düzüminde gurluşygyň paýyny 15,6 göterim derejede üpjün etdi. Bu döwürde söwdany, ulag we aragatnaşygy we beýleki hyzmatlary hasaba almak bilen, hyzmatlar ulgamlarynyň goşulan bahasy 29,1 göterime deň boldy.

Halkara pul gaznasynyň hem-de Bütindünýä bankynyň bilermenleriniň pikirine görä, türkmen Lideriniň başlangyjy boýunça görülýän netijeli çäreler dünýä ykdysadyýeti üçin ýeňil bolmadyk döwürde ýurdumyza durnuklylygy saklamaga ýardam etdi. Serişde, senagat, zähmet we aň-bilim mümkinçiliklerini diwersifikasiýalaşdyrmaga gönükdirilen ykdysady ösüş maksatnamasynyň üstünligi, ilkinji nobatda, takyk hasaplamalardan, dürli ýagdaýlaryň düýpli seljerilmeginden ugur alnyp, pugta ylmy esaslarda işlenip düzülendiginden ybaratdyr.

Eksport ugurly bolşy ýaly, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutup biljek täze önümçilikleri döretmegiň hasabyna jemi içerki önümiň pudaklaýyn düzüminiň özgerdilmegi, ähli pudaklaryň, şeýle hem ýurdumyzyň sebitleriniň sazlaşykly ösdürilmegi, maýa goýumlaryň möçberleriniň köpeldilmegi, pul-karz, salgyt-býujet we nyrh syýasatyna täze usullaryň ornaşdyrylmagy, kiçi we orta telekeçilige döwlet tarapyndan goldaw berilmegi, ilatyň durmuş derejesiniň has-da ýokarlandyrylmagy Türkmenistanyň Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowyň uzakmöhletleýin durmuş-ykdysady strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde kesgitlenildi. Her bir pudagyň öňünde goýlan möhüm wezipeleriň mazmuny işleriň netijeliligini ýokarlandyrmaga, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga, täze belent sepgitlere ýetmäge gönükdirilen döwlet maksatnamalarynyň we taslamalarynyň esasynda öz işlerini üýtgedip guramagynda jemlenýär.

“Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2012-2016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynyň” kabul edilmegi öňde goýlan maksatlaryň ýerine ýetirilmeginde ähmiýetli ädim boldy. Bu strategiki maksatnamanyň durmuşa geçirilmegi ykdysadyýetiň düzümine ulgamlaýyn çemeleşmäge esaslanýar.

Häzir Türkmenistanda oňyn netijeleri gazanmak üçin ykdysadyýeti meýilleşdirmegiň maksada gönükdirilen görnüşiniň ösüşiň esasy ileri tutulýan ugurlaryny, olaryň tapgyrlaryny, ýerine ýetirmegiň serişdelerini we gurallaryny işjeňleşdirmäge mümkinçilik berýär. Häzirki zaman şertlerinde ykdysady dolandyrylyşynyň sowatly amala aşyrylmagy örän uly ähmiýete eýedir. Onuň gurallarynyň biri býujet ulgamydyr hem-de onuň düzümindäki döwlet býujetidir. Onuň dogry düzülmegi ykdysady ýokary göterilişe hem-de durmuş ulgamynyň pugtalandyrylmagyna, ylmy-tehniki ösüşiň depginleriniň çaltlandyrylmagyna oňyn täsir edýär.

Şunuň bilen baglylykda, ykdysadyýeti ösdürmegiň strategiýasynda Döwlet býujetiniň serişdeleriniň düzülmegi, kabul edilmegi hem-de paýlanylmagy esasy orun tutýar. Şunda ykdysady gatnaşyklaryna degişli hukuk kadalarynyň ýola goýulmagyna hem-de ulanylmagyna aýratyn üns berilýär. Bu bolsa pul serişdelerini netijeli dolandyrmaga, milli bähbitleri goramaga mümkinçilik berýär hem-de berk maliýe düzgün-tertibini üpjün edýär.

Bu baradaky gürrüňimizi dowam edip, “Türkmenistanyň Býujet kodeksini tassyklamak we güýje girizmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň ähmiýetini hem belläp geçmek gerek. Bu Kanunda çaklamagyň, býujeti ýerine ýetirmegiň usullary hem-de halkara tejribesinde özüni oňyn tarapdan görkezen degişli beýleki kadalar kämilleşdirildi. Kodeksiň täzelikleriniň hatarynda üç ýyllyk döwür üçin baş maliýe meýilnamasyny döretmek hakynda düzgünnama, şeýle hem Türkmenistanyň has netijeli Býujet klassifikasiýasynyň girizilmegi uly ähmiýete eýedir. Munuň özi orta möhletleýin meýilleşdirmegiň, býujetleşdirmegiň maksada gönükdirilen usullarynyň wezipelerine hem-de buhgalter hasabynyň we maliýe hasabatlylygynyň milli ölçeglerine laýyk gelýär. Bu ulgamyň tapgyrlaýyn ornaşdyrylmagy pul serişdeleriniň emele getiriliş we sarp ediliş işleriniň örän aýdyň bolmagyny üpjün etmäge mümkinçilik berýär.

Soňky ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň Döwlet býujetini kemala getirmekde köpugurly ykdysadyýetiň ösdürilmeginiň, senagatyň gaýtadan işleýän pudaklarynyň hem-de onuň düzümleriniň özgerdilmeginiň, döwlet derejesinde kiçi we orta telekeçiligiň höweslendirilmeginiň orny yzygiderli ýokarlanýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen döredilen Durnuklaşdyryş gaznasy hem ykdysady ýagdaýa we durnuklylyga oňyn täsir edýär. Şonda Döwlet býujetiniň girdejileriniň agdyklyk eden serişdeleriniň galyndylary jemlenilýär. Şol serişdeler geçirmek görnüşinde milli maksatnamalary we iri taslamalary amala aşyrmaga gönükdirilýär.Halkara pul gaznasynyň bilermenleriniň pikirine görä, Ätiýaçlyk pul gaznasynda we Durnuklaşdyryş pul gaznasynda toplanylan uly möçberli serişdeler Türkmenistana dünýä ykdysadyýetindäki çökgünlilik ýagdaýyna uýgunlaşmaga mümkinçilik berýär. Geljekde bu ýagdaý ýurdumyzyň jemi içerki önüminiň ýeterlik ösüş depginleriniň saklanmagyna ýardam berer.

