2015-nji ýylyň oktýabrynda Ýaponiýanyň Premýer Ministri Sindzo Abeniň Türkmenistanda saparda bolmagynyň çäklerinde Tokionyň daşary ýurt dilleri uniwersitetiniň we ýurdumyzyň Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň arasyndaky akademiki alyş-çalyş we hyzmatdaşlyk baradaky ýörite ylalaşygy esasynda Tokionyň ýokary okuw mekdebinde täze dil sapagyny girizmek çözgüdi kabul edildi. Bu ýokary okuw mekdebine türkmen dilini öwrenmek boýunça kitaplar we usulyýet gollanmalar elektron görnüşinde sowgat edildi.
Türkmen dilini okatmagyň girizilenligi mynasybetli dabara Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň okuw işleri boýunça prorektory çagyryldy. Ol ýapon kärdeşlerine gowy arzuwlar bilen ýüzlenip, okuw kitaplary we gollanmalaryň birnäçesini ýokary okuw mekdebine gowşurdy. Bu okuw kitaplar ýokary okuw mekdebiniň kitaphana gaznasyny köpelder we öz gezeginde ýapon talyplaryna diňe dil öwretmek bilen çäklenmän, eýsem türkmen medeniýeti, mirasy, türkmen halkynyň däp-dessurlary we türkmen ýurdunyň şu günki ösüşi bilen tanyşdyrar.
Öz gezeginde, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti Tokionyň daşary ýurt dilleri uniwersitetinden ýapon dilini okatmak üçin hünärmenleri çagyrmaklygy meýilleşdirýär. Hyzmatdaşlygyň çäklerinde Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde ýapon dili we medeniýeti merkezini açmaklyk göz öňünde tutulýar.