Umuman, milli ykdysady strategiýanyň esasy ugurlary barada aýdyp, welaýatlarda häzirki zaman düzümleriniň döredilmegi bilen baglanyşykly meseleleriň milli Liderimiziň hemişe üns merkezinde durýandygyny belläp geçmek gerek. Sebitleri durnukly ösdürmegiň ähmiýetli ýagdaýlarynyň biri innowasion esaslara daýanýan döwlet dolandyrylyşynyň möçber we hil görkezijilerine baha bermäge mümkinçilik berýän nusganyň döredilmegi bolup durýar.

Şunuň bilen baglylykda, «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş - durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasynyň» çäklerinde, orta möhletleýin geljek üçin her welaýaty durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalarynyň çäklerinde amala aşyrylýan uly möçberli işleriň ähmiýetini nygtamak wajypdyr. Bu ugurda durnukly önümçiligi üpjün etmek, sebitleriň önümçilik, ykdysady, tehniki, durmuş, hojalyk, ylym-bilim we tebigy serişdeler kuwwatyny artdyrmak baş wezipeler hökmünde kesgitlenendir. Bu resminamalara laýyklykda her ýylda maýa goýumlaryň uly möçberleri özleşdirilýär. Oňaýly ýaşaýyş jaýlary, döwrebap tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan mekdepler we çagalar baglary, lukmançylyk merkezleri we medeniýet öýleri, stadionlar we şypahanalar, sanly awtomatik telefon beketleri, durmuş-ykdysady ähmiýetli beýleki desgalar ulanmaga berilýär.

Synymyzy dowam edip, ýurdumyzyň bank ulgamynyň işiniň kämilleşdirilişiniň meseleleriniň üstünde durup geçeliň. Onuň durnukly işlemegi ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň bäsdeşlige ukyplylygyny, depginli ösüşini, dünýä hojalyk gatnaşyklar ulgamyna işjeň goşulyşmagyny üpjün etmek üçin kesgitleýji ähmiýete eýedir.

Pul serişdeleriniň dolanyşygyny sazlaşdyrmak bank edaralarynyň işiniň baş maksady bolup durýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda netijeli hereket edýän iki derejeli bank ulgamy döredildi. Häzirki wagtda banklar ýeterlik pul serişdeleri bilen ýurdumyzyň ykdysady ösüşiniň depginini üpjün edýär hem-de pul serişdeleriniň dürli pudaklarda oýlanyşykly dolanyşygyna ýardam berýär. Şonuň bilen birlikde, banklar iri maýa goýum taslamalaryny maliýeleşdirmegiň möhüm çeşmesine öwrülýär. Maliýe toplumy ýurdumyzyň tutuş ykdysadyýetiniň netijeliligine örän oňyn täsir edýär, çünki onuň baş maksady milli pulumyzyň satyn alyş ukybyny üpjün etmekdir hem-de içerki sarp ediş bazarlarynda nyrhlaryň durnuklylygyny saklamakdyr.

“Türkmenistanyň bank ulgamyny ösdürmegiň 2011-2030-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna” laýyklykda, ýurdumyzyň banklary tarapyndan banklaryň maýasyny artdyrmak, nagt däl tölegleriň möçberini giňeltmek, orta we kiçi telekeçiligi karzlaşdyrmak, uzakmöhletleýin karzlaşdyrmak boýunça toplumlaýyn işler işjeň alnyp barylýar. Şonuň bilen birlikde, täze bank hyzmatlaryny ornaşdyrmak, hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak, iri maliýe guramalary bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça anyk çäreler görülýär. Banklaryň maliýe hasabatlylygynyň halkara ölçeglerine tapgyrlaýyn geçmegi ähmiýetli ädimleriň biri boldy.

Şunuň bilen bir hatarda, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň banklaryň birnäçesiniň, hususan-da, Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň, “Türkmenistan”, “Türkmenbaşy”, “Daýhanbank”, “Prezidentbank” we “Halkbank” döwlet täjirçilik banklarynyň Tertipnamalaryny tassyklamak hakyndaky Kararlarynyň ähmiýetini belläp geçmek gerek. Bu resminamanyň kabul edilmegi ýurdumyzyň banklarynyň maýa goýum işjeňligini artdyrmaga, pul toplaýyş derejesini ýokarlandyrmaga, banklarda edara dolandyryş işini we içerki gözegçilik ulgamynyň işlerini kämilleşdirmäge gönükdirilendir.

Şu babatda ýurdumyzyň karz berýän guramalarynyň hereket edýän düzgünnama laýyklykda, esasy ätiýaçlyk gaznasynyň we beýleki gaznalaryň serişdeleriniň erkin bölegini, şeýle hem gazanylýan sap girdejiniň 50 göterimden pes bolmadyk möçberini esaslyk maýany artdyrmaga gönükdirmäge borçly edilendigini ýatlap geçmek zerurdyr.

Mälim bolşy ýaly, örän uly maliýe serişdelerine eýe bolan bank edaralary beýlekiler bilen deňeşdireniňde, abraýly maliýe düzümleri bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň has anyk, uly geljegine tarap ugur alyp biler. Bu düzümler öz nobatynda diňe ýokary maýasy bolan banklar bilen hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanýar. Şeýle çäräniň görülmegi öňdebaryjy halkara guramalarynyň bilermenleri tarapyndan bank ulgamyny pugtalandyrmak hem-de ýurdumyzy ykdysady taýdan has-da ösdürmek işinde ähmiýetli çäre hökmünde hasaba alyndy.

Bazar gatnaşyklary şertlerinde pul ulgamynyň berkidilmegi ykdysadyýetiň durnukly ösüşini gazanmakda esasy ýagdaýdyr. Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň özygtyýarlylygyny alamatlandyrýan nyşanlaryň biri bolan manat indi 20 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda durnuklylygy goldamagyň mäkäm maliýe guraly, türkmenistanlylaryň hal-ýagdaýynyň yzygiderli ýokarlanmagynyň möhüm çeşmesidir.

Hümmetsizlenmäniň iň pes derejesini saklamak, maliýe hyzmatlaryny ösdürmek, pul dolanyşygynyň gurluşyny kämilleşdirmek boýunça görlen toplumlaýyn çäreleriň hatarynda elektron töleg ulgamlarynyň ornaşdyrylmagynyň hem-de ösdürilmeginiň hasabyna nagt pullaryň paýynyň tapgyrlaýyn peselendigini belläp geçmek möhümdir. Şunuň bilen baglylykda, dünýä tejribesine laýyklykda, “MasterСard” halkara töleg ulgamynyň hyzmatynyň dolanyşyga ornaşdyrylandygyny aýtmak gerek. Nagt däl hasaplaşyklaryň möçberleriniň artmagy bilen bir hatarda, bu ädimiň milli ykdysadyýetiň düzümlerinden býujete serişdeleriň gelip gowuşmagynyň artmagyna ýardam bermäge gönükdirilendigini nygtamak zerurdyr. Mundan başga-da, bu çözgüt bank ulgamynyň töleg ukyplylygyny ýokarlandyrmagy üpjün etmek, pes göterimler boýunça karzlary bermek üçin şertleri döreder.

Ýurdumyzyň banklary tarapyndan bu ugurda tejribäniň toplanylmagy bank işlerini kämilleşdirmek boýunça, şol sanda 2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görülmegi bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň kesgitlän wajyp wezipeleriniň biridir. Häzirki wagtda “Visa” halkara ulgamynyň doly hukukly agzasy bolan Döwlet daşary ykdysady iş banky tarapyndan kartlaryň birnäçe görnüşi: ”Visa Eleсtron”, “Visa Сlassiс”, “Visa Gold” we “Visa Business” kartlary boýunça hyzmatlar hödürlenilýär.

Ýurdumyzda ilatyň hakyky girdejileriniň artmagy bilen baglylykda, elektron pullarynyň meşhurlygy artýar. Döwlet bolsa bu işi işjeň höweslendirýär, şunuň bilen baglylykda, degişli düzüm, onuň programma-tehniki üpjünçiligi döredilýär, Internet-söwdasy ulgamy ýola goýulýar. Häzirki günde ençeme düzümlerde aýlyk iş hakyny plastik kartlaryna geçirmek tejribesi ornaşdyryldy.

Merkezi bankyň maglumatlaryna görä, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2013-nji ýylyň 3-nji oktýabryndaky 13240-nji belgili Kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen, ýurdumyzyň karz beriş edaralary tarapyndan 2015-nji ýylda çykarylan kartlaryň sany 2014-nji ýylyň derejesindäkiden 2,6 esse, gurnalan bankomatlar 1,8 esse, terminallar 5,7 esse artdy. Uly möçberdäki pullaryň ýitmek howpunyň azalmagy, edilen söwdanyň tölegini dessine geçirmek hem-de daşary ýurt puluna öwürmek we şahsy býujetiňe ýeňil hem-de oňaýly gözegçilik etmek mümkinçiligi ýaly ýagdaýlary elektron pullaryny peýdalanmagyň oňat artykmaçlyklarynyň umumy sanynyň hatarynda görkezmek bolar. Oňyn gatnaşyklar hem-de ilkinji nobatda, ykdysady ulgamda hyzmatdaşlyk etmegiň häzirki zaman netijeli ýollaryny gözlemek ýurdumyzyň dünýä derejesinde gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlaryň ählisi, şol sanda iri maliýe düzümleri bilen özara bähbitli aragatnaşyklary ösdürmeginiň esasy bolup durýar. Şu babatda 2014-nji ýylyň 1-nji noýabrynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Bütindünýä bankynyň toparynyň arasynda gol çekilen ýurdumyzda bu abraýly maliýe guramasynyň hemişelik wekilhanasyny açmak we onuň işi hakyndaky Ylalaşygy belläp geçmek gerek.

Milli Liderimiziň üstünlikli durmuşa geçirilýän ykdysady strategiýasynyň aýdyň mysallarynyň ýene-de birini getireliň. Birnäçe ýylyň dowamynda 2012-2016-njy ýyllar üçin niýetlenen ýörite döwlet maksatnamasyna laýyklykda, ýurdumyzyň maliýe edaralary tarapyndan gymmatly kagyzlar bazaryny ösdürmek boýunça uly işler alnyp barylýar. Bu ulgamda esasy wezipeler jemgyýetiň maliýe serişdelerini hojalyk işleriniň möçberlerini guramaga we giňeltmäge gönükdirmekden ybaratdyr. Gymmatly kagyzlar bazarynyň baş wezipesi bolsa ykdysady düzümleriň arasynda pul serişdeleriniň erkin bölünmegini üpjün etmekdir.

Gymmatly kagyzlar bazary maliýe-karz ulgamynyň düzüm bölegi hökmünde döwlet dolandyrylyşynyň ugry bolup durýar. Onuň maksady maýadarlaryň bähbitlerini araçylaryň kanuna garşy hereketlerinden goramakdan ybaratdyr. Şunuň bilen baglylykda, 2015-nji ýylda türkmen Lideriniň başlangyjy boýunça bu ugurda birnäçe möhüm çäreler görüldi. Ilkinji nobatda, gymmatly kagyzlaryň häzirki zaman bazarynyň oňa ýokary hünär derejeli gatnaşyjylar bolmazdan, hereket edip bilmejegini nazara alyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ätiýaçlandyryş ulgamynda işleri ygtyýarlylandyrmak baradaky Düzgünnamany hem-de gymmatly kagyzlar bazarynda hünär işini ygtyýarlylandyrmak baradaky Düzgünnamany tassyklamak hakynda Karara gol çekdi.

Milli Liderimiziň býujete goşmaça serişdeleri çekmäge, önümçiligi döwrebaplaşdyrmak üçin maýalaryň gelmegine we umuman, maliýe ulgamynyň durnuklylygyny üpjün etmäge ýardam bermäge gönükdirilen döwletiň gazna gymmatly kagyzlaryny çykarmak, ýerlemek we tölemek meseleleri hakynda Karary beýleki wajyp çäreleriň biri boldy. Mundan başga-da, bu maliýeleşdirmegiň çeşmeleriniň gerimini giňeltmäge mümkinçilik berer hem-de ýurdumyzy has-da ösdürmegiň esasy gurallarynyň biri bolup hyzmat eder.

Ätiýaçlandyrmagy ösdürmäge-de örän uly üns berilýär. Dünýä tejribesiniň görkezişi ýaly, bazar gatnaşyklaryna geçilende bu ulgam tutuş halk hojalyk işleriniň iň zerur bölegine öwrülýär. Häzirki döwürde «Türkmenistanda ätiýaçlandyryş işini ösdürmegiň 2011-2015-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasynyň» hem-de degişli çäreleriň Meýilnamasynyň çäklerinde umumy kabul edilen halkara ölçegleri nazara alnyp, kanunçylyk we kadalaşdyryjy-hukuknamalar işlenip düzüldi, hereket edýän ätiýaçlandyryş kadalaryny we düzgünlerini täzelemek boýunça işler dowam edýär.

“Ätiýaçlandyrma hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň ähmiýetini aýratyn nygtamak gerek. Bu Kanun ony telekeçilik işiniň ugry hökmünde kesgitleýär, şeýle hem ätiýaçlandyryş bazarynda gatnaşyklaryň ulgamyny sazlaşdyrýar, döwlet dolandyrylyşynyň hem-de bu ulgamyň işine gözegçilik etmegiň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny döredýär. Döwlet atiýaçlandyryş guramasy tarapyndan bu ulgamda ýöriteleşen öňdebaryjy halkara düzümler bilen bilelikde pudaklaýyn howplaryň dürli görnüşlerinden goraglylygy üpjün edýän ätiýaçlandyryş maksatnamasynyň kabul edilendigini bellemek gerek.

Häzir ýurdumyzyň çäklerinde daşary ýurt maýalarynyň gatnaşmagyndaky ençeme iri kompaniýalar işleýär. Olar, öz nobatynda, ätiýaçlandyryş goragynyň gurallaryny döwrebaplaşdyrmaga gyzyklanma bildirýär. Eýeçiligiň dürli görnüşleriniň işjeň ösdürilmegi, kärhanalaryň öz-özüni maliýeleşdirmäge geçmegi, öz üstüne alan borçnamalarynyň wagtynda we doly ýerine ýetirilmegine olaryň jogapkärçiliginiň ýokarlanmagy ätiýaçlandyrmanyň çalt ösüşi, ony peýdalanmagyň ulgamynyň giňelmegi bilen bilelikde alnyp barylýar. Şu babatda ýuridiki taraplaryň emläkleriniň hökmany döwlet ätiýaçlandyrylmasynyň girizilmegi hem-de ýetirilen zyýan üçin raýat-hukuk jogapkärçiliginiň artmagy milli ätiýaçlandyryş ulgamyny kämilleşdirmek işinde nobatdaky anyk ädime öwrüldi.

Türkmen ykdysadyýetiniň ösüşi üçin uly ähmiýete eýe bolan soňky ýyllarda bolup geçen esasy wakalaryň hatarynda döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň milli önümleriniň haryt dolanyşygyny öwreniş institutynyň döredilendigini agzamak gerek. Bu edara bäsdeşlige ukyplylygy berkitmek we artdyrmak, daşary söwdany ösdürmegiň öňdebaryjy usullaryny işläp taýýarlamak, ýurdumyzda öndürilýän hem-de eksport üçin niýetlenen önümleriň görnüşlerini giňeltmek maksatlarynda döredildi.

Türkmenistanda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilik we önümleriň eksportunyň möçberlerini artdyrmak boýunça Döwlet maksatnamalarynyň kabul edilmegi ykdysady mümkinçilikleriň durmuşa geçirilmegine goşmaça itergi berdi. Milli ykdysadyýeti, onuň düzümleýin üýtgedilip guralyşyny ulgamlaýyn döwrebaplaşdyrmak hem-de içerki we daşarky bazarlarda türkmen harytlarynyň (işleriň, hyzmatlaryň) bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak üçin şeýle çäreler görüldi. Umuman, bu resminamada bellenilen çäreleriň üstünlikli amala aşyrylmagy ýurdumyzda täze önümçilikleriň döredilmegine hem-de daşary söwda dolanyşygynyň girdejileriniň we çykdajylarynyň oňyn tapawudyny berkitmäge, goşmaça iş orunlaryny döretmäge, ilatyň pul girdejilerini köpeltmäge we ykdysadyýetiň hususy ulgamynyň paýyny maksadalaýyk artdyrmaga, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen strategiki gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam berer.

Türkmen ykdysadyýetinde oňyn netijeleri gazanmakda kemala getirilýän kanunçylyk-hukuk binýady esasy ýagdaý bolup çykyş edýär. Ol maliýe ulgamynyň ösüşini, döwrüň ýagdaýlaryna hem-de umumy kabul edilen halkara ölçeglerine laýyk gelýän döwletiň salgyt-býujet we nyrh syýasatyny düzgünleşdirýär. Şu babatda soňky ýyllaryň dowamynda milli kanunçylygy özgertmek meselelerine uly üns berildi. Şeýlelikde, Türkmenistanyň Konstitusiýasyny kämilleşdirmegiň üstünde işlenilmeginiň çäklerinde Esasy Kanunyň rejelenen görnüşiniň taslamasyna ykdysady we maliýe-karz ulgamy hakynda bölümi girizmek barada teklip girizildi.

Salgyt syýasaty ykdysady strategiýanyň esasy bölekleriniň biri hökmünde kesgitlenendir. Ol toplamagy höweslendirmäge hem-de ýurduň milli baýlyklaryny netijeli peýdalanmaga gönükdirilen döwrebap ulgamyň döredilmeginden ugur alýar. Ykdysadyýetiň döwlete degişli däl ulgamynyň ösdürilmegi bilen, soňky birnäçe ýylda ykdysady maksatnamanyň guraly hökmünde ýurdumyzda salgyt salmagyň orny ep-esli artdy. Täze önümçilik kuwwatlyklarynyň hem-de telekeçilik işleriniň dürli görnüşleriniň girizilmegi salgyt salmak binýadyny giňeltmäge, Döwlet býujetine maliýe serişdeleriniň gelip gowuşmagyny köpeltmäge mümkinçilik berdi.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe standartlaşdyrmak we sertifikasiýalaşdyrmak batly depginler bilen ösýär. Öňdebaryjy pudaklary döwrebaplaşdyrmagyň, adalatly bäsdeşligi ösdürmekde, öndürilýän önümiň hem-de teklip edilýän hyzmatyň hilini ýokarlandyrmakda, söwdada tehniki bökdençlikleri azaltmakda, sarp edijileriň bähbitlerini goramagyň derejesini ýokarlandyrmakda, daşky gurşawy goramakda, serişdeleriň ähli görnüşlerini tygşytlamakda bu işiň örän uly ähmiýeti bardyr.

Şunda standartlaryň milli bazaryny çaklamak hem-de olara bolan islegi öwrenmek, kadalaşdyryjy resminamalaryň talaplarynyň laýyklygyna baha berlende gullugyň hünärmenleriniň ulanýan ölçeg we synag usullaryny kämilleşdirmek ilkinji nobatdaky wezipeleriň hatarynda durýar. Standartlaşdyrmak we metrologiýa meseleleriniň ähmiýeti olaryň ýurdumyzda we sebitlerde durmuş-ykdysady ösüşiň hadysalaryna doly we giň gerimli gözegçiligi kemala getirmekde kesgitlenýär. Munuň özi ýerlerde guramaçylyk we dolandyryş işleriniň netijelerine baha bermäge mümkinçilik berýär.

Bu ulgamda ähmiýetli ädimler barada aýdylanda, milli Liderimiziň Türkmenistanda peýdalanmaga ýol berilýän ululyklaryň birlikleriniň sanawyny tassyklamak hakynda Karara gol çekendigini bellemek gerek. Bu Karar “Ölçegleriň bitewüligini üpjün etmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň esasy düzgünlerini ýerine ýetirmek, ýurdumyzda Ölçegler we agramlar boýunça halkara baş konferensiýanyň kabul eden ululyk birliklerini peýdalanmak maksady bilen kabul edildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda ulanmaga ýol berilýän, Ululyk birlikleriniň halkara ulgamyna girmeýän ululyk birlikleriniň sanawy tassyklandy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda 2013-nji ýylyň 1-nji oktýabrynda Döwlet etalon merkeziniň açylmagy uly ähmiýetli waka boldy. Bu toplum etalonlary we etalon-nusgalyk enjamlary ýerleşdirmek üçin ähli halkara talaplaryna doly kybap gelýär hem-de ýörite güwänama bilen tassyklanandyr.

Şeýle hem Türkmenistanyň ilat we ýaşaýyş jaý gaznasynyň ýazuwynyň geçirilendigini ýatlamak zerurdyr. Bu örän ähmiýetli çäre hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň 2005-2014-nji ýyllarda BMG-a agza ýurtlaryň ilatynyň we ýaşaýyş jaý gorunyň ýazuwyny geçirmek hakyndaky çözgüdine laýyklykda geçirildi.

Bu çäre ýurdumyzyň ilatynyň sany, düzümi, durmuş şertleri barada doly maglumatlary almaga mümkinçilik berdi. Şol maglumatlar bolsa jemgyýetçilik ösüşiniň geljekki çaklamalary hem-de "Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynda" beýan edilen ähli meýilnamalary we maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirmek üçin zerurdyr. Onuň ýene bir aýratynlygy hem ýurdumyzda ilkinji gezek ýaşaýyş jaý gaznasynyň ýazuwynyň geçirilmegidir.

Adamyň hukuklaryny we azatlygyny goramak, ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokary görkezijilerini üpjün etmek döwlet syýasatynyň möhüm hem-de ileri tutulýan ugurlary hökmünde yglan edildi. Bu wajyp wezipelerden ugur almak bilen, bazar gatnaşyklarynyň ýolunda döwlet ösüşiniň her tapgyry ilaty durmuş taýdan goramak üçin zerur çäreleriň toplumy bilen bilelikde alnyp baryldy.

Statistika barada Döwlet komitetiniň maglumatlaryna görä, 2010-2015-nji ýyllarda Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň çykdajylarynyň esasy bölegi jemgyýetçilik we durmuş hyzmatlaryny maliýeleşdirmäge gönükdirildi. Pul serişdeleriniň umumy mukdarynyň esasy bölegi bilim, ýaşaýyş jaý hojalyk, Türkmenistanyň pensiýa gaznasyna, saglygy goraýşa we döwlet durmuş üpjünçiligine gönükdirildi.

Mundan başga-da, soňky ýyllarda durmuş ösüşiniň ýokary görkezijileriniň derejesi döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan alnyp barylýan iş haklaryny, pensiýalary, döwlet kömek pullaryny we talyp haklaryny yzygiderli ýokarlandyrmagyň, döwletimiziň nyrh syýasatynyň, hususy başlangyçlary goldamagyň, şeýle hem goşmaça durmuş ýeňillikleriniň toplumynyň hasabyna üpjün edilýär.

Statistiki baradaky döwlet komitetiniň maglumatlary hem muny tassyklaýar. Olara laýyklykda, ýurdumyzda iş haky sarp ediş nyrhlaryna garanyňda, ozýan depginlerde ýokarlandyrylýar. 2012-nji ýylda sarp ediş nyrhlarynyň jemleýji bahasy 107,81 göterime, iri we orta kärhanalarda iş hakynyň ösüş derejesi bolsa 111,2 göterime, 2015-nji ýylda degişlilikde 105,97 göterime we 109,4 göterime barabar boldy. Bu ilatyň girdejileriniň ýokarlanmagyna mümkinçilik berýär. Ilatyň jan başyna düşýän jemi içerki önümiň (JIÖ) artýandygy Bütindünýä bankyň bilermenleri tarapyndan ençeme gezek tassyklanyldy.

Durmuş syýasaty baradaky gürrüňi dowam etmek bilen, döwlet Baştutanymyzyň öňe süren ýene bir başlangyjynyň—2015—2020-nji ýyllarda Türkmenistanda iş bilen üpjünçilik ulgamyny kämilleşdirmegiň hem-de täze iş orunlaryny döretmegiň Maksatnamаsynyň hem-de ony durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň Meýilnamasynyň tassyklanmagy baradaky Karara gol çekilmeginiň ähmiýetini bellemelidiris. Şunuň ýaly möhüm çözgüdiň kabul edilmegi raýatlaryň zähmete bolan hukuklaryny amala aşyrmak, ilatyň iş bilen üpjünçilik derejesini ýokarlandyrmak hem-de ýurdumyzyň önümçilik güýçlerini ösdürmek üçin giň mümkinçilikleri we şertleri döretmäge ýardam berer.

Häzirki zaman tapgyrynda ýurdumyzyň ykdysady ösüşiniň ýokary depgini esasy maksady türkmenistanlylaryň durmuşynyň hilini ýokarlandyrmak bolup durýan birnäçe iri möçberli durmuş maksatnamalaryny amala aşyrmak üçin giň mümkinçilikleri döredýär. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň möhüm wezipeleriniň hatarynda ýaşaýyş jaý ulgamynda bellenen özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegine ýardam bermäge we ilatyň ýokary amatlykly hususy ýaşaýyş jaýlaryny edinmegine hemmetaraplaýyn goldaw bermäge gönükdirilen milli kanunçylygyň kämilleşdirilmegi hem durýar.

Türkmenistanyň “Döwlet ýaşaýyş jaý gaznasynyň ýaşaýyş jaýlaryny hususylaşdyrmak hakynda” Kanunynyň kabul edilmegi ýurdumyzyň ykdysadyýetinde bolup geçýän oňyn özgertmeleriň kanunalaýyk dowamyna öwrüldi. Ýurdumyzdaky jemgyýetçilik durnuklylygy we döwlet tarapyndan pugta durmuş kepillikleri berilýän ilatyň sanynyň depginli artmagy munuň aýdyň şaýatnamasy bolup durýar. Hususylaşdyrmak işiniň geçirilmegi ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygyny has-da artdyrmaga, şeýle hem öz gezeginde türkmenistanlylaryň durmuş-hal ýagdaýynyň ösmegine örän amatly täsir etjek hususy telekeçiligiň depginli ösdürilmegine ýardam eder.

Milli ykdysadyýetimiziň möhüm bölegi bolup durýan hususy bölümi ösdürmek döwlet tarapyndan öňe sürülýän ugruň esasylarynyň hatarynda durýar. Milli Liderimiziň kiçi we orta telekeçiligi höweslendirmäge gönükdirilen hemmetaraplaýyn goldawy hem-de başlangyçlary netijesinde, bu ulgam soňky ýyllarda güýçli ösüşe eýe boldy. Bu babatda ýeňillikli karz maksatnamasyny durmuşa geçirmek örän uly ähmiýete eýedir.

2015-nji ýylda içerki önümiň düzüminde döwlete degişli däl ulgamyň paýy 63,7 göterime, şol sanda senagat böleginde 53,9 göterime, oba hojalygynda 92,2 göterime, gurluşykda 77,2 göterime, ulag-aragatnaşykda 72,1 göterime, söwdada 93,2 göterimden gowraga deň boldy.

Häzirki wagtda hususy işewürler daşary ýurt kompaniýalary bilen bir hatarda, gurluşyk ulgamynda we gurluşyk serişdelerini öndürmekde taslamalary durmuşa geçirmäge gatnaşýarlar, azyk bolçulygynyň wezipelerini çözýärler. Mundan başga hem, türkmen telekeçileri gazanan serişdelerini öňdebaryjy tehnologiýalary peýdalanmaga esaslanan önümçilige maýa goýýarlar, bazardaky ýagdaýdan öz wagtynda netije çykarýarlar, täze pudaklarda üstünlik bilen zähmet çekýärler. Munuň özi öndürilýän önümleriň möçberini artdyrmaga, hilini ýokarlandyrmaga we nyrhyny elýeterli etmäge, durmuşy ugurly meseleleri çözmäge, ilkinji nobatda, ilaty täze iş orunlary bilen üpjün etmäge mümkinçilik berýär.

Indiki möhüm ugra - maýa goýum syýasatyna geçmek bilen, häzirki wagtda ýurdumyzda pugta kuwwatly ykdysady ulgamyň döredilendigini bellemek gerek. Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň maglumatlaryna görä, önümçilik ulgamyna goýlan serişdeleriň udel agramy esasy maýa goýlan goýumlaryň umumy möçberiniň 60 göterimden gowragyna barabardyr.

Ýakyn geljek üçin niýetlenen Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň maksatnamasyna laýyklykda, milli ykdysadyýetiň pudaklaryny ösdürmek üçin maýa goýum serişdeleriniň her ýylda birnäçe onlarça milliard manady gönükdirilýär. Şeýle hem senagat we durmuş maksatly desgalary gurmak hem-de durkuny täzelemek amala aşyrylýar. Maýa goýum taslamalarynyň geljekde önümçilik pudaklaryny giň möçberde diwersifikasiýalaşdyrmaga we ösdürmäge gönükdirilmegi onuň tapawutly aýratynlygydyr.

Soňky ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň azyk howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilen maýa goýum taslamalaryny, häzirki zaman durmuş, ulag-aragatnaşyk we inženerçilik düzümlerini döretmek baradaky taslamalary durmuşa geçirmäge hem uly ähmiýet berildi. Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde, şol sanda iň alysdaky etraplarda hem örän wajyp we ykdysady taýdan zerur bolan desgalary gurmak işleri yzygiderli amala aşyrylýar.

Türkmenistan daşary ýurt maýa goýumlaryna diňe bir milli ykdysadyýete daşary ýurt maýasynyň akymyny üpjün etmegi däl, eýsem, öňdebaryjy dünýä tehnologiýalaryny önümçilige ornaşdyrmagy, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynyň hünärmenlerini taýýarlamagy maksat edinýär. Biziň ýurdumyz maliýe we ykdysady ýagdaýy durnuklaşdyrmaga ýardam edip, esasan, içerki bazarda goşmaça önümçilik islegini döretmäge mümkinçilik berýän göni maýa goýumlaryny göz öňünde tutýar.

Döwlete degişli bolmadyk ulgamyň maýa goýum işjeňligini ýokarlandyrmaga ýardam edýän amatly ýagdaýy döretmek, ýurdumyzyň hususy we daşary ýurt maýalaryny kärhanalary döwrebaplaşdyrmaga çekmek bu ulgamdaky esasy wezipelerdir. Öňde goýlan maksatlara ýetmek üçin daşary ýurt maýadarlarynyň işlemegi üçin göwnejaý durmuş, maliýe-ykdysady, hukuk düzgünini döretmäge gönükdirilen toplumlaýyn çäreler görüldi. Hususan-da, milli ykdysadyýete goýlan maýa goýumlarynyň özüne çekijiligini ýokarlandyrmak üçin degişli düzümleri ösdürmek, maýadarlaryň hukuklaryny goramak boýunça halkara kadalaryny nazara almak bilen, ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça işler dowam etdirildi.

Daşarky şertler, şol sanda dünýä maýa goýumynyň bazarynyň umumy ýagdaýy daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek üçin möhüm şertdir. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda döredilen Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrliginiň ýanynda ykdysadyýeti töwekgelçiliklerden goramak baradaky agentligiň ähmiýetini nygtap geçmeli. Bu strategiki taýdan möhüm çözgüdi syýasy, ykdysady, maliýe, hukuk, pudaklaýyn, sebitleýin we tebigy töwekgelçilikleri dolandyrmak boýunça toplumlaýyn çäreleri durmuşa geçirmegiň zerurlygy bilen ýüze çykdy. Şonuň üçin hem öz serişdelerini türkmen ykdysadyýetine maýa goýmaga isleg bildirýän daşary ýurt kompaniýalarynyň işi bilen baglanyşykly ýüze çykyp biläýjek töwekgelçilikleri öwrenmek bu düzümiň öňünde duran esasy wezipe hökmünde kesgitlenildi.

Bu ugurda öz wagtynda görülýän çäreler daşary ýurt maýadarlarynyň işlemegi üçin göwnejaý şertleri döretmäge ýardam etmek bilen bir hatarda, ýurdumyzy bu ugurda öňdäki orunlara çykarmaga mümkinçilik berýär. BMG-niň Söwda we ösüş boýunça maslahatynyň (UNCTAD) 2013-nji ýylyň başynda çap edilen “2012-nji ýyl üçin dünýä maýa goýumlary hakyndaky çykyşyna” laýyklykda, Türkmenistan göni daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmegiň sanawynda ýurtlaryň ilkinji onlugyna çykdy. Maglumatlarda bellenip geçilişi ýaly, möçberi ýurdumyzyň jemi içerki önüminiň 15,6 göterimine barabar boldy.

Türkmenistan “açyk gapylar” syýasatyny durmuşa geçirip, ýurdumyzda amatly maýa goýum ýagdaýyny, işewürligi üstünlikli alyp barmak üçin ähli şertleri döredip, özara peýdaly hem-de netijeli hyzmatdaşlyk etmäge çalyşýar. Bu babatda döwlet Baştutanymyzyň nygtap geçişi ýaly, biziň üçin ýakyn we uzak ýurtlar, uly hem-de kiçi kompaniýalar ýokdur, eýsem, diňe öz üstüne alan borçnamalaryny gyşarnyksyz berjaý edýän, ak ýürekli hem-de ynamdar hyzmatdaşlar bardyr. Bu hyzmatdaşlygyň esasy ýörelgeleri bilelikdäki taslamalaryň ykdysady taýdan netijeliligidir, olaryň durmuş taýdan ähmiýetidir we ekologiýa taýdan howpsuzlygydyr, gyzyklanýan taraplaryň hemmesiniň mäkäm hem-de uzakmöhletli üstünligini gazanmak üçin has netijeli gurallary bilelikde gözlemekdir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan öňde goýlan bu wezipeleri çözmekde ykdysadyýetiň we hyzmat ulgamlarynyň ähli ugurlar boýunça öňdebaryjy tejribä hem-de innowasiýa tehnologiýalaryna eýe bolan gyzyklanma bildirýän kompaniýalar bilen halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmäge aýratyn ähmiýet berilýär, olaryň mümkinçilikleri ýurdumyzda amala aşyrylýan köpsanly maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek bilen peýdalanylyp bilner. Iri daşary ýurt maýadarlarynyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga gyzyklanmalary baý tebigy serişdeleriň gorlary, ýurdumyzyň eksport we üstaşyr mümkinçilikleri, işjeň senagatlaşdyrylmagy hem-de okgunly ösýän bazary, ygtybarly kanunçylyk-hukuk binýadynyň döredilmegi we döwletimiz tarapyndan kepillikleriň berilmegi, salgyt, gümrük, wiza, ätiýaçlandyryş we beýleki ýeňillikler görnüşindäki goldaw bilen şertlendirilendir.

Bu ugurda alnyp barylýan döwlet syýasaty daşary ýurt maýasynyň möçberiniň ep-esli artmagyny üpjün etmäge, önümçilige öňdebaryjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna, maýa goýum taslamalarynyň hem-de bilelikdäki kärhanalaryň sanynyň artmagyna, milli ykdysadyýetiň pudaklary üçin ýokary derejeli hünärmenleriň taýýarlanylmagyna ýardam berer.

Ýurdumyzda yzygiderli ýagdaýda alnyp barylýan döwlet emlägini hususylaşdyrmak boýunça çäreler hem daşary ýurt maýalaryny çekmekde uly ähmiýete eýedir. Şunuň bilen baglylykda, “2013-2016-njy ýyllarda Türkmenistanda döwlet eýeçiligindäki kärhanalary we desgalary hususylaşdyrmagyň döwlet Maksatnamasynyň” çäreleriniň degişli Meýilnamasynyň durmuşa geçirilmeginiň, şeýle hem “Döwlet emlägini döwletiň garamagyndan aýyrmak we hususylaşdyrmak hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmeginiň ähmiýetini bellemek gerek.

Ýurdumyzda we onuň çäklerinden daşarda guralýan maýa goýum, ykdysady we işewürler maslahatlary bu barada aýtmak bilen, şonuň ýaly çäreleriň döwlet häkimiýet edaralarynyň hem-de işewür toparlaryň wekilleri tarapyndan senagat önümçiliginiň, ykdysadyýetiň, hyzmatlar ulgamynyň we sarp ediş bazarynyň, kiçi hem-de orta telekeçiligiň ösdürilmegine goşmaça maýa goýumlaryny çekmek bilen baglanyşykly möhüm meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylýandygyny nygtamak gerek. Mundan başga-da, şeýle duşuşyklar döwletara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň täsirli guraly bolmak bilen göni işewürlik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagyna hem-de özara haryt dolanyşygynyň artdyrylmagyna ýardam berýär.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça yzygiderli geçirilýän Türkmenistanyň Halkara maýa goýum forumynyň ähmiýetini hem bellemelidiris. Ol her ýylda dünýäniň onlarça ýurdundan ýüzlerçe wekilleri özünde jemleýär. Olaryň arasynda abraýly halkara düzümleriniň, iri maliýe guramalarynyň hem-de öňdebaryjy daşary ýurt kompaniýasynyň ýolbaşçylary we esasy hünärmenleri bar. Foruma şeýle uly düzümdäki wekilleriň gatnaşmagy daşary ýurt maýadarlarynyň durmuş-ykdysady ösüşiň täze sepgitlerine tarap ynamly öňe barýan ýurdumyza gyzyklanmasynyň barha artýandygyny aýdyň görkezýär.

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara toparlarynyň, ikitaraplaýyn işewürler geňeşleriniň alyp barýan işleri, Türkmenistanyň we beýleki döwletleriň birnäçesiniň arasynda gazanylan degişli ylalaşyklar, ähtnamalar, daşary ýurt maýasynyň möçberiniň artmagyna ýardam edýär. Bu bolsa ähli ulgamlarda hem-de ugurlarda dünýä bileleşigi bilen netijeli uzakmöhletleýin gatnaşyklar üçin mümkinçilikleri açýar.

Milli bähbitlere we ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň wajyp wezipelerine laýyk gelýän giň halkara hyzmatdaşlygy Türkmenistanyň syýasy ugrunyň esasy ulgamy bolup durýar. Häzirki wagtda dünýäniň 100-den gowrak döwleti bilen söwda gatnaşyklary işjeň ösdürilýär. Muňa mysal hökmünde daşary söwda dolanyşygynyň möçberiniň ösüşini görkezmek bolar.

Soňky ýyllarda ýurdumyz dünýäniň esasy maliýe we ykdysady düzümleri bilen hyzmatdaşlygyň çäklerini ep-esli giňeldip, halkara işlerindäki ornuny has-da berkitdi. Halkara pul gaznasy, Bütindünýä banky, Ýewropanyň abatlaýyş we ösüş banky, Aziýa ösüş banky, Yslam ösüş banky hem-de daşary ýurtlaryň beýleki esasy banklary bilen netijeli gatnaşyklary giňeltmäge aýratyn üns berilýär. Munuň özi häzirki zaman milli maliýe-bank ulgamynyň kemala getirilmegine, milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklaryny ösdürmäge maýa goýumlaryny goýmaga ýardam edýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde eden çykyşlarynda häzirki wagtda BMG-niň agzasy bolan döwletleriň ösüşiň uzakmöhletleýin maksatlarynyň umumylygyna düşünmegi we olary bilelikde amala aşyrmaga taýýardygy ählumumy ykdysady ulgamyň durnuklylygynyň möhüm şertleridigini belledi. Häzirki wagtda Türkmenistan hakykatda bu çärelere işjeň gatnaşmaga ymtylýandygyny, ýurdumyzda toplanan baý tejribäni, şol sanda ykdysady we durmuş taýdan ösüşiň ençeme ugurlary boýunça tejribäni alyşmaga ýardam etmäge taýýardygyny görkezýär.

Muňa mysal hökmünde türkmen paýtagtynda geçirilen “Maliýe ulgamynyň globallaşmagy we durnukly ösüşiň sebitara ölçegleri” atly halkara maslahatyny, Merkezi Aziýanyň ykdysadyýetleri üçin BMG-niň Ýörite maksatnamasynyň ykdysady maslahatyny, onuň Ýolbaşçylyk geňeşiniň 9-njy mejlisini, GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 55-nji mejlisini we beýlekileri ýatlap geçmek gerek.

Bu maslahatlaryň geçirilmegi esasy maliýe düzümleriniň çäklerinde hyzmatdaş ýurtlaryň gatnaşyklarynyň ägirt uly kuwwatyny netijeli durmuşa geçirmekde nobatdaky möhüm ädim boldy we ählumumy häsiýetli ykdysady meseleleriň sazlaşykly çözgütlerini işläp taýýarlamaga ýardam etdi. Galyberse-de, Aşgabatda şeýle duşuşyklaryň geçirilmegi Türkmenistanyň bütin dünýäde abraýynyň artýandygynyň, milli Liderimiziň halkara hyzmatdaşlygy babatda alyp barýan syýasatynyň ykrar edilmeginiň, işewür toparlaryň ägirt uly ykdysady kuwwata eýe bolan ýurdumyz bilen hyzmatdaşlyga uly gyzyklanma bildirýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Türkmenistanda her ýyl geçirilýän halkara pudak sergileri ýurdumyzyň ilatyň hal ýagdaýynyň yzygiderli ösýän döwlet hökmünde üstünliklerini giňden wagyz etmek, Diýarymyzda öndürilýän harytlaryň dünýä bazarlarynda ýerlenmegi üçin netijeli meýdança bolup hyzmat edýär.

Soňky ýyllarda ýurdumyzda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýylýazgysyna altyn harplar bilen ýazylan birnäçe möhüm wakalaryň bolandygyny bellemek gerek. Türkmenistan BMG-niň esasy alty guramasynyň biri bolan 2013-2015-nji ýyllar üçin Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň agzalygyna saýlanyldy.

Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň agzalygyna saýlanylmagy beýleki ýurtlar hem-de abraýly halkara guramalary bilen sebit we ählumumy derejede durmuş-ykdysady meseleleri çözmäge gönükdirilen milli Liderimiziň başlangyçlary bilen durmuşa geçirilýän taslamalary hem-de maksatnamalary amala aşyrmaga uly ýardam etdi. Mundan başga-da, ýurdumyz 2013-nji ýylda BMG-niň Ýewropa ykdysady toparynyň wise-başlyklygyna saýlanyldy.

Ýurdumyzyň maliýe-ykdysady ulgamynyň okgunly ösüşi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan oýlanyşykly hem-de öňdengörüjilikli syýasatynyň netijesinde ägirt uly ykdysady mümkinçilikleriň hemmetaraplaýyn we doly durmuşa geçirilýändiginiň subutnamasydyr, bu syýasatyň ylmy taýdan esaslandyrylmagy, hojalygy dolandyrmagyň netijeli usullary hem-de strategiki meýilleşdirme bu syýasatyň aýratynlygydyr. Şeýlelikde, özygtyýarly Watanymyz gülläp ösýän, ykdysady taýdan kuwwatly ýurda öwrülýär